16:18 Alamat / hekaýa | |
ALAMAT
Hekaýalar
Sambu: — Maňa dört an bersene, kino görmäge gitjek — diýdi. Ejesiniň depe saçy üýşüp gitdi. Oglunyň islegi oňa düşnüksizdi. Bu kinonyň öz şäherlerine getirilendigi hakyndaky pikirem indi ýarym ýyl çemesi onuň ýüregine dowul salýardy. Adamlar aýatda diri däldigini bilibem, nädip ekranda oňa seredip bilýärlerkä? Ilkiler onda adamlaryň özüni sylap, filmi çykaraslaram ýok-la diýen inçe tama-da bardy. Emma köçeden orkestrli, deprekli köp adamly ýöriş geçende hem-de uzyn boýly, daýaw ýetginjekler mahabatly suratdyr ýazgylary hemem onuň adamsynyň dürli reňkli ägirt uly portretlerini göterip geçenlerinde, ol wagtlaýynça şäherden çykyp gitmek kararyna geldi; ýöne bu çykgynsyz ýagdaýyň alajyny tapmak aňsat däldi. Ynha, indi getirdiler. Öýünden üç mähelle aralykdaky kinoteatrda onuň ýanýoldaşy günde azyndan alty sagatlap geplär, hereket eder, aýdym aýdar... Sambu, hamala, kakasy direlip gelen ýaly begendi. — Eje, sen näme, kino gitjek dälmi? — Ýok. — Ýör, eje, ýör, haýyş edýän, gidäýeli. Ol ogluna bu kinony özüniň görüp bilmejekdigini düşündirmäge synanyşdy. Ýöne oglanjygyňam öz gepini gögerdesi gelýärdi. — O nähili görüp biljek dälmişiň? Sen onuň suratlaryna, hatda diwarda asylgy duran portretine hem her gün seredýäň ahyry? — Hawa, ýöne suratlar geplänogam, gymyldanogam, aýdymam aýdanog-a. — Diýmek, olar saňa kakamy diri ýaly görkezýän kinosyndanam has gowy ýaraýar-da? Ertesi bütin gün tolgunmadan ýaňa oglanyň haly juda teň boldy. Mekdepde mugallym aňyrsyna öwrülen badyna, ol eglip ýanynda oturanyň gulagyna pyşyrdady: — Şu film üçin meň kakama on müň rupiýa tölediler. Şu gün agşam şo kinony görmäge gitjek. Senem gitjekmi? — Näme, «Kumarini» görmelimi? — diýip, ol biperwaý jogap gaýtardy. Тamil filmlerini onuň jyny almaýardy. — Tomaşa etmeg-ä beýlede dursun, golaýyna-da barjak däl. — Bu film beýleki tamil kinolary ýaly däl. Kakam bize her agşam onuň edebi ýazgysyny okap bererdi. Biçak gyzykly. Ol muny başdan-aýak öz eli bilen ýazdy. Oňa filmiň edebi esasyny ýazany hem-de keşbi ýerine ýetireni üçin on müň rupiýa tölediler. Eger isleseň, bileje gidäýeli. — Tamil filmini görmäge-hä gitjek däl. — Bu üýtgeşik tamil filmi. Ol islendik iňlis filmine-de gaýra dur diýýä. Emma onuň ýoldaşy öz diýenini tutdy durdy. Sambunyň bir özi gitmeli boldy. Bu film tamil kinematografiýasynda sazlaryny has azaldyp, täze, döwrebap usul girizmäge edilen synanyşykdy. Bu film Kumariniň on dört ýaşynda durmuşa çykmakdan boýun gaçyran, uniwersitetde okap, gün-güzeranyny dolamak üçin özi gazanç edesi gelýän, şonuň üçinem yzgytsyz atasy (Sambunyň kakasy) ondan geçip, ahyrynda-da, bagyşlaýan gyzy hakyndaky wakadyr. Sambu nyrhy dört anlyk hatarda ornaşdy-da, sabyrsyzlyk bilen filmiň başlaryna garaşdy. Ol indi ýarym ýyl bäri kakasynyň didaryna zar bolansoň, ony gaty göresi gelipdi. Zal garaňkyrakdy. Golaýda görkeziljek filmleriň mahabatyna hem-de bildirişlere Sambu biperwaýdy. Ahyrsoňy ekranda Sambunyň kakasy peýda bolýar. Onuň egninde öýde geýen şol bir egin-eşigi bardy; ol edil öýde oturyşy ýaly, stolunyň başynda otyrdy. Onuň ýanyna bir gyz gelýär, ol onuň başyny sypalap, edil birwagt Sambu bilen gürleşişi ýaly gürleşýär. Soňra ol gyza arifmetikany öwredip başlaýar. Gyz dyzlarynyň üstünde ýazuw tagtajygyny goýup otyr, Sambunyň kakasy bolsa oňa aýdyp ýazdyrýar: «Arabakeş bir mil üçin iki an alýar. Ramyň üç any bar. Arabakeş ony näçe mile äkider?». Gyz taýajygy dişläp, gözlerini gyrpyldadýar. Kakasy aç-açan gaharlanýar. «Kumari, bir zatlar diý-dä, ýogsam şapbat çalaýmasyn, men onuň häsiýetine belet ahyryn» diýip, Sambu pyşyrdady. Ýöne Kumari arifmetikada Sambudan ökdedi. Ol dogry jogap berdi. Kakasy gaty şatlandy. Ol ozallar Sambu meseläniň dogry çözgüdini tapanda, begenjinden ýaňa bökübererdi. Sambu suw syzdyrýan, ýokarsy suwakarly ullakan çelek baradaky tapmaçanyň tötänden dogry jogabyny tapan gününi hakydasyna getirdi. Sambudan üç sagadyň dowamynda çelegiň täzeden suwdan doljakdygyny eşiden kakasy begenjiden tarsa ýerinden turupdy. Film tamamlanansoň, çyralary ýakdylar. Sambu kinoçynyň otagyndaky äpişgejige tarap göz aýlady, kakasy hut şol ýerde gizlenendir öýtdi. Indi kakasy bolmansoň, onuň gözüne dünýe gugaryp galan ýaly boldy. Ol öýüne tarap ýumlukdy. Ejesi oňa daş işikde garaşyp durdy. — Näme, beýle giç geldiň? Eýýäm sagat dokuz boldy. — Eger mümkin bolsa henizem tomaşa ederdim. Eje, sen nähili täsin adam aý. Ýeri, näme üçin gitjek dälmişiň? Agşam şamlygyň başynda ol eňegine jaň dakylan ýaly, yzyny üzmän ýaňrady. — Edil kakamyň aýdym aýdyşy ýaly, edil şonuň ýöreýşi ýaly şeýlebir meňzeş... Ejesi ony gussaly dymmak bilen diňledi. — Eje, senem bir zat aýdaýsan-a! — Wah, oglum, men näme aýdaýyn. — Näme, sen kinony halaňokmy? Jogaba derek ejesi sorag berdi: — Ertir ýene gidesiň gelýämi? — Hawa, gidesim gelýä-dä. Şol film biziň şäherimizde näçe görkezilse, gün yrman giderdim. Sen maňa her gün dört an berermiň? — Hawa. — Maňa her günde iki gezek kino gitmäge-de rugsat berermiň? — Ýok-la, munyňa-ha hä diýip bilmen. Sapaklaryňa-da taýynlanmaly ahyryn. — Özüň näme, görmäge gitjek dälmi? — Ýok, bu mümkin zat däl. Ýene bir hepde, günde üç sagatdan. Sambu kakasynyň ýanynda ýaşady, her sapar film tamamlananda onuň ýüregi gysýardy. Her gezek ol aýraçylygy gaýtadan başdan geçirýärdi. Onuň iki seansda-da biçak oturasy gelýärdi, emma ejesi Sambunyň okuwynyň aladasyny edýärdi. Wagt barha azalýardy, ýöne ejesiniň muňa teý, düşünesi gelenokdy. Sapaklaryň gaçyp gitjek ýeri ýok-la, ýöne kakam welin... Soňky seanslara tomaşa edýänlere onuň gözi gidýärdi. Ejesi ýalbaryp-ýakaryp, özelenip duran oglunyň raýyny ýykmaga dözmänsoň, her niçik-de bolsa, iň soňky agşam filmi görmäge razyçylyk berdi. Olar iň soňky seansa gitdiler. Ejesi aýallaryň oturýan ýerinde ornaşdy. Ol kino gelmek üçin barja gaýratyny jemlemeli bolupdy. Mahabatlar, bildirişler görkezilýänçä ol hezil edip dynjyny aldy. Ekranda onuň äri aýaly bilen gürleşýär, çaga bilen oýnaýar, aýdym aýdýar, geýinýär; onuň öz eşikleri, hut öz sesi, öz gahar-gazaby, öz şadyýanlygy — ol bu zatlary özüne edilen bilkastlaýyn zabunlyk bildi. Aram-aram gözlerinem ýumdy, ýöne filmden aýrylybam bilmedi — bize zeper ýetirýän närselerem şeýle özüne çekýär eken. Ynha, onuň kürsüde gazet okap oturan sahnasy başlanýar. Ol ozalkylary ýaly bütin dünýäni unudyp, gazete gümra bolup otyr. Şu zatlar üçin ol nikada duran ýyllary, gör, näçe gezek onuň bilen käýişipdi. Hatda şo-ol ahyrky günem ol nahardan soň kendir kürsüde edil şunuň ýaly bolup otyrdy. Ol şonda gaharyna bäs gelibilmändi: «Wah, diýmäýin diýsem, janyny gazet almyş! Maňa-ha barmysyňam diýeňok-da, men agşama çenli gözümiň awusyny bir alyp bilsedim!». Ärini birneme soňrak görende, ol kürsiniň arkasyna ýaplanyp ýatyrdy, gazetem onuň ýüzüne ýapylan ekeni... Bu çydar ýaly däldi. Ol gaty hamsygyp, aglap başlady. Erkekleriň tarapynda oturan Sambu bu gazetli sahnany gowy görýärdi. Basym gyz gelip girer, ol kakasyndan näme okaýandygyny sorar, kakasyna azar berip başlar-da, almytynam alar. Kakasy çasly: «Kumari! Sen şu taýdan çykjakmy ýa-da seni südürläp çykarmalymy?». Ol gyzda kakasynyň ýanynda nähili edep saklamalydygy hakda düşünje-de ýokdy, şonuň üçinem Sambu ony halamaýardy. Sambu häziriň özünde gyza temmi beriljekdigine öňünden begenip durka, zalyň aýallar oturýan tarapynda biriniň ses edip aglaýandygyny eşitdi; soňra aýak tarpyldysy eşidildi, kimdir biri: «Çyrany ýakyň! Bu aýalyň essi aýyldy!» diýip gygyrdy. Aljyraňňylyk, başagaýlyk başlandy. Sambu filmi saklanlaryna gynanyp, o taýda näme bolanyny görmek üçin oturgyja mündi. Ol öz ejesini ýerden göterýändiklerini gördi. — Bu meň ejem! — diýip, Sambu möňňürdi. — Olam ýogaldymy? — diýdi-de, germewden aşyp geçdi. Ol aglady, ah çekdi. Kimdir biri oňa: — Gorkar ýaly zat ýok, gorkma, ol huşundan gidipdir, rahatlan. Ony zaldan çykaryp, iç işikde goýdular. Çyralar ýene-de öçdi, tomaşaçylaram ýerli-ýerine geçdiler, film dowam etdi. Sambunyň ejesi gözlerini açyp tirsegine galdy-da: — Bärden basymrak gideli, oglum — diýdi. — Bolýa, eje. — Ol iki tigirli arabany getirdi-de, oňa münmäge kömek etdi. Ejesiniň yzyndan Sambunyň özüniňem araba münenem şoldy welin, garaňkradylan zaldan tanyş ses eşidildi: «Kumari! Sen şu taýdan çykjakmy ýa-da seni südürläp çykarmalymy?». Bu ses oňa gaty agyr degdi, ol aglady: ejesiniň essi aýylmagy ony bijaý gorkuzdy, mundan başga-da, ol indi kakasyndan müdimilik mahrum bolanyny duýdy. Ertir indi başga bir film görkeziler. Radžipuram Krişnaswami NARAÝAN, hindi ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden: Myrat GOŞLYÝEW #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |