09:41 Heýmarket wakasy | |
HEÝMARKET WAKASY
Taryhda şu gün
Heýmarket wakasy diýip, 1886-njy ýylyñ 1-nji maýynda ABŞ-da başlanan işçiler tolgunşygynyñ 4-nji maýda Çikagonyñ Heýmarket meýdanynda dowam eden wakalaryna aýdylýar. 1886-njy ýylda Çikagoda bir ýere toplanan Amerikan Işçileriniñ kärdeşler arkalaşygy iş wagtyny sekiz sagada çenli gysgaltmak üçin 1-nji maýy ýygnanşyk güni diýip yglan etdi. 1886-njy ýylyñ 1-nji maýyndaky köpçülikleýin çykyşlara ýarym million işçi gatnaşypdyr. Şol gün halklaryñ arasyndaky raýdaşlyk hem ýokary derejä göterildi. Kentukkide 6 müñden gowrak akýagyz we garaýagyz işçiler bilelikde aýaga galdylar. Şol döwür garaýagyzlara şäheriñ seýilgählerinde görünmek gadagan eken. Işçiler köçä çykansoñ, şäher seýilgähine aralaşýar. Munt ştatara we şäherara gazetlerde "Bu hereket demir halkany böwsen bolsa gerek" diýip teswirläpdirler. Tolgunşyklar we çykyşlar 1-nji maý gününden soñam dowam edipdir. Işçileriñ köpüsi 3-nji maý güni hem köçä çykypdyr. Şol sanda Makkormigiñ eýeçiligindäki zawodda hem işden çykarylan işçiler çykyş gurnapdyr. Miting gutaryp gelýärkä, Makkormik duýduryjy tüýdük çalyp, çykyşy gurnaýjylaryñ üstüne öz adamlaryny goýberýär. Özlerini dargatmak üçin gelenlere garşy goranmak üçin howlynyñ daşyndaky birtopar işgär hem zawodyñ içine tarap ýöreýär. Işçileriñ üstüne gülle ýagdyryp ugran polisiýa gullukçylary dört adamyñ ölmegine we onlarça adamyñ ýaralanmagyna sebäp bolýar. Bolan bu pajygaly wakany protest etmek üçin 4-nji maýda Heýmarket meýdanynda miting guralýar. Miting gutaryp barýarka tribunanyñ öñüne nireden atylandygy belli bolmadyk bomba atylýar. Polisiýa gullukçylarynyñ ýazzy mañlaýynda partlan bombadan ýedi polisiýa gullukçysy wepat bolýar, 69-y bolsa ýaralanýar. Ýüzlerçe işçi ýerliksiz aýyplamalar ýöñkelip tussag astyna alynýar. Tussag edilen işçileriñ sekiz sanysy sud jogapkärçiligine çekilýär: Albert R.Parsons, Awgust Spies,Samuel J.Fielden, Maýkl Şwab, Adolf Fişer, Jorj Engel, Luis Lingg, Oskar Nib. Olardan iñ ýaşy Luis Lingg suddan bir gün öñ öz janyna kast edýär. 1889-njt ýylda Ikinji Internasionalyñ gurultaýynda, gurultaýa gatnaşan işçileriñ biriniñ teklibi bilen Birinji maýy Işçileriñ Halkara Raýdaşlyk güni diýip bellemek makul bilinýär. Esas: Internet maglumatlary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |