11:59 Aktýor aladasy | |
AKTÝOR ALADASY
Teatr we kino sungaty
Aktýorlyk käri – jogapkärli kär. Aktýor durmuşdan yza galsa, saklap bolmajak, gaýnap duran akym bilen öňe, diňe öňe tarap dyzap durmasa, döwrebap obrazlar döredip bilmeýär. Bulardan başga-da aktýorda giň dünýägaraýyş bolmaly. Şol dünýägaraýyş bolsa aktýora iňňän synçy bolmaga, adamlary oňat tanamaklyga ýol açýar. Umuman adam häsiýetlerini çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Türkmen sahna ussatlary Bazar Amanowdyr Aman Gulmämmedow her hili döredijilik gözleglerinde meňzeşliklerden harsallyklardan, öýkünjeňliklerden elmydama gaça durup, ajaýyp adam obrazlaryny döretdiler. Olar bilen bile işleşen, olardan tälim alan häzirki sahna ussatlarymyz Muhammet Çerkezow, Sonadyr Suraý Myradowalar, Sabyr Ataýewa, Amangeldi Gurbandurdyýew, Liza Garaýewa, Nurberdi Allaberdiýew dagylary bu gün türkmen teatr sahnasyna şöhrat getirdiler. Şolaryň hatarynda ady tutulmaly TSSR-iň at gazanan artisti, respublikamyzyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty ýene-de bir zehinli aktýorymyz Annamyrat Berdiýew hem bar. Ýetişen dünýägaraýyşly bu aktýoryň tomaşaçynyň we režissýoryň gözüne ilenine eslije wagt geçdi. Akteryň tomaşaçynyň režisseryň gözüne ilmegi zehiniň we irginsiz zähmetiň miwesi hasap edilýär. Şol miwe bolsa, bu gün doly ýetişdi diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Bir gezek M.Gorkiý agaçdan adam şekillerini ýasaýan ussadan näme üçin betgelşik adam şekillerini ýasaýandygyny sorapdyr. Şonda: - "Men her zady naturasy boýunça ýasaýaryn. Gowy üçin gowusyny meniň göwnüme ýaramadygymy bolsa, şol betgelşikligi ýaly hem gorkman şekillendirýärin" - diýip sungat barada hiç hili bilimi bolmadyk talantly ussa jogap beripdir. Annamyrat Berdiýew hem sahnada gowy we erbet adam obrazlarynyň giden uly galareýasyny döretdi. Ilhalar obrazlary döretmekde, şol ussanyňky ýaly onda diňe bir talant bolman, eýsem onuň sungat ugrundan alan ýokary bilimem çetde durmady. 1964-nji ýylda Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatr sungaty baradaky institutyny gutaran badyna ol, Aşgabadyň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe geldi. Ýaňy işe başlan Annamyrada Ata Atajanowyň "/Guşgy galasyndaky" Andreý Lobonosyň obrazyny döretmeklik ynanyldy. Bu ýaňy işe başlan ýaş akter üçin synag mekdebidi. Ol bu synagdan hökman geçäýmelidi. "/Geçmek" – diýmek dilde aňsat,. Iş ýüzünde welin kyn we jogapkärli. Şol jogapkärli obrazy döretmek üçin Annamyrat öz üstünde köp işlemeli boldy. - Uly türkmen sahnasynda ilkinji gezek obraz döretmeklik aňsat düşmedi. Sahnada obraz döretmäge girişmezinden ozal öz ýanymdan Andreý Lobonas bilen birnäçe gezek çaknyşdym. Onuň nähili gylyk-häsiýetli adam bolandygy barada köp oýlandym. K.Stanislawskiniň "/Meniň durmuşym sungatda" atly eserine öwran-öwran ýüzlendim. Azabym ýerine düşdi. Döreden obrazym şowly çykdy – diýip, A.Berdiýew ilkinji döreden obrazyndaky kynçylyk barada gürrüň berýär. Çaganyň „ýörjen-ýörjen“ bolşy ýaly sungatda-da aýaklamadyk aňsat däl. Bu ýerde ukypdan, talantdan başga-da uly hyjuň gerek. Şol hyjuwdan ýaş aktery geljege bolan uly ýola alyp geldi. Obraz yzyna obraz döredildi. Şeýdibem, Annamyrat ilhalar akterlaryň hataryna goşuldy. E.Hemin Jeýiň "Ret bol, ýaragynda" – Genri, B.Şekspiriň "/Romeo-Džulettasynda" – Merkusio, "Riçard-Ş" – Riçard, "Nadaranyň nogtalanyşynda" - Petruçço, I.Pogodiniň "/Tüpeňli adamynda" – Şadrisa, G.Figeýredonyň "Ezopynda“ – Ezop A.Kekilowyň "Söýgüsinde“ – Akmyrat oňa uly abraý getirdi. Annamyrat Berdiýew diňe bir sahnada obraz döretmän eýsem, ol, Türkmen telewideniýesindäki "Teatr“ teležurnalyny hem alyp barýar. Ol, şol teležurnal arkaly Türkmen teatrlarynyň, sungat ussatlarynyň alyp barýan önjeýli işleri, kemçilikleri barada tomaşaçylary tanyşdyryp durýar. Şeple hem henize çenli türkmen sahnasynda çözülmeli wajyp meseleleri orta atýar, öz kärdeşleri bilen şol çözülmedik meseleleriň çözgüdini gözleýär. SSKP-niň XXVII gurultaýy teatr işgärleriniň öňünde ähli zada täzeçe garamak barada giň ýol açdy. Dogrusy, tomaşaça hakyky sungaty ýetirmek we şol sungatyň üsti bilen täze adamy, Sowetler ýurduna mynasyp adamy terbiýelemek baradaky uly wezipäni öňe sürdi. SSKP-niň Baş sekretary M.S.Gorbaçew gurultaýyň beýik tribunasyndan: - Biziň döredijilik soýuzymyzyň baý däpleri bar, olar sungatyň, asyl bütin jemgyýetiň hem durmuşynda ep-esli rol oýnaýarlar. Olaryň işiniň esasy jemi rewolýusiýalar we mejlisler bilen däl-de, halkyň ruhy ýaşaýşyny baýlaşdyrmaga ukyply jemgyýete gerek talantly, orginal kitaplar, filmler, spektaklar, kartinalar we saz eserleri bilen ölçelýär – diýip, belledi. Gurultaýyň taryhy kararlarynyň durmuşa geçirilýän şu günleri Baýram Abdyllaýewiň „Başlyk“ pesasy esasynda sahna çykarylan spektaklda başlyk Saparowyň obrazyny döreden A.Berdiýew özüiniň ýene-de bir gezek ussatlygyny görkezdi. "Başlyk“ spektaklynda kolhoz durmuşynda öňden dowam edip gelýän kemçilikleriň, býurokratiýanyň, eden+etdiligiň arasynda gapma-garşylykly göreş başlanýar. Ýogsam, kolhozyň öňki başlygy täze bellenen başlygyň kakasy. Ol spektaklyň dowam, kakasynyň işde goýberen ýalňyşlyklarynyň, kolhozda ýaşan diňe öz hususy bähbitlerini göz öňünde tutýanlaram, kolhozy aldap eden+etdilige ýüz urýanlaryň üstüni açýar. Olaryň garşysyna päk ýürekli kolhoz adamlary bilen bilelikde göreşýär. A.Berdiýewiň "Başlyk“ spektaklynda döreden obrazyndaky ädimi şu günki partiýamyzyň öňde goýan uly we wajyp meseleleriniň biri. Zähmet Gyzyl Baýdak ordenli Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet Akademiki drama teatrynyň baş režissery, TSSR-iň at gazanan artisti, respublikamyzyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty Durdymämmet Oraýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda: - Annamyrat Berdiýew respublikamyzyň oňat artistleriniň biri hasaplanýar. Meniň ony tanaýanyma indi eslije wagt geçdi. Dogrudanam, ol teatr sungatynyň jany-teni berlen adam. Men muňa Berdi Myradowiç Kerbabaýewiň "Suw damjasy – altyn dänesi“ romany esasynda sahnalaşdyrylan spektaklynda Nowçen hanyň obrazyny döredende has-da göz ýetirdim. Nowçenko harby adam. Ol ähli zada harbylarça çemeleşýär. Onuň käbir hereketlerini gödeklik hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, Nowçenko ýüregi päk, arassa hakyky kommunist. Şeýle obrazy döretmekde A.Berdiýew hakyky akterlygyny görkezdi. Şol obraz, üçinem oňa Respublikamyzyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty diýen ada mynasyp boldy – diýip, kärdeşi barada öwgüli sözleri aýdýar. Golaýda Annamyrat Berdiýewiň geljekki döredijilik planlary bilen gyzyklanyp ýörkäm: - Biziň teatrlarymyza mundan on – on bäş ýyl owalky barýan tomaşaçydan şu günki günüň tomaşaçysynyň sanynyň azlygy gizlin zat däl. Teatr tomaşaçysynyň azalmagyny teatrlaryň repertuarlarynyň gowşanlygy bilenmi ýa-da käbir kärdeşleriňiziň aýdyşy ýaly telewideniýäniň ösmegi, kino setleriniň köpelmegi bilen düşündirip bolarmy? Bu ýagdaýa siz nähili garaýarsyňyz? – diýip, tötänleýin soragy orta aýtdym. Ol öz boluşly ýylgyrdy-da: - Bu soraga bir bada jogap beräýmek kyn. Kärdeşlerimiň telewideniýäniň ösmegini, kino setleriniň köpelmegini ýöne ýerden däl. dogrusy, telewideniýe arkaly ýurdumyzyň uly teatrlarynyň spektakllaryna tomaşa edip bilýäs. Şol spektakllardan lezzet alýarys. Bu ýagdaý, biziň teatrlarymyzyň sahna çykarýan spektakllaryna tomaşaçynyň talabynyň güýçlenýändigini görkezýär. Tomaşaçynyň bizden edýän talaby, biziň sahna çykarýan spektakllarymyzy şol telewideniýe arkaly tomaşa edilýän spektakllaryň derejesine ýetmekden ybarat. Eger biz şol derejä ýetip bilsek teatr tomaşaçysy köneler, bu bir. Ikinjiden repertuar meselesi. Repertuar meselesi bizde gowşak. Gowşakdygyny bolsa, boýun almagymyz gerek. Meniň pikirimçe drama eserleri ýörite tabşyrylan ýazdyrylsa gowy boljak. Şeýle hem biziň dramaturglarymyza drama – eserlerini ýazanlarynda teatryň akterlaryny göz öňünde tutsa, olaryň ukybyny teatrda bolup öwrense, şolaryň ukybyna görä, eger döretse, sahna çykarýan spektaklarymyz şowly bolardy. Tomaşaçysy köpelerdi. Muny bizden şu gün partiýa talap edýär. Teatr işinde ähli zady täzeçe guramaly. Diňe täzeçe işlemek bilen tomaşaçynyň göwnünden turaýjak ilhalar spektakllary sahna çykarmak mümkin – diýip, öz pikirini daşyna çykardy. Bu pikir bilen teatr sungatyna baş goşanlaryň ählisi razylaşsa gerek. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |