00:58 Ýazyjynyñ durmuş pelsepesi hakynda | |
ÝAZYJYNYÑ DURMUŞ PELSEPESI HAKYNDA
Görnükli amerikan ýazyjysy Jek London (1976-1916) "Ýazyjynyň durmuş pelsepesi hakynda" atly makalasynda dörediji adamyň nädip özboluşly eser döretmelidigi, öz ýoluny tapmaladygy barada söz açýar. Hakyky sungat adamsy hakyndaky bu makala ýaş edebiýatçylar, söz sungatynyň muşdaklary üçin gyzykly bolar diýip umyt edýäris. Eger siz dürs, dury pikirlenýän bolsañyz, ýazaňyzda-da şeýle ýazarsyňyz. Eger Siziň pikiriñiz gymmatly bolsa, eseriñiziñ hem gymmaty bolar. Eger siziň ýazanlaryňyz gyzyksyz çyksa, diýmek, siziň pikiriñiz gyzyksyzdyr... Eger siz wagt tapmasañуz, уnanaýyñ, älem hem size gulak gabartmaga wagt tapmaz. Edebiýaty gazanç çeşmesi hökmünde pişe edinen, ömri ötinçä ýasama zatlar ýazyp geçmek niýetindäki kişi, goý, bu makalany okamasyn. Ol gury wagtyny yitirer hem keýpini bozar. Bu makala öz ýazgyňy nädip neşirleriň birine kabul etdirmelidigini öwretmeýär. Redakoryň ynjyk galamyny we haldyr sypatlaryň hemişeki hilegärligi baradaky belliklerini derňemeýär. Ýazyjysumaklar, bu ýazgy siziň üçin däl. Bu makala, häzirlikçe, gowşak zatlar ýazýan hem bolsa, belent maksatlary bolan, hakyky sungata ýetmäge ymtylýan, haçan-da bolsa bir gün pes derejeli gazýetdir žurnallaryň gapysynda emenip ýörmekden halas bolmagy arzuw edýän ýazyja niýetlenendir. Gadyrdan jenap, hanym! öz saýlan ugruňyzda nädip meşhurlyga ýetip bilersiniz? Geniallyk bilenmi? Ýöne siz geniý däl. Geniý bolsaňyz, bu setirleri okap oturmazdyňyz. Geniý ähli gandallary we garjaşyk düşünjeleri bir ýana zyňýar, ony jylawlamak hem, tabyn etmek hem mümkin däl. Ol seýrek duşýan guş, biziň ýaly duşan ýerinde pasyrdap ýörmeýär. Onda siz, belki, talantlysyňyz? Elbetde şeýle, ýöne belli bir derejede. Gerkulesiň çykyn-çykyn çiginleri, entek ol sallançakda ýatyrka, sapak ýaljakdy. Siziňki hem edil şonuň ýaly, talantyňyz ösmändir, berkemändir. Eger ol özüne laýyk iýmit tapyp, wagtynda taplanan bolsa, onda siz bu makalany okajak bolup wagt ýitirip oturmazdyňyz. Eger siz hakykatdan hem talantyňyzy kämillige ýeten hasaplaýan bolsaňyz, onda saklanyň, yzyny okajak bolmaň! Eger siz ony kämil däl hasaplamaýan bolsaňyz, onda ol, siziň pikiriňizçe, nädip kämillige ýetmeli? Siz kän oýlanyp hem durman "özboluşlylyk bilen" diýip, jogap berersiňiz-de soň "özboluşlylygyňy yzygiderli ösdürmek arkaly" diýip, sözüňiziň üstüni ýetirersiňiz. Nähili ajaýyp! Yöne nädip özboluşly bolmaly? Meseläniň şundadygy ýetginjege-de bellidir. Nädip okyjyny siziň eseriňizi elinden düşürip bilmez ýaly etmeli? Goý, neşirýatçy bolsa onuň yzynda awçy kimin ser-sepil bolsun ýörsün. Hatda sen ýanyp duran talantly bolsaň hem hiç wagt başga biriniň ýörän ýoly bilen gidip, kesekiniň özboluşlygynyň üstüni ýetirersiňiz. Nähili ajaýyp! Ýöne nädip özboluşly bolmaly? Meseläniň şundadygy ýetginjege-de bellidir. Nädip okyjyny siziň eseriňizi elinden düşürip bilmez ýaly etmeli? Goý, neşirýatçy bolsa onuň yzynda awçy kimin ser-sepil bolsun ýörsün. Hatda sen ýanyp duran talantly bolsaň hem hiç wagt başga biriniň ýörän ýoly bilen gidip, kesekiniň özboluşlygynyň şöhlesine duwlanyp, özboluşly bolup bilmersiň. Hiç kim Walter Skott we Dikkens ýa-da Edgar Po hem Longfello, Jorj Eliot we Hemfri Uord, Stiwenson hem Kipling, Entoni Houp, Meri Korelli, Stiwen Kreýn we atlaryny näçe sanasaň sanap oturmaly ägirtlere hiç kim ýol salyp bermändi. Neşirýatçylardyr okyjylar häzir hem olaryň eserlerine teşne. Olar özboluşlylygy-da gazanypdylar. Nädip? Pyrlampaç ýaly, şemal haýsy tarapdan öwüsse, ugurlaryny şol tarapa üýtgedip durmandyklary bilen. Olar hem edil beýlekiler ýaly başlapdylar. Edeni ugruna dälleriň biri hem bolupdylar. Olara ýeten hem lenç edilen däplere eýe dünýädi. Emma beýleki şor maňlaýlardan tapawutlylykda olar göni gözbaşdan susup alýardylar, başga biriniñ elindäkä kaýyl däldiler. Olar başganyň gelen netijesine, jaýdar pikirine ynamsyz garaýardylar. Ellerinden çykan her bir zada öz şahsy möhürlerini goýýardylar. Dünýeden we onuň dessurlaryndan (başgaça aýtsak, ynsanyň medeniýetinden we biliminden özleriniň şahsy durmuş pelsepesini döredipdirler. "Durmuş pelsepesi" diýilýän düşünje barada aýtsak, onuñ anyk kesgitlemesi ýok. Ilki bilmeli zat durmuş pelsepesi hususy meseleleri çözmeýär. Aýallaryň ykdysady azatlygy, soň öwrenilen endikler nesilden-nesle geçýärmi, spiritizm we ş.m. meseleleri üns merkezinde tutmaýar. Şeýle-de bolsa, ol bu meselelerden hem sowlup geçmeýär. Ol durmuş ýolunda hökman duşýan şüdügärliklere, owunjak daşjagazlara çenli durmuşyň gündelik pelsepesi bilen iş salyşýar. Bu pelsepe her bir adygan ýazyjyda bardyr. Beýle ýazyjy her zada aýratyn, diňe özüne mahsus hususy garaýyşlydyr. Onuň durmuş meselelerine hususy ölçegi ýa-da ölçegleri bolýar. Ol häsiýetleri hususy pelsepesine dayanyp döredýär, netije çykarýar, umumylaşdyrýar. Şol sebäpli hem onuň eserleri sagdyn pikirli, dogruçyl bolýar. Ýer ýüzüniň okyjylarynyň eşitmek isleýän hakykatyny açýar. Bu her kimiň bilýän. lenç edilen hakykaty däl-de onuň şahsy hakykatydyr. Emma bir ýalňyşdan seresap boluň. Şeýle bir filosofiýa eýe bolmak öwüt-nesihat bermek, akyl satmak däldir. Her meselede şahsy garaýşyňy aýdyp bilmek ukybyň bardygy entek saña akyl öwrediji romanlaryň bilen köpçüligiň ýüregine düşübermelidigini anlatmaýar. Elbetde, gadagan hem etmeýär. Dogrusy, ýazyjy pelsepesi çözgüt salgy bermäge höwesek bolmaýar. Uly ýazyjylaryň juda az sanlysynda açyk öwüt bermek häsiýetine duşulýar. Gaýta, tersine, batyrgaý hem çeper ýazýan Robert Lýuis Stiwenson ýaly ýazyjylar döredijiliklerinde özlerini doly açsalar-da, akyl öwretmegiň yokundusyndan hem gaça durupdyrlar. Köpüsi bolsa pelsepelerini syrly gural ýaly ulanypdyrlar. Onuň kömegi bilen pikirleri, sýužeti, häsiýetleri döretseler-de gutarnykly eseriň hiç yerinde ony ac-açan görkezmändirler. Şeýle pelsepäniň ýazyja öz eden işine dine özüni siñdirmäge däl, öz görüp geçen, baha beren we şahsy "meniniñ" içinden geçiren zatlaryny hem siñdirmäge mümkinçilk berýändigine-de düşünmek zerur. Munuň mysalyny Şekspir, Gýote, Balzak ýaly ägirtlerde has aýdyň görüp bolýar. Olaryň hersi şeýle bir ýokary derejede özboluşly welin, olary biri-biri bilen deňeşdirmek hem mümkin däl. Olaryň hersi diňe öz hususy hazynalaryndan gündelik pelsepelerinden susup alypdyrlar. Özleriniň şahsy ideallaryna laýyklykda esrler döredipdirler. Olar dünýä inenlerinde, belki, adaty çagalardan kän tapawutly bolan hem däldirler, emma olar özlerini gurşan dünýäden deň-duşlarynyň görüp, öwrenip bilmedik zatlaryny görüpdirler, öwrenipdirler. Has takygy, äleme jar etmeli zady bilipdirler. Ýaş ýazyjy, siz nähili? Sizde aýdara zat barmy? Eger bar bolsa, size näme päsgel berýär? Eger siz älemiň eşidesi gelýän pikirini ösdürmäge ukyply bolsaňyz, onda ony öz oýlanyşyňyz ýaly aýdyň. Eger siz dürs, dury pikirlenýän bolsaňyz, ýazaňyzda-da şeýle ýazarsyňyz. Eger siziň pikiriňiz gymmatly bolsa, eseriniziň hem gymmaty bolar. Eger siziň ýazanlaryňyz gyzyksyz çyksa, diýmek, siziň pikiriňiz gyzyksyzdyr. Eger siziň pikiriňiz dury bolmasa, ýazgyňyz düşnükli bolarmy? Eger siziň bilimiňiz garyp, başly-barat bolsa, siziň ýazýanlaryñyz nädip erkin hem mantykly bolsun? Berk daýanjyñ bolmasa, bulam-bujarlykdan nädip tertip döretjek? Gündelik pelsepesiz olara dürs düşünip, önden görüp bolarmy? Onsuz özüňizdäki bilim dänejikleriniň ululygyny we gymmatyny kesgitlemek asla mümkinmi? Onsoň siz özboluşly bolup bilersinizmi? Bu dert-alada gark bolan dünýä täze bir zat getirersiňizmi? Şeýle pelsepäni gözlegleriň, bilimler hazynasyndan we dünýä medeniýetinden öwrenenleriň kemala getirýär. Size öwrenmek gerek. Siz durmuşyň ýüzüne paýhasly seretmegi öwrenmeli. Haýsydyr bir hereketiň maňzyna ýetmek üçin şahsy ýa-da köpçüligi şol herekete iterýän, beýik maksatlary oýaryp Jon Brauny dar agajyna, Isany bolsa Golgofa alyp barýan sebäplere düşünmeli. Ýazyjy elini durmuşyň pulsunda goýmalydyr. Durmuş bolsa durmuşy dünýä düşündirer oňa baha keser, ölçerip döker, degşirer ýaly şahsy pelsepe berer. Özboluşlylyk diýilýän şahsyň möhüri, her bir zada hususy garaýşydyr. Siz taryhdan, biologiýadan, etikadan we ylmyň müñde bir ugrudan nämeler bilýärsiñiz? Siziň: "Roman ýa-da poema ýazmagyma bularyň nähili nepi deger?" diýmegiñiz hem mümkin. Şeýle-de bolsa kömek eder. Gönüden-göni bolmasa-da, nepi deger. Bilimler siziň pikirleriňiziň örüsini giňelder, gözýetimiňizi daşlaşdyrar, işiňiziň çägini ulaldar. Olar sizi hususy pelsepäňiz bilen ýaraglandyrar. Ol bolsa sizde özboluşly pikirleri oýarar. "Bu wezipe juda ägirt, meniň bolsa wagtym ýok” diýip, garşy bolarsyňyz. Emma beýlekileri wezipäň ululygy gorkuzmandyr. Siziň erkiňizde ýyllar we ýyllar bar. Elbetde, siz ähli zada akyl ýetirip bilmersiňíz, ýöne bilimleriñiz artdygyça, ýazyjylyk ussatlygyňyz hem artar. Wagt! Wagtyň ýetmeýändigi barada aýdýanlar ony ýerlikli peýdalanyp bilmeýändiklerini göz öňünde tutýarlar. Siz dogry okamagy öwrendiñizmi? Siz kyssa ýazmagy öwrenmek ýa-da tankydy nazaryňyzy ýiteltmek niýeti bilen bir ýylyň dowamynda, gör, näçe hili pes romanlardyr hekaýalary okaýarsyňyz. Näçe žurnallary nokatma-nokat okap çykýarsyñyz. Ine, siziň wagtyňyz. Siz ony tarhandökerlik edip saga-sola sowurýarsyňyz. Ol bolsa gaýdyp gelmez. Okajak zadyñyzy üns bilen seljermegi öwreniň. Okanyňyzda esasy maňzyny tutup, ýüzleý okaň. Siz akly çaşan garrylaryň gündelik gazetleri bildirişlerine çenli okap çykyşlaryna gülýärsiniz. Siziň häzirki zaman edebiýatynyň sil deýin akýan akymynyň öňünde döş gerip durjak bolşuňyz ondan enaýymy? Niçigem bolsa bu akymdan sowa durjak bolmaň. Diňe gowylaryny, saýlamalaryny okaň. Başlan hekaýaňyzy soñuna çenli okap çykman taşlamakdan gorkmaň. Siz özüňiziň ilki bilen, ähli zatdan owal ýazyjydygyňyzy unutmaň. Diňe başgalaryň ýazanyny okap ýörseňiz, olary öwrer-çöwrer ýörersiňiz - size ýazara zat galmaz. Wagt! Eger siz wagt tapmasaňyz, ynanaýyň, älem hem size gulak gabartmaga wagt tapmaz. 1899 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||