16:50 Diñe döwletiñ gürlemäge haky bar ýurdunda hiç bir söze ynanmañ! | |
DIÑE DÖWLETIÑ GÜRLEMÄGE HAKY BAR ÝURDUNDA HIÇ BIR SÖZE YNANMAÑ!
Sözler
Žan-Pol Sartr: “Men hiç bir hudaýa ynanamok. Eger ynansadym, onda bu hökman Şeriatiniñ Hudaýy bolardy." ♦ Köpçülikde berk tankydy bellikleri edip durka, märekäniñ arasyndan biri ussada: "Hemişe şular ýaly zatlary aýdýarsyñyz. Az-owlak bizi rahatlandyryp biläýjek zatlary-da aýdaýsañyz" diýýär. Ali Şeriati oña şeýle jogap berýär: "Men hemmeleri rahatlandyrmak üçin gelmedim. Men rahat ýatanlary birahat etmek üçin geldim. Men näme tirýekmi ýa geroinmi her kesi rahatlandyrar ýaly. Men öñünden ýazylyp goýlan jogaplary okaýanlardan däl. Eger biri hakykatdanam halka peýda etmekçi bolsa, rahat ýatan adamlary birahat etsin, dymyp ýatanlary gepletsin, ukuda ýatanlary oýarsyn, doñup galan adamlary herekete getirsin. ♦ Okañ diýilýär, diñe okañ. Sebäbi syýanyñ akmadyk ýerinde gan akýar. ♦ Soñundan ylahy adalat diýip, adalaty göge çykardylar, hamana, ýer ýüzünde ondan söz edilmesin diýilýän ýaly. ♦ Öz adyñdan däl, Allanyñ adyndan! Syýasatyñ adyndan däl, hakykatyñ adyndan! ♦Häzirki dünýäde indi ýere, gana, döwlete, millete, baýdaga we şahslara çokunylýar. ♦Tankydyñ ýok ýerinde butparazlyk başlaýar. ♦ Duşmançylyk bilen bitaraplygyñ arasynda üçünji ýol bar, olam pikir jogapkärçiligidir. Bu biziñ iñ mätäçlik çekýän zadymyz. ♦ Sarp edijilik - adamyñ dowamly ýagdaýda öz ömründen harç eden möhletleýin karzyny üzýän ýaly durmuşdyr. Geçmişdäki sarp edijiligi ýetirinmek üçin hemişe gelejegi satmak. Ikibaşdan satyn almaga güýjüm ýok bolsa, ikibaşdan mejbury ýagdaýda käbir zatlara mätäç edilen bolsam we ikibaşdan pulum bolmajak bolsa, ömrümiñ galan ýyllaryny bir sataýyn. Ine, şu döwrüñ gulçulygy. Ine, gullaryñ azatlygy. ♦ Kuranyñ ilkinji emri "Oka"-dyr, "diñle" däl. ♦ Hemme ýerde bolan garyplyk - açlyk ýa-da kemçilik däl. Garyplyk puluñ ýa-da altyn-kümüşiñ bolmazlygy-da däl. Garyplyk - kitap dükanynda geçmän ýatan kitabyñ üstündäki tozandyr. Garyplyk - kagyz bölekleýän stanokda gazeti kerçeýän tygdyr. Garyplyk - awtoulagyñ aýnasyndan daşaryk zyñylan bananyñ gabygydyr. Garyplyk azyk-owkatsyz geçirilen gije däl, garyplyk - pikirlenmän geçirilen gijedir. ♦ "Pikir etme, ytagat et" diýýänlere däl, "Pikirlen, sora, derñe" diýýänlere gulak sal. ♦ Tribunalardan gelýän sesler bolup duran uruşlardaky bigünä adamlaryñ ahy-nalasynyñ üstüni basýan bolsa, onda ol futbol tirýekdir! ♦ Dindar jemgyýeti diñe diniñ hasabyna din alymlary aldap bilerdi. Şeýle-de boldy. ♦ Bir ýerde ýangyn bolsa, şol wagtam kimdir biri seni ybadat etmäge çagyrsa, bil ki, ol haýynyñ çakylygydyr. ♦ Metjitde otyrkam gapynyñ agzynda çykaryp gaýdan köwşümi alada edenimden, ýolda ýöräp barýarkam Allany ýada salanym has gowy. ♦ Eý Muhammet, getiren diniñi şeýle bir ýoýdular welin, indi ony özüñem tanap bilmeseñ gerek. ♦ Musulman bolup bilmeýän bolsañyz, marksist bir boluñ. ♦ Men indi gara güýjüñ, diýdimzorlugyñ we basyşyñ guly, zorluk-zulumyñ aýakçysy, hakynatutmasy däl. Tersine, men azat, erkin adam. Ine, şahadatym meniñ şaýadymdyr. Indi ne gijikdirmegiñ, ne-de sözüñ ýeri bar. Ali ŞERIATI. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||