13:49 Altymyrat hakynda bilmeýänlerimiz… | |
ALTYMYRAT HAKYNDA BILMEÝÄNLERIMIZ...
Sport we turizm
• IR SÖNEN ÝYLDYZ Ozalky polisiýanyň kapitany, 3 gezek dünýä çempiony, 3 gezek Ýewropanyň çempiony, Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazurdyýew hakynda kän makala ýazyldy, kän gürrüňler edildi. Onuň nirede doglany, nähili maşgalada önüp-öseni we ş.m. biziň hemmämize mälim. Men bu makalamda owal edilen gürrüňleri mümkingadar gaýtalamazlyga çalşaýyn. Altymyrat 1989-njy ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäher ispolkomynyň «Dinamo» (häzirki «Galkan» sport merkezi) sport klubuna sport we bedenterbiýe taýýarlygy boýunça inspektor-metodist wezipesine işe girýär. Bu ýerde A.Orazdurdyýew oňat taraplary bilen özüni tanadýar. Ol öz alyp barýan işine jogapkärlilik bilen çemeleşýär, her bir tabşyrygy öz wagtynda ak ýürek bilen ýerine ýetirýär. Ýurtda tertip-düzgüni ýola goýmakda, ýaşlara tälim bermekde ýadawsyz zähmet çekýär. Onuň alyp barýan zähmet ýoly yzygiderli pul sylaglaryna we Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Ol 1992-nji ýylda şol wagtky Türkmen döwlet bedenterbiýe (häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport) institutyny üstünlikli tamamlaýar. Oňa 1989-njy ýylyň 7-nji iýunynda seržant, şol ýylyň 4-nji noýabrynda kiçi leýtenant, 1991-nji ýylyň 3-nji dekabrynda leýtenant, 1993-nji ýylyň 19-njy noýabrynda uly leýtenant we 1996-njy ýylyň 31-nji dekabrynda polisiýanyň kapitany derejesi berilýär. BIR GEZEK daşary ýurda okuw türgenleşigine gideninde, Altymyradyň saglyk ýagdaýyny doly derejede barlagdan geçiripdirler. Şonda onuň bir böwreginiň kiçidigini anyklapdyrlar. Lukmanlar topary haýdan-haý pälwan ýigidi ýanyna çagyryp, oňa ştanga götermegini bes etmelidigini, eger-de sportuň bu görnüşine dowam etse, onuň ömrüne howp saljakdygyny aýdypdyrlar. Altymyradyň jogaby şu bolupdyr: «Men suw içmän ýaşap bilerin, çörek iýmän ýaşap bilerin, howadan dem almanam ýaşap bilerin. Ýöne demir götermän ýaşa diýseňiz, ony oňarmaryn» diýipdir. Gynansak-da, çempionymyz demir göteribem uzak ýaşap bilmedi... • OLIMPIÝA AHMYRY Elbetde, islendik üstünlige barýan ýolda gapma-garşylyk bolýar. Bu biziň çempionymyzda hem şeýle bolupdy. Türkmeniň gaýduwsyz türgeni Olimpiadada 75 kg agram derejesinde çykyş etmäge taýýarlyk görýärdi. SSSR dargady. Ýaryşda çykyş etmek üçin GDA döwletleriniň birleşen ýygyndysy döredildi. Birleşen ýygyndynyň ýolbaşçysynyň orunbasary A.I.Kolesow ýaryşlar golaýlanda Altymyradyň 75 kg agram derejesinde däl-de, 82,5 kg agram derejesinde çykyş etjekdigini mälim etdi. Türgenleriň agramlarynyň çekilmegine 15 minut galanda baş tälimçi Wasiliý Alekseýew GDA-nyň sport ýolbaşçylary rugsat bermezden, A.Orazdurdyýewi Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanawyndan aýrypdyr. W.Alekseýew ýagdaýa şeýle düşündiriş beripdir: «Altymyrat Orazdurdyýew 82,5 kg agramda çykyş edip bilmez, ol has ýeňil agramda, 75 kg agram derejesinde taýýarlyk görüpdir...». Aslynda welin, bu gürrüňler edilende, eýýäm Altymyradyň 82,5 kg agram derejesinde çykyş edip, 1 dünýä, 2 Ýewropa çempionlygy bardy. Pälwan ýigidimiziň özi bu babatda şeýle beýanat berýär: «Alekseýew GDA-nyň agyr atletikaçylarynyň ýolbaşçysy bolansoň, GDA-nyň birleşen ýygyndysynyň mundan beýläk saklanyp galmajagyna, özüniňem şu ýaryşdan soň ýolbaşçy bolup bilmejegine göz ýetirip, şeýle pyssy-pyjurlyga ýüz urdy». Şeýlelik bilen, biziň pälwanymyzyň ýerine Ibragim Samadow atly çeçen türgeni gatnaşdyrylýar. Käbir çeşmelerde bu türgeniň Olimpiada gatnaşmak üçin baş tälimçi W.Alekseýewe awtoulag sowgat berenligi-de aýdylýar. Munuň netijesi hem gowulyk bilen tamamlanmady. Samadow grek we polýak bäsdeşlerinden asgyn gelip, 3-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. Bu bilenem çäklenmän, medal gowşurylyş dabarasynda bürünç medalyň boýnuna asylmagyna garşylyk görkezip, ony ýerde goýup, meýdançany terk edýär. Eden gelşiksiz hereketi üçin Samadowyň bürünç medalyny «elinden alyp», ony halkara we Olimpiýa ýaryşlaryndan müdimilik çetleşdirýärler. Olimpiýa çempiony bolan grek türgeni Dimas Pirrosdan söhbetdeş bolanlarynda, ol mertlerçe şeýle diýipdir: «Özümem altyn medala garaşmandym. Bu agram derejede Orazdurdyýewi güýçli türgen hasaplaýaryn. Men şonuň bilen bäsleşerin öýdüpdim...» 75 kg agram derejesinde çykyş eden Fýodor Kasapu umumylykda 357,5 kg-lyk netije görkezip, Olimpiadada altyn medaly gazansa-da gazandy welin, hut şu agramda Olimpiadaň öňýanynda geçirilen GDA döwletleriniň çempionatynda Altymyrat umumylykda 377,5 kg-lyk netije görkezipdi. Arada 20 kg tapawut bar, bu – agyr atletika sporty üçin juda uly parh hasaplanylýar. Bu netije bilen Altymyradyň iki agram derejesinde hem (75 kg we 82,5 kg) altyn medal gazanjakdygy şübhesizdi (sebäbi Dimas Pirrosyň umumylykda görkezen netijesi 370 kg-dy). Kasapunyň Olimpiýa medalyndan başga 1990-njy ýylda 1 dünýä çempionlygy bar. Ondan öň we soň birnäçe halkara çempionatlaryna gatnaşsa-da, üstünlikli çykyş edip bilmändir. Garaz, gepiň külesi Olimpiýa medaly Altymyrat üçin ahmyr bolup galdy. • ALTYMYRADYŇ REKORDY TÄZELENDIMI? Şu sorag köpler tarapyndan soralýan, ýöne hiç bir žurnalist tarapyndan açyk jogap berilmedik sorag. Halkara agyr atletika federasiýasynyň döredilen gününden başlap, häzirki güne çenli, çempionatlarda çykyş edýän türgenleriň agram derejesine birnäçe gezek üýtgeşmeler girizildi. 1977–1992-nji ýyllar aralygynda ýarym orta agram derejesi 75 kg-a çenli, orta agram derejesi bolsa 82,5 kg-a çenli diýlip kesgitlenildi. Altymyradyň karýerasynyň aglaba bölegi şol agram derejeler bilen geçdi. 1993-nji ýylda Halkara agyr atletika federasiýasynyň görkezmesi boýunça agram derejelerde ýene-de üýtgeşmeler boldy. Ýagny, ozal ýarym orta agram derejesi 75 kg-a çenli bolan bolsa, indi 76 kg-a çenli galdyryldy. Ine-de saňa pursat! Täze agram derejesinde geçiriljek çempionatda garşydaşlaryň agyr agramy götermegi başarsaň, seňki rekord. Altymyradyňkam şeýle boldy. 1993-nji ýylda Melburnda türkmen Baýdagynyň astynda çykyş eden türgenimiz itekläp götermekde 202,5 kg, umumy netijesi boýunça-da 370 kg bilen täze agram derejesinde dünýä rekordyny goýmagy başardy we iki altyn medaly ele geçirip, ýaşyl Tugumyzy gökde parladyp, Döwlet senamyzy alys Awstraliýa topraklarynda ýaňlandyrmagy başardy. Hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa, Altymyradyň mundan ozal, goýan rekordlaryndan has ýokary netijeleri bardy, ýagny, itekläp götermekde 207,5 kg, umumy netijesi boýunça-da 377,5 kg (75 kg agram derejesinde, GDA döwletleriniň çempionaty, Sankt-Peterburg, 1992 ý.). Altymyradyň goýan rekordlarynyň ykbaly şeýle – goýlan rekordlar 4 ýyl öz güýjüni goramaly boldy. 5-nji ýylynda, ýagny 1998-nji ýylda federasiýa tarapyndan agram derejelere ýene-de üýtgeşmeler girizildi. Öňki 76 kg-a çenli bolan agram dereje 77 kg-a çenli ýokarlandyryldy. Şunluk-da, Altymyradyň goýan rekordy 76 kg agram derejede öz güýjüni üýtgewsiz, hemişelik saklap galdy. • TÜRKMENE MAHSUS HÄSIÝET Türkmen türgeniniň taýsyz zehinine gözi giden dünýä döwletleriniň käbiri oňa öz ýurtlarynyň adyndan çykyş etmegi we ummasyz pul sowgatlaryny teklip edenlerinde, Altymyradyň jogaby şu boldy: «Men diňe türkmen Baýdagynyň astynda çykyş ederin!». Gazanan ýokary netijeleri üçin Altymyrat 1993-nji ýylyň 31-nji dekabrynda «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy. Ýöne onuň şöhratly ömri gysga eken. Gaýratly türgen, göreldeli asudalygy goraýjy Altymyrat Orazdurdyýew 1997-nji ýylyň 7-nji martynda 29 ýaşynyň içinde bakyýete göç etdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Watanymyzyň abraýyny arşa galdyrmakda goşan goşandy üçin merhum Altymyrat Orazdurdyýew «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Baky AMANÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 14 | ||||||||||||||
| ||||||||||||||