15:30 Adam ýaly dözümli zat bolmaýa... | |
ADAM ÝALY DÖZÜMLI ZAT BOLMAÝA...
Goşgular
ADAM Adam ýaly dözümli zat bolmaýa, Ol ölüme dözýär gül deý ömürin, Ol kömüre dözýär Gün deý ýüregin. Dert diýip ol öz derdini sanmaýar. Hak iş üçin başyn dözýär belaýa, Bir ýagşy niýetiň hatyrasyna, Gursagynam dözýär gara ýylana. Bir öýde çaý başynda — Ýadyňdamy, Ýadyňdadyr elbetde, On ýedi ýaş, Oýun edýäs, gülüşýäs. — Ýadymda, biz şonda birek-birekde Döräp ugran muhabbetden üleşýäs. — Saçlaň tolkun atýar, Meni aňk edýär, Hem gark edýär meni saçlaň tolkuny. — Sözlermiziň täsin mylakaty bar, Gözlermizde ýylgyryşmy, gülkümi?! — Biz ýaşlygyň başky yşkynda durduk, Bir nurduk biz kesämizden bakana. — Biz ýodanyň başlangyjynda durduk, Ýokdy ondan gitmezlige bahana. — Bu zatlar düýnki deý hakyda gelýär, — Gam çekme, gerçegim, Ýetmiş bäş ýaşlym! ...Diýlip käteler bir gürrüň edilýär, On ýedi ýaşdaky agtykdan ýaşryn. DÖNEM... (Halk döredijiliginiň äheňinde) Uzakdan gelerdim Ýüküm ýeňil däl, dönem, Takat ýok, tiziräk Tutsam eliňden, dönem, Ýaz ýaly ýylgyryp, Çyksaň öňümden, dönem, Garadan gaýtmanam, Gorkma ölümden, dönem. Ýollarda ýoruldym, Halymy sora, dönem, Gözlerňe döneýin, Göz kibi gora, dönem, Göwnümi kemsitme, Boldum awara, dönem, Ýanymdan goýmaryn, Dagy-duwara, dönem. Meýdanyň gülleri, Biliňe ýeter dönem, Asmanyň guwlary, Ýaýdanyp öter, dönem, Ýyljajyk ýagyşlar, Men bolup öper, dönem, Gam çekme, görküňe, Ýetmesin zeper, dönem. Yşgyňda saraldym, Galdym gowrulyp, dönem, Gitmäýin kül kibi, Göge sowrulyp, dönem, Başyňa gonaýyn, Bagta öwrülip, dönem, Ýakmasyn aýralyk, Zalym aýralyk, dönem... ETÝUD Gowaçaly karta deýin gök asman, Asmanda bir gujak pagta deý bulut. Bulduň üstünde-de misli mele nan — Gün gülüp bakyp dur, näzli gyz bolup. Uç-gyraksyz asman deýin giň karta, Kartada pagtalar — tüýdülen bulut. Gujagynda şol bulut deý ak pagta, Bir gyz ýylgyryp dur, nurly Gün bolup. Rejepgeldi MEJIKOW. Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/5/89. 26.10.2022ý. | |
|
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ G.M / Goşgular - 29.08.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Dag säheri / Goşgular - 15.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |