17:15 Adama meñzeş adamlar | |
ADAMA MEÑZEŞ ADAMLAR
Oýlanmalar
Men size adama meñzeş haýwanlar diýip biljek däl. Oña meniñ öñden ata-babam tarapyndan berlen terbiýe ýol bermeýä. Men size Adama meñzeş adamlar diýip ýüzlenýän! Heeeeý adamjyklar diýesimem gelýa arasynda. Emma bu hem aşa duýguçyllyk boljak. Eý Adama meñzeş adamlar! Adama meñzeş haýwanlar diýmeýänimiñ ýene bir sebabi bar. Siz adam jemgyýeti hiç wagtda haýwanlar jemgyýeti ýaly bolup bilmersiñiz. Meniñ sowukganlyk bilen size ýüzlenýänimi sizem gyzmanyrak kabul edeweriñ! Bir mugallym bar eken. Okuwçysy halys gepe düşünmän içini ýakan wagty Aý, adam çagasy, düşünäýsene diýip özelenip jowranýan eken. Okuwçy üçin bolsa ol, "Eý haýwan çagasy" diýip duýulýan eken. Umuman, men siziñ köpüñiziñ Hakykaty eşitmäge taýyn däldigiñizi duýdum. Hakykaty eşitmäge taýyn bolmadyk halyñyza hakykaty aýtmagymy talap edýäñiz, Hakykaty eşidibem gaty görýäñiz. Men size düşünmedim. Megerem siz hiç wagtam hakykaty eşitmäge taýyn bolmarsyñyz öýdýän. Men size düşündim. Siz hakykaty aýtmagymy talap eden bolup maña yrsaraýan bolmagyñyzam mümkin. Adam jemgyýeti näçe müñ ýyldan bäri bar bolsa, şonça döwürem adam adamy gul edýär. Orta asyr baronlarynyñ aw itleriniñ güjüklerini emdirmek üçin ýörite eneke aýal tutandyklaryny okapdym. Häzirem üýtgän zat ýok. Gazada çagalary öldürýärler, umuman adamlary keýpine gyran ýaly gyrýarlar. Siwilizlenen Ýewropalar amerikalar sungat derejesinde amala aşyrylýan gyrgynçylyga tomaşa edýär. Bu ýagdaý öñem bolupdy, ýene-de bolar. Emma haýwan jemgyýeti hiç wagt haýwanhorluk edenok, ýagny möjek möjegi iyenok, şir şiri iýenok. Bu birinjiden ikinjiden bolsa, adamlaryñ taşlan çagalaryny hem öz çagalarynyñ arasynda emdirip, ekläp ese-boýa galdyrýan möjekleri Kiplingiñ romanlaryndan okamak gerek däl. Türkmenistanyñ demirgazyk etraplarynda möjek maşgalasynyñ arasyndan tapylan oglanjyk Juma Jumaýewiç Jumaýew kimiñ ýadynda. Ony öz mähriban möjekleriniñ arasyndan "halas eden" adam jemgyýeti özüniñ swilizlenen dünýäsinde türkmen Mauglisiniñ ýalñyzlykdan psihdispanserde ýalñyzlykda ýogalmagynyñ şaýady boldy. Ýok, Siz hiç mahalam haýwanlar ýaly bolup bilmersiñiz. Siz Adamyñ çagasy, adamlygyñyza hem galarsyñyz. Adam atañyz ýaly hemişe ýalñyş işläp yaşarsyñyz. Emma Adamyñ sizden tapawudy o pahyr bilmän, gepe gidip hata etdi. A Siz edýän her bir hatañyzy bilip durup edýärsiñiz. P.S. Hatda ki özara gepleşeniñizde hem ikiyüzlülik edip, ýene söhbetiñiziñ lezzetini görýäñiz. Gaty gaharyñyz gelende hapa sögünýäñiz, ejeñi, bajyñy diýip, mukaddes zatlara ýetip bilýäñiz. Ynsanyñ uýat yeri diýýän jyns organlarynyñ müñýyllardan gelýän adyny agzamagam siziñ üçin ahlaksyzlyk diýip netije çykaryp bilýäñiz. Şu siziñ ýeten derejäñiz-dä. Isgender MÄLIK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||