19:00 Braziliýa dünýäniñ klimatyny halas edýärmi? | |
BRAZILIÝA DÜNÝÄNIÑ KLIMATYNY HALAS EDÝÄRMI?
Publisistika
Amazonka deltasynyñ zähmetkeş garyplarynyñ dünýäsinden dünýäni halas etmek üçin dyrjaşýan Da Silwa salam bolsun. Amazonka deltasy dünýäni halas etmek üçin ilkinji gorag halkasydyr. Lula da Silwanyñ meýilnamasy gün geçdigisaýy ýok edilýän tokaýlaryñ bitewiligini gorap saklamagy maksat edinýär / Fotosurat: Reuters Üçünji gezek prezident köşgüne dolanyp gelen Braziliýanyñ döwlet ýolbaşçysy Lula da Silwa tebigy gurşawyñ goragçysy hökmünde hem giñden tanalýar. Onuñ daşky gurşaw boýunça alyp barýan syýasaty we ýönelmeleri bioköpdürliligiñ goralyp saklamagy bilen birlikde klimat ylalaşyklaryny we global maýlama garşy göreşi goldaýar. Lula da Silwa adam durmuşyna howp salýan howply klimat üýtgeşmelerine garşy göreş bilen baglanyşyklykda ahlak güýjüne öwrüldi. Amazonka tokaýlary üçin ol ýerdäki sferalaýyn bidüzgünçilikleri we aýratynam tokaýsyzlaşdyrmagy duruzmaga gönükdirilen soñky berk meýilnamasy sesleri katastrofa bolup eşdilýän ölüm howply netijeler bilen howp abandyrýan ykdysady garañkylygyñ ortasynda şamçyrag bolup geldi. Ynançsyzlar gözlerini Kanada dikmeli we tüssesi Amerikanyñ jümmüşlerini-de kör edip barýan ýangynlary yzarlamaly. Eýsem Amazonka tokaýlaryny halas etmegiñ umuman alanda planetamyzyñ klimatyna nähili täsiri bolar? Amazonka 5,5 km²-a golaý meýdany tutýan ýagyş tokaýydyr. Tokaýlaryñ 60%-I Braziliýada bolup, Günorta Amerika yklymynda sekiz ýurda ýaýylyp ýatyr. Meýdanynyñ uludygy sebäpli tebigaty öwrenijiler dünýäniñ iñ uly tokaýy bolandygy üçin kislorod çykarýan gotosintez prosesinden ýaña oña "dünýäniñ öýkeni" hökmünde baha berilýär. Amazonka tokaýlary görnüşi 16 müñe golaýlaýan 390 milliarda golaý dürli-dürli agajy öz içine alýar we bular ýer ýüzünde galan tokaýlaryñ ýarysyndan gowragyny tutýar. Amazonka tokaýlarynda elliden gowrak etniki topara degişli 30 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ýerli halklar ilatyñ dokuz prosentini tutýar we daşarky dünýäden üzñe durmuşda ýaşaýar. Lula da Silwanyñ meýilnamasy gün geçdigisaýy ýok edilýän tokaýlaryñ bitewiligini gorap saklamagy maksat edinýär. Beýan edilişine görä bu meýilnama ygtyýarly ýolbaşçylaryñ sferalaýyn howplary haýal etmän anyklap, bulara jogap berilmegi we ýerli çäklerinde bikanun ýer açma okkupasiýasyna, magdan çykarma işlerine, agaç çapyşlyga we bikanun awçylyga garşy göreşmek üçin emeli hemralar arkaly gözegçilik ýola goýlar. Da Silwanyñ meýilnamasy durmuşa howp salýan klimat howplarynyñ eýmençligini ikelläp goldaýanlar üçin nämüçin hoş habar? Gysgaça aýdanda, haýsydyr bir şübheli çemeleşme bolmazdan meselä yzdan garap bolar. Çünki bu meýilnama durmuşa geçirilse, aýratynam tokaýlaryñ barlygy esasan iki zada baglylygyndan ýaramazlaşýan klimatyñ gowulaşmagynda oñyn öñegidişlik döredip biler. Birinjisi, global maýlama, ikinjisi ýagyş meselesi. Amazonka tokaýlary global maýlamanyñ baş sebäbi bolan karbondioksiti özüne sorup alýar we ýyllyk 150 milliard tonna agramdaky zyýanly gazlaryñ iñ uly sorujy meýdany bolup durýar. "Associated Press" (AP) habarlar gullugy iýun aýynyñ birinji hepdesinde howadaky karbondioksitiñ deñi-taýy bolmadyk görnüşde artyşy hakda maglumatnama taýýarlady. Şonsuzam onuñ derejesi bir milliondan 424 parça ýetipdi we bu 2016-njy we 2019-njy ýyllardan soñky iñ uly ýyllyk artyşlaryñ biridi. Bu görkeziji artyberse, aýratynam Amanzonka tokaýlarynyñ ýok edilmegi dowam ediberse, mawy planetamyzyñ geljekki ykbalynyñ nähili-neneñsi boljakdygyny häzirden çaklabermeli bolýar. Bu tokaýlar bilen baglanyşykly ikinji heýjanlandyryjy we howply zat - ýagyş tokaýlarynyñ üstündäki uly täsirleridir. Ýakyn taryhda "Nature" žurnaly Londonyñ Lids uniwersitetiniñ professory Kallum Smitiñ geçiren barlagyny çap etdi. Bu barlag soñky on ýyllyklarda emeli hemradan alynan suratlar arkaly tropiki sebitlerse tokaýsyzlaşdyrma artdygyça ýagyş ýagmagyñ seýrekleşendigini subut edýär. Ýagyş tokaýlarynyñ ýok bolmagyna degişli futuristik gorky we yzyndan ýüze çykan gorkunç guraklyk weýran bolan tokaýlaryñ giñ meýdanlar restawrasiýa edilen ýagdaýynda ýagyşdaky pese gaçyşlygy duruzmagyñ mümkindigini görkezýär. Eýsem adam durmuşy bilen dünýäni gurşap duran tokaýlaryñ barlygynyñ arasynda düýpli baglanyşyk barmyka? BMG-nyñ Azyk we Ekerançylyk guramasynyñ (FAO) dünýädäki tokaýlaryñ hasam azalýan döwründe agaçlaryñ adamlara berýän goragynyñ möçberini görkezmek üçin her ýylyñ 21-nji martyny Tokaýlary goramagyñ Halkara gününi "Adam saglygy tokaýlaryñ saglygyndadyr" şygary bilen garşylamaga iterenem, ine, şu meseledir. BMG-dan alynan statistiki maglumatlar 2000-nji ýyldan bäri sferalaýyn ýagdaý üçin ykdysady düşewünt gözlegine esaslanýan dünýäniñ 104 million gektardan gowrak tokaýyny ýitirendigini görkezýär. Palma ýagy we soýa nohudy ýaly däneli önümleriñ önümçiligi ýa-da maldarçylyk we pürs industriýasynyñ yzynda ylgap (klimat üýtgeşmesini möwjedip, biodürliligi ýok edýänem bolsa) tokaýlary ilik-düwme sökýärler. Emma obýektiwligi talap edýän bir sorag alamaty bar: Tokaýsyzlaşma prosesinden kim jogapkär? Da Silwanyñ tebigata zyýan ýetirilmeginiñ öñüni almak üçin guran federal polisiýa edarasynyñ işleýän Braziliýasymy? Ýa-da tebigatdaky üýtgeşmeler bilen ýüzleşmek üçin garyp-gasarlara we mätäçlere kömek etmek ady bilen her ýyl bir milliard dollar bermäge söz berýän (we beren sözleriniñ birinem ýerine ýetirmeýän) uly global ykdysady güýçlermi? Global ykdysady güýçler Amazonka sebitlerinde ýaşaýan garyp halka tokaýsyzlaşmakdan başga hiç zat berenok. BMG-nyñ Abu-Dabide geçirilen Klimat üýtgeşmesi konferensiýasy COP-28-den birnäçe aý uzakda, ahlak biwepalygy halkara ýagdaýda häzirem aýdanyny etdirýär. Syýasy liderleri başagaý edýän bolsa dünýäni dolandyrmaga gönükdiren ykdysady bassaşlyk we tebigaty göwünleriniñ isleýşi ýaly ulanmak. Da Silwanyñ tokaýlary goramaga eden batly çagyryşlaryndan soñ ýedi uly senagatçynyñ ýekesiniñ öñe çykyp, oña minnetdarlyk bildirmezligi, goldamazlygy we onuñ meýilnamasyny goldaýandyklaryny aýtmazlygy täsindir. "New York Times" gazeti ýakynda Demirgazyk ýarymşarynda buzsuz tomusyñ boljakdygyny habar berýär. Şolsa sanda aýratynam Amerikanyñ orta günbatarynda we demirgazyk-gündogar Hytaýda däneli ösümlikleriñ hasyly azalar. Bu bolsa global azyk howpsuzlygyna ullakan howpyñ abanýandygyny añladýar. Amazonka deltasynyñ zähmetkeş garyplarynyñ dünýäsinden dünýäni halas etmek üçin dyrjaşýan Da Silwa salam bolsun. Amazonka deltasy dünýäni halas etmek üçin ilkinji gorag halkasydyr. Emile AMIN, derñeýji-žurnalist. Ýekşenbe, 11.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||