00:13 Agzyñy beklemek - günortanlyk bilen şamlyk naharyñ wagtyny üýtgetmek däl! | |
AGZYÑY BEKLEMEK - GÜNORTANLYK BILEN ŞAMLYK NAHARYÑ WAGTYNY ÜÝTGETMEK DÄL!
• Oraza Agzyñy beklemek - günortanlyk we şamlyk naharlarynyñ wagtyny çalyşmakdan ybaratdy! Gowy zat, menem muny üýtgetjek bolup durmadym, haçanda lukman holesterinimiñ we gan basyşymyñ ýokarlanandygyny aýtsa, menem režime girmekçi. Şeýdip, anyk we ylmy netije alaryn, sen bolsa şo durşuña galarsyñ. Käte şeýle bolýar, aşgazanyñda we içegäñde näsazlygyñ bardygy üçin dört sagatdan iýip-içmelidigiñe garamazdan, sen gidip agzyñy beklediñ, tasdan heläk bolýardyñ! Seniñ orazañdan alan ýeke netijämiz şu boldy, başga hiç zat ýok. Onsoñam Remezan aýyndan soñ şondan öñki edýän işleriñi etmäge dowam etdiñ, pikirleriñem edil öñküsi ýaly dowam etdi. Remezan gutaransoñ düşünjäñem, ahlagyñam, edep-terbiýäñem, şahsy hüý-häsiýetleriñem, ýoluñam hiç üýtgemedi. Gaýtam Remezan aýynda-da özüñi aç dañyp goýmakdan başga ne işiñde, ne özüñi alyp barşyñda hiç hili üýtgeşme bolmady. Ýagny, hemme zat öñküsi ýaly: şol öñki kersen, şol öñki hammam! Diñe tutuş bir aýlap ikimizem wagtymyzy isrip etdik. Meniñ-ä durmuşymam, iýip-içýän wagtymam, gündelik režimimem doly üýtgedi we bulam-bujar boldy. Ali ŞERIATI / "Dine garşy din". Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |