10:53 Dünýäniñ ykbaly we 90 sekunt | |
DÜNÝÄNIÑ YKBALY we 90 SEKUNT
Publisistika
Bu gorkunç ýagdaýa näme sebäp boldy? 1947-nji ýylda on bir gezek Nobel baýragyna mynasyp bolan alym tarapyndan adamzadyñ kyýamata meñzeş ýok boluşa nähili ýakynlaşandygyny çaklamak üçin işe girizilen "Kyýamat güni" sagadyny taýýarlan Ylym we Howpsuzlyk Geñeşiniñ (ştab-kwartirasy ABŞ-nyñ Çikago şäherinde) duýduryşyna görä, dünýä bilen ýadro kyýamatynyñ arasynda bary-ýogy togsan sekunt bar. Bu gezek ýagdaýyñ çynlakaýlygy, ara düşen wagtyñ ýadro heläkçiligine öñki haýsydyr bir wagtdan has ýakyn bolmagyndan gelip çykýar. 1953-nji ýylda, ýagny "Sowuk urşuñ" ýetjek derejesine ýeten wagtynda-da bu möhlet iki minut diýip kesgitlenipdi. Ýene bir düýpli çynlakaý husus dünýäniñ ýadro kyýamata ýakynlygynyñ (gije ýarym 24:00 bolan 00:00 wagtyna laýyklykda) 100 sekunt hökmünde bellenen 2021-nji ýylyna görä 10 sekunt hasam azalmagy. • Bu gorkunç ýagdaýa näme sebäp boldy? Ol "gorkunç sagadyñ" ýagdaýyna degişli býulettende Russiýa-Ukraina urşy, biologiki howp-hatarlar, ýadro ýaraglaryñ giñden ýaýramagy we dowam edip gelen klimat üýtgeşmesi ýaly dünýäde bolup duran täze üýtgeşmelere üns berilýär. Çikagodaky alymlaryñ ýadro sagady boýunça çaklamalary ynandyryjyga juda ýakyn görünýär. Aýratynam ABŞ-nyñ we Ýewropanyñ Sar bilen uruşynyñ formasyny onuñ üstün çykmagyna idin bermejek görnüşde üýtgetmek babatdaky hötjetligi saýasynda şowsuzlyklar gün geçdigisaýy hasam artýar. Onsoñam Saryñam ýeñilmejek bolup elinden gelenini etjegi görnüp dur. Iñ ýamany-da, ol ýeñilip barýandygyny duýup başlanda, dünýä parahatçylygynyñ galan 90 sekundy-da tüsseläp gitjegine şübhe ýok. Bolup duran zatlary synlap oturanlar bir ýandan-a Kiýewe öñümizdäki ýaz uruşyna taýýarlyk hökmünde amerikanlaryñ "Abrams" we nemesleriñ "Leopard" tanklaryny bermek kararynyñ wekilçilik edýän çakgan amerikan we ýewropa üýtgeşmelerini synlaýarlar. Rus tarapy barada aýdanda bolsa, "Zirkon" raketalary we añyrky meýilnamada ähli regional we halkara ähtimallyklara ýadro garşylygyny bermek üçin komanda garaşyp duran "Sarmat" ýa-da "Şeýtan-2" raketalary bilen dünýäni iñ täze supergüýçli konwensional ýaraglaryndan käbirlerini ulanmaga taýýarlanmagyñ täze tapgyryna geçdi. Birnäçe gün öñ Russiýanyñ Howpsuzlyk Geñeşiniñ başlygynyñ orunbasary Dmitriý Medwedew Russiýanyñ Ýokary Sowetiniñ býurosynyñ ýygnagynda "dünýäniñ üçünji jahan urşy howpuna ýakynlaşandygyny" nygtamakdan çekinmedi. Medwedewiñ pikiriçe, bu uruşyñ boljagy anyk, uruş juda ýowuz bolar we munuñ sebäbi-de ABŞ-dyr ýaranlarynyñ Ukrainany ulanmak arkaly Russiýa garşy agressiýa taýýarlyklarydyr. Geçen ýyl bolup geçen iki uly şowsuzlyk dünýäni heniz amala aşmadyk iñ uly erbetlige - ýadro heläkçiligine garaşmaga iterdi. Birinjisi, 2010-njy ýylda ABŞ bilen Russiýanyñ arasynda çäklendirilmedik möhlete niýetlenip gol çekilen täze "START" şertnamasynyñ çäginde gözegçiligi täzeden başlamagy ara alyp maslahatlaşmak üçin Müsürde geçirilmegine garaşylýan ABŞ-Russiýa ýygnanyşygynyñ 29-njy noýabrdan 6-njy dekabra geçirilmegi. Ikinjisi, BMG-nyñ baş sekretary Antoniu Guterrişiñ hemaýatkärliginde Nýu-Ýorkda eýýäm 10-njy gezek geçirilýän Ýadro ýaraglarynyñ ýaýramagynyñ öñüni almak ylalaşygyny gözden geçirmek boýunça konferensiýasynyñ şowsuzlyga uçramagy. Gepleşikler 1-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli dowam etdi we taraplar Ýadro ýaraglarynyñ ýaýramagynyñ öñüni almak ylalaşygyny güýçlendirjek umumy pikire ýa-da belli karara gelip bilmediler. Geçen noýabr aýynda global ýadro arenasyny synlap gelen birnäçe halkara guramasy ABŞ bilen Russiýanyñ arasyndaky dartgynlylygyñ ýaramazlaşmagynda ýadro urşunyñ Waşingtonyñ we Moskwanyñ ýadro urşuna iñ köp golaýlaşan 1962-nji ýyldaky Kuba raketa konfliktinden bäri, megerem, hemişekisinden has ýakyndygyny çaklaýar. • Bu senari hakykatdanam mümkinmi? 29-njy dekabrda Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putin Moskwada rus harby gullukçylarynyñ öñünde eden çykyşynda ýurdunyñ ýadro urşuna taýýarlyk derejesini 91,3%-e galdyrandygyny mälim etdi. Mundan öñem Russiýa bilen Günbataryñ arasynda Ukrainadaky uruş sebäpli dartgynlylygyñ gurşawynda güýçlenýän ýadro howpy barada duýduryş beripdi. Putin bu beýanat bilen suwasty gämiler, uzak aralyga atýan istrebiteller we aýlanýan rampalar ýaly ýurdunyñ guryýer, deñiz, howa ýadro ýaraglaryny göz öñüne tutýardy. Sahnadaky iñ howatyrlandyryjy zadam - Täze ýyl baýramçylygynda Saryñ Moskwanyñ harby doktrinasyna garşy gidýänleriñ birini ýaragsyzlandyrmak üçin ilkinji öñüni alyş ýadro hüjümini edip biljekdigini aýtmagydy. Onsoñam, "kyýamat sagady" çaklamalarynda belli bir derejede ironiýa-da bar, sebäp diñe Russiýa bilen göreşe üns berilýär. Hytaý 350-den gowrak ýadro raketasyna eýelik edýändigine garamazdan, Günorta Hytaý deñizi sebäpli ABŞ bilen arasynda ýüze çykyp biläýjek çaknyşyk pursatynda ýa-da Taýwany basyp almaga niýetlenende ýadro çaknyşygynyñ gapysyny soñuna çenli açyp biler. Hytaýyñ geljegiñ ýadro güýjüdigi-de ýatdan çykarylmaly däl. Pentagonyñ çaklamalaryna görä, Pekin 2035-nji ýyla çenli ýadro raketalarynyñ sanyny dört essä ýetirer, ýagny on ýylyñ dowamynda iki müñ ýadro raketasyna eýelik eder. Kyýamatyñ özüne 90 sekuntdan bärde garaşdyrýan dünýäniñ ukusyny bozýan ýene bir howpy bar, olam kiber ýadro howpy. Kiber kompýuter garakçylarynyñ ýadro ýaraglarynyñ dünýäsine aralaşmagy we golliwud melodramalaryny häzirkizaman hakykatyna öwürmegi mümkinmi? Waşingtondaky Karnegi adyndaky Halkara Parahatçylyk fondynyñ Ýadro syýasaty maksatnamasynyñ deñdeş direktory Jeýms Akton şeýle diýýär: - Dünýä erbet adamlaryñ bilkastlaýyn sebäp bolup biljek ýa-da emeli añ ýalñyşlyklary netijesinde seresapsyzlyk bilen döräp biljek heläkçiliklerden gaça durjak bolsa, howatyrlaryñ esasy üns bermeli zady ýadro ýaraglaryna gönükdirilen kiber hüjümler däl-de, olary gurşap alýan komandowaniýa we gözegçilik sistemalarydyr. Adamzat ýadro sagadynyñ takdyryna boýun bolaýarmyka? Ýa-da heläkçilikden sypmaga synanyşarmy? Munuñ üçin ilki dünýä liderlerinden Ukrainadaky uruşy duruzmaga, topbaklanan gary suwa öwrüp, bütin dünýäni howp astyna salýan konglikti aradan aýyrmaga gönükdiren synanyşyklaryñ edilmegi gerek. Alymlardan bolsa, ýadro ýaraglaryna gõzegçilik etmek gurallarynyñ kämilleşdirilmegine höweslendirýän täzeliklere garaşylýar. Dini liderler barada aýdanda, olaryñ roly, ýadro meselesini wyždanlary syzladýan we ölümiñ yzyndan ylgamagyñ ýerine ýaşamaga bolan isleg-arzuwa üns berýän tutanýerlilik bilen ele almak hökmünde anyklaşýar. Kelpeñ milletçi urdumşalyklaryñ dünýäni ýadro gyrgynçylyga iterip biljekdigini ýatdan çykarmalyñ. Emile AMIN. Ýekşenbe, 29.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |