17:24 Ýolagçysy köp ýoldan ýöremäñ! | |
ÝOLAGÇYSY KÖP ÝOLDAN ÝÖREMÄÑ!
Filosofiýa
Bu dünýä olaryñ gözüne az görünýär. Bu älem olaryñ ähli isleglerini kanagatlandyrmakdan ejiz gelýär. Şonuñ üçinem bol-elinlikde ýaşaýan synpyñ gaýgy-aladasy has köp bolýar. Daşymyzy gurşap alan älem olaryñ isleg-arzuwlaryny doly kanagatlandyryp bilmeýär. Şol sebäpli nukdaýnazardan gynanja we ýekelige golaý, pessimistik hem-de pelsepewi dert-aladaly synplar, durmuşdan has köp nesibini alan synplar bolupdyr. Bu mesele diýseñ çuñ meseledir. Bulam adamyñ tanaýan, görýän we duýýan maddy manydaky "bar bolan" hemme zadyndan has köpdügini görkezýär. Onsoñam adam bu dünýäniñ öñünde özüni mydama artykmaç ýaly duýupdyr. Şol duýgudanam pessimizm, şol pessimizmdenem gaýgy-hasratlar we gynançlar emele gelipdir. Gussa, gynanç, mätäçlik duýgusy halas boluşyñ nirededigi belli däl ýerine gitmek arzuwyny döredipdir. Şonda bu dünýäde ýok, bärde gazanyp bilmedik zerurlyklaryny bar edipdir. Niredigini bilmeýän ýerim niredekä? Bu dünýäde tapmadyk we nämedigini bilmedik zatlarym nämelerkä? Ine, iñ gadymy adamdan iñ medeni adama çenli hemmeleriñ soraýan bu sowallarynyñ jogaby dürli dinleri, edebiýatlary, sungatlary, medeniýetleri emele getiripdir. Bular hemme döwürde hemme milletden bolan adamlaryñ berýän sowallarydyr. Adam ideallaryny durmuşa geçirmek, "bar bolandan" has belent arzuw-hyýallaryny, bu dünýäde ýok gerek zatlaryny we bu dünýäde duýýan kemçiligini aradan aýyrmak, nirededigini bilmeýän şol belent dünýäsine ýetmek üçin bu mukaddes däl dünýäde ýok şol mukaddesliklere ýetmek we olary tanamak üçin dürli ýollara ýüz urupdyr. Şu duýgudanam ilkinji dinler orta çykypdyr. Ine, diniñ tebigy döreýşiniñem manysy şundadyr. * * * Men diniñ instinktiw zat ýaly düşündirilmegine garşy. Instinkt we dogabitdi ýaradylyş biri-birine diýseñ ýakyn zatlar, emma bir däl. Dogabitdi ýaradylyş adamyñ gurluşyny görkezýär. Instinkt adamyñ ýaradylyş tebigatyna siñen ahwallar, aýratynlyklar we güýçlerdir. Instinktler adamy biygtyýar ýagdaýda bir ýerlerik çekip, iterip bilýär. Emma din beýle däl. Rin adamdaky añsyz we kör instinkt däldir. * * * Men pikir edýärin, "Gilgameşiñ" elegiýa ýugrulan eposyny döreden Gilgameşiñ perýady-da bu ötegçi dünýäniñ perýadydyr we bu dünýäden halas bolmak hem-de nirededigi belli däl o dünýä ýetmek üçin ýañlanan dady-perýatdyr. Men Alynyñ beýikliklerden we gözelliklerden doly ruhunda-da şol perýadyñ bolandygyna ynanýaryn. Injilde gowy görýän bir aýatym bar. Injil doly ýoýulanam bolsa, bu aýatdan pygamber sözüniñ ysy gelýär. Galyberse-de, ylahy kitaby ýoýmaga synanyşan hiç bir adam bular ýaly jümläni oýlap tapyp biljek aña we ukyba eýe däldir. Bu aýatda şeýle diýilýär: "Eý adamlar (beýik we garaşsyz ynsan kemala getirmek islenýär) köp adamlaryñ gidýän ýolundan gitmäñ. Az adamyñ gidýän ýolundan gidiñ. Taryh we ewolýusiýa täze ýol saýlap alanlaryñ we halk köpçüliginiñ öñ ýöremedik ýolundan ýöräp-öñe gidenleriñkidir. Eýerijisi az bolan ýoldan gidiñ. Ýolagçysy köp ýollardan gitmäñ." Wizantiýaly ruhanylar şu aýatda aýdylanlara amal etjek bolup uly ýollaryñ, köçeleriñ ugrundan ýöremezdi, gitjek ýerlerine jaýlaryñ arasyndaky aýlawly çola ýodalardan giderlerdi. Ali Şeriatiniñ "Aly" eserinden bölek. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |