13:42 Alhimiýa ― jahanyň kalbyna barýan ýol | |
ALHIMIÝA – JAHANYŇ KALBYNA BARÝAN ÝOL
Edebi makalalar
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ilkinji sanlarynyň birinde häzirki zaman meşhur ýazyjylaryň biri bolan Paulo Koelionyň «Alhimik» eseri O. Çaryýew tarapyndan ussatlyk we ýokary çeperçilik bilen terjime edilip çapdan çykypdy. Bu eser filosofiýa ýykgyn edýän islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä dillerinde çap edilen eseriň öz ene dilimizde terjime edilip halka gowuşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Alhimik» eseriniň filosofiki pikirlere baý bolmagy, bir tarapdan, Paulo Koelionyň bu ugra ömrüni bagyş edendigini aňlatsa, beýleki tarapdan, terjimeçiniň hem filosofiýadan çetde däldigini ýaňzydýar. Dünýäniň syrlaryndan söhbet açýan bu eseri ene dilimizde halk köpçüligine ýetirendigi üçin, ussat terjimeçä we žurnalyň agzybir döredijilik toparyna hoşallygymyzy bildirýäris. Alhimik — tebigatyň syrlaryna akyl ýetiren, adam bilen tebigatyň sazlaşygyny açyp bilen, ynsanyň içki dünýäsi bilen daşky dünýäsiniň arasyndaky baglanyşygy tapan, adatdan daşary zehinli, fenomenal geniý. Eseriň sözbaşysynda getirilýän Isa pygamber bilen baglanyşykly wakada tutuş mazmuny kesgitleýän pikir orta atylýar. Keşişleriň arasynda keramatly kitaplarda ýazylanlary hem okap bilmeýän bir keşişe nobat ýetende, dabarany tamamlamakçy bolýarlar. Bar başarýan zady şarjagazlary zyňyp-gapmak bolan keşiş öz başarýanja zadyny görkezmese ýüregi ynjalmajakdygyny duýýar. Diňe şondan soň häliden bäri bir bolşuny üýtgetmedik körpeje Isa ýylgyryp, eljagazlaryny çarpmaga başlaýar. Bu waka nämäni aňladýar? Adama maksadyna ýetmek üçin ägirt uly zatlara ymtylmak hökman däl. Esasy zat öz başarýanja zadyny tüýs ýürekden ýerine ýetirmek. Aýdypdyrlar ahyry: «Diňe ýürekden çykýan söz ýürege barýar». Soňra tutuş filosofiýa ylmyna tanyş bolan Narsis baradaky wakany ýazyjy Oskar Uaýldyň pikirleniş nukdaýnazaryndan derňeýär. Uzakly gününi çeşmäniň suwuna düşýän keşbine seredip geçirýän bu ýigdekçe ahyry suwa gark bolýar. Çeşmäniň boýunda biten güljagaza şol ýigdekçäň ady dakylýar. Narsis ölensoň suwy şorlaşan çeşme tokaý perileri bilen bolan gürrüňde ýigdekçäň gözelliginden bihabar bolup, onuň gözlerinde özüni görendigini ýaňzydýar. Bu ýerde nygtalýan pikir näme? Narsis öz keşbine aşyk bolup ýokluga öwrülýär. Diýmek, özüni söýen adam ýok bolup gidýär. Bu dünýäde ýaradylan zatlaryň hiç birisi hem özi üçin ýaşanok. Olar diňe biri-birine peýda getirmek üçin ýaşaýarlar. Rowaýatlarda hem bagtyň tükenmez çeşmesiniň özgeleri begendirip bilmekdigi aýdylýar ahyry. Bir danadan sorapdyrlar: — Dünýäde iň uly gussa näme? — Öz-özüň hakda alada etmek — diýip, ol jogap beripdir. Eserde turuwbaşdan gürrüň «Jahanyň kalby» diýen düşünjä wakalaryň üsti bilen düşündiriş bermekden başlaýar. Bu düşünjäni ýazyjy «bakylyk» manysy bilen utgaşdyrýar. Eseriň baş gahrymany Santýago atly ýetginjek şol bir düýşi iki gezek görýär we onuň manysyny tirmese ynjalmajakdygyny duýýar. Ine, şu ýerden hem filosofiýanyň ýörelgeleri ör-boýuna galyp ugraýar. Näme, şol bir düýşi iki gezek görmeýän barmy?! Santýago düýşüni ýordurmagyň ugruna çykýar. Muny oňa ýüregi emr edýär. Ýüregiň emrine gulak asýan adam bolsa, öz ýoluna eýermäge ukyply bolýar. Şol bir zadyň iki gezek gaýtalanmagy — bu Hudaýyň seniň ýoluňda goýan yşaraty. Ýöne onuň yşaratdygyny aňmak her kese başardaýanok. Şonuň üçinem köpimiz görýän düýşlerimize beýle bir ähmiýet hem berip baramzok. «Alla bize düýş arkaly habar gatýar» diýen filosofiki jümläni palçy sygan aýalynyň keşbi arkaly bermegi ýazyjy göwne makul bilipdir. Şeýle hem, bazar meýdançasynda duşan goja şa Melhisedegiň «Ähli zat bir umumylygy emele getirýär» diýen sözi eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Düýşünde hazyna wada berlen ýetginjek ony Müsür piramidalarynyň ýanyndan agtarmak üçin, ýola çykmagy ýüregine düwýär. Syýahat etmäge atygsap duran höwesi ony arzuwlaryna çynlakaý çemeleşmäge iterýär. Goja şa şeýle diýýär: «Bir zady tüýs ýürekden arzuw edeniňde Jahanyň kalbyna aralaşýandygyňy unutma! Şonda tutuş älem seniň arzuwlaryň amala aşmagy üçin ýardamçyň bolar». Jahanyň kalbyna düşünmek diňe öz ýoluna eýerýänlere başardýar. Dünýädäki zatlaryň we hadysalaryň ählisi hem öňe gitmek üçin yşarat. Muny ýazyjynyň dili bilen aýtsak, «dünýäde nämedir bir zada yşarat etmeýän ýekeje zat hem ýok». Bu zatlara düşünip ugran Santýagonyň gulagyna atlaryň hokranmasy, düýeleriň pyşgyrmasy öň gury owaz bolup eşidilen bolsa, soň ol golaýlap gelýän howpy alamatlandyryp ugraýar. Bu bolsa ýetginjege öz kalbyna düşünip ugransoň başardýar. Melhisedek şa ýetginjege Urim we Tumim atly daşlary berýär hem-de olaryň aýgytly karara gelmäge kömek etjekdigini aýdýar. Şeýle hem: «Başardygyňdan özüň belli bir karara geljek bol!» diýip sargaýar. Bu sýužet filosoflaryň: «Näçe basym netijä gelseň, işiň şonça-da tiz bitýär» diýen kadasy bilen baglanyşyklydyr. Ýazyjy eseriň dowamynda ählumumy dil, oňaýly başlangyç ýaly filosofiki aňlatmalary hem ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyr. Ol bu pikirlerini hazyna gözlegine çykan ýetginjegiň jäç önümleri satylýan dükanda işläp, işleriň şowlamagyna sebäp bolşy bilen baglanyşykly wakalarda açyp görkezipdir. Öz ýoluna eýermegi maksat tutan Santýagonyň bu dükana gelmegi, onuň gelmegi bilen işleriň şowlamagy tötänlik däl. Çünki filosoflaryň hem belleýşi ýaly: «Tötänligiň özem tötänden bolmaýar». Bu pikire eseriň dowamynda hem gabat gelmek bolýar: «Näme diýseňem, dünýäde tötänlik diýen zat ýok». Öz maksadyna ýetmek üçin durmuşda täze gözýetimlere ymtylýan ýetginjegiň dünýägaraýşy tutuş ömrüni Mekgä zyýarat etmegi arzuwlap, ony amala aşyrmaga çynlakaý çemeleşip bilmedik jäç önümleriniň söwdagärine ýiti täsir edýär. Ol baş maksady hasyl bolaýsa, durmuşyň özi üçin manysyny ýitirerinden gorkýar. Söwdagäriň tutuş durmuşyny alyp görseň, töwekgellik etmäge milt edip bilmedik kişiniň keşbi emele gelýär. Hudaý onuň garşysyndan düýşüne giren hazynanyň gözlegine çykan batyr kişini, töwekgellik edip ýola rowana bolan oglany çykarýar. Nakylda hem aýdylypdyr ahyry: «Töwekgeliň işini taňry oňar». Söwdagär hem öz gezeginde gymmatly maslahatlary bilen ýetginjegiň gözýetimini baýlaşdyrýar. Ol: «Bulgurlary arassalaýan wagtyň öz kalbyňy hem tämizleýändigiňi unutma!» diýýär. Söwdagäriň bu sözleri ýetginjege goja şa Melhisedegi ýatladýar: «Ähli zat bir umumylygy emele getirýär». «Dünýädäki zatlaryň ählisi hem bitewüligiň bir ülşi». Biz durmuşda ýerine ýetirýän adaty hereketlerimiz nämedir bir zada sebäp bolýandyr diýip, hatda pikirem etmeýäris. Aslynda welin, hiç bir zat ýaşaýşyň ajaýyp simfoniýasyna goşulmaýan aýrybaşga zat däl ekeni. Yşaratlar Santýagony Müsüre tarap ýola düşmäge iterýär. Çünki düýşüne giren çagajyk oňa hazynanyň Müsür piramidalarynyň ýanynda gömlüp goýlandygyny aýdypdy. Eseriň bu wakalary Isa pygamberiň: «Hazynaň nirede bolsa, ýüregiň hem şol ýerde bolar» diýen jümlesine gabat gelýär we hut şu pikir eseriň dowamynda Alhimigiň keşbi arkaly beýan edilýär. Ýetginjek Faýum jülgesine tarap ýola düşýär. Bu gezek onuň hemrasy kitapdan başyny galdyrmaýan, geň-enaýy zatlaryň kül-külüne düşen we çölde ýaşaýan, iki ýüz ýaşly, adatdan daşary ukyba eýe bolan araby, ýagny alhimigi görmek üçin ýola çykan iňlis bolýar. Santýago oňa hazynanyň gözlegine çykandygyny aýdanda, ol: «Biraz giňräk manyda düşünseň, menem şeýle» diýmek bilen oňýar. Bu ýerde hazyna öňde goýlan maksady aňladýar. Olaryň hersi dünýäni özüçe görýär. Iňlis öz gözleýän zadyny dünýä hakda ýazylan kitaplarda agtarsa, Santýago kerweniň hereketinden we janly durmuşyň hut özünden yşaratlary okamaga synanýar. Ýöne olaryň ikisini hem birleşdirýän zat öz ýoluna eýerýändikleri. Eserde jülgä baryp ýetmegi üçin kerweniň çölüň dilini tapmalydygy aýdylýar. Diňe şeýle bolanda çöl kerwene öz üstünden geçmäge we sag-aman jülgä ýetmäge rugsat berip biler, ýogsam ýolda kerweniň azaşaýmagy, talaňçylaryň pidasy bolaýmagy hem daşda däl. Galyberse-de, eserde danalygyndan bihabar bolsa-da, tüýs danalygy sözünden bildirip duran düýekeşiň keşbi döredilipdir. Düýekeşiň: «Meniň geçmiş bilen hem, geljek bilen hem ilgim ýok. Men şu gün bilen ýaşaýan» diýen sözleri filosoflaryň ünsüňi bir ýere jemlemek barada aýdanlaryna gabat gelýär. Diýmek, düýekeş durmuş filosofiýasyna düşünen adam bolýar. Ol ýetginjege şeýle diýýär: «Eger sen şu pursatda galmagy başarsadyň, başy ölümlileriň arasynda senden bagtlysy bolmazdy. Sen şonda asmanda ýyldyzlaryň şöhle saçýandygyny, tebigatyň jansyz bir barlyk däldigini görerdiň». Bu sözler filosoflaryň nygtaýan «Durmuşyň her bir pursadynda ajaýyp mümkinçilikler jemlenen. Geçmiş we geljek hakdaky pikirlere dulanyp, olary duşuňdan geçiräýme» diýen pikiri bilen gabat gelýär. Ýolda tire-taýpalaryň arasyndaky uruşlar sebäpli kerwen wagtlaýyn saklanmaly bolýar. «Nämede haýyr barlygy bilinmez» diýlişi ýaly, uruş hem Santýago we iňlis üçin bähbit bolup çykýar. Ýetginjek çölüň özüne görülmedik serpaý ýapjakdygyna ynanýan Patma atly çöl gyzyna duşýar we onuň üsti bilen iňlis hem Alhimigiň salgysyny alýar. Santýago bilen Patmanyň arasyndaky söýgi gatnaşyklary ýetginjekde hakyky söýginiň ynsany öz ýolundan alyp galmaýandygy, eger ynsana öz ýoly bilen gitmäge päsgel berýän bolsa, onda onuň hakyky söýgi — ählumumy dilde gürleýän söýgi däldigi baradaky pikirleri oýarýar. Şeýle hem, Patma «Ýel çäge depeleriniň şekilini üýtgetse-de, çöl çöllügine galýandyr» diýen filosofiki jümle bilen öz söýgüsine wepaly boljakdygyny aňladýar. Iňlis hem Alhimikden gurşunyň nädip altyna öwrülýändigini soranda, Alhimik oňa: «Ýene bir gezek synanyş» diýip maslahat berýär. Eseriň bu pikiri erjellik hakda aýdylanlar bilen baglanyşýar. Meşhur alym Tomas Edisonyň ummasyz şowsuzlyklardan soň, çyrany oýlap tapandygyny bilýäris. Olar erjelligiň ýeňiş getirýändigini nygtap: «Göreşmegi bes eden günüň ýeňildigiňdir» diýen ýörelgäni öňe sürüpdirler. Bu dünýädäki zatlaryň her biriniň nämedir bir zada yşarat edýändigine berk ynanyp ugran ýetginjegiň öňünde älemiň syrlary kitap deý açylyp, Jahanyň kalby hem oňa aýan bolup ugraýar. Santýago kalbynyň salgy berşine görä, yşaratlara düşünmäge çalşanda, asmanda uçup ýören gyrgylara gözi düşýär. Ol gyrgylaryň uçuşynyň nämä yşarat edýändigini aňlamaga çalyşýar. Esli salym olardan gözüni aýyrman synlaýar. Asmanda parahat ganat ýaýyp ýören gyrgylaryň biri birdenkä beýlekisiniň üstüne okdurylyp gaýdýar. Gyrgylaryň bu hereketi ýakynlap gelýän howpy, adamlaryň heläk bolşuny Santýagonyň aňynda janlandyrýar. Kalby oňa jülgäniň üstüne howp abanýandygyny habar berýär. Ol özüne edilen yşaraty düýekeş dostuna gürrüň berýär. Düýekeş bolsa oňa serdarlaryň ýanyna gidip, yşaratlaryň habaryny ýetirmegi ündeýär. Ýöne ýetginjek öz sözüne ynanylmaz öýdüp howatyr edýär. Şonda düýekeş: «Beý diýme, olar çöl adamlary. Çölüň yşaratlaryna biparh garamak olaryň edehedi bolup bilmez» diýýär. Düýekeşiň bu sözleri biziň durmuşda adamlara düşnükli bolmaz öýdüp amala aşyrmakdan çekinen müňlerçe meýillerimizden habar berýär. Soň şol işleri kimdir biri amala aşyrýar welin, şeýle hereket etmäge ýürek edäýmegiň hem mümkin ekendigine düşünip galýarys. Şonuň üçinem dana ata-babalarymyz: «Ýatyp galandan, atyp gal!» diýen nakyly döredipdirler. Santýago, her niçik hem bolsa, serdarlara özüne edilen yşaratyň manysyny aýan edýär. Şonda serdarlaryň baştutany: «Ne sebäpden çöl keseki bir ýurda öz ýüregini açmak isledikä?» diýen ritoriki soragy orta atýar. Hut şu ýerde hem düýş ýormak, Müsür bilen baglanyşykly gürrüňleriň arasynda Ýusup pygamberiň ady agzalýar. Eserde Ýusup pygamber hakyndaky rowaýatlaryň getirilmegi ýöne ýerden däl. Faraonyň düýşüne giren ýedi sany hor we semiz sygryň nämeleri aňladýandygyny dürs ýorup, Müsüri açlykdan halas eden bu kişi düýşlere ynanýanlygy, olaryň Allatagalanyň edýän yşaratydygyna düşünendigi sebäpli ykbal ony gulçulykdan tä Müsüriň patyşalygyna çenli ýokary göterýär. Bu wakalar eserde düýşüne giren hazynanyň Hudaýyň öz ýolunda goýan yşaratyna düşünen Santýagonyň Müsüre tarap ýola rowana bolmagy bilen baglanyşykly ýordumyň esasyny düzýär. Olaryň meňzeşligi ikisiniň hem düýşe biparh garamanlygynda, olaryň yşaratdygyna düşünenliginde jemlenýär. Şeýle adamlardan bolsa durmuş öz hazynasyny gysganmaýar. Ýetginjegiň yşaratlaryň diline düşünmegi çölde ýaşap, çölüň diline belet, arwah-jynlar bilen gürleşip bilýän, pelsepe daşyny, dirilik suwuny tapan Alhimige aýan bolýar. Onuň çarpaýa galyp kişňeýän aty bilen peýda bolmagy gaýry dinlileri öz atynyň toýnagynyň astyna alyp, olary boýun egdiren ýagşyzada Ýakowyň keşbi bilen baglanyşdyrylýar. Eserde taryhy wakalara sebäp bolan gahrymanlaryň keşbini suratlandyrmakda hem ussatlyk bilen çekilen zähmetiň bardygyny bellemek gerek. Santýago bilen Alhimigiň arasynda bolup geçen söhbetde Öz Ýoly bilen barýan adama ähli zatdan öňürti batyrgaýlygyň zerurdygy nygtalýar. Eserde gürrüň çölüň kanunlary barada barýar. Hazynany hem hut şol çöl goýnunda gizläp ýatyr. Sen haýsy giňişlikde bolsaň, şol ýeriň ruhuna aralaşmasaň, yşaratlaryň manysyny saýgarmak başardyp barmaýar. Eger daş-töweregiňi çöl gallap duran bolsa, onda çölüň ruhuna aralaşmakdan başga alajyň ýok. Yşaratlar Santýagony aldamaýar. Onuň maslahaty bilen jülge halas bolýar. Munuň üçin serdarlar onuň gadyrynam bilýärler. Olar ýetginjegi baş maslahatçy edip öz ýanlaryna alýarlar we pul berýärler. Söweşden soň Santýago Alhimigi gözläp tapýar. Şonda Alhimik oňa: «Ýel seniň bu ýere geljekdigiňi aýtdy» diýip, özüniň tebigatyň syrlaryndan habarlydygyny ýaňzydýar. Soňra Alhimik oňa çölde ýaşaýyş bardygyny görkezýär. Zäheri sähelçe salymda adamy öldürmäge ukyply kepjebaşyň guýrugyndan tutup duran bu batyrgaý adam gylyjy bilen çägäniň ýüzünde tegelek çyzyk çyzyp, ýylany onuň içine taşlaýar we «Piramidalaryň daşyny çöl gurşap ýatyr, sen hökman çöli aşaýmaly» diýip, çyzygyň bir tarapyny açansoň, kepjebaş şol ýerden çykyp gidýär, ýogsam tegelek çyzygyň serhedini bozmak esli wagtlap ýylana başartmandy. Hazyna gözlegini dowam etmek ýetginjegi Patmadan daşlaşdyrjakdy. Şeýle hem, Santýago özüniň serdaryň baş maslahatçysydygy, altyn pullarynyň bardygy, Patmanyň ähli hazynadan gymmatlydygy baradaky bahanalar bilen sapalak atmaga synanyşýar. Şonda Alhimik oňa: «Bu zatlaryň hiç biri seni piramidalara tarap ýeke ädim hem golaýlaşdyrmaýar, sen hökman maksadyňa ýetäýmeli, ýogsam durmuş seniň üçin manysyny ýitirer. Sen hut maksadyňa ýetmek üçin şunça ýol sökdüň ahyry» diýip jogap berýär. Eger Öz Ýoly bilen gitmese, geçip barýan wagt akymy häli-şindi hazyna barada ýatladyp, kalbyna yza berjekdigini nygtaýar. Birnäçe ýyl geçensoň, yşaratlaryň hem bir ýana zym-zyýat boljakdygyny, şonda muny aňan serdarlaryň seniň hyzmatyňdan ýüz öwürjekdigini, ýöne şoňa çenli özüňe ýetik baýlyk toplamaga mümkinçiligiň boljakdygyny aýdýar, emma welin, şol baýlygyň kalbyňy ejirden saplamaga asla nepi degmejekdigini Alhimik ýetginjege örän sada dilde düşündirmegi başarýar. Söhbediň ahyrynda ýetginjegi jülgä baglap goýan zat haýsydyr bir sebäp däl-de, gorkudygy nygtalýar. Santýago piramidalara tarap gitmeli diýen karara gelýär. Şonda özüne hem mälim bolmadyk geň-taň şatlyk kalbyny gurşap alýar. Bu hemişe-de şeýle bolýar. Öz Ýoly bilen gitmäge batyrgaýlyk edip bilen kişi Jahanyň kalbyna aralaşmagy başarýar. Santýago bilen Alhimik ýola rowana bolýarlar. Alhimigiň ýolboýy dymyp barmagy Santýagonyň ynjalygyny alýar. Onuň muny näme üçin beýle edýändigine düşünjek bolup azara galýar. Şonda Alhimik Öz Ýoly bilen barýan adama kalbyny diňlemegiň zerurdygyny, munuň üçin bolsa dymmagyň ýagşydygyny aýdýar. Nemes filosofiýasynda «Dil hereketde wagty beýni durýar» diýilýär. Bize bolsa diňlemek gerek. Gürlemekden diňlemegiň has zerurdygy üçin adama iki gulak, bir dil berlipdir ahyryn. Muňa düşünenler bireýýäm öz ýoluna eýerip, Jahanyň kalbyna aralaşmagy başardylar. Olar geniý. Filosoflaryň nygtaýan bu pikirini biz şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Elmydama özgeleri diňledim...» diýen setirlerinden hem görüp bilýäris. Goşgynyň her bendinde hem «diňlemek» sözi ýaňlanýar. Bu ýöne ýerden ýa-da tötänden ulanylan söz däl. Onuň aňyrsynda paýhasyň güýjüne daýanyp, düşünip bolmajak çuňňur filosofiýa ýatyr. Kalbyň sesinden we ony taba getirmekden bihabar ýetginjek kalby özüne ikilik edýändir öýdýär. Şonda Alhimik oňa: «Ikilik diýýäniň garaşmadyk urgyňdyr. Kalbyň sesine düşünmegi başarsaň, garaşylmadyk urgudan zyýan görmersiň!» diýýär. Şeýle hem, eserde hazynanyň hatyrasyna öňünde keserip duran çöli kesip geçmek üçin, çölüň ýeke parçasyny hem gözden salmaly däldigi nygtalýar: «Ýaradylyşyň ähli keramatlaryny çägäniň ýekeje zerresinde synlamak mümkin». Bulara ýolboýy urşujylar gabat gelýär. Şeýle pursatlaryň birinde Alhimik özüniň ynamly sözi we dogumly garaýşy bilen ýagdaýdan çykalga tapýar we şeýle diýýär: «Adamyň ruhy güýji onuň garaýşynda jemlenen». Hakykatdanam, bu şeýle. Göz kalbyň daşky dünýä bakdyrylan aýnasy. Kalbyň niçik taplanandygyny adamyň garaýşyndan okabermeli. Şeýle hem, bular urşujylaryň düşelgesiniň deňinden ötenlerinde Santýago: «Bir howpdan-a gutulaýdyk öýdýän» diýýär. Alhimik bolsa: «Kalbyňa ynansaňam ynan welin, çölde gezip ýöreniňem unutma» diýip jogap berýär. Alhimigiň bu sözleri maksada barýan ýolda ýeke pursat hem arkaýynlyga ýol bermeli däldiginden habar berýär. Santýago Alhimikden hazyna gözlegine çykyp, ony tapyp bilmedik beýleki alhimikleriň näme ýalňyşlyk goýberendigini soranda, Alhimik olaryň diňe hazynanyň özüni gözläp ýalňyşandyklaryny aýdýar. Hakyky alhimikler ýere gömlüp goýlan hazynany gözlemän, özleri altyn mysaly ösüşe eýe bolmaga çalşypdyrlar. Çünki haýsy hem bolsa bir zat ösüşe eýe bolsa, onda onuň daşyny gurşap alan zatlar hem özgeräýmeli. Olar şu ýörelgeden hem ugur alypdyrlar. Ýolda Alhimigiň ýetginjege öwreden sapaklarynyň birinde şeýle diýilýär: «Adamyň arzuwy ýaňy bir hasyl boluberende, Jahanyň kalby öz beren sapaklaryny barlap görmek isleýär. Şu ýerde-de adamlaryň köpüsi namartlaýarlar. Muňa «Jülge gözýetime golaý gelende teşnelikden heläk bolmak» diýilýär». Santýagonyň hem piramidalara ýetmegine bir gün galanda, Jahanyň kalby öz beren sapaklaryny barlamak üçin, ony serdara olja edip, Alhimik hökmünde gudrat görkezmäge we mundan buýana ýaşaýşyny şol gudrata bagly edip goýýar. Diri galmak üçin ol ýele öwrülmelidi, emma kalbyna geňeşip görmänsoň, muny başarmaryn öýdüp lapykeç bolýar. Şonda Alhimik: «Öz Ýoly bilen barýan adam bireýýäm hemme zady başarýaram, ýöne sen kalbyňa geňeşip görmäňsoň aljyraýaň. Gorkma, adatça, golaý gelen ölüm ýaşaýsa bolan hyjuwyňy, duýgyňy artdyrýar» diýýär. Ine, şu ýerde hem ýetginjek adamyň özünde bar bolan iň uly güýjüni ulanmaly bolýar. Filosofiýada bu hadysa metafizika diýlip atlandyrylýar. Nemes filosofy Martin Haýdeggeriň aýdyşy ýaly: «Haçan-da, iş metafiziki ýagdaýa ýetende hasyl berip ugraýar. Şonda adam özünde bar bolan iň uly güýji, ýagny «janhowly» güýjüni ulanýar». Adam janhowluna hereket etse, başarmaýan zady ýokdur (diňe ölini direltmekden başga). Ýöne ony hemişe ulanmak oňa başartmaýar. Durmuşyň özi mejbur etmese, adam özüni özüne buýurmaga beýle bir döwtalap däl. Bu aňy başardygyňça tijemek bilen baglanyşyklydyr. Muny başaranlar dünýä meşhur bolýarlar. Alymlaryň çaklamagyna görä, Albert Eýnşteýn öz aňyny iň köp ulanan adam hasaplanýar. Hasaplamalara görä, ol aň başarnygynyň bary-ýogy 10%-ni ulanypdyr. Eger şeýle bolsa, ýene-de, gör, näçeräk zatlary başaryp boljakdygyny göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Adam aňy örän köp zatlara ukyply. Biz hemişe ony gözegçilikde saklamaly. Sebäbi pikirler sekuntsaýyn üýtgemek häsiýetine eýedir. Alhimik ýetginjege alhimiýanyň nämedigini düşündirmäge synanyşyp, şeýle diýýär: «Dünýä — Hudaýyň diňe göze görünýän bir sypaty. Alhimiýa bolsa ruhy kämilligi maddy dünýäde şöhlelendirýär». Ýetginjek ýele öwrülmek üçin ilki çölden ýardam isleýär, ýöne çöl ýel tozadar ýaly çäge beräýmese, adamy ýele öwürmegiň ýoluny bilmeýändigini aýdýar we bu haýyş bilen ýeliň özüne ýüzlenmegi maslahat berýär. Tutuş dünýäni seýran edip ýören ýel hem adamyň ýele öwrülip bilmejekdigini, adam bilen ýeliň tebigatynyň aýrydygyny aýdýar. Şonda Santýago ýele, eger özi ýaly bolmagy öwretse, adamyň we ýeliň nähili mümkinçilikleriniň bardygy hakda bilelikde maslahatlaşyp biljekdigini aýdyp, onuň uguny ýekeläp ugraýar. Bilesigeliji ýeli öň eşitmedik zatlary gyzyklandyryp, ol öňküsinden hem güýçli öwüsmäge başlaýar, ýöne dünýäni aýlanyp çyksa-da, adamy ýele öwürmegi başarmaýandygyny boýun almaly bolýar. Santýago çöle hem, ýele hem söýginiň nämedigini düşündirmäge synanyşýar we söýgiň hatyrasyna kömek etmeklerini haýyş edýär, ýöne olaryň ikisi hem söýgüden bihabar bolup çykýar. Ýel: «Men adamlaryň söýgüden söz açanlarynda gözlerini asmana dikişleriniň kän gezek şaýady boldum. Belki, senem Günden haýyş etmelisiň» diýýär. Santýago Güne seredende gözüniň gamaşmazlygy üçin tozan turzup bermegi ondan haýyş edýär. Güýçlenip başlan ýel çöl adamlarynyň ýüreklerini ýarara getirýär. Gün hem Jahanyň kalbyndan habardar bolsa-da, söýginiň nämedigini bilmeýän eken. Ol ýaradylyşyň bäş güni we şonda ýaradylan zatlaryň ählisiniň öz ornuny tapyşy, altynjy gün bolsa adam ýaradylyp, tebigatdaky zatlary özgertmäge ukyplydygy hakdaky gürrüňler bilen ýetginjegiň gulagyny gandyrýar. Paýhasdan ýüküni tutan Gün ählumumy dilde gürleýän ýetginjekden gaçyp sypmagy akyllylyk hasap etmeýär we bu haýyşyny ähli zatlaryň takdyryny ýazan Elden haýyş etmegi maslahat berýär. Santýago hyýalynda takdyryň Eýesine tarap öwrülýär. Onuň diline hiç hili söz gelmän, diňe doga edýär we şonda Jahanyň kalby Hudaýyň kalbynyň bir bölegidigini, Hudaýyň kalbynyň hem öz kalbydygyny görýär, özüniň hem gudrat görkezmäge ukyplydygyna akyl ýetirýär. Ýel güýçlenensoň çöl adamlary Santýagony görüp bilmeýärler, ýöne haçan-da, tupan köşeşende onuň öňki duran ýerinde däl-de, biline çenli çägä gömlen sakçynyň ýanynda durandygyny görýärler. Ýetginjegiň ýele öwrülişi baradaky rowaýat köp asyrlap çöl adamlarynyň hakydasynda ýaşasa gerek. Şondan soň Alhimik bilen Santýago ýola düşýär. Alhimik keşişhanada gurşunyň altyna öwrülişini görkezip, altynyň üç bölegini özara paýlap, dördünji bölegini ýetginjege niýetläp keşişe berýär. Şonda Santýago hazyna tapmaga golaý gelende, bu altynyň nämä derkardygyna düşünmeýär. Müsür piramidalaryna bir sagatlyk ýol galanda, Alhimik ýetginjegiň mundan beýläk ýeke özüniň gitmelidigini aýdýar. Santýago hemrasyna minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşýar. Ol diňe kalbyna diň salýar. Kalby oňa hazynanyň nirede ýerleşendigini hökman salgy beräýmeli. Kalby: «Meni hünübirýan bolup aglan ýeriňden taparsyň» diýip seslenýär. Ol ahyry piramidalara golaý gelýär. Piramidalar gije Aýyň ýagtysyna müňýyllyklardan garap duran ýalydy. Şol ýerde ýetginjek piramidalara ýetmek üçin, bir aý töweregi ýol sökenligi we geçen hupbatly ýolunda duşan yşaratlaryny ýekän-ýekän ýatlap aglamaga başlaýar. Yşaratlaryň arkasyndan gowşan bagty üçin Hudaýa şükür edýär. Ol gözýaşlarynyň topraga damýan ýerinde tomzagy görüp, ony Müsürde Hudaýyň alamaty saýylýandygy ýadyna düşýär, şol ýeri gazmaga başlaýar. Ýöne gazyp durka gaçgaklar ýetginjegi talap, özünem mazaly ýençýärler. Şonda Santýago özüniň bir düýşi iki gezek görenini, düýşüne giren hazynanyň Müsür piramidalarynyň ýanynda gömlendigini, şony agtarýandygyny aýdanda, gaçgaklaryň baştutany oňa şonuň ýaly düýşi mundan iki ýyl ozal özüniň hem görendigini, düýşünde Ispaniýa gidip, ýarty bölegi weýran bolan ybadathananyň ýanynda seleňläp oturan injir agajynyň düýbünde hazyna görendigi barada gürrüň berýär. Onuň salgy beren ýeri Santýagonyň ýaşaýan mekanydy ahyry. Ýöne ol adam düýşlere ynanmaýandygy üçin, çöli kesip geçmegi samsyklyk hasap edipdir. Santýago bolsa onuň tersine. Ýetginjek piramidalara garap ýylgyrdy. Çünki ol gözleýän hazynasyny tapypdy. Onuň öýüne aşmagy üçin, Alhimigiň hälki niýetläp goýan altyny dadyna ýetişýär. Alhimik şonda gadymdan gelýän ýörgünli bir nakyly ýatlaýar: «Adamyň başyndan bir gezek inen zat ikinji gezek gaýtalanman biler, ýöne iki gezek gelen zat üçünji gezek hem hökman duçar bolar». Öň jübükeseriň pidasy bolansoň, serdara altynlaryny aldyran ýetginjek üçünji gezek hem gaçgaklar tarapyndan talanýar. Şeýle boljagyny Alhimik öňünden bilen bolmaly. Garry jadygöýiň soňky altyn bölegini hem şonuň üçin goýupdy ahyry. Santýago asyl mekanyna dolanyp, hazynany tapýar. Hazynanyň ondan bir bölegini sygan aýalyna bermek ýadyna düşen ýetginjek çölde özüne garaşýan Patmany hem ýatlap, ýola rowana bolýar. Eserde nygtalýan pikire görä, dünýäde öz hazynasyny gözleýän islendik adamyň özünden daşlaşmaly däldigi, her kimiň hazynasynyň öz kalbynda ýerleşendigi, kalbyna düşünip bilen adamyň islendik işiň hem hötdesinden gelip, öz ýoluny, hazynasyny tapyp biljekdigi aýdylýar. Ýetginjege hem gözleýän hazynasynyň öz asyl mekanynda ýerleşendigine düşünmek üçin, Müsüre barmak, gaçgaklaryň baştutany bilen duşuşmak zerur eken. Eseriň wakalary tutuşlygy bilen Hudaýyň saňa öz kalbyň dilinde eden yşaratlaryna biparh garamazlygy, yşaratlary ýol çelgileri edinip, öz saýlan ýoluňdan yza dönmezligi öwüt-ündew edýär. Kalby bilen sazlaşyga girip bilen adam alhimiýa ylmyna akyl ýetiren hakyky ALHIMIKDIR. Çünki eserdäki Alhimigiň aýdyşy ýaly, «Dünýä — Hudaýyň diňe göze görünýän bir sypaty. Alhimiýa bolsa ruhy kämilligi maddy dünýäde şöhlelendirýär». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |