GAÝGYSYZ ABDAL
Gaýgysyz Abdal (Alaeddin Gaýby), türkmen şahyry, alawy-bekdaşy halk ozany.
1341-1444-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Hakyky ady Alaeddin Gaýbydyr. Hajy Bekdaş Weliden soñra bekdaşylaryñ başyna geçen Abdal Musadan täsirlenip tasawwuf bilen gyzyklanyp başlaýar.
Gaýgysyz Abdal bekdaşy erkannamasyna (düzgünnama) birnäçe düzedişler girizip, bekdaşylaryñ kadalaryny ilkinji işläp düzüjileriñ biri boldy. Müsüre gidip bekdaşylygy ýaýratmaga çalyşýar we ol ýerde aradan çykýar.
Gaýgysyz Abdal ahlak-didaktiki temada döreden eserlerinde açyk we gönümel dil ulanýar. Alawy-bekdaşy şygyr tradisiýasyny dowam etdiripdir. Käbir goşgularynda Ýunus Emräniñ täsiri duýulýar.
▶ ADAM BOLDUM...
Adam boldum, geldim adam içine,
Duş geldim bir hana, handan içeri.
Zembur kimin gandan gana dolaşyp,
Bir gana uçradym gandan içeri.
Zahyt, * at oýnatma, bu meýdany däl,
Meýdany diýr bolsañ, bu erkany ** däl.
Süleýman diýr bolsañ, Süleýmany däl,
Süleýman bar Süleýmandan içeri.
Yşkyñ bazaryndan merjen almyşam,
Yrfan mejlisinden erkan*** almyşam,
Janymy bagş eýläp, bir jan almyşam,
Saklaryn bu jany jandan içeri.
Şerigaty Muhammede berdiler,
Tarykat üstünde bir ýol gurdular.
Magryfet babynda sowal berdiler,
Hakykat bar hakykatdan içeri.
Gaýgysyz aýdadyr, nutugym hakla,
Bir mürşide gol ber, kalbyñy päkle.
Mürşidiñ berenin tut, gowy sakla,
Ýülükden, kemikden ****, gandan içeri.
♧ Düşündirişli sözlük:
Zahyt * - Allanyñ gadagan eden närselerinden saklanyp, buýruklaryny birkemsiz berjaý edýän adam.
Erkan ** - bu ýerde "bu oña barýan ýol däl" manyda.
Erkan *** - bir jemgyýetiñ öñdebaryjy adamlary.
Kemik**** - süñk.
Goşgular