23:18 Togsan dört ýylyñ derdi / nowella | |
TOGSAN DÖRT ÝYLYÑ DERDI
Hekaýalar
- Aýdýan-a, agzyna şeýtan buşugan diýip... - Dogry aýdýaň işan aga, şeýtan ikimiziňem agzymyza dik durup buşugypdyr. Töwerekde duran oglanlar ala pakyrdy boldular. Kellesi kermenli çokga sakgal kişi bir zat diýip agzyny açmakçy boldy, emma uzynak ýigit ýene sözüni dowam edip: - Ýöne şol şeýtan seniň agzyňda hemişe mekan tutupdyr gerek - diýdi. - Sebäbi seň agzyň nasdan-çilimden ýaňa hemişe porsap dur. Kellesi kermenli çokga sakgal gep uruşdyrmakda kem galmajak bolup: - Wah aýdyp durun-a, şunuň agzyna şeýtan buşugypdyram, ýene nemedipdirem... - diýip, gapdalyndakylara seredip, gözlerini süzüp ýyrş-ýyrş etdi.. Uzynak ýigit oňa barmagyny çommaltdy-da: - Onsoňam sen işan aga märekede töwir galdyranyňda «Agzumillähi mineş-şeýtannir-rejim» diýmäniň ýerini birhili başga zat sammur-summur edýäň-leýt - diýdi. - Heý-heý küpür gepleme, men Kurany-kerimi kyragat bilen okaýan. Işan aga diýýäni derrew gaşlaryny çytyp gözlerini alartdy. Gapdalda duranlar «Näme diýýär-hä, näme diýýär» boluşyp uzynak ýigidi gyzdyrdylar. Çokga sakgally kişi bilen erjeşip duran ýigdekçe: - Agymyzdaky şeýtan zyrryjym-diýýärsiň-ä sen - diýip, garşydaşynyň ýüzüne jiňkerip ýylgyrdy. Işan diýilýän kellesi kermenli çokga sakgally ellerini daldaladyp: - Heý köpeý ogly Allanyň kelamy bilen henek etme - diýp haýbat atdy. - Agzyň gyşarar. Oňa çenli gapdalda duran başga bir ýaşuly: - Hany goýsaňyzlaň-aýt, utanaňyzogam-aý - diýip, ýerinden turdy. - Işan, saňa näme gerek, çagaň bilen deň götboky bilen agzyňy deňäp, gep uruşdyryp dursuň. Işan: - Dogru-da, Hak Allanyň kelamyna henek goşýar. Uzynak ýigit ýene durup bilmedi-de: - Gaýtyb-a özüň Hakyň kelamyna henek goşup heýgenek edip bolduň - diýip, agzyny gyşartdy. - Seň ýalylar Kuran okaýa, Kuran olara nälet okaýa. * * * Egnine «Barselona» futbol klubynyň futbolkasyny geýen oglanjyk gapydan giren dessine naharlanyp oturan ejesidir-kakasyna garap: - Ýaňy Kerim keçje Sadyk işany erbet masagara etdi - diýip, olaryň gapdalyna gelip oturdy. - Işan aga-da oňa her dürli zat diýdi weli, şonda-da Kerim keçje ony weýran etdi. - Sapa jan, oglum, goý eý diýme, aýyp bolar - diýip, ejesi oglunyň ýüzüne howatyr bilen garady. Sapa naharyny çallak-çulak iýip, oýnamaga çykyp gidi. Sapanyň ejesi gap-gaçlary ýyganşdyryp ýörşüne: - Hiý şeýle-de zat bolarmy?! - diýip hoňňurdaýardy. - Uly iliň işan-hojasyna aslyşyp, gep atmaga utananoklaram. Telewizoryň öňünde gözüni gyrpman oturan Sapanyň kakasy: - Keýwany, meniň obanyň abraýly işanyna at dakmak niýetim ýok - diýip, ünsüni telewizordan sowdy. - Emma Sadyk işan Kerim keçje bilen ýöne ýerden beýdişip ýörenok. - Wiý, kakasy o näme diýdigiň? - Sadyk işanyň Kerim keçjäniň ata-babasynda gadymdan köýüp ýatan ary bar - diýip, ol gürrüňe başlady. - Kolhoz gurluşygy döwri, Sadyk işanyň kakasynyň bir gyz jigisini Bally birgät özüne aýal edip alýar. Soň Sadyk işanlar sürgüne gidýärler. Aslynda Sadyk işanyň atasy Gapur işan maşgalasy bilen sürgün ediljegini, şol sürgünden gaýdyp geljeginiň gümanalygyny bilip, ýetişip oturan gyzyny Bally birgäde berýar. Maýa bolmaly şol gyzyň ady. Maýa bibi agyr kesele sataşyp ýogalanda biz kiçiräk oglandyk. Sadyk işanyň Kerime azar berip ýörmegi şol köne hyltdan habar berýär. Kerim keçje Bally birgädiň agtygy bolýar. Aýaly gürrüňiň arasyny bölmän diňläp oturşyna äriniň säginen wagtyny peýläp gep goşdy: - Wiý, atam döwründe bolup geçen zatlar, ar edip, namys biler ýaly näme barka? - Aý ol Sadyk işanam näme her ýetene gulak asyp ýörmeli däl-dä - diýip, äri uludan dem aldy. - Sürgünden dolanaýan döwürleri Sadyk işanyň kakasy Kadyr işana Bally brigädiň duşmanlary baý gep beripdirler-ä. Hullasy Sibirde ýogalan Gapur işanyň ýeke ogly Kadyr jan işana bir-iki haramy «Ýokarda Alla şaýatdyr, Bally birgät seniň doganyňy erbet horlap öldürdi» diýipdirler. Ine şondan bäri Sadyk işan Bally birgädiň neberesi hakda gowy gürrüň etmeýärdi, kesesinden ýigrenýänini bildirip oturar. Märeke-mejalda öten döwürden gürrüň edilsede: «Aý o döwür orsdan beter iliň içindäki öz haramzadalarymyz, başlyk bolup, birgät bolup halka gan gusdurdy, heý goýaý – diýip, öz-özünden gürrüňe başlaberer. - Biziň atalarymyzy hem sürgüne goýberden Bally birgätmiş diýen gürrüň bar ynha». * * * Kerim keçje obanyň ýaşuly nesli bilen deň-duş ýaly gatnaşýar. Garrylara deginmese güni geçmeýär onuň. Garrylaram märekede ony görmese oňmaýar. Birhili keýpi tutsa bolgusyz degişmeler aýdaýmasam bar, garaz ýaşulylaram öwrenişip gidipdir oňa. Arasynda ýönekeý telefonyny uly telefona çalyşan garrylary görse dagy «Haý garry senem götüň bilen däl-aý, imo-simo dagy giribermeli bolupsyň indi, täze telefon gutly bolsun» diýip, gözüni gypyp goýberäý. Garrylaram ondan kem galjakmy diý, hatda gulagy kerlew köne suwçy Jumabaý gotur «Bir damjadan bolan gyzyňy keýin, näme maňňyldaýaň» diýip, nasyny tüýkürip, ýylgyryp oturandyr. - Juma däde, saňa normalny bolup oturyp bilýäňmi diýýän. Normalny bolup oturyp bilmeseň şu bolşuňam bolýa. Ony diňläp oturan garrylar hezil edäýýärler. Obanyň kethudasy Polat ýaşyly: - Kerim jan, mundanam beter surratmankaň, seni öýereli – diýýär, ýarym degişme bilen. Kerim keçje ýüzüni sallap biraz oturandan soň: - Porat kaka – diýip söze başlaýar. - Sen bir ärömri il-günüň ýasynda ýardamçy, toýunda beýemçi, hemme kişä ýagşylyk edip ýörşüň, ömrüň uzak bolsun. Ýöne bara ala-böle maňa näme beýle ýamanlyk etjek bolýaň. Men näme seň ekiniňi suwa berdimmi, jöweniňi göklügine ordummy? Aýdýan gepi gülkünç bolmasa-da, adamlar ala-pakyrdy. Polat ýaşuly hem başyny ýaýkap ýylgyrýar. Kerim keçje ýene: - Ho baýagam Tirkeş mergeniň ogly Nobat öýlenende nika gyýylyp durka barmagyň bilen garnyma dürtüp, indi seniň gezegiň diýýäň. Şu wagt menem jynazada duran wagtymyz seniň garnyňa dürtüp, Polat kaka indi seniň gezegiň diýsem özüň nädersiň?! Adamlaryň gülküsi öňküden has belent galdy. Kerim keçje bolsa, başyny aşak salyp oturşyna «Ýuwaşyrak gülüberiň blätler, balagyňyza siýýäňiz ýogsa» diýip, kellesini terse sowdy. * * * Sadyk işan namazyny okap bolup, iki egnine salam berdi. Çöke düşüp oturşyna tesbyh sanap, dileg-doga etdi. Alla jan özüň gowusyny edewer diýip namazlykdan düşmän biraz salym dymyp oturdy. Kerim keçje bilen arasynda bolup geçen gep uruşdyrma hakda oýlandy. «Bally birgädiň neberelerinden her dürli doňuz pisint päliýamanlar döreäýer eken. Olar aslynda gullardan bolansoň ähli erbetlikden habarly. Bularyň tohumy asmany iýip ýere düşen diýilýän äjit-mäjitlerden, Alla saklasyn. Ahyrzamanyň alamaty bylar. Okuwy, ylymy hut şeýtandan alan ahyry bylar.» Süýem barmagy bilen başam barmagynyň arasyndan zygyr-zygyr geçip duran nohut ýaljak monjuklary hasabyny ýitirip oturşyna ejesi pahyryň soňky deminde aýdyp beren gürrüňini hakydasyna getirdi. «Oglum, dädeň pahyryň Maýa atly doganyny Bally birgät horlap öldürendir. Kasas kyýamat-ha galmaly däldir weli, ýöne şolardan ägä ýaşawer guzym. Aýtmaga dilim barmaýa balam, emma aýtmasamam gabryma äkidip biljek däl, ol haramy Bally birgät galhoza gelýän upalnomoçynny orslary Maýa ejekeň ýorganyna goýberýän eken, pahyr şolaryň zorlugyna çydaman däliräpdir, soňam uzak ýaşamandyr.» Sadyk işan içine güpläp ot uran ýaly demigip gitdi. Her gezek şeýle bolýar. Namys diýen erbet zad-ow. Ol gözlerini ýumup, elini öňe serdi - Eý Bar Huda-ýa biz pakyr-pukaralara, misgin musulmanlara zulum edenlere özüň göz görkezgeý sen! Bize jebir edene özüň jeza berewer, ýa Jepbar! * * * Sadyk işan aýbogdaş gurup öňündäki haçjanyň üstünde deň iki tarapa açylgy kurany okap otyrdy. Alagaraňky otagyň içinde ýeke özi bolansoň okap oturan aýatlaryny ýuwaşja gaýtalap, özüni diňläp görýärdi. Keramatly kitabyň sahypalarynda sazlaşykly aýatlar hiňlenip oturşyna gapynyň açylanyny hem duýmady. - Kaka, öýe adam geldi. Sadyk işan başyny galdyrdy. Gapydan girilen ýerde gyzy Bibisara özüne garap durdy. Sarymaýa ýaly gyz salyhat bilen: - Kaka, Jemal daýza geldi, sizi görmekçi eken-diýdi. Sadyk işan biraz salym dymyp, gyzynyň ýüzüne garap durşuna «Gör munuň sülmürän bolşuny, saçykesilen gyrnak» diýip, guwanç bilen içini gepletdi. Soňam başyny ýaýkap: - Hä bolýa, gyzym - diýdi. - Geläýsinler. Jemal daýza içeri girip, salamälik diýip ýaýdanybyrak durdy. Sadyk işan aleýk diýip bir gapdaldan ýer görkezdi. «Jemalyň henizem sagty dik, ýarsmandyr, äriniň aýrylanyna 10-12 ýyl-a bolandyr- diýip içini gepletdi.- Gelin dägy däldi, men diýen wagty howurly gujagynyň hözirinden binesip galdy-da». Bibisara derrew mejmede çaý-çörek getirip gitdi. Jemal daýza: - Sadyk, meniň özüm geläýdim – diýip, söze başlady. – Dogry gelen keýgiň iki gözünden başga aýby ýok diýipdirler. Sadyk işanyň gözlerine Jemal daýza enaýy görnüp gitdi, gepläp oturşy ýag ýaly ýakdy, hyjuwlandyrdy. Ykbally bendäniň paýy gözel sen diýip agzyny suwartdy işan. - Hawwa, Jemal gelin aýdybermeli, aýtmasaň iş bitmeýär. Jemal daýza özüne gelin diýlenine birhili boldy. Men-ä munyň gyzyny gelinlige soramaga gelip otyryn, bylam maňa gelin diýýämi, towa-towa, muň ýagdaýy bir gowumyka?! - Men habarly geldim, işan! Jemal daýza bu gezek sesini, äheňini görnetin üýtgetdi. Sadyk işanam derrew duýdy muny: - Hä-ä, aýdyber aýdyber. - Işan aga, öňdenem daş däl biz, indem aýrylşyp gitmäli, gatnaşyk galmasa gowy. Şonuň üçin siziň gapyňyza gyz sorap geldik. Sadyk işan gözlerini çerreldip, agzy-burnuny üýtgetdi, gowy eşiden zadyny gaýtalap gördi «Gyz sorap geldik?». Jemal daýza: - Howwa – diýip, tassyklady. – Gyz sorap, gulçulyga geldik. Meniň size berer ýaly gyzym barmyka – diýip, Sadyk işan oýa batan ýaly etdi. Jemal daýza hem: - Men seniň gapyňa oglum bilen maslahatlaşyp, oglumyň bar diýen ýerine geldim, -diýdi. – Kerim jan Bibisara bilen halaşyp ýörendirler. Jemal daýzanyň soňky aýdany Kerim jan gyzyňy bir zat etdi diýen ýaly täsir döretdimi Sadyk işan donunyň synyny biline çekip, tarsa ýerinden turduy-da, bir bökende Jemal daýzanyň oturan ýerine bardy. Barşyna-da goşaryna el uzatdy. Jemal daýza ondanam çakgan eken. Işanyň arryk goşaryny kakyp goýberdi: - Heýt, gäbiazan, çägiňden çykma, meýdiňi ýakaryn. Sadyk işanyň kellesinde «Heleýiň jany saçyndadyr, saçyndan gaňryp tutsam, çirtmege düşen guş ýaly bolar» diýen pikir ýyldyrym çakan ýaly etdi, ol ýene ýerinde turan Jemal daýzanyň alkymyna dykylyp: -Siziň tohum meniň ýedi arka naçarlarymyň namysyna degmese bolmaýamyka – diýip, ýene gaty aljyran aýalyň boýnunyň ýeňsesine elini geçirip aldy. - Hany bizem bir siziň çermegiňize çyrşap göreli. Ganjoşmasy göterilen aýal, gözleriniň ümezläp barýanyny, essinden agaýmagynyň ahmaldygyny duýup: - Bibisara – diýip gygyryp ýetişdi. Jemal daýzanyň bokurdagyndan döwlüp çykan sesi Sadyk işany hem özüne getirdi. Allaniçigsi bolan Sadyk işan men nämeler etdim diýip birden aňyna gelen ýaly boldy. * * * Gudaçylyga ýeke özi giden ejesi ýüzüni ak tam edip gelensoň, ogly elbetde hemme zatlary anyklamaly boldy. Kerim keçje ýaly kesir çagany dogran aýal bassyr ýussursyz ýagdaýy aýtdy: - Oglum ol azgynyň gyzy biziň öýümize mynasyp däl. - Näm boldy eje? - Bolan zat ýok oglum. - Näm bolan bolsa aýt, eje. Jemal daýza jak-jaklap gülüp goýberdi: - Bolan zat ýogeý jan oglum. Nämä gyzyp, ot alyp barýaň, towa. Kerim: - Onda näme Bibisara bize mynasyp maşgala däl diýýärsiň, bilýäň-ä men Bibisara bilen mekdepçi döwrümden gowy görüşýän. Şol wagt daşardan: - Kerim - diýip gygyrdylar. - Bäş minut daşary çyk. Kerim daşary çykyp giden wagty ýap-ýaňyja jakgyldap gülüp oturan Jemal eli bilen agzyny tutup, uwwuldap aglady. Bolup geçen ýagdaý, bolaýmaly wejeralyk onuň kellesine sygmady. Sadyk işanyň hereketleri bir-bir göz öňüden geçdi. Soňky pursatda tasap gelen Bibisaranyň kakasyny itiberip: «Siz näme etjek bolýaňyz, bu aýal ertir meniň gaýnenem bolmaly ahyr, eý-waý siz meni ile çykar ýaly etmediňiz, men indi...» diýip, gepläp bilmän aglap durşy. Jemal daýza ýene sowukganly oýlandy, Bibisara çaganyň näme günäsi bar. Kerim jany gowy görýän gyzy... Kerim jan ýaly ýoknasyz çagany gowy görüpdir. Ýok, men bu bolan wakany ganam bolsa, ýuwudaýyn. Kerim jana hem hiç zat aýtmaýyn. Ýok, aýtmaly däl, Sadyk işan ýatyryp eden bolsa-da agzymy açmaly däldirin. * * * Kerim ketje üç tigirli köne «Ural» motosiklini öz maýdalyna “titir-titir” etdirip sürüp gelişine belent depäniň üstünde saklandy. Güneşli gün, howa maýyl. Ol hezil edip dem alýar: "Suka tebigat" diýip ýylgyryp, "a-aa-aghh" edip gerinýär motorynyň üstünde. Depäniň güzaýynda bir süri goýun otlap ýör. Kellesi panama şlýapaly ýigdekçe egri taýagyna söýenip dur, irkilen ýaly. Kerim motosiklinden düşmän oturşyna: - Hekim çmo, heý maýmyn çaga - diýip gygyrdy. Ýigdekçe ony eşitmediksiräp durdy. Kerim ketje: - Hekim kel - diýip gygyrdy. Ýigidekçe arkasyna aýlanyp: - Götüň turup, ölüp barýaňmy Ketje - diýip, sögünçli sowal uzatdy. Kerim ketje hahaýlap gülüp goýberdi. Olar salamlaşdylar. Kerim ketje: - Gel gujaklaşaly-da dostym - diýip, ýoknasyzyny atdy. - Göresim gelip gitdi seni. Hekim agzyny gyşardyp ýylgyrdy-da: - Ýok bolsanaý haramzada - diýip, elindäki taýagyy hellewletdi. - Berýän häzir maňlaýyňa. - Gowumy onsaň, jora, nädýäň goýunlary bakyp ýörmüň? Hekim başyny atdy: - Görşüň ýaly, sürini sürmeli tarapa sürüp bilseň, özleri otlap ýör janawarlaryň. - diýdi. - Adamlar ýaly-ha däl. Kerim ketje ýene ýoknasyz ýylgyrdy: - Onsaň mal janawarlar azar bermese, gyra geçip ýatyrmyň draçit edip! - Özüň draçit edýän bolaýmasaň. Kerim ketje ýene ýylgyryp; - Aslynda draçit etmäni çopan tapypdyr gadymda eşitdiňmi şony – diýip başyny silkip ýüzüni syrtartdy. - Menem şonuň üçin aýtdym, senem şonuň ýaly uly bir açyş edäýdiňmikäm diýip. Hekim çyny bilen gaharlandy: - Bar-eý, gitsene şu ýerden. - Bolýa, bolýa dost gaharlanma, bir zat sorajak senden. - Kerim ketje çynlakaý keşbe geçdi. - Seniň telefonuňda gaty bet bir seks kinolar bar diýdilereý, çynmy şol. Hekim böwrüne diň salyp durdy-da: - Sewinjiň negr bilen nemedeni bar - diýdi. - Şony aýdýaňmy, ol-a ýöne köne seks ahyr. Kerim keçje bilemok diýip egnini gysdy. Hekim onuň eline kitap ýaly telefony tutdurdy: - Şunda 1743 sany at çapyşykly kino bar-diýdi. - Özüň görüber. * * * Gadym bir aýdymda «Dogmaz togsan dört ýylda bogaz bolsa är-ärden» diýen sözler bardy. Mundan ýigrimi ýyl ozal ýurduy täzelän Bally birgädiň adyny ýaman gürrüňler bilen tutup ýören Sadyk işanyň ýaman ýalňyşýandygyny ilem bilýär, Kerimem. Ýöne obanyň atly işanyna il-gün giňlik edip geplänok, Kerimem il bilen adam. Sadyk işanlara gudaçylyga goýbere ejesiniň ýüzüni ak tam edip gelmesi, Kerimiň kalbyna bir penje garagurum sepdi. Derrew Bibisarany duşuşyga çagyryp, biçäre gyzy soraga tutdy. Bolan wakany bir tüýsli bildi. Ol başda ejesine el uzatjak bolany üçin Sadyk işany demir ýaba bilen suhlap öldürmegi ýüregine düwdi. Soňam garşysynda aglap duran Bibisara seredip: «Sen eneňi depeýin sen – diýip, gyza barmagyny çommaltdy, ýigrenç diýen zat gaty erbet duýdy. –Seni edişime seret, bejerýän seni garaş.» Bibisara suw-sil aglap durşuna: - Meň näme günäm bar, Kerim?- diýip ýalbardy. - Şu wagt senem ýigrenip durun. Duruber edişime seret. Gyz ýene agyly seslendi: - Näme etjek bolýaň? - Görersiň garaş. Kerim keçje şeýdiýip çykyp gitdi. Gahar ujundanam mojok bir zat tapdy. Şol wagt ýüregi ot alyp durdy. Tizara oba gep ýaýrady «Sadyk işanyň gyzy Bibisara erbet kino düşüpmiş», «Şäherden bir oglan başyny-gözüni aýlap, bir ýere äkidip, ýalaňaçlap wejera iş edip ony hem widýo alypdyr». Hekimiň ýygnan kartotekasyndan tapylan porna rolikde Bibisara juda meňzeş gyz, öküz ýaly erkekler bilen hammamda...». * * * Obada Meret moýsepit diýen ýaşuly ýogaldy. Jynaza namazyna üýşen adamlar sessiz-üýnsüz iki ýana serpilip başy ak selleli kätmen sakgal ymama ýol berdiler. Ymamyň haýaljyk ýöräp namazlygyň üstüne geçişini synlap duran ýigitleriň biri: - Naçalnik aeroport geldi-diýip, ýoknasyz ýylgyrydy. - Ýöne ýagdaýy gowy däl, ýaranokmyka diýýän?! Aňrydan merhumyň hossarlarynyň egninde üsti gyzyl mahmal mata bilen örtülen tabyt göründi. Başy tahýalylaryň biri boýnuny ýygryp pyşyrdady: - Baýak Kerim Ketje bi ymam agany ýaman ýerinde oturdypdyr diýdiler-ä? Gapdaldan bir gözüni alartdy. Düşnükli. Namazlyga müneniňden soň geplemeli däl. Jynaza namazy okalan dessine merhumyň hossarlary tabydy alyp ugradylar. Sadyk işan namazlykdan düşmän aýat okady-da, merhumyň ruhuna bagyş edip, derrew aýak üstüne galdy. Ol özüne öýüne düşürip giden ulagyň eýesine sag bol aýtmagam undup içeri howlukdy.«Ýaramajak bolýan öýdýän-diýip içini gepletdi.-Geçip ýatyp göreýin hany, belki geçer». Ýöne ol uzak ýatsa-da, ymyzganyp hem bilmedi. Bir wagtdan soň gapy açyldy. Bibisaranyň gaýgyly ýüzi göründi: - Sizi sorap gelipdirler! Sadyk işan allaniçigsi bolup başyny galdyrdy: - Kim sorap gelipdir? Bibisara hiç zat diýmän, duran ýerinden hyrra yzyna öwrülip gitdi. Şobada gapyda Kerim keçje peýda boldy-da: - Işan aga, salawmaleýkim - diýip, ýerinden dikelip oturan Sadyk işana goluny uzatdy. Sadyk işan göwünli-göwünsiz elleşip, onuň salamyny aldy: - Manlykmy inim, gurgunçylykmy! Kerim ketje agzyny gyşardyp: - Şükür işan aga, bir tap bar – diýdi. - Özüňizem sag-aman ýörmüsiňiz! Kerim sözüni soňlap gülümsiredi, dogrusy gülesi gelip, zordan saklandy. - Aý Alla şükür gezip ýörüs, her hili bela-beter bar Alla gorasyn - diýip, Sadyk işan uludan dem aldy. - Ýöne iliň içinde abraýymyza gara sürtjek bolýan her dürli düpbozanlar tapylypdyr... Kerim ketje Sadyk işanyň näme diýjek bolýanyny aňyp: - Işan aga, näme diýjek bolsaň mus-mus diýmäň Mustapa diýäýsene-diýdi. - Häzir bir täze nakyl çykypdyr. Sadyk işan näme diýýäň diýen manyda başyny galdyrdy: - O näme nakyl? - Göwnüňe alyp göwreli bolandan, agzyňa alyp abraýly bol! Sadyk işan onuň näme üçin gelendigiini bilesi gelýärdi: - Kerim, meniň öýüme näme maksat bilen geldiň? - Maksatmy?! Häzir edil şu wagtky maksadym-a, gyzyňy almaga geldim. Basym bu ýere ýoldaşlarym gelýär... Sadyk işan ýoldaşlarym gelýär diýen sözüne, gorkup birtüýsli boldy. Kerim keçje sözüni dowam etdi: - Dostlarym gelensoň, pyýadakazy gözlemeli bolmaz, şu ýerde oturyp gyzyň bilen meni nikalap, är-aýal edýäň. Sadyk işan gaşlaryny çytyp, gahardan ýaňa näme etjegini bilmän: - Onsaň - diýip, Kerimiň ýüzüne garady. - Onsaň, ejemiň namysyna degjek bolan otagyňda gyzyňy jüpläp etjek. Sadyk işan näme diýjegni bilmän: - Sen meni ýerden ýeke çykan görjek bolýaňmy, Ballly birgädiň agtygy - diýip, Sadyk işan sammyr-summur etdi. Gany depesine uran Kerim keçje Sadyk işanyň ýakasyndan ebşitläp tutup, diwara süssürdi: - Sen bara ýerden ýeke çyk, iki boup çyk, kömelek bolup çyk, ..ikenok. bir wagt narkoman bolan garyndaş doganlaryň barynyň öýüne ot berip çykaryn walla. Aglap-aglap gözleri çişen görmegeý Bibisara ylgap gelip gowy görýän oglanynyň elinden ýapyşdy: - Kerim jan bagyşla, meniň üçin by adamyň günäsini geçir. Kerim gyza tarap öwrülip: - Bibisara – diýdi ýuwaşja. - Daşary çyk, zatlaryňy alyp garaş maňa. Gyz sesini çykarman daşary çykyp gitdi. Gyz çykyp gidensoň Kerim keçje: -Sadyk işan, sen meniň ejeme el uzadyp masgara edip bilmersiň - diýdi. – Ýöne men seniň gyzyňy ile çykmaz ýaly wejera etsemem, ýene aýal edip alyup bilýän. Şol günüň ertiri Sadyk işanyň gyzy şäherden biri bilen gaçyp gidipdir diýen gürrüň oba ýýrady. Isgender MÄLIK. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||
| ||||||