20:47 Adam öldürmek / hekaýa | |
ADAM ÖLDÜRMEK
Hekaýalar
Jaýy diňe öçügsije ýylpyldaýan çyrajyklar ýagtyldýardy. Muňa garamazdan ol özüniň belet bolup giden jaýynyň uly otaglarynda hem giň zallarynda ynamly aýlanyp ýörşüne netijesizem bolsa, okalyp gutarylmadyk goşgylar kitabyny gözläýärdi. Bu kitaby düýn bir ýerlerik goýupdy-da, indem şu wagt ýadyna düşüp ony gözläp başlapdy. Ol myhman otagyna girip çyrany ýakdy. Yşyk onuň ýalaňaç eginlerini we boýnuny örtüp duran, ownujak gözenejikler edilip nagyş salnan, açyk-gülgüne reňkli ýüpekden geýen ýeňil öý eşikli syratyny aýdyň görkezdi. Gijäniň bir wagtydygyna garamazdan, henizem onuň barmaklarynda ýüzükler ýalkym saçýardy, gaba altynsöw saçlary bolsa rejelenip timar berlendi. Ol zenan örän owadan, özüne çekiji hem gözeldi. Gyrmyzy dodakly hemem al ýaňakly, inçeden çyzylan süýnmek ýüzünde hameleon ýaly üýtgäp duran mawy gözleri lowurdaýardy, ol gözler käte gyzlyk päkliginiň manysynda gyrpyldaýan bolsalar, käte-de hyrsyz, solgun, sowuk görnüşe geçýärdiler. Kämahalam şol gözlerde birhili yzgytsyz, kesir, hemleli bakyş uçganaklaýardy. Ol myhman otagyndaky çyrany öçürip, eýwanyň üsti bilen geçip beýleki otaga ýöneldi. Edil gapa ýetmänkä saklandy: ony nämedir bir zat diňşirgenmeklige mejbur etdi. Onuň gulagyna, göýä kimdir biri hereket edýän ýaly bir hili ses, ýeňiljek çygşyldy eşidilen ýaly boldy. Ol hiç zat eşitmänligi barada hatda kasam edibem biljekdi, ýöne welin şol bir wagtyň özünde onuň näme üçindir kän bir ugry bolmady. Agşamyň imi-sala ümsümligi bozulypdy. Zenan öz-özüne: “gijäň şu wagtynda hyzmatkärleriň haýsysy otagdan-otaga aýlanyp ýörkä?” diýip sorag berýärdi. Elbetde bu baş hyzmatkär däldi, sebäbi ol özüniň ir ýatmak endigine, diňe adatdan daşary ýagdaýlarda ikilik edýärdi. Munuň bütin agşama rugsat berip goýberen otag hyzmatçysy hem däldigi anykdy. Aşhananyň gapdalyndan geçip barýarka bolsa, onuň gapysynyň ýapykdygyna gözi düşdi. Näme üçin onuň gapysyny açandygyna, hemem oňa girendigine özem düşünmedi. Belki-de özüni howatyrlanmaklyga mejbur eden sesleriň hut şu ýerden eşidilendigini ýüregi syzandyr. Otag garaňkydy, ýöne ol togy öçürip ýakyjyny sermeläp tapdy-da ony towlady. Haçan-da çyra ýananda ol: “hiiýh” - diýip içini çekip, gapa tarap yza çekildi. Onuň edil öňünde, togy öçürip ýakyjynyň golaýynda, sapançasyny oňa çenäp, diwara gysylyp duran nätanyş erkek adam durdy. Zenan özüniň gorkandygyna garamazdan, sapançanyň gara reňklidigini hemem örän uzyndygyny görüp ýetişdi. “Kolt”, diýip içini gepletdi. Orta boýly, eleşan eşikli, goýungöz, ýüzi güne ýanyp garalan bu adam gaty arkaýyn görünýärdi. Ýarym epilen elindäki sapança sandyraman göni onuň döşüne çenelipdi. Ol: — Ah, meni bagyşlaň, - diýdi. — Siz meni gorkuzdyňyz. Size näme gerek? — Maňa şu taýdan çaltrak çykyp gitmek gerek — diýip, ol dodaklaryny kinaýaly gyşardyp jogap berdi. — Men siziň köşgüňizde azaşaýdym öýdýän. Eger-de siz maňa rehim edip çykalgany görkezseňiz, men size hiç hili ýamanlyk etmerin hemem bu ýerden haýal etmän garamy saýlaryn. — Siz bu ýere nähililik bilen düşüp ýörsüňiz? — diýip soranynda, onuň sesinde buýruk bermeklige endik eden adamyň sesine meňzeş gödek äheň duýuldy. — Hanym men sizi ýöne bir talamakçy boldum, bolany şol. Bu ýere men alar ýaly zat gözläp girdim. Men siziň öýde ýoklugyňyza şübhäm ýokdy, sebäbi siziň goja bilen birlikde maşyna müneniňizi görüpdim. Ol siziň kakaňyz, siz bolsa hanym Setlif, dogry gerek? Hanym Setlif onuň ýalňyşandyny aňdy, hilesiz hoşamaý sözlerine ähmiýet berdi hem-de bu nätanyş adamyň pikiriniň ýalňyşdygyny aýtmazlygy karar etdi. Ol: — Size meniň hanym Setlifdigimi kim aýtdy? — diýip sorady. — Şu jaý goja Setlifiňki dälmi näme? Ol makullaýjylyk bilen baş atdy. — Men-ä onuň gyzynyň bardygynam bilemokdym. Indi bolsa siz kyn görmeseňiz, maňa bu ýerden nädip çykmalydygyny görkeziň, şeýtseňiz menem sizden hoşal bolardym. — O näme üçin? Siz talaňçy hem ogry ahbetin. — Şular ýaly işde men bir gögele öwrenje bolmadyk bolsamdym, onda men siziň bilen sypaýyçylyk edip durmazdym-da, eliňizdäki ýüzükleriňizi sypyryp alardym. Ýöne men goja Setlifiňkä aýallary talamak üçin däl-de ogurlyga geldim. Eger-de siz gapydan aýrylsaňyz, megerem çykalgany meniň özümem tapsam gerek. Hanym Setlif düşbidi. Ol bu adamdan gorkara zat ýokdugyna bada-bat düşündi. Onuň professional jenaýatkär däldigi, gep urşundan çen tutsaňam şäher ýaşaýjysam däldigi görnüp durdy. Onuň göwnüne bolmasa, ondan giň baýyrlyk meýdanlarynyň tämiz howasy burnuna uran ýalam boldy. — Birden men gygyryp başlaýsam näme? — diýip, ol bilesigelijilik etdi. — Eger-de kömege çagyryp gygyrsam? Siz näme, meni..., aýal maşgalany atmagy başarardyňyzmy? Ol onuň gara göreçlerinde çalaja duýulýan aljyraňňylyk peýda bolandygyny duýdy. Talaňçy agyr mesele çözýän ýaly howlukman pikirlenip jogap berdi: — Men onda, megerem, sizi bogardym ýa-da maýyp ederdim. — Aýal maşgalanymy? — Men şeýtmäge mejbur bolardym — diýip, ol jogap berdi, şonda ol onuň dodaklarynyň rehimsizlik bilen berk ýumulandygyny gördi. — Elbetde siz bir ejizje aýal, ýöne, bilýäňizmi näme hanym, men asla türmä düşmeli däl. Asla! Günbatarda maňa dostum garaşýar. Ol betbagtlyga uçrady. Men bolsa oňa kömek etmeli. Meniň pikirimçe, men sizi agyry ýiti duýulmaz ýaly edip bogmaklygy başarardym. Ol oňa çaga bilesigelijiligi bilen, ünsli çiňerilip seredip durdy. — Men hiç haçan talaňçylary görmändim — diýip, ol düşündirdi. — Şonuň üçinem, maňa siziň bilen gürleşmegiň nähili gyzyklydygyny, siz göz öňüne-de getirip bilmersiňiz. — Hanym, men talaňçy däl... Ýagny hakykysy däl – diýip, ol onuň özüne kinaýaly ynanmazçylyk bilen seredýändigini gören badyna, sözüniň üstüni ýetirmeklige howlukdy. — Hawa elbetde men keseki öýe ogurlyga giren bolsam..., umuman alanyňda, şeýle pikir etse-de bolar... Ýöne şunuň ýaly işe meniň birinji gezek baş goşup görşüm. Maňa pul juda zerur gerek. Onsoňam men aslyýetinde öz hakymy alýaryn. — Düşünmedim — diýip, ol onuň göwnüni götermek üçin ýylgyrdy. — Siz talamak üçin geldiňiz ahyryn. Talamak bolsa, başga biriniň zadyny almaklygy aňladýar. — Muňa şeýle diýseňem bolar, beýle däl diýseňem… Ýöne meniň gider wagtym bolaýdy öýdýän. Ol gapa tarap ädim urdy, ýöne aýal onuň ýoluna böwet boldy. Onda-da nähili maýyl edijilik bilen böwet boldy! Ol ony göýä tutmak isleýän ýaly, çep elini aýala tarap uzatdy, ýöne ýaýdanjaňlyk edip saklandy. Onuň zenan mylakatlylygy hem mylaýymlygy bilen bent edilendigi görnüp durdy. — Ine görýäňizmi — diýip, ol şatlykly seslendi. — Men siziň maňa el degirmejekdigiňizi bilýärdim! Nätanyş adam aç-açan aljyraňňylyga düşüpdi. — Men ömrümde hiç haçan aýallaryň göwnüne degmändim — diýip ol düşündirdi. — Ýürek edip şeýdäýmekligiň meniň üçin ýeňil bolmajagyny bilýän. Ýöne siz gygyraýsaňyz welin, men şeýtmeklige mejbur bolaryn. — Ýene-de biraz wagtlyk eglenäýiň. Biz gürrüňdeş bolardyk. Bu maňa örän gyzykly. Men näme üçin siziň talamaklygy, öz hakyňyzy almak diýip hasaplaýandygyňyzy maňa düşündirmegiňizi isleýän. Nätanyş adam oňa haýran galyp seretdi. — Men elmydama aýallar talaňçylardan gorkýandyrlar öýdüp pikir ederdim — diýip, ol boýun aldy — görýän welin siz olar ýalylardan däl ýaly! Zenan şadyýanlyk bilen gülüp başlady. — Bilýäňizmi näme, ogrularam dürli-dürli bolýar! Meniň sizden gorkmaýanlygymyň sebäbi, men siziň aýalyň göwnüne degip biljek adamlardan däldigiňizi görüp durun. Geliň birazajyk oturaly. Gürrüňdeş bolaly. Bizi hiç kim bimaza etmez. Men şu wagt öýde ýekeje özüm. Kakam agşamky otly bilen Nýu-Ýorka gitdi. Hyzmatkärler bolsa ýatyrlar. Size nämedir bir zat hödür-kerem etmek isleýän. Aýallar özlerini ýesir alan talaňçylary agşamlyk nahary bilen hezzetleýäler ahyryn, dogry dälmi, iň bolmanda romanlarda-ha şonuň ýaly bolýar. Ýöne men naharyň nirededigini bilemok. Belkäm siz nämedir birzatjyk içmek isleýänsiňiz? Ol ýaýdanjyrap durşuna hiç zat diýip jogap bermedi; ýöne aýal özüniň has hem onuň göwnünden turýandygyny, oňa barha ýaraýandygyny kynçylyksyz aňdy. Ol: — Gorkýaňyzmy? — diýip sorady. — Men sizi zäherlemekçi bolamok. Çypbakaý çynym. Sizi ynandyrmak üçin men siziň bilen bile içerin. — Siz üýtgeşik mähirli gyz! — diýip seslenenden soň, ol ilkinji gezek sapançany aşak goýberdi. Indiden beýläk men şäherli aýallar gorkak diýseler hiç haçanam ynanmaryn. Ynha sizi alyp göreliň, özüňiz kiçijik, ejizje aýal bolsaňyzam batyrlygyňyzyň çeni-çaky ýok! Iň esasy zat bolsa siziň ynanjaňlygyňyz! Ýaragly talaňçy bilen arkaýyn gürleşip oturyp biljek aýallara beýle-de dursun, hatda erkeklerem köp bolmasa gerek? Ol öwgüli sözlere monça bolup ýylgyrdy, ýöne ol gepläp başlan badyna, onuň ýüzi ýene-de çynlakaý görnüşe geçdi. — Munuň sebäbi siz maňa ýaradyňyz. Siz hakykatdanam akýürekli adama meňzeýäňiz, şonuň üçinem sizi talaňça meňzetmek gaty kyn. Siz bu pişäňizi taşlaň. Eger-de siziňki hiç şowuna bolmaýanam bolsa iş gözläň. Geliň gowusy şu barada pikir alyşaly, hany şu nejis sapançaňyzy bir gapdala aýyrsaňyzlaň. Öňi bilen size iş tapmak zerur. — Bu şäherden hiç zat çykmaz — diýip, ol gamgynlyk bilen seslendi. — Men bu ýerde gazanç gözläp aýakdan çykdym. Dogrymy aýtsam men işim ýöräp durka, edil iň soňky adamam däldim. Onuň gahar-gazap joşguny, şadyýan gülki bilen garşylandy. Şol gülki onuň ýüreginden turdy. Muny duýan aýal bolsa, bu pursaty öz peýdasyna ulanmaklyga çalyşdy. Ol gapydan aýrylyp göni bufete tarap ýöneldi. — Men bufetden bir zat tapýançam, maňa hemme zady jikme-jik gürrüň beriň. Siz näme içýäňiz? Wiskimi? — Hawa mem, — diýip, sapançany henizem elinde gysyp saklap, hiç kim tarapyndan goralmaýan hemem açyk duran gapa tarap garanjaklap, onuň yzyndan ýaýdanybrak ýöräp barşyna jogap berdi. Ol stakanlara wiski guýdy. — Men siz bilen içerin diýip söz beripdim — diýip, ol haýalja aýtdy, — ýöne men wiskini halamok. Men… men heres içmegi gowy görýän. Ol ondan rugsat berilmegini soraýan ýaly heresli çüýşäni göterdi. — Elbetde, wiski erkekleriň içgisi. Dogrymy aýtsam, men aýallaryň wiski içmegini oňlamok. Çakyr bolsa başga gürrüň. Aýal oňa lezzetli meýmireýän gözleri bilen mähirli seredip, onuň bilen çakyşdyrdy. — Siziň üstünligiňiz üçin! Size gowy iş tapmaklygy arzuw edýän … Birdenkä ol onuň geň galma hem ýigrenç duýgusy peýda bolan ýüzüni gördi-de, tapba sesini kesdi. Ol ýekeje owurt edensoň stakany goýdy. — Näme boldy? — diýip, ol alada galyp sorady. — Siz wiskini halamadyňyzmy? Belki, men ýalňyşandyryn? — Üýtgeşik wiski! Tüssäň ysy gelýär … — Wah, men nähili akmak! Men size şotland wiskisini beripdirin, siz bolsa elbetde özümiziňkä endik edensiňiz ahyryn. Getiriň men ony çalşyraýyn. Ol edil enelik aladasyny edýän ýaly, stakanlary çalşyrdy hemem gerekli çüýşäni tapdy. — Indi nähili, muny haladyňyzmy? — Hawa mem. Mundan tüssäň ysy gelenok. Hakyky birinji hilli wiski. Men bütin hepdäň dowamynda agzyma ýekeje damja-da almadym. Bu wiski edil ýag ýaly. Hiç hili garyndy goşulmandygy dessine bildirýär. — Siz köp içýäňizmi? Bu ýarym sorag hemem ýarym nägilelikdi. — Ýok mem. Menä beýle hasap edemok. Dogry öňler eslije içilýän wagtlaram bolardy, ýöne şonuň ýaly mümkinçilik örän seýrek tapdyrardy... Käwagtjyk bir bulgurjyk wiskiniň gerekli ýerinde örän jüpüne düşýän wagtam bolýar, meselem ynha şu wagtky ýaly. Indi bolsa mem meniň gider wagtym boldy, size rehimdarlygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Emma hanym Setlif öz ogrusyny beýle çalt goýbermek islemeýärdi. Elbetde bu başdan geçirme romantikasy ony gyzykdyryp özüne çekdi diýip bolmaz, sebäbi ol çendanaşa doňýürek aýaldy. Ýöne onda nähilidir bir üýtgeşik hem tolgundyryjy zat bardy, ony imrindirenem hut şoldy. Onsoňam ol özüne gorkara zat ýokdugyny bilýärdi. Ýüzüniň agyrlygyna hemem gözleriniň hyrsyzlygyna garamazdan, bu adam gaty ýuwaşdy. Aňynyň çuň jümmüşinde bolsa, haçanda tanyşlary şu waka barada eşidenlerinde haýran galjakdyklary hakyndaky pikir ýylpyldap gitdi. Bu ýagdaýdan peýdalanman sypdyraýsa armanly galjakdy... — Her näme-de bolsa siz talamaklygyň, näme üçin öz hakyňyzy almaklygy aňladýandygyny düşündirmediňiz — diýip, oňa ýüzlendi. — Hany stoluň başyna geçiňde, ine şu ýerde oturyp bu barada aýdyp berseňizläň. Ol oturgyjy özüne tarap süýşürdi, nätanyşy bolsa garşysynda oturtdy. Nätanyş adam hüşgärligi elden bermezlik pikirinden daşlaşyp bilmeýän bolara çemeli: onuň gözleri eserdeňlik bilen daş-töwregine garanjaklaýardy, ýene-de pynhan hyjuwdan doly garaýşy bilen aýala dolanyp gelýärdi, ýöne onuň ýüzünde uzak eglenmeýärdi. Ol gürläp otyrka bolsa onuň sesine üns bermän, başga sesleri eşitmän sypdyrmazlyga çalyşýardy. Ol ikisiniň arasyndaky stoluň burçunda ýatan, sapy özüniň sag eline tarap öwrülip goýlan sapança barada ýekeje minudam ýadyndan çykarmaýardy. Talaňçy özi üçin keseki hem nätanyş öýde-di. Tokaýlarda hem düzlüklerde gorkman selpäp ýörkä, gözleri hem gulaklary hemişe hüşgärligi elden bermeýän Günbataryň bu ogly, özi bilen söhbetdeşlik edip oturan aýalyň aýagynyň ýanjagazynda, stoluň aşagynda elektrik jaňynyň düwmesiniň bardygyny bilmeýärdi. Şunuň ýaly zadyň oýlanyp tapylandygy barada ol hiç haçan eşitmändem. Onuň hüşgärliginden hemem seresaplylyk etmeginden bu ýerde peýda ýokdy. — Bilýäňizmi näme hanym — diýip, ol onuň erjellik bilen berýän soraglaryna jogap berip başlady. — Goja Setlif birwagtlar meni bir işde aldady hem bütinleý tozdurdy. Oňa şol nejis emeli etmek başartdy. Jübüleri ýüzlerçe millionly adamlar üçin hemme zat kanunalaýyk bolaýýar, olaryň edeni geçip dur. Men zeýrenemok. Siziň kakaňyzdan ar almak pikirimem ýok. Ol men barada hiç haçan eşidenem däldir. Elbetde meni garyp edendiginem bilýän däldir. Ýogsam näme, onuň ýaly millionlara eýelik edýän hem sözi geçýän uly adam, meniň ýaly bir kiçijik adam barada nireden eşitsin? Ol öz peýdasyna çapýan adam. Ýüzlerçe hünärmenler onuň hyzmatynda dur. Olar onuň ýerine pikirem edýärler, işleýärlerem. Olaryň käbirleriniň-ä hak-heşdegi, Birleşen Ştatlaryň prezidentiniňkidenem köpmüşin diýip eşitdim. Men bolsam siziň “kaka janyňyzyň” çökeren müňlerçe adamyndan diňe birje sanysy. Düşünýäňizmi mem, meniň, kuwwatlylygy bir at güýjüne deň gidrawliki maşynly kiçijik kärhanam bardy. Ýöne Setlif bilen onuň hyzmatdaşlary Aýdaho ştatyny tutuşlygyna öz ellerine alanlaryndan soň, metal eredýän önümçiligi başgaça gurnadylar. Ähli ýerleri basyp aldylar-da, Tuin Paýnsda uly gidrawliki maşyn oturtdylar. Onsoň men elbetde tozdum. Hatda işe başlamak üçin goýum eden pulumy-da ödäp bilmedim. Meni köçä zyňyp goýberdiler. Bu gün agşam bolsa, jübimde kör köpük bolmansoň, üstesine-de gardaşymyň mätäçlik çekýändigini bilemsoň, bu ýere ogurlyga girmekligi hemem siziň kakaňyzy talamaklygy ýüregime düwdüm. Maňa pul örän zerur gerek, şonuň üçinem meniň öz hakymy alanym bilen, bu ýerde uly günä iş bolmaz diýip pikir edýän. — Hatda siz ýalan sözlemeýänem bolsaňyz, talaňçylyk, her näme-de bolsa talaňçylyk bolmagyna galýar – diýip, hanym Setlif oňa garşy çykdy. — Bu size kazyýetde aklanmak üçin tutalga bolup bilmezdi. — Bilýän — diýip, ol çalt razylaşdy. — Adalatly diýmekligiň manysy, hemişe kanunalaýyk diýmekligi aňlatmaýar. Meniň bu ýerde siz bilen gürleşip otyrkam biynjalyk bolýanymam şol sebäpli-dä. Ýok beý diýdigim, siziň bilen gürrüňdeş bolmak meniň göwnümden turmaýar diýmeklik däl. Siz maňa örän ýaradyňyz, ýöne maňa polisiýanyň penjesine düşmeklik düýbünden bolanok. Olaryň meni näme etjekdiklerini gowy bilýän! Ynha geçen hepde, köçeden geçip barýanlaň birinden iki dollar segsen bäş sent çilendigi üçin bir ýigidi bäş ýyla türmä basdylar. Men bu barada gazetde hut özüm okadym. Iş tapylmaýan agyr döwür bolansoň, adamlaram ruhdan düşýärler. Agzyňy ýagjardyp bolaýjak adamlaram gaty ýowuz bolupdyrlar. Özem ellerine kim düşse bar gaharyny şondan çykaraýýarlar. Eger şu wagt men tutulaýan bolsam, onda azyndan on ýyla basylman sypyp bilmezdim. Şonuň üçinem men bu ýerden basymrak gitmek isleýän. — Ýok, garaşyň – diýip ol ony eliniň hereketi hem-de üm bilen saklajak boldy. Şol bir wagtyň özünde-de, özüniň wagtal-wagtal basyp oturan düwmesinden aýagyny aýyrdy. — Siz maňa adyňyzama aýtmadyňyz. Ol bir minut ýaly ýaýdanyp duranyndan soň: — Maňa Deýw diýäýiň … — Bolýa, ine şeýle… Deýw… — diýip, ol mylaýymlyk bilen utanjyran bolup güldi. — Siz üçin bir zatlara etmek gerek. Siz entäk ýaş, özüňizem erbet ýola ilkinji sapar düşüpsiňiz. Eger-de siz mundan beýlägem öz hakyma degişli zadymy alýan diýen pikiriňize laýyk gelýän zatlary almagyňyzy dowam etseňiz, onda soňlugy bilen siz özüňize düýbünden degişli däl zatlaram alyp başlarsyňyz. Munuň soňunyň näme bilen gutarjagyny bolsa siz gowy bilýäňiz. Geliň gowusy size halal iş gözläli. — Maňa pul gerek. Özem edil hut şu wagt gerek! — diýip, ol kesirlik bilen jogap berdi. — Olar meniň özüm üçin däl-de, ýaňky size onuň barada gürrüň beren gardaşym üçin gerek. Ol betbagtlyga uçrady, oňa çaltrak kömek etmeli. Ýogsam ol heläk bolar. — Men siz üçin iş tapyp bilerin — diýip, ol çalt-çaltdan gürledi. — Siziň gardaşyňyz babatynda aýtsam … Bilýäňizmi näme? Men size karzyna pul bererin. Siz bolsa oňa iberersiňiz. Maňa soň öz aýlygyňyzdan gaýtaryp berersiňiz… — Üç ýüz dollar ýeterlik bolar — diýip, howlukman öz pikirini aýtdy. — Hawa üç sany ýüzlük bilen ol başyny alyp çykar. Temmäki pulumy hemem iýmek-içmek bilen şol üç ýüz dollary berseler, men el-aýagymy epmän bir ýyl işlemeklige taýýar. — Ah siz çilimem çekýäňizmi? Men bolsam onuň pikirinem etmändirin. Ol elini sapançanyň üstünden onuň eline tarap uzadyp, onuň barmaklaryndaky çilimkeşe mahsus tegmilleri görkezdi, şol bir wagtyň özünde gözi bilen ýaraga çenli aralygy ölçedi. Onuň ýüreginde sapançany çaltlyk bilen garbap almak höwesi ot aldy. Özüniň şeýdip biljekdigine bolan berk ynamy bar bolsa-da, muňa ýürek edip bilmedi. Ahyryn-da, özüne erk edip, elini aýyrdy. — Siziň çilim çekesiňiz gelýämi? — Öler ýaly. — Çekiberiň, men garşy däl. Gaýtam men-ä çilim çekseler gowam görýän. Ol çep eli bilen gapdal jübüsinden bir bölejik ýygyrt-ýygyrt bolan papiros kagyzjygyny çykaryp, ony sapançanyň gapdalynda, sag eliniň ýanynda goýdy. Gaýtadan elini jübüsine sokup, ondan çykaran bir çümmük goňur iri temmäkisini kagyzjyga sepeledi. Soňra iki elini-de sapançanyň üstüne goýup, papirosyny dolap başlady. — Siz edil menden gorkýan ýaly şol sapançaňyza ýapyşyp otyrsyňyz — diýip, aýal göçgünli gepledi. — Men sizden gorkamok mem, ýöne näme-de bolsa men biraz biynjalyk bolýan… — A men bolsa sizden gorkmadym. — Size gorkar ýaly zat ýokdy. — A janym näme? — diýip, aýal garşy çykdy. — Hawa, dogry, — diýip, ol çalt razylaşdy. — Siz her näme-de bolsa gorkmadyňyz! Men çendenaşa seresaplylyk edýän bolmagymam mümkin. — Men size hiç hili ýamanlyk etmerin — diýen aýal, özüniň agraslyk hem açykgöwünlilik bilen seredýän gözlerini oňa dikdi. Şol bir wagtyň özünde bolsa, ýene-de elektrik jaňynyň düwmesini aýagy bilen basdy. — Görýän welin siz adamlary gowy tanaňyzok. Aýratynam aýallary! Men-ä sizi jenaýatly durmuşy taşlamaklyga yrmak hemem size halal iş tapmak isleýän, siz bolsa… Ol öz bolşundan utandy. — Meni bagyşlaň mem — diýip ol ötünç sorady. — Müňkürlik etmegim meni abraýdan düşürýän bolsa gerek. Ol sag elini sapançadan aýryp papirosyny otlady, soňra elini dyzyna goýdy. — Ynamyňyz üçin minnetdar — diýip, aýal ýuwaşja aýtdy-da, sapançadan gözlerini sowup, jaňyň düwmesini hasam dogumlyrak basdy. — Şol üç ýüz dollary bolsa men şu günüň özünde telegraf arkaly Günbatara ugradyp bilerin. Men şol pul üçin bütin bir ýyl işlemeklige taýýar. Maňa diňe iýmek-içmek berseler ýeterlik. — Siz köp gazanarsyňyz. Men size her aýda azyndan ýetmiş bäş dollar tölemeklige söz berýän. Siz atlaryň aladasyny edip bilersiňizmi? Onuň ýüzi açyldy, gözleri şatlykdan uçganaklady. — Diýmek biz gepleşdik. Maňa ýa-da kakama işe duruň. Kime duranyň tapawudy ýokla, barybir hyzmatkärleri köplenç men işe alýan. Maňa ikinji paýtuňçy gerekdi… — Liwreýa* geýip hyzmatkär bolmalymy? — diýip, ol birdenkä onuň sözüni böldi. Günbataryň erkin oglunyň sesinde-de, onuň kinaýaly gülümsiremesinde-de ýigrenç duýuldy. Aýal geçirimlilik bilen ýylgyrdy. — Diýmek onuň ýaly iş size laýyk däl. Hany pikirlenip göreýin… Siz atlara baş öwretmekligi başararsyňyzmy? Ol baş atdy. — Biziň tohumlyk atlary ýetişdirýän zawodymyz bar. Siziň ýaly adama ol ýerde iş tapylar. Siz razymy? — Razymy diýip soraýarsyňyzmy mem? — diýeninde, onuň sesinde joşgunly minnetdarlyk äheňi duýuldy. — Siz nirededigini aýdyň. Men hut ertiriň özünde başlamaklyga taýýar. Onsoňam men size bir zady söz berip bilerin mem, Hýugi Lýuk üçin şu kyn günlerde eden kömegiňize siz hiç haçan ökünmeli bolmarsyňyz. — Siz, öz adyňyza Deýw diýen ýalydyňyzla? — diýip, ol çalaja gatyrgandy. — Hawa mem diýipdim, ýalan sözlänim üçin meni bagyşlaň. Meniň hakyky adym Hýugi Lýuk. Siz özüňiziň tohumlyk atlary ýetişdirýän zawodyňyzyň nirededigini aýtsaňyz hem-de ýol pulumy berseňiz, men eýýäm ir bilen ol ýere giderin. Aýal onuň bilen gürleşip otyrka-da, jaň düwmesini yzyny üzmän basmagyny dowam edýärdi. Ol dürli-dürli signallary berýärdi: üç gysga hem-de bir uzyn jaň, iki gysga hem-de uzyn jaň, ýene-de bäş jaň yzly-yzyna jaňňyrdatdy. Birnäçe gysga jaňlardan soňra, ol tutuş üç minutlap jaň düwmesini üznüksiz basyp otyrdy. Arasynda öz içinden, uklap galan akmak baş hyzmatkäre käýindi, käte bolsa jaňyň işleýänligine şübhelendi. — Men siziň razylaşanyňyza şeýle bir begenýän, şeýle bir begenýän! Muny biz üýtgeşik alada galmazdan edip bileris. Indi bolsa, siz maňa, gapjygymy alyp gaýtmak üçin ýokaryk baryp gelmeklige rugsat beriň. — Men size üç ýüz dollary ynanýan ahyryn — diýip, çaltlyk bilen onuň gözlerindäki ikirjiňlenmäni gören badyna sözüniň üstüni ýetirdi. — Men size ynanýaryn mem — diýip, ol hormat duýulýan äheň bilen jogap berdi. — Ýöne öz nerwlerime hötde gelmekligi başaramok. — Diýmek men pul alyp gaýtmak üçin ýokaryk baryp gaýdyp bilýän-dä, şeýlemi? — diýip, aýal sorag berdi. Ol entek jogap berip ýetişmänkä, uzagrakdan ýeňiljek şakyrdy eşidildi. Gap-gaç saklanylýan otagyň gapysynyň jygyldysy oňa tanyşdy. Ýöne ol ses şeýle bir gowşakdy welin, ony diňe ýeňiljek şemalyň sesine meňzedip boljakdy. Şeýle dykgatlylyk bilen garaşmadyk bolsa, ol ony eşitmezdem. Ýöne welin, ony Hýugi Lýuk hem eşidipdi. — Bu näme? — diýip, howsala düşüp sorady. Jogap ýerine ol çaltlyk bilen çep elini uzatdy-da, sapançany garbap aldy. Onuň bu eden hereketi Lýuk üçin düýbünden garaşylmadyk ýagdaýdy. Aýal hut şeýle boljagyna bil baglapdy. Indiki göz açyp ýumasy salymda onuň elleri öň ýarag ýatan, indem boş ýere degdi. — Oturyň! — diýip, ol çasly ses bilen buýruk berdi. Ol birbada aýalyň sesini tanamadam. — Gozganmaň! Elleriňizi stoluň üstüne goýuň! Aýal onuň sapançany nädip tutup durandygyny ýadyndan çykarmandy. Bu sapagyňam oňa peýdasy degdi. Agyr sapançany uzadylan ellerinde saklamaklygyň ýerine, ol tirsegini stola diredi, özem ony kellesine däl-de, gursagyna çenedi. Talaňçy bolsa onuň elinden sapançany almak üçin jinnik ýalyjagam mümkinçiligiň ýoklugyny görensoň, onuň buýruklaryna boýun egip rahat otyrdy. Onuň nyşana degmezligine umyt etmekligiňem peýdasy ýokdy. Ol sapançanyňam, aýalyň elleriniňem titremeýändigini görüp otyrdy. Sapançaň okunyň geçip gidensoň öz yzynda galdyrýan deşiginiň ululygynam gowy göz öňüne getiripdi. Ol, aýalyň özüne däl-de, onuň barmagy bilen mäşäni ýeňiljek basanlygy sebäpli, azajyk ýokaryk galan sapançanyň gulagyna seredýärdi. — Belkäm size sapançanyň hyrynyň örän inçedigini duýdurmak gerekdir. Mäşäni edil beýle gaty gysmaň. Ýogsam mende grek hozunyň ululygy ýaly deşik ýasarsyňyz. Ol sapançanyň gulagyny biraz goýberdi. — Ine şeýle bolsa has gowy. Ony düýbünden goýberseňiz hasam gowy bolardy. Görýäňizmi ol nähili diýen ediji. Eger gerek bolsa çalt hem ýeňiljek gysmaklyk, ony galdyraram, goýbererem. Siziň aýna ýaly ýalpyldaýan poluňyzda bolsa gowy şüle bolar. Onuň arkasyndaky gapy açyldy, şonda ol otaga kimdir biriniň girendigini duýdy. Ýöne ol çalaja-da gozganmady. Diňe aýala seretdi hem-de eýýäm başga, rehimsiz, sowuk, daşýürek, emma şonda-da üýtgeşik owadan adamyň keşbini gördi. Onuň sowuk we ot syçraýan gözlerem yzgytsyzdy. — Tomas, jaň edip polisiýany çagyryň — diýip, ol buýruk berdi. — Siz näme üçin uzak wagtlap gelmediňiz? — Hanym men jaň sesini eşiden badyma geldim. Ogry ondan ýekeje minudam gözüni aýyrman seredip otyrdy. Olam oňa dikanlap seredýärdi, ýöne welin jaň barada ýatlananda, onuň gözlerinden geň galma duýgusynyň peýda bolandygyny gördi. — Bagyşlaň hanym — diýip, baş hyzmatkär oňa ýüzlendi. — Hyzmatkärleri oýaraýsak hemem sapançany maňa berseňiz gowy bolmazmyka? — Ýok, polisiýa jaň ediň. Bu adamy meniň özüm şu ýerde saklaryn. Gidiň, özi-de çaltrak hereket ediň! Baş hyzmatkär, gije geýýän köwşüni şypbyldadyp otagdan çykdy, erkek bilen aýal bolsa, biri-birinden gözlerini aýyrman oturmaklaryny dowam etdirdiler. Özüniň tanyşlarynyň geljekki joşgunly öwgüleri barada pikir eden badyna onuň örän keýpi göterilipdi. Ol eýýäm gazetlerdäki ýokary gatlagyň habarlarynda, ýekeje özi ýaragly talaňçyny tutan ýaş hem ajaýyp hanym Setlif hakyndaky makalalary göz öňüne getirip başlapdy. Ol munuň güýçli täsir galdyrjakdygyna berk ynanýardy! Ol: — Haçanda kazyýetde saňa, şol öz gürrüň beren hökümiňi çykaranlarynda, özgäniň emlägini basyp aljak bolup, üstesine aýala ýaragly haýbat atyp, özüňiziň nähili samsyklyk edendigiňiz barada oňatja pikirlenmek üçin wagtyňyz ýeterlik bolar — diýip, ýowuz äheňde aýtdy. — Hawa bu sapagy siziň ömürboýy ýadyňyzdan çykmaz ýaly ýat tutup bilmegiňiz üçin wagtyňyz ýeterlik bolar. Indi bolsa siz maňa hakykaty aýdyň: siziň kömegiňize mätäç hiç hili dostuňyz ýok ahyryn? Maňa gürrüň berenleriňiziň hemmesem ýalan bolsa gerek? Ol dymdy. Onuň aýala dikilen gözlerinden hiç zat aňmak mümkin däldi. Edil şu minutda, göýä ümür peýda bolup, aýal bilen onuň arasyna perde tutulan ýaly boldy. Ol indi aýaly däl-de, Gündogaryň çüýrük şäherleriniň azgyn ýaşaýjylaryndan ahlaklylyk babatda çensiz-çaksyz has ýokarda durýan aýallaryň we erkekleriň ýaşaýan ýeri bolan Günbataryň güneş nurundan doly sähralaryny görýärdi. — Näme beýle dymdyňyzla? Näme üçin ýene-de bir zatlar toslap tapaňyzok? Näme üçin meniň sizi goýbermegimi sorap ýalbaraňyzok? — Men ýalbarardym — diýip, ol çendenaşa guran dodaklaryny ýalaşdyrdy-da jogap berdi. — Hawa men ýalbarardym, eger-de… — Eger-de näme? — diýip, ol höküm ediji ses bilen sorag berdi. — Men bir sözjagaz barada pikirlenýän, ony maňa siz ýatlatdyňyz… Eger-de siz akýürekli aýal bolan bolsadyňyz, ana şonda meni goýbermegi sorap ýalbarardym. Aýalyň ýüzi duw-ak boldy. — Seresap boluň! — diýip, ol duýduryş berdi. — Siziň meni öldürmäge gaýratyňyzam çatmaz — diýip, ol ýigrenç bilen gülümjiredi. — Siziň ýaly adamlar edenini edip ýören bolsalar, biziň dünýämiz hetden aşa ýürekbulanç ýer boldugy bolýar. Ýöne men sizi jezasyz galdyryp, meni deşik-deşik etmegiňize ýol berer ýaly, dünýämiz edil beýle pes ýagdaýa düşen däldir diýip pikir edýärin. Siz murdar aýal ekeniňiz, ýöne siziň betbagtçylygyňyz, siziň ruhy ejizligiňizden hem-de belli bir häsiýet ýoklugyndan ybarat. Adam öldürmek o diýen kyn iş bolmasada-da, siz ony etmäge miltem edip bilmersiňiz. Siziň oňa gaýratyňyzam çatmaz. Ol: — Aýdýan sözleriňizden seresap boluň! — diýip gaýtalady. — Size duýduryp goýaýyn, munuň soňy erbet gutarar. Çykaryljak hökümiň agyr ýa-da ýeňil boljaklygy maňa baglydyr. — Eger-de Hudaý siziň ýalylaryň temmisini bermän, haýynlyk etmeklige ýol berýän bolsa, ol nähili Hudaý bolýarka — diýip, ol birden seslendi. Düşünemok, şeýle rehimsizlik bilen görgüli adamzadyň üstünden gülmek oňa nämä gerek bolduka… Eger men hudaý bolan bolsamdym… Baş hyzmatkäriň peýda bolmagy bilen onuň gürrüňiniň arasy kesildi. — Telefona bir zada boldy hanym — diýip, baş hyzmatkär habar berdi. Simleri zaýalanandyr ýa-da başga zat. Stansiýa jogap berenok. — Onda hyzmatkärleriň birini oýaryň — diýip, ol buýruk berdi. — Ilki bilen polisiýany çagyryň, ondan soň şu ýere dolanyp geliň. Şeýdip olar ýene-de ikiçäk galdylar. — Siz meniň bir soragyma jogap berip bilersiňizmi mem? — diýip, Lýuk sowal berdi. — Siziň hyzmatkäriňiz jaň barada bir zatlar aýtdy. Men şu ýerde oturan hemme wagtymyň dowamynda sizi gözdeň sypdyrmadym, ýöne siziň jaň basanyňyzy-ha görmedim. — Eý akmak, jaň stolyň aşagynda-dy! Men ony aýagym bilen basdym. — Minnetdar mem. Men size meňzeş adamlara öňem gabat gelipdimmikäm diýip ikirjiňlenip otyrdym, indi bolsa muny anyk bilýän. Men size ynanyp ýüregimi açdym, siz bolsa haýynlyk edip, meni aldap oturan ekeniňiz. Aýal äsgermezlik bilen gülüp goýberdi. — Dowam ediberiň. Näme aýdasyňyz gelse aýdyberiň. Bu gaty gyzykly. — Siz maňa gözleriňizi oýnakladyp sereden boldyňyz. Ýüregi ýukalyk eden bolup mylaýymsyradyňyz, onsoňam jalbar däl-de ýubka geýýänligiňizden peýdalanyp meni aldadyňyz. Meniň bilen gürleşen bolup oturup, aýagyňyz bilenem jaňyň düwmesini basypsyňyz-da! Belki munuň bir bähbitli ýerem bardyr. Siziň günüňize düşenimden, meniň garyp Hýugi Lýuk bolup galanym hemem on ýyl türmede oturanym gowudyr. Siziň ýaly aýalyň bolmaly ýeriniň dowzahdygyny anyk bilýän! Dymyşlyk ara düşdi. Erkek adam aýala gözüni aýyrman seredip otyrdy. Daşyndan göräýmäge onuň bolup oturşy, aýaly öwrenýän hemem nähilidir bir karar kabul etjek bolýana meňezeýärdi. — Dowam ediberiň — diýip, aýal talap etdi. — Bir zatlar gepläp oturyň. — Bolýa mem aýtjak. Hökman aýtjak. Häzir meniň näme etjek bolýanymy bilýäňizmi? Men oturgyçdan turarynda, gapa tarap ýörärin. Men sizden sapançany alyp bilermikämem diýýän, ýöne siz samsyklyk edip sapançaň gulagyny goýberersiňiz öýdýän. Bolýa-da, ony size goýup gidýän! Haýp, gowy sapançady. Hawa men häzir gapa tarap ýörejek. Siz bolsa atmarsyňyz. Adam öldürmek üçinem gaýrat gerek, sizde bolsa ol ýok. Indi bolsa taýýarlanyň, hany göreli atyp bilermikäňiz. Men size hiç hili zyýan ýetirmerin hemem şu gapydan çykyp giderin. Men gidýän. Ol ondan gözüni aýyrmazdan, oturgyjyny süýşürdi-de ýerinden turdy. Sapançanyň gulagy ýarym gez ýokary göterildi. Olaryň ikisi-de sapança seredýärdiler. — Gatyrak basyň — diýip, ol maslahat berdi. — Entek sapançanyň gulagy ýarymyna ýetenok. Hany adam öldürjek bolup synanyşyp görüň-dä, onda ýumruk ýaly deşik ýasaň, goý onuň beýnisi siziň poluňyza syçrap gitsin. Adam öldürmek diýmeklik ynha nämäni aňladýar. Sapançanyň gulagy haýaljadan galyp başlady. Talaňçy arkasyna öwrüldi-de, howlukman gapa tarap ýöneldi. Ol Lýugyň edil arkasyndan çenäp sapançany galdyrdy. Sapançanyň gulagy iki gezek ýokary galdy, ýöne ikisinde-de atyp bilmän aşak indi. Lýuk gapa ýeteninden soň, gitmezinden öň ýene-de bir gezek yzyna gaňryldy. Ol ýigrenç bilen gülümsiräp, ýuwaşjadan, ýerli-ýerinde dogry goýup, bu aýala bolan ýigrenjiniň hemmesini siňdirip, gaty erbet paýyş sögündi. * Liwreýa — hyzmatkärleriň zolak goýlup tikilen ýörite geýimi Jek LONDON. Terjime eden: Ýazmyrat MEREDOW. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |