IŇ SOŇKY IMPERATORYŇ SAN REMODA GEÇIREN HASRATLY GÜNLERI
Günleriň bir güni San Remo şäherine ýolum düşdi. Köpler italýan Riwýerasynda çaklaňja Orta ýer deňiziniň kenarýaka şäheri bolan San Remony bu ýerde geçirilýän aýdym-saz festiwaly arkaly tanaýar. Emma bu ýer türk taryhynyň iň gussaly sahypalarynyň ýazylan ýeridir. Soltan Wahdeddin ömrüniň soňky günlerini bu ýerde geçiripdir we bu ýerde-de wepat bolýar.
San Remo italýan Riwýerasynda çaklaňja bir ajaýyp şäherdir. Şäheriň ýap-ýaşyllygy we ajaýyp deňizi bilen özboluşly peýzažy öňe çykarýar. Bu ýer birnäçe wagtyň dowamynda Ýewropadaky syýasy bulanyşyklar netijesinde ýurdundan gitmäge mejbur bolan köpsanly döwlet adamlarynyň gaçybatalgasy bolupdyr. Bu betbagt myhmanlaryň içinde iki sany gündogarly hökümdar hem bolupdyr. Olaryñ biri Eýrandaky Gajarlar dinastiýasynyñ şasy Muhammet Aly Gajar. Ikinjisi bolsa iň soňky Osmanly imperatory Soltan Wahdeddin. Olaryň ikisi hem ömrüniň soňky bölegini bu şäherde geçirdiler. Bir tarapdan seredeniňde San Remo Osmanly we Eýran taryhynyň belli bir döwrüniň soňky sahypalarynyñ ýazlan ýeri hökmünde baha bermek bolýar.
Soltan Wahdeddin 1922-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Mejlis tarapyndan watana dönüklik etmek bilen aýyplanýandygyny bilip, 10 ýaşyndaky ogly Ärtogrul Efendi we ýene-de 9 sany ynamdar nökerleri bilen Stambuldan çykdy we Malta tarap ýola rowana boldy.
Maltada bary-ýogy birnäçe aý boldy. Mekgäniň şerifi Hüseýin Paşadan ýörite çakylyk aldy we Haja gitmek maksady bilen Hyjaza gitdi. On iki gün Taifde boldy. Palestinada galmak isledi. Ankara bilen arasy sazlanan we mundan beýläk bu myhman sebäpli hadysalaryň ýüze çykmagyny islemeýän Angliýa muňa rugsat bermedi. Patyşa özi baradaky aýyplamalara jogap berýän meşhur beýannamasyny bu ýerde neşir etdirdi.
Patyşany alyp barýan gämi Hyjazdan aýrylyp Aleksandriýanyň kenarlarynda labyryny taşlady. Müsürde galmak isledi. Emma öňden bäri Osmanly dinastiýasyna şahsy halamazçylygy bolan patyşa Fuad muňa razylyk bermedi. Patyşa bialaç ýagdaýda näme etjegini bilmän durka, Aleksandriýadaky italýan konsullygy gämini zyýarat etdi we italýan korolynyň salamyny getirdi. Korol patyşany ýurduna çagyrýardy, şeýle-de oňa islän köşgünde ýaşamagy we aýlyk hak tölemegi wada berýärdi. Patyşa çakylygy kabul etdi, emma köşk we aýlyk haky teklibine “musulmanlaryň halyfy bir hristiýan hökümdaryna mätäç bolsa bu musulmanlary dili gysga eder” diýip ondan ýüz dönderdi.
Korol Wittorio Emanuell heniz tagt mirasdüşerikä Stambula gelipdi. Şol wagtlar şazada Wahdeddin hormatly myhmany özi garşylapdy we olaryň arasynda dostluk gatnaşygy döräp galypdy. Edil şol wagt hem kakasynyň ýogalandygyny eşiden tagt mirasdüşeri korol hökmünde ýurduna dolandy. Ýagşylygy ýerine salmak bu hristiýan korolyna nesip etdi. Patyşany Ženowa portunda korol we premýer-ministr Mussolini garşy aldy. Soňra otly bilen Italiýanyň Fransiýa serhedine golaý ýerleşen kenarýaka şäheri bolan San Remo gelip düşdi. Bu ýeriň howasy arassady we Fransiýadaky aýal dogany Mediha Soltana hem golaýdy. Eýran şasy hem bu ýerde sürgünde ýaşaýardy. Wagtyň geçmegi bilen Eýran şasy halyf bilen ýakyn dostluk açdy we Eýran şasy onuň gyzy Sabiha Soltana öýlenmek isledi. Emma şanyň bu teklibi kabul edilmedi. Eýran şasy San Remoda aradan çykdy. Soltan Wahdeddin özi bilen birmeňzeş ykbaly paýlaşan egindeşiniň jynazasyna gatnaşypdy.
Geň görmeli ýagdaý, şanyň jesedi gämi bilen Damaska, ol ýerdenem Bagdada getirilip, Kerbelada jaýlanypdyr.
Patyşa ilki şäheriň şaýolynyň ugrunda ýerleşen “Nobel” willasyny saýlapdy. Bu ýer meşhur alym Alfred Nobeliň öýüdi. Howly tropiki agaçlar we güller bilen gurşalan bagly-bakjalydy. Häzir bu willa asyl durkuny saklaýar we Nobel muzeýi hökmünde ulanylýar. Bu kiçijik öýde edil Stambuldaky ýaly köşk kabul edişligiiň yzy üzülmedi. Gelim-gidimiň öň-ardy ýokdy. Patyşa özi sebäpli watanyndan jyda düşen bu adamlara teselli bermäge mejbur bolýardy we olara pul berýärdi. Goh-gopgun ýatyşandan soňra ýurduna dönmek umydyny-da ýitirmeýärdi. Türk milletiniň Osman Gazynyň, Fatih Soltan Mehmediň mirasdüşerine şeýle çemeleşendigi üçin haçanam bolsa bir gün ökünjekdigine ynanýardy.
■ Uly betbagtçylyk
1924-nji ýylyň martynda dinastiýanyň uçdantutma barysy sürgün edilip, maşgalasy hem ýanyna ýerleşensoň ýurduna gaýdyp barmak umydyndan doly el üzdi. “Nobel” willasy indi soňky ýerleşenler bilen darlyk edýärdi. 1925-nji ýylyň ýazynda ýoluň garşysyndaky “Magnoliýa” willasyna göçdüler. Dürli al elwan gülleriň we agaçlaryň ýerleşen bu ýerde we manolýa gülüniň ysy üçin bu ady alan willanyň agzynda iki sany jandarma nobatçylyk edýärdi. Sakal goýberen patyşa indi ýalňyzlyga mazaly öwrenişipdi. Adamsy Ferid paşanyň aradan çykmagy bilen maşgalasy bilen birlikde ýanyna göçüp gelen aýal dogany Mediha Soltan bilen sagatlarça dertleşip oturardy. “Ýeke-tek teselli” hökmünde çilim çekmäni hem ep-esli artdyrypdy. "Magnoliýa" willasy häzir liseý hökmünde ulanylýar we içi doly üýtgeşmä sezewar bolupdyr. Ýöne onuñ girelgesinde “Bu ýerde iñ soñky Osmanly imperatory ýaşady we aradan çykdy" diýip ýazylan tagta asylgy dur. Bizi ol ýerlere aýlan we has öñ Stambulda bolan iñlis dili mugallymlaryndan biri muny bilýändigini we bu barada degişli ýolbaşçylaryñam dykgatyna ýetirjekdigini aýdypdy. San Remo ilatynyñ iñ gyzyklanýan zady bolsa soltanyñ haremidi. Bu taryhy binany görmäge gelýän aýal-gyzlaryñ hemmesi haremiñ şahsy düzüminiñ şolar ýaly ýokary derejedäki sypaýylygyny we özüne çekijiligini, ýokary medeniýetini haýran galmak bilen synlaýardylar.
Soltana we onuñ maşgalasyna italýan hökümeti pasport beripdi. Korol we premýer-ministr Mussolini San Remo ýörite gelip kazinoda soltan bilen duşuşyk geçirýär. Ankara hiç hili zerurlyk ýokka, gönüden-göni patyşany kontrola almak maksady bilen Ženowada konsullyk açýar. Aslynda patyşanyñ lukmany Reşad Paşa Ankaranyñ jansyzy hökmünde bolýan zatlary gylyny gymşatman ýetirmäge borçludy. Ähtimal, bu agyr işiñ berýän wyždan azaby zerarly San Remoda öz janyna kast eden bolmaga çemeli...
Patyşa Italiýanyñ koroly premýer-ministri bilen bu ýerde duşuşýar. Patyşanyñ adýudanty Zeki beg gizlinlik bilen alýan San Remoda pullaryny ýitirensirän bolupdyr. Emma onuñ maksady aslynda köp pul gazanyp önki hojaýynyny gowy ýaşatmakdy...
■ Uly gopgun
Patyşa bu ýerde ullakan maddy kynçylykda we ruhy göwnüçökgünlikde ýaşaýar. Pula mätäçlik çekilip 35 müñ lira we gymmatbahaly jöwherler satylýar. Nobat hanedanyñ nyşanyna gelipdi. Patyşa onuñ jöwherlerini söküp zergärlere satanynda iñ erbet göwnüçökgünligini başdan geçiripdir. Bular has öñ sökülip satlyga çykarylypdy, ýöne patyşany gynandyrmajak bolup saklanylypdy.
1926-njy ýylyñ yagyşly maý gijesinde maşgalasy bilen özara söhbet edip otyrka: "Ýassy namazyny okap geliñ, gürrüñleşip oturalyñ" diýýär. Namazlaryny okap gelip görseler patyşanyñ oturan ýerinde amanadyny tabşyrandygyny görýärler.
Gojaman bir imperiýanyñ mirasdüşeri, 300 million musulmanyñ halyfy ýalançy dünýäniñ azaplarynyndan halas bolup Rebbine gowuşypdy. Soltanyñ meýdine soñky işler bendegan (hyzmatkär) tarapyndan ýerine ýetirildi.
Ölüm halas bolmak diýmekdir. Eýse yzynda galanlar näme? Ony nirede jaýlamaly? Ynha bar mesele-de şundady. Edil şol wagtam 60 müñ liralyk bergisiniñ bardygy sebäpli, patyşanyñ tabyty we öýdäki goş-golamlar bergi üzülmezden gozganmasyz edildi. Bu uly pajygadan, skandaldan başga zat däldi..
Patyşanyñ stolynyñ çekerinden 17 ýarym lira, birem bezegleri sökülen nyşan çykdy. Onuñ bar baýlygy şundan ybaratdy.
Bendegan tabyty gizlinlik bilen açyp meýdi başga bir tabyta ýerleşdirenden soñra öýüñ yz tarapyndaky aşhananyñ gapysyndan alyp gaçdylar we awtoulaga ýerleşdirip Ženowa gitdiler. Ol ýerdenem Beýruta aşdylar.
Öý we boş tabyt bir aý berginiñ ujundan geçirilmeli hasapdan öçürilmän galandan soñra patyşanyñ Fransiýanyñ Niss şäherinde ýaşaýan soltanyñ gyzy Sabiha soltan jöwherleri satyp bergini üzýär. Italýan hökümetiniñ meýde geçiren seljermesiniñ puly hem oña töledilýär.
Patyşanyñ aradan çykanyny eşiden San Remolylar onuñ tabytynyñ öñünde hormat bilen baş egýärler. Wagty bilen jaýlanylmadyk patyşanyñ meýdi yslanmaga başlaýar. Soltan Abdylhamydyñ öñki giýewlerinden bolan Ahmet Namy beg şol wagtlar fransuz okkupasiýasy astyndaky Siriýanyñ prezidentidi. Ahmet Namy begiñ ýardam etmegi bilen patyşanyñ jesedi Damaska getirilýär. Damasklylaryñ uludan kiçä barsynyñ gatnaşan jynazasynda patyşa Kanuny Soltan Süleýmanyñ bina etdiren metjidiniñ howlusynda jaýlanýar. Patyşanyñ öz wesýeti-de şeýledi. Soñ-soñlar Osmanly dinastiýasynyñ wekilleriniñ jaýlanmagy bilen bu ýer maşgala gonamçylygyna öwrülýär.
Iñ soñky patyşanyñ mazaryny gören pursatyñda ägirt Osmanly imperiýasynyñam şu mazara duwlanan ýaly duýgusyny başdan geçirýärsiñ.
Ekrem Bugra EKINJI.
Taryhy makalalar