12:16 Gysgadan uzyn gürrüňler | |
GYSGADAN UZYN GÜRRÜŇLER
Sözler
- Sen ynha lal açyp, porsaman başarsaň, men umuman hemişelik agzymy mumlajak... * * * - Göterip ýörmüsiňiz oglanlar? Göteriberiň, göteriberiň, bizem göteripdik. Aňsat zat däldir ata-enäniň abraýyny götermek. * * * - Gaçyp giden gyz doganyňa geçirilen galyň puldan ýalpyldap duran gara köwüş alyp geýipsiň, Allanur inim, - diýesim geldi, gaýnoglanymyň aýagyndaky öwşün atýan köwşün synlap. Ýöne onuň hem-ä aýagyndaky köwşe, soňam maňa çüňkerkeýp seredişini görüp dilimi dişledim. Şol köwüş bilen namysyny depeläp ýören ýaly ol. * * * Oýun bilen aýdylan çyn nähii täsir edýär, çynyň bilen edilen oýundan nähili täsir galýar? Oýun bilen aýdylan çyn adamyna görä, düşünen düşünýär, düşünmedik jähennemde hem aňşyrmaýar. Çynyň bilen edilen oýundan ýaraly bolup bolýar. Özem bütin ömre. * * * Mugallym okuwçylaryny birlaý gözden geçirdi-de, mähir bilen ýylgyryp: - Okuwçylar, bu okaýşyňyz bolmaýa - diýdi. Gulagy kerrew Sapa ziňkkedip kellesini galdyrdy. Onuň gulagyna mugallymyň aýdan sözleri "Okuwçylar, bok iýşiňiz bolmaýar" diýlip eşidildi. * * * Daşary ýurda gitmek barada gürrüňleşip ugrasak Ýusup işgärlerine garap: -Gidiň, gidiň - diýip, kinaýa bilen agzyny gyşardýar. - Gidiň, gidiň, siz gitseňiz maňa köpräk düşer. Men oňa: - Siz nämä nägile bolýaňyz, biz aslynda size köpräk düşsün diýip gidip barýarys ahyry - diýýärin.- Size häzirem az düşenok, ýöne biz gitsek has-da gowy gazanarsyňyz. * * * Egninde oda atsaň tütemejek jinde, gözlerinde hem tütünsiz ot-alaw çabraýan garyp, bokurdagy dolup gepläp bilmän, ýumrugyny düwdi "Siziň derduňizden garyp halkyň göreni görgi, edeni bergi, iliň ýary sürgünde, galan ýary gyrgynda, şeýdip depeläp, ezip ýörmekden gorkaňyzokmy? Kelläňiz ýerindemi how?! Siz-ä mongollardanam beter ekeniňiz. Onuň içinden aýdýan sözlerini ýüregi bilen duýup duran kelpeze kezzabam: - Kelläňiz ýerindem-ow, - diýip, edil onuň içinden aýdanyna daşyndan pert gaýtargy berdi. - Her zady öz ýerinde goýalyň-daraý; gul gul ýerinde, beg beg ýerinde bolsun. Siziň ýeriňiz gapynyň agzynda, törde oturan biz begleriň agzyndan çykjak buýruklary derhal ýerine ýetirmäge taýýar durmak. Siziň üçin şundan uly mertebe bamy?! Aýdanymyzy edip ýallaklap ýanymyza geleniňizde bir goşowuç lukmalygy gynanasymyz ýok. Çagalaryňyza haýpymyz gelýär biziňem ýüregimiz daş däl. * * * Agyr agyry ajy güldürer, Mert kişini nähak töhmet öldürer. Ýokarky setirleriň manysyny 40 ýaşa ýetip düşündik. Kyrk ýaş. Gijä galdyk. Kyrk bolduk pyrk-pyrk, hyrk-hyrk, hyk-k... Isgender MÄLIK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |