14:52 Bir lukma et / hekaýa | |
BIR LUKMA ET
Hekaýalar
Tom King undan taýýarlanan sousyň iň soňkuja damjasyny, iň soňkuja çörek bölejigi bilen tarelkany ýalanan ýaly ýalpyldadyp syryp aldy-da, ony uzak wagtlap, howlukman, dykgat bilen çeýnedi. Stoluň başyndan bolsa, sorkuldap ýürek-bagryňa düşüp barýan açlyk duýgusy bilen turdy. Ýogsam nahary diňe onuň ýekeje özi iýipdi ahyryn. Çagajyklaryň ikisini-de, olar düýşlerinde garynlarynyň açdygyny ýatlaryndan çykarar diýen umyt bilen, irgözinden goňşy otagda ýatyrdylar. Aýaly bolsa, nahardan hatda dadybam görmedi, diňe sesini çykarman, aladaly gözleri bilen ärine şol seretdi oturdy. Ol haly gaçan, emma özüniň mähirliligini ýitirmedik, asly işçi maşgalasyndan gelip çykan aýaldy. Sous taýýarlamak üçin uny bolsa, goňşularyndan karzyna alypdy. Iň soňky ýarym penni pula-da, çörek satyn alnypdy. Tom King özüniň agramyna şatyrdap ses eden, penjiräniň öňünde duran oturgyja çökdi-de, endigine görä, özi hem duýmazdan, şybygyny agzyna gysdyryp, elini penjeginiň gapdal jübüsine sokdy. Temmäkiniň ýoklugy, ony näme edip oturandygyna aň ýetirmeklige hem-de çaltlyk bilen özüne gelmeklige mejbur etdi. Şondan soň ol öz-özüne huşsuzlygyndan käýinip, şybygyny bir gapdalda goýdy. Onuň hereketleri dogumly däldi, hatda ebeteýsiz diýseňem boljakdy, hamana ol hut öz muskullarynyň agramyndan ýadap ysgyndan düşen ýalydy. Ol örän daýaw we deşli epeý adamdy; onuň daşky keşbi o diýen özüne çekiji däldi. Könelişen eşikleri halta ýaly asyl-asyl bolup durdy. Dargap tozup başlan aýakgabynyň aşagyna çendenaşa agyr oltaň kakylyp, hatda şolaram eýesine köp wagtdan bäri hyzmat edýänligi üçin sandan çykypdy. Bahasy iki şilling bolan köýneginiň ýakasy göwşülläp, tüýdülipdi. Ony tutuşlygyna örtüp duran tegmiller bolsa, eýýäm ýuwup arassalap bolýan ýagdaýdan ötüşipdi. Tom Kingiň näme meşgullanýandygyny, onuň ýüzünden, ýagny boksça mahsus ýüzünden ýalňyşsyz bilip boljakdy. Ringde geçirilen ýyllar, onuň ýüzünde, mydama uruşmaga taýýar bolup duran hüşgär ýyrtyjynyň keşbini tagma edip goýupdy. Bu agyr we tutuksy ýüz, göýä onuň keşbiniň hyrsyzdygyny has hem aýdyň görkezmek üçin edilen ýaly, sakgal-murtdan syrylyp arassalanylypdy. Belli bir şekilsiz dodaklary bolsa, örän gödek çyzyk emele getirmek bilen, onuň agzyny, ýüzüne düşen çapyk, ýara yzyna meňzedipdi. Uly we iri aşaky äňi öňe çykyp durdy. Pökgeren gabaklarynyň we gür gaşlarynyň astyndan seredýän gözleri haýaljakdan gymyldaýardy we misli ähli duýgulardan mahrum ýalydy. Hakykatdan-da, şübhesiz, Kingiň daşky keşbinde, aýratynam onuň tutluşyga taýýar bolup duran, göräýmäge ukuly ýaly ýolbarsyň gözlerine meňzeş gözlerinde, birhili ýyrtyja meňzeşlik bardy. Dar maňlaýy ýapgytdy, gysgajyk gyrkylan saçlarynyň astyndan bolsa, betgelşik kellesiniň her bir güberçegi aýdyň görnüp durdy. Her dürli san-sajaksyz urgular bilen iki gezek döwlen burny, egrem-bugram bolup gyşarypdy. Ýumruklanyp ýenjilmekden ýaňa, adaty ululygyndan iki esse ulalan we çişen galkan ýaly gulaklary-da, oňa asla görk bermeýärdi. Ýaňyrak syrylan dulugynda çalarak görünip başlan sakgaly bolsa, onuň derisine gögümtil öwüşgin berýärdi. Gepiň gysgasy, Tom Kingiň daşky görnüşi, nirededir bir ýerde, garaňky geçelgede ýa-da çola ýerde gabat geläýseň gorkuzyp biljek adamyň keşbine meňzeýärdi. Ýöne ol asla jenaýatkär däldi, jenaýatly etmişleri bolsa hiç haçan etmändi. Käwagt sögüşip biler, emma sögüşmek, onuň daş-töweregini gurşap alan jemgyýet üçin adaty ýagdaýdy. Umuman ol hiç kime zelel ýetirmezdi. Onuň kimdir biri bilen harçaňlaşyp, dawa-jenjel edip duranyny gören adam ýokdy. Tom King professional boksçydy, şonuň üçinem ol özüniň söweşjeň ruhuny we gahar-gazabyny tutuşlygyna, professional çykyşlar üçin aýap saklardy. Ringiň daşyndaka ol giň göwrümli hem oňşuklydy, ýaşlyk döwründe bolsa, eline pul düşse, öz aladasyny etmän, jomartlyk bilen paýlardy. Kine saklamak häsiýetinden ejir çekmeýärdi, duşmany hem azdy. Orta çykyp uruşmak, onuň eklenç serişdesidi. Ringiň içinde-kä, ol garşydaşyny ýok etmek, ony maýyp etmek, ýaralamak, zeper ýetirmek üçin elinden baryny edip, ýumruk yzyna ýumruk salardy, emma ol bu işini hiç-hili duşmançylyksyz ederdi. Ol muny özüniň adaty kesp-käri hasaplaýardy. Ýogsam näme, tomaşaçylar garşydaşlaryň biri-birini nokaut edişini görmek üçin ýygnyşýarlar, şonuň üçinem pul töleýärler. Pul baýragynyň uly bölegi ýeňijiniň paýyna düşýärdi. Ýigrimi ýyl mundan ozal, Tom King Ulumulu Gujer bilen geçirilen duşuşyga çykan mahalynda, Gujeriň äňiniň Nýukasl şäherinde bolup geçen ýaryşda döwlendigini, onuň gutulanyndan bäri bary-ýogy dört aý geçendigini bilýärdi. Şonda ol Gujeriň hut şol ýerini, ýagny äňini nyşana alyp, dokuzynjy raundda ony ýene-de döwdi. Muny şeýtmeginiň sebäbi hem, onuň Gujere bolan ýigrenç ýa-da duşmançylykly duýgusynyň bolmagy däl-de, eýsem munuň özi, Gujeri hatardan çykarmagyňam, baýragyň uly bölegini almagyňam iň amatly usulydy. Gujerem munuň üçin oňa gahar etmedi. Oýnuň kanuny şeýledi, muny olaryň ikisi-de bilýärdiler hem-de oňa eýerýärdiler. Tom King geplemezekdi. Ol penjiräniň öňünde öz ellerine gamgyn ser salyp dymyp otyrdy. Penjesiniň arka tarapyndan ýogyn, giňelen damarlary çykyşyp durdy, ýasylanan hem zaýalanan barmak bogunlary bolsa, olaryň nähili gulluk edendiklerine şaýatlyk edýärdiler. Tom King, adam ömrüniň, onuň arteriýalarynyň ömrüne baglydygy barada hiç wagt eşitmedigem bolsa, ol bu ýogyn hemem pökgeren damarlaryň nämäni aňladýandygyna juda beletdi. Onuň ýüregi çendenaşa uly basyş astynda, çendenaşa köp gan aýlamaklyga mejbur bolupdy. Indi olara öz işiniň hötdesinden gelmek başartmaýardy. Tom King, üstlerine gaty agyr meseläni çözmekligi ýüklemek bilen, olary öz çeýeligini ýitirmeklige mejbur edipdi. Indi ol tiz ýadaýardy, öňküsi ýaly, gongdan-gonga, yzly-yzyna örän çalt gelýän ýigrimi raundyň dowamynda guduzlan ýaly, bir görseň ringiň tanapyna gysylyp, ýene bir görseňem garşydaşyny özi bilen bile tanapa tarap serpikdirip, raundlaryň sanynyň artdygyça, hüjümleriniňem gazaplylygyny güýçlendirip, ahyryn, iň soňky ýigriminji raunda ýetilende bolsa, tarsa ýerlerinden turup alagykylyk edip başlan tomaşaçylaryň gohunyň astynda, şol bir wagtyň özünde ýüregiň joşup akýan gany damarlaryndan bat bilen aýlaýşyna ünsem bermän, bedeniňde bar bolan güýç-kuwwatyň, gaýratyň we okgunlylygyň hemmesini bir ýere jemläp, hüjüm etmek we batly-batly ýumruk indermeklige, urgudan sowlup ýetişmeklige çalyşmak, garşydaşynyň üstüne gaýta-gaýta üznüksiz urgulary ýagdyrmak, garşydaşdan edil şonuň ýaly üznüksiz ýagdyrylýan urgulary gaýtargysyna almak, ýumruklamak, ýumruklamak we ýene-de ýumruklamak, indi oňa başartjak däldi. Darkaş wagty çişip ulalan damarlary bolsa, birsyhly, wagtyň geçmegi bilen kiçelerdi, emma olar hemişe şol öňki kaddyny dikeldip bilmeýär, her näme-de bolsa, göze ilmeýän bilniksizlikde, öňküsinden birazajyk giňelýär. Tom King özüniň wenalaryna hem-de zaýalanan barmak bogunlaryna seredip oturyşyna, ilkinji gezek “Uelsli döw” lakamy bilen tanalýan Benni Jonsyň kellesinde barmak süňkjagazlarynyň birini kül-owram etmezinden ozal, öz elleriniň ýaşlykda näderejede birkemsiz bolandygy ýadyna düşdi. Açlyk ýene-de dil açdy. - Ah, al kakmyş diýse, näme indi bir bölejigem bolsa et tapdyrmazmyka! – diýip, hüňürdän Tom King, özüniň ullakan ýumruklaryny düwüp, ýuwaşjadan sögündi. - Men tapjak bolup synanyşdym, Berke hem, Souleýe hem, ikisine-de ýüz tutdum...- diýip, aýaly müýnli dillendi. - Bermedilermi? – diýip, Tom sorady. - Ýok, ýarym pennilik hem bermediler. Berk neme diýdi...- diýip, aýaly sakynyp, sözüni soňlaman dymdy. - Aýt indi soňuna çenli! Ol näme diýdi ahyryn? - Aý, biziň şonsuzam ondan örän köp azyk-owkat karzyna alandygymyzy, hemem şu gün agşam boljak duşuşykda Sendliň seni tüýt-müýt etjekdigini aýtdy. Tom King hüňürdedi, emma gaty-gaýrym zat diýmedi. Birdenem, özüniň ýaşlyk döwründe saklan, hemem gerk-gäbe doýýança et iýdirip sereden, “bull terrier” tohumyndan bolan iti ýadyna düşdi. Ana, şol döwürlerde-hä, Berkiň oňa ynanjagy hakdy, bifşteksi bolsa, müň sanysy gerek diýseňem nesýe bererdi. Ýöne welin, ondan bäri döwür üýtgedi. Tom King garrady, garry hemem ikinji derejeli klublardaky ýaryşlarda çykyş edýän boksçylar bolsa, dükançylardan degerli, meňki bolsun diýer ýaly nesýesine haryt almaklyga tama edip bilmeýärler. Şu gün irden Tom King birje lukma et küýsäp oýanypdy, şol islegem hiç köşeşer ýaly däldi. Üstesine-de, ol özüniň geljekki duşuşyga gatnaşmak üçin ýeterlikli türgenleşik geçip bilmändigini bilýärdi. Bu ýyl, Awstraliýada gurak ýyl boldy, iş ýagdaýy hiç kimde-de gowy däldi, hatda günlükçilik edip gazanç etmek üçinem iş tapmak aňsat däldi. Tomuň türgenleşik geçmek üçin boksçy ýoldaşy ýokdy. Onuň naharlanyşy ýaramazdy, doýýança iýýän wagty bolsa, örän seýrek bolardy. Käwagtlar yzly-yzyna ençeme gün gara işlerde işçi bolup işlemeli bolýardy, ol işem tapdyraýsa ne ýagşy. Ir bilen bolsa, iň bolmanda aýaklarynyň werziş bolmagy üçin Domen parkynyň daşyndan ylgap aýlanardy. Emma boksçy ýoldaşyň bolmasa türgenleşik geçmek kyn bolýar, üstesine-de seniň ekläp-saklamaly aýalyň hem çagajyklaryň bar bolaýsa dagy, bu ýagdaý hasam agyrlaşýar. Sendl bilen geçirilmegine garaşylýan ýaryş, onuň dükançylardan nesýesine haryt almak mümkinçiligini artdyryp bilmedi. Geýeti klubyň sekretary, oňa üç funt, ýagny ýeňlişe sezewar bolan boksça berilmeli baýragyň bölegini berdi, ondan artyk nämedir bir zat bermekden bolsa çürt-kesik ýüz öwürdi. Wagtal-wagtal Kinge, özüniň köne dostlaryndan birnäçe şilling ele salmak başardýardy; gurakçylyk bolmadyk bolsa, olar oňa köprägem karz bererdiler, gurakçylyk sebäpli olaryň özleri-de kynçylykly ýagdaýdadylar. Ýok-la, hakykaty gizlemekden ne peýda, ol ýaryşa gowy taýýarlanyp bilmedi. Gowuja naharlanmalydy, hemem gaýgy-aladanyň bolmazlygy gerekdi. Onsoňam, ýaşyň kyrka ýetensoň, ýigrimi ýaşyňdaky ýaly bolmaýar, gerekli taýýarlygy gazanmak kyn düşýär. - Sagat näçe, Lizzi? Aýaly, wagty bilmek üçin meýdançaň aňyrsyndaky goňşularyna ylgady we haýal etmän dolanyp geldi. - On bäş minudy kem sekiz. - Birinji duşuşyk ýene-de birnäçe minutdan başlanýar, - diýip, Tom öz pikirini aýtdy. – Ýöne ol diňe bir gyzyşdyrmak üçin geçirilýän duşuşyk bolar. Şondan soň Diller Uels bilen Gridliniň arasynda dört raundlyk duşuşyk, soňra Skaýlaýt bilen näbelli matrosyň arasynda on raundlyk duşuşyk bolar. Diýmek, meniň ringe çykmagyma, azyndan ýene-de bir sagat dagy bar. Ol ýene-de on minut çemesi sesini çykarman oturdy-da, ýerinden turdy. - Dogrusyny aýtsaň, Lizzi, men düzüwli türgenleşik geçibem bilmedim. King şlýapasyny eline alyp, gapa tarap ýöneldi. Ol aýalyny öpmedi, - ol ony hoşlaşygyň öň ýanynda hiç haçanam öpmezdi, - bu gün agşam welin, aýalynyň özi ony öpmeklige töwekgellik etdi, hemem boýnundan gujaklady-da, ony özüne tarap egilmeklige mejbur etdi; mähnet äriniň ýanynda ol örän kiçijik ýaly bolup görünýärdi. - Şowlulyk dileýän, Tom, - diýip, ol pyşyrdady. - Sen ony ýeňäýmeli. - Hawa, Men ony ýeňäýmeli, - diýip, ol gaýtalady. - Bu ýerde, başga aýdyp oturasy zadam ýok. Men ony ýeňäýmeli, ine bolany şol, gürrüň gutardy. Ol ýasama şadyýanlyk bilen gülüp goýberdi, aýaly bolsa, oňa öňküsindenem beter gysmyljyrady. Ol aýalynyň egniniň üstaşyry, garypja otaga ser saldy. Onuň şu dünýädäki eýelik edýän zatlarynyň hemmesi şu ýerde-di: köp wagtdan bäri kireý haky tölenmedik otag, aýaly we çagajyklar. Ol bolsa, özüniň balajyklary bilen ýassykdaşynyň iýjegini gazanmak üçin gijä ýüzüni tutup ýola düşmeli bolýar, özem, häzirki zaman işçisiniň edişi ýaly, sütüniňi süýndürýän, her gün gaýtalanyp duran şol bir işde, stanokda işlemek arkaly däl-de, ýyrtyjy haýwanyň usuly bilen, gadymy, şanly, ilkidurmuş adamlary ýaly, uruşmak arkaly gazanç etmäge gitmeli bolýar. - Men ony ýeňäýmeli, - diýip, gaýtalan Tomuň sesinde bu gezek umytsyzlyk äheňi peýda boldy. - Eger-de men üstün çykaýsam, otuz funt alaryn, bergilerimiň hemmesini üzerin, üstesine, ýene-de ep-esli pul artybam galar. Ýeňiläýsem bolsa, hiç zat, ýekeje-de penni alyp bilmerin, hatda öýe çenli tramwaýda gaýtmak üçinem pul alyp bilmerin. Bolýa-da, hoş gal, kempir. Eger ýeňäýsem, göni öýe gelerin. - Men ýatmaryn, saňa garaşaryn! – diýip, basgançakdan seredip duran aýaly, onuň yzyndan gygyryp galdy. Geýeti-kluba çenli tutuş iki mil dagy bardy. Tom King köçeden ýöräp barşyna, Täze Günorta Uelsiň agyr agramly çempionyka, geçip giden bagtly günlerinde, ýaryşlara paýtunly gidişini, onuň ýeňjegine bil baglap uly pul goýum eden kimdir biriniň paýtun üçin ýol hakyny töleýşini, ony ugradyşyny ýatlady. Ine, indem Tommi Berne bilen ýanki-negr Jek Jonson dagylar maşyn münýärler, ol bolsa pyýada süýrenip ýör! Tutuş iki mil ýoly çalt ýöräp geçmekligi, duşuşygyň edil öň ýanynda peýdaly türgenleşik diýip hasap edip bolmajakdygyny bilmeýän barmy näme. Ol garrady, durmuş bolsa, garrylara merhemet etmejekdendi. Indiden soň ol başga hiç bir zada ýarajak däldi, iň bolmanda gara işiň hötdesinden-ä gelerdi, diýlende bolsa, bu mesele-de hem oňa zyýan ýetirýän bir ýagdaý bardy, olam onuň döwlen burny we zaýalanan gulagy-dy. Arman, ol belli bir hünäriň başyny tutup öwrenip bilmedi-dä. Görşümiz ýaly, şeýle bolan bolsa gowy bolardy. Ýöne, oňa öz wagtynda şunuň ýaly maslahat berenem bolmady, onsoňam ol özüniň şol wagtlar hiç kimi diňlemejekdigini, ýüreginiň töründe bilýärdi. Durmuşda onuňky hemişe şowuna bolupdy ahyryn! Näçe gerek diýseň, çensiz köp pul, gazaply hem şöhratly tutluşyklar, ýaryşlaryň arasynda bolýan boş wagtlarda bolsa, uzaga çekýän dynç alyşlyk, bikärçilik.... el gysyşmalar... daşyňda hemişe hozanak urýan, arkaňa kakyp berekellaňy ýetirýän birtopar ýaranjaňlar... biri-birinden öňürdip, onuň bilen bäş minutlyk gürrüňdeş bolmak hormatyny gazanjak bolşup, wiski bilen hezzetleýän ýokary gatlagyň gopbamsy we öwünjeň titi işýakmazlary... Özüne çekiji we höweslendiriji şu zatlaryň hemmesiniň iň çür başynda bolsa, elbetde, guduz açan tomaşaçylar, gürrüldili el çarpyşmalar bilen tamamlanýan final, “King ýeňdi!”, diýip yglan edýän eminiň dabaralandyrmasy, ertesi güni çykýan gazetleriň sport habarlary sahypasyny onuň adynyň bezemegi bolup, olar ony hasam imrindirerdi. Hawa, nähili ajap döwür-di! Ine indi ol, özüne adat edinen endigine görä, şol döwür barada howlukman, uzak wagtlap eden oýlanmalaryndan soň, özüniň şol mahallar esasanam garrylary ýoldan pyzandygyna düşündi. Şol wagtlar ol ýaňy bir dogup barýan ýyldyzdy - Ýaşlykdy, olar bolsa ýaşyp barýan Garrylykdy. Olardan üstün çykmaklygyň kyn bolmandygy geň zat däl, munuň sebäbi, olaryň çişen damarlary, zaýalanan bogunlary, san-sajaksyz geçirilen uruşlardan ýaňa bedenlerine berk ornaşan ýadawlykdy. Ol ýöräp barşyna, Raş-Katters Beý diýen ýerde geçirilen duşuşykda garry Stouşer Billden on sekizinji raundda üstün çykyşy, soň onuň öz geýim çykarylýan otagynda edil çagajyk ýaly aglaýşy ýadyna düşdi. Şol gün, belkäm, oňa aýaly hem-de çagajyklary umyt bilen garaşandyrlar? Belki, Bill öýüniň kireý tölegini tölemekligi gijikdirendir? Belki-de, Bill şol duşuşyk bolan güni aç bolandyr hemem ölemen, bir lukmajyk et küýsändir? Garry şonda boýun egmek islemändi, ol bolsa gazap bilen onuň emini beripdi. Ine indi onuň özi hem şonuň gününe düşeninden soň, Tom King ýigrimi ýyl mundan ozal şol agşamky duşuşykda, Stouşer Billiň orta goýan goýumynyň, ýeňil düşjek pula gyzyp, şöhrat üçin ringe çykan ýaş Tomuňky bilen deňeşdirerden has ulydygyna düşündi. Şeýle bolýan bolsa, Stouşer Billiň öz ýeňlişinden soň aglamagynyň nämesi geňmişin! Hawa-da, ähtimal, her bir boksça, duşuşygyň kesgitli sanyna ýeter ýaly güýç berilýändir-dä. Urşuň demir ýaly berk kanuny şeýle. Käbir boksçylar ýüzlerçe agyr duşuşyklara döz gelip bilýär, başga biriniňki bolsa, diňe ýigrimi sanysyna ýetýär; her bir adamyň gujur-gaýraty, öz beden gurluşyna hemem hyjuwyna görä, belli bir wagta ýetýär, şol wagty-sagady geçenden soň ol gutaran adama öwrülýär. Beýlekilere garanda, Tom Kingiňki has köpräge-de ýetdi, diýip hasap etse-de bolar, onuň paýyna gazaply hem sütüniňi süýndürýän duşuşyklar köp düşdi, hut şoň üçinem, onuň ýarylaýjak bolýan ýüreginiň we öýkeniniň üstüne ýüklenen juda agyr wezipeden ýaňa, arteriýalary maýyşgaklygyndan mahrum boldy, ýaş ýigidiň gelşikli myşsalary, gaty hem bogun-bogun muskullara öwrüldi, nerwleriniň lüti çykdy, berdaşlylygyna zyýan ýetdi, gaty agyr zor salynmagynyň derdinden, bedeni hem beýnisi halys ýadady. Hawa, ol ringde beýlekilerden has uzak wagt galmagy başardy! Onuň köne ýoldaşlarynyň hemmesi ringden bireýýäm gitdiler. Ol köne gwardiýadan galan iň soňkusydy. Olar onuň gözüniň alnynda hatardan çykypdylar, hatda köpüsiniň gitmeginde onuň hut öz eli hem bardy. Ony garrylaryň garşysyna çykarardylar, ol bolsa olaryň hemmesini yzly-yzyna ýolundan pyzypdy, haçan-da garry Stouşer Bill ýalylar, geýim çykarylýan otagda aglanlarynda bolsa, olaryň üstlerinden gülüpdi. Indi bolsa, onuň özem garrady, onuň garşysyna çykarylýan ýaş ýigitlerem onuň üstünde öz güýçlerini synap görýärdiler. Ynha, iň bolmanda şu ýaş ýigit Sendl hem muňa mysal bolup biler. Ol özüniň eýýäm şöhrat gazanan ýeri bolan, Täze Zelandiýadan geldi. Ýöne ol barada bu ýerde, Awstraliýada hiç kim hiç zat bilmeýär, indem ony garry Tom Kingiň garşysyna çykarýarlar. Eger-de Sendl özüni görkezip bilse, onda oňa has güýçlüräk garşydaş bererler, baýragyny-da artdyrarlar, şonuň üçinem, bu gün onuň iň soňkusyna çenli gidişjekdigine şek-şübhe bolubam bilmez. Ýogsam näme, ol şu duşuşykda, birwagtyň özünde hemme zat - pul, şöhrat, mertebe gazanyp biljekdi ahyryn. Şol baýlyga hem şöhrada eltýän giň ýolda böwet bolup, çal hem garry King durdy. Tom King bolsa, mundan beýläk hiç zadam utup bilmez, ýeňäýse-hä otuz funt gazanar, olam öý eýesi hem-de dükançylar bilen hasaplaşmaga gider. Haçan-da ol şu barada oýlananda, onuň alňasamazak beýnisinde, çeýe myşsaly, derisi ýüpek ýaly, ýadawlygyň nämediginem bilmeýän sagdyn ýürekli we öýkenli, şadyýan hem ýeňilmezek, şöhle saçýan Ýaşlygyň; güýjüni aýap saklaýanlaryň üstünden gülýän Ýaşlygyň keşbi peýda boldy. Hawa, Ýaşlyk – bu bir Nemezida ahyryn! Ýaşlyk, şeýle etmek bilen, öz-özüni hem ýok edýänligi barada pikirem etmezden, garrylary ýok edýär. Onuň arteriýalary çişýär, barmak bogunlary mynjyraýar, şeýdibem, günleriň bir güni, öz gezeginde onuň özüni-de, ýeňilmezek Ýaşlyk ýok eder. Ol Kesrli-strit köçesiniň çatrygyna ýetdi-de, çepe sowuldy we ýene-de üç kwartal geçip, Geýeti kluba ýetdi. Girelgede dikilgazyk bolup üýşüp duran garagol ýaşlar, hormat bilen onuň öňünden sowlup ýol berdiler, ol öz yzyndan olaryň: - Bu şol! Bu Tom King! - diýen sözlerini eşitdi. Geýim çykarylýan otaga gidip barýarka, gözleri oýnaklap duran, tilki tumşuk ýaş ýigide - sekretara gabat geldi; ol onuň bilen elleşdi. - Tom, ýagdaýlaryňyz niçik? - diýip, ol Tomdan sorady. - Ajaýyp! Edil hyýar ýaly terje! – diýip, King jogap berdi. Ýogsam, ýalan sözleýändigini, şu wagt jübüsinde funt sterling bolaýanlygynda, ony ikirjiňlenmän, gowuja bir bölejik et üçin bermäge taýýardygyny bilipjik durdy. Haçan-da, ol geýim çykarylýan otagyndan çykyp, özüniň sekundantlarynyň ugratmagynda, oturgyçlaryň arasyndan geçýän geçelgeden zalyň merkezindäki daşy tanap bilen germew edilen dörtburç meýdança tarap ýöräp başlanynda, garaşyp halys ýadan tomaşaçylar ony gürrüldili el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Tom King, ýüzüniň ugruna hem saga, hem çepe tarap baş egip salamlaşyp barşyna, oturanlaryň arasynda tanyş ýüzleriň azdygyna göz ýetirdi. Tomaşaçylaryň agramly bölegi gögele ýaşlardan ybaratdy. Tom Kingiň ringe çykyp, ilkinji ýeňişleri gazanyp başlan döwürlerinde, olar entek dünýä-de inmändiler. King tanapyň aşagyndan egilip geçip, ýeňillik bilen boks meýdançasyna atylyp çykdy-da, öz burçunda duran eplenýän oturgyja özüni goýberdi. Emin Jek Boll, onuň elini gysmak üçin oňa tarap ýöneldi. Boll, ringi bireýýäm taşlan boksçy-dy. Onuň çykyş etmeýänine on ýyldanam köpräk wagt bolupdy. Bolly emin belländikleri, Kingi begendirdi. Olaryň ikisi-de garrylardandy. Bolla bil baglap boljakdygyny Tom bilýärdi. Ol Sendl babatynda hatda düzgüni bozubrak bir emel edäýeninde-de, Boll oňa temmi berip durmaz. Ýaş agyr agramly boksçylar biri-biriniň yzyndan meýdança galyp başladylar. Emin bolsa tomaşaçylary olar bilen tanyşdyryp, şol bada-da olaryň näçe goýum goýandyklaryny yglan edýärdi. - Demirgazyk Sidneýli ýaş Pronto,- diýip, Emin gaty gygyryp yglan etdi, - ýeňijini duşuşyga çagyrýar. Elli funt goýum goýýar! Tomaşaçylar el çarpyşdylar. Haçan-da Sendl, tanapdan aşyrylyp geçip, öz burçunda jaýlaşykly oturanynda, tomaşaçylar onam el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tom King öz garşydaşyny bilesigelijilik bilen synlady. Ynha ýene-de birnäçe minutdan, olar gazaply darkaşda garpyşarlar, hemem olaryň her biri, beýleki birini, huşuny ýitirýänçä urmak, ýençmek we bir ýerini döwmek üçin elinde baryny eder. Emma Sendli gowuja synlamak, oňa başartmady, sebäbi, olam, edil onuň özi ýaly, sport eşikleriniň üstünden uzyn jalbar we jemper geýipdi. Sendliň ýüzi merdana hem görmegeýdi, altyn öwüşginli buýra-buýra saçlary maňlaýyna seçelenip düşüp durdy, berdaşly, muskullak boýny, onuň biçak uly güýç-kuwwatyndan habar berýärdi. Ýaş Pronto, garşydaşlar bilen elleşmek üçin ilki bir burça, soň beýleki burça geçdi we ringden böküp düşdi. Ýaş boksçylar, özleri bilen ýaryşa çagyryp ringe çykmalaryny dowam edýärdiler. Entek özüni tanadyp ýetişmedik, emma hyjuwy joşup möwç urýan, ýeňiji bilen çalasynlykda hem gaýratlylykda güýç synanyşmaklyga taýýardyklaryny älem-jahana jar etmeklige howlugyşýan ýaş ýigitler, biri-biriniň yzyndan tanapyň aşagyndan geçip ringe çykýardylar. Birnäçe ýyl mundan ozal, şan-şöhradyň çür depesine çykan, ýeňilmezek Tom King üçin, duşuşygyň öň ýanynda geçirilýän şunuň ýaly dabaralaryň hemmesi, gülkünç hem ýürekgysgynç bolup görnerdi. Indi bolsa, ol bu synlap oturan Ýaşlyk dabarasyndan gözlerini dem salymlygam aýryp bilmän, jadylanan ýaly bolup seredip otyrdy. Bu eýýämden bäri heňňama öwrülip giden däp ýaly adaty ýagdaýa öwrülipdi. Boks älemine ýaňyrak gadam uran ýaş ýigitler, yzly-yzyna ringe çykyp, hemmeleri duşuşyga çagyrýardylar. Garrylar bolsa, ýeňlişe sezewar bolup, olaryň öňünde baş egerdiler. Ýaşlar, şan-şöhrat belentligine, edil merdiwandan dyrmaşýan ýaly, garrylaryň depesinden basyp galýardylar. King žurnalistleriň oturan ložasyna nazar aýlady hem-de “Sportsmenden” gelen Morgan bilen, “Referiden” gelen Korbette baş atdy. Soň öz sekundantlaryna, Sid Selliwen bilen Çarli Beýtse ellerini uzatdy. Olar oňa elliklerini geýdirdiler we ilki bilen Kingiň bogunlaryndaky sargylary, bir kemçilik tapjak bolýan ýaly ynjyklyk bilen barlan Sendliň sekundantlarynyň biriniň üns berip seredip duran nazary astynda gaty çekip daňdylar. Kingiňem sekundanty, Sendl babatynda edil şonuň ýaly wezipesini ýerine ýetirdi. Sendliň jalbaryny çekip çykardylar, ol ýerinden turdy, onuň jemperini çykardylar, ana şonda Tom Kingiň öňünde, ýylmanak derisiniň astynda berdaşly muskullary edil janly ýaly iki ýana oýnaklaýan, döşleri gapak ýaly, Ýaşlygyň janly nusgasy peýda boldy. Bu bedende gujur-gaýrat gaýnap joşýardy. Onuň entekler öz terligini ýitirmänligini, güýç-kuwwatyny, uzaga çekýän hemem sütüniňi süýndürýän, her gezegem Ýaşlykdan ömür paýyny gädip alýan duşuşyklarda der damjalary bilen ýitirmeklige ýetişmänligini, Tom King gaty gowy bilýärdi. Garşydaşlar biri-birine tarap ýöneldiler; gong sesi ýaňlandy, sekundantlar eplenýän oturgyçlary öz ýanlary bilen alyp aşak böküp düşdüler. Tom King bilen Sendl elleşdiler-de, adatça bolşy ýaly, bokçylara mahsus deslapky duruş ýagdaýyny eýelediler. Sendl, edil sazlaşykly işleýän polat mehanizme hem-de pružine meňzäp, bada-bat hüjüme geçdi, öňe ädim uran aýagynyň üstüne bütin göwresiniň agramyny berip batly ýumruk saldy, soňam yza çekilen ýaly etdi-de, ýene-de öňe topulyp şol hereketini gaýtalady we çep eli bilen Tomuň gözüne doňdurdy, sag eli bilen bolsa gapyrgasynyň aşak ýanyndan urgy geçirdi, gaýtargy urgynyň geçirilmeginden ätiýaç edip aşak egildi-de, edil tans edýän ýaly, çaltlyk hem ýeňillik bilen böküp yza çekildi, ýene-de çaltlyk bilen öňe okduryldy-da, ellerini gezekli-gezegine salgap, haýbatly hem haýykdyryjy hüjümini gaýtalady. Ol öz hereketlerini çalasyn hemem ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Bu tomaşa oturanlaryň hemmesini haýranlar galdyrdy. Tomaşaçylaryň hyjuwdan hem joşgundan doly gykylygy zaly ýaňlandyrdy. Her niçiksi bolanda-da, bu tomaşa Kingiň gözüni gamaşdyryp bilmedi. Onuň ýaş boksçylar bilen geçiren duşuşyklarynyň hetdi-hasaby ýokdy ahyryn. Şonuň üçinem ol, şuňa meňzeş örän çalasyn hem ýeser urgularyň bahasynyň nämä durýandygyna juda beletdi. Megerem, Sendl duşuşygy çalt tamamlamaklygy niýet edinen bolsa gerek. Elbetde, Tom King ondan hut şuňa-da garaşýardy. Ynha Ýaşlyk näme edýär, ýeňiş gazanmaga bolan teşneligi bilen, çäksiz güýjüne buýsanyp garşydaşyny gysyp, gazaply çakňyşyklarda edil guduzlan ýaly zarba bilen hüjüm edip, edil şonuň ýaly özüne edilýän hüjümlere gaýtawul berip, özüniň ajap kämilliginiň hemem deňsiz-taýsyz rüstemliginiň gadyryny bilmän, ony bisarpa tutup ýeliň ugruna sowrup goýberýär. Sendl - ýeňilaýak, gany gyzgyn, haýran galdyrýan muskullary, bedeniniň ap-aklygy bilen ýalkym saçýan bu janly gudrat, hem hüjüm edýärdi, hem yza çekilýärdi, tolkunda çaýkanýan gaýyk ýaly gaýdyrylyp hem towsaklap, bir görseň ol ýerden, bir görseňem başga ýerden zompa çykýardy. Ol müňlerçe emellerini başyndan ahyryna çenli biri-biri bilen çatyp, örüp, olary göz gamaşdyryjy hüjüme öwrüp, şan-şöhrada tarap barýan ýolunda böwet bolup duran Tom Kingi ýok etmeklige gönükdiripdi. Tom King bolsa oňa sabyrlylyk bilen döz gelýärdi. Ol öz işini gowy bilýärdi. Ine indi, özünden eýýäm ýaşlyk geçip gideninden soň, Ýaşlygyň nämedigine düşünip galdy. Häzirki ýagdaýda, garşydaşyň ysgyndan gaçýança garaşmakdan başga alaç ýokdy. Şuny ýüregine berk düwen Tom, kinaýaly gülümsiredi-de, güýçli urgynyň öz kellesiniň süýr depesinden düşmegi üçin bilgeşländen egildi. Elbetde bu emel namartja-dy, ýöne boksyň düzgünleri boýunça gadaganam däldi. Her boksçy öz barmaklaryny özi goramaly, eger-de garşydaşyň özi erjellik bilen, seniň depäňe ýelmemeklige çalyşýan bolsa, onda goý ol özünden görsün. Ýogsam King biraz aşagrak eglip urgydan gaçybam biljekdi, ýöne ol özüniň ilkinji duşuşyklaryny, ilkinji gezek Uelsli döwüň kellesinde barmak süňkjagazlaryny mynjyradyşyny ýatlady. Ine indi ol öz garşydaşyna garşy hut şol emeli ulanýar. Bu emel, Sendliň öz barmaklaryny Tomuň kellesinde mynjyratmagy üçin niýetlenipdi. Muny Sendl gyzgynyna aňşyrmazam, ol öňküsi ýaly Tomy äsgermezlik edip, ýene-de we ýene-de şunuň ýaly güýçli urgylary bilen duşuşygyň ahyryna çenli urmagyny döwam etdirer. Emma haçan-da bolsa bir wagt, uzaga çekýän duşuşyklaryň ýakymsyz täsiri duýlup başlanda, Sendl yzyna, geçen döwrüne ser salyp, öz barmaklaryny Tom Kingiň kellesinde mynjyradanlygyna öküner. Tutuş birinji raundda diňe Sendl hüjüm etdi, tomaşaçylar zaly bolsa, onuň güýçli apy-tupana meňzeýän hüjümleriniň ýyldyrym kimin çaltlygyna haýranlar galyp güwwüldeýärdi. Ol yzy üzülmeýän urgularyny zarba bilen yzly-yzyna ýagdyrýardy, King bolsa oňa jogap bermeýärdi. Ol diňe gorandy, urgulary blokirledi, egildi, sowuldy, hüjümlerden halas boljak bolup klinç emelini ulandy, garaz ýeke ýumrugam salmady. Ol haýaljakdan hereket edýärdi, käwagtjyk ýalandan öňe sürünen bolýardy, güýçli urgy degeninde bolsa, diňe kellesini silkeläp goýberýärdi. Tom bir gezejigem towsaklamady, ýagdyrylýan urgylardan böküp yza çekiljek ýa-da gapdala sowuljak bolmady, güýjüniň ýekeje damjasyny-da sarp etmedi. Goý, Sendliň gaýnap joşýan Ýaşlyk köpürjigi çöküşibersin, oňa çenli eserdeň Garrylyk oňa nähili gaýtawul bermelidiginiň gamyny iýer. Kingiň hemmeje hereketleri ölçegli hemem haýaldy, agyr gabaklarynyň örtüp duran gözleri hemem doňup galan ýaly garaýşy bilen, ol urlup seňseledilen ýa-da ýarym ukudaky adama meňzeýärdi. Emma gözleri welin hemme zady görýärdi. Ringde geçirilen ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda onuň gözleri hiç bir zady sypdyrmazlyga endik edipdi. Urgy garşylanynda gözleri süzülmeýärdi, olarda gorky uçguny ýalpyldamaýardy, olar garşydaşynyň her bir ädimini, onuň bilen aralykdaky uzaklygy ölçäp durşuna sowukganlylyk bilen seredýärdiler. Tom King, raund tamamlananyndan soňky bir minutlyk arakesmede öz burçunda dynç alyp otyrdy. Sekundantlary bolsa onuň derini süpürip, ýüzüni ýelpeýärdiler. Ol aýaklaryny uzadyp, ellerini giňden gerip, tanapyň üstüne taşlap, tutuş göwresi hem garny bilen haş-haşlap agyr dem alyp oturyşyna, gözlerini ýumup tomaşaçylar tarapdan gelýän sesleri dykgat bilen diňleýärdi. - Sen näme üçin gaýtawul bereňok, Tom? – diýip, käbir tomaşaçylar gygyryşýardylar. – Näme ondan gorkýarmyň? - Onuň endam-jany guruşyp gidipdir ahyryn! – diýip, birinji hatarda oturanlaryň biri seslendi. - Ol mundan çalt hereket edip bilmez. Sendliň peýdasyna, bir funtyň garşysyna iki funt goýýan! Gong sesi ýaňlandy. Garşydaşlar öz burçlaryndan turdylar. Çaltrak başlamaga howlugýan Sendl olaryň arasyndaky aralygyň dörtden üç bölegini geçdi, King bolsa özüniň has az ýöremeli boljakdygyna begendi. Sebäbi bu onuň öz güýjüni tygşytlamak üçin oýlap tapan taktikasyna ylaýykdy. Ol gowy türgenleşik geçip bilmedi, doýa garna naharlanmady, şonuň üçinem ol her bir ädimini tygşytlamalydy. Onsoňam ol eýýäm ringe çenli iki mil ýoly pyýada geçipdi! Bu raundda-da üýtgän zat bolmady. Sendl edil geçen raunddakysy ýaly, göýä tupan turan ýaly bolup garşydaşyna topuldy, näme üçin Kingiň garşylyk görkezmeýändigine akyl ýetirip bilmeýän tomaşaçylar bolsa gaharly gygyryşdylar. Bir-iki gezek gowşajyk hemem netijesiz ýumruk salandygyny we ýalandan topulan bolup öňe sürünendigini hasaba almasaň, Kingiň eden zady bolmagy. Ol diňe egildi, sowuldy, urgulary blokirledi, klinçe girdi. Sendl bolsa duşuşygy güýçli depgine geçirmeklige mejbur etjek bolýardy, köp ýyllyk tejribesinden pähim alan King beýle töwekgelçilige ýol berip biljek däldi. Ol öz güýjüni aýawly saklamaklygy dowam etdirýärdi, tutluşyklarda çapym-çapym edilen ýüz keşbinde bolsa, nähilidir birhili gamgyn dabaraly hem kinaýaly gülümsireme görünýärdi. Ýaş Sendl bolsa, ýaşlyga mahsus bolan soňuny saýmazlyk edip, güýjüni biderek ýele sowurýardy. Ringiň ussady King, ringde geçirilen köp sanly agyr duşuşyklarda kämilleşen pähim-paýhasa eýedi. Ol alňasaman hereket etmek bilen, öz erkini bir sekuntjygam ýitirmän, sowukganlylyk bilen Sendliň her bir hereketini gözden sypdyrmazlyga çalyşýardy, onuň söweşjeň hyjuwynyň sowaşmagyna garaşýardy. Tomaşaçylaryň köpüsi üçin King öňki ussatlygyny ýitiren hem çendenaşa gowşak ýaly bolup görünýärdi. Şonuň üçinem olardan, Sendliň peýdasyna, bir funtyň garşysyna üç funt goýýan, diýip gygyryşýanlary hasam köpeldi. Emma, Kingiň gümansyz ýeňjekdigine ynanýan adamlar o diýen köp bolmasa-da, öňki Kingi tanaýan we jedeli kabul edýän käbir köpi görenlerem tapyldy. Üçünji raundam, edil öňküleri ýaly başlandy, işeňňirlik görkezýän Sendliň ýeke özüdi, ol yzyny üzmän hüjüm edýärdi. Haçan-da, özüne göwnüýetijilik duýgusyndan gözi gapylan Sendl goranmagy ýadyndan çykaran wagty, raundyň başlanyndan eýýäm ýarym minut ýaly geçipdi. Hut şu pursada sabyrlylyk bilen köp garaşan Kingiň gözleri uçganaklady, şol bada onuň sag eli batly urgyny ýelmäp goýberdi. Ine şuňa, ilkinji hakyky urgy diýseň boljakdy. Has hem zabun bolmagy üçin tirseginden ýarym epilen eli bilen gapdal tarapdan urlan, bütin göwresiniň agramy berlip güýçlendirilen, ýarym aý şekilindäki bu urga “huk” diýilýärdi. Daşyndan seretseň ukuda ýatan ýaly bolup görünýän ýolbarsyň berbat ediji penjesi ýyldyrym çaltlygynda süýnüp gitdi. Sendl, gulagynyň düýbüne gapdalyndan gelip degen bu urgydan, edil gassaphana soýmak üçin getirilen öküz ýaly, ýere agdarylyp düşdi. Muňa haýranlar galan tomaşaçylar agyzlaryny öweldip galdylar. Hormat goýujy äheň duýulýan makullaýjy pyşyrdaşma bolsa, zalyň içinde tolkun atyp ýaýrap gitdi. Görlüp oturylsa, bu garry, muskullarynyň guruşmagyndan hem gowuşgynsyzlygyndan ejir çekmegä beýle-de dursun, gaýtam, ol sag eli bilen uranynda, demirçiniň ýekedabany degeninden enaýy boljak däl ekeni! Sendl seňseledilipdi. Ol ýerinden turmak üçin öwrüldi, emma hasap açan eminiň sanap bolmagyna çenli garaşmagyny aýdyp gygyryşan sekundantlar ony sakladylar. Ol bir dyzynyň üstüne galyp, eýýäm turmaga taýýar bolup garaşyp durdy, emin bolsa onuň gulagynyň ýanynda gaty sesi bilen gygyryp sekunt sanaýardy. Dokuzynjy sekuntda ol eýýäm tutluşyga taýýar bolup ýerinden durdy, ony synlap duran Tom King bolsa, ýaňky urgynyň bir dýum aşagrak, onuň edil eňeginiň aşagyndan degmändigine gynandy. Ana şonda-ha hakyky nokaut bolardy, olam jübüsi otuz funt pulluja aýalynyň hem çagajyklarynyň ýanyna arkaýyn gidip bilerdi. Degişli üç minudynyň tamamlanmagyna çenli bu raund dowam etdi. Megerem, Sendl-de ilkinji gezek öz garşydaşyna bolan hormat duýgusy dörän bolsa gerek. King bolsa şol ilkibaşdaky ýagdaýa geçdi, onuň gözleri hem ýüz keşbi, ýene-de öňki, ukuly ýaly kaddyna gaýdyp bardy. Haçan-da, sekundantlaryň tanapyň aşagyndan sümülip geçmeklige taýýarlanyp, ringiň ýanyna gelip çommalyp oturanlaryny göreninde, King, raundyň tamamlanyp barýandygyna düşündi we darkaşy öz burçuna tarap gönükdirip başlady. Gong sesi ýaňlanan badyna ol eýýäm oturgyja özüni goýberipdi, edil şol bir wagtyň özünde Sendl öz burçuna barmak üçin bütin meýdançany gyýalap kesip geçmeli bolýardy. Göräýmäge bu bir ownujak zat ýalydy, ýöne şol ownujak zatlar jemlenip hemmesi birlikde ähmiýetli bir zada öwrülýärdi. Sendl artykmaç ädim ätmeklige hem-de dynç almak üçin berilýän gymmatly wagtynyň bir bölejigini we azajygam bolsa güýjüni sarp etmeklige mejbur bolýardy. Her raundyň başynda King öz burçundan öňe haýaljakdan gymyldap ýöreýärdi, şeýtmek bilen ol öz garşydaşyny aralygyň köp bölegini geçmeklige mejbur edýärdi. Raund tamamlanyp barýarka bolsa, ol özüni bada-bat oturgyja goýberer ýaly, darkaşy öz burçuna ýakynraga golaýlatmak üçin hile edýärdi. Ondan soňky raundlaryň ikisinde-de, King öz güýjüni öňküsi ýaly aýawly tutdy, Sendl bolsa güýjüni bisarpa tutmagyny dowam etdi hem-de duşuşygy çaltrak tamamlamaklyga synanyşdy. Şonda Kinge hasam agyr düşdi, sebäbi onuň üstüne ýagdyrylan tükeniksiz urgylaryň esli bölegi nyşana degipdi. Her näme-de bolsa, King erjellik edip passiw bolmagyna galdy, ýogsam ýaşlaryň gohundan ýaňa zal güwwüldeýärdi, käbir kellesi gyzanlar bolsa, onuň uruşmagyny hem gaýtawul bermegini talap edip gygyryşdylaram. Altynjy raundda Sendl ýene-de hata goýberdi, onsoň ýene-de Kingiň howply sag eli ýylpyldap gitdi, ýene-de äňine urgy degen Sendle dokuz sekunt sanaldy. Ýedinji raundda Sendliň eýýäm öňküligi ýokdy; ol agyr hem deňsiz-taýsyz tutluşyga girendigine düşündi. Dogry, Tom King garrydy, emma oňa ýekeje gezegem şunuň ýaly garry bilen güýç synanyşmak miýesser etmändi; ol hiç haçan erkini ýitirmeýärdi, goranmaga gezek gelende haýran galdyryjy derejede ussatdy, onuň urgysy degende bolsa agyr tokmak degen ýaly edýärdi, özem onuň her ýumrugynda bir sany nokaut gizlenip ýatan ýalydy. Şeýle-de bolsa, King has ýygy hüjüme etmeklige ýürek etmeýärdi. Ol barmak süňkjagazlarynyň duşuşygyň soňuna çenli çydap bilmegi üçin her bir urgynyň hasaply bolmalydygyny bilensoň, özüniň zaýalanan barmak bogunlary barada ýekeje minut hem ýadyndan çykarmaýardy. Öz burçundan meýdançanyň beýleki tarapynda oturan garşydaşyna seredip oturyşyna, ol birdenkä, Sendliň ýaşlygy bilen onuň hut özüniň tejribesi birleşdirilse, agyr agramly dünýä çempionyny berip biljekdigi baradaky pikiri aňynda aýlady. Emma munuň düýp özeni-de hut şunda-dy: dünýä çempiony bolmak Sendle hiç haçan başartmaz. Şu wagt oňa tejribe ýetenok. Tejribäni bolsa, ol diňe öz juwanlygyndan geçip gazanyp biljekdi. Haçanda ony gazananynda bolsa, ýaşlyk eýýäm yzda galjakdy. King özüniň tejribesi arkaly gazanylan ussatlygynyň ähli artykmaçlaryndan peýdalanýardy. Ol klinçe girmek mümkinçiligini bir gezegem sypdyrmady, özem hemişe diýen ýaly, onuň eginleri garşydaşynyň gapyrgasyny mäkäm basyp döwere getiripdi. Boksda şeýle bir filosofiýa bar: haçanda garşydaşyňa zeper ýetirmeli bolanynda, egin bilen ýumrugyň peýdasy deň derejeli bolýar, emma güýç tygşytlamak babatynda, egin şübhesiz artykmaçlyga eýedir. Onsoňam King klinçlerde dynç alýardy, göwresiniň tutuş agramyny garşydaşynyň üstüne taşlaýardy-da, göwünsizlik bilenem buýtar-suýtar edip aýrylaşýardy. Munuň üçin her gezek eminiň goşulyşmagy gerek bolýardy. Emin olary, entek dynç almaklygyň gadyryny bilmeýän Sendliň hut özüniň kömegi bilen biri-birinden aýyrýardy. Sendl bolsa şunuň ýaly pursatda özüniň okgunly ellerini hemem oýnaklaýan muskullaryny işe girizmän durup bilmeýärdi. Haçan-da King egni bilen Sendliň gapyrgasyna güýçli urup hemem kellesini onuň çep eliniň aşagynda gizläp klinçe gireninde, Sendl hemişe diýen ýaly sag elini özüniň arkasyna geçirip, onuň goltugynyň astyndan somalyp çykyp duran Kingiň ýüzüne urýardy. Elbetde bu ýeserje hemem tomaşaçylary haýran galdyrýanja emeldi. Emma ol howply däldi, şonuň üçinem biderek güýç sarp edilmegine getirýärdi. Bu urgulara tutanýerlilik bilen döz gelýän King bolsa ýaňsyly ýylgyrýardy. Ynha Sendl sag eli bilen Kingiň gapyrgasynyň astyndan güýçli urgy sugşurdy. Gapdalyndan seretseň, şu gezek King degerlije almytyny alan ýaly bolup görünmegi mümkindir. Emma şunuň ýaly boks duşuşyklarynyň hemişelik tomaşaçylaryna öwrülip gidenleriň käbiri, Kingiň çep eliniň garşydaşynyň bisepsine , urgynyň edil öňüsyrasynda çeýelik bilen galtaşmagynyň nähili bahasynyň bardygyny gowy bilýärdiler. Dogry Sendliň her bir urgusy nyşana degýärdi, emma her gezek onuň bisepsine Kingiň elliginiň galtaşmagy, şol urgynyň güýçli bolmagyndan mahrum edýärdi. Dokuzynjy raundda Kingiň tirseginden epilen sag eli bir minudyň dowamynda Sendliň äňine üç gezek doňduryp ýetişdi. Şol urgularyň üçünjisinde Sendl bütün göwresiniň agramy bilen poluň üstüne gürpüldäp düşdi. Onsoň ýene-de degişli dokuz sekunt sanalanyndan soň, seňseledilen, emma entekler güýjüni ýitirmedik Sendl aýak üstüne galdy. Şeýle-de bolsa, ol öňki okgunlylygyny mese-mälim ýitirdi. Ol indi has hem hüşgärligi elden bermezlige çalşyp başlady. Onuň ýüzi hyrsyzlandy, emma ol öňküsi ýaly özüniň esasy kapitaly bolan ýaşlygyna bil baglaýardy. Kingiň esasy kapitaly bolsa elbetde tejribesidi. King özünden güýjüniň gidýänligini hemem söweşjeň ruhunyň gowşaýanlygyny duýaly bäri, olaryň ornuny, köp ýyllaryň dowamynda geçirilen tutluşyklarda gazanylan paýhaslylyk, mekirlik we güýjüni tygşytlamak endigi bilen çalyşdy. Ol diňe bir artykmaç hereket etmezlikden başga-da, şol bir wagtyň özünde garşydaşyny ýadatmaklygy hem öwrendi. Ol özüniň aýaklarynyň, elleriniň we göwresiniň hileli hereketleri bilen gaýta-gaýta garşylyklaýyn hüjüme geçip, Sendli böküp yza çekilmeklige, gapdala sowulmaklyga mejbur edýärdi. King dynjyny alýardy, ýöne Sendle bir pursatlygam dynç aldyrmaýardy. Garrylyk strategiýasy şunuň ýalydy. Onunjy raundyň başynda King Sendliň hüjümlerine çep eli bilen ýüzüne göni urgy urup gaýtawul berip başlady, Sendl bolsa ätiýaçlygy elden bermän, çep eli bilen gorandy, sag eli bilenem Kingiň kellesinden çenäp, gapdallaýyn, uzak aralykdan urýan urgylary bilen jogap berdi. Bu urgy, has uzak aralykdan urmaly bolýandygy üçin aýgytly netije berip biljek däldi. Emma, her näme-de bolsa, haçan-da şu urgylaryň biri ilkinji gezek degeninde, King birwagtky, özüne tanyş duýgyny başyndan geçirdi, göýä nähilidir birhili gara perde bilen beýnisi örtülen ýaly boldy. King bir pursatlyk, has takygy, göz açyp ýumasy salymlyk özüni ýitirdi. Garşydaşy gözden gaýyp boldy, onuň arka tarapyndaky gözlerini dikip oturanlaram ýitirim boldy; ýöne ol köp wagt geçmänkä özüne gelip, garşydaşyny-da, tomaşaçylar zalyny-da gaýtadan görüp başlady. Ol misli sähelçe wagtlyk uka giden ýaly boldy, şol wagtyň özünde-de gözlerini açdy. Bu pursatyň örän gysga bolandygy üçin King hatda ýykylybam ýetişmedi. Tomaşaçylar diňe onuň yranyp gidenini görüp galdylar, onuň dyzlary epildi, ýöne ol bada-bat özüni rastlady we alkymyny has hem aşak edip, çep eli bilen gorandy. Sendl Kingi ýarym seňseledilen ýagdaýda saklap, bu urgusyny birnäçe gezek yzygiderli gaýtalady. Şonda King öňkülerden tapawutlanýan hem-de birwagtyň özünde garşylyklaýyn hüjüm etmeklige mümkinçilik berýän goranyş usulyny oýlap tapdy. Garşydaşynyň bar ünsüni özüniň çep eline çekip, ol ýarym ädim yza çekildi-de, şol pursadyň özünde güýjünde baryny edip, sag eli bilen apperkot sugşurdy. Örän takyk çenelip göni urlan bu urgy, Sendl ýaňy bir çalaja eglen wagtynda, onuň gönümel ýüzüne degip, Sendli dik ýokarlygyna zyňyp goýberdi. Sendliň kellesi hem egni tarkyldap pola degdi. King bu emelini iki gezek gaýtalady, şondan soň güýjüni aýap saklamagyny bes edip, garşydaşyny tanapa tarap gysyp, onuň üstüne yzy üzülmeýän urgularyny ýagdyryp başlady. Ol orunlaryndan atylyp turan tomaşaçylaryň güwwüldisiniň hem gök gürrüldeýän ýaly dowamly el çarpyşmalarynyň astynda ýumruk yzyna ýumruk sugşuryp, Sendli özüne gelmäge we demini dürsemäge goýmady. Emma welin, Sendliň güýji hem çydamlylygy ajaýypdy, hut şol mynasybetli ol henizem ýykylman saklanyp durdy. Nokaut boljaklygy gutulgysyz ýaly bolup göründi. Soňunyň erbetlik bilen gutaraýmagynyň mümkinligini gören polismen, tutluşygy saklatmak niýeti bilen meýdançanyň golaýyna geldi. Edil şol wagt ýaňlanan gong sesi, raundyň gutarandygyndan habar berdi. Yraň atyp öz burçuna ýeten Sendl, polismene öz ýagdaýynyň ýerbe-ýerdigini ynandyrmaklyga çalyşdy. Muny subut etjek bolup, ol iki gezek dagy duran ýerinde ýokarlygyna bökübem görkezdi. Diňe şondan soň polismen oňa ynandy. King öz burçunda agyr-agyr dem alyp arkan gaýyşyp otyrdy. Ol ruhdan düşüpdi. Eger-de tutluşyk togtadylyp, bes etdirilen bolsa-dy, emin öz çözgüdini onuň peýdasyna çykarardy, onsoň baýragam onuňky bolardy. Ol Sendl-den tapawutlylykda, bu duşuşyga şan-şöhrat ýa-da abraý üçin däl-de, otuz funt puluň hatyrasyna çykypdy. Indi etjek alajyň ýok, sebäbi Sendl şujagaz dynç alynýan minudyň dowamynda özüni dürsäp ýetişer. “Ýaşlyk özüniňkini sypdyrmaz!” - diýen pikir birden Kingiň kellesinde peýda boldy. Şonda özüniň bu sözleri ilkinji gezek, Stouşer Billi öz ýolundan pyzyp goýberen agşamynda eşidendigi ýadyna düşdi. Muny oňa tutluşykdan soň wiski hödürlän bir frant, Kingiň egnine kakyp: “Ýaşlyk özüniňkini sypdyrmaz!”, diýip aýdypdy. Frant mamla bolup çykdy. Uzaklarda galan şol agşam, King ýaşdy. Bu günki-gün bolsa şol Ýaşlyk, onuň öz garşysynda, ringiň beýleki burçunda otyrdy. Eýýäm tutuş ýarym sagatdan bäri onuň bilen darkaşa girýänem, şol Ýaşlygyň hut özüdi, ýogsam ol bir möwriti geçen garry ahyryn. Eger-de ol, Sendl bilen deň gidişjek bolup, urşy şonuňky ýaly depginde alyp baran bolsa-dy, onda oňa ringde on bäş minudam saklanmak başartmazdy. Bu ýerde esasy mesele, onuň güýjüniň öňki katdyna gaýdyp gelmeýänliginde-di. Onuň çişen arteriýalary, hemem ýadaw we tapdan düşen ýüregi, oňa raundlaryň arasyndaky arakesmelerde güýç toplamagyna mümkinçilik bermeýärdiler. Dogrusyny aýtsaň, entek duşuşyk başlanmanka-da, onuň üýtgeşik bir güýji ýokdy. Ol aýaklarynyň damarynyň dartylýandygyny we özüniň birhili agralandygyny duýdy. Elbetde, duşuşygyň edil öňisyrasynda iki mil ýoly pyýada geçäýmeli däldi ahyryn! Onsoňam ol oýanaly bäri birje lukma et küýseginde-di! Onuň ýüreginde karzyna et bermekden ýüz öwren söwdagärlere bolan beýik ýigrenç ody lowlap ýandy. Doýa garna iýmän, çala mydar garbak-gurbak edinip ringe çykmak, garry adama kyn bolýar. Ýogsam birje lukma et nämemişin? Onuň üýtgeşik bahasy-da ýok ahyryn, bolup bilse bary-ýogy birnäçe pennidir-dä. King üçin welin, şojagaz birje lukma et, otuz funt sterlinge öwrülip biljekdi. Gong sesi on birinji raundyň başlanandygyny yglan eden badyna, Sendl özüni gujurly görkezjek bolup hüjüme okduryldy. Ýogsam onuň şol görkezjek bolýan gujurlylygyndan nam-nyşanam galmandy. King munuň gorkuzmak üçin edilýän toslamadygyna gaty gowy düşünýärdi. Sebäp diýseň, bu hile, boks döräli bäri bardy ahyryn. Öňinçä ol garşydaşyndan gutulmak üçin klinçe girdi, ondan arany açandan soň bolsa, Sendle goranyş ýagdaýyny eýelemeklige mümkinçilik berdi. Şeýle ýagdaý King üçin bähbitlidi. Ol çep eli bilen garşydaşyna ýalandan urjak bolýan ýaly etdi-de, ony egilmeklige hem-de sowulmaklyga mejbur etdi. Onuň gapdallaýyn urgy geçirmegine şert döretdi, haçan-da Sendl onuň isleýşi ýaly urgyny urmakçy bolanynda bolsa, ýarym ädim yza çekildi-de, apperkot emelini ulanyp weýran ediji zarba bilen Sendli pola serreldip goýberdi. King şu minutdan başlap, Sendle sähelçe-de dynç almaga maý bermedi. Dogry, onuň özüne-de ýumruk bary degendir, ýöne ol Sendli ringiň tanapyna tarap gaýra çekilmäge mejbur edip, göni hem gapdal, gysga we uzyn urgulary çabga ýaly ýagdyryp, onuň klinçlerinden sypyp, ýa-da onuň klinçe girjek bolup eden synanyşyklaryny öz wagtynda puja çykaryp, her gezek Sendl ýykyljak-ýykyljak bolanynda ony bir eli bilen garbap tutup, beýleki eli bilen bolsa ony ýykylmakdan saklaýan ringiň tanapyna tarap zyňyp, ýumrugy onuňkydan birnäçe esse artyk inderdi. Gygyryşýan tomaşaçylar aklyndan azaşana meňzeýärdiler; indi olaryň hemmesi Tomuň tarapyna geçipdiler hemem biragyzdan diýen ýaly: - Hany bol, Tom! Ber almytyny! Tüýt-müýt etsene, Tom! Mazalyja tepbedini bersene! Sen aldyň, Tom! - diýip gygyryşýardylar. Final aňrybaş tolgundyryjy boljaga meňzeýärdi, ýogsam näme, bolmalysy-da şeýle-dä, tomaşaçylar hut şonuň üçin pul töleýärler ahyryn. Tom King eýýäm ýarym sagatdan bäri tygşyrlap gelýän güýjüni, indi ýeke-täk hemem özüne soňlamak başardaýjak hasaplaýan hüjüminde aýawsyzlyk bilen harçlaýardy. Bu onuň ýalňyz mümkinçiligidi. Häzir ýa-da hiç haçan! Güýji bolsa çaltlyk bilen kemelýärdi. Ol diňe, entek güýji tükenmänkä, Sendli agdaryp bilerin, diýen umytdady. Emma welin, hüjüm etmegini dowam etmek bilen, urgularynyň güýjüne hem ýetirýän zeperine berýän bahasyny aňynda aýlap, ol Sendl ýaly juwan ýigidi nokaut etmekligiň nähili kynlygyna düşünip başlady. Oňa tebigatyň peşgeş beren hem-de entekler harçlanmadyk güýjüniň we berdaşlylygynyň gory egsiler ýaly däldi. Sendliň uzaga gitjekligine şek-şübhe ýokdur. Ol hakykatdan-da dogabitdi boksçydy. Dogrusy, diňe şunuň ýaly berk material galyba salnanda, hakyky çempion çykyp biler. Sendl iki-baka yranýardy, üstesine-de başy aýlanýardy. Emma, Tom Kingiňem ýagdaýy şondan gowy däldi, onuň aýagynyň damary çekýärdi, barmak bogunlary bolsa hyzmat etmekden boýun gaçyrýardylar. Ýöne ol her näme-de bolsa, maýyp bolan elleriniň ejir baryny berýän agyrysyna seretmän, güýçli urgulary yzly-yzyna sugşurmaga özüni mejbur edýärdi. Edil şu wagt oňa Sendlden urgy degmeýär diýen ýaly hem bolsa, garşydaşy nähili tiz tapdan düşýän bolsa, onuňam şonça çalt ysgyny gaçýardy. Elbetde onuň urýan urgularynyň hemmejesi-de nyşana degip durdy, ýöne şol urgylaryň hiç birinde-de güýç-kuwwat ýokdy, üstesine her bir urgyny urmak üçin ol özüne ägirt uly zor salmaly bolýardy. Aýaklaryna edil gurşun guýlan ýaly boldy, şonuň üçinem onuň öz aýaklaryny süýräp kynlyk bilen alýandygy mese-mälim görnüp durdy. Kingiň bu ýagdaýyna begenişen Sendliň tarapdarlary onuň göwnüni götermek üçin gykuwlaşyp başladylar. Olaryň gykuwlaşmasy Kingi hyjuwlandyrdy hem-de ony bar güýjüni jemläp, tijenmeklige mejbur etdi. Ol Sendle yzly-yzyna iki urgy sugşurdy: çep eli bilen onuň garnyna, göbeginiň ýokarragyna, sag eli bilen bolsa äňine ýelmedi. Urlan urgular o diýen güýçli däldi, emma Sendl şeýle bir ýadapdy hemem ysgyndan gaçypdy welin, ýaňkyja urgular ony serreldip goýberäýdi. Sendl ýerde süýnüp ýatyrdy, bütin endam-jany bolsa galpyldaýardy. Onuň baş ujunda duran emin bolsa, iki tarapyňam ykbalyny çözjek sekuntlary sanap başlady. Eger-de Sendl onunjy sekunt sanalmagyndan öň ýerinden turup bilmese, ol tutluşykda ýeňlen hasaplanjakdy. Tomaşaçylaryň hemmesi demini alman garaşýardylar. King aýak üstünde zordan ýykylman durdy; onuň başy aýlanýardy hem-de öler ýadapdy; göz öňünde bolsa biçak köp adam ýüzleri çaýkanyp durdy, sekunt sanaýan eminiň sesi uzaklardan bir ýerden çalaja eşidilýärdi. Emma Kingiň tutluşykda özüniň anyk ýeňendigine şübhesi ýokdy. Şunuň ýaly suwa-salma urlup, ýenjilen adamyň ýerinden turmagy asla mümkin däldi. Ýaşlyk welin muny başarjakdy, ine onsoň Sendlem ýerinden turdy. Ol dördünji sekuntda ýerde ýatan ýerinden ýüzinligine tarap agdaryldy, soň edil kör ýaly sermeläp tanapy tapdy-da, oňa ýapyşdy. Ýedinji sekuntda ol bir dyzynyň üstüne galyp dynç aldy; onuň kellesi, edil serhoş adamyňky ýaly eýläk-beýläk yrgyldap, iki ýana galgaýardy. Emin: “Dokuz!”, diýip gygyranynda, Sendl eýýäm aýak üstünde, çep eli bilen ýüzüni, sag eli bilen bolsa garnyny ýapyp, goranyş ýagdaýynda durdy. Şeýdip özüniň iň gowşak ýerlerini gorap, ol wagt utmak üçin klinçe girmek umydy bilen, Kinge tarap çaýkanyp ýöneldi. Sendl ýerinden turan badyna, King onuň üstüne topuldy, ýöne onuň uran urgularynyň ikisi-de Sendliň şol urgylaryň öňünde goýup ýetişen elleri bilen güýçden gaçyryldy. Sendl şol bada klinçe girip, olary biri-birinden aýyrjak bolýan emine çendenaşa garşylyk görkezip, garşydaşyna ýelmeşdi. King klinçden sypjak bolup urundy. Ýaşlygyň öz güýjüni nähililik bilen çalt dikeldýändigini, häzir, hut şu pursatda, Sendl öňki katdyna gaýdyp gelip ýetişmänkä ony ýeňip biljekdigini ol gowy bilýärdi. Ýekeje ykjam urgy işi bitirip biljekdi. Sendl ýeňildi, gürrüňsiz ýeňildi. King ony özüniň söweşjeň ussatlygy bilen ýeňdi, ondan has köp utuk toplady. Sendl klinçden çykanyndan soň entirekledi, onuň ykbaly gylyň üstündedi. Ýekeje gowy urgy sugşuryp bolaýsa, onuňky tamam boljakdy! Şonda Tom King iň soňky, aýgytlaýjy hüjüm üçin birje lukma et tapylmanlygynyň nähili duýulýanlygyny, düzüwli naharlanybam bilmändigini ýene-de ýatlap, ahmyr çekdi. Ol bar güýjüni jemläp ýumruk saldy, ýöne bu urgyda ýeterlik kuwwat hemem okgunlyk ýokdy. Sendl yranyp gitdi, ýöne ýykylmady. Ringiň tanapyna ýaplanyp, oňa ýapyşyp ýetişdi. King yraň atyp garşydaşyna topuldy hem-de çydap bolmajak agyrysynyň hötdesinden gelip, ýene-de bir ýumruk sugşurdy. Ýöne güýç-kuwwat ondan ymykly ökje göteripdi. Indi onda, halys ýadap sütüni süýnenliginden ýaňa, öçüp hem sönüp barýan köz ýaly, emma şonda-da göreşmegini bes etmeýän aňyndan başga hiç zat galmandy. Sendliň äňine gönükdiren urgusy, onuň egnine degipdi. King urgyny has ýokarrak çenäpdi, ýöne ýadaw muskullary diýen etmedi, tersine, onuň özi zordan ýykylman aýak üstünde saklanyp galdy. King urgusyny gaýtalady. Bu gezegä ol bütinleý syp geçirdi, ysgyn-deramaty galmanyndan soň, Sendle ýaplandy, ýykylmazlyk üçinem ony elleri bilen gujaklady. King indi klinçden sypjak bolup synanyşygam etmeýärdi. Hemme zat gutardy, ol elinden gelenini edipdi. Ýaşlyk bolsa, ýene-de üstün çykdy. Klinç wagtynda Sendle ýaplanyp durşuna, King onuň çaltlyk bilen özüni dürseýändigini hem-de güýçlenýändigini duýdy. Haçan-da emin olary biri-birinden aýrylyşdyranynda, King gözüniň alnynda Ýaşlygyň nähililik bilen öňki güýjüni dikeldendigini görüp galdy. Sendl demsaýyn güýç toplaýardy, onuň urgulary ilkibaşda gowşagrak bolanam bolsa, soňlugy bilen has gatap hem nyşana degip başlady. Tom Kingiň ümezläp duran gözleri, öz äňine çenelen ýumrugy gördi. Ol öz üstüne abanýan howpy wagtynda görüp ýetişdi we onuň öňüni aljak boldy. Elini urgynyň astynda goýup goranjak boldy. Ýöne elleri götererden çakdanaşa agyrdy. Elleri, göýä, tonnalap guýlan gurşundan edilen ýalydy. Şonda-da King bütin erkini bir ýere jemläp hemem özüne zor salyp ellerini galdyrjak boldy. Ýöne, edil şol demde ýaňky ümürli howany böwsüp çykan ýumruk nyşana degdi. Ýiti agyry, edil tok uran ýaly içinden syzlap geçip giden Tom Kingi garaňkylyk gaplap aldy. Ol gözlerini açyp, öz burçundaky stulda oturandygyna düşündi. Tomaşaçylar zalyndan bolsa, edil suwa düşülýän Bondi-Biç deňiz kenarynyň tolkun sesine meňzeş gykylykdyr, güwwüldi eşidilýärdi. Kimdir-biri Kingiň ýeňsesine öllenen esgijik goýupdyr, Sid Selliwen bolsa onuň ýüzüne we döşüne, jana şypa beriji sowuk suw sepýärdi. Ellikler eýýäm çykarylypdyr. Onuň ýanyna gelip, üstüne abanyp duran Sendl egilip Kingiň elini gysdy. Kingiň ýüreginde özüni ýoldan aýran bu adama hiç-hili betniýetlilik duýgusy ýokdy, şonuň üçinem ol maýyp bolan barmaklaryna ezýet berýänligine seretmän, oňa gadyrly el gysyşma bilen jogap berdi. Şondan soň Sendl ringiň ortarasyna baryp durdy, şobada tupan turanyndaky ýaly güwwüldi sesi bir pursatlyk kiparlady. Ol ýaş boksçy Prontonyň çakylygyny kabul edýändigini hem-de pul goýumyny ýüz funta çenli galdyrmaklygy teklip edýänligini yglan etdi. King bolsa, suw bary guýlan endamyny süpürýän hemem ony ringden gitmeklige taýýarlaýan sekundantlara perwaýsyz seredip otyrdy. King ajygýandygyny duýdy. Ýöne bu açlyk duýgysy, içiňden gemrip barýan, öňkülere meňzeş açlyk däldi. Bu duýgy, Kingiň döş gapyrgalarynyň aşagyndan bütin endam-janyna ýaýrap giden, iniňi tikenekledýän agyryly galpyldysy bilen ýegşerdip, ýere sokaýjak bolýan ýadawlykdan hemem ysgynsyzlykdan dörän duýgydy. Onuň pikirleri ýene-de tutluşygyň şol sekundyna, Sendliň ýeňlişiň gyrajygynda, aýak üstünde ýykylman zordan duran pursadyna gaýdyp geldi. Elbetde, ýekeje lukma et, bu işiň soňuny soňlap biljekdi! Iň soňky aýgytly urgyny uranynda, ine oňa näme ýetmändi, ine ol näme üçin eliniň aýasynda duran ýeňişi alyp bilmedi! Hemmesine-de, şol ýekeje lukma et sebäp boldy! Sekundantlar oňa tanapyň aşagyndan egilip geçmeklige kömek edip, elinden tutup sakladylar. Ýöne King olary itişdirip gapdala aýyrdy-da, hiç-hili kömeksiz tanaplaryň arasyndan sümüp geçdi we kynlyk bilenem bolsa, aşak böküp düşdi. Ol özüne ýol açyp barýan sekundantlaryň yzyna düşüp, adamlardan hyryn-dykyn doldurylan merkezi geçelgeden ýöredi. Haçan-da ol geýim çykarylýan otagyndan çykyp, westibýulyň üsti bilen geçip daşky gapyny açanynda, bir nätanyş ýaş ýigit ony saklady. - Sendl seniň eliňde-di ahyryn, näme üçin onuň bellisini etmediň? – diýip, ol ýigit sorag berdi. - Jähenneme gitsenaý! – diýen, Tom King basgançaklardan ýanýoda düşüp gitdi. Köçäniň burçundaky piwohananyň gapylary giňden açyldy, şonda oňa jaýyň içindäki ýylgyryşyp hyzmat edýän ofisiant gyzlar hem-de yşyklar göründi, aňyrdan ýaňky bolan boks duşuşygy barada pikirlerini aýdýan we oňa baha berýän adamlaryň sesleri, stoluň üstüne oklanýan teňňeleriň jyňňyrdysy eşidildi. Kimdir-biri oňa içgi hödürläp, yzyndan adyny tutup gygyrdy. Biraz ikirjiňlenip durdy-da, çakylykdan ýüz öwürdi we ýuwaşjadan ýöräp, ýoluny dowam etdirdi. Onuň jübüsinde ýekeje mis teňňe-de galmandy. Öýüne çenli iki mil ýol, onuň gözüne tükeniksiz ýaly bolup göründi. Hawa, ol garrapdyr! Domen parkyny kesip geçip barýarka, duşuşygyň nähili gutarandygyny bilmek üçin özüne ýatman garaşýan aýaly baradaky pikir kellesine gelen badyna, göýä kükreginden ruhy uçup giden ýaly, oturgyja özüni goýberenini duýman galdy. Bu pikir onuň üçin islendik nokautdan agyr degdi. Göwnüne bolmasa, aýaly bilen ýüzbe-ýüz bolmak mümkin däl ýalydy. Ol çensiz-çaksyz ejizligiň basmarlaýandygyny duýdy. Maýyp bolan barmak süňkjagazlaryndaky agyry bolsa, hatda nähilem bolsa bir iş tapylaýan ýagdaýynda-da, eline kerki ýa-da pil alar ýaly bolýança, azyndan bir hepde dagy gerek boljakdygy barada ýatlatdy. Açlykdan ýaňa döş gapyrgalarynyň aşak ýanynyň towlap agyrmasy ýüregini bulady. Betbagtlyk ony ruhdan düşürdi, aglamaga endik etmedik gözlerine bolsa ýaş aýlandy. Ol elleri bilen ýüzüni ýapyp aglap oturyşyna, birwagt geçirilen duşuşykda Stouşer Billiň bolşuny, özüniň ony öldir ýaly uranlygyny ýatlady. Görgüli, garry Stouşer Bill. Ine indi, şol gün geýim çykarylýan otagda Billiň näme üçin aglandygyna, King gaty gowy düşünipdi. Jek LONDON. Terjime eden: Ýazmyrat MEREDOW. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |