10:12 Durmuşyň kanuny / hekaýa | |
DURMUŞYŇ KANUNY
Hekaýalar
Garry Kosguş durşy bilen gulaga öwrülip, töwerekden eşidilýän seslere diň salýardy. Onuň gözleri görmeden birçak galanam bolsa, eşitgirligi öňküsi ýaly ýitidi, hatda iň ýuwaşja seslerem sypdyranokdy. Köz ýaly köreýän aňynda öňde garaşýan zatlar barada biparh pikir öwürýärdi. «Hä, bu ýiti ses Sit-Kum-To-Hanyňky. Ol gykylyklap, saýgylap, itleri gar arabasyna goşjak bolýar». Sit-Kum-To-Ha — gojanyň gyz agtygy Önuň hemmeler tarapyndan unudylan, ýalňyz özi garyň üstünde çöküp oturan bu çagşan atasyna üns bermäge eli ýetýän däldir. Yurduny täzeläp, göçmegiň öňüsyrasyndaky aladalar bilen başagaý adamdan zady aýyp-syn etmeli däl Gün gidip barýar, geçilmeli ýol uzak. Ol ýaşamaga howlugýar, öňde täze menziller, aladalar garaşýar. Bir aýagyny göre sokup oturan garry onuň nämesine derkar? Şu pikir kellesine gelende, garry howpurgady. Ol elini uzadyp, titreýän barmaklary bilen gapdalyňa basylan kiçiräk üýşmek oduny sermeleşdirdi. Odunynyň ýerindedigini anyklap ynjalansoň, elini köne deriň astyna sokup, ýene-de diň salmaga başlady. Sowugyň derdinden gatap ugran sugun derisiniň guraksy şatyrdysy serdaryň wigwamynyň¹ eýýäm ýygnalanyndan, mäkäm togalanyp, ýola taýynedileninden habar berýärdi. Taýpanyň serdary gojanyň ogludy. Uzyn boýly, güýçli ol ýigit awçylykda öňüne adam geçirenokdy. Ana, onuň içeriniň ownuk-uşak goşlaryny ýygnaşdyrýan aýallary gyssap gygyrýan sesi eşidilýär. Garry Koskuş has ünsli diň salmaga başlady. Ol bu sesi soňky gezek eşidýär. Jihou bilen Tuskeniň wigwamlaram ýygnalypdyr. Ýedi, sekiz, on... diňe porhanyň wigwamy entek ýygnalmandyr. Ana, oňam daşyna geçdiler öýdýän. Koskuşyň gulagyna öýüni gar arabasyna ýükleýän porhanyň hüňürdisi eşidildi. Aglaýan çaganyň sesi, ony diňdirjek bolup, pessaýja hiňlenýän aýalyň hüwdüsi hem onuň üstüne urna boldy. «Bu aglaýan kiçijik Ku-Ti» diýip, goja içinden pikir öwürdi. Gaty ynjyk çaga, üstesine-de, saglygam ýaramaz. Basym amanadyny tabşyraýsa-da ahmal. Şonda tundranyň doň ýerinden gabyr gazyp, torsuklardan goramak üçin üstüne daş üýşürmeli bolar. Ölen bende üçin-ä oň parham ýok-la. Bagty işläp, ölmän galsa, ýene birnäçe ýyl ýaşaýmagam ähtimal. Barybir, galanja ömrüniň aglaba wagtyny açlykda geçirmeli bolar. Aç adamyň yzyndan ajal gaty basym ýetýär. O ýerdäkiler nämä güýmenýärkäler? Hä, erkek kişiler gar arabasyna serenjam berip, kemerlerini çekýän ýaly sähel salymdan bu seslerden hemişelik mahrum boljak goja diň salyp otyr. Ana, gamçylar şuwlap, itleriň depesinden indi. Janawerleriň çyňsaýyşlaryny! Olaryň dünýede şu hupbatly ýoldan beter ýigrenýän zady ýok-da! Ugraýarlar! Biri-biriniň yzyndan süýşüp ugran gar arabalarynyň sesi töwerekdäki dym-dyrslygy bozanok diýen ýalydy. Gitdiler. Indi goja ömrüniň iň ahyrky agyr pursadyny ýalňyzlykda garşy almaly bolar. Yok, gary ýuwaşja gütürdedip, bir-ä gelýär. Ine, edil ýanyna geldi. Kellesine usullyk bilen goýlan el gojanyň kalbyny gozgady: «Meň oglum illeňki ýaly doňýürek däldir!» diýip, goja öz ýanyndan hoşal boldy. Gojanyň pikiri geçmiş taýa ýüwürdi. Ýöne ýaş ýigidiň sesi ony ýene häzirki gününe dolap getirdi: — Ýagdaýlaň oňatmy? — diýip, ogly sorady. — Hawa, şükür, ganymat. — Gapdalymda odun üýşürdim — diýip, Kosguş sözüni dowam etdi.—Alaw oňat ýanyp dur. Säher çap-çal, aýazam az-kem gowşaýar. Basym gar başlamagy mümkin. Asyl eýýäm başladam. — Hawa, ýagýany bildirýä. — Adamlar howlugýar. Olaň ýürekleri agyr. Açlykdan ýaňa hamlary gapyrgalaryna ýelmeşip dur. Ýol uzak, şoň üçinem tizräk hereket etmeli. Men gideýin. Tabyň ganymat gerek? — Oňuşmazça däl. Men edil şahada zordan duran güýz ýapragy ýaly. Sähelçe öwüsgine tänip gaçaýmaly. Sesimem kempiriň sesine meňzäp barýar. Gözlerim ýörejek ýolumy saýgaranok, aýaklarymam agralyp, diýen etmejek bolýar. Gaty ýadaw. Bolýa-da, munça bolsa, ýagşy. Oglunyň öz halyny sorap gidenine göwni göterilen Koskuş tä onuň aýak sesleri ýitýänçä başyny egip, doňan ýaly bolup oturdy. Gygyraýanda-da, indi sesiniň ogluna ýetmejegine göz ýetirip, ol oduna gyssanmaç el uzatdy. Sähelçe öň ýanynda garalyp ýatan bakylyk bilen onuň arasyny bölýän zat diňe şu odundy. Gojanyň ömrüniň ölçegi şu bir goltuk gury şaha direlipdi. Biri-biriniň yzyndan alawa atylan şahalar azaldygyça, ölümem assa-assadan goja ýakynlaşar. Haçanda iň soňky şahanyň ýylysy öçüberende, aýaz öz hukugyny eline alar. Ilki aýaklary, soň elleri, ahyrynda bolsa tutuş göwresi sowugyň derdinden agaja dönüp ugrar. Kellesi kem-kemden dyzyna ýaplanyp, pany jahandan rişdesi üzüler. Bary ap-aňsat. Dünýä baky gelen ýok... Durmuşyň bu adalatly oýnuna gowy düşünýän Koskuş täleýinden nalanokdy. Dünýä inip, onuň bileni-biteni ýer boldy. Ähli şatlykhasratyny toprak bilen baglady. Şoňa görä-de, onuň kanunlary goja üçin täzelik däl. Ol kanunlara dünýä gelen janly-jandarlaryň ählisi boýun. Ýöne tebigat olaryň belli-bellisine has ýowuz daraýar. Onuň esasy ünsi käbir görnüşlerdir taýpalara gönügen. Şu pikirlerine berk uýýan garry Koskuşyň ýöntem aňy bu pelsepä has giňräk çygyrda çemeleşerden ejizdi. Şu garaýşyny tekrarlaýan mysallar oňa durmuşda häli-şindi duşýardy. Ähli zerur iýmitini ýerden alýan daragt wagty gelende pyntyklaýar. Soňam ýapraklary saralýar-da, tänip, ýere gaçýar. Bu — onuň ömrüniň bir öwrümi. Tebigat janly-jandarlaryň hersiniň öňünde bir borç goýýar. Oňa amal edip ýetişmänem, olar dünýeden ötýär. Amal edäýende-de, barybir, ahyry ölüm.Koskuşyň taýpasy öz gözbaşyny gaty uzakdan alyp gaýdýar. Onuň entek kiçijik oglanka görýän garrylary özlerinden öňki ötüp gidenler barada gürrüň ederdiler. Mazarlary birçak unudylan garrylaryň, ýagny pederleriniň tebigatyň kanunlaryna tabyn bolmak häsiýetini özünde jemlän taýpa häzirem ýaşamagyny dowam etdirýär. Sany o diýen köp bolmadyk merhumlary hasaba almagyň geregi ýok. Olar tomus asmanyndaky bulutlar ýaly, bir ýana syrylyp gidipdirler. Wagty gelende Koskuşam gider. Tebigat bu zatlara goşulman, keseden syn edýär. Ol durmuşda bir borç hem bir kanun goýýar. Borç—ýaşaýşy dowam etdirmekden, kanun bolsa ölümden ybarat. Ine, gyz maşgalany alyp göreliň: oňa seretmek diýseň ýakymly. Çakgan, göwüsleri galbaň, ýörişi anjaýyn, gözlerinden uçgun syçraýar. Bu ýeterlik däl. Onuň etmeli esasy işi entek öňde. Dura-bara gözleri hasam nurlanýar, gadamy öňküdenem çakganlaşýar. Onuň ýigitler bilen gürleşişi bir-de batyrgaý, birde-de çekinjeň. Ýigitleri oda salýanam şu. Ol gün-günden gowulaşýar. Ahyram haýsydyr bir awçy gyzy öz külbesine äkidýär. Onuň şondan soňky işi hojalyk aladalary, tikin-çatyn hem nesil öndürmek bilen bagly. Ilkinji çagasynyň dünýä inmegi bilen, aýalyň görki gaçyp ugraýar, ýörişi agraslanýar, haýallaşýar, gözleri kütelýär. Şeýdibem soňa-baka alawyň başynda çagalarynyň özüne gysmyljyramalaryna hezil edip oturan kempire öwrülýär. Ol indi öz borjuny ýerine ýetiren adam. Açlyk howp salsa ýa-da alys bir ýere göçmeli bolsa, ony goýup giderler. Edil häzir meň bolşum ýaly, garyň üstünde oturdarlar-da, gapdalynda bir goltuk odun goýarlar. Wessalam! Durmuşyň kanuny şeýle. Koskuş gury şahalaryň birini usullyk bilen oda oklady-da, ýene öňki oýlanmalaryna gümra boldy. Bu ýagdaý hemme ýerde, hemmäň başynda bar zat. Ilkinji çigregiň düşmegi ähli çybynlaryň zym-zyýat bolmagyna sebäp bolýar. Kiçijik belka-da ölüm golaýlanda özüni tokaýyň gyrymsy çöp-çalamlygyna atýar. Towşanam ýyl geçdigiçe agralyp, öňki ýyndamlygyny ýitirensoň, gurda-guşa şam bolýar. Garran aýy görmekden galyp, hereket etmesi kynlaşýar. Ahyrsoňunda-da itler daşyna geçip, düýt-müýt edýär. Koskuş birçak öz garry kakasyny Klondaýkda goýup gaýdyşyny ýadyna saldy. Şol gyş olaryňka ýany birgiden dini kitaply, gapyrjak doly dermanly bir missioner gelipdi. Şol gapyrjak ýadyna düşende, Koskuş soň-soňlaram ýuwdunardy. Häzir welin, ýuwdunaýaýyn diýende-de, agzynyň içi gus-gury. Oňa aýratynam «agyryny aýyrýan» derman gowy ýarapdy. Ýöne missioneriň özi taýpa üçin agyr ýük bolupdy. Aw edip bilmeýäniniňem daşyndan ol köp iýýärdi. Bu bolsa awçylaryň gaharyny getirýärdi. Ahyrynda ol Meýo derýasynyň golaýynda erbet sowuklap, ýanyny ýere berdi.Koskuş ýene-de alawa odun taşlap, alys geçmişiň ýatlamalaryny çözläp ugrady. Ol bir gezek alawyň daşynda gysylyşyp oturan garrylaryň Beýik Açlyk döwri barada beren gürrüňlerini ýatlady. Dokçulyk, bol-telkilik wagtlaram Koskuşyň ýadynda. Et köplüginden ýaňa yslanyp, zaýa bolup gidýärdi. Iýip-iýip, semrän itleriň ýigrendigi iş boldy. Erkek kişiler gaçyp barýan jandary görselerem, awlamak hakynda pikirem etmän, biparh pallaşyp oturardylar. Aladasyz aýallar çaga baryny dogurýardylar. Külbeleriň içi oglanjyklardyr gyzjagazlardan jagyl-da-juguldy. Mesligi göterip bilmeýän erkek kişiler sähelçe sebäp boldugy, atam döwrüniň dawalaryny ýatlaşyp, ganjaryşmaga taýyndylar. Soňam olar dagdan aşyp, ilki günortadaky pelli taýpasyny gyrmaga, yzyndanam günbatara — tanana taýpasynyň oduny öçürip, ýurduny tekizläp, hezil etmäge ýola düşdüler. Goja şol dokluk ýylynda ýetginjek mahalynda möjekleriň bir suguny düýt-müýt edişlerini görenini ýadyna saldy. Ýoldaşy Zang-Ha onuň gapdalynda garyň üstünde ýatyrdy. Soňra atan oky boş geçmeýän awçy bolup ýetişen Zang-Ha Ýukon derýasynyň gowy doňmadyk buzuna gaçyp, ömrüni soňlady. Bir aýdan soň tapanlarynda ol zordan ýarpy göwresini çykarmaga ýetişip, şol durşuna-da doňup galypdyr. Sugunly waka şeýle bolupdy. Şol gün Zang-Ha ikisi hem-ä oýnadygymyz bolar, hemem kakamyza öýkünip, aw ederis diýen niýet bilen öýden çykypdylar. Buz bilen örtülen derýanyň boýuna ýetenlerinde sugunyň hem onuň yzyndan kowalap giden möjekleriň täze yzlaryna olaryň gözi düşdi. — Sugun garry eken—diýip, yzlary gowy aňşyrýan Zang-Ha seslendi.—Süriň yzyna eýeren däldir. Möjekler ony sürüden bir bölübilse, sypdyrmaz. Hakykatdanam, onuň aýdyşy ýaly bolup çykdy. Möjekleriň däbi şeýle. Olar gije-gündiz dynç alman, hyňranyşyp, awlarynyň söbügini basyp gider otyrlar. Edil onuň kellesiniň ýanynda dişlerini şakyrdadyp, bir ädimem yza galmazlar. Bu wakanyň soňuny görmek islegi olary öz erkine goýmady. Iki dost haýdaşyp, barha uzaga gitdiler. Hatda Koskuşam görşüniň ugursyz, yzçalyjylyk ukybynyň ýokdugyna garamazdan, aýyl-saýyl yzlary sypdyrman gidip barýardy. Täze yzlaryň her ädiminde diýen ýaly kowgynyň pajygaly netijelerini görmek bolýardy. Iki dost lyžalarynyň badyny gowşatdy. Ine, bu ýerde ýowuz söweş gidipdir. Sugunyň iki gezek ýykylany galyň garda açyk bildirýärdi. Ol şonda-da möjeklere per bermän, ýene aýak üstüne galypdyr. Sugun öz durmuşdaky borjuny bireýýäm ýerine ýetirenem bolsa... janam süýji zat. «Şeýle ýagdaýda ýykylan sugunyň möjekler şam bolman ýerinden galmagy henize çenli görlen zat däl» diýip, Zang-Ha seslendi. Emma bu sugun welin turupdyr. Soň bolan işi porhana gürrüň berenlerinde, ol muny görülmedik gudrat ýa-da haýsydyr bir zadyň alamaty hökmünde düşündirdi. Ahyry olar sugunyň kenara çykyp, tokaýda gizlenmek islän ýerine ýetdiler. Möjekler onuň yz tarapyndan asylypdyrlar. Jan howluna arkanlygyna zyňan sugun duşmanlarynyň ýene ikisini mynjyradypdyr. Kowgynyň ahyry golaý bolansoň, ýoldaşlary ol ikisini iýmän, ýatan ýerlerinde taşlap gidipdirler. Olar ýene-de tutluşyk bolan ýerleriň ikisiniň duşundan geçdiler. Indi kowgynyň giden yzynda besse-besse gan görnüp ugrady. Güýçden gaçan sugunyň enteýäni, büdreýäni yzlaryndan bildirip durdy. Olaryň gulagyna möjekleriň öz awyny ele salmagyň öň ýanyndaky üzlem-saplam çyňsamalary eşidildi. Şemalyň tersine geçen Zang-Ha garyň üstünden bagry bilen süýşüp ugrady. Soňra ençeme ýyllap öz taýpasynyň serdary bolan Koskuşam onuň yzyna düşdi. Ýaş arça agajynyň şahalaryny bir ýana serpip garasalar, söweş eýýäm soňlaberen eken. Çagalyk döwrüniň beýleki ýatlamalary ýaly bu pajygaly görnüş Koskuşyň aňynda henizem öňküsi ýaly dur. Yekme-ýek söweşde keseden gelen ak adamy pyçaklap öldürenini, soň öz adyna pelli taýpasynyň adamlarynyň nälet okap ugranlaryny ýatlamanda-da, Koskuşyň öz adamlarynyň serdary, geňeşiň baştutany hökmünde bitiren işlerem az däl. Ýöne olaryň hiç biriniň däl-de, ala-böle şol ganly söweşiň ýadyndan çykmaýşyna ol geň galdy. Öz ýaşlyk döwrüniň wakalaryny ýatlap, pikire çümüp oturan Koskuş alawyň söneňkirläp, aýazyň güýjäp ugranyny duýdy. Ol bu gezek ajalyň üstünden öz hökümini ölçemek islän ýaly, alawa iki şahany taşlady. Eger-de Sit-Kum-To-Ha atasyna hormat goýup, oduny köpräk üýşüren bolsa, gojanyň ömür saly entegem uzalardy. Ol bir kyn zat däl-ä?! Aladasyz ösen çaga özüňe belli. Ping-Hanyň agtygy Bobra gelin bolansoň-a, ol öz garrylaryndan habar tutmanam ýadyndan çykardy. Her kim edenini çekmelidir-dä. Ýaş wagtyndaky eden işlerini ýatlasaň, Koskuşyňam ýüzüni ýuwarlyk ýok. Goja birsalym töwerekdäki dym-dyrslyga diň saldy. «Belki, oglumyň ýüregine rehim inip, garry kakasynyň yzyndan geler, bütin taýpanyň täze mekan tutan ýerine semizliginden ýaňa garny alaň ýaly sugunlaryň sürlenişip ýören ýerine alyp gider?» diýip, göwün ýüwürtdi. Bar ünsüni jemläp, töweregine diňşirgenen gojanyň dartgynly aňy az wagtlyk işlemesini bes etdi. Ses-selem ýok —ümsümlik. Diňe öz alýan deminden başga ses eşidilenok. Ýalňyzlyk gysyp-gowrup barýar. Dur-la! Bu nämekä? Gojanyň ini tikenekläp gitdi. Tanyş jandaryň sogup çykýan uzyn uwwuldysy ümsümligi bozdy. Ozem golaý bir ýerde. Koskuşyň batyl gözleriniň öňünde tanyş görnüş janlandy: ýaly bulaşan, etleri go-parylyp, böwri gara gana boýalan garry sugun, onuň barha eňek atýan şaha-şaha bolup duran şahly kellesiniň möjeklerden goranyp, soňky deminde urnuşy... Soň çal göwreler, ýanyp duran gözler, ýalaw ýaly dişler, sallanan dillerden akýan gyllyk... göz öňüne geldi. Barha daralýan halka kem-kemden daşlaşyp, depgilenen garyň üstünde gara tegmil ýaly bolup salgym atdy. Bir jandaryň ýaňagyna degen sowuk temegi ony pikirlerinden aýňaldyryp, häzirki ýagdaýyna dolap getirdi. Goja öňündäki alawa elini uzadyp, otly kesewini sogrup aldy. Jandar ganyna guýlan adamdan eýmenmek endigine eýerip, yza tesdi. Soňam ýoldaşlaryny çagyrýan ýaly, uzyn-uzyn uwlady. Oňa jogap berýän sesler gaty golaýdan ýaňlanyp, tizdenem açyk agyzlaryndan gyllyklary sarkyp duran möjek sürüsi alawyň daşyna halkalaýyn aýlandy. Töweregini diňşirgenip duran goja elindäki kesewini aýlansoň, hyňranyşýan sesler gulagyna geldi. Bu möjekleriň yza çekilesleriniň gelmeýäniniň alamatydy. Olaryň biri göwresini öňe saýlady. Soň ikinji, üçünji onuň bilen deňleşdi. «Gyl ýaly üzülere gelen ömre ýapyşyp ýatmak nämä gerek?» diýip, goja öz-özüne sowal berdi-de, ujy közli kesewini gara taşlady. Kesewiniň közi garyň yzgaryna jazyrdap, dessine söndi. Howsalaly hyňranyşýan möjekler bir duran ýerinden gozganmady. Garry sugunyň soňky söweşi ýene-de Koskuşyň göz öňüne geldi. Onuň agralan kellesi dyzlaryna gütläp degdi. «Durmuşyň kanuny şeýle. Ondan sypjak ýeriň barmy?» JEK LONDON XX asyryň başlaryndaky edebiýaty Jek Londonsyz (1876-1916ý.) göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Ol diňe bir amerikan edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň hem parlak ýyldyzydyr. Onuň ýaşan döwri Amerikada «Altyn bilen kesellemek» diýilýän döwre gabat geldi. Onuň özi-de altyn gözleýjilere goşulyp, howply syýahatlara gatnaşýar, Alýaskany pyýada aýlanýar, gämide Ýeriň daşyndan aýlanýan ýüzüşe gatnaşýar. Ol şeýle hili başdan geçirmeler hakynda ýaşlyk döwründen başlap, çeper eserler döredip ugraýar. Syýahatlar bolsa oňa köp maglumatlar beripdir. 1901 -nji ýylda onuň «Garlargyzy» atly ilkinji romany çapdan çykýar. 1913-nji ýylda bolsa ol dünýäde iň meşhur ýazyjy hökmünde tanalýar. Onuň 1910-njy ýylda çap bolan «Ýitirilen ýüz», «Rewolýusiýa», 1911-nji ýylda çap bolan «Hudaýlar gülende», «Günorta deňizleriň hekaýaty», «Snarkada gezelenç», 1912-nji ýylda çap bolan «Günüň ogly», «Buýsanç ybadathanasy» we «Smok Bellýu» atly hekaýalar ýygyndylary Ýewropanyň tas ähli dillerine diýen ýaly terjime edilýär we birnäçe gezek neşir edilýär. Onuň fotosuraty bolsa gaýratly, edenli, batyrgaý ýigidiň simwoly hökmünde dünýäniň tas ähli neşirlerinde çap bolýar. Jek London 1916-njy ýylyň 22-nji iýunynda aradan çykýar. Onuň eserleri bolsa ýaşamagyny dowam edýär. _____________ 1. Wigwam— Demirgazyk Amerikada ýaşaýan indeýler taýpasynyň ýokarsy çüri külbesi. Terjime eden: Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |