17:56 Selefilere garşy Osmanly türkmenleri hem göreşipdi.. | |
SELEFILERE GARŞY OSMANLYLAR HEM GÖREŞIPDI.. ● ýa-da "kadyzadalylar” hereketi barada Tasawwufa garşy gidýän kadyzadalylar hereketiniň eden birnäçe wagyzlary tekkeleriň weýran edilmegi we garamaýak halkyñ agzyny alartmak bilen soñlandy. Hökümete garşy giden pitneçiler gazaply jezalandyrdy. ■ Selefileriň selefleri (mirasdüşerleri) Häzirki günlerde wahhabylyk (soñky atlary: Selefiýýe) diýilip atlandyrylýan akymyň prinsipleri ilkibaşlarda hanbaly mezhebine eýerýän Ibni Teýmiýe (1328) atly Harranda ýaşap geçen alymyñ taglymatyna esaslanýar. Alymlygy we dindarlygy bilen tanalan bu alym tasawwuf, keramat, şepagat, gonamçylyga barmak ýaly ynançlary dinde soňra ýüze çykan bidgatlar hökmünde baha berip, olary inkär edipdir. Olar özleriniñ dini ilkinji asyryndaky arassalygyna alyp barmak niýeti bilen orta çykandygyny aýdypdyr. Emma Allanyň jisimden ybaratdygyny we ynsana meňzeýändigi baradaky enkarnasion (Allanyñ sypatlaryny jisimleşdirmek) taglymata esaslanýan akymyň prinsiplerini ýatladýan ynançlary, sahabalaryñ aýdan sözleri, käbir hukuk meselelerinde-de alymlar köpçüliginiň garaýyşlaryna laýyk gelmeýän garaýyşlary sebäpli, Damaskda we Kairde zyndana salynýar. Ibn Teýmiýä we şägirtlerine örän zabun darapdyrlar we bidgatlyk (dinden çykmaklyk), dinsizlik bilen aýyplapdyrlar. ■ Ibni Teýmiýýäniñ ýoluny dowam etdirijiler XVII asyrda Stambulda peýda bolan kadyzadalylar hereketi doktrina taýdan Ibni Teýmiýäniň prinsiplerine daýanýar. Hereketiñ başy “Kiçi Kadyzada” diýip tanalan wagyzçy Balykesirli Mehmet Ependi bilen halwetiýe tarykatynyñ şeýhi Abdylmejit Siwaslynyñ arasynda turan özara jedelden soñ başlandy. Ol we kadyzadalylar hereketiniň agzalary tasawwuf rituallaryna, pozitiw ylymlaryň öwrenilmegine, “Gurhanyň”, azanyň, möwlidiň owaz bilen okalmagyna, jemagat bilen nepile namazlarynyň okalmagyna, gonamçylyga barylmagyna, suw çiliminiň çekilmegine, kofe içilmegine, elleşip salamlaşmaga garşy çykypdyrlar. Hezreti Hydyr pygamberiň diri däldigini, Hezreti Muhammet pygamberimiziň (s.a.w) ene-atasynyň imansyz ýogalandygyny, Ibnül Arabynyň dinden çykanlygyny we Ýezide lagnat okamagyñ jaýyzdygyny (dogrulygyny) öñe sürüpdirler. ■ Sabyr käsesini dolduran iñ soñky damja Osmanly soltany Myrat IV asudalygy bozmajak bolup, ilkibaşlarda kadyzadalylara mylaýym çemeleşen boldy we amatly pursaty peýläp gezdi. ■ Ýene-de ýewropalylar iş başynda! Wenesiýanyñ harby flotiliýasy Çanakkale bogazynyň ýakynynda halky aýaga galdyrmagy başarýar. Pitneçiler “Soltan Fatih” metjidinde pygamberi öwgüleýän naty-şerifiñ okalmagyny bahana edinip aýaga galýar. Köçelere dökülip, öñlerinden çykan müritleri öldürmek bilen gorkuzyp kelemelerini çöwürtýärler we metjitleriñ salawat getirilýän minaralaryny ýykyp başlaýarlar. Sabyr käsäni dolduran bu hereketlerden soñra wezipä bellenenine ýañy sekiz gün bolan baş wezir Köprüli Mehmet paşa ulamalary toplap kadyzadalylaryň öldürilmegi üçin pitiwa (fetwa) alýar. Patyşanyň Permany esasynda Üstüwany we onuñ kömekçisi saklanylýar we sürgüne ugradylýar (1656). Munuñ netijesinde kadyzada hereketiniň ikinji etaby tamamlanýar. ■ Nadan ulamalar hemişe-de bolupdy... Şondan birnäçe ýyl soňra şazada mugallymy Wanly Mehmet Ependi köşkdäki täsirliliginden peýdalanyp kadyzada hereketini gaýtadan dikeltmäge synanyşýar. Möwlana tekkelerini ýapdyrýar, gonamçylyga barmagy we suw çilimini gadagan etdirýär. Garşysyna çykan meşhur tasawwufçy, beýik yslam alymy Nyýazy Müsürlini Limnä sürgüne ugratdyrmagy başaranam bolsa, soňra özi gözden düşýär we Kestele sürgün edilýär. Bu kadyzada hereketiniň üçünji etabydyr (1683). “Her döwürde öz nadanlyklaryna garamazdan boljaga-bolmajaga haram diýen, öňünden çykany dinden çykan we küfüre düşen diýip hasap eden jahyl ulamalar bolup gelipdir”. Käbirlerimiz bolsa, olara gulak gabardyp dine ýalňyş baha berýändigimizi özümizem duýman galýarys. Ymam Mälikde şeýle sözler bar: “Fykh öwrenmän tasawwuf bilen meşgullanan zyndyk bolar (dinden çykar). Fykh öwrenip tasawwufdan habary bolmadyk küfüre düşer, (bigdatçy) ýolundan azaşar. Her ikisindenem ýüküni tutan hakykata gowuşar”. Osmanlylarda medrese we tasawwuf prinsipleri hemişe bir-birine baglanyşyklydyr. Ylmy intelligensiýanyň aglabasynyň tarykat agzasy bolşy ýaly mistiki we hurufy akymlardan ders alan Osmanlylar tasawwufyň belli çarçuwada ýöredilmegini hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Bu nukdaýnazardan seredeniňde kadyzadalylar hereketi ulamalar bilen tekkeleriň arasynda dörän gapma-garşylyk däldir. Oña hemişe diýen ýaly islendik ýerde duş gelinen bir toparyň aýaklanmagyndan ybarat diýip düşünse bolar. Osmanly hökümeti halk köpçüligi bilen agzybirlikde bu aýaklanmany basyp ýatyrmaga çalyşypdyr. Taryhçy Naima we Kätip Çelebi şol döwürleri janly suratlandyrypdyr. Ýewropalylaryň hem ünsüni çeken bu hadysa hakynda köp kitap ýazylypdyr. ■ Haýsy Kadyzada? Osmanlylarda Kadyzada ady bilen tanalýan birnäçe alym bar. Kadyzada Şemsetdin Ahmet (1580) Ebus Suud Ependiniň şägirdidir we Osmanly döwletiniň Şeýhul-yslamlaryndandyr. Matematik alym Kadyzada Rumy (1440), Birgiwiniň “Wesýetnama”, "Amentu" eserleriniň şerhini ýazan Kadyzada Emin (1783), Kadyzada Mehmet (1759) bilen Ýanyçarlar gwardiýasynyň ýatyrylmagyna fetwa beren Şeýhulyslam Kadyzada Tahyr Ependi (1838) dagylar hersi aýry döwürde ýaşap geçen aýry-aýry şahsyýetlerdir. Ekrem BUGRA EKINJI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |