Imperialistler nädip maksadyna ýetdiler?
■ HALYFLYGYŇ ÝYKYLMAGYNYŇ GIZLIN MEÝILNAMALARY
Bir wagtlar metbugatda halyflygyň gaýtadan guruljagyny, munuň üçin amatly şertleriň dörändigi barada çykyş etdiler. Halyflyk nädip we näme üçin aradan aýryldy? Häzir bolsa kim we näme üçin halyflygy gaýtadan dikeltmek isleýär?
1922-nji ýylda soltanlygyň ýykylmagy syýasy agalygy bir ýerden Ankaranyň ele almagy üçindi. Mustafa Kemal Atatürk yslam dünýäsindäki täsirini göz öňünde tutup halyflygyň gorap saklanmagynyň tarapdarydy. Bu dünýä syýasatynda Türkiýäniň ähmiýetini güýçlendirip biljek mümkinçilikdi. Şeýle-de, türk dälleri hem merkeze baglap biljek usul bolup durýardy. Ýesir düşen musulmanlar grek urşy wagtynda Ankara pul daşapdyrlar. Hatda “Iş” banky bu pullar bilen döredilipdir. Atatürk ilkibaşda özüniň syýasy we ruhy taýdan täsir edijiligi elinde jemleýän halyf bolmaklygy göz öňünde tutdy. Kesgitlenen dini maksadyň sebäbi hem şondadyr. (Ýöne 1924-nji ýyldan soňra pikiri üýtgäpdir.) Şol wagtyň gazetlerine göz atanlar dünýä musulmanlarynyň “imperiýalistlere garşy ýeňiş gazanan gahryman” hasapladyklary Mustafa Kemala bagly bolmaga taýýardygyny pikir edýärler. Muňa häzirlikçe taýýar däldigi üçin Osmanly dinastiýasyndan Abdyrrahym Efendi ýaly mynasyp bir şazadany halyf edip goýmak isleýär.
Halyflygyň ýykylmagy musulman koloniýalaryna eýe bolup duran Angliýanyň öňden bäri arzuwydy. Şol sebäpli olar halyfyň kureýş taýpasyndan bolmagynyň hökmanydygy barada ynandyrmaga çalyşýarlar. Arap ulamalary hem muňa garşy çykýarlar. Şol iki arada Seýit beg atly medresäni tamamlan bir halk deputaty “Halyflygyň esasy ýörelgeleri” atly çykyşynda halyflygyň bir prinsip däldigini, döwlet ýolbaşçylygyndan ybaratdygyny subut etmäge çalyşýar. Çykyş mejlisde gyzgyn seslenme döredýär we joşgunly el çarpmalar bilen goldanýar.
Lozanda Angliýanyň goýan üç şertiniň biri halyflygyň galdyrylmagydy. Bu bolsa gepleşikleriň kesilmegine alyp barýar. Beýleki iki şert bolşewizmiň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy we Mosuldan el çekilmegidi. Ismet Paşa Türkiýä gaýdyp gelip otly duralgasynda Mustafa Kemala bu ýagdaýy aýdyp berdi. Ankara şertleri kabul etmäge razylygyny bildirdi. Edil şol pursatda hem Angliýanyň adamydygyna anyk göz ýetirilen ysmaýyly mezhebiniň ymamy Aga Han göýä sünni halyfy öňden tanaýan ýaly Ankara hat ýazdy we halyfyň syýasy güýjüniň artdyrylmagyny sorady. Hat Stambul gazetlerinde çap edildi. Ankaranyň bahanasy hem şu boldy. Lozan şertnamasy 1923-nji ýylyň iýulynda baglaşyldy. Ankara 03.03.1924-nji ýyldaky kanun arkaly halyflygy aradan aýyrdy. Hökümet halkyň gahar-gazabyndan çekinip soltan neslini uçdan tutma sürgüne iberdi. Iňlis parlamenti diňe şondan soň Lozan şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirdi. Şeýle-de bolsa, iňlisler 1923-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli bolsa Stambuldan çykmadylar.
Yslam dünýäsinde uly nägilelik döreden bu hadysadan soň Müsüriň mäligi Fuad we Mekge şerifi Hüseýin halyflygy öz şahsynyň töwereginde ýaňadandan dikeltmäge synanyşanam bolsalar, musulmanlaryň oňyn garşylamandygy, şeýle-de Angliýanyň hem döreden päsgelçilikleri zerarly synanyşyklar başa barmady. Dünýa musulmanlary tarapyndan birnäçe gezek ýygnanyşan Halyflyk Şurasyndan hem hiç hili netije çykmady. Şeýlelik bilen yslam taryhynyň iň gadymy prinsiplerinden biri taryha siňip gitdi.
■ “Eger siz isleseňiz halyflygy hem gaýtadan ýola salarsyňyz”
1955-nji ýylda merkezi agalyk bilen bäsleşip, on dokuz welaýatda saýlawlarda ýeňilen Demokratik Partiýasynyň deputatlary hökümeti aljyratdy. Adnan Menderes toparyň mejlisdäki güýjüni görkezmek bilen “Siz isleseňiz halyflygy hem gaýtadan ýola salarsyňyz” manysyndaky taryhy sözüni sözläp märekäni köşeşdiripdi. Bu söze dürli ýyllarda dürli gatlaklar tarapyndan dürli manylar berildi. Hatda Atatürkiň ölüminiň öň ýanlarynda aýdan sözlerinden ýazylan we “Ziraat” bankynda saklanýan bir wesýetiniň bardygyny, A.Menderesiň muny görendigi üçin bu sözi aýdandygyny ýazanlar hem boldy.
Kanunda görkezilen madda şeýledir: “Haliflyk bes edilendir. Halyflygy hökümet we respublika manysy we degişliligi boýunça öz içinde saklaýandygy üçin halyflyk wezipesi öz güýjüni ýitirýändir.” Şoňa görä halyflyk mejlisiň funksiýasynda saklanyp galýar. Şeýle bolýan bolsa mejlisiň islän wagtynda halyflygy gaýtadan gurnamaga hem hukugy bolmalydyr. Çünki kanunyň manysy döwleti hökümet dolandyrar, halyflyga zerurlyk ýokdur diýmegi aňladýar. 1924-nji ýyl heniz Türkiýe Respublikasynyň yslam ruhundaky döwlet wagtydyr. Halyf Yslam döwletiniň ýolbaşçysydyr. Papa ýa-da patriarh ýaly ruhany lider däldir. Klassyk manyda aýdylanda “Bir elinde gylyç, beýlekisinde Kurany-Kerim saklar”. Yslama tabyn bolmak bilen Hezreti Pygamberimiziň wekilligini ýerine ýetirmelidir. Şeýle-de, respublikan döwletiň ýolbaşçysy hakyky manydaky halyf bolup bilmez. Mejlis elinden gelse konstitusiýa üýtgeşmeler girizip halyflygy getirip biler. Munuň üçin kanunda ol jümläniň kanunda agzalyp geçilmegi hökmän däldir. “Soltanlygy, halyflygy galdyran, respublikany yglan eden kanunlar gönüden-göni konstitusiýa girizilen üýtgeşmeleriň netijesidir. Munuň üçin mejlisiň üçden iki böleginiň kabul etmegi gerek. Hatda bu beýle bolmaly däl, kanun turuwbaşdan güýüjni ýitiren” diýmäge hem mejlisiň ygtyýarlygy bardyr.
Bill Klinton Türkiýä eden saparynda sözlän sözünde yslam dünýäsiniň bir halyfynyň ýokdugy zerarly ýüze çykýan kynçylyklaryň üstünde durup geçdi we bu prinsipiň Türkiýäniň binýadynda gaýtadan gurulmalydygy barada bir zatlary aýtmaga çalyşdy. Angliýanyň we ABŞ-nyň ýörite gulluklary şeýle taslamalaryň bardygy barada wagtal-wagtal metbugata syzdyrýar. Aýdylan bir wesýeti, her bir zady Atatürke baglanyşdyrmaga çalyşýan gatlaklary köşeşdirmek üçin toslanyp tapylan bolmagy ähtimaldyr. “Beýik Orta Gündogar Meýilnamasynyň” hem bir bölegi bolup durýan bu synanyşyk Türkiýede tutuş yslam dünýäsinde simwoliki, hatda diplomatiki täsire eýe, giňişleýin goldanyljak sypatda, sünni we halyflyk ýörelgesine mynasyp kimem bolsa biriniň çykarylmagy hökmanydyr. Bu imperiýalistik güýçleriň isleýşi ýaly, dünýä parahatçylygyna hyzmat edip biljek (yagny, yslam dünýäsini gözegçilikde saklap biljek) simwoliki bir halyfdyr. Bu Osmanly hanedanlygyndan bolsa-da, musulman dünýäsinde at-abraýa eýe bolan şahsyýet bolsa-da, bu gojaman ýörelgäniň oňurgasyny janlandyryp biljek, şeýle-de yslam dünýäsinde ygtybarlylygy we umydy hasyl etmegine, dünýä parahatçylygyna hyzmat etjek bir şahsyýet bolmagyna garaşylýar.
05.12.2012-nji ýyl.
Ekrem BUGRA EKINJI.
Taryhy makalalar