15:40 Ak Tamyñ agzaçary we hyýaly musulmanlar | |
AK TAMYÑ AGZAÇARY we HYÝALY MUSULMANLAR
Publisistika
Prezident Tomas Jeffersonyñ okan Gurhanynyñ nusgasy Ak Tamda berilen agzaçara gatnaşanlara görkezildi (arhiw) / Fotosurat: Jill DeWitt of the Curator's Office Şu ýyl Ak Tam her ýyl edişi ýaly arap we yslam ýurtlarynyñ baştutanlaryny agzaçar saçagynyñ başyna üýşürip oñarmady. Munuñam sebäbi Baýden hökümetiniñ Gazä garşy alyp barýan syýasy ugruna garşy çykylmagy boldy. Geçen ýekşenbe güni Baýdan hökümeti agzaçaryñ ýerine az sanly döwlet ýolbaşçysyny çagyryp agşamlyk nahar berdi, ýöne bu agşamlygam oña gatnaşan bir lukmanyñ Gazada adamzat mertebesiniñ depgilenmegine nägilelik bildirip, saçagyñ başyndan çekilmegi zyýapatyñ mazasyny gaçyrdy. Ak Tamda her ýylyñ Oraza aýynda berilýän agzaçar zyýapaty bizi ABŞ we onuñ düýbüni tutujy atalary bilen yslamyñ we musulmanlaryñ arasyndaky gatnaşyklar boýunça düýpli barlaglary alyp barmaga iterýär. Özem Ak Tamda ilkinji bolup agzaçar bereniñ ýakyn döwrüñ prezidentlerinden biri däl-de, amerikan taryhynyñ üçünji prezidenti we iñ meşhur filosofy Tomas Jefferson (1743-1826) bolandygy üçin şeýle. Bu öñden meýilleşdirilen çakylyk däldi we onuñ başyny başlan waka-da tötänden bolup geçdi. Jefferson tunisli ygtyýarly we onuñ ýany bilen gelen delegasiýa bilen Ak Tamda günortanlyk nahar iýmelidi. Nahar her gün bolşy ýaly 15:30-da berilmelidi, emma protokola jogapkär işgärler Jeffersona myhmanlaryñ agzynyñ beklidigini aýtdylar. Şonuñ üçinem "Ýagtylygyñ aşygy" diýip tanalýan prezident tunisli ygtyýarlynyñ we onuñ ýoldaşlarynyñ yslam düzgünlerine we mukaddes aýyñ däplerine laýyklap agyzlaryny açmak üçin günortanlyk nahary ikindinden soña süýşürdi. Jeffersonyñ bu eden hereketiniñ añyrsynda onuñ yslam dini hakdaky öwrenen zatlary bardy. Şonsuzam onuñ ABŞ-da musulmanlar bolmanka-da, ABŞ-nyñ we bu döwletiñ düýbüni tutujy atalarynyñ dini we ynanç taýdan yslam bilen ýakyndan tanyşdyklaryny ýüze çykarýan uzyn gürrüñi bar. Tomas Jeffersonyñ XVIII asyrdan galan Gurhany "Expo-2020" Dubaýdaky amerikan pawilýonynda görkezildi. 1801-1809-njy ýyllarda bassyr iki gezek ABŞ-nyñ prezidenti bolup işlän Jeffersonyñ hukuk ugrundan okap ýören ýaş talypka Gurhan edinendigi çak edilýär / Fotosurat: AP Garaşsyzlyk deklarasiýasynyñ jar edilmeginden on bir ýyl öñ Jeffersonyñ Gurhan alandygy, onuñ ýaşan ömründe yslama we musulmanlara bildiren gyzyklanmasynyñ birinji görkezijisidi. Jefferson Gurhan almak bilenem çäklenmedi. Ol Ýakyn Gündogaryñ dilleri, taryhy boýunça has köp kitaplary almaga, sebite gaýybana syýahat etmäge, yslam boýunça we aýratynam urp-adatlara goldanýan yslam hukugyna baglanyp boljak meselelerde giñ maglumatlary edinmegini dowam etdirdi. Jefferson ilkibaşda yslam dinine garşy äsgermezçilikli şahsy duýgulary bolandygyna garamazdan, yslama düşünmäge synanyşdy. Onda bular ýaly pikirleriñ bolmagy tebigy zatdy. Ondaky äsgermezçilikli duýgular Angluýadaky ýa-da ABŞ-daly protestant döwürdeşleriniñ köpüsinde bar duýgulardy. Emma amerikan professory Deniz Spilbergiñ "Jefferson we Gurhan" kitabynda Jeffersonyñ köp kişiniñ tersine 1776-njy ýylda musulmanlary ýurduñ garaşsyz raýatlary hökmünde görüp bilendigi aýdylýar Jefferson XVIII asyrda çäkleriñ we Renessansyñ öñbaşçylarynyn nesillerindendi. Ol we ABŞ-nyñ ikinji prezidenti Jon Adams (1735-1826) XVIII asyryñ adam meselelerine garaýyşda Ýewropanyñ XV-XVII asyrlar aralygyndaky döwürde başdan geçiren mezhepçi-milletparazçy konfliktleriñ üstünden aşan täze eýýamyñ başlangyjy hökmünde görýärdiler. Ýewropada dini toparlaryñ arasyndaky uruşlar puritanlary göçmäge, Atlantik okeanyñ günbatarynda täze açylan amerikan ýurduny "Täze Kengan" ýurdy hasaplap, ol ýerik gaçmaga iterdi. Jefferson ilki bilen XVII asyryñ iñlis akyldary we filosofy Jon Lokkyñ kitabynda yslamyñ "medeni hak-hukuklary" barada okady. "Hoşniýetlilik hakynda hat" kitabynyñ awtory Lokk özünden bir asyr öñ bu meseläniñ üstýnde pikir eden Ýewropadaly birnäçe akyldaryñ ýoluny dowam etdirip, musulmanlara we iudeýlere hoşniýetli çemeleşmäge çagyrypdy. Belki-de, Jeffersonyñ awtobiografiýasyny ýazmaga isleg bildirenler onuñ musulmanlary gowy görendigine we musulmanlaryñ biri ýaly ýaşandygyna güwä geçse gerek. Onuñ awtobiografiýasyny ýazanlaryñ biri Jeffersonyñ yslam hakdaky bilýän zatlarynyñ yslamda din azatlygy babatda ýeterlik bilimi bolan musulman ilçileri we musulman alymlary bilen geçiren duşuşyklaryndan gözbaş alýandygyny aýdýar. Ähli dinleriñ agzalaryna raýatlyk hukugyny berýän konstitusiýa ýazmaga beren ünsüniñ añyrsynda-da şu ýatyr. Mundanam zyýady käbir ylmy-barlagçylar Jeffersonyñ hijretden soñ Medinedäki dürli-dürli dini akymlaryñ hak-hukuklaryny goraýan yslamyñ ilkinji konstitusiýasy "Medine kanunnamasynyñ" mazmuny bilenem gowy tanyş bolan bolmalydygyny öñe sürýärler. Jefferson din azatlygy ideýasyna ömürboýy ygrarly bolup galdy we dini köpçüligiñ öz agalygyny haýsydyr bir dini azlyga impozirleme hukugyna eýe bolma pikirini oñlamakdan ýüz öwürdi. Gaýtam tersine, köpçüligiñ dini taýdan özünden tapawutlanýanlara hoşniýetli bolmagy saýlap aldy. Wyždanynyñ özüne ýazdyranynyñ tersine bir garaýşy ýa-da pikiri impozirlemek üçin hökümetiñ agalygyndan peýdalanmaga garşy çykdy. Ony "Garaşsyzlyk deklarasiýasynyñam" ýazylan 1776-njy ýylynda şuny ýazmaga iterenem şu çemeleşme bolmaly: "Iudeýlerem, musulmanlaram dinleri sebäpli Halklaryñ raýdaşlygynyñ ("Commonwealth") kepillendiren raýat hukuklaryndan mahrum edilmeli däldir." Şu ýerde iki zady derñemeli bolýarys. Birinjisi, Jefferson yslam we musulmanlar bilen gyzyklanan ilkinji amerikanlardanmy? Ikinjisi, eýse onuñ añyny başagaýlyga salan hyýaly musulman düşünjesi näme? Elbetde, yslama we musulmanlara giñ möçberde hormat bildiren ilkinji şahs ol däldi. Ondan öñem ABŞ-nyñ birinji prezidenti Jorj Waşington (1735-1799) "Eger gowy işleseler, gowy işçi bolsa, Maunt-Wernonda olary gowy garşylajakdygyny" aýdypdy. Edil şolar ýaly Massaçusets ştatynyñ ýolbaşçy işgärleri 1780-nji ýylyñ Konstitusiýasynyñ paganlara, musulmanlara, iudeýlere, hristianlara has köp azatlyk berilmegi üçin basyş edipdiler. Hyýaly musulmanlar meselesi barada aýdanda bolsa, muña hyýaly diýilmeginiñ sebäbi, döwleti esaslandyryjy atalar din azatlygynyñ aýratynlyklaryny orta goýanda ýurtda heniz musulman ilatynyñ we jemgyýetiniñ ýoklugyndan gelip çykýar. Jefferson şonda-da olary geljegiñ hyýaly raýatlary hökmünde gördi we iudeýler bilen katolikler ýaly azlyklar bilen birlikde olaryñam hak-hukuklarynyñ arkasynda durdy. Jefferson Awraam Linkoln ýaly özünden soñky birnäçe amerikan prezidentine ýolgörkeziji şahsyýet boldy. Hatda Linkoln dagy käbirleriniñ ony musulman bolaýmasyn diýdirjek derejede ýygy-ýygydan Gurhana salgylanypdyr. Linkoln yslam bilen Jeffersonyñ okan Gurhanyny eline alandan soñ tanyşypdyr. Baýdeniñ Amerikasynyñ we ondan soñky geljek prezidentleriñ ABŞ-nyñ taryhy dini köpdürlilige görkezen hoşniýetliligini täzeden okamaklary gerek bolaýarmyka? Emile AMIN, derñeýji žurnalist. Ýekşenbe, 07.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |