23:54 Putiniñ gulagyna pyşyrdaýan adam: Aleksandr Dugin | |
PUTINIÑ GULAGYNA PYŞYRDAÝAN ADAM: ALEKSANDR DUGIN
Publisistika
Dugin SSSR-iñ dargamagyndan soñ sarizmiñ we bolşewizmiñ dolandyran çapraz rus şahsyýetiniñ gözlegindäki Ýewraziýa ideýasynyñ iñ esasy tarapdarlarynyñ biri Ýewropalylar patyşanyñ gulagyna pyşyrdap bilýän adamyñ patyşadan has howpludygyny aýdýarlar. Bu söz syýasat dünýäsi üçinem, hususan-da meşhur rus filosofy Aleksandr Dugin üçinem şeýle bolup biler. Ol başlangyçdan tä Ukrainanyñ okkupirlenmegine çenli döwürde Putiniñ añyny pikirler we gözýetimler bilen dolduran şahs. Dugin häzirki Russiýany tradision gözýetimi we konserwatiw ideýalarynyñ binýadynda ýurdy dolandyrmagy iñ gowy režim hökmünde baha berýär. Dugin äýnekli ýüze keşbi we özüni tradision rus poplaryna çalym etdirýän sakgaly bilen hernäçe tutynyñ añyrsynda saklansa-da, özüni Russiýany dolandyrýan ideologik şärikdeş ýagdaýyna getirdi. Ol öz pikirleri bilen ýigrimi ýyla golaý wagt bäri Russiýa we dünýä ýokardan seredýär. • Akyldar, strategist, mistik Onuñ üçin ýeke-täk kesgitleme bermek kyn. Dugin syýasy akyldar, strategist we slawýan mistigi. Şu ýyl altmyş ýaşyna gadam basan Dugin 1962-nji ýylda SSSR-iñ Goranmak ministrliginiñ Dolandyryş müdirliginiñ harby kontrrazwedka uprawleniýesinde işleýän generalyñ maşgalasynda dünýä indi. Ýaşlykda Moskwa institutynyñ awiasiýa fakultetinde okamaga başlanam bolsa, soñ okuwyny taşlady. Rus matematigi Ýewgeniý Dýakonowyñ pelsepesini öz durmuşynda amal etmek üçin ýoluny üýtgetdi we bu boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Yzyndan başga bir doktorlyk dissertasiýasyny goramak üçin syýasy ylymlara ýöneldi. Dugin SSSR-iñ çökmäge başlan ýyllarynda totalitarlyk we awtoritarlyk hasaplaýan ýagdaýyna garşy çykan aktiw şahslaryñ biridi. Has soñra Ýelsiniñ agdarylmagyna ýol açan halk tolgunşygyna gatnaşdy. Dugin SSSR-iñ çöküşiniñ sagdyn analizi edilmezden başdan sowulmagyna ýol bermedi. Ahyrynda ýurdunyñ başyna inen uly ýitginiñ "Sowuk uruş" sebäpli" bolmandygy netijesine geldi. Onuñ pikiriçe bu ýagdaý has beterem "ABŞ-lylaryñ we ýewropalylaryñ deñ derejede öñdedikleri" deñiz we Atlantik siwilizasiýasynyñ tersine "gury ýer siwilizasiýasy" sebäpli durmuşa geçipdi. Ahyrynda Dugin jylawsyz liberalizme garşy gaharlylyga mümküngadar golaý tankydy syn berýän "Günbatardan halas boluş. Ýewraziýaçylyk. Guryýer medeniýetlerine garşy deñizçilik we Atlantik medeniýetleri" atly täze kitabyny jemgyýetçilige hödürledi. Duginiñ rus prawoslaw kökleriniñ bardygy mesaña bildirýär. Ol kitaplary we çuñ analizleri bilen ondan gyşarmak ýa-da halkasyna girmek üçin onçakly jan edenok. Hatda oña eýerijileriñ özi-de, "Dünýä şäherine" garşy (Apostol Augustinusyñ "Hudaýyñ şäheri" taryhy epopeýasynyñ bir bölümine görä) "Hudaýyñ şäheriniñ" tarapdarlaryndan biri hasaplaýar. Dugin Putiniñ 2000-nji ýylda Kremle gelmegi bilen Russiýanyñ damarlaryna täze gan inžektirledi. Onuñ özi-de oppozisiýanyñ hataryndan "Täze Russiýanyñ" goragçylaryñ lagerine geçdi. Aýratynam Ýewraziýa taglymynyñ ýeten sepgitleri boýunça sesini gataltdy. • Ýewraziýa pikiri we ýeten sepgitleri Gysgaça aýdanda, Ýewraziýa Duginiñ düşünjesinde günbatarda Atlantik okeanyñ gurşawyndan Russiýanyñ gündogaryndaky Ural daglaryna çenli uzaýan sebit hasaplanýar. Bu sebit geografiýa taýdan adamzat medeniýetiniñ sallançagydyr. Dugin Ýewraziýanyñ adamzat taryhynyñ esasyny düzýän tapawutly sosial, magnawy we syýasy formalary emele getirendigine ynanýar. Dugin syýasat pelsepesine ýakynlygyndan zyýada militarizm we jansyzlyk dünýäsinde keşt eden, kontrrazwedkaçy Putiniñ baş mugallymymy? Başgaça aýdylanda Putini soñky ýüz ýylda geçirilen çärelere garşy rus kimligi gözlegine iten şolmydy? Dugin iki aý çemesi öñ Ukraina bilen uruş meselesindäki jedeller gyzyp, ýetjek derejesine ýetende rus kimligi meselesi boýunça çykyş etdi. Ideologiýasy we suratlandyrmalary Russiýa imperiýasyndan başlap, döwlet şekilini uly möçberde üýtgedendigini aýdýan Oktýabr rewolýusiýasyna, ruslaryñ özleri we kimlikleri (личность, идентичность) bilen göreşinde öwrülişik sepgidi bolan 1991-nji ýylyna çenli soñky bir asyrda emele gelen radikal we düýpli üýtgeşmelere yşarat etdi. Şondandyr, gapana düşen öñki SSSR-iñ yzyndan gelen weýrançylygyñ soñunda Russiýa Günbataryñ öñe sürýän teklipleriniñ we beýannamalarynyñ yzynda galdy. Ahyrsoñunda Russiýanyñ gämisi Duginiñ "rus kimligi mirasynyñ wepaly goragçysy hökmünde gören" Putinine gowuşdy. Onuñ bilen birlikde döwlet konserwatiw gymmatlyklara esaslanýan içki ynançlary arkaly daşarky güýjüni gaýdyp almalydy. Dugin XX asyryñ atmosferasyna agalyk eden üç esasy taglymata (liberal teoriýa, kommunistik teoriýa, faşistik teoriýa) garşy çykýardy. Özi "Dördünji syýasat teoriýasy" gözýetimini hödürlände oñaýsyz oppozisiýadan hoşal däldi. Eýsem onuñ pozisiýasy Putiniñ soñky ýigrimi ýylyñ yglan edilmedik konstitusiýasydymy? • Arktiki Russiýa hakynda Ýigrimi ýylda we dört gezek prezidentlik eden döwründe Wladimir Putin göz öñüne tutýan maksatlaryna eýermegiñ çäginde Duginiñ dördünjy syýasy teoriýa gözýetimini oñlap Russiýany bütindünýä parahatçylygynyñ wekili hökmünde gördi. Kommunizmden, liberalizmden we faşizmden daşgaryn täze model hödürlän gözýetim hemmeleriñ şahsy ýa-da synpy, islendik halk ýa-da din üçin ýaşamak we umumylyk hukugynyñ bardygyny ýañzydýan teoriýany öz içine alýar. Şeýle-de, teatra meñzeş jemgyýetlerde başdan geçirýän ideologik çemeleşmelerden barlygymyzy goramaga jan edýän we töweregimizde özgeren teoriýa hökmünde öñ hatara çykýar. Dördünji syýasy teoriýa Prezident Putiniñ 2007-nji ýylda Mýunhen konferensiýasynda sözlän sözünde örän aýdyñ duýulýar. Putin çykyşynda ähli adamlar üçin deñ mümkinçiliklere eýe, has adalatly we deñhukukly dünýä talap edipdi. Dugin teoriýasynda izolýasion, çetleşdirmek ýa-da imperial artykmaçlyk bolmazdan döwletleriñ we halklaryñ medeniýetleriniñ gurşawyna girýän umumy gowulugy öñe sürýär. Duginiñ dördünji syýasy teoriýasynyñ täsiri Semýuel Fillips Hantingtonyñ sozulan, toslama gözýetim hödürlejek bolşy ýaly Putiniñ"medeniýetleriñ dialogy we goñşulygy" bolan köp polýusly dünýä talaplarynda-da aýdyñ görünýär. Duginiñ pelsepesi kosmiki nesiliñ her bir faktorynyñ bütin dünýäni giñelden mozaiki paneliñ bir bölegidigini añladýar. Munuñ pelsepe geografiýasynda ornaşan sistemadan hereket etmek we sebitleri garaşsyz gözde baha bermek bilen birlikde döredijilikli syýasy we sosial gymmatlyklaryñ binýadynda garaşsyz hem-de konstruktiw şekilde kämilleşmegi mümkin. "Şarku'l Avsat" gazetiniñ "Independent Arabia"-dan berýän analizine görä, Dugin Russiýada, hususan-da Günbatar aragatnaşykly oligarhlaryñ garşysynda Putiniñ belent sesi hökmünde umuman gurban edilýär. Şol sebäpli Günbatar ugrunyñ rus sferalarynda eýle ýa beýle şekilde özüne çokunanlary tapandygy duýdurylýar. Şeýle-de käbir rus intellektuallaryny Russiýanyñ öz ugruny böwetleýän günbatarly ugra girmekde aýyplaýar. Eýsem, Duginiñ Siriýada we "ölüm ýagdyrýan el" güýjünde Putine haýsydyr bir täsiri boldumy? Muny onuñ özi birküç ýyl öñ nemes dilinde çap etdiren makalasynda giñişleýin beýan edipdi (Dugin sekiz dilde suwara okap-ýazyp bilýär). Putin Russiýanyñ Siriýa harby goldawy bermegini YŞYD-yñ "ABŞ-nyñ önümi" bolandygy sebäpli Ýewraziýanyñ geosyýasy hereketidigine ynanýar. Putiniñ pikiriçe YŞYD Russiýa üçin gönüden-göni howp bolup durýar we Russiýa ABŞ-nyñ Siriýada döreden hem-de goldaýan terrorçylygyny gysymyna gysmak üçin gyssagly hereket etmese, ýakyn wagtda YŞYD-y öz serhedinde, has soñra ýurdunyñ içinde görmeli bolar. Duginiñ ynanjy eger Siriýa agdarylsa, Ýakyn Gündogarda "domino teoriýasy" diýip atlandyran tirkeşik çöküşlere ýol açjakdygyny we dünýäde haosyñ ýaýyljakdygyny öñe sürýär. Şu çarçuwadan alanda Ýewropa ýüz müñlerçe ýa-da millionlarça bosgun akymlary bolar we Ýewropa öñki yklymy syýasy taýdan bosgunlardan daşda saklar. Dugin Prezident Putiniñ daşary syýasatyny dogry görkezmek üçin uzak wagt bäri geografiýa meýilli. Onuñ pikiriçe Gürjüstana garşy uruş, Krymyñ anneksirlenmegi we Russiýanyñ Tartus deñiz bazasynda geçiren Siriýa harby operasiýasy beýleki ähli hususlary aşýan geosyýasy hökmanylyk tarapyndan kesgitlenýär. Eýsem, Dugin Ukraina konflikti meselesinde sessiz galjakmyka? Soñky gezek Aleksandr Dugin üçünji tarapyñ täsirleri bilen möwç alan çaknyşyk hakyndaky gözýetimini we iki doganlyk Gündogar slawýan halkynyñ arasynda umumy sepleşik bilen bir ritm saklamaga synanyşýan göze görünmez eliñ işlerini ýazdy. Dugin taraplardan biriniñ, ýagny Ukrainanyñ Russiýa hüjüm etmegini goldap, iki doganlyk halky biri-biriniñ ýakasyna ýapyşmagyny gurnan we muny başaran amerikanlary günäkärlemeýär. Dugin Prezident Putiniñ döwlet reformalary saýasynda taryhyny täzeden janlandyrmagy göz öñüne tutýandygyny aýdýar. Dugin Ukraina konflikti meselesinde ýeke-täk çözgüt bardygyna ynanýar: Ukrainany iki bölege bölmek. Kiýew ýörite statusa eýe bolup, Ukrainanyñ günbatar sag ýakasy we Noworossiýa hökmünde her iki sebitiñem agalygyny ykrar etmek. Eýsem, bu gelejege niýetlenen teswirmi, ýa bolmasa Putiniñ ýakynda jemgyýetçilige mälim etjek şahsy bildirişimi? ABŞ nukdaýnazaryndan Dugin şu gün Ak Tamda, aýratynam Trampyñ işden gidip Baýdeniñ häkimiýete gelmeginden soñra neo-konserwatiwlere simpatiýa duýýan "globallaşma we atlantikçiligiñ fanatik tarapdarlary" bolan bölegiñ bardygy öñe sürülýär. Duginiñ pikiriçe bular her näme bolanda-da ýeke-täk polýusly dünýä düzgünini halas etmegiñ goldawçylary we 2013-2014-nji ýyllarda Kiýew meýdanynda Orsyýete garşy protestlere meçew berenler bilen bir adamlar. Ýokarda aýdylanlar döwürdeş rus filosofynyñ biografiýasy we karýera aýsberginiñ diñe görünýän bölegi. Aleksandr Dugin bir gezek şeýle diýipdi: "Dünýä indi üçünji jahan urşuna hemişekisinden has ýakyn." Eýsem, Ukraina konflikti rus-ukrain çaknyşygyndan Moskwa bilen NATO-nyñ arasynda garañkylykdaky ýakalaşma geçip gitse, Duginiñ öñdengörüjiligi amala aşaýarmyka? Jogaby heniz ýüze çykmadyk wakalarda gizlenip ýatyr. Emile AMIN, müsürli žurnalist. 05.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |