ADALAT KÜRSÜSI / rowaýat
Yslam dünýäsinde öñdengörüji, parasatlylygy bilen tanalýan Şakyk Balhy hezretleri Harun Reşit bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. ll arasynda halkyñ hak- hukugy kemsidiliberse ýa nähak zulumlar ýüze çykyberse Şakyk Balhy hezretleri onuñ haremhanasyna söhbetdeşlige baryp, hikmetli sözüñ üsti bilen bu säwlikleri duýdurýar eken.
Bir gün säher bilen Harunyñ kabulhanasyna barsa, Harun heniz işe başlamandyr. Otagyñ ortarasynda duran haşamly kürsä gözi düşen pir şol kürsiniñ üstünde oturup görmegi ýüregine düwüpdir-de geçip oturypdyr.
Gözegçilik edýän ýasawul irkilen ekeni. Oýanyp seretse nätanyş biri otyr. Ýasawul piriñ elinden çekip düşürip bilmän, elindäki dürre gamçydyr taýagy bilen urupdyr. Batly degen taýagyñ zarbyna kellesi ganan pir uly sesi bilen gülüp başlapdyr. Bu gopguny eşiden Harun Reşit haýdap barsa, ussat pir gan akýan kellesini tutup uly sesi bilen gülüp otyr. Harun Reşit:
- Ýa ussat! Bu nämäñ hikmeti?!
Şakyk Balhy:
- Ýa musulmanlañ emiri! Men siziñ adalat kürsiñizde bir pursatlyk oturanym üçin başymy ýardylar. Bu adalat kürsisinde siziñ paýyñyza näme düşerkä, şoña gülküm tutýar - diýip, bu wakanyñ üsti bilen aýtjak zatlaryny mälim edipdir.
■ Wesýet
Harun Reşit wezir-wekilleri bilen obalary synlap ýörşüne Şakyk Balhy hezretlerine gabat gelipdir. Ussadyñ hormatyna atdan düşüp, salamlaşyp durşuna:
- Ýa ussat! Bize wesýet etseñiz?!
Pir:
- Haý-haý häzir boluñ, haý-haý häzir boluñ. Siz soltanlygyñ şertlerinden habardarmy?
Harun wezir-wekillerine sapak bolsun maksady bilen:
- Bizi habardar ediñ, ýa ussat. Ol:
- Soltan-musallatandyr. Talap edijidir. Soltanda dört hal bolmalydyr.
Olaryñ birinjisi - Ebu Bekir Syddyh ýaly dogruçyl bolmakdyr. Syddyh dogryçyllygyñ künýesidir.
lkinjisi - Omar el Faruk ýaly halal bilen harama gyl ýatym ýer goýman arasyny açyp bilmekdir.
Üçünjisi - Osman Zunnureýin ýaly hikmet we adalat eýesi bolmakdyr.
Dördünjisi Hezreti Aly şejaga ýaly batyr bolmak bilen bitýändir.
Faruk-hezreti Omaryñ künýesidir.
Onuñ halyf zamanynda gurakçylyk bolupdur. Bir gün mal bazaryna barsa aýak üstünde duran mal görmändir. Satlyga goýulan düýelerem çöküp oturanmyş. Bazaryñ bir künjünde hümer bolup üýşüp duran adamlara gözi düşüp, atyñ jylawyny şol tarapa öwrüpdir.
Görse semizliginden örküji gomlap giden düýäni söwdalaşyp duran ekenler. Bu gurakçylykda beýle semiz düýäñ ýanyna baryp:
- Bu kimiñ düýesi - diýip, märekä ýüzlenipdir.
Jogap bolmandyr. Üçünji gezek dergazap bolup gygyranda bir çarwa öñe çykyp:
- Ýa Emirül muminin! Bu düýäniñ çopany mendirin. Düýe siziñ ogluñyz Abdyllañkydyr.Ol:
- Nirede bakdyñyz?!
- Bu düýäni siziñ hormatyñyza erkin kowup goýberdim. Adamlar hem ekininden kowmadylar.
Bu gün hem satmak üçin bazara alyp gelmegimi haýyş etdiler - diýip, çopan sözüni soñlapdyr. Emir:
- Bu düýäniñ size bakmaga berlende gabarasy şu galmana ýaraman ýatan düýeleriñ haýsysy çakrak bardy?!
Çopan çöküp oturan düýeleiñ birini görkezipdir. Emirul mumin ogluna bakyp:
- Şol düýäni satyn al-da, soýup agramyny biliñ. Soñra semiz düýäñden şol mukdar etini alyñda galanyny we arryk düýäñ etini ekin eýelerine berip razy ediñ - diýip buýrup, haram bilen halalyñ arasyny fyrka fyrka edensoñ "Faruk" lakamyny alypdyr.
- Bu dört hala eýe bolanyñ döwleti yrylmaz - diýip, haýyr dogalar edip ýola salypdyr.
Halk döredijiligi we rowaýatlar