01:23 Añzakly tomus: Badalga -10: Bekdepe geçidi | |
BEKDEPE GEÇIDI
Taryhy proza
Goşunyň üç gün bäri goş basyp ýatan ýeri bolan Düzoluma otrýadyň general Lomakin tarapyndan baştutanlyk edilýän ştaby 1879-njy ýylyň 10-njy awgustynda geldi. Onuň bilen bilelikde goşun komandiri general Lazerewiň ýagdaýynyň ýaramalaşandygy, arkasyna çykan çybanyň barha köpelýändigi, şonuň üçinem, onuň entek Çekişlerdenem çykmandygy baradaky habaram gelip gowuşdy. Ýöne hökman otrýadyň yzyndan ýetjekdigi, haýsydyr bir bolgusyz ýara üçin dagam döwlet ähmiýetli şeýle uly tutumdan çetde galmaklygy özüne namys bilýändigi, şonuň üçinem, özüni bejermek üçin yzyna Bakuwa gitmekden kes-kelläm boýun gaçyrandygy, şolar ýaly maslahaty berýänlere bolsa berk käýýändigi baradaky buýsançly gürrüňlerem soldatlaryň arasyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. 11-nji awgustda gelen poçta bolsa, Lazerewiň hakykatdan-da paýtunly Çekişlerden çykyp Çata gelendigi, ýöne ýarasynyň welin Çekişlerdäkisindenem has köpelip, yzasynyň artandygy dogrusyndaky habary ýaýratdy. Bu täzelik basymrak Ahala ýetip, tekeler bilen tizden-tiz billeşmek höwesine melul bolşup barýan kazaklaryň köpüsini gam laýyna batyrdy. Bar işden ellerini sowatdy. Olar generalyň saglyk ýagdaýy zerarly ýörişiň möhleti yza tesdiriler öýdüp gorkdular. Hemmeden beter howlugyp gelýän Çurkin soňky günlerde has köp içilen sadyr hem zor sowuň döreden zerurlygy bilen baglylykda ara salym salman aýak ýoluna ylgap ýörşüne çadyryň kölegesinde içine limon kislotasy bolluk bilen atylan gyzgyn kürşgesini «üfläp» oturan Iwaşowyň gapdalyna çökdi-de: ─ Eşitdiňmi, Saşok – diýip, ýüzüni çytyp aglak çaga ýaly ynjyly seslendi. Içini tutdy. «Öwhüldäp» köýnegini çykardy. Ony ýere ýazyp, üstünde arkan düşdi. Dik asmana seretdi. – Gowy habar-a däl. Iwaşow gyzyl saçly ullakan kellesini aşak – ýokary atdy. ─ Eşitdim. Ýöne, nätjek... ─ Basymrak sagalarmykan-aý? ─ Bilmedim-dä. ─ Birden ýörişi bes edäýseler? ─ Görmeli-dä. ─ Aý, ýok, munça azap edilensoň bes ediläýesi ýok-la. ─ Menem şeýle pikir edýän. ─ Çaltrak bir Ahala ýetsedik. Iwaşow dodaklaryny çommaltdy-da, «Hürp» etdirip,, kürüşgesindäki çaýdan çalarak owurtlady. ─ Nämä, gyssanýaň, ýa ol ýerde saňa garaşyp oturan bamy? ─ Sen oýun etme Saşa, men dogrudanam howlukýan. ─ Näme üçin? ─ Ýeňiş gazanarys, olja alarys, ordenjagaz ýa medaljagaz beräýmeklerem ahmal. Iň bir esasy zadam rus ýaragynyň şanyna şöhrat goşarys. ─ Ýeňjegimize ynamyň bar-ow onda? «Wawwaly» ýerinden tutulan Çurkin içiniň agyrysynan unudyp «zöwwe» ýerinden galdy. ─ Sen henizem iki göwünli gezip ýörmiň-aý? Şolar ýaly gümürtik pikirleriňizi goýuň diýip men näçe gezek aýtdym size. Onsoňam ýeňiş bilen, döşüm ordenlije barsam Liza janam gowy garşylar. Meniň söýgülim gahryman, diýip, joralarynyň ýanynda öwüner. Gaýynlarymyň öňünde mertebäm artar. Hossarlarym bolsa daşymdan guwanarlar. Iwaşow ullakan mawy gözlerini, giň maňlaýynyň aşagyndan mölerdip Çurkine seretdi. ─ Liza diýýäniň aýalyňmy? ─ Ýok, söýgülim. Biz aşyk-magşuk. Muny bütin oba bilýä. Men bardygym toý tutubermeli. Hemme zat taýýar. ─ Sen-ä bagtly ekeniň. ─ Weý, elbetde! A seň nňme, söýgüliň ýokmy? ─ Ýok. ─ Näme üçin ýok? ─ Ýok-da! ─ Onda-ha meň saňa nebsim agyrýa, gardaş. Söýmeýän ýürekden ýürek bolmaz. Söýmeýän adamyň kalby edil duzlanan balykdan boşan çelek ýaly kaňkap ýatandyr. – Ol Iwaşowyň özüne uzadan çaýly kürüşgesini eline aldy. Owurtlady. Agzyny bişirdi. – Eý, wäk-eý... – diýip, kürüşgäni yzyna uzatdy. – Ýöne, gam çekme. Sen söýersiň. Sebäbi seniň ýüregiň gowy. – Çurkin dostunyň egnine kakdy. Güldi. – Belki Gökdepä baranymyzdan soň saňa bir owadan teke gyzyny alyp bereris. Hä? Toýuňam ýeňiş toýy bilen utgaşdyryp goýbäris. Ýanyň gelinli barsaň ejeňem begener. Iwaşow «hyňk» edip ýüzüni bir tarapa sowdy. ─ Ýa, senem-ä! Men ýekeje agyzam türkmençe bilemog-a. ─ Söýgüde dil hökman däl. O pursatda iki ýürek gürleşýä. Galyberse-de sen sanlyja günüň içinde dil öwrenersiň. Juda bolmasa oňa ors dilini öwredersiň. Dil meselesinde oglanlara görä gyzlar kän ezberdirler. ─ Ýok, gardaş, men öz Kubanymyzdan öýlenjek. Çurkin mekirje ýylgyryp dostuna tarap barmagyny çommaltdy. ─ Onda bardyr bir göz öňüne tutýanjaň. Iwaşow «myssa» ýylgyrdy. ─ Ine, muny bildiň? Çurkin sen-men ýok, çermegini tutup ümdüzine ylgady, esli wagtdan soňam ýüzüni ak tam edip dolanyp geldi. Ýöne, indi söýgi barada sözlemedi. Çekişlerden gaýtak wagty päki bilen düýbünden, gyrdalyp syrylan hurmaýy gyzyl saçy ýaňy bir dürterişip ugran ullakan kellesini bir tarapa gyşardyp, oturan ýerinde uka giden Iwaşowyň hyýaly bolsa bu wagt eýýäm Kuban sähralyklarynyň üstünde ganat ýaýyp ýördi. Ýap-ýaňyja, Çurkin bilen edilen gürrüňiň täsiri bilenim ýa gabat geldimi, şonda ol ilkinji gezek düýşünde özüniň gelejekki gelinligini gördi. Tanyşdyranam hiç kim däl-de, öz ejesi. Ol şo gyzyň elinden tutup getirdi-de, begençden ýaňa ýüzünden nur döküp durşuna: «Ine oglum. Şu seniň gelinligiň. Ady Maşa. Sen-ä Saşa, bu-da Maşa. Ýagny Saşa-Maşa. Ýa-da Maşa-Saşa. Edil, gündogar dessanlaryndaky ýaly. Sen sag-aman geldigiň men seni öýlendirjek. Baran ýeriňden gyz alyp gaýtmaga dagy milt edäýme...» diýdi. Dogry, şular ýalyrak bir «göleli gürrüň» öňräk, Iwaşow entek gulluga gaýtmanka ejesi ikisiniň arasynda hakykatdan-da bolupdy. Çünki, şol gyz bir gezek goňşy obada ýaşaýan daýzasy bilen Saşalara gezmäge gelipdi. Daýzasynyň aýtmagyna görä, Maşa olaryň goňşusy ekeni-de, iňňän gowy gatnaşýan ekenler. O-da öz ýanyndan Maşany Saşa üçin niýetläp ýörite alyp gaýdan ekeni. Belli bir zat diýmedigem bolsa, Saşanyň şol gezek Maşa imrigendigine söz ýok. myhmanlar gidenden soň, ejesiniň Saşany ýanynda oturdyp, ýaňky düýşündäki ýalyrak sözleri aýdanam dogry. Hut şonuň üçinem, Çurkin bilen edilen magşukly gürrüňlerden soň ol gyz onuň düýşüne giren bolmaly. Ýaňky Çurkine: «Ine, muny bilýäň» diýende-de, ol hut şol gyzy göz öňüne tutupdy. Aralarynda entek söýgi, durmuş gurmak barada gep-gürrüň bolmadygam bolsa, Iwaşow öz ýanyndan Maşany gelinligi hasap edýärdi. Gaýdyp barýança özüne garaşjakdygyna, ynanýardy. Şonuň üçin bolsa gerek, ýaňky düýşüň dowamynda ejesi sözüni tamamlara mähetdel, Maşanyň elinden tutdy-da, onuň bilen birlikde kem-kemden gaýra tesip başlady. Ep-esli ýere baranlaryndan soňam durup gollaryny bulaýladylar. Iwaşow bir seretse Maşanyň elinde ak ýaglyk bar. Gözlerinde-de, ýaş. Aýralyga dözenokmy, nämemi, Iwaşowa bakyp delmurýar, dodajyklaryny titredip bir zatlar diýjek bolýar... Muňa Saşanyňam göwni bozulýar we ulyili bilen: «Maşa-a-a-a! Ne pla-aç!..» Ýa wernu-u-u-us!.. Nepremenno wernu-us!..» diýip gygyrýar. Şeýdip gygyryp durşyna ol tisginip oýandy. «Çto?.. Maşa?.. Mama?..» diýip, daş-töweregine garanjaklady. Birdenem, hasanaklap ýerinden turdy. Negözel düýşden oýanany üçin gynandy. Erbet suwsandygyny duýubam, kürüşgesini eline alyp gaýnak suwuň ugruna çykdy. ... Öýlän sagat üçlerde ýola düşmek barada buýruk berildi. Ýöriş goýbolsun ediler öýdüp garajanlary galmadyk soldatlaryň barysy birden: «Ura-a!..» diýşip gygyryşdylar. Çurkiniň sesi hemmeleriňkidenem çasly eşidildi. Düzolumdan çykyp ugranlaryndan soň köp wagt geçmänkä, atly kolonna Sumbaryň çep kenaryndaky Bekdene belentligine çykdy. Ho-ol, aşakda göm-gök bolup görünýän giň jülge, towlanyp ýatan derýa, telim gün bňri tot-tozandan ýaňa gözüni açybilmän gelýän soldatlaryň göwünlerini göterdi. Ýöne, çat maňlaýlaryndaky magallaklap duran gara dagyň denirgazyk tarapyndaky eňňitden aşak inýän insizje, egrem-bugram ýola gözleri düşenden soň welin, olary ýene-de howsala basdy. Çünki, goşun şu wagtky barýan belentliginden aýlanyp-öwrülip, şol hatarly ýol arkaly aşak düşmelidi. Awangardyň düzümine girýän iki batolýon tarapyndan arly tomus gurlan şol ýoluň bir tarapy-ha kert gaýa, beýleki tarapam düýbüne zordan göz ýetýän uçut. Üstesine, ýokary galdyklarysaýy güýjerläp gidip oturan ýelem indi ýetjek derejesine ýetdi-de, syraýan çäge owuntyklaryndan ýaňa gözüňi açar ýaly bolmady. Birek-biregi-hä däl, aram-aram hatda öz münüp barýan atyň gulagynam görüp bolanok. Bar umyt aşagyňdaky atyň hüşgärligine bagly. Uýany goýberip, Hudaýa bil baglap oturybermekden başga alaç ýok. Soňabaka soldatlar eýerden düşüp, atlaryny idip ugradylar. Her bir ädimiňde basjak ýeriňi aýagyň bilen ykjam barlap basmasaň, bir düwürjik daşa büdräp ýa aýagyň taýyp, atyň zadyň bilen uçutdan kelemenläp gaýdaýmagyň gaty ahmal. Atyny idekläp, seresaplylyk bilen öňe hereket edip barýan Çurkin dem almasynyň kynlaşýandygyny, ysgyndan gaçyp barýandygyny duýdy. Saklandy. Uludan demini almak üçin agzyny açandanam, bokurdagy çäge gatyşykly tozandan doldy. Üsgürdi. Ardynjyrady. Birdenem ýüregi bulandy-da, ögäp başlady. Oňa çenlem yzynda itnişik, dyknyşyk emele geldi. Daş-töweregi goňrumtyl garaňkylygyň gaplap almagy bilen, gözýetim halys golaýa geldi. Öňüňi-yzyňy, sagyňy-soluňy saýgarar ýaly bolmady. Kolonnanyň ähli esgerleri, hatda mal-garalara çenli edil komanda berlen ýaly duran-duran ýerlerinde doňup galdylar. Käte bir köwsarlap urýan ýeliň zarbyna yraň atýalar diýäýmeseň, gymyldy-hereket ýok. Kim nirede, näme nirede belli däl. Her kimiň bar gaýgysy öz jany. Hudaýy çagyryp başlaryny büreşip durlar. Çurkiniň göz öňünde şol wagt şo-ol, Gidrolumdaky ýeke mazar salgym atyp gitdi. Soň Çatdaky uly mazarystançylyk... Birdenem ony gorky basdy. Yzynda duranlary görmek üçin öwrülip ýeň astyndan garanda gözüne tümlikden başga za görünmedi. Garaňkylygyň sabaşmagy bilen, kolonna ýene-de ýagyş gurçugy ýaly sozulyp-büzülip, ýuwşjadan öňe tarap herekete başlady. Şondan soň otrýad her gezek ýaňky ýaly howa garaňkyran wagt-a durdy, açylyşandan soňam ýörişi dowam etdirdi. Ýel biraz pesendeläp, gözýetim uzalyberse-de soldatlara ýakyp baranok. Her kim aşak seretmäne gorkýar. Her niçik hem bolsa Çurkin bir gezek ýüregini bire baglap, gol asyndan aşak seretdi. Seredişi ýalam gözi uçudyň düýbünde porsaşyp ýatan düýe maslyklaryna düşdi. Ol janawarlar şu ýol awangard tarapyndan bejerilýän wagty gaýadan uçan bolmaly. Awangardda diňe düýe pidaçylygy bolman, adam ýitgileriniňem bolandygy barada Düzolumda bolnan üç günüň dowamynda kän gürrüň edilipdi. Şonuň üçinem, Bekdepeden geçilende juda hüşgär bolmaklyk soldatlaryň hemmesine ýekän-ýekän tabşyrylypdy. Şeýle-de bolsa, hatarly ýol bu gezegem hakyny alman goýbermedi. Bir soldatyň idip barýan düýesi aýgy tyýpdy-da, patynaklap ilk-ä bir özüni gaýa urdy, soňam güpür-tapyr bir gapdala ýanyn ýykyldy, turjak bolubam süýşenekledi-süýşenekledi-de, uçuda tarap agyp gaýtdy. Ýüpüni elinden sypdyryp ýetişmedik bor-a çemeli, düýäniň aýylganç hem naýynjar sesiniň arasy bilen ony idip gelýän soldatyň: «Oý ma-moçka-a-a...» diýen edrenç sesem ýaňlandy. Ol ses esil alkymyndan çykan hem bolsa, Çurkin onuň özüniňem, düýesiniňem nädip ýykylanynam, näme-nämeleriň bolup geçeninem görmän galdy. Oňa çenli soldatyň: «Deržite-e... Pomagite-e...» diýýän sözlerem aşaky dereden köwsarlap gelen ýeliň «hüwwüldisine» goşulyp, ýene-de güw aşaklygyna tarap gitdi. Göz açyp-ýumasy salym geçendenem uçudyň düýbünde «gürp-tarp» boldy. Şol «güpürdini» getiren şemal bilen düýe janaweriň: «Bö-ö» etdiren gysgajyk, belki iň soňky güňleç sesem geldi. Kolonna durdy. Çurkinem durdy. Maý tapyp aşak seretdi. Ýylçyr daşa urlup iç goşy çogan düýe aýaklaryny kakyp iki ýana urnup ýatyr. Soldatlardan haraý isleýän ýaly, arasynda boýnuny uzadyp dik ýokary seredýär. Soňam olardan hiç-hili goldawyň bolmajakdygyna gözi ýeten ýaly boýnuny «şalkyldadyp» ýere goýberýär. Uçudyň erňeginden bäş-on metr aşakdaky kertiň üstünde bolsa, uçan düýäniň eýesi sessiz-üýnsiz çäşerilip ýatyr. Ol edil şol kerte germesatan edilip ýelmenen ýaly. Gymyldy hereket ýok. Egerde, duman syrylan wagty gözi ýitiräk soldatlaryň biri ysgynsyzragam bolsa ýyltyldaşýan gözlerinden çen tutup: «Oglanlar, ol diri ýaly-la...» diýip, gygyrmadyk bolsady, onda hiç kim onuň içinde jany bardyr öýtmezdi. Gygyran soldatyň sözlerini «germesatanyň» özem eşiden borly, diridigini subut etmekçi bolýan ýaly, bir elini çalaja gymyldatdy. Ony hemmeler gördüler. Şondan soň onuň diridigine güman galmady. Ýeliň ýuwaşap tot-tozanyň az wagtlyk hem bolsa sowulan wagty birini ýüp bilen salladylar-da, ony çekip çykardylar. Öň sessiz-üýnsiz ýatan biçäre ýüp çekilip ugrandan yzyny üzmän, ulyili bilen gygyrmaga başlady. «Beýdeniňizden-ä goýberiň meni dikbaşak! Öldürýäňiz! Süňklerim owum-döwüm boldy-y. Etlerimi mäjum etdiňiz...» diýip, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. Soň görüp otursalar, onuň sag uýlugy döwlen ekeni. Çep omurdany bolsa çigniniň hamyny selterip daşyna çykypdyr-da, bir garyş ýaly ýokarda somalyp dur. Kerte öňürti baryp şol degen borly, bir ýan betem zer-zaýa. Şol bolşuna-da ol ýokary çykarylyşy ýaly: «Wah, Ahala ýetip bilmän ölmeli boldum-da... Emgejigim köýdü-dä...» diýip, «hoňňuldamana» başlady. Ony gyssagly suratda öňe ugratdylar. Kolonnanyň özem ýaňy bir ugrajak bolup durka, ýene-de ýel güýçlenip, töwerek çal dumana duwlandy-da, bir soldat hemmeleriň gözüniň öňünde, aty zady bilen bilelikde kelemenläp uçutdan aşak gaýtdy. Ol ýaňy bir atyny idip ugrapdy, ýöne, öňürti özi ýykylyp, atam yzyndan gaýtdyy ýa öňürti aty ýykylyp, özem uýana çolaşyp bile gitdimi, ony bilýän ýok. hiç kim hiç zat görmedem, eşitmedem. Ýöne, ol öňki soldat ýaly bärkiräk bir kerte düşüp galaýmadam-da, güw aşak gaýtdy. Öňürti aty, soň özi, «gürp-tarp» etdirişip uçudyň düýbüne düşdüler. At janawer janhowluna o ýan, bu ýan urundy, ýöne, soldatdan welin, sesem çykmady, gymyldam bolmady. Şonuň üçin soldatlar ony bu wagt çykarjagam bolmadylar. Uçutdan geçip, Tersakanda ornaşanlaryndan soň, ýeliň-tozanyň ýatan wagty gelip arkaýynlykda alyp gitmekligi karar etdiler. «Aý, howwa-la, indi o neressäň howlukýan ýerem ýok-la» diýip, kimdir biri köpçüligiň gelen bu kararyny bilniksizräk höwes bilen tassyklady. Şeýle hem etdiler. Şol günüň ertesi gelip, iki soldaty ýüp bilen aşak salladylar we o bendäni itiň görmünde çekip çykardylar. Görgüliniň bedeni sowap saraňgaty bolupdyr. Eşikleri gan bilen gatapdyr. Dogrusyny aýtsaň oňa seretmegem gorkunç. Has beteri açyk gözlerem petreýişip iki gözüň içine seredip dur. Edil, düşen gününi senden görýän ýaly. Soldatlaryň bir-ä ony ellemäne-de milt edip bilmedi. Asyl golaýyna-da gelibilmän ep-esli aralykda köwejekledi durdy. Hiç kim ony zor bilen bu işe iteklejegem bolmady. Her niçik hem bolsa merhumy Tersakana getirip jaýladylar. Şeýlelikde, Ahalteke ýörüşiniň ýolunda ýene bir ýalňyz mazar emele geldi. Şonuň öň ýany uçutdan gaýdyp ýaralanan soldaty bolsa yzyna, «Gyzyl hajyň» Çatdsaky keselhanasyna ugratdylar. Ol şo gidip barşyna-da: ─ Oglanlar! Maňa deregem tekeleriň bäş-üç sanysyny kaklaweriň – diýip, şol bir ahmyrly sözlerini gaýtalady gitdi oturdy. Bekdepeden geçilende üstüniň goş-golamlary bilen gaýadan uçan düýeleriň sany ona golaýlady. Howply-hatarly Bekdepe geçidinden soň, asuda, Tersakan jülgesi soldatlaryň gözüne jennetiň bir künjegi ýaly bolup göründi. Her gezekki dynç alyşlykdan soň, ýörişe ugralanda öňürti pyýada goşun gidýärdi. Geçilmeli ýoly salkyn bilen geçmek üçin, ol gije sagat üçlerde, hatda ikilerde ýola düşýärdi. Atly goşun bolsa göre-gündizräk ýöreýärdiler. Çünki, atlary gije sürmek ukudan goýmak olara ýaramaz täsir edýär. Ýörişe bolan ukyplaryny azaldýar. Bekdepedenem öňürti pyýada goşun geçipdi. Olar Tersakanda atly goşuna garaşyp ýatyrdylar. Çurkiniň dosty Iwaşowam şolaryň arasyndady. Olaryň daňdanrak, entek Bekdepede ýel turmanka geçen bolmaklaram, dragunlaryň gören görgülerini görmedik, çeken pidalaryny çekmedik bolmaklaram mümkin. Ýöne gep onda däl. Esasy zat Çurkin öz gören zatlaryny oňa hökman aýdaýmaly. Derdini paýlaşaýmaly. Şonuň üçinem, ol atyny baglap, çadyryny dikenden soň, Iwaşowy gözläp tapdy we geçitden aşylan wagty bolan betbagtçylykly wakalary uly howsala bilen, birin-birin gürrüň berdi. Sözüniň soňunda bolsa: ─ Tekeleriň garşylaýyşlaryny nähili gördüň... – diýip, dostunyň ýüzüne çiňerildi. ─ Mundan gowy garşylar ýaly tekeler bizi çörege çagyranoklar ahyry. Dostunyň jogabyndan göwni hoş bolmadyk Çurkin kineli gürledi. ─ Al-aýt, saňa-da lak atar ýaly däl-aý... Edil tekeler bilen bagryň badaşan ýaly. Olaryň bu gürrüňlerine kem-kemden beýleki soldatlaram goşuldylar. Gürrüňçilik tä, gijäniň bir wagtyna çenli dowam etdi. Şonda soldatlaryň köpüsiniň eýýäm bu ýörişden basylyp ugrandyklary, ýöwselleşýändikleri bildirdi. Çünki, olar indi ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup başlapdylar. Onda-da entek barmaly ýerlerine baryp ýetmänkäler. General Lazarewiň aradan çykandygy baradaky habary hem soldatlar gökleň türkmenleriniň mekany bolan şol sapaly Tersakan jülgesinde, 15-nji awgust güni eşidipdiler. Ýaýran «myş-myşlara» görä, generel saglyk ýagdaýynyň juda erbetleşendigine garamazdan, Beýik Imperatora wepalydygyny bildirmek üçin, Çatdan bärigem ýoluny dowam etdirmekçi bolupdyr. Ýöne, aýyň 14-ine geçilýän gije birdenkä haly ýaramazlaşypdyr we daňdan sagat bäşlerde jan beripdir. Bu habara general bilen Türkiýä garşy söweşlere gatnaşan we özlerini onuň egindeşi hasap edýän soldatlar we ofiserler hasam beter gynandylar. Iwaşow bolsa şolar ýaly yzly-yzyna bolup duran şowsuzlyklary, dindar adam hökmünde, şu ýörişi Hudaýyň halamaýan bolaýmagynyň ahmaldygyna ýordy. Generalyň ýogalandygy baradaky ajy habar bilen bilelikde harby derejesiniň beýlekilere görä beýikdigine görä, goşuna mundan buýana serkerdelik etmekligi general Lomakiniň öz üstüne alandygy baradaky habar hem gelip gowuşdy. Soldatlaryň käbirleriniň, hususan-da Çurkiniň pikir edişi ýaly, baş serkerdäniň ölümi Ahalteke ýörişini bökdäp bilmedi. 17-nji awgust güni, täze serkerde general Lomakin Gökdepä tarap ýoly dowam etdirmek barada buýruk çykardy. Bu habary hem soldatlar uly şowhun we şatlyk bilen kabul etdiler. Ahalteke urşunyň gutulgysyzdygy indi hemmelere aýdyň boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |