11:00 Ýüregi ýukanyň ýazgylary | |
ÝÜREGI ÝUKANYÑ ÝAZGYLARY
Ýatlamalar
(ýadyrgamak) Tanamaýan ýerime toýa çagyrdylar. Gün ýaşyp barýan çagy, öýden çykdym. Dostumyň garyndaşlarynda bolýan toý. Görünmesem dostum gaty görjek. Gadyr edip çagyrypdy. Toý mekany. Aýdym-saz, şowhun-şagalaň. Biraz aljyraýan. Dostumam bar, arasynda garasyny görüp galýan, hyzmatda ýörensoň uzakdan baş atyşdyk. Toý şowhuny adamlaryň şatlygy tebygy zat, hemmesi gowy. Ýöne men bu ýerde hiç kimi tanamok, toý eýelerem meni. Otyryn onsaň bir gyrada. Edil bir tanamaýan adamynyň gujagyna berlen çaga ýaly ýadyrgaýan. Ýadyrgaýan diýenimde nirdendir kelläme Gaza geldi. Gazadaky gyrgyn. Her gün gaýgyrman bombalanýan binalar, ýer bilen ýegsan edilýän köçeler, mähelleler, başga ýerler, öldürilýän günäsiz çagalar, garrylar, aýal-gyzlar, umuman bigünä halk, barysy birden kellämiň kinoteatrynda görnüp ugrady. Ýeri, tanamaýan ýeriňe toýa gelip näme körüň bardy, çagyrylanyňda nä? Özlerini adamlaryň saýlama bir görnüşi hasaplaýan topar ol ýerde adamlary başga bir görnüş hasaplap, gynanman gyrýar. Ýogsa olaryň endamynda akýan ganam gyzyl... dünýä-de ikä bölündi. Asyl öňdenem bölekdi, indi welin aç-açan. Bir halk özünden ejiz islendik halky gyryp biljek eken. Hem-de näme, ol birini öldürmek bilen özüni halas edýändirin diýip pikir edýär. Adamy öldürýän adamyň özem ahyr öldürilýär. Adamzat aýňalyp bilmejek derdine uçrady öýdýän. Indi öz-özüni gurban etmän goýmaz ol. Göýä ejiz adamy on sany daýaw pyýadanyň orta alyp, gaýgyrman ýenjişi ýaly, ýa-da ondanam aýylganjyrak bir suratlandyrma tapylsady aýdardym. Emma hiç bir uly döwlet Gazanyň gününi bulap, bu ýeri gara guma garan, haraba öwrenleriň garşysyna açyk-aýdyň öz pikirinem aýdyp bilmeýärler. Gazanyň içinde Ezraýyl; däl-de iblis ýöräp ýören ýaly. Ýok, Ezraýylam beýle edip jan almaz diýesim gelýär. Beýik Alla bendelerini synaýarmyka ýa? Azyk-suwluksyz, derman-därisiz, ýaraly halda, garny aç gyrylýan çagalaryň näme günäsi barka diýip, niçezar oýlanyp oturdym. Ol garagöz çagalaryň näme ýazygy bar. Bu bigünä çagalary, olaryň ata-enelerini gyrmasaňyz siziň çagalaryňyza howa, suw, nan ýetmedimi? Bu öldürýän çagalaryňyz kyýamat güni ýakaňyzdan tutmazmy? Bu eden gawahat işleriňiz üçin näme jogap berersiňiz? Hakyň huzurynda sorag-jogabyň aýylganç boljagyny bilmeýän ýaly siz. Ýa-da siziň hudaýyňyz ýekegözli Deçjal eýýäm geldimikä? 08.01.2024 ý. Gün ýaşyp barýarka ýüregim gysdy ýaman. Şapagam gop-goýy gyzyl, edil gan ýaly. Kän wagtlap seredip hem durup bilmedim. Ejizligim bir kesel ýaly meni ýyky barýar. Merdiräk bolaýmal-a diýýän öz-özüme, emma başardanok. Içeri girdim, sesimi çykarmanam bir burça dykylyp oturdym. Indi şu dünýä habarlaryny hem görmezligi şert edipdim. Emma nirdendir bir ýerden Gazada öldürilenleriň 25 müňden geçendigini eşitdim. Meniň ýaşaýan şäherimde 25 müň adam ýaşaýar. Meselem meniň ýaşaýan şäherimdäki ähli adamlar öldürilýär, meniň ýakynlarym, garyndaşlarym, goňşy-golamlarym, tanyşlarym, tanamaýanlarym, ählisi tamamen ýok. Göz öňüne getirmek kyn. Hemmesi öldürildi, bir men hem galan bolsam. Ýok, beýle bolmagy mümkin däl, şol öldürinleriň arasynda menem öli bolardym ähtimal. Sebäbi bu hakda oýlananymda eýýäm janym bokurdagyma gelýär. Gazada asuda halk gyrylýar, garrylar, aýallar ýaş çagalar, ýetginjekler. Olar maňa meňzeş, meniň şäherimde ýaşaýanlara, meniň ezizlerime, ýakynlaryma meňzeş bigünä adamlar. Olaryň hiç günäsi ýok. Olaryň Ýaşamak hukugyny elinden alýarlar, hem ýönekeý gaýgyrman öldürýärler. Ýazgylarym emosiýlarym sebäpli bitertip, duýguçyl, emma şundan gowy edip ýazyp bilemok. Bulary birine okadasymam gelenok, diňe derdimi esisse bes. 23.01.24 ý. Soňky günler hasam beter depressiýa düşýän öýdýän. Türkde ýören dostumyň hassahana düşendigini eşidenimde, has-da gaýgy basdy. Sebäbi oňa etjek kömegim ýok. Duýgudaşlyk bildiräýmesem. Ýok, onam soňky günler int girip bilemok welin, ýönekeý “emgek bolup geçsin” diýip hoş söz ugratmagam elimden gelenok. Diňe namazlyga münüp, Alladan her bir daşarda ýören mysapyra, şolaryň arasynda dostuma hem jan saglyk, giňlik dilemegim gerek. Bu bolsa elimden geljek zat. 25.01.24 ý. Kyýamat gaty golaýa gelende, wagt gysgaljakmyş diýýärler. Hem adam hiç bir zada ýetişip biljek dälmiş. Ne bir ýagşy işe, ne bir ybadata, ýöne öz nebsiniň yzyna düşüp çarp urjak, çabalanjak ýörjekmiş. Wagt bolsa gysgalyp, gysgalyp ynsany gysyp-gowrup baryberjekmiş. Bu hadyslarda aýdylan bir ýagdaýmyş, ynanmazlyk, şübhe etmek günäkärçilik bolmagy mümkin. Ýöne özüm-ä wagtyň azalýandygyny duýýan. Gün gysgalýarmy, hiç zada ýetişip bolanok. Işläp işiňe ýetişeňok, uklap ukyňy alyp bileňok. Hiç zadyň mazasynam alyp bolanok onsaň. Ine-ganalyk ýok. Iň bärkisi düýn, namazlyga müneýin, ybadata galkaýyn diýdim. Uzak gije alasarmyk bolup, ýatyp bilmän, daňa golaý uklap galypdyryn. Gahar edip guşluk çagy namazlyga münmekçi boldum. Hyýalymda mündümem namazlyga eýýämden, dilejek dileglerimi kellämde aýlap-dolap taýýarlandym, çünki namaz wagty dilejek dilegim dilime gelmeýär, aljyraýan. Soňam tehäret alyp otyrkam Kurandan “Bismlla. Fasbir sabran jemila” (70/05) aýaty ýadyma düşdi. Edýän sabyryň hem gözel bolmaly eken diýip haýran galdym. 27.01.24 ý Isgender MÄLIK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |