HEZRETI ISA PYGAMBERE KIM DÖNÜKLIK ETDI?
Isa pygamberiñ hawarilerinden (egindeşlerinden) bolan Ýahuda (Iuda Skariot) Hezreti Isany ele düşüren kişi hökmünde tanalýar. Hristiýan ynanjy bütin bu düşünjäniň üstünde gurulan.
Ýagdaý hakykatdanam şeýle boldumyka? Ýahuda dönükmikä? Ýa-da ol özüni pida eden bir gahrymanmy?
Hezreti Isa Palestinada pygamberlik yglan eden wagtynda oňa butparaz rimlilerden beter ýekehudaýlylyk dinine ynanýan ýewreýler garşy çykyp başlapdy. Aslynda ýewreýler halas ediji pygambere öñden bäri hem garaşyp ýördüler. Emma mylakatly we merhemetli Isa olaryň göz öňüne getirýän halas edijisine meňzemeýärdi.
■ Iň soňky şamlyk
Hezreti Isa Dawut pygamberiň neslinden gelýän ruhanydy. Ol ýewreýleriň aglabasynyň Musanyň şerigatyndan uzaklaşýandygyna ünsi çekdi. Hahamdygyna (ýewreý ruhanysy) garamazdan Beýtil-Makdisde (“Mesjidi-Aksada”) süýthorçylyk edýänleri paş etdi. Bu bolsa oña garşy gidýänleriñ sabyr käsesini doldurdy oturyberdi.
Ýewreýler baraga-da Isa pygamberi Rimiň Palestinadaky dikmesi Pontiý Pilata ýamanlaýarlar. Giň gözýetimli we intellektual şahsyýet bolan Pontiý Pilat Hezreti Isa bilen ýüzbe-ýüz gürleşip görmegi müwessa bilýär we pygamberiñ ýamanlanyşy ýaly däldigine göz ýetirip, şikaýatçylara üns bermeýär. Soňra başga-başga pesatlara ýüz uran ýewreýler häkimi gorka düşürmek üçin Hezreti Isanyň “Ýewreýleriň patyşasy” bolmaklyga talaş edýändigi barada töhmet toslap ony tussag etdirýäler.
Bu şol wagtlar syýasy jenaýat diýmekligi aňladýardy. Ýewreýleriñ öz jemagatyndan bolanlary sorag astyna alýan aýratyn kazyýetleri bardy, ýöne olaryň jezalandyrmaga ygtyýarlygy ýokdy. Häkim halkyň nägileliginden we munuň netijesinde Rim hökümetiniň ýanynda gözden düşmeginden çekinip, Hezreti Isanyň jezlandyrylmagyna rugsat berýär. Baş haham Kifasyň esgerleri Hezreti Isany tussag etmek üçin gelýärler. Şol pursada çenli çenli bolup geçen taryhy wakalarda hiç hili gümürtiklik, nätakyklyk ýok.
Hristiýan ynanjy Hezreti Isanyň on iki hawarisi bilen iýip-içip durka, olaryñ içinden biriniň özüne dönüklik etjekdigini habar berendigi barada aýdýar. Bu “Iň soňky şamlyk” ady bilen mälimdir. Häzirki wagtda çörek we şerap mürähet edilýän şamlyk dessury şondan galan däpdir. Garbanandan soňra hawarilerden Ýahuda Skariýot otuz dirheme Hezreti Isany ýewreýlere satýar. Hezret Isa Zeýtun dagynyň eteklerinde ejesiniň öýüniň ýanynda zeýtun agaçlarynyň häli-häzirem duran “Getsemane baglarynda” ele salynýar. Ol şol gije şäherde häzirki günlere çenli saklanyp galan bir gowakda gizlenýär. Soňra Wia Dolorosa (Elemler ýoly) diýilýän köçelerden arkasynda haç agajyny göterdip Golgota depesine getirilýär.
Gowakdan bäri ýol boýy entirekläp, ýykylyp-sürşüp, ejesi bilen ýüzbe-ýüz bolan on dört ýeri häzir mukaddes duralgalar hökmünde görülýär we hristianlar arkasynda simwoliki haç göterip bu ýolda ýöräp hajylyk dessuryny ýerine ýetirýärler.
Hezreti Isa bu depede haça çüýlenipdir. Şu ýerde amanadyny tabşyrypdyr. Edil şol wagtam Ýakuda eden işine puşman bolup alan puluny yzyna tabşyrypdyr we özüni asypdyr.
Hahamlar "hapa" hasap edilen bu pula mazar satyn almagy makul bilýärler. Möminlerden birnäçe aýal Isa pygambere meñzeş biriniñ haçda jan berendigini uzakdan görüp, muny hawarilere habar berýär. Hawariler üç gün geçensoñ Hezreti Isany diri ýagdaýda gördüler we ol soñ göge göterildi.
Hawa, wakalaryñ hristian wersiýasy şeýle. Ýeri, mundan soñ nämeler bolduka? Megerem, şol wagt ýewreýler ýalñyşandyklaryny bilip mazary açyp gördüler. Mazarda ýatanyñ Isa däldigini bilibem, jesedi ýakypdyrlar. Hawariler gelip görende mazaryñ boşlugyny gördüler. Şeýdibem olar "Hezreti Isa haçda öldi, soñ gömüldi, soñam göge uçdy" diýip çak urdular.
Ýahudanyñ obrazy bolsa wakalara soñ-soñlar girizildi. Göýä Hezreti Isanyñ haça çüýlenen, gömülen, göge uçan we kyýamat güni ikilenç geljek ýeridigine ynanylan bu ýere Rim imperatory Konstantiniñ ejesi Ýelena tarapyndan buthana salynýar. Häzir bu ýere "Mukaddes guburbuthanasy" ýa-da "Kyýamat buthanasy" diýilýär we dürli hristian sektalary tarapyndan mukaddes ýer hasaplanýar.
■ Kim özüni pida edip biljek?
"Gurhan" Hezreti Isanyñ haça çüýlenmändigini we ölmändigini, bu hususda adamlaryñ şübhä düşürilendigini aýdýar.
Rowaýata görä ony haça çüýlenen ýagdaýda görüpdirler, emma aslynda bular ýaly zat asla bolmandyr. Ýa-da onuñ ýerine başga biri haça çüýlenipdir. Belkäm, bu kişi haça çüýlenmäge mynasyp günäkär biridir. Wehb, Ibni Yshak ýaly irki döwür yslam alymlary Hezreti Isa göge uçmazdan öñ az salymlyk öldi diýýänem bolsalar, Hezreti Isanyñ hiç ölmändigi baradaky maglumat iñ dogrusydyr.
Yslam taryhlarynda bu maglumatyñ çeşmesiniñ kimden alynandygyna degişli täsin maglumatlar bar. Bu maglumatdan başga maglumatlary agzaýan beýleki yslam taryhçylary we tefsirçileri köplenç diýen hristian rowaýatlaryna ýüzlenipdirler.
Beýik yslam tefsirçisi we taryhçy Tabary ysraýyl rowaýatlary arkaly tanalan alym Wehb ibn Münebbihiñ maglumatyna esaslanyp bu maglumaty bereniñ bir hawaridigini ýazýar, emma anyk at bermändir. Sahabalardan Abdylla ibni Abbasyñ (r.a) aýtmagyna görä ýewreý häkiminiñ ugradan adamy Filtiýabus Isa pygamberi ele salmak üçin onuñ bolýan ýerine gelende perişdeler Isany göge galdyrdy. Onuñ söbügini basyp gelýänler bolsa, Isa pygamberdir öýdüp Filtiýabusy haça çüýlediler. Kurtuby dönük Ýahudanyñ hawarilerden däl-de, ol ýerdäki ýönekeý ýewreýlerden biridigini we onuñ Hezreti Isa meñzedilip haça çüýlenendigini ýazýar. Ýahuda (Judas) şol wagt iñ ýörgünli adam ady bolupdyr.
Taryhçy alym Dahhakyň getirýär üýtgeşik bir rowaýaty bar. Ol rowaýatda, aýdylyşyna görä, Hezreti Isanyň oturan ýerine ýewreýler golaýlaşyp gelýärkä, ol özüne Rebbi tarapyndan göge galmak buýrugynyň gelendigini we “Bu gije kim özüni meniň üçin pida edip, jennetde meniň ýanymda bolmagy isleýär?” diýip sorandygy aýdylýar. Hawarileriň iň gaýduwsyzy hasap edilen Ýahuda “Men” diýip öňe saýlanýar. Hezreti Isa oña kaftanyny, sarygyny we hasasyny berýär. Gelenler Ýahudany Isadyr öýdüp haça çüýleýär. Hezreti Isa bolsa göge uçýar.
■ Ganhormy ýa ýolbars?
1970-nji ýyllarda Müsürde tapylyp, nijeme başdangeçirmelerden soñra 2006-njy ýylda orta çykarylan "Ýahuda Injilinde" wakalar klassyky hristian teologiýasyndan düýpgöter başga hili suratlandyrylýar.
Kitapda habar berilmegine görä Ýahudanyñ kömek sorap baran adamy ony yzarlap Hezreti Isanyñ gizlenen ýerini anyklapfyr we ýewreýlere habar beripdir. Şonuñ üçin hem Ýahuda soñky bolan wakalardan özüni sebäpkär tutup, öz janyny pida edýär, netijede Ýahuda haça çüýlenýär.
Wakalar şeýle bolýan bolsa, onfs bu hristianlykdaky Ýahuda bolan ýigrenç nirden peýda bolduka? Hristianlygy aslyndan üýtgedip başga görnüşe getirendigi bilen tanalýan Pawlos Ýahudany tanaýan bolsa, onda bu maglumaty ýaýanyñ Pawlosdygyna ynansa bolardy.
Megerem, Ýahuda Hezreti Isany tanaýan we onuñ gizlenen ýerini habar beren eden ýönekeý bir ýewreýiñ adydy. Wagtyñ geçmegi bilen bu kişiniñ ady hawari Ýahudanyñ ady bilen bulaşdyryldy. Ynha, hristian ynanjy şular ýaly düýbi çüýrük we delilsiz maglumatlaryñ üstünde bina edildi. Hatda Ýahudanyñ özüni asan bagrýannik (erguwan) agajy hem erbetligiñ nyşany saýylypdyr.
Ýahuda asylzada ýewreý maşgalasyndan bolupdyr. Ýahudanyñ juda intellektual adam bolandygyny onuñ adyny göterýän "Ýahuda Injiliniñ" beýan ediliş stilindenem bilse bolýar.
Işkariot latyn dilinde "ganhor" (sicario), ibrany dilinde "ýolbars" ýa-da "Kerýotly adam", arameý dilinde "gyzyl reñkli" ýa-da "asylan adam" manysyny berýär. Kerýot Palestinada bir şäheriñ adydyr.
Megerem, bu sözüñ her dilde bir many bermegi soñra ýokarky ýaly hekaýatyñ orta çykmagyna sebäp bolupdyr.
■ Ugursyz “13”
“13” sanynyň ugursyzdygyna degişli ynanç aýrylyp gidibermeýän birtüýsli gorky näsaglygy (triskaidekaphobia) bolup durýar.
Aý bir ýylyñ dowamynda 13 gezek dolýar. Skandinaw mifologiýasynda ýagtylygyñ we gözelligiñ hudaýy Balderiñ beren zyýapatyna 12 adam çagyrylýar. Ýalançylygyñ we hiläniñ hudaýy Loki çagyrylmadygyna garamazdan 13-nji kişi bolup zyýapata gatnaşmak isleýär.
Sene-mene döräp, Loki Balderi öldürýär. Bu mifiki legenda soñ-soñlar Hezreti Isanyñ iñ soñky agşamlygyna sokulýar. Bu ýerde Balderiñ ýerini Isa, Lokiniñ ýerini hem Ýahuda alýar. Bu şamlykdan ýigrimi dört sagat geçenden soñra Hezreti Isanyñ haça çüýlenip öldürilendigine ynanýan hristianlar agşam şamlygynda 13 kişi bir ýere jemlense olardan biriniñ başyna hökman bir belanyñ injekdigine ynanýarlar.
22.12.2014 ý.
Ekrem BUGRA EKINJI.
Taryhy makalalar