AK GÖWÜNLI MADI
Suaýrynyň golaýynda arheologlaryň gazuw-agtaryş işlerini geçirýän Akir diýen depejigi bardy. Oňa araplaryň däp-dessuryny saklaýan Madi diýen hakyky arap ýaşulusy göz-gulak bolýardy. Maňa gadymy ýadygärlikleri goramak boýunça milli toparyň birinji ekspedisiýasyna arheolog hökmünde gatnaşmak hormaty miýesser etdi. Men hut şu ýerde-de araplaryň jomart adamlardygyna göz ýetirdim. Biz çadyrymyzy çen bilen Madiniň külbesine barýan ýoluň orta gürpünde, depäniň eteginde gurduk. Bu külbe edil guşuň höwürtgesi ýaly çybykdan örülip, içinde hemişe ýel öwser durardy. Gelen myhmanlary hezzetlemek üçin Madiniň azyk-owkady ýeterlik däldi. Emma bizde un, çaýdyr gant ýeterlik bolany üçin, Madä ýalňyz sygryny soýmak howpy abananokdy. «Biziň gelmegimiz bu adamy şeýle ynjalykdan gaçyrar» diýip biz pikirem edemzokdyk. Hakykatda, Madi juda sada adamdy. Entek bärik şäheriň demi düşmändi. Ol ýekeligiň gamyny aýalydyr gyzjagazy bilen çekip, kyn bolmadyk garawullyk işini ýüregi bilen berjaý ederdi. Madi kiçiliginden bäri arheologik gazuw-agtaryş işleriniň goragy bilen meşgullanýardy. Ol Birinji jahan urşundan öň Yrakda bolan ekspedisiýalary ýatlamagy gowy görerdi. Onuň hakydasynda şol gowy günler barada birnäçe gyzykly ýatlama galypdyr. Ol käte-käte şol geçen günleri ýatlap hamsygardy. Madi işine jany-teni bilen berlen adamdy. Aýratynam, gijelerine çadyrymyzyň töwereginde onuň eli köne tüpeňli aýlanyp ýörşüne haýran galardyk. Ol her gije azyndan iki gezek dagy tüpeňini towhuldadardy. Ol muny jynlary gorkuzýan diýip düşündirerdi. Gojanyň gözleri kütelipdi, şonuň üçinem onuň haçan jynlary atyp, köçe itlerini gorkuzjakdygyny biljek gümanyň ýok. Şo sebäpli gijelerine daş çykmaly bolaýsa, oňa keseki adam däl-de, özüňkidigiňi duýdurmaly bolýardy. Gündizine biz Madiniň gijeki edermenlikleri, ýagny ogrular bilen darkaş gurşy baradaky hekaýatlary diňläp, heziller edinerdik. Biziň gülkülerimiz onuň göwnüni göterýärdi, şonuň üçinem ol wäşiniň keşbine girmegi özüne ýörelge edinip ugrady. Gazuw-agtaryş möwsümi tamamlanypdy. Biz Bagdada dolanmak üçin paty-putularymyzy ýygnap, goşumyzy düwüp durkak, Madi peýda boldy. Ýene bir sygyr edinmekçi bolýandygyny, onuň üçinem pul gerekdigini aýdanda, ol utanjyndan zordan gürledi. Ol biziň jomartlygymyza tüýs ýüregi bilen ynanýardy. Şonuň üçinem biz beýlämize süýşürenje pulumyzdan oňa gerekli puluny gowşuryp, söwda etmek üçinem bir gün rugsat berdik. Madi düşelgämize gelip, biziň hormatymyza ýörite saçak ýazanda, biziň näderejede haýran galandygymyzy söz bilen beýan eder ýaly däldi. Görüp otursak, oň sygyr satyn almak pikirinde-de ýok eken. Ol gadymy arap däp-dessuryna eýerip, bizi myhman almakçy bolýan eken. Madiniň ýüzünden nur dökülýärdi. Ol özüniň şu durmuşyndan lezzet almagy başarýan adamdy. Şondan soň göçüp-gonup ýören syýahatçylaryň arasynda onuň abraýy şeýlebir ýokary galdy welin, ol rowaýata öwrülen Hatam Taýyňkydan pes bolmasa gerek.
Salahaddin A. an-NAHI, yrakly ýazyjy
Rus dilinden terjimeeden: M. GOŞLYÝEW #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Hekaýalar