19:14 Adamdaky din duýgusynyñ gözbaşy gorkumy? | |
ADAMDAKY DIN DUÝGUSYNYÑ GÖZBAŞY GORKUMY?
Psihologiýa
Birnäçe psiholog din duýgusynyñ gözbaşynda gorkynyñ bardygyny öñe sürýär Başlangyçdan bäri adamyñ ölümden, gaý-tupanlardan, ýer titremesinden, kesellerden gorkýandygyny bilýäris. Bu gorky adamyñ nämedir bir zatlara sygynma zerurlygyny duýmagyna sebäp bolupdyr. Ine, din şu ýerde adama sygynalga bolup hyzmat edýär. Adam tebigatdaky zyýanly faktorlaryñ dep edilip, peýdaly faktorlaryñ gorap saklanylmagy üçin käbir araçy sygnalgalara (tewessül) zerurlyk duýýandygy üçin dine ýapyşypdyr. Bu düşündirişiñ agyrlygy nirede? Psihologiki taýdan dini duýgynyñ gorkynyñ bir netijesi hökmünde orta çykandygy, adamyñ gorky sebäpli dine sygynýandygyny öñe sürýän birine diniñ bul aýdylýanlardan has düýpli zatdygyny nämeleri aýdyp bileris? Adamdaky din duýgusynyñ gözbaşy gorky bolýan bolsa, onda medeniýetiñ güýçlenmegi we ylmy-tehnologik ösüşlere ugurdaş ýagdaýda gorkynyñ azalýandygy hakykatyndan gorkynyñ azalmagy bilen birlikde dini duýgynyñam azalmagy, hatda doly aradan aýrylmagy gerek. Ýagny, adam beduinlikden çykyp medenileşdigiçe dininde we dini duýgusynda yzagaýdyşlygyñ bolýandygyny bilerdi. Ýa-da synpy jemgyýetlerde dini duýgynyñ garamaýaklar gatlagynda has güýçli, ýokary synpyñ arasynda has gowşak bolmagy gerek. Ýöne görnüp duran ýagdaý hiçem beýle däl, tersine taryh düşünjämiz orta synply adamlarda dini duýgularyñ has güýçlüdigini görkezýär. Meselem, şu günüñ Eýranynda şäherlileriñ dini duýgulary obalylaryñkydan has güýçli. Munuñ özi bize "dogry din" duýgusynyñ gözbaşynda gorkynyñ ýokdugyny güwä geçýär. Muny ýüze çykarmak üçin iki metoddan peýdalanyp bileris. Rektifikasiýa (keseligine) usulda (diakronik) barlag metody we dikligine geçirilen (akronik) barlag melody. Mülk edinmegiñ dünýä döränden bäri nähili ýüze çykyşyny barlamak üçin keseleýin metod (diakronik), munuñ döwrümiziñ jemgyýetlerinde ýüze çykyşyny barlamak bolda dikligine metoddyr. Analiz we sintez üçin eýerilmegi gerek iñ gowy, iñ dogry usul her ikisindenem peýdalanmakdyr. Iki metodyñ birlikde ulanylmagy bize doly we dogry netijeleri berjekdigi gümansyzdyr. Ikinji mesele bolsa, medisina ylymynyñ kesel gorkusyndan dörändigi baradaky pikirdir. Ýa-da sungatyñ adamyñ gözellige ymsynmasynyñ önümidigini aýdyp bileris. Ahyrynda dogrudyram. Bu kesgitlemäniñ hemişeki netijelerinden biri-de şudur: Medisina we sungat ulgamyndaky garşylyklaryñ we faktlaryñ barçasy olaryñ döremegine getiren ilkinji sebäbiñ görkezijisi ýagdaýyndadyr. Sungatda we medisinada orta goýulan zatlaryñ barsynyñ-da kesel gorkusyndan gözbaş alýandygyny boýun almak gerek. Medisinada keseliñ öñüni almaga gönükdirilmedik hiç bir gymyldy-hereket ýok. Eger din gorkynyñ netijesi hökmünde orta çykan bolsady, onda adamyñ gaçybatalgasy bolan mukaddes güýçleriñ öñünde kemala getiren we meýillenýän dini duýgulary adam gorkusyndan gelip çykmaly bordy. Ýagdaý bolsa beýle däl. Diniñ gorkudan dörändigini öñe sürmek ähli mukaddes zatlaryñ, butlaryñ, adamyñ ýönelen barça ybadathanalarynyñ adam gorkusyndan dörändigini öñe sürmekligi añladýar. Adamyñ tupan gorkusy sebäpli saýlap alan hudaýy tupanyñ öñüni alyp biljek güýje eýe bolmaly. Adam gorkusynyñ miwesi bolan güýçleriñ we hudaýlarynyñ bardygyny ykrar edýärin. Emma adamyñ meýil edip, özüne ýönelden barça hudaýlaryny onuñ gorkusynyñ miwesi hasaplamak mümkin däl. Taýpa gurluşly jemgyýetlerde bolan hudaýlary bir ýere toplasak, bularyñ ýüzüsinden diñe biri "güýji" añlatsa, galanlary güýçden daşarky zatlary çagyrýan simwoliki nyşanlar bilen agzalýar. “Fetişizm” dininiñ kiçijik daşlary ýaly göwrüm we jisim taýdan ownuk hudaýlara adamyñ güýç ýöñkändigini aýtmak mümkin. Emma olara berilen simwoliki güýç adamdaky çokunma duýgusynyñ netijesidir. Ýagny adam bir zady hudaý hasap etmezden öñ, oña çokunmazdan öñ onuñ güýçli bolandygy duýgusyny götermeýär. Emma hudaý hökmünde çokunmaga başlandan soñ oña belli bir derejede güýç "bagyşlaýar". Bärde başga-da bir husus bar, eger gorky diniñ ýüze çykmagynyñ sebäbi bolan bolsady, din bilen baglanyşykly her bir uguryñ we gatlagyñ, dini edebiýatyñ gorky elementleri bilen doly bolmagy gerek bordy. A dinlerdir edebiýatda welin gorkudan has köp söýgi we iman elementleri agdyklyk edýär. Ali Şeriatiniñ "Sungat" eserinden bölek / "Dini gorka esaslandyryp düşündirýän teoriýalar". Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |