01:25 Angliýa öz barlygy üçin Osmanlylara minnetdar bolmalydyr | |
ANGLIÝA DÖWLET BARLYGY ÜÇIN OSMANLYLARA MINNETDAR BOLMALYDYR.
Taryhy makalalar
Ekrem Bugra EKINJI, 14.12.2011-nji ýyl. Angliýa ýylda iki döwlet ýolbaşçysyny resmi ýagdaýda kabul edýär. Bu ýyl kabul edilenleriň ilkinjisi ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama boldy. Ikinji kabul edilen Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gül bolsa, 1867-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda resmi saparlarda bolan Osmanly patyşasy Soltan Abdyleziziň resmi kabul edilşine çalymdaş kabul edildi. Prezident A.Gül Soltan Abdyleziziň kabul edilen zalynda kabul edildi, şol gap-gaçlarda nahar berildi, şol wagtky gimnler ýaňlandy. Köpçüligi haýran galdyran bu ýagdaýa dürli manyda baha berenler boldy. ♣ Soltana ýalbaran iňlis ilçisi “Gaplaň ýürekli” diýlip at berilen Korol Riçardyň haçly ýörişlerde Ierusalime gelip we Selahatdin Eýýubydan ýeňilip yza dönüşi hasap edilmese, Angliýa bilen gatnaşyklarymyz giçki döwürde başlapdyr. Muňa garamazdan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýakyn taryhymyzda düýpli yz goýmagy hem başarypdyr. Ýedi gezek öýlenen we Rim papasyna garşy gidip öz mezhebini guran meşhur Korol VIII. Henry şol wagtlar Ýewropada şan-şöhraty dag aşan Kanuny Soltan Süleýmanyň hökmürowanlyk edýän döwründe Osmanly ýurduna döwlet delegasiýasyny ugradypdyr. Bu delegasiýa Osmanly syýasatyny, maliýe we kazyýet ulgamyny, şol sanda agalyk ediji artykmaçlyklaryny giňden öwrenip korola beýannama taýýarlap ugradypdyr. Korol bu beýannamany giňden öwrenip, reforma geçirmäge başlapdyr we Angliýanyň dünýäniň iň güýçli döwletleriniň biri bolmagynyň öňüni açypdyr. 1580-nji ýylda Ýelizaweta I-nyñ Stambuldaky ilçisi Willýam Harborn iňlisleriň hem Osmanly deňizlerinde söwda edip bilmekleri üçin rugsat almagy başarypdyr. 1587-nji ýylda dünýäniň ikinji güýçli döwleti bolan Ispaniýa Angliýany basyp almaga taýýarlanýardy. W.Harborn “Ispan Armadasyna” garşy Osmanly harby flotiliýasyndan kömek sorap, Soltan III. Myrada kän ýalbardy. Patyşa şa aýala ugradan hatynda: "Öňler Osmanly patyşalary bilen dostlukly gatnaşykda bolanlara nähili kömek edilen bolsa, Angliýanyň şa aýalyna hem şonuň ýaly kömek ediler" diýip ýazypdyr. Osmanly deňiz güýçleriniň Orta ýer deňizinde ýaz aýlaryndaky geçiren manýowrlary netijesinde “Ispan Armadasy” ikä bölündi, munuň netijesinde bolsa iňlisler ispanlary ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Ispaniýa gaýdyp özüne gelip bilmedi. Angliýa, hatda Fransiýa we Gollandiýa ýaly döwletler hem döwlet hökmünde şu hereketiň netijesinde güýçlenip bildiler. Mundan birnäçe ýyl öň “The Guardian” gazeti "Türklere näme üçin minnetdarlyk bildirmeli?" atly makalada mundan söz açypdy. W.Harborndan soňky bellenen ilçi Edward Burton soltanyň Wengriýa eden ýörişine gatnaşdy we 1597-nji ýylda aradan çykyp, Heýbelýada diýen ýerde jaýlandy. ♣ Ne ölsün, ne-de ýaşasyn! Bir tarapdan ýurtlary basyp almak we beýleki materikleri açmak arkaly koloniýalar guran Ýewropa täze materiklerden gelen altyn-kümüşler we dürli gymmatlyklar bilen baýlaşýardy. Senagat rewolýusiýasyny başdan geçiren Angliýa “100 ýyllyk” uruşlarynda we Napoleon bilen bolan uruşlarda Fransiýany ýeňlişe sezewar etmek arkaly 1815-nji ýylda dünýäniň iň güýçli döwleti bolmagyň hötdesinden geldi. Emma Angliýa bu sypatyny ýene ýüz otuz ýyl göterip bildi. Angliýa musulmanlaryň ýaşaýan ýurtlaryny koloniýalaşdyrmaga başlanda Osmanly soltanynyň halyflygyndan çekinmäge mejbur boldy. Halyf ýeke sözi bilen musulmanlary aýaga galdyryp bilýärdi. Hut şu sebäpli hem XVIII asyrdan başlap Angliýa öz syýasatyny Osmanly halyflygyny ýykmaga gönükdirdi. Ilkinji nobatda Arabystanda wahhabylyk hereketini emele getirip, musulmanlary bölmäge çalyşdy we mukaddes ýerleri howp astyna saldy. Munuň yzysüre bolsa, Osmanly patyşalarynyň kureýş taýpasyndan bolmandygy üçin olaryň halyflyga hukugynyň ýokdugyny wagyz edip başladylar. Angliýa Orsyýetiň güýçlenmeginden çekinýändigi üçin Osmanly döwletiniň ýykylmazlygyny isleýärdiler. Ýagny olaryň syýasaty “ne ölsün, ne-de ýaşasyn” diýen ýalydy. 1798-nji ýylda Fransiýanyň Müsüri basyp almagynyň öňüni aldy. Fransiýa tarapyndan öjükdirilip aýaga galdyrylan Müsür gubernatoryna garşy General Baby-Ala kömege geldi. Wagtal-wagtal häkimiýete Osmanly döwletine hoşniýetli garaýan hökümet iş başyna gelen wagtynda iňlis-osmanly gatnaşyklary düzelişýärdi. Bu Benjamin Disraeli zamanasynda şeýle hem bolupdy. Soltan Abdylmejid dünýäniň iň güýçli döwleti bilen gowy gatnaşyk saklamagyň tarapdarydy. 1854-nji ýylda Krym söweşinde Osmanly döwleti bilen hyzmatdaşlyk etdi. Bu söweşde elli müň iňlis esgeri wepat bolupdyr. Olaryň birtoparynyň mazary Haýdarpaşa diýen ýerdedir. Bir tarapdan bolsa iňlisler bu ýeňişi Hindistany bütinleý eýelemek üçin dörän bir pursat hökmünde seretdiler. Baş wezir Reşid Paşa iňlisleriň tarapdarydy. Reşid Paşanyň ýöreden syýasaty hemişe diýen ýaly Londonyň isleýän syýasatyna laýyk gelýärdi. Meşhur “Palta porty” (“Baltalimany”) söwda şertnamasy şol wagt baglaşyldy. Bu şertnama Angliýa ummasyz söwda ýeňilliklerini döredýärdi. Soltan Abdyleziziň resmi saparynda görmegeýligine we özüni alyp barşyna syn edilen şazada Myradyň Imperatritsa Wiktoriýanyň gyzlaryndan biri bilen nikasynyň gyýylyp, garyndaşlyk gatnaşygynyň açylmagy barada teklip orta atyldy. Şeýlelik bilen şazada Myrat tagta çykan wagtynda Stambul ýuwaşlyk bilen iňlis täsiriniň astyna girmelidi. Patyşa muňa düşünip, bu teklipden ýüz öwüripdir. ♣ Diplomatiýa bähbide esaslanandyr Angliýa ýene bir synanşyk arkaly öz ýetişdiren adamlaryndan bolan Mithat Paşanyň üsti bilen Osmanly syýasatyny ele almak isledi. Soltan Abdylhamyt bu dildüwşigi şowsuzlyga sezewar etmegi başardy, şol sanda halyflyk syýasatynda hem öňe gidişlikler gazandy. Şeýlelik-de London bilen gatnaşyklar sowaşdy. Soltan her näme-de bolsa, Angliýa bilen gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna hem ýol bermezlige çalyşýardy. Emma iňlisler “Jon Türkler” hereketine meçew berip, Soltan Abdylhamydyň tagtdan düşürilmegini gazandy. Emma häkimiýet nemes tarapdarlarynyň eline geçdi. Muňa garamazdan oppozisiýanyň döwlete garşy döreden heläkçilikleri Angliýanyň bähbidine boldy. 1919-njy ýylda iňlisler ikinji gezek, emma bu sapar basyp alyjy hökmünde Stambula girdiler. 1924-nji ýyl Angliýanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýyldyr. Öz syýasatyny arkaýyn alyp barmaklyk üçin grekleri Anadoly ýarym adasyna hüjüm etmäge öjükdirdi. Şeýlelik-de täze duşman döretmek arkaly özüne bolan duşmanlygy unutdyrmaga çalyşdy. Stambul-Ankara häkimiýet göreşinde Angliýa hemişeki bolşy ýaly “Garaş, netijesine görä!” syýasatyny ýöretdi. Ösmegini islemeýän Ankara häkimiýeti ýeňiş gazanan ýagdaýynda halyfdan halas bolýardy. Ankara ýeňilen halatynda bolsa, Stambul öz-özünden elinde galýardy. Ankara häkimiýeti ele alandan soňra dessine täze döwlet bilen gatnaşyklar gurdy. Mustafa Kemal Atatürk bilen Ankara ilçisi Ser Persy dostlukly gatnaşyklar açdy. Korol VIII. Edward Türkiýä geldi we Atatürk bilen görüşdi. Türkiýäniň täze baştutanyna korollardan başga hiç kime berilmeýän hormat nyşanyny gowşurdy. Baş wekil Ismet Inöni halkyň nädogry düşünmegine alyp barar diýip, bu nyşanyň alynmagyna garşy çykdy. Şeýlelik-de bu iki şahsyýetiň arasy açyldy. Angliýa Ikinji Jahan urşunyň hakyky ýeňlişe sezewar bolan ýurtlarynyň biridi. Maliýe tarapdan çökdi. Koloniýalarynyň hemmesini elden giderdi. Emma berk sistemasy we güýçli kontrrazwedkasy arkaly dünýäde öz täsirinini ýöredip gelmegini dowam edýär. Öňki koloniýasy Amerika bilen dostlukly gatnaşyp, barlygyny we ygtybarlylygyny ýöretdi. 1945-nji ýyldan başlap Angliýa yslama garşy syýasatyndan-da el çekene meňzeýär. Ol Türkiýäniň üstüne taryhy missiýasyny ýüklemek arkaly hyzmatdaşlyk açmak isleýär. Diplomatiýada duýguçyllyga orun bolmaýar. Her bir zat bähbidiň üstünde gurnalýar. Bähbitler üýtgese syýasat hem üýtgeýär. Syýasatlar üýtgese bolsa, dostluklar duşmanlyga, duşmanlyklar hem dostluga öwrülip bilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |