10:45 Agşamky duýgular | |
AGŞAMKY DUÝGULAR
Goşgular
Mylaýym howaly sergin agşamlar Gündiz aran göwräň bire-bir emi. Mähriban obamyň ajap agşamy Gujagyna seýle çagyrýar meni. Çagyran bolsalar, erinmek aýyp, Bu gadym atalaň galdyran pendi. Her gün agşam birazajyk seýl etmek endigme öwrülip gidipdir indi. Ynha, gidip barýan sagamy-sola, Ýyldyzlaryň şalygynyň astyndan. Nämüçindir bu gün gijä galypdyr, Aý nurun dökenok meniň üstümden. Maňa hiç pahy ýok ýatybersin Aý Jahanyň beýleki ýarymşarynda. Aýsyz hem ýolumy saýgararyn men Patrak ýaly ýyldyzlaryň barynda. Gidip barýan ugrum hanjak, belli däl, Myhmançylygamy, oturylşyga?! Ýöne men bir zady bilýärin anyk, Düşüp barýan bu agşamyň yşkyna. Bu yşka gark bolan ýalňyz özüm däl, Ine, ýol ugrunda bir topar aşyk. Zol-zol sagadyna seretse biri, Biri bagtyn guçýar bagtyna duşup. Beýik söýgiň bu owadan ahwaly Nazaryňdan, heý, sypdyrar ýalymy? Magşuga garaşýan aşyklara-da Bagt diläp, dowam edýän ýolumy. Gijäň gara tümlüginem az görüp, Serwei talyň aşagynda gizlenen Goşa juwan ilýär meniň gözüme, Ah, görmesiz zady görýär gözümem. Olar menden, Men olardan uýalýan, Şonda-da berilýär mukaddes salam. “Salam, beýik söýgiň goşa perzendi!” “Salam, şahyr!” Ýolum edýärin dowam. Çen bolandyr, indi öýe gaýdaýyn, Ýok, dowam etmäýin barýan ýolumy. Ýogsa, başgalaram ürküzerin men, Heý, aşyklara-da dözer ýalymy?! Şeýdip, tamamlandy bu günki seýlim, Öýe geldim, aç gapyny keýwany. Ýolda aşyklary ürküzip ýörmän, Ikimize gök çaý süzmek peýdaly. 15.11.2009 ýyl | |
|
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Söýgi / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |