04:15 Pikir-sikirlerim | |
PIKIR-SIKIRLERIM
Sözler
Adam-gara görmänkä, ile-güne metgi bolmankak, bir zat soranyňda gümmü-sümmüi edip dos-ýarlarymyzam çöpe-çöre urup gitmänkä, eger eden-goýanyň eden-goýan şekilli etseň bassyr-ýussur pikir-sikir edibem ýörmersiň. Bolmasa häzirbegjanly agalaryň aýdyşy ýaly "Fikir-sikir gardaşym". * * * Bizi edepsiz görýän biri hakda pikirlerimi bir ýere jemläp bilmän otyryn. Şol adam içip gelip kakasyny urýan wagty biz metjide gatnaýardyk. Kakamyzam bizden razydy. Indi bolsa biz edepsiz bolan ýaly, kakasyny urýanymyz hem metjide gatnap başlady. Biziň metjide gatnamamyzy goýanymyz üçin bir wagtky içip gelip kakasyny urýan adam bizi edepsiz görýär. * * * Aňsadyna bakan gyz dograr diýip bir kelläňe depeýin dalbaýob-a aýdypdyr. Aslynda gyz dogran gyz dogurmanyň, gyz ýetişdirmäniň hiç aňsat bolmaýandygyny gowy bilýändir. Bu barada iň azyndan hindilerden sorap göräýiň. Gyzy bolana baýapsyň diýýärler. Edil o bendäniň üstünden gülýän ýaly. Aslynda baýamak aňsat zatmy diýsene. Pikiriňe s*keýin, pikiriň dagy nähili diýsene?! * * * Aşyr aga paýhasly adam eken. Men onuň gyzyny duşuşyga çykaryp, gijänjň bir wagty öýe gaýdyp gelýärkäm öňümden çykyp ýüzüme çiňnerilip garady. Men näme diýjegimi bilmän Aşyr aganyň ýüzüne garap lal açan ýaly bolaýdym. Ol bolsa uludan bir dem alyp: - Näme inim, türmäniň gara çöregini iýesiň gelip ýör öýdýän - diýdi. Başga hiç zat diýmän geçip gitdi. Şundan soň Aşyr aganyň gyzy bilen edýän zatlarym barada çynlakaý oýlanyp, dogrudanam gorkdum. * * * Köçe. Arçalar, ýanýoda. Goňşy gyz. Men elli ýaşdan esli öten biri. Penjireden seredýän. Goňşy gyz, 16-17 ýaşynda. Kelte etekli ýuka köýneginiň darlygy dagy näbela. Gözümi aýryp bilemok ondan. Gyzyň butlary ap-akja, gözüm düşüp bedenimi saklap bilemok. Diwana geçip ýatýan ses-üýnsüz. Hyýalymda goňşy gyzy gujagyma alyp, onuň derýa saçlaryna gark bolýan... Daşardan azan sesi gelýär. Düýn metjitde ymamyň wagzy kellämde ýaňlandy: - Hudaýsyz adamyň kalbynda şerap, jyns işi, bozuk hyýallar bolar. Böküp turýan. Toba. Toba. Toba... Tumşugyna duýdansyz urlan şeýtan gapynyň agzynda ýaňagyny sypalap aglamjyrap oturan gyz ýaly göründi. * * * Ýaş wagtym bir gyzy söýdüm. Ol gyzyň enesi, meniňem gaýnenem bolmaly aýal meni ýanyna çagyryp: - Oglum, şu gyzyň nämesini söýýäň, biý-ä bir däli - diýdi. - Bi tula seň ömrüňi bular ine görereiň. Men şonda gaýnenem boljak aýala pikirlenmän: - Bulasa bular-da, nädeýin - diýdim. - "Bula-bula, ber gula" diýipdirler. Däli-dälini söýer, molla ölini. * * * Özümem arasynda goşgy ýazamsoň, toýda tamadaçylyk edýän Aman pişigiň gyzy Güşşini gowy görýärdim. Ol saçy kesilenem gaty aýgyr gyzdy. Zympyldap duran. Duşuşyga çyksak ilişip-çolaşyp aýrylyşyp bilmezdik. Bir toýda Aman pişigiň: - Biz gelin-gyzlary baýdaga deňeýäs - diýip, goşgy okap duranyny eşitdim-de, Güşşini ýatladym. Men Aman pişigiň näçe gezek baýdagyny ýatyrdymkam diýip, iç gepletdim. * * * Goňşymyzyň iki gyzy bar. Biziňem birje oglumyz bar. Çagalar entek okuwçy wagty aýalyma ýalbarypdym: - Keýwany, şu mikroýondan göçeli diýip. Häli şu goňşynyň gyzlarynyň ikisem ýurtýykan bolup ýetişýä, biziň ýekeje oglumyzyň başyna bela bolýa şular. Aýalym "Biderek gürleme kakasy" diýip agzyma urupdy. Aradan 5-7 ýyl geçdi. Goňşynyň gyzlary aýdyşym ýaly bolup ýetişdiler. Meniň ogluma hem eýe çykdylar. Oglum diýip ýören eşegimem goňşynyň gyzlarynyň haýsy bilen söýüşýäni belli däl. Her hepde biri bilen restorana gidýär. Gyzlaryň ikisem ogluma gymmat-gymmat sowgat edýärler. Bu zatlar barada aýalyma aýdyp käýinsem, olam göwnibir ýaly: - Oňarýa kakasy, gidibersin, edibersin - diýýär. - Dagdan arkaň bolandan, şapbat ýaly ýarkaň bolsun diýipdirler. Isgender MÄLIK. 02.09.24 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |