06:42 Saña nä... | |
Gaýgysyz ABDAL
Goşgular
▶ SAÑA NÄ?!. Adamy palçykdan ýugrup-ýasadyñ, Ýasap näme edersiñ, mundan saña nä?! Halk etdiñ ynsany, jahana saldyñ, Saldyñ-da neýlärsiñ, mundan saña nä?! Bakgalmy sen, terezini neýlärsiñ, Işiñ-güýjüñ ýokdur, göwün eglärsiñ. Guluñ günäsini çekip neýlärsiñ, Geçiber günäsin, mundan sañä nä?! Katran * gazanyny döküber gitsin, Mömin bolan gullar didara ýetsin, Perman ber, ýylana tamugy ** ýuwtsyn, Söndür şu ataşy, mundan saña nä?! Sepil düşdim, bu älemde naçar *** men, Gyldan köpri ýaradypsyñ, geçer men. Eger geçip bilmesemem uçar men, Geçir gullaryñy, mundan saña nä?! Gaýgysyz Abdal diýr, Jennet ýaratdyñ, Jähenneme niçe gullary atdyñ. Niçeleri yşkyñ oduna ýakdyñ, Ýakyp-da neýlärsiñ, mundan saña nä?! ♧ Düşündirişli sözlük: Katran * - garaýag. Tamug ** - dowzahda bir ýer. Naçar *** - bu ýerde bialaç manyda. | |
|
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |