07:39 Täzeçe tuýuglar | |
TÄZEÇE TUÝUGLAR
Goşgular
Iliň ulusyna diýýärler töre, Ýöne pullusyny geçirýär töre. Hukukçy kanuna hormat goýmasa, Bir ili bulaýar bozulan töre*. *** Namysly kişiler etmesin a:ry, Bir sözüm bar, edil sokan deý ary. Boka batsaň boýuňça bat diýýärler, Orta çykan hatyn bolmaýar ary. *** Gel bolmasyn diýip agzymyz ala, Garşy durjak bolduk nebise-ala. Gün ýaşyp barýarka tukatlyk çeksem, Gör, şapak boýaldy gyrmyzy-ala, *** Eýlemän dünýäniň pikirin-oýun, Saýlaman ýollaryň çukuryn, oyun. Bir zat ýazdym könelere eýerip, Seniňçe ýazanym çynmydyr, oýun?! Töre*- Kanun. Isgender MÄLIK. | |
|
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Hyzmatkär bolar / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |