15:24 Akyl näme? Göwün näme? | |
AKYL NÄME? GÖWÜN (KÖÑÜL) NÄME?
Filosofiýa
Her ikisini-de el bilen elläp, göz bilen görüp bolmaýar. Şeýle-de bolsa, akylyñ we göwüniñ (köñüliñ) anyk bardygyna ynanýas. Çüñki bu ikisi biziñ durmuşymyzyñ iñ esasy iki sütünidir!.. Adamzady birnäçe asyrlap başagaý eden we bu boýunça tükeniksiz dünýägaraýyşlary döretdiren, küti-küti kitaplary ýazdyran bu iki adalga durmuşymyzda möhüm rol oýnaýan esasy iki merkez bolmagynda galýar. Filosoflaryñ käbiri akyly wahyýdan, ynançdan, syzyjylykdan, duýgy, nukdaýnazardan, ("algı" ýa-da "восприятие" -t.b.) we tejribeden tapawutlylykda ýeke-täk adama mahsus bolan bilmek ukyby, dogry düşünmek, karara gelmek we konsepsiýa döretmek güýjünden ybarat hasaplaýar. Akyl bize ýol görkezýär. Biz akylyñ üsti bilen dogry zat bilen nädogry zadyñ, hakykat bilen ýalanyñ tapawudyny bilýäris. Akylyñ üsti bilen bu boýunça pikir edýäris, gepleşýäris, jedelleşýäris, analiz edýäris, netije çykarýarys. Akylyñ iýmiti özgeleriñ tejribelerinden peýdalanmakdyr, okamakdyr, maglumat goruñy baýlaşdyrmakdyr. Akyl - adam gatnaşyklarynda we özara düşünişmegiñ ýeke-täk ýoludyr hem-de düşünje prosesini ugrukdyrýan, ýagtylandyrýan konsepsiýalardyr maglumatlar arkaly işleýän ukypdyr. Akyl - her maglumaty özünde jemleýän, adamy kämilleşdirmek üçin emele gelen iñ gymmatly zatdyr. Oýlanyp-ölçerip bilýän adam üçin akyl bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdir. Adamzat durmuşyny öñe äkiden iñ gowy zatlary "pikirlenip" bilýänler oýlap tapdylar. Akylyñ öñüne bent bolýan päsgelçilikler - öýke-kine, men-menlik ýaly ýaramaz häsiýetlerdir. Hezreti Muhammet (s.a.w) "Adamlara akyllaryna görä ýüzleniñ" diýipdir. Möwlana Rumynyñ: "Düşünýäne düşündirmeseñ zulum edersiñ. Düşünmeýäne düşündirseñ ýene zulum edersiñ" diýen jümlesi-de akyl babatda birnäçe kesgitlemäni öz içine alýar. Göwün bolsa - gözelligiñ, söýginiñ we Hudaýyñ konsepsirlän merkezidir. Has dogrusyny aýtmaly bolsa, köñül - "Hudaýyñ öýüdir". Dinleriñ ählisinde, ähli taglymlarda, hatda adamzat taryhyñ ähli döwründe "Göwnüñi arassa saklamak" (Göwnaçyk bolmak) düşünjesi öñe tutulupdyr. Öýke-kine, husytlyk, gabanjañlyk, betpällik, gahar-gazap, nebisjeñlik, ten islegleriniñ ýesiri bolmak ýaly duýgulara özüñi aldyrmak göwnüñ içinde dörän iriñli ýaradyr ýa-da arassa göwnüñ öñüne tutulan gara tutydyr. "Pälibozuklyk", "Göwni garalyk" diýip atlandyrylýan bu adalgalar adamyñ göwnüni daşa öwrüp taşlaýar. Netijede adam akyl ýolundan azaşýar we Hudaýdan daşlaşýar. Göwün - söýginiñ, syrlaryñ, hikmetiñ merkezi hasaplanýar. Janymyzyñ ujy göwnümizdedir! Hudaýy, söýgini, dostlugy, ylym öwrenmegi göwnüne nagyş eden adam ruhy taýdan kämilleşer we onuñ özüni alyp barşy "Göwne ýaramak", "Göwün awlamak" ýaly sözler bilen häsiýetlendiriler. Göwnümizi öz eline almak isleýän, hatda talap taşlaýan maddy bähbitlerden aklymyzy ulanyp daş duran halatymyzda, "Hudaýy" duýgylarymyzyñ barçasy bilen görüp, bilip, duýup biljekdigime şek-şübhe bolup bilmez. Säheriñ ümsümliginde ýa-da tebigatyñ melul ediji gözelliginiñ garşysynda, bu ajaýyplyklary görmegiñ özüne nesip edendigi üçin Hudaýa göwnaçyklyk bilen şükür etmekden uly bagt bolup bilmez. Ynha, hut şol pursatam arassalanan göwnüñ Hudaý bilen ýüzbe-ýüz bolýan çagydyr. Göwnüñi arassa tutmak üçin ilkinji nobatda özümizi tanamak gerek. Ýöne nädip?!. Oýlanmak, görýän-eşidýän zatlaryña jogap agtarmak - bilýän gowy zatlaryñy ýagşylyk we söýgi bilen bitewileşdirmek üçin iñ ýakyn ýoldur. Bulary akyl süzgüjinden geçirip, bir gezek göwnümize kabul edip alansoñ, hiç bir ýaramaz ýagdaý ýa-da ýaman kişi bizi bu ýoldan sowup bilmez. Biziñ döwrümizde "bol-telki durmuş" reseptleri metbugat serişdeleriniñ, döredijilik dünýäsiniñ, syýasatyñ, maddy dünýäniñ bize berýän oñaýsyz propogandasyndan (Algı Operasyonu -Ý.U.) we çalt sarp edijiligiñ çökder talaplaryndan özümizi halas eden wagtymyzda, barýan ýolumyzy aklyñ we göwnüñ nury ýagtylandyrar. Ýüreginde söýgini, dogrulygy we ýagşylygy, aklynda ylma bolan höwesi, zähmet çekmäge bolan mizemez ýörelgeleri kabul edip alanlar jemgyýetde mese-mälim tapawutlanar. Aklyny peýdalanyp bilýän islendik adam her bir ýagdaýyñ, her bir duýgynyñ älemde haýsydyr bir zady täsiri astyna alýandygyna göz ýetiren wagtynda, onuñ eýýäm ruhy taýdan kämilleşme ýoluna düşenligidir. Şeýle nukdaýnazar, garaýşyñ şeýle çuññurlygy ol adamyñ hemişe ünsli bolmagyny üpjün eder. Onuñ ähli hereketi sözüni we duýgularyny gözükdirer. Bu bolsa "Akyl-Göwün bileleşiginiñ" ilkinji ädimleridir. Jemgyýetde "Göwün birligi" (Hemdemlik, raýdaşlyk agzybirlik -t.b.) diýip atlandyrylan bu oñaýly üýtgeşme şular ýaly ilkinji ädimleriñ yzysüre gelýär. Akyl we göwün birligine gowşanlar her hili ýagdaýda biri-birlerine sazlaşykly hereket edýärler. Ýöne aklyny göwni üçin ulananlar bu iki güýç merkezini "Bir" eder. Adam aklyna doly eýelik edip bilse-de, öz göwnüniñ raýyny ýykybilmeýän wagtlary az bolmaýar. Iñ howply duzak - egodyr. Egosyny ýeñip bilýän, düşünjesine gözegçilik edip bilýän, aklyny we göwnüni bir saklaýan adamlar köpeldigiçe, jemgyýetiñ asudalygynyñ, sazlaşygynyñ hem şonça üpjün edildigidir. Maddy we ruhy taýdan ösmek - jemgyýetçilik bagtyýarlygynyñ açarydyr. Ýylmaz ULUSOÝ. # Ähli hukuklary goragly ® 2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||