15:36 Al-arwah / hekaýa | |
AL-ARWAH
Hekaýalar
Men, içim hümmüldili, syýagalam bilen, syýadanyň tegelek, sandyrawuk kölegesiniň daşyny aýlaýardym. Alys otagda sagat zaňyny kakdy, men-hyýalbendiň göz öňümde bolsa, kimdir biriniň gapymy kakýandygy janlandy – ilk-ä pessaýja, soň barha batly; on iki gezek kakdy-da, garaşyp, doňdy: -Hawa, men bärde, giriň,... Işigiň tutawajy utanjaň jygyldady, gözýaşly şemiň dilkawy egildi-de, ol tümlügiň göniburçlugyndan keseligine zompuldap çykdy – epilen, çal, aýazly hem ýyldyzjaň gijäniň çaňy basan... Men onuň ýüzüne beletdim – wah, öňden bäri belet! Sag gözi heniz kölegededi, çepi meni wehimli gözden geçirdi, süýnmegräk, tüsseli-ýaşyl, görejem edil pos nokady ýaly solak köreýän... Çekgesinde-de syçanreňk-çalymtyk çogmak bilen solak-kümüşsöw, bildirer-bildirmez gaşy – ýene-de murtsuz agzynyň çetindäki gülkünç gasynjyk – bularyň barysy meniň hakydamy gižželeýärdi, gorjaýardy! Men turdum – ol öňe ätdi. Horaşaja paltosy nähilidir birhili ters ildirilgidi – aýallaňky ýaly; elinde ol telpegini saklaýardy – ýok, gara, gelşiksiz düwünçek – telpeg-ä asla-da ýok... -Hawa, elbetde, men ony tanaýardym – hatda, has dogrusy, eý görýärdimem, - ýöne, ine onuň bilen haçan, nirde gabatlaşanymyzy teý oýlap tapyp bilemok, hä, dogry, biz ýygy-ýygydan sataşardyk, ýogsa men beýle pugta ýadymda saklamazdym, hanha, hol brusnika-gyzyl dodaklary, çüri gulaklary, gülkünç kekirdek ýumrusyny... Mylakatly hümürdi bilen men onuň ýeňiljek, sowuk elini gysdym-da, lagşan kürsüniň ýeňsesine galtaşdym. Ol çökdi, edil töňňä gonan garga mysaly, soňam howul-hara dillendi: -Şeýlebir eýmenç, köçelerde. Menem onsoň giräýdim. Seni görmäge geldim. Tanaýaňmy? Biz seň bilen, ýadyňa düşer bolsa, gün geçirmän şapadaňlardyk, aýulaşardyk... Şo taýda – watanda... Ýa undaýdyňmy? Onuň sesi, göýä, meniň garagymy gapdy, gözümiň öňi ala-bederlik, başym aýlanýar, meniň bagt ýadyma düşdi, güňleç, tükeniksiz, hiç haçan dolanmajak bagt... Ýok, bolup bilmez! Men – ýalňyz... Bulaň hemmesi – diňe geldi-geçer samrama! Emma, meniň ýakynymda hakykatdanam kimdir biri otyr – süňklek, ebeteýsiz, gulakjynly nemes ädijeginde, sesem onuň jyňňyrdaýar, şygyrdaýar, altynsöw, dokmäde-ýaşyl, tanyş, sözleri bolsa, ählijesem şeýlebir sadadan ynsany... -Ine – ýadyňa saldyň... Hawa, men – öňki Jeňňeljürjeni, ýeser al-arwah... Ine, ahyrsoňy menem gaçyp gaýtmaly boldum... Ol çuňňur dem sojady welin, ýene meniň gözüme göründi – ykmanda bulutlar, ýapraklygyň belent tolkunlary, gaýyň gabygynyň lowurdysy tolkunköpük syçrantgysy mysaly, hemem ebedi süýjümtik güwwüldi... Ol maňa garşy egildi-de, garaçygyma ýumşaksy dikanlady. -Biziň tokaýymyz, gara arça, ak gaýyň ýadyňa düşýärmi? Çapdylar... Şeýlebir dözmedim, çydar dagy eder ýaly däl: görüp durun, gaýyňjagazlar şatyrdaýar, keseleýin gaýdýar, a men nädeýin? Batga kowup dykdylar meni, agladym, uwladym, hüwi bolup hüňledim – soňam bökeý-bökeý ýakyn sosna gyrymsylygyna siňdim. O taýda-da gam çekdim: hiç eňräp soňuna çykyp bilmedim... Ýaňybir öwrenişip ugradymam welin – seret, gyrymsylygam ýok eýýäm – diňe tutuşlygyna tot-tütünli ýanykhana. Ýene-de sergezdanlyk mysapyrçylygyna gol ýapmaly boldy. Ahyry özüme laýyk tokaýjyk gözläp tapdym – gowuja jeňňelçedi, gür, tünlüje, terje – äý ýöne, barybir şo isleýäniň däl... Bolardy, käteler şapakdan şapaga çenli oýnardym men, guduzlap söýüşdik çalardym, çapak çarpardym, ötegçileriň zähresini ýarardym... Ýadyňda ahyry: bir sapar sen meniň sümmeligimde azaşypdyň – sen we akja köýnejik – a men bolsa ýodajyklary çigişdirdim, sütünlerden pyrlampaç ýasadym, ýapraklykdan gözümi gyrpdym – arly gije başyňy-gözüňi aýladym... Ýöne bulaň barysynam, diňe degişme-henek üçin etdim, biderek ýere maňa gara ýöňkeýärdiler... A bu ýerde bolsa men burnum deşilene döndüm: gamgyn täze mekan boldy... Gije-de, gündizem, çar töwerekde nämedir bir şol çatlap durdy. Men ilkibada pikir etdim – özümiziňkileň, jeňňel jürjenleriniň biri bezzatlyk edýär-ow, ony çagyrdym, diň saldym. Şatyrdap otyr özbaşyna, güpürdeýär – ýok, biziňkiler-ä däl bolýar. Bir saparam, gije açyk meýdança böküp çyksam – gördüm welin, adamlar ýatyr – kim arkan, kim ýüzin. Hany, diýip pikir edýän, oýaraýyn bakaly bulary, gyjyklaýyn! Şahalary silkeläp, gozalary gaçyryp ugradym, şygyrdaýan, guguldaýan... Sagatlap güýmendim – barysy bihuda. Olara golaýladymam welin, doňup galaýdym. O biriniň-ä kellesi ýekeje gyzyl sapajykda asyl-asyl, beýlekisiniň garnyna derek – semiz gurçuklaň gysymy... Çydamadym men. Uwladym-da, diriň-diriň böküp, gaçdym ümdüzime garşy... Dürli tokaýlarda uzak entedim, emma hiç ýerde-de ýaşarlyk ýok. Ýa-ha sedasyzlyk, çöl, ajal tukatlygy, ýa-da şeýlebir elhençlik welin, ýatlamagam gerek däl! Ahyrynam aýgyda geldi: kişijige öwrüldim, düwünçeklije awara, soňam, başbitin terk etdim: hoş gal, Rus! A o taýda bolsa eýýäm, meniň doganjygym. Suw hojasy hemaýat etdi. Olam, pahyrjyk, jyryp barýan ekeni. Özem tükezziban geň galdy geldi: zamanalar, diýýä, nähili geld-ä – duranja bir musallad-a. Ýogsa dogrusyny aýtsaň: onuň özem köne eýýamlarda şeýlebir hokgalar goparardy, albaý bulap adamlary çoçgaryna çolaşdyrardy (aý özem, biçak myhmansöýerdi-dä), ýöne olary öz altyn çuňňulynda hülli-hülli edäýşini, mähir-muhabbet bilen gurşaýşyny diý-ä sen, neneňsi aýdymlar bilen olary melul ederdi! Indi bolsa, diýýär, diňe gözýetimden-gözýetime çen sansyz jesetler ýüzüşip gelýär, derýaň suwy bolsa, gan kibi goýy, ýylymsak, ýelmeşek; dem alara zat ýok... Şolam meni öz ýanyna aldy. Öz-ä alys deňizde günemasyny gören bolup ýör-le, meni bolsa ýolugra dumanly kenarjyga oklap geçdi – bar, doganjyk, öteýt, özüňe birki desselik gyrymsyjyk tapyn. Emma, näçe çarp ursam-da hiç zat tapynyp bilmedim, ine şu ýere, bu bigäne, eýmenç, daş şähere gelip düşdüm... Ine şeýdip menem birazajyk ynsana öwrülip ugradym, ýakajyklar, ädijekler, hemme zat bolmalysy ýaly – hatda bulaňkyçalap gürlemegem öwrendim... Ol dymdy. Gözleri, öl ýaprak deý ýylpyldaýar, elleri çilşirilgi, erän şemiň yrga ýagtysynda, çepine daralan, agymtyl saçy täsinden-täsin lowurdaýar. -Men bilýän, senem gussa çekýäň,-diýip ýene-de ýiti sesi şyňňyrdady:-emma seniň gussaň, meniň tüweleýli, däli gussam bilen deňäniňde – diňe ukudakyň endiganja myşşyldysy. Pikir etdejik göräý-ä: Rusda biziň kowum-hyşymyzdan hiç kes galmady. Birler-ä ümüre öwrülip, göge göterildi, beýlekileri dünýäň ýüzüne pytrady. Mähriban derýalar gamgyn, hiç kimiň çakgan eli aý zerrejiklerini dökän-saçan edip seçelemeýär, tötänden orlan çigildemjikler – meniň basdaşym Meýdançynyň öňki mawy guslýasy sedasyz dymýar. Tüýlek, mähirli Posten (Öý jürjeni), aglaý-aglaý, özüniň namysy depgilenen, ýüzüne tüýkürilen öýüni terk etdi, tokaýçalar gurady, naýynjar-aýdyň, jadyly-tutuksy jeňňelçeler... A biz bolsa, seniň ylhamyň ahyry, Rus, seni aňýetmez gözelligiň, asyrlyk ahramyň... Biziň hemmämizem gitdik, aklyndan azaşan ýermühendis tarapyndan kowlup. Dostum, men bahym ölerin, aýt maňa, näme-de bolsa bir zat, aýt, meni eý görýändigiňi, meni öýsüz salgymy, golaýragyma geçsene, eliňi ber... Pyşşyldap, şem öçdi. Sowuk barmaklar galtaşdy, aýama meniň, gamgyn, tanyş gülki jyňňyrdady-da, sem boldy. Men şemi ýakanymda, eýýäm kürsüde hiç kim ýokdy... hiç kim... Diňe, otagda gaýyňdyr öljümek garaharsaňyň jadyly-nepis ysy bark urýar... © Wladimir NABOKOW. Wladimir Wladimirowiç Nabokow, 22.04.1899 ýylda Sankt-Peterburgda doglup, 02.07.1977 ýylda Şweýsariýada aradan çykan, rus-amerikan nusgawy ýazyjysy, şahyrydyr. Ondan başga-da W.Nabokow dünýäde terjimeçi, publisist, entomolog-alym hökmünde tanalýar. Ol öz ömrüniň dowamynda jemi sekiz gezek (1963; 1964; 1965; 1966; 1968; 1969; 1970; 1971) Edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlense-de, muňa garamazdan oňa bu baýrak berilmändir. W.Nabokow iňňän şahyrana kyssa ýazyş ussatlygy bütin dünýäde ykrar edilýän, nusgawy ýazyjydyr. Onuň ençeme eserleriniň bardygyna garamazdan, W.Nabokowyň iň meşhur eseri, 1955-nji ýylda iňlis dilinde çap edilen “Lolita” atly romandyr. Bu roman ilkinji gezek neşir edileli bäri, ýüzlerçe dillere terjime edilip, müňlerçe gezek täzeden çap edilip, birnäçe sapar onuň mazmuny boýunça çeper filmler düşürilen, meşhur eserdir. Bu romanda 37 ýaşly, edebiýat mugallymy Gumbertiň 9-14 ýaşlaryndaky gyzjagazlara bolan keselbent hyjuwy hakda gürrüň berlip başlanýar. Soňra bu eserde, Gumbert bilen onuň kireýine ýaşaýan öýüniň bikesi Şarlotta Geýziň on iki ýaşly gyzy Doloresiň (öýünde bu gyzjagaz: “Lo, Lola ýa-da Dolli” diýlip atlandyrylýar) arasynda tutaşýan hyjuw, şol hyjuwyň bolup geçişi we ahyrky netijesi suratlandyrylýar. 2014-nji ýylda Şwed akademiýasy 1963-nji ýyl üçin edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesiniň seçilip alnyşy hakdaky resminamalary köpçülige ýaýradýar (düzgüne laýyklykda, bu baýraga mynasyby saýlamak, oňa hödürlemek bilen bagly maglumatlar, diňe şondan 50 ýyl geçenden soň aýan edilmäge degişli). Şol resminamalara laýyklykda, Şwed akademiýasynyň hemişelik agzasy Anders Esterling, W.Nabokowa bu baýragy gowşurmagy ret etmeginiň sebäbini şeýle düşündiripdir: “Ahlaksyz hem şüweleňli roman “Lolitanyň” awtorynyň, hiç bir ýagdaýda baýraga dalaşgär hökmünde garalmagy mümkin däldir”. | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||