00:00 Ak adamyñ açgözlüginiñ pidasy bolan bir million adam | |
AK ADAMYÑ AÇGÖZLÜGINIÑ PIDASY BOLAN BIR MILLION ADAM
Publisistika
Ruandanyñ ýakyn taryhynda XX asyryñ iñ aýylganç gyrgynçylygy bolup geçdi. Ýüz günläp dowam eden gandöküşlik Ikinji jahan urşundan soñky döwrüñ iñ uly gyrgynçylygyny döretdi. Birleşen Milletler Guramasy başlyklaýyn, ABŞ-nyñ we Ýewropanyñ resmi wekilleri Ruandany ajy kysmatyna terk edip, dessine ýurtdan gaçyp gitdiler. Ýogsa-da, wakalaryñ düýbünde näme ýatyr? Iki etniki toparyñ biri-birine gyr-ýagy bolmagyna näme sebäp bolduka? ■ Kolonializmiñ dizaýnlän ganly syýasaty Ýakyn taryhyñ iñ uly gandöküşikli wakalarynyñ bolup geçen Ruanda döwletinde ýüz günüñ içinde köpüsi tutsilerden bolan 800 müñ ruandaly wepat boldy. 1994-nji ýylyñ 4-nji aprelinde ganly wakalar başlanan badyna BMG-nyñ harby birligi we işgärleriniñ köpüsi ýurdy terk etdi. BMG gyrgynçylykly wakalaryñ başlananyna üç hepde geçensoñ, wakalara uly gandöküşlik hökmünde baha berdi we "gyrgynçylyk" sözüni ulanmakdan gaça durdy. ■ Ikinji jahan urşundan soñky iñ uly gyrgynçylyk XX asyryñ iñ uly gyrgynçylygyny Namibiýada nemesler amala aşyrdy. 1904-1909-njy ýyllarda 100 müñe golaý namibiýaly nemes esgerleri tarapyndan rehimsizlik bilen öldürildi. Öldürilen biçäreleriñ kelleçanaklary gämilere ýüklenip nemes uniwersitetlerine ugradyldy. Gowgaly geçen asyryñ iñ soñky gyrgynçulygy ýene Afrikada - Ruandada bolup geçdi. Asyryñ başynda we ahyrynda ýüze çykan bu iki waka Afrikada bolup geçmek bilen birlikde, ýene bir meñzeş tarapy - iki gyrgynçylygyñam kolonializm bilen baglanyşykly bolmagydyr. ■ Köçelerden adam gany sil bolup akdy 1994-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi Ruandada bolup geçen ganly wakalara şaýat boldy. Wakalaryñ jümmüşinde ýurduñ iki uly etniki topary bolan hutular we tutsiler bardy. Bir milliona golaý adam ýataganlar bilen kerçem-kerçem edildi, köçelerden bolsa adam gany sil bolup akdy. Ýüz günläp dowam eden gandöküşligiñ soñunda Ikinji jahan urşy tamamlanandan soñky döwrüñ iñ uly gyrgynçylygy amala aşyryldy. BMG, ABŞ we Ýewropa ýurtlarynyñ ýurtdaky resmi wekilleri wakalaryñ öñüni almaga synanyşmak beýlede dursun, "näme bolsañyz şo boluñ!.." edip, gyssagly ýagdaýda Ruandadan çykyp, gaçyp gitdiler. Ýogsa-da, bu wakalaryñ düýp sebäbi nämede? Iki etniki topary biri-birine duşman eden şertler haçan döre(dil)di? ■ Emeli araçäk arkaly döredilen ýurt: Ruanda Afrika ýurtlarynyñ aglabasy ýaly Ruanda hem kolonializmiñ emeli araçäkler arkaly döreden ýurdudyr. Ilki Germaniýanyñ, soñra Belgiýanyñ koloniýasyna öwrülen ýurtda üç uly taýpa (hutular, tutsiler, twalar) kolonialistler gelýänçä agzybir ýaşap gelenem bolsalar, ýurda keseki aýak aralaşansoñ jemgyýetçilik gurluşy üýtgeşmä sezewar boldy. Iñ esasy üýteşme - öñ bir-birlerine gandüşer garyndaş taýpalaryñ arasyna çöp düşürilmegidi. Kolonializmiñ ganly penjesinde urunýan Ruandada jemgyýetiñ etniki bölünişigiñ üstünden formulirlenmegi ýurdy uçuryma iteklän iñ esasy faktorlaryñ biri boldy. 1899-njy ýylda Germaniýanyñ koloniýasyna öwrülen Ruanda nemesler Birinji jahan urşundan ýeñlip çykansoñ, 1918-nji ýylda Belgiýanyñ eline geçdi. "Agzyny alart-da, höküm sür!" diýen kolonial syýasaty ýöreden nemesleriñem, belgiýalylaryñam agzalalyk we milletçilik ýurda goýup giden iñ uly mirasy boldy. ■ Wakalaryñ başy nähili başlandy? 1944-nji ýylyñ 6-njy aprelinde Ruandanyñ döwlet ministri Habýarimananyñ barýan uçarynyñ partladylmagy tragiki wakalaryñ başlangyjy hasap edilýär. Bu wakadan bary-ýogy 15 minut geçen badyna tutsilere garşy sistematiki öç alnyşyklar başlady. Ýurtda üç-dört aýlap gan çaýkaldy. Guduz açana dönen milletçi hutu bandalary öñlerinden duşan tutsini öldürip başlady. BMG-nyñ Parahatçylyk delegasiýasynyñ düzüminde gulluk edýän ona golaý belgiýaly esgeriñ baş-başdakçylar tarapyndan öldürilmegi oñaýsyz ýagdaý döretdi. Ähli daşary ýurtly diplomatlar, resmi wekiller gyssagly Ruandany terk etdiler, bu bolsa gyrgynçylygy döreden bandalara gandöküşligi agaýana amala aşyrmaga oñaýly şert döretdi. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |