20:09

2024: Emeli añ we dipfeýk

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 348 | Добавил: Gökböri | Теги: Emile Amin | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 hanturebs  
755
Emeli aň tehnologiýasy erbet niýetli adamlar tarapyndan nädogry maksatlar üçin ulanylyp bilner. Meselem, ol emeli aň bilen hüjüm etmek ýa-da ýalan sözlemek, hilegärlik etmek ýa-da şahsy durmuşyna aralaşmak üçin ulanylmagy mümkin.

0
2 hanturebs  
755
Men bu pikiriňize hormat goýýaryn. Emma islendik tehnologiýa ýaly, emeli aň tehnologiýasy hem onuň ulanylyşyna baglylykda hem gowy, hem erbet netijelere getirip biler. Esasy zat ahlak düzgünlerine we adam hukuklaryna hormat goýmak üçin AI tehnologiýasynyň ulanylyşyna dogry ýol görkezmek we dogry gözegçilik etmek gerek. Dogry maksatlar üçin ulanylanda, emeli aň tehnologiýasy köp ugurlarda uly peýda getirip biler. Mysal üçin, lukmançylykda, bilimde, daşky gurşawy goramakda we ýene-de köp ugurlarda adamzada kömek edip biler. Elbetde, biz erbet adamlaryň nädogry maksatlar üçin ulanyp biljek howplaryny hem göz öňünde tutmalydyrys. Bu babatda howpsuzlyk çäreleri görülmelidir. Ýöne tehnologiýany bütinleý ret etmegiň deregine, ony ahlak taýdan ulanmak üçin çözgütleri tapyp bolar diýip pikir edýän.

0
3 Gurgencli  
324
Beýleki howp-hatarlar-a bilemok welin emma emeli aňyň, tehnologiýaň şu derejede ösmegi bilen iň ýakyn ýyllarda işsizligiň çendenaşa artjagy hä anyk, ýöne garamaýak ilat üçin işsiz, çöreksiz galmakdan başga howp barmy? Saýlawlar, eýlekiler-beýlekiler syýasatçylaryň, ketdeleriň derdi.

0
4 Gurgencli  
324
Jaý salýan 3 D printeri hem oýlap tapypdyrlar, 1 etaž willalary şonda gurup ýörler. Ýakyn 20-30 ýylda gurulyşykda işlemäge hem iş tapylmaz.

0
5 Haweran  
411
Emeli añyñ dogry maksatlar üçin ulanylaýan-da hem abandyryp biljek ýekeje howpy:
- Bir habarda adamyñ añyna çip oturtmak arkaly birbada onlarça daşary ýurt dillerini bilmek ýeñilliginiñ dörediliip bilinjekdigi aýdylýardy. Puluña görä: on dillik çip, ýigrimi dillik çip we ş.m...
Netijede adamyñ dil okuwlaryna gatnap wagt ýitirme meselesi aradan aýrylýan ýaly. Mekdep programmasyndaky iñlis, rus dili sapaklarynyñam, ýokary okuw jaýlaryndaky daşary ýurt dilleri fakultetleriniñem geregi bolmaýar. Emma üşügi işleýän adamlar üçin şundan uly howp ýok. Meselem, şeýle çipi, ýada gory dürli okuw programmalary bilen doldurylan çipi heniz mekdep ýaşyna ýetmedik alty ýaşlyja çaganyñ añyna hem oturdyp bolar we ol çaga altmyş ýaşan alymyñ etjek işinden has köp işleri-de edip biler. Emma hakykat ýüzünde onuñ añy-da, düşünjesi-de ösmän şol duran ýerinde - alty ýaşyndakylygyna galar. Ýa-da alty ýaşynda şeýle çip oturdylan adamyñ çipini 10 ýyldan, 20 ýyldan bir sebäp bilen aýryp goýberseñ... näme bolar öýdýärsiñiz?
Bu ösüş däl, tesiş.
Adamyñ öz añy bilen, el zähmeti bilen gazanjak üstünliginden uly üstünlik bolmaz.

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Kämil aň diyesiň gelip dur, emeli aňyň ýerine.

0
7 Jeksparro  
405
Emeli aňy ulanyp, özüne kast edip ýörenem bar...

0
8 Babyşgalaly  
1446
Каренде ерлерде отаг, eкелеме ишлерини эдер ялы бир затлар ойлап тапайсадык бизем. Сон пагта йыгар ялы ене бир затлар герек. Проблема етик.

0
9 Şirhan  
49
Nirde okanym ýadyma düşenok. Ýöne şeýle jümle ýadymda galypdyr. "Robotlar adamy ýok edip gutarýança, adamlar robotlary ýasamagy dowam ederler".

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]