00:37 Antik (gadymy grek) teatrynyñ döreýşi | |
ANTIK (GADYMY GREK) TEATRYNYŇ DÖREÝŞI
Teatr we kino sungaty
Teatr sungaty özüniň düýp gözbaşyny b.e.öň V asyrdan alyp gaýdýar. "Teatr” grek sözi bolup, ol "Tomaşa” edilýän ýeri aňladýar. Rimde, eýýäm b.e. öň III-II asyrlarda teatr sungaty ösüp, öz döwrüniň ýokary derejelerine ýetip bilipdir. Grek teatrlarynda drama eserleri b.e. öň VI asyrda gul eýeçilik jemgyýetiniň gülläp ösen döwründe sahnada peýda bolupdyr. Umuman antik eýýamyndan bize gelip ýeten sungatyň täsiri juda uly. Antik eýýamynyň sungatynyň arhitektura, heýkeltaraşlyk (skluptura), edebiýat, teatr ýaly görnüşleri häzirki güne çenli öwrenilip gelinýär. Günbatar Ýewropa dramaturglary Şekspir, Kornel, Rasin, Şiller, Gýote öz döwründe Antik teatr mirasyna yzygiderli ýüzlenipdirler. XX asyr dramaturglaram Antik sužetlerine, obrazlaryna ýüzlenipdirler, olary özleriçe ulanypdyrlar. XIX-XX asyrlarda Ýewropa sahnalarynda Antik drama eserleri yzygiderli sahna çykarylypdyr. 1981-nji ýylda Fransiýanyň Oraje şäherinde sahna çykarylan Sofoklyň "Edip şa” tragediýasy tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanypdyr. Bu tragediýada baş keşbi öz döwrüniň belli tragik aktýory Z.Mune-Sýulli ýerine ýetiripdir. Nemes režissýory M.Reýinhardt hem Antik eýýamynyň dramaturgiýasyna yzygiderli ýüzlenenleriň biri bolupdyr. Ol, 1910-njy ýylda Berlinde Sofoklyň "Edip şasyny” goýupdyr. Şondan köp wagt geçmäkä-de Eshiliň "Oresteýa” tragediýasyny sahna çykarypdyr. Häzirki zaman grek režissýorlary D.Rondiris, K.Kun hem Antik dramaturglarynyň pýesalaryny sahna çykaryp tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldylar. Antik döwrüniň dramaturglarynyň pýesalary SSSR-iň dürli şäherleriniň teatrlarynyň sahnalarynda yzygiderli sahnalaşdyrylypdy. 1918-nji ýylda re-wolýusion Petrgradda Ýu.Ýurýew tarapyndan döredilen ,,Tragik teatry” Sofoklyň "Edip şasy” bilen açylypdy. "Edip şanyň” 1957-nji ýylda Tblisiniň Rustaweli adyndaky teatrynda režissýor D.Aleksidze tarapyndan sahnaçy-karylmagy uly üstünlik getiripdi. Antik döwrüniň dramaturgiýasy özüniň nusga alarlyk ähmiýetini şu günlerem ýitirmän gelýär. Gresiýa. Bu gadymy Ellada. Bu döwlet öz içine Egeý deňziniň adala-aryny we ýarym adalaryny birleşdirýän ýurt. Biziň eramyzyň öňki üç ýylly-gynda Pelasty, Lelegi tireleri bolup, wagtyň geçmegi bilen assimilleşip Ah-aýsy, Ioniýsi ýaly uly Grek tirelerine öwrülip başlapdyrlar. Biziň eramyzdan öň (500-449 ýý) bolan grek-pers urşunda grekleriň ýeňiji bolmagy bilen Delosskiý birleşigi döreýär. Şol döwürden soň, Afinide (443-429 ýý) syýasy gurluş we medeniýet ösüp ýetjek derejesine barypdyr. Ynha, şol döwürde grek teatrlarynyň düýbi tutulyp başlanýar. Şol döwrüň Grek teatry barada gürrüň edilende, biz hökmany suratda Eshiliň, Sofoklyň, Ýewripidiň, Aristofanyň atlaryny tutmaly bolýarys. ■ ESHILIŇ DRAMATURGIÝASY Eshil. Biziň eramyzdan öň (525-456ýý) ýaşap geçen, gadymy grek şahyry we dramaturgy. Eshil gadymy aristokratik maşgalada dünýä inýär. Ol grek-pers urşunda bolan "Marafon” (b.e. öň 490 ý), "Salamin” (b.e. öň 480ý) "Plateýa” (b.e. öň 479ý) bolan söweşlere gatnaşan. Eshil b.e. öň 484 ýylda ilkinji gezek dramaturg hökmünde çykyş etmek bilen dramaturg-laryň ýaryşynda ilkinji ýeri eýeleýär. Ol dramaturglaryň geçirýän şeýle ýaryşlarynda 12-sapar birinji ýere mynasyp bolýar. Eshil öz döwründe 80 pýe-sa ýazýar.Onuň ýazan pýesalaryndan bize gelip ýeteni 7 (ýedi) sany. "Parslar” (b.e. öň 472ý.), ,,Fiwiň garşysyna ýedi adam” (b.e. öň 467 ý), üç bölümden ybarat "Oresteýa” (1-njisi "Hoefory” tragediýasy. Adam jaýlananda mazaryň ýanynda bolup geçýän wakalar, 2-njisi "Ewmenidi” tragediýasy. Gadymy grek mifologiýasynda ar alyp berýän aýal Hudaýy, ýer asty şalykda ýaşaýar, ol günäkäri gözleýär we tapýar, jezalandyryp aklyndan azaşdyrýar, 3-njisi "Agamemnon” tragediýasy. Bu nähak köp gan-döküşikli wakalar bilen baglanyşykly "Molýaşiýe” ybadat etmeklik, Hudaýdan dileg etmeklik), "Prometeý” ("Gandaldaky Prometeý”) ynha, atlary agzalanan 7 sany drama eserleri şu günlerem dünýä teatrlarynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Şol ýedi drama eseriniň soňky 2-siniň ýazylan goýlan wagty takyk däl. Ol şol döwürlerden bäri "Tragediýanyň atasy” hasaplanýar. Eshil öz dramaturgiýasynda adamkärçilik duýgylarynyň basgylanýandygyny, nämedir bir uly gorkynyň öňünde adamlaryň dünýä garaýyşlarynyň bozulýandygyny açyp gör- Ol öz döredýän tragediýalarynda ilki başda ýeke özi çykyş edýänem bolsa, soňra ol tragediýada ikinji bir aktýoryň gatnaşmagyny gazanýar. Eshiliň şeýle etmegi özara gapma-garşylyklaryň (konfiliktleriň) gepleşik žanrynda berilmegine ýol açypdyr. Eshiliň tragediýalarynda gadymylyk (arhiaçnost), düýplilik, ägirtlilik, ulylyk (monumentalnost), yzygiderlilik (kompozisiýa), ýerli-ýerinde goýmak (simmetriçnost), üýtgewsizlik, gymyldysyzlyk (statiçnost), hor ine, şu zatlaryň hemmesi saklanyp galdyrylýar. Eshiliň "Oresteýa” trilogiýasy, "Fiwiň garşysyna ýedi adam” pýesasy öz döwrüniň ajaýyp sungaty hökmünde garşylanypdyr. Onuň "Prometeýi” ("Gandaldaky Prometeý”) öz ynsanperwerçilik mazmunyny henize çenli ýitirmän gelýän eser hasaplanýar. Bu eseriň düýp mazmuny Prometeýiň adamzadyň iň gowy taraplaryny açyp görkezmek üçin ähli kynçylyklary öz üstüne alyp bilen göreşiji hökmünde çykyş etmegidir. Prometeý Grek mifologiýasynda "Titan” hasaplanýar. "Titanlar” (Olimpiýa Hudaýlarynyň ýeri we ýeriň üstündäki zatlary döredijiler). Dünýäde gabat gelýän atalar bilen ogullaryň arasyndaky bolýan agzalalyklary, düşnüksizlikleri açyp görkezýär. Haçan-da, Prometeý Olimpdäki ody adamlara alyp bereni üçin Olimp hudaýy Zewis tarapyndan gandallanyp gaýanyň ýüzüne berkidilýär.Prome-teý adamlara bu eden ýagşylygy üçin jebir çekmeli bolýar. Eserde, bir bürgüt her gün uçup gelip gaýanyň ýüzüne berkidilen Pro-meteýiň bagryny çokup gidýän eken. Bürgüt gidensoň, Prometeýiň bagry ýene-de, öňki kaddyna gelipdir. Her gün gaýtalanyp duran bu ýagdaýa ýü-regi awan Gerakl (bu-da, titan hasaplanylýar) bürgüdi öldürýär. Onuň gu-manizme, ynsanperwerçilige ýugrulan bu tragediýasy Şelliniň dramaturgi-ýasynda, Bethoweniň, Skrýabiniň saz eserlerinde öz täsirini tapypdyr. Umuman Eshiliň döredijiligi b.e. öň V asyryň birinji ýarymyndaky Afi-nidaky başlan demokratiýany şöhlelendirmekden we açyp görkezmekden ybarat bolandygyny şol döwri öwrenijiler tarapyndan tassyklanýandygyny çekinmän aýtmak mümkinçiligi döreýär. Eshil Hudaýyň juda beýikdigine, onuň keramatlydygyna, ähli zatlaryň diňe şonuň elindedigine doly ynanypdyr. Onuň gargyşlarynyň adalatlydy-gyna, dünýäni dolandyrýan kada-kanunlarynyň ýerliklidigine bil baglapdyr. Onuň "Oresteýa” eserinde Agamemnonyň maşgalasynsynyň üstünden inen gargyşa, şol gargyşyň olaryň maşgalasyny agyr güne salýandygynyň sebäbini açyp görkezýär. Atreý-bu Grek mifologiýasynda "Troýan” urşuna gatnaşan gahrymanlar Agamemnon we Klitemnesriň kakasy şa Mikeniň gandöküşikli işleri köp edenligi sebäpli olaryň maşgalasyny gargyşyň eýik-dirmeýänligi tomaşaça ýetirýär. Sahnanyň jemleýji bölüminde Afinide demokratiýanyň ornaşýandygyny açyp görkezmek bilen olaryň etmişlerini Afini kazyýetiniň gargyş siňen maşgalanyň Hudaýyň we adamzadyň kada-kanunlaryna garşy iş edendiklerini, olaryň şol kada-kanuny bozandygynyň üstüni açmagy bilen jemlenýär. • Eshiliň täzelikçi bolup çykyş etmegi "Oresteýa” ("Agamemnonda”) we ("Hoeforda”) tragediýasynda öňki eserlerine garanda sahnada hor, l iriki aýdymlar az berlip olaryň ýerini dartgynly wakalar eýeleýär. Sebäbi, Eshil sahnada çykyş edýän personažlaryň sanyny artdyrmagy gazanýar. Eshiliň tragediýalarynyň (b.e. öňki V-IV asyrlar) gahrymanlaryndan tä-sirlenip eser döreden Ennin, Aksin, Seneki öz döreden eserlerinde çykyş edýän personažlaryna Eshiliň tragediýasynyň gahrymanlarynyň keşiplerini /prototip/ siňdiripdirler. Onuň ,,Oresteýa” tragediýasynyň esasynda 1895-nji ýylda Peterburg-da S.I.Taneýew tarapynda üç bölümi opera goýulýar. 1902-nji ýylda Leýp-sigde F.Weýngartner tarapyndan ,,Oresteýa” üç bölümli sazly-drama gör-nüşinde sahna çykarylýar. "Oresteýa" 1911-nji ýylda M.Reýnhardt tara-pyndan Berlinde, "Persler” 1912-nji ýylda A.Antuan tarapyndan Parižiň "Odeon” teatrynda, "Oresteýa” 1955-nji ýylda režissýor Ž.L.Barro tara-pyndan Parižde, 1960-njy ýylda režissýorlar K.Skuşanko, Ýe.Krasowskiý tarapyndan Nowa-Huteniň "Lýudowy” teatrynda, 1960-njy ýylda W.Gasmo-nyň gatnaşmagynda Italiýanyň Sirakuzydaky halk teatrynda, 1961-nji ýyl-da režissýor M.Wolanakis tarapyndan Londanyň "Old Wik”teatrynda,1962 1962-nji ýylda režissýor D.Rondirs tarapyndan Afininiň Grek tragediýalary teatrynda tomaşaça ýetirilýär. Ýokarda belläp geçilenler Eshiliň "Oresteýa” tragediýasynyň sahna çykarylyşyndan käbir bellikler. 1954-nji ýylda Eshiliň "Prometeý” tragediýasy Lion şäherinde geçiri-len teatrlaşdyrylan festiwalda, 1962-nji ýylda Toruni şäherinde tomaşaça görkezilipdir. 1955-nji ýylda ,,Fiwiň garşysyna ýedi adam” tragediýasy L. Karsisa tarapyndan Afininiň "Iroda Attika” teatrynda, 1962-nji ýylda Warşawanyň "Powşehny” teatrynda goýlupdyr. 1950-nji ýylda ,,Parslar” eseri Sirakiza şäherinde, 1953-nji ýylda Perunyň Lima şäherinde sahna çykarylýar. Bu tragediýa 1945-nji ýylda täzeden işlenilip, "Persler” tragediýanyň bolýan ýeri Germaniýa bilen çalşyrylypdyr. Tragediýa 1960-njy ýylda Gün-batar Berliniň "Şiller” teatrynda, 1963-nji ýylda Afininiň "Çeperçilik” teatrynda görkezilýär. Antik döwrüniň ägirt dramaturgy Eshiliň dramaturgiýasyny terjime etmeklik işem yzygiderli dowam etdirilipdir. 1937-nji ýylda "Tragediýalar” ady bilen A.Piotrowskiniň terjimesinde, 1887-1888-nji ýyllarda "Fiwiň gar-şysyna ýedi adam”, ,,Gandaldaky Prometeý” tragediýalary W.Appelrota-nyň tejimesinde, 1913-nji ýylda "Agamemnon” tragediýasy S.I.Radsigaň terjimesinde, 1907-nji ýylda ,,Gandaldaky Prometeý” tragediýasy D.S.Me-režkowskiniň terjimesinde, 1927-1948-nji ýyllarda "Gandaldaky Prometeý” S.M.Solowýew bilen W.O.Nilenderanyň terjimesinde, 1958-1961-nji ýyllarda "Oresteýa” tragediýasy S.Antanyň terjimesinde rus diline geçirilip öňki SSSR-iň köp şäherleriniň teatrlarynyň sahnasyna çykarylypdyr. Ynha, şu ýokarda agzap geçenlerimiz Eshiliň öz döwrüniň ägirt dramaturgy bo-landygyndan habar berýär. ■ SOFOKLYŇ DRAMATURGIÝASY Sofokl. B.e.öň 496-406 ýý. ýaşap geçen Gadymy Grek şahyry we dra-maturgy. Sofokl Afininiň golaýyndaky Kolone diýen ýerde ýarag ýasaýan us-sahananyň baý eýesiniň maşgalasynda eneden bolýar. Ol ýaşlyk ýyllary Afininiň aristokratiýasynyň serdary Kimona golaý adamlaryň biri bolupdyr. Soňra Afini demokratiýasynyň ýolbaşçysy Perikliň toparyna goşulyp, ýokary Döwlet wezipelerine saýlanýar. Ol Antik eýýamynyň dramaturglarynyň üç sany Beýik wekilleriniň biri hasaplanylýar. Onuň döredijiligi Eshil bilen Ýewripidiň arasynda uly bir dramaturgyň ýatandygyndan habar berýär. B.e. öňki 468 ýylda tragik şahyrlaryň arasynda dörän bäsleşikde (ýaryşda) ilkinji sapar ýeňiji bolýar. Şondan soňra Beýik Dionisiýa (Dionisiýa-Gadymy Gresiýada tragediýa ýazýan dramaturglaryň bäsleşigi. Şeýle ýaryş-lar b.e.öňki VI asyrda geçirilipdir. Hasyl bilen baglanyşykly bu bäsleşiklerde 17-sapar birinji ýeri eýeläpdir. Ol soňra oba durmuşyndan goýulýan sahna çykyşlarynda bolsa 6-sapar ýeňiji bolupdyr. Gadymy Grek filologlarynyň bellemeklerine görä, Sofokl 123 eser dö-redipdir. Şolardan 114-siniň atlary bize mälim. Biziň şu günlerimize gelip ýeteni 7-tragediýa. B.e. öňki 442 ýylda ýazylan "Aýaks”, takmynan b.e. öň-ki 442-ýylda ýazylan "Antigona”, ýazylan wagty belli bolmadyk "Trahin-ýanki”, takmynan b.e. öňki 429 ýylda ýazylan "Edip-şa”, ýazylan wagty belli bolmadyk ,,Elektra” (Elektra-şanyň ady), b.e. öňki 409 ýylda ýazylan "Filoktet”, b.e. öňki 401 ýylda Sofokl aradan çykandan soň sahna çykary-lan "Edip Kolonede”, şeýle ownuk böleklerden galan "Yz çalyjylar” drama eseri hem bar. Sofoklyň dramaturgiýasy dünýä garaýşy boýunça, adamzadyň geçen we häzirki döwründäki ýagdaýyny açyp görkezmäge çalyşan. Onuň düýp islegi adamyň azat bolmagyna ýugrulan. Sofoklyň şahyr hökmünde dünýä garaýşynyň emele gelen döwri Afinide gul eýeçilikli jemgyýetiň pajarlap ösen döwri bilen gabat gelýär. Sofokl azat adamynyň öňünde "Hudaýyň kanunlaryny” bozýanlary paş etmekden ybarat bolupdyr. Ol öz tragediýalarynda psihologik-ahlak garaýyşlary öňe sürüpdir. Sofokl öz eserlerinde öňe süren pikirleriniň düpliliginiň, yzygiderliliginiň (kompozisiýasynyň) saklanmagyny isläpdir. Sofokl öz tragediýalarynda ýurdyň, jemgyýetiň syýasy we ykdysady ösüşiniň belli bir derejede durmagyny isläp, ähli zadyň şol durşuna saklan-magyny,ähli zadyň diňe Hudaý tarapyndygyny ündäpdir. Bu onuň özünden öňki ýaşap geçen döwürdeşi Eshilden aýratynlygy. Onuň ýaşan döwründe ýurdyň adamlarynyň ählisiniň deň hukuklylygy dogrusynda aýdylsada, köpleriň özbaşdak eýeçiligi bolmandyr. Şol bir wagtyň özünde Sofoklyň eserlerinde adamyň özbaşdak bolmagy, öz edýän işinde,her bir çözýän çözgüdinde jogapkärçiligiň hökmanydygyny öňe sürüpdir. Onuň irki tragediýalarynyň biri ,,Aýaksda” eseriň gahrymany öz eden jenaýatçylykly işiniň ýerlikli däldigine akyl ýetirip, edermen serdaryň kada-kanunyna gabat gelmeýän hereketi üçin, meýletinlikde öz janyna kast etmek arkaly eden günäsini ýuwmaga, şeýdibem masgaraçylyk-dan çykmak ugrundaky öňe süren ideýasy adamyň arassa bolmagy ugrun-daky uly hereket hasaplanýar. Sofoklyň "Edip şa” tragediýasynda Edibiň maşgalasynyň başyndan inen gargyşyň ony eýikdirmän gelýändigi dogrusyndaky mifiki düşünje öňe sürülýär. Özüne edilen gargyşdan saplanmak üçin ähli edýän tagallalary onuň ykbalynda açylman syrlylygyna galýar. Edip özüniň çäksiz batyrlygyna,eder-menligine garamazdan ykbalynda bolup geçýän syrly wakalary açmakdan has ejiz gelýär. Onuň günälerini ýuwmak üçin edýän hereketleri jogapkärçi-likden boşatman, eýsem ýene-de gorkuly jenaýatlara ýüz urmagyna alyp barýar. Şeýle ýagdaý onuň "Trahinýanki” tragediýasynyň gahrymany Deýa-nirda hem gaýtalanýar. Öz gahrymanlarynyň üsti bilen adam aňynda gabat gelýän hususy pikirler (subýektiw) bilen hakyky, dogry pikirleri /obýektiw/ çakyşdyrmak arkaly umumy filosofiki çözgüdi tomaşaçynyň özüne goýýar. Sofoklyň "Antigonasynyň” baş gahrymany Antigonanyň Edipden aýra-tynlygy onuň hususy pikiriniň /subýektiw/ "Hudaýyň kanunlaryndan” we adamlaryň aralaryndaky hiç ýerde ýazylmadyk ynsaperwerçilikli garaýyş-lardan ugur almagydyr. Muňa garamazdan tragediýanyň başga bir gahry-many bolan Kreont özüniň ýeketäk hökmürowanlygy, adamlara gazaply daramagy adamlaryň adaty ahlagynyň bozulmagyna itergi berýändigi in-çelik bilen yzarlanýar. Sofoklyň "Elektra”, "Filoktet” tragediýalarynyň gahrymanlarynyň hiç kanuna, hiç bir ahlaga gabat gelmeýän düşünjede ýaşamaklary olaryň has-rat çekmeklerine, olaryň içki dünýäside gahar-gazabyň döremegine itergi berýändigi dogrusynda söhbet açylýar. Tragediýanyň esasy gahrymanlary bolan Elektranyň, Neoptolemanyň keşbinde (obrazynda) Sofoklyň öňki tragediýalarynda adamlaryň özlerini alyp barmakdaky doly açylmadyk häsi-ýetleriniň açylmagy, olaryň häsiýetleriniň açylmagynda dürli hereketler öňe sürülýär. Onuň tragediýasynyň gahrymanlary häsiýetleri boýunça biri-birine meňzemeýär. Ýöne,adamlaryň azat bolmagy, azat pikirlenmegi dogrusyndaky mazmuny dramaturg geregiçe aýdyp bilipdir. Aristotel özüniň ,,Poýeziýa sungaty dogrusynda” atly işinde (1957-ý.129-sahypa. Moskwa) "Sofokl öz eserlerinde adamlar nähili bolmaly, şony hem suratlandyrypdyr”-diýip, belleýär. Sofokl tragediýalarynda adamlary suratlandyrmagyň täzeçe usullary-na geçmek bilen dramalarynyň ýörgünli taraplarynam üýtgetmekde käbir usullara ýüzlenipdir. Ol öz tragediýalaryny üç bölege bölmekden daşlaş-mak bilen pýesalarynda gepleşik žanryna (dialoga) ünsi güýçlendirýär. Sahnada çykyş edýän aktýorlaryň sanyny üçe ýetirýär. ,,Edip şadan” başlanan bu täzelik sahnada hereketiň ösmegine, dart-gynlylygyň artmagyna alyp gelýär. Ol öňki tragediýalarynyň iki bölümden ybarat bolmagynyň üstünde tazeden işlemeli bolýar. Onuň esasy gahry-manlarynyň ykballary (Aýaksanyň, Antigonanyň, Deýanipiň) tragediýanyň birinji bölüminde çözülýär. Tragediýanyň ikinji bölüminde bolsa, olaryň soňky hereketleri ýa-da ölümi görkezilýär. "EdIp şada” soňra bolsa, "Elektrada” we "Filoktetde” esasy gahryman-laryň häsiýetleriniň açylmagyna üns berilýär. Kä ýerde olaryň häsi ýetleri-niň doly açylmagy üçin olaryň gapdalyndan ikinji bir derejeli garşydaş personaž çykarylýar. Şeýle ikinji derejeli personaž "Aýaksada” Tekmessa, "Antigonada” Ismena, "Elektrada” Hrisofemida, "Edip şada” Iokasta ýaly baş gahrymanyň garşydaşy bolup çykyş edýän personažlar esasy gahrymanyň beýikligini, adamçylyk mertebesiniň ýokarydygyny açmakda belli bir dere-jede rol oýnapdyr. Sofokl horda çykyş edýänleriň sanyny 15-e ýetiripdir. Onuň bu babat-da Eshilden aýratynlygy horuň çykyşlaryny azaldypdyr. Sofoklda çykyş edýän hor sahnadaky bolýan hereketi aňlatmakdan we tomaşaçyny pikirlen-mäge ugrukdyrmakdan ybarat bolupdyr. Sofoklyň doredijiligine gadym döwürlerde ýokary baha berlipdir. Wergili we Owidiý ony tragik şahyr hasaplamak bilen nusgalyk /klassik/ hökmünde öňe sürüpdirler. Sofoklyň sýužetlerine,döreden keşplerine /obrazlaryna/ Antik döwrü-niň soňky wekilleri Liwiý Andronik, Aksiý, Seneke yzygiderli ýüzlenipdirler. Onuň eserleri Ýewropa edebiýatynda nusgalyk hökmünde ulanylypdyr. Sofoklyň eserleriniň täze döwürde gaýtadan işlenmeginiň hetijesinde 1550-ýylda Saksaň ,,Bagtsyz şa aýaly Iokasta”, 1659-ýylda Kornelýanyň ,,Edip”, 1718-ýylda Wolteriň ,,Edip” eserleri peýda bolýar. G. Persella, A.Skarlatta we ýene-de birnäçe awtorlar onuň eserlerini täzeden işläp opera döredipdir. Onuň eserlerine bolan içgin gyzyklanma XVIII asyryň aýaklarynda, XIX asyryň başlarynda Germaniýada has artypdyr.G.E.Lessing,I.W.Gýote,F.Kle-ýest,F.Şiller Sofokldan täsirlenip eser döredipdirler. 1841-ýylda F.Mendel-son-Bartoldi ,,Edip şa”, 1845-ýylda ,,Antigona” saz ýazypdyr. XX asyryň başlarynda Sofoklyň tragediýasynyň esasynda G.Gofmanstal 1903-ýylda ,,Elektra”, 1906-ýylda ,,Edip we Sfinks”, 1909-ýylda ,,Şa Edip”eserlerini dö-redipdir. 1917-ýylda W.Gazenklewer ,,Antigona” eserini ýazypdyr. 1928-ýylda J.Kokto ,,Antigonany”, ,,Edip şany” özüçe işläpdir, 1953-ýylda bolsa, ol ,,Edip” ady bilen film döredipdir. Dramaturglar, A.Žid ,,Edip”/1931ý./, Ž. Žirodu ,,Elektra”/1937ý./, Ž.Anuý ,,Antigona”/1942ý/, B.Breht ,,Antigona” /1948ý/, P.Karwaş ,,Antigona we beýlekiler”/1962ý./ adybir eserler döre-dipdirler. Kompozitorlar R.Ştraus ,,Elektra” /1909ý./, I.F.Strawinskiý ,,Edip şa” /1928ý./, A.Onegger ,,Antigona”/1930ý./, Dž.Enesku ,,Edip” /1936ý./, K.Orf ,,Antigona” /1949ý./ saz ýazypdyrlar. Sofoklyň tragediýalary XIX asyrda dünýäniň ähli teatrlarynda sahna çykarylypdyr. Tragediýalary sahnalaşdyrmakda döwrüň görnükli režissýorlary Ž.Mune-Sýulli, T.Salwini, A.Moissi, doganlar Adelgeýmler, Ýu.M. Ýur-ýew, M.L.Roksanowa gatnaşypdyrlar. Sofoklyň tragediýalary 1920-ýyllar-da SSSR-de: Moskwada, Leningradda, Harkowda, Kazanda görkezilipdir. Geçen XX asyryň ortalarynda Sofoklyň eserlerini sahna çykarmaklyk ýene-de örboýuna galýar. Onuň ,,Edip şasy”/1945ý./ Londanyň ,,Old Wik” teatrynda / baş keşbi L.Oliwýe doredipdir/, ,,Edip şa”/1947ý./ Tel-Awiwiň ,,Gabima” teatrrynda, ,,Edip şa”/1951ý./ Parižiň ,,Eliseý meýdançasy” te-atrynda /sahna bezegini ýerine ýetiren dünýäniň meşhur suratkeşleriniň biri P.Pikasso/, ,,Edip şa”/1956ý./ Gresiýanyň Epidawr şäherin ,,Milli Grek teatrynda” /režissýory A.Minottis/, ,,Edip şa” (1956ý.) Tiblisiniň Ş.Rusta-weli adyndyndaky teatrynda /baş keşbi döreden S.Zakariadze /, ,,Edip şa” /1957ý./ Belgradyň Halk teatrynda /baş keşbi döreden L.Iowanowiç/, ,,Edip şa”/1958ý./Gresiýanyň Sirakuza şäheriniň Grek teatrynda /režissýo-ry G.Salwini/, ,,Edip şa”/1960ý./ Ankaranyň Halk teatrynda /režissýory T. Muzenidis/, ,,Edip şa”/1962ý./ Mýunheniň Rezidens-teatrynda /baş keşbi döreden T.Holsman/, ,,Edip şa” /1963ý./ Praganyň Milli teatrynda /baş keşbi döreden W.Weýražka/; ,,Antigona”/1956ý./ Gresiýanyň Epidawr şäh-eriniň Grek Milli teatrynda/režissýory A.Minotis, baş keşbi döreden A.Sino-dinu/, ,,Antigona”/1958ý./ Sofiýanyň K.Sarafow adyndaky Halk teatrynda /režissýory Muzenidis/, ,,Antigona” /1958ý./ Buharestiň Ýaşlar teatrynda /baş keşbi döreden O.Tudoraka/, ,,Antgona” /1960ý./ Awinon şäheriniň Halk teatrynda/sanada goýan Ž.Wilera/, ,,Antigona”/1962ý./ Wenany Burg teatrynda /režssýory G.Zelner/, ,,Antigona” (1962ý.) Warşawanyň ,,Teatr hemmeler üçin” teatrynda (režissiýory I.Babel), ,,Elektra” /1945ý./ Moskwanyň Wahtangow adyndaky teatrynda, ,,Elektra” /1952ý./ Afininiň Milli Grek teatrynda /režssiýory D.Rondiris, baş keşbi döreden K. Paksin/, ,,Elek-tra” (1956ý.) Praganyň Çeh harby teatrynda, "Elektra” (1960ý.) Gresiýanyň Pireý şäheriniň Grek tragediýalary teatrynda /režissýory D.Rondiris, baş keşbi döreden A.Papatanasiu/ sahna çykarylyp tomaşaçylaryň uly söýgü-sine mynasyp boldy. 1957-nji ýylyň "Gadymy taryhy habarlary” žurnalynyň 14-nji sanynda S.i.Radsigiň "Sofoklyň dünýä garaýşyndan gelip çykýan sowallar”, 1959-njy ýylda Leningratda çapdan çykarylan "Klassik filologiýa” /Husgawy filologi-ýa/ atly ýygyndyda N.A.Çistýakowyň "Sofoklyň dramalarynda tragik gah-rymanlarynyň keşplerine /obrazlaryna/ degişli käbir sowallar”, 1961-nji ýylda Krasnodarda çap edilen "Rus we daşary ýurt edebiýaty” atly ýygyn-dyda I.L.Duhiniň "Sofokl we Ýewrepid” atly ylmy makalalar çykarylypdyr. Ýokarda atlary agzalýan ylmy işlerde Sofoklyň döredijiligi ylmy nukdaý na-zardan yzarlanyp, onuň salyp giden ýolunyň adamzat geljegi üçin nusgalyk-dygy bellenýär. Sofoklyň ,,Edip-şa”, ,,Antigona”, ,,Elektra”/şanyň ady/ ýa-ly nusgawy dramaturgiýa öwrülip giden tragediýalary şu günlerem dünýä teatrlarynyň sahnasyndan düşmän gelşi. Bu onuň äpet dramaturg bolan-dygyndan habar berýär. ■ ÝEWRIPIDIŇ DRAMATURGIÝASY Ýewripid. Ol takmynan b.e. öňki 480-406ýý. /käbir çeşmelerde dog-lan ýyly 485-484ýý. hasaplanýar/ ýaşap geçen gadymy Grek şahyry we dramaturgy. Ýewripid Beýik Grek dramaturgiýasynyň ägirtleri Eshilden,So-fokldan soň, şolaryň dejesindäki tragik eserleri döreden üçünji bir drama-turg bolupdyr. Ol ilkinji gezek b.e. öňki 455 ýylda geçirilen drama ýaryşyna gatnaşyp diňe üçünji ýere mynasyp bolýar. Ýewripid öz ýaşan döwründe geçirilýän ýaryşlarda bäş gezek ýeňiji bolup, birinji ýeri eýeleýär. Şolaryň birine ara- 17 dan çykandan soň mynasyp bolýar. Kabir çeşmelerde aýdylşyna görä ol ýaşan döwründe 75-den 92-ä çenli drama eserini döredipdir. Ýewripid b.e. öňki 408-407 ýyllarda Makedon şasy Arhelaýanyň köş-güne göçüp barýar. Ol şol ýerde ömrüniň ahyryna çenli uly hormatdan peýdalanyp ýaşapdyr. Onuň 17-tragediýasy dolulygyna saklanyp biziň günlerimize gelip ýe-tipdir. Ýewripidiň eserleriniň ählisiniň diýen ýaly ýazylan wagtlary belli. Ýewripidiň ýazan eserleri ,,Alkestida” /b.e. öň 438ý./, ,,Medeýa”/b.e.öň 431ý./, ,,Geraklidy“/b.e. öň 430ý. töweregi/, ,,Ippolit” /b.e. öň 428ý./, ,,Gekuba”, ,,Gerakl” /b.e. öň 423ý. töweregi/, ,,Andromaha” /b.e. öň 422-ý.töweregi/, ,,Umolýaýuşiý”/ýalbaryjy, haýyş ediji-b.e. öň 423ý. töweregi/, ,,Ion”/b.e. öň. 418ý. töweregi/, ,,Troýanki”/b.e. öň 415ý./, ,,Ifigeniýa Taw- ridi-de” /b.e. öň 414ý. töweregi/, ,,Elektra”/şanyň ady-b.e. öň 413ý. töwe-regi/, ,,Ýelena”/b.e. öň 412ý./, ,,Finikiýanki” /b.e. öň 410ý./, ,,Orest” /b.e. öň 408ý./, ,,Ifigeniýa Awlide-de”, ,,Wakhanki”/b.e. öň 405ý./şulardan yba-rat bolmak bilen, soňky ady agzalan iki pýesasy Ýewripid aradan çykan-dan soň sahna çykarylýar. Bulardan başgada ýazan tragediýalarynyň köp bölekleri,onuň,,Kiklop” atly satiriki dramasy tutuşlaýyn saklanyp galypdyr. Bu galyndylar Ýewripidi öwrenijileriň ýazmaklaryna görä takmynan b.e. öňki 426, 423, 412 ýyllara degişlidigi aýdylýar. Onuň bu esrleriniň köp böleginiň Peloponnes urşy /b.e. öň 431-404-ýý./ döwründe ýazylandygy belli bolup galýar. Şol döwürde Afini bilen Spartanyň arasyndaky bäsleşik ýurdyň syýasatda-ykdysadyýetde pese gaç-magyna getirýär.Ýagdaýyň uzak wagtlap dowam etmegi gadymy Grek jem-gyýetini howply pese gaçma alyp gelýär. Ýewripidiň döredijiligi Afinide demokratiýanyň has aşak düşen döwür-lerine gabat gelýär. Şeýle hem Grek mifologiýasynyň hem has pese gaçyp, täze adatlaryň /tradisinyň/,sufizmiň /göräýmäge dogry, emma aslynda tos-lanyp tapylan, logiki hakykata ters gelýän nädogry pikir/emele gelen döwri bilen baglanyşykly. Bu ýerde filosofiki pikir ýöretmeleriň, ýurtda täze emele gelen kazy-ýetçilik /sud ösüşleriniň, prosesiň/, psihologik pikirlenişleriň täsiri onuň dö-reden tragediýalarynda açyk ýüze çykarylypdyr. Bu ýagdaý esasanam mifi-ki gahryman ,,Geraklyň” keşbini döredende doly ýüze çykýar. Onuň eserle-rinde adam ykballary barada-da öňe sürülýän meseleler öz döwründäki se-rişdeleriň /detallaryň/ üsti bilen açylýar. ,,Medeýa”, ,,Ippollit” eserlerinde adam ykballarynyň yzarlanyşy has-da, ýokary dere-jede açylyp görkezilýär. Ýewripidiň ,,Gekuba”, ,,Andromaha” eserlerinde Sparta bolan duş-mançylykly gatnaşyklar açylyp görkezilse, ,,Troýanka” dramasynda urşuň ýurda getiren betbagtçylygynyň üstünden düşýär. Ol özüniň ,,Geraklidi”, ,,Gerakl” pýesalarynda gahrymançylyk-watançylyk ruhyny öňe sürmek bi-len öz şäherinde dörän demokratiýany, ynsanperwerçilikli häsiýetleri ös-dürmek, ony ähli babatlarda goramaklygyň zerurlygyny öňe sürýär. Ol drama eserleriniň ählisinde dini, filosofiki, adamkärçilikli, durmuşy wakalara ýüzlenmek bilen adamyň içki dünýäsine, adamlaryň gylyk-häsi-ýetlerine aralaşmagy ussatlarça başaryp bilipdir. Ýewripidi Eshil ýa-da Sofokl bilen deňeşdireniňde ol öz gahrymanla-ryny hakykata has golaý edip görkezip bilipdir. Bu barada Aristotel /öz po-ýetikasynyň 25-nji bölüminde/ öz eserinde ol barada gürrüň açyp: ,,Ýew-ripid eserlerinde adamlar durmuşda nähili bolýan bolsalar,ony şeýlede su-ratlandyrypdyr. Onuň tragediýalarynyň gahrymanlary öz pikirleri, dünýä garaýyşlary, duýuşlary, göçgünliligi, öňe tarap ymtylyşy, özlerini ýirgendiri-ji, agyp-dönüp durmalary, özleriniň gapma-garşylykly edýän düşniksiz he-reketleri bilen umumy adamzada mahsus bolan zatlary açyp görkezmäge çalyşmagy onuň ussat dramaturdygyny görkezýär diýip” belleýär. Dramaturg miflere erkin ýagdaýda garap bilipdir. Şeýle-de olara täze-çil garap özüçe düşünje bermegem başarypdyr. ,,Ippolit”, ,,Gerakl” we kä-bir beýleki tragediýalarynda köne dini garaýyşlary tankyt etmekdenem çe-kinmändir. Ýewripidiň eserlerinde Hudaýa ynanmaklyk,ony hyýaly ýagdaý-da hakyda getirmeklik, kesgitli bolmadyk häsiýete eýe bolupdyr. Kämahal-lar adamlary ýaşaýyş durmuşa ugrukdyrmak ýaly pikirlerem onuň eserle-rinde gabat gelmän duranok. Ýöne,şeýle ýagdaýda dramaturg göwnü çök-günlilige ýüz urupdyr. Ýewripidiň jemgyýetçilik-syýasy garaýşy aram, mylaýym demokratiýa (umerenniý demokratiýa) bolupdyr. Ol haýsydyr bir mesele çözülende aý-gytly güýç ulanylýan gemokratiýany /radikal demokratiýany/ oňlamandyr. Onuň ,,Orest”, ,,Ifigeniýa Awlidide”, ,,Gekuba”pýesalarynda demokra-tiýanyň serdarlarynyň /demogoglarynyň-nadaralarynyň/ keşipleri öwerlik-li ýagdaýda öňe çykarylmandyr. ,,Gerakl”, ,,Umolýaýuşiý”/ýalbaryjy, haýyş ediji/, ,,Finikiýanki” tragediýalarynda zalymlygy, hökmürowanlygy hyjuw bilen paş edýär, olaryň ýüzüni açyp görkezýär. ,,Ion”, ,,Ýelena” tragediýa-larynda gullaryňam öz pikirleriniň, duýgylarynyň erkin adamlaryňky ýaly-dygy baradaky pikiri öňe sürýär. Ýewripid tragik keşpleriň tutuş bir uly toparyny döretmegiň hötde-sinden gelipdir. Onuň käbir tragediýalarynda Hudaýyň we adamlaryň biperwaýlygyndan, adalatsyzlygyndan jebir çekilmeleriň köp bolýandygyny açyp görkezmegi öz döwri üçin uly batyrlykdygyny belläp geçmelidiris. ,,Medeýa” tragediýasynda erkek kişiniň diňe özüni bilmegi, dönükligi se-bäpli hyjuwly, boýunegmezek zenany heläkçilige alyp barandygy görkez-ilýär. ,,Gekube” adamyň çekýän jebriniň iň ýokary çäge çenli ýertirilmegi, uruşda ýesir düşen troýan şasynyň aýalynyň emjekdäki çagasyny öldü-renden gazaply ar almak üçin özüne güýç tapyp bilendigini suratlandyr-mak arkaly, adamyň gahar-gazabynyň çäksizdigini bu tragediýada açyp bi-lipdir. ,,Ippolitde”Afroditonyň ynanjyna girmek arkaly Fedra öz janyny gur-ban edýär. ,,Geraklid” tragediýasynda adamsyna wepadar zenanyň adam-sy üçin öz-özüne kast etmegi söýgüniň beýikdiginden habar berýär. Bu ýagdaý onuň ,,Ifigeniýa Awlide-de” atly tragediýasynda-da gaýtalanýar. Dramaturgyň tragediýalarynda gahrymanyň ýa-da oňa golaý adamyň öldürilmeginiň üsti bilen adamyň ýaşaýyşdaky içki dünýäsini açyp görkez-meklik Aristoteliň: ,,Howuplylygyň has howuply bolmagy” diýen kesgitle-mesine gabat gelýändigini Aristoteliň özem aýdýar. Şol bir wagtyň özünde Ýewripidiň eserlerinde yzygiderliligiň /kompozisiýanyň/doly saklanmaýan-dygyny-da Aristotel ,,gyjyt” beriji äheňde belläp geçýär. Hakykatdanam Ýewripidiň tragediýalarynda käbir wakalar, hadysalar ikinji, soňky derejeli zat hökmünde görkezilýär. Wakalar ösdürilmeýär. Şol bir wagtyň özünde-de tragediýanyň girişinde wakalaryň näme bilen gutar-jagy aýan edilýär. Tragediýada çykyş edýän hor Sofoklyň tragediýalarynda-ky ýaly sahnadaky wakalaryň ösüşine kän bir täsirini ýetirip duranok. Ýewripid takmynan b.e. öňki 420 ýyllarda dildüwüşikli, bulaşyk ,,fab-ula” /fabula-meňzeşlik/ esasynda dramalary döretmeklige girişýär. ,,Ion”, ,,Ifigeniýa Tawridi-de”, ,,Ýelena”, ,,Elektra”, ,,Orest” tragediýalarynda wa-kalar uzak geçmişde, ertekiler ýurdynda bolup geçýäne çalym edýär. ,,Ifi-geniýa Tawridi-de”, ,,Ýelenada” bu ýagdaý has duýulýar. ,,Orest”, ,,Elek-tra” tragediýalarynda durmuşy wakalar we komiki /gülküli/ personažlaryň goşulmagy bilen melodrama elementleri /element-başlangyçlary/ mese-mälim ýüze çykýar. Ýewripidiň dramaturgiýasynda adamyň içki dünýäsinde bolup geçýän gam-gussany açyp görkezmeklige bolan ymtylyş täze häsiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem ol öň ulanylmadyk teatr serişdelerine, sazlaşykly saz heňle-rine ýüzlenmeli bolupdyr. Şonuň üçinem gaýgyly, gynançly, gizlin syrly sazlary ulanmaga başlaýar. Bu ýagdaý tomaşaçyda joşgunly duýgynyň dö-remegine ýardam edipdir. Ol yzygiderli ariýalarada ýüzlenipdir. Onuň soňky pýesalarynda garşydaş personažlaryň arasynda söz uruş-dyrmak, öňki halk ýygnaklaryndaky ýaly tomaşaçynyň endik eden orator-çylyk /dilewarlyk/ düzgüninde çykmagy tomaşaçy tarapyndan oňat garşy-lanýar. Bu barada Aristotel özüniň ,,Ritorika” atly 3-nji kitabynyň 2-nji bö-lüminde Ýewripidi öwmek bilen: ,,Ol öz sözlerini adaty ýaşaýyş durmuşyn-dan almak bilen, öň tragik sahnada ulanylmadyk ýa-da ujypsyzja ulanylan wakalary, sahnada peýda bolýan ölümi, agyr keselçiligi, gaýgy-hasraty, däli-telbeligi, ölüm hasraty, aşyk zenanyň çekýän jebrini görkezip bilmegi dramaturgy ýokary derejä göterýär”-diýip, belleýär. Ýewripid öz ýaşan döwründe uly üstünlikden peýdalanmandyr. Onuň miflere we öňden gelýän dini urup-adatlara bolan erkin garaýşy Afiniler tarapyndan kän bir oňlanmandyr, olaryň gaharlanmalaryna sezewar bo-lupdyr. Onuň gorkman urp-adatlary hakykatçylyk bilen açyp görkezmegi, durmuşyň garaňky, durmuşyň hakykatdan has daşlaşdyrylan taraplaryny suratlandyrmagyna döwrüň tomaşaçysy doly we dogry düşünmändir. Aristofan özüniň b. e. öň 405 ýylda ýazan ,,Gurbagalar” /Lýaguşki/ ko-mediýasynda Ýewripidiň dramaturgiýasyny berk tankyt astyna alýar.Muňa garamazdan Afininiň has bilimli tomaşaçylarynyň uly topary Ýewripidiň komediýalaryny gyzgyn garşylaýarlar. Ondan soňky dörän dramaturglar Ýewripidiň komediýada goýup giden ýoluny dowam etdirijiler bolýarlar. Ýewripidiň döredijiligi täze dörän durmuşy komediýalary ýazýan dra-maturglar üçin mekdep bolup hyzmat edipdir. Onuň miras galdyran eser-lerinden soňky dörän Rimli tragik dramaturglar /Kw.Enniý, Aksiý, Seneki/ uly täsir alypdyrlar. Şeýle hem XVI asyrda Italiýan dramaturgiýasynyň bir düzgüne, galyba girmeginde /formirlenmeginde/ Ýewripidiň goýup giden ýolunyň ähmiýeti örän ulydyr. Dramaturglar Trissino, Speroni, Dolçe, Ruçelli, Džiraldi we beýlekiler Ýewripidiň öz eserleriniň girişinde onuň Hudaýa ýüzlenişine,onuň häsiýetli dil ussatlygyna öýkünmeklik ýaly täsirlerem sahna eserlerine siňdirip bilip-dirler. Nusgawy tragediýalaryň höküm süren döwürlerinde dramaturg Rasin Ýewripidiň döredijiligine özüçe ýüzlenipdir. Onuň sýužetlerinden peýdala-nyp ,,Fedra”, ,,Ifigeniýa”, ,,Andramaha” tragediýalaryny döredipdir. Şeýle ýagdaýlar Nemes dramaturglary Wolteriň, Gýotäniň, Şilleriň, Awstriýaly dramaturg Grilparseriň, soň dramaturgiýa gelip goşulan ýazyjylar Lekont de Liliň, Fransiýaly dramaturg Anuýyň, Belgiýaly dramaturg E.Werharnyň, Polşaly dramaturg S.Wyspýanskiniň döredijiliklerinde-de gaýtalanypdyr. Ýewripidiň sýužetlerinden peýdalanmak esasynda Wolter ,,Meropa” we ,,Oresta”, Gýote ,,Ifigeniýa Tawride-de” bir meňzeş atly tragediýa dö-redipdir. Şiller bolsa, Ýewripidiň ,,Finikiýanok” tragediýasynyň esasynda ,,Messin gelinligi” /Messinskaýa newesta/ dramasyny sahna çykarypdyr. ,,Messin gelinligindäki” Medeýaniň keşbiniň /obrazynyň/ özünde galdyran täsirinden çykyp bilmän Grilparser üç bölümden /trilogiýa/ ybarat tragedi-ýany tomaşaça ýetiripdir. Russiýada Ýewripidiň döredijiligine bolan gyzyklanma XVIII-XIX asyr-larda döräpdir. 1955-nji ýylda çap edilen Beýik rus tankytçysy W.G.Belin-skiniň saýlanan eserleriniň 7-nji tomunyň 154-267-sahypalarynda Ýewripi-diň dramaturgiýasyna uly baha berip: ,,Ol Gresiýanyň iň arzuwçyl şahyry, hyjuwly, çuňňyr pikirlenmäni başarýan filosofy”-diýip, belleýär. Ellin döw-rüni öwreniji beýik rus alymy I.F.Annenskiý Antik döwrüniň eserlerine ýüz-lenip olary rus diline terjime edende-de Ýewripidiň döredijiligine uly üns berýär. Ýewripidiň pýesalary dünýäniň örän köp teatrlarynyň sahnalarynda goýulýar. Onuň spektakllary öz watanynda /täze Grek dilinde/ açyk asma-nyň astynda, Grek teatrlardan galan harabalyklarda we Afinidaky ,,Iroda Attika”/Bu teatr Rimiň daş künjeklerindäki welaýatlaryň biriniň hökümda-ry tarapyndan salynan teatr. Bu teatr häzirem Gresiýada iň oňat teatr bol-mak bilen saklanyp galypdyr/ teatrynda,Gadymy Grek teratry Epidawrada, Milli Grek teatrynda yzygiderli oýnalypdyr.Onuň ,,Ippoliti”/1954-1955ýý./, ,,Gekubysi”/1955ý./, ,,Medeýasy”/1956ý./, ,,Ifigeniýa-Awlididesi” /1957-ý./, ,,Ifigeniýa Tawrididesi” /1958ý./, ,,Finikiýanogy” /1960ý./, ,,Gerakly” /1960ý./ýokarda atlaryny bellän teatrlarmyzda tomaşaçylara görkezilipdir. Ýewripidiň dramalary Italiýada-da Antik teatrlarynyň harabaçylyklary-nyň galyndylarynda açyk asmanyň astynda oýnalypdyr.Şol harabalyklarda onuň ,,Wakhankisi” /1922ý./, ,,Medeýasy” /1927ý./, ,,Ifigeniýa Awlidide-si”/1930ý./, ,,Ippoliti”/1936ý./, ,,Kiklopi”/1937ý./ görkezilipdir. Ýewripidiň tragediýalary Russiýanyň Aleksandrinskiý teatrynda /Hä-zirki A.S.Puşkin adyndaky Akademiki drama teatry/, ,,Ippoliti” /1902ý./, ,,Ifigeniýa Awlididesi”/,,Ifigeniýa-gurban bolmak”-1909ý./ ady bilen goý-lupdyr. Onuň ,,Medeýayi”/1961-1962ýý./ häzirki zaman sahna düzgünin-de /dilinde/ işlenilip, Abhaziýanyň Suhumi şäherinde, Moskwanyň W.W. Maýakowskiý adyndaky teatrynda,Gruziýanyň Marjanaşwili teatrynda to-maşaça hödürlenipdir. Ýewripidiň tragediýalarynyň sýužeti esasynda dünýäniň belli kompo-zitorlary E.Tak, G.F.Gendel ,,Admeta”, H.W.Glýuk ,,Alsestu”, ,,Ifigeniýa Awlide-de”, ,,Ifigeniýa Tawride-de”, L.Kerubini ,,Medeýa”operalaryny döretdiler. Bu operalar XVII-XVIII asyrlarda Ýewripidiň eserleriniň täzeden iş-lenmegi esasynda peýda boldy. Ýewripidiň eserleriniň 1-nji kitaby I.F.Annenskiniň terjimesinde 1906- njy ýylda Sankt-Peterburgda ,,Ýewripidiň teatry” ady bilen rus dilinde çap edilýär. 1916-1921-nji ýyllarda I.F.Annenskiniň terjimesinde, F.F.Zelenski-niň redaksiýasynda düşündirişi bilen ,,Ýewripidiň teatrynyň” 1-2- 3-nji ki-taplary Moskwada rus dilinde çykarylýar. 1946-njy ýylda S.I.Sobolewskiniň redaksiýasy bilen ,,Grek edebiýaty-nyň taryhy”- Moskwa-Leningrad, 1959-njy ýylda S.I.Radsigiň ,,Gadymy Grek edebiýatynyň taryhy”-Moskwa-2-nji goýberilişi, 1957-nji ýylda Tron-skiniň ,,Antik edebiýatynyň taryhy”-Leningrad-3-nji goýberilişi, 1878-nji ýylda D.F.Belýaýewiň ,,Ýewripidiň dünýä garaýşy hakynda”-Kazan, 1882-nji ýylyň ,,Halk magaryfy” žurnalynyň 9-10 sanlarynda, 1885-nji ýylyň ,,Halk magaryfy” žurnalynyň 9-10 sanlarynda D.F. Belýaýewiň ,,Afininiň içki we daşky syýasatynda jemgyýetçilik gatlaklaryň ýagdaýyna Ýewripidiň garaýyşlary”, ol žurnalyň 1900-ýylyň 7-8 sanlarynda I.F.Annenskiniň ,,Rus-siýa hakyndaky mifiň çeperçilik taýdan işlenilişi, Eshiliň, Sofoklyň, Ýewripi-diň tragediýalarynda öz enelerini öldürýänler” hakyndaky makalalar top-lumy, 1920-nji ýylda Ýaroslawl uniwersitetiniň ýygyndylar toplumynyň 1-nji goýberilişinde S.I.Radsigiň ,,Ýewripidiň poýeziýasynyň arzuwçyllyk mazmuny” makalasy, 1939-njy ýylda Leningradyň filologiýa ylymlary bo-ýunça ylmy ýazgylar toplmynyň 1-nji goýberilişinde I.I.Tolstoýyň ,,Ýewripi-diň ,,Ýelena” tragediýasy we Grek romanlarynyň başlangyjy” makalasy, 1957-nji ýylyň ,,SSSR-iň sungatyň taryhy institutynyň habarlary”atly ýygyn-dysynyň 10-11 sanlarynda W.W.Golownýanyň ,,Ýewripidiň ,,Umolýaýuşiý-si” /haýyş ediji, ýalbaryji/ baradaky makalasy çap edilipdir. Ýewripid dogrusyndaky ýazgylary näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Alymlaryň, ýazyjylaryň oňa gaýta-gaýta ýüzlenmekleri onuň öz döwrüniň Beýik dramaturgy bolmak bilen biziň häzirki zaman dramaturglarymyz üçin uly mekdep bolmagyny dowam etdirip gelýär. ■ ARISTOFANYŇ DRAMATURGIÝASY Aristofan. Takmynan b.e. öň 445-385ýý. ýaşap geçen gadymy Grek şahyry we komediýaçysy. Ol öz döwründe uly şöhratdan peýdalanypdyr. Oňa ,,Komediýanyň atasy” hem diýipdirler. Gadymy Grek dramaturgy Aristofan b.e. öňki V asyrda Afini komediýaçylarynyň ajaýyp wekilleriniň biri bolmak bilen özüniň jemgyýetçilik-syýasy komediýalarynda döwrüň ýagdaýyny batyrlyk bilen görkezmegi başarypdyr. Ol ýaşan döwründe 40-a golaý komediýa döredipdir. Şolardan biziň döwrümize gelip ýeteni 11-sany komediýa. Aristofanyň döredijiliginiň baş-langyç döwri b.e. öňki 427 ýylyna gabat gelýär. Onuň esasy döredijiligi 431-404 ýyllarda bolup geçen ,,Peloponnes” urşy döwrüne degişli. Şol dö-wür Afininiň uruş sebäpli pese gaçan wagty hasaplanýar.Aristofan uruş ze-rarly surnugan oba adamlaryna, olaryň lagar düşen ýagdaýlarynyň hiç ki-me gerek däldigine ýüregi awap yzly-yzyna komediýa döredýär. B.e. öňki 425 ýylda ,,Aharnýane”, ,,Parahatçylyk” /Mir/, ,,Lisistrata” komediýalryn-da diňe baýamak maksady bilen Gresiýa döwletiniň nähak gan döküşikli urşuň sebäpkäri bolandygyny berk tankyt astyna alyp, urşa bolan gahar-gazabyny öz komediýalarynyň üsti bilen ýüze çykaryp tomaşaça ýetirip-dir. Şol bir wagtyň özünde-de Afini demokratiýasynyň ykbaly dogrusynda gaýragoýulmasyz sowaly orta atypdyr. Onuň ,,Atlylar” /Wsadniki-b.e. öňki 424 ý./ komediýasynda deri eý-leýji guluň edýän owunjak ýaranjaňlygy bilen samsyklaç afinili Demosla-ryň /Demos-Grek dilinde halk diýmek/ arasynda özüne bolan oňat gara-ýyşlary döredip bilendigi görkezilýär. Ol bu komediýasynda hilegärligiň, açgözliligiň, nadaralygyň üsti bilen halkyň ynamyna girip, gul eýeçilikli jemgyýetiň baý hojaýynlaryny islän ugruna ugrukdyrmaga ukyplydygyny açyp bilipdir. Ol özüniň komediýalarynda täze ideýalaryň, akymlarynyň Afini demokratiýasynda emele gelen durgunlylyga öz täsirini ýetirip bil-ýändigini ussatlarça açyp görkezipdir. Onuň ,,Bulutlaryň arasynda”/ b.e. öňki 423ý./ komediýasynda Sok-ratyň täze filosofiýasynyň nusga alarlykdygyny öňe sürse, ,,Aýallar Fes-moforiý baýramçylygynda” /b.e. öňki 411ý./ komediýasynda dramaturg Ýewripidiň komediýalaryndaky ulanýan esasy çeperçilik garaýyşlarynyň, serişdeleriň üstünden gülýär. ,,Gurbagalar” /b.e. öňki 405ý./ komediýasynda Ýewropa edebiýatyn-da ilkinji bolup, estetiki sowallaryň üstünde durmak bilen dramaturglar Eshildir Ýewripidiň arasyndaky kim ilkinji ýerde bolmaly diýen jedeliň üs-tünde durup geçýär. Ol bu eserinde Afinide demokratyýanyň ösmegine Es-hile şahyr hökmünde uly derejäň degişlidigini belleýär. Komediýadaky wa-kalar ýer asty şalykda bolup geçýär. Aristofanyň ýaşan döwründe Afinide ,,Krestian demakratiýasynyň” /oba demokratiýasynyň/ ösmegi onuň eserlerinde belli bir derejede yz galdyrmagy tötänlik däldir. Onuň eserlerinde gabat gelýän hyýalbentlik, arzuwçyllyk /utopizm/ Attik ýer eýeçilligindäki ýaly örän ýokary derejede duýulýar. Aristofanyň ,,Baýlyk” /,,Plutos” b.e. öňki 388ý./, ,,Guşlar” /b.e. öňki 414 ý./ we ,,Zenanlar halk ýygnagynda” /b.e. öňki 392ý./ komedi-ýalarynda sosial hyýalbentliligiň, arzuwçyllygyň ýokary derejede boland-ygy, şonuňam Aristofanyň eserlerinde mese-mälim görnüp durandygyny şol döwür dogrusynda iş alyp baran alymlaryň ýazgylarynda duşmak bol-ýar. Aristofanyň komediýalarynda durmuşy ýagdaýyň gödek fars sahna-jyk-laryň üsti bilen gepleşik žanrynda berilmegi, horuň aýdymlary bilen ugrukdyrylmagy tomaşaçy üçin örän düşnükli bolupdyr. Gülkä gapla-nan sýužetler kähalatlarda hakykatdan hyýaly zatlara /fantastika/ ýa-da gülkä ýugrlan durmuşy gatnaşyklara öwrülip hem gidipdir.Umuman, Aris-tofanyň komediýalarynda çenden aşa ulaltmalar /gipebola/ köp ulanylyp-dyr. Ol öz döwrüniň gaýragoýulmasyz meselelerini halka ýetirip bilipdir. Aristofan özüniň ,,Atlylar”/Wsadniki/, ,,Bulutlaryň arasynda”/W oblakah/ eserlerinde sufistleriň filosofiýasynyň, şeýle hem aýgytly hereket edýän dikdüşdileriň üstünden düşmek bilen olaryň dogruçylygyna ynanmandyr. ,,Lisistrata”eserinde harby güýçleri ulanmaklygyň garşysyna çykyş etmek bilen, harby syýasaty hem oňlamandyr. Onuň "Aharnýa”, "Guşlar” atly hyýaly /fantastiki/ eserlerinde uly üs-tünlik gazanan komediýaçy hasaplanypdyr. Ol esasan komediýanyň üsti bilen adamzat gymmatlyklaryny açyp görkezmäge çalşypdyr. Öz döwrüniň ussady bolan Aristofanyň komediýalary täze döwrüň us-sady bolan edebiýatçylar tarapyndan täzeçe işlenipdir. Onuň "Şerçisi” (Sutýaga-dawaçy, dawa gözleýän adam, şerçi) komediýasy 1668-nji ýylda Rasin tarapyndan, 1780-nji ýylda "Guşlary” Weýmar teatry üçin I.W.Gýote tarapyndan, 1955-nji ýylda "Krestianin we polkowodesi”/Oba adamsy we serkerde/ Podstam teatry üçin L.Feýhtwanger tarapyndan täzeçe işle-nilip sahna çykarylyp. XVIII asyrdan başlap onuň eserlerine bolan üns güýçlenipdir. Aristofanyň döredijilik adatlary, onuň galdyran edebi myrasy jemgyýetçilik göre-şinde sungatyň özboluşly nusgasy bolup hyzmat edipdir. Dünýä belli ede- biýatçylar: Fildingiň, Geýnäniň, Rollanyň, Gogolyň, Belinskiniň, Çernişew-skiniň Aristofanyň komediýalarynda satiranyň üsti bilen paş etmeklik gaý-duwsuzlygyň nusga alarlyk mysaly bolandygyny, oňa adamzat jemgyýetçi-liginde uly derejäniň degişlidigini aýtmaklaram bahasyna ýetip bolmajak öwgüdigine kepil geçýär. Aristofanyň "Baýlyk”, "Lisistrata” komediýalaryna dürli ýurtlarda, dürli sahna ussatlarynyň gaýta-gaýta ýüzlenmeklerem onuň beýik dramaturg bolandygyndan habar berýär. Onuň bu eserleriniň režissýorlar M.Reýnhard tarapyndan 1908-nji ýylda Berlinde, W.I.Nemirowiç-Dançenko tarapyndan 1923-nji ýylda MHAT-yň sazly studiýasynda Moskwada, S.E.Radlow tarapyndan 1924-nji ýylda Petrogratda goýulmagam onuň komediýalarynyň ölmez-ýitmezliginiň şaýady bolmagynda galýar. Aristofanyň gadymy Grek dilinden terjime edilen iki tomda ybarat eserler ýygyndysynyň 1954-nji ýylda F.A.Petrowskiý bilen W.N.Ýarho tarapyndan Moskwada,1954-nji ýylda onuň komediýalarynyň Aristofan ady bilen W.N.Ýarho tarapyndan Moskwada, 1955-nji ýylda Aristofan ady bilen W.Golownýa taratyndan Moskwada, 1957-nji ýylda Aristofan ady bilen S.I.Sobolýewskiý tarapyndan Moskwada çap bolup çykmagam onuň eserlerine goýulýan sarpanyň ulydygyny aňladýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |