18:19 Açyş | |
AÇYŞ
Goşgular
Adam dogýar Gidýär alysdan alsa. Hem kertip bu ömrüñ ýyllaryn-aýyn. Büdürär. Galar ol. Yzyna gaýtmaz. (Nirä baryp urarka ol mañlaýyn?) Kim ol? Näme, ýaşaýarka nähili? Sorag alamaty ilýär gözüne. Hemmeler ölçejek bolýar pähimin, Gapdalyndan bakjak bolýar özüne. Kä ejizlik edip, Öwrülip çepe, Açyş edip, kä ýalñyşyp, ýitirip, Yzyny yzarlap (Azaşyp ýeke). Barýan adam arzuwyny bitirip. Akyma goşulyp barýaryn menem Asla maña bu ýodadan dönme ýok Bulañ bary şeýle welin, wah, ýöne, Şeýle bir açyşym meni goýanok. Bu goja zeminde ýaşasam-da az, Kän büdüräp, göz ýetirdim bir zada. Gutaran ýerinde edepliligiñ Gutarýan eken adam. Myratnazar ROZNAZAROW. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |