11:40 ABŞ we kiber "Pandoranyñ gutusy" | |
ABŞ we KIBER "PANDORANYÑ GUTUSY"
Publisistika
Kiber çaknyşyklar we bularyñ geljekdäki netijeleri sebäpli dünýä hakyky howp astynda 3-nji awgustda ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden dünýäni eýmendiriji gorpuñ gyrasynda goýdy. Ol Waşingtondaky kontrrszwedka işgärleriniñ öñünde ýarym sagada golaý wagtlyk çykyşynda ABŞ-na gönükdirilen soñky wagtlarda barha artýan we hakyky global urşa öwrülmegi örån ähtimal bolan kiber hüjümler boýunça ürküziji duýduryşlary berdi. Okyjylaryñ şeýleräk soragy orta atmagy gerek bolýar: Baýdeniñ soñky duýduryşlarynyñ öñümizdäki noýabr aýynda geçiriljek amerikan kongresiniñ saýlawlary bilen baglanyşygy barmy? Belki-de, göni jogap bermezden öñ ABŞ-nyñ içine aralaşma meselesiniñ üstünde durup geçmeli. Umuman alanda amerikanlara we ýöriteleýin Demokratik partiýa garşy ilkinji hem-de gazaply garşylyk 2016-njy ýylyñ prezident saýlawlarynda bolup geçenlerdi. Hawa, hiç hili subutnama ýokdugyna garamazdan ruslaryñ Hillari Klintonyñ saýlaw kampaniýasyndaky elektron poçtalaryna aralaşyp, ony şowsuzlyga uçradandygy we onuñ bäsdeşi Donald Trampa artykmaçlyk döredendigi baradaky aýyplamalar dowam edýär. Ikinji uly aralaşma Baýdeniñ prezident saýlanan 2020-nji ýylyñ ahyrlarynda bolup geçdi. Baýden aýratynam "kibergarakçylaryñ gazna, döwlet we söwda ministrliklerine, şeýle-de howpsyzlyk saýtlaryna aralaşmaklarynyñ mümkindigi" hakdaky radikal şübheleriñ çäginde şol döwür bu operasiýany gurnanlary jezalandyrjakdygyna söz berdi. Eýse kiberhowpsuzlyk adalgasy nämüçin şugünki gün wakalaryñ üstünde gaýmalaýar? Onuñ ýollary we ugurlary täze jahan urşunyñ ýoluny arçaýarmy? Elektron aragatnaşyk torlary gorag mehanizmlerinden hüjüm platformalaryna, walýuta dolanşygyndan uçuş zolagyna çenli adam hereketleriniñ köpüsine guramaçylyk edýän, koordinirleýän, hatda synlaýan we gözegçilik edýän torlara öwrülendigi üçin gysgaça alanda peýdaly. Edil ether arkaly geçirilýän maglumat pikiriniñ has peýdaly we ýokary hilli adam durmuşy üçin ulgama öwrülen bolsa, manipulirlenen ýagdaýynda-da adam howpsuzlygy we agzybirligi üçin uly howp döretjek ýagdaýa geldi. Bu ýagdaý uruşlarda gury ýerden, deñizden, howadan we kosmosdan soñ bäşinji ugur bolandygy sebäpli harby strategistleriñ arasynda bu boýunça köpçülikleýin pikiriñ ýüze çykmagyna getirdi. Geçen hepde ABŞ-nyñ prezidenti täsin we geñ galdyryjy görnüşde ýüzüni gataltdy. Dünýä suwuk ýangyç ýerleýän şereketiniñ ABŞ-nyñ içinde uçran haker hadysasyny yzarlady. Gürrüñi edilýän hadysa on alty ştatda suwuk ýangyç geçirijileriñ togtamagyna sebäp boldy. Ýaşaýşyñ motorlara bagly ýagyşly ABŞ-synda munuñ nämäni añladýandygyny bilýärsiñizmi? Garakçylaryñ eli uly azyk şereketlerine we aýratynam et önümlerine-de ýetdi. Bu ýagdaý millionlarça ABŞ-lynyñ esasy sarp edijileriniñ arasynda pikir bulaşyklygyna getirdi. Şol bir görnüşde iki aý öñ daşary ýurtly kompýuter garakçylary Waşingtondaky polisiýanyñ işe degişli ähli resminamalaryny ele saldy. Kibergabaw tä soralan pul berilýän aýrylmady. Iñ howply zat bolsa, şetle bandalaryñ indi paýtagtdaky polisiýanyñ iş şertlerini we soñky bolýan zatlary iñ ownuk jikme-jikliklerine çenli bilme ukybynyñ barlygydyr. ABŞ-da şübheler uly howsala düşülmegine getiren "SolarWinds" şereketiniñ töwereginde gaýmalaýar. Içerki howpsuzlygyñ öñki ministri Çad Wolfyñ elektron poçtasyna we işi daşary ýurtlardan gelen kompýuter garakçylygy howpuna garşy göreşme wezipesini-de öz içine alýan kiberhowpsuzlyk personalynyñ agzalary aragatnaşyk elýeterli edildi. Mazaly seljerip-öwrenip görenimizde, Baýdeniñ nukdaýnazaryndan syzma hereketleriniñ hakyky urşa öwrülme, sanly ulgam dünýäsinden hakyky urşa öwrüle ähtimallygy boýunça çemeleşmesiniñ bardygyny görýäris. Onuñ hökümetiniñ geçen aprel aýynda rus diplomatlaryny ýurtdan çykarmagy-da ýöne ýere däldi. 2020-nji ýylyñ prezident saýlawlaryna täsir etmäge synanyşylandygy hakda anyklyk gazanan şek-şübheler bar. Häzir demokratlaryñ we respublikanlaryñ arasynda gazaply garpyşygyñ gidýän Kongresi üçin orta aralykly garpyşygy täzeden meýilleşdirýärler. Bular bilen bir hatarda ABŞ-nyñ 27 ştatynda prokuraturanyñ edara binalaryna birugsat girişleriñ bolandygy hakdaky maglumatlar ýüze çykdy. Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, amerikan kontrrazwedkasynyñ Orsyýetiñ territoriýasyna gönükdiren işlerine degişli Orsyýetden aýratyn nägilelik geldimi? Kremliñ press-sekretary Dmitriý Peskow şu günlerde amerikan kontrrazwedkasynyñ Orsyýetde aktiw hereket edýändigini we şol bir wagtyñ özünde rus kanun çykaryjy edaralary üçin geçiriljek saýlawlara täsir etmäge synanyşýandygyny aýtdy. Bu ýagdaý Orsyýetiñ Döwlet Dumasynyñ Daşardan gurnalýan operasiýalar boýunça derñew komitetiniñ başlygy Wasiliý Piskarýow tarapyndanam tassyklandy. Eýsem bu, ýakyndan wagtda aýylganç global çaknyşyga öwrüljek kiber kontrrazwedka pyrryldagymy? Fransiýanyñ Geografiýa institutyndan professor Frederik Dosýeriñ pikiriçe, ABŞ grek mifologiýasyna görä kiber "Pandoranyñ gutusyny" açdy we häzir hiç kim onuñ şumluklary bilen ýüzleşenok. Netijede kiber çaknyşyklar we bularyñ ertirki netijeleri sebäpli dünýä hakyky howp astynda. Emile AMIN, Müsürli žurnalist. Penşenbe 05.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |