15:18 "Üýtgedip gurmak" döwrüniñ kyssasy | |
"ÜÝTGEDIP GURMAK" DÖWRÜNIÑ KYSSASY
Publisistika
...Men syýasatçy däl. Ykdysadyýetçem däl. Şonuň üçinem, beýan edilýän döwrümiñ nogsanlyklarynam, oňaýly taraplarynam hut öz başymdan geçiren wakalarymyň, şol ýyllara bolan hususy garaýyşlarymyň esasynda ýazdym. Çünki, men şol döwrüň içinde ýaşadym. Horluklary gördüm. Ejirini çekdim. Egerde, şol döwürlerde ýüz beren wakalar we şahsyýetler babatda ýalňyşlyk goýberen bolsam, ol meniň öz hatamdyr. Elbetde, ol döwri her kim özüçe kabul edendir, wakalary özüçe başdan geçirendir, özüçe-de garşylandyr, özüçe baha kesendir... Şonuň üçinem, şol adamlaryň ol ýyllara maňa görä düýpgöter başgaça seredýän bolmaklary-da mümkindir we bu tebigy ýagdaýdyr. * * * Döwür ýene-de üýtgär, bu günki görüp ýören zatlarymyzam has gowluga tarap ugur alar, ýöne bir zat welin üýtgewsizligine galar, o-da üýtgedip gurmak... döwrüniň ilkinji ýyllarynda, türkmen halkynyň, esasanam, döredijilik işgärleriniň öz baýarlary tarapyndan sowet zamanasyndakysyndanam has beter gysylandygy, kemsidilendigi, ezilendigi, ýurduň medeniýet, bilim, ylym, medisina, sport taýdan göz-gülban derejede pese düşendigi, döredijilere oýnawaç hökmünde garalandygy baradaky hakykatdyr. • Duýdansyz öwsen şemal Aklymyzy bilip ugran günümizden beýläk bizi kommunistik ruhda terbiýeläp başladylar. «Agaň ors halky, ataň Lenin dilleriň seresi bolsa rus dilidir» diýdiler. Hudaýsyzlygy öwretdiler, dini-taglymatlarymyzdan ýüz döndertdiler, gurbanlyk üçin gurlan hiňňildiklerimizi ýykdylar, ataran gazanlarymyzy dökdüler. Hudaý barada aýdym aýtdyň diýşip, agalarymyzy, atalarymyzy, zyndanlara dykdylar, Sibire sürgün etdiler. Biz bolsa şonda-da uly hyruç bilen: Gülzara öwrülen türkmen ilinden, Kommunistik partiýa sag bolsun aýdýas, Bagt guşy parlaýan halktyň dilinden, Kommunistik partiýa sag bolsun aýdýas, – diýen ýaly aýdymlar aýtdyk. Çünki, biz süwümsiz şol zatlara ynanýardyk. Çyndyr öýtýärdik. Öwredişleri ýaly ors halkyny beýik, özümizi yzagalak, nadan saýdyk. Otlap ýören goýundan enaýy däldigimizi, ors halky gelip dadymyza ýetişmedik bolsa özümiziň halk hökmünde ýitip gitjek ekendigimizi öz-özümiz ykrar edýärdik. Çünki, biz ol wagt bir wagtyň özünde o çetinde gündiz, bu çetinde gije bolup duran SSSR ýaly giň, kuwwatly hem uly döwletiň düzüminde durdyk. Ol döwlet ak patyşany agdaryp, ýurtda beýik rewolýusiýany amala aşyran Orsyýediň ýolbaşçylygynda döredilen, on bäş sany respublikanyň synmaz soýuzyndan ybarat, daş-töweregi demir galaly döwletdi. Onuň aýdanlaryna-da, görkezýän ýollaryna-da, göreldelerine-de ynanmazlyk ýa «ýok» diýmek mümkin däldi. Asla oňa hakymyzam ýokdy. Çünki, öz ideýalaryna ynanmazçylyk edýänleri, garşy gidýänleri ýokarda ýaňzydyp geçişimiz ýaly, onuň özi üçin has ähtibarlyrak ýerlere iberäýmesem bardy. Ol ýerlerden gaýdyp gelmek welin aňsat däldi. Ana, şolar ýaly hökmürowan, güýçli, ýer ýüzüne howp salan faşizm ýaly beladan külli adamzady halas eden ägirt uly imperiýa bir demde dargar ötägider diýseler şondan bir ýyl öňem hiç kim ynanmazdy. Emma bu hakykatdanam şeýle boldy. Ýurda tas ýigrimi ýyla golaý baştutanlyk eden L.I.Brežnew garrap, halys tapdan düşdi we 1982-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýogaldy. Şondan soň Syýasy Býuronyň Çernenko, Andropow ýaly Brežnewdenem bäşbeter lagar düşen agzalarynyň yzly-yzyna başlyklyga saýlanyp, yzly-yzyna-da aradan çykmaklary döwlet başyna birneme ýaşrak adamy saýlamaklygyň zerurlygyny äşgär etdi. Bu bije SSKP-niň Syýasy Býurosynyň şol wagtky iň ýaş agzasy, Syýasatçylar tarapyndan KGB-äniň başlygy Andropowyň «komandasyna» degişli hasap edilýän M.S.Gorbaçýowyň paýyna düşdi. Ol turuwbaşdan özüni özünden öňkülere düýbünden meňzemeýän, hakykatdan-da, Andropowyň paç edijilikli ýoluny dowam etdiriji hakyky reformator hökmünde görkezdi. Ýurda uly özgertmeler döretdi. Aç-açanlyga ýol açdy, üýtgedip gurmak syýasatyny yglan etdi. Halka demokratiýa berdi. Şeýlelikde, jyn küýzeden çykdy. Göle ýüpden boşandy. Ençeme wagt bäri kapasada ýatan ýabany gaplaň gözenegi böwüsdi. Ýöne geň ýeri olaryň barysy birigip özlerini erkinlige goýberen adamyň üstüne süýnüp başladylar. Onuň beren söz azatlygyny her kim özüçe peýdalanýardy. Her kim ondan öz bähbidini arady. Ozallar assyrynlyk bilen, dildüwüşikler arkaly hereket edýän garşydaş toparlar indi ýumruklaryny düwüşip orta çykdylar we biri-birleriniň üstünden aç-açan gum sowruşyp başladylar. Şol özara dawalaryň, şahsy garpyşmalaryň soňy, Sowet döwletine ýetmiş ýyllap ýolbaşçylyk edip gelen Kompartiýanyň üstüne hüjüm etmeklige çenli baryp ýetdi. Bu zatlaryň has geň tarapy şo çaka çenli şol partiýanyň başynda duran, ony halkdan gabanyp gelen adamlaryň hut özleri şondan ýaňa «ýanan» adamlar hökmünde çykyş edýärdiler. Gazanyň başynda oturyp, susagyň sapyny elinde saklan, şol döwrüň hözürini hemmelerden köp gören adamlaram öňki döwürde özleriniň kimdir biri tarapyndan ýekirilendiklerini aýdyp aglaşýardylar. Netijede, dokuz börek iýeniň perýady ýekeje böregem datmadygyňkydan-da has güýçli çykýardy. Üstesine-de, şolary «ezeniň», «horlanyň» kimdigi tä şol döwrüň soňuna çenli bilinmän galdy. Ol häzirem bilnenok. Bilinmezem. Çünki, ol adamlary «horlanlar» şol «horlandyk» diýýän adamlaryň hut özleridi. Olar özleri-de bilmezden bir-ä özlerini goraýardylar, birem öz-özleriniň üstüne hüjüm edýärdiler. Öň biziň aňymyzdan Hudaýy aýryp, içini kommunistik ideýlardan dolduran adamlar indi özleriniň şol pikirlerini ret edýärdiler. «Şunça ýyllap kim-kimleriň yzyna eýerip, ýalňyş ýoldan ýörediňiz, diýip, gaýtam biziň özümizi günäkärlerýärdiler. Entek ylmy taýdan doly işlenip düzülmedik, many-mazmuny gutarnykly kesgirlenmedik, tassyklanmadyk ykdysady meýilnamalary, maddy özgertmeleri, ruhy öwrülişikleri boýnymyza atjak bolýardylar. Öň şolaryň hyzmatlaryny edendiklerine, ideýalaryna gulluk edendiklerine garamazdan öňki döwrüň ähli betbagtçylyklaryny Lenin, Stalin ýaly birwagtlar ölüp giden adamlaryň üstüne ýükleýärdiler. Şol zatlara özleriniň hem dahyllydyklaryny, şu çaka çenli özleriniň şol adamlaryň ýörelgeleri bilen ýöräp, kölegelerini goraglap gelendiklerini, şol zatlara özlerindenem belet adamlardan bukjak bolýardylar. Dogry, halk Lenindir-Staliniň özlerindenem, olaryň gurup beren sistemalaryndanam bizar bolupdy, täze bir tertip-düzgünli, akylly-başly dolandyrylýan döwleti isleýändiklerem çyndy, ýöne gygyryşýan adamlaryň birem ýykjak bolýan döwletiniň ýerine oňa görä has oňyn syýasatly, kämil ykdysadyýetli döwletiň taslamasyny düzüp berip bilmeýärdi. Tankytlanýan köne adamlaryň, ýumrulýan hökümetiň, kommunistik partiýanyň terbiýesini alan, şolaryň ady bilen özüni oda, suwa uran, kükregini oka geren ýaşuly nesil, hususan-da oba adamlary bolsa serimsal halda töwereklerine garanjaklaşýardylar, haýsy tarapa ýörejeklerini, kimiň yzyna düşjeklerini bilmän aljyraşýardylar. Ömürboýy gursak jübülerinde göterip gelen gyzyl biletlerini nirede bukjaklaryny bilmän kösenýärdiler, goranýardylar, öz ideýalaryna wepaly bolup galmak üçin, ähli goh-galmagallardan çetde durmaga, täzeçillere goşulmazlyga, «kom-dan, «gem-e» öwrülmezlige çalyşýardylar. Bu olaryň ömürboýy görkezip gelen ençeme gahrymançylyklarynyň iň soňkusydy. Hüjümçiler welin ýeke bir Kompartiýany tankytlamak, ony aradan aýyrmak, köp partiýalylyk sistemasyny girizmek bilenem çäklenmän, döwletiň özüni ýykmaklygyňam aladasyny edip ugradylar. Ol göreşiň başyny Baltika ýakasynda ýerleşýän respublikalaryň ýolbaşçylary başladylar. Olar ilkinjileriň biri bolup öz kompartiýalaryny SSKP-den aýrybaşgaladylar. Ondan soň tutuş döwletiň düzümini, düzgünini üýtgetmekligiň, täzelemekligiň gürrüňini edip ugradylar. Olaryň SSSR Ýokary Sowetiniň mejlislerinde öňe sürýän şolar ýaly pikirleri Merkezi Aziýanyň Halk wekillleri tarapyndan ýiti garşylyklara sezewar edilýärdi. Hatda Türkmenistan ýaly SSSR-iň iň yza galak respublikasy hasap edilýän döwletlerem öz ýerli metbugatlarynda, radiolarynda, telewideniýelerinde olara garşy çykyşlar gurnaýardylar. Öz obasyndan başga ýerde tanalmaýan adamlar mawy ekrana çykyp, dünýä belli adamlaryň garşysyna gaýybana piçjiň atýardylar, akyllysyraşýardylar, hatda otuzynjy ýyllaryň tutha-tutluklaryna dolanmaklyga çenli çagyrýan pursatlaram bolýardy. Emma, olaryň ol çykyşlary edil ýüňe suw sepelän ýaly agyzlarynyň töwereginde ýitip, ýakalaryna siňip gidýärdi. Moska ýüzýärdi, äpet «pil» bolsa onuň «jöw-jöwüne» gulagam asman, öz ýoly bilen, äwmän gidip barýardy. • Ýerli demokratiýa ...Öwrülişik döwrüniň islendiginde bolşy ýaly, üýtgedip gurmak döwrem gansyz, çaknyşyksyz bolmady. Içi iriňläp duran ýaralar dömýärdi, ýarylýardy, nijembir ýyllardan bäri üsti basyrylgy ýatan hyllallaly meseleleri ýüze çykarýardy. Azerbaýjanda, Ermenistanda, Täjigistanda özbek-gyrgyz serhetlerinde ýüze çykan käbir ganly çaknyşyklar biziň ozaldanam ýaýaplap ýören ýerli ýolbaşçylarymyzyň demokratiýa bolan gorkularyny hasam artdyrýardy, gorkuzýardy. Şonuň üçinem olar sähelçe maý tapdyklary halky demokratiýadan daşlaşdyrjak bolýardylar. Ony tire-taýpa dawalarynyň üstünden eltäýmeginiňem ahmaldygyny, Türkmen halkynyň demokratiýa taýýar däldigini diňe özüne mahsus başga bir ýol bilen gitmese, açyk demokratiýanyň türkmen däl milletleri ýurtdan çykarmak meselesiniň orta geläýmeginiň hem mümkindigini aýdyp merkezi ýolbaşçylaryň öňünde ýaýaplaşýardylar. Ýurdy özleriçe dolandyrmaklyga idin soraýardylar. Öz howsalalarynyň ýerliksiz däldigini subut etmek üçin hatda käbir bidüzgünçilikleri guramaçylyklaşdyrmakdan hem gaýtmaýardylar. Mysal üçin, 198... ýylyň maý aýynyň başynda ýaş ýetginjekleriň ýerli ermenilere garşy topalaň turuzjakdyklary baradaky habar halk içine birnäçe gün öňünden ýaýrady. Ýetginjekleriň birbada, göz üçin tutulyp, soň uçdantutma goýberilendigi hem bu iş gurnalandyr diýip pikir etmäge esas döredýär. Demokratiýa döwri dörän topalaňlaryň öňi bilen Türkmenistanda dörändigini merkeziň özünde birnäçe gezek getirilendigini hem nazara alsak, onda şol işiň hakykatdan-da gurnalandygyna hiç hili şek-şübhe galmaýar. Şol işden häkimiýetiň gazanan utugy şeýle: «Görýäňizmi, demokratiýa ýol açdygymyz biziň halkymyz Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milletleriň, şol sanda orslaryňam başyna ine, şular ýaly oýunlar salarlar». Çekeleşikler bolsa barha güýçlenýärdi. Soýuzyň düzümindäki respublikalaryň hersi bir tarapa çekýärdi. Gorbaçýowyň respublikalara ykdysady, medeni, ylmy özbaşdaklyk berip, syýasy bütewiligi saklap galmaklygy göz öňüne tutýan «täzelendirilen soýuz» syýasaty bolsa hiç bir jähtden ýol almaýardy. Kompartiýanyň, Soýuzyň üstüne edilýän hüjümleriň aňyrsynda hem edil bolşewikleriňki ýaly häkimlik, kürsi dawalarynyň ýatandygyny entek köpler aňmaýardy. Sarizmiň ýykylyp, «proletar diktaturasynyň» emele gelmegi bilen boljak ýagt y durmuşa garaşyşy ýaly bu gezek hem halk kompartiýa diktaturasynyň ýykylmagy bilen gowulyga tarap uly öwrülişik bolar, ajap eýýama geler öýdýärdi. «Aý, garaz, her niçik hem bolsa şondan-a gowy bolar-da...» – diýen pikire uýýardy. Mahlasy, birtopar aç gurduň öňüne oklanan bir bölek et ýaly çar tarapa çekelenýän demokratiýanyňam, ony halka beren adamyňam haly teňdi. Ýöne, ol her hal yza dönmeýärdi, ony yzyna aljak bolup tutha-tutluklara ýüz urmaýardy, garşydaşlaryny yzarlamaýardy, ejizlemeýärdi, özüni iňňän mert hem dogumly alyp barýardy. • Täze öwüsginiň bady bilen B.Ýelsiniň baştutanlygyndaky uly bir topar hut öz beren demokaratiýasyny ulanmak arkaly M.S.Gorbaçýowy iş başyndan çetleşdirmekligiň, ýollaryny agtarýan bolsalar, SSSR Goranmak ministri Ýazowyň, Prezidentiň orunbasary Ýanaýewiň, Premir ministr Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky başga bir topar ony soýuzyň öňki imisalalygyna tarap dolanmaklyga dyrjaşýardylar. Ýelsiniň tarapdarlary köpdi. Çünki, halky ýetmiş ýyllap imansyzlyga ündän hususy eýeçiligi ýok eden, Staliniň ýolbaşçylygynda öz halkynyň garşysyna repressiw çäreler geçiren kompartiýa hakykatdan-da gözden düşüpdi. Özüni ýigrendiripdi, arabasy «jygyldap» ugrapdy. Täze öwüsginiň bady bilen, Gorbaçýowyň syýasatyna gldaw hökmünde açylýan täze jemgyýetleriň halk hereketleriniň partiýalaryň täsiri bolsa ýurt boýunça gün-günden artýardy we kem-kemden uly güýje öwrülip barýardy. Türkmenistanda welin täze döwrüň talaplaryna gabat gelýän islendik jemgyýet, gurama, hatda ýygnanşyklardyr, üýşmeleňler hem şol döwür ýarym gadagançylyk görnüşine eýe boldy. Merkeziň ýörelgesine boýun bolmalydyklaryna görä, Türkmenistanda täze jemgyýetlere hamala diýersiň rugsat edilýärdi, ýöne, aşaklyk bilen dürli päsgelçilikler döredilýärdi. Oňa gatnaşyjylar, hususan-da onuň ýolbaşçylary yzarlanýardy, ýokarlaryk, «dostlukly» gürrüňçiliklere çagyrylýardy, gara sanawlara girizilýärdi. Şeýle kynçylyklara TSSR Ylymlar Akademiýasynyň ýanynda bellige alnan «Agzybirlik» halk hereketi hem sezewar edildi. Ýöne, «Agzybirlik» halk hereketi barada gürrüň etmezdin ozal, ýalnyň çawy hökümetiň ýüzüne çalarak çabrap geçen «Köpetdag meselesi» barada bäş-üç agyz söz aýtmagymyz gerek. ...1988-nji ýylyň 21-nji apreli, ýagny, «üýtgedip gurmak» syýasatynyň tüýs bir jeýhun döwri, on-onki sany ýaş dörediji on manatdan pul goşup, Köpetdag restoranyna ýygnandylar. Şolaryň arasynda menem bardym. Ýygnanşygyň syýasy äheňi ýokdy we Ata Gowşudowyň kyrk-elli ýyl bäri ýitdi diýlip ýörlen ine indem birden-kä tapylaga-da «üýtgedip gurmaklygyň» zarbyna çap edilen, Gökdepe urşy barada gürrüň berýän, «Perman» romanyny, şeýle hem «üýtgedip gurmak» döwründe ýaş ýazyjy-şahyrlaryň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdy. Çünki, Gorbaçýowyň beren demokratiýasy, senzuranyň aýrylmagy, kyrkdan geçendigimize garamazdan henizem ýaş döredijiler hasap edilmän biziň kalbymyzy joşdurýardy, täze-täze sepgitlere ruhlandyrýardy, syýasatyň demir penjesinden sypyp, erkin döredijilere öwrülmek höwesi zehinlerimizi heýjana salýardy. Galyberse-de, hökümetiň hut özi Gorbaçýowiň syýasatyny goramaklygymyzy haýyş edip, bizi göreşe, kömege çagyrýardy. Ýöne, şol döwür syýasatçylaryň özleri syýasata garşy gidýärdiler we Gorbaçýowiň beren demokratiýasyny bizden-ä gabanýardylar, il-günden bolsa gysganýardylar. Şol häsiýetlerine laýyklykda olar biziň şol günki ýygnanşygymyza hem gabanjaňlyk duýgusy bilen garaýardylar. Şol ýygnanyşykda içgi içilmedi, döwlete garşy, syýasata degişli gürrüňler edilmedi, emma, hut şol günüň ertesi ýygnanyşyga gatnaşan on-onki adamyň tas ýarysyndan diýen ýaly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetine we Türkmenistan Komuunistik partiýasynyň Merkezi Komitetine ýazgy üsti bilen «şugulnama» düşdi. Elbetde, hökümet ýolbaşçylary şol şugulnamanyň esasynda ýygnanşyga gatnaşanlara ýowuz daradylar diýip bolmaz, ýöne, gürrüňçilikler we düşündiriş çärelerini welin geçirdiler. Restorana barar ýaly puly nireden alandygymyz bilen gyzyklandylar. Biz: «On manat pulmy?» diýdik. «Aý, şonda-da, tapanjaňyzy öýüňizdejik iýip-içibermeli ekeniňiz-dä», diýdiler. Biz muňa kemsindik. Çünki, restronlarda birtopar biweç, ýurt düňderilse-de tüýleri gymyldamajak jalataýlar günüň-gününe ummasyz pul sowrup iýip-içýärdiler, keýp çekýärdiler, emma olardan «nämüçin restrona geldiňiz», «ýa-da onça puly nireden aldyňyz», diýip soraýan ýokdy. Bizden welin on manat üçin hasap soradylar. Onda-da, ýekeje gezek baranymyzda. Bu ýagdaý bizi iň bir ýönekeýje hukuklaryndan hem kesilen adamlaryň hatarynda goýýardy. Şeýle-de bolsa, ýagdaýa görä bolaýalyň diýen pikir bilen indiki gezek, ýagny bir hepdeden soň şahyr Şiraly Nurmyradowyň öýüne ýygnandyk. Gürrüňçiligiň örüsi öňküden giň däldi, ýöne şol wagtlar leningraddan Aşgabada göçüp gelen ýazyjy Akmyrat Şir haýsy hem bolsa bir jemgyýet gurmak baradaky rezolýusiýasyny orta atdy. Ýerli ýolbaşçylaryň ynjyklygyny göz öňünde tutup, biz häzirlikçe şolar ýaly jemgyýetleri döretmekdenem saklanmaly, diýen netijä geldik, rezolýusiýany ýygnamaklygyny Akmyratdan haýyş etdik. Gürrüňçilik şondan soň ýene-de edebiýatyň öňünde durýan meselelere syrykdy. Magtymgulydan gürrüň edildi. Soňy mesaýy söhbetdeşlige, iň soňunda-da aýdym-saza ýazdy. Şol günüň ertesi ýene-de MHK-ä we MK-ä biziň kimiňkide, kimler bolup oturandygymyz barada habar düşdi. Onda kimiň näme diýendigine, hatda gijäniň ýaryna deňiç meniň dutar çalyp aýdym aýdandygyma çenli jikme-jik beýan edilipdir. «Ýokarkylary» hususan-da orta oklanan «rezolýusiýa» ynjalykdan çagyran bor-a çemeli, olar şonuň tekstini talap edip, şol oturylyşygy gurnaýjylar hasap edilýän Şiralyny, Akmyrady hem-de Bapba Gökleňi yzly-yzyna «gupbaly jaýa» çagyryp ugradylar. Akmyrat öz rezolýusiýasyny gizlejegem bolmady, gaýtam uly höwes bilen görkezdi. Hojaýynlaram onuň içinden «monjuk» gözleşip oturmadylar. Oglanlaryň hersi bilen birküç gezek gürrüňçilik geçirip «höre-köşe» etdiler-de «işi» ýapdylar. Şeýlelikde, öz aramyzdakylaryň tas, ýarpysynyň diýen ýaly şugulçylardygy belli boldy. Biz olaryň kimlerdigini güman etdik. Gümanymyz dogry bolubam çykdy. Şol şübheli adamlar soň ýazyjylar soýuzynda, Prezident köşgünde, Ministrler Kabinetinde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we beýleki döwlet edaralarynda wezipeli orunlary eýelediler. • Ýaşlar geňeşi Täze dörän öwüsginiň bady bilen, Ýazyjylar soýuzynyň ýanynda «Ýaş ýazyjylar geňeşi» diýibem bir guramamy ýa jemgyýetmi, nämedigi belli däl bir zat döredildi. TKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary, ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew ýörite gelip bu barada ýazyjylar bilen gürrüňdeşlik geçirdi, täzelik hökmünde şolar ýaly bir zadyň gerekdigini aýtdy we pikiri goldanandan soň oňa jemgyýetçilik esasyndaa ýolbaşçylyk etmekligi maňa tabşyrdy. Başlygynyň bolşy ýaly onuň sekretary, geňeş topary hem bardy. Umuman, ol gurluşy boýunça öz öňünde duran Ýazyjylar birleşigini gaýtalaýardy. Onuň niýeti gowudy. Ýazyjy-şahyrlara hossarlyk etmelidi, olaryň eserleriniň gazet-žurnallarda çap edilip durulmagyny, iň gowy awtorlaryň ýazyjylar birleşigine kabul edilmeklerini gazanmalydy. Üstesine täze syýasata öz goşantlaryny goşmaklyk, M.S.Gorbaçýowiň beren demokratiýasyna daýanyp ýurtdaky düýpli meseleler baradaky ýiti-ýiti makalalary bilen gazet-žurnallaryň sahypalarynda, radioda, telewideniýede çykyş etmeklerem talap edilýärdi. Biz ýazyjy-şahyrlar bilen aýda bir gezek geçirilýän ýygnanşyklarymyzda özbaşdak bolmak, soýuzyň düzüminden çykmak barada gürrüň edýärdik diýsem-ä ýalançy, ýöne, hökümet we partiýa tarapyndan öňümizde goýlan meseleler, edebiýatyň, sungatyň, ylmyň, bilmiň täze syýasata goşmaly goşandy, hususan-da dil meselesi, ýerüsti we ýrasty baýlyklarymyza eýelik etmek barada döwrelaýyk, aç-açan gürrüňçilikler, çekeleşikler geçirýärdik, radiodan, teleýaýlymlardan, gazet-žurnallardan adam çagyrýardyk, olaryň üsti bilen gürrüňçiliklerimiziň mazmunyny ile ýaýýardyk. Ýöne, şol materiallarymyz çap bolandan ýa-da radioda berilenden soň barybir ýokarda erewde-berewlik başlanýardy. Ýa-ha ol ýerden kimdir biri gelip ýazgyly lentany gaýtadan diňleýärdi, teksti okap görýärdi, ýa-da jaň edip, redaksiýalardan, radiokomitetden ýazgyly lentany ýa onuň kagyza ýazylan tekstini MK-1 getirip gitmeklerini haýyş edýärdiler hem-de şol ýerde üýşüp diňleýärdiler ýa okaýardylar we içinde göze görnüp duran zat tapmasalar sessiz-üýnsiz yzyna getirip gidýärdiler. Soň olar biziň çykyşlarymyzy çap bolmazdan ýa efire gitmezinden öň gözden geçirip başladylar we köplenç: «Häzirlikçe saklanmaly» diýen bellik bilen yzyna getirdiler. Bu olaryň sypaýyçylyk bilen gadagançylyk girizdikleridi. Mahlasy, şol wagt merkeziň syýasatyna görä, senzura ýok diýen ýalydy we senzorlaryň etmeli işlerini indi ýolbaşçylaryň özleri ýerine ýetirýärdiler. Hernäçe göreşe çagyrsalar-da, olar aýdylýan täze pikirlerem, täze pikirli adamlaram halamaýardylar, düýpgöter gadagançylyk girizmäge bolsa, Moskwadan çekinýärdiler. Biz welin asyl-ha hiç kimi gyjyklamaýardyk we beýtmekligi asla göz öňüne-de tutmaýardyk. Diňe döwrüň talap edýän meselelerini gozgaýardyk, hususan-da türkmen diline döwlet dili hukugynyň berilmegi meselesine ürç edýärdik. Ýöne, entek-entekler üstüne SSSR-iň abanyp durandygy üçin, şol wagtky ýerli ýolbaşçylar bu meselä-de iňňän gorkuly garaýardylar. Baltika ýakasyndaky döwletleriň ýolbaşçylary ýaly öz hukuklaryny merdi-meýdanalyk bilen talap etmäge, öz halky bilen deň gopmaga bogunlary ysmaýardy. Bu bolsa olaryň hiç birinde-de öz halkyna, diline, taryhyna bolan söýgüniň, mähriň, milli buýsanjyň, duýgunyň ýokdugy, kalplarynda bürküldäp duran gyzgyn ýüregiň., ödüň, ganyň ýokdugy, bar bolaýanda-da ýüze çykaryp bilmeýändikleri bilen baglydy. Halk, ýurt başga birine bakna bolsa bolsun, ýöne, özleri öz kürsülerinden düşmese bolýa. O zatlaryň üstesine şol wagt halkyň syýasy işjeňligem pesdi. Olar öňe çykýan az sanly döredijilik işgärleriniň arkasynda durup bilmeýärdiler, göýä diýersiň ýurtda näme-nämeleriň bolup geçýändigindenem bihabar ýalydylar, şonuň üçinem, döwlet ýolbaşçylary halkyň aladasyny etmekçi bolýan zyýalylaryň hötdesinden aňsatlyk bilen gelýärdiler. Birnäçesiniň bolsa agzyny jaý, maşyn, wezipe ýaly imrindiriji «lukmalar» bilen ýapýardylar , bu barada bir gün Nyýazowyň hut özi telewideniýe boýunça çykyş edip: «Ine, gördüňizmi öňüňize düşüp ýören adamlaryň kimlerdigini? Olar siziň üçin ýa ýurt üçin däl-de, diňe öz bähbitleri üçin göreşýärler, zat berseň lal-jim bolýarlar» diýdi. Gynansak-da, döredijilik işgärleriniň arasynda şolar ýaly adamlaram bir ýa iki däldi. Has düşnükli edip aýtsak, beýleki respublikalaryň ýolbaşçylary-ha öz halkynyň arzuw-isleglerine, hak-hukuklaryna arka durup, imperiýa garşy halk bilen deňine çykyş edýärdiler, azatlyga, erkinlige halk bilen bilelikde ymtylýardylar, bilelikde göreşýärdiler, biziň ýolbaşçylarymyz bolsa öz halkynyň göwün-islegini basmarlamaga, imperiýanyň demir zynjyryndan boşamazlyga, öňki gulçulyklaryny ýitirmezlige dyrjaşýardylar. Imperiýanyň däl-de, milli buýsanjy bolan ogul-gyzlarynyň garşysyna göreşýärdiler, olary aşaklyk bilen yzarlaýardylar. Il içinde işläp ýören nökerjikleri bolsa, olara janlaryny gaýyrman kömek edýärdiler. Şu jähtden bir tymsaljyk aýdaýyn. Üýtgedip gurmak döwrüniň ilkinji ýyllarynda dil meselesine degişli bir hekaýa ýazanym ýadyma düşýär. Üns beriň, makala däl-de hekaýa! Çeper eser. Bütinsoýuz metbugatyň talabyna laýyklykda ol hekaýa gazetde çap edildi. Ana, şol hekaýanyň barypýatan milletçilik duýgy bilen ýazylandygy, iru-giç ýygnajak bolsalar meni ýygnamak üçin amatly pursatyň dörändigi baradaky şugulnama bilen bir ýaş ýazyjy-ha MHK-ä ýüz tutdy, dil-edebiýat ugrundan Uniwersitetde mugallym bolup ýören başga bir alym ýaşuly bolsa (Ylymlaryň doktory), meniň meselämi Ýazyjylar soýuzynyň nobatdaky plenumynda goýmak üçin, prawleniýä ýazmaça ýüzlendi. Ýöne, prawleniýäniň agzalary onuň ol teklibini ret etdiler we öz aralarynda maslahatlaşyp seminaryň gün tertibininden aýyrdylar. Ýaş ýazyjynyň çakan çawuşy welin boş gitmedi. Meniň şol hekaýamyň üstünde kiçi-girimem däl-de, MHK tarapyndan metbugat öýüne gözegçi goýlan zapasdaky polkownik tutş üç aýlap işledi. Ol redaksiýalaryň, neşirýatlaryň baş redaktorlaryndan, Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylaryndan şol hekaýa baradaky pikirlerini sorady, ýeke-ýeke düşündiriş aldy. Emma, olaryň hemmesem oňa şol hekaýanyň döwrüň talabyna görä ýazylandygyny onda hiç hili milletçilik ýokundysynyň ýokdugyny düşündirdiler. Şunuň özem eýýäm döwrüň milletçilik bilen milliligiň garjaşdyrylýan, döredijileriň haku-nähak Sibire sürgün edilýän ýa-da üç adamyň gelen netijesi bilen tama söýelip atylýan döwri däldigini subut edýärdi. Şeýdip, ol gürrüň galdy. Ýöne, onuň bilen bar zat düzelip gidibermedi. Çünki, Gorbaçýowyň «üýtgedip gurmak» syýasatynyň berenlerini biz-ä aljak bolýardyk, ýolbaşçylar bolsa bermejek bolýardylar. Demokratiýa gözümize görnüp durdy, ýöne biz oňa el ýetirip bilmeýärdik. Garşydaşyň öz içiňde bolsa onda-da öňüňe düşmeli adamlaryňdan bolsa, edýän işiň, hereketiň paltany daşa urandan enaýy bolmaýar. Ol akylly-başly ewolýusion hereketi däl-de, rewolýusion göreşleri talap edýär. Halky şoňa itekleýär. Rewolýusin ruh welin taryhyň sapaklaryna ters gelýärdi. Şoňa ylmy taýdan göz ýetirip etmese-de, öz tebigy hüý-häsiýetine görä türkmen halky göreşiň şol usulyndan saklanýardy. Dymýardy. Syýasy taýdan özüni sus alyp barýardy. Çünki, halk özüniň milli kimligi boýunça atarman, çaparman, taryhy mütdetden alanyňda ýap-ýaňy atdan düşürilip, elinden gylyjy alnan türkmen halkynyň aňy entek syýasylaşyp ýetişmändi. Gany doly sowaşmandy. Onuň üçin münbere çykyp takal okamakdan, ýörüşlere çykmakdan ata çykany, gylyç syrany aňsatdy. At welin ýokdy. Gylyjam ýokdy. O zatlar onuň elinden bir wagtlar Gökdepe urşunyň yz ýany Skobelew tarapyndan alnypdy. Şonuň üçinem ol dymýardy. Edil, sowet zamanasynda dymyşy ýaly dymýardy. Erkinligiň nämedigini bilmändigi üçin däl-de, onuň ýollaryny başga zatda görýändigi üçin, oňa bolsa öňem, soňam mümkinçiligi bolmandygy, asyl-ha bolmajakdygy üçin dymýardy. Onuň öňüne düşer ýaly täzeçil pikirlenip bilýän, syýasy taýdan düşünjesi ösen, Baltika ýakasy döwletleriniňki ýaly halk bilen bile gopýan milli duýguly, öňdebaryjy şahsyýetler gerekdi. Ýaşlаr sоweti bаradaky söhbеtimize dоlanyp gelsеk, dаmarlarymyzda türkmеn gаnynyň akýаndygy sеbäpli, bizеm kаnuny tаlaplaryň çägindеn çykуbam bilmеýärdik, оňa hakymуzam ýоkdy. Çünki, biz Ýаzyjylar soýuzуnyň рrawleniýesiniň gаramagynda durýaёаrdyk, özbаşdak kаnuny hukugуmyz, ygtyýаrymyz ýоkdy. Şоnuň üçinеm, biz diňе ylalаşykly ýоllary sаýlap аlýardyk. Аýdýan pikirlеrimizi iňňän sуpaýyçylyk bilеn, çekinjеňlik bilеn аýdýardyk. Аç-açаnlygyň öz öňümizdе goýаn wezipеlerine, bеren mümkinçiliklеrine kаnuny ýоllar аrkaly, akуlly-bаşly çemеleşmekligiň ugurlаryny agtаrýardyk. Ýönе, bвrybir bizi uzаk еljiretmediler. Вir gün öýlänаralar ýуgnanyşyga gеlenimizde «açаr ýitdi» bаhanasy bilеn, bizi Ýаzyjylar soýuzуnyň mеjlisler jаýyna gоýbermediler. Вu ýagdаý ýуgnanyşyga gеlen ýаşlary kеjikdirdi. Olаr Ýаzyjylar birlеşiginiň bаşlygyndan düşündiriş tаlap еtdiler. Еgerde, jаýyň аçary bеrilmese ýуgnanyşygy hоwluda gеçirjekdiklerini аýtdylar. Emma beýtmek bolmaýardy. Onuň şäher häkimligi tarapyndan «sanksiýalaşdyrylmadyk miting» hökmünde kabul edilmegi we köp adamlaryň süýrelmegine sebäp bolaýmagy mümkindi. Onsoňam ýaşlar geňeşiniň öz golastyndaky guramadygyna görä, Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň şo ýygnanyşygy geçirmezlige-de, geçirtmezligede, «ýokary» bilen iki agyz gürleşäge-de, Ylymlar Akademiýasynyň «Agzybirlik» jemgyýetini ýapyşy ýaly böwrüne sanjy bolan artykmaç dert hökmünde ony «tarp-turp» ýapyp oturybermäge-de haky bardy. Soň görüp otursak, bu zatlaryň düýp sebäbi, biziň şol günki gün tertibimizde türkmen diline döwlet dili hukugynyň berilmegini talap edip, Ýaşlar geňeşiniň adyndan TKP MK-ä hat ibermek baradaky meseläniň durandygy ekeni. Muny olara biziň öz içimizden kimdir biri öňünden duýduran bolmaly. Ine, şujagaz tymsalyň özem şol wagt aşaky gatlak bilen ýokarky gatlagyň arzuw islegleriniň juda çapraz gelendiginiň aýdyň subutnamasy bolup biler. • Oduň ýanýan ýerinde Umuman, ýaşlar geňeşiniň işini döwrebap alyp gitmeklik mümkin däldi. Başgaça bolsa meniň işläsim gelmeýärdi. Şonuň üçinem, men ol işiň jogapkärçligini öz boýnumdan aýryp, öňden ýüregimde besläp ýörşüm ýaly, Moskwa, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň ýanyndaky Edebiýat institutynyň iki ýyllyk Ýokary edebiýat kurslaryna okuwa gitmekligi ýüregime düwdüm. Kurslara başga hünärden ýazyjylyga gelen we SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzasy bolan adalar kabul edilýärdi. Asly kärimiň suratkeşdigi, şeýle hem Ýazyjylar birleşiginiň agzasydygym üçin meniň kanditaturam oňa hemmetaraplaýyn gabat gelýärdi. Şonuň üçinem, girişiň şertlerine görä, käbir hekaýalarymy rus diline terjime etdirip, şol ýere iberdim. 1989-njy ýylyň awgust aýynyň aýaklaryna hem ol ýerden çakylyk aldym. Haýal etmänem ýola düşdüm. Institutyň ýedi gatly umumy ýaşaýyş jaýynyň ikinjiden altynjy gata çenlisi gündizki bölümde okaýan talyplar üçin bolup, ýedinji gaty biziň ýaly iki ýyllyk kurslara gelenler üçin. Birinji gatda hiç kim ýaşamaýar. Ol iki bölek bolup, günbatar tarapy-ha umumy ýatakhananyň işçi otaglaryndan, gelen-giden ata-eneler üçin niýetlenen kiçeňräk myhmanhanadan, ondan sähelçe ulurak kinozaljagazdan we sport zaljagazyndan, komendantyň iş kabinetinden ybarat. Gündogar bölegi bolsa dürli iş bilen Moskwa gelip-gidýän ýazyjylar üçin myhmanhana bolup hyzmat edýär. Ýedinji gatdan biziň herimize otag berdiler. Maňa 707-nji otag düşdi. Şeýle hem biziň pasportlarymyzy şol ýatakhana iki ýyllyk ýazgy etdiler. Ýüz elli manat aýlyk belediler. Soň ony iki ýüze ýetirdiler. Bu elbetde, köp pul däldi, ýöne her niçik hem bolsa şol döwrüň ýagdaýyna görä oňşarlyk bolýardy. Kurslarda poeziýa, proza, dramaturgiýa, şeýle-de ýewreý dilini öwrenýänler üçin «idiş» toparlary işleýärdi. Poeziýa bölümine belli rus şahyry Ýuriý Kuznesow, proza bölümine ýazyjy, «Literaturnaýa Rossiýa» gazetiniň baş redaktory Ernst Iwanowiç Safonow, dramaturgiýa bölümine meşhur sowet dramaturgy Wiktor Rozow ýolbaşçylyk edýärdi. Olar esasan seminar sapaklaryny alyp barýardylar. Beýleki derslerden bolsa dürli-dürli mugallymlar sapak berýärdiler. Okuw erkindi, gyzyklydy. Şonuň üçinem, juda zerur işiň çykaýmasa, ýekeje sagadam sypdyrasyň gelmeýärdi. Çünki, seminar ýolbaşçylarymyzyňam, beýleki sapaklar boýunça okuw geçýän mugallymlarymyzyňam medeni, ylmy, syýasy we ykdysady düşünjeleri ýokarydy, bilimleri güýçlüdi. Ýeke bir biziň eserlerimiz ýa umumy edebiýat barada däl, eýsem syýasaty hem goşmak bilen, islendik tema boýunça öz pikirlerini, garaýyşlaryny çekinmän, arkaýyn aýdyp bilýärdiler. Deputatlaryň öten agşam telewideniýe arkaly eden çykyşlaryny ertesi biziň öňümizde durup, ilik-düwme seljerip berýärdiler. Çykarylýan täze kanunlar, syýasy liderleriň özlerini alyp baryşlary baradaky tükeniksiz sowallarymyza takyk we dogruçyl jogap bermekligi başarýardylar. Şeýle-de, Moskwa täzeçe gaýnap joşýan ägirt uly soýuzyň merkezidi. Çeşmäniň gözbaşydy. Oduň ýanýan ýeridi. «Üýtgedip gurmak» döwrüniň esasy wakalarynyň dünýäni sarsdyrýan syýasy özgerişlikleriň ählisi şol ýerde bolup geçýärdi. Ähli meseleler şol ýerde çözülýärdi. Şol döwür şol ýerde ýekeje aý myhmançylykda bolup gaýtmaklygyň özem kän zat berýärdi. Aşgabatdaky ýaly gytçylyk, kartoçka ulgamy elbetde, ol ýerde-de bardy, ýöne, Moskwa ýazgy edilendigimize görä, Moskwalylaryň kartoçka düzgüninden biz hem doly peýdalanýardyk. Durmuş, syýasat babatda aýdylanda Moskwanyň Aşgabatdan tapawutly eri demokratik güýçleriň durmuşa jemgyýete, syýasata edýän täsiri ähli ýerde, aç-açan duýulýardy. Döw;et düzgüniniň könelişen, poslan we çat açan nurbatjyklarynyň gowşandygyny, halys sandan çykyp barýandygyny demir dyrnaklarynyň uçlary dünýäniň dört burçuna ýaýran, «KOMMINIZM» atly ägirt uly mehanizmiň çagşaýandygy, sistemanyň iň soňky deminde urunýandygy bildirýärdi. Ýeke bir Sowet Soýuzyna girýän sosialistik respublikalaryň däl, eýsem sosialistik lagere girýän beýleki dünýä döwletleriniňem süňňi sarsýardy, süýekleri lerzana gelýärdi. Kremliň esasy otagyndaky baş kürsä göz diken Ýelsin bolsa irim-aram Gorbaçýowyň aýagyny köwýärdi, kompartiýanyň garşysyna aýgytly we batyrgaý çykyş etmek bilen elini bäsdeşiniň ýakasyna barha we barha golaýlaşdyrýardy. Ýelsiniň Gorbaçýow bilen edýän barlyşyksyz tutluşyklary gazetlerde, žurnallarda, radiodyr-teleýaýlymlarda yzygiderli, aç-açan berilýärdi. Ol hakda dokumental filmler döredilýärdi. Men Kurslaryň proza bölümine gatnaýardym we baran günümden basa oturyp işläp başladym. Trolleýbusly instituta gidip gelen ýa çeperçilik sergilerine, muzeýlere hem-de teatrlara baryp gören bolaýmasam esli wagtlap şähere çykmadym diýen ýaly. Hatda meşhur «Arbat» köçesine-de tas, bir ýyldan soň baryp gördüm. Biziň bolýan ýedi gatly ýatakhanamyzda goşalandyrylyp goýlan iki sany lift bardy. Biz okuwa başlan döwrümiz şolaryň ikisem kadaly işleýärdi. Bäş-üç aý geçenden soň şolaryň biri aram-aram döwülmäni çykardy. Bejerseler birnäçe gün işledi-de, ýene-de durdy. Käte bolsa uzak wagtlap bejerilmän ýatdy. Bir özüne kyn düşdümi nämemi, soňabaka beýleki liftiňem «ah-wahy» artyp başlady. Şu gün bejerip gitseler ertesi günortana galman ýene-de ýatdy. Käte üçünji, dördünji gata çenli yraň-daraň edip, tutuş süňňi bilen sandyrap, alaşakyrdy turzup gidýärdi-de, ýa-ha şol ýerde doňup galýardy, ýa-da şaglap yzyna gaýdýardy. Şonda, öz barmaly gatlaryna ýetibilmän yzyna gaýdan pyýadalar ala-goh bolşup liftden çykýardylar-da, ýokarlygyna tarap, basgançakdan-basgançaga ätmerleşip ugraýardylar. Liftiň içi adamlyka durman gidip, ýokarky gatlaryň birinde doňup galýan pursatlaram bolýar. Şonda, tä ussa gelip çykarýança, içinde galanlaryň güpür-tapyrlaryndan, goh-galmagallaryndan ýaňa durar ýaly bolanok. Ussalar gelip bejerdim edip giderler welin, olar öýlerine ýetip-ýetmänkäler lift ýene-de döwler. Ertesi gelip gaýtadan bejererler, birigün barybir hatardan çykar. Ahyry, olaryň ikisinem düýpli bejertdim etdiler. Ýöne, onuň bilenem ýagdaý üýtgemedi. Gaýtam şondan soň liftleriň hersi bir gatda doňup galmany çykardy. Biraz wagtdan soň bolsa olar asla ortaky gatlardan aňry gidibem bilmediler. Biri zoraýakdan dördünji gata dyrmaşsa, beýlekisi çygyla-çygyla ölümiň öýünde üçünji gata çykdy. Iň soňunda ikisem üçünji gatdan yza gaýdyp başladylar. Soň ikisiniňem ahyrky menzilleri ikinji gat boldy. Garry göhert ýaly sandyr-sandyr etdiler-de, şondan aňry gidibilmän duran ýerlerinde oýkanjyraşdylar durdylar. Bejerip ýadadylarmy ýa bejererden geçdimi, baralymyza bir ýyl diýlende olaryň çepkisin-ä düýbünden goýbolsun etdiler, sag tarapkysynyňam işläninden işlemedik güni köp boldy. Işlän günem ýaýkanjyrap zordan üçünji ýa dördünji gata ýetdi-de: halys bizar boldum men sizden, düşüň boýnumdan, diýýän ýaly endam-jany bilen digdenekläp durşuna «şakyr-şukur» gapysyny açdy. Şonda düşüp ýetişseň-ä ýetişeniň, ýetişmeseňem «şaglap» aşak gaýdýar-da göz açyp-ýumasy salymyň içinde birinji gata ýetýär we oturýerini gülçüldedip ýere urýar. Urgy güýçli bolup söýesi egrelýämi, nämemi sag-aman ýere düşäýeninde-de gapysy açylman masgara edýär. Ýaman ýerem käte nokadyny bassaň-basmasaň «wazlap» ýokary gidýär-de, hiç ýerde säginmän göni üçünji gata barýar we säginmän ýene aşak gaýdýar. Şeýdip ýarym günläp dynuwsyz gatnap ýörýän wagtlaram bolýar. Egerde şolar ýalyda kimdir biri ýa-da birnäçe adam liftiň içinde galyp, daşynda galanlardanam kimdir biri olar bilen gürleşmekçi bolsa, onda ol lift ýokary galanda-ha alawagyrdy bolup basgançaklar bilen ýokarlygyna gidýär, lift aşak gaýtdygam basgançaklaryň ikisini-üçüsini birden almak üçin «patanaklap» aşak gaýdýar. Halys ysgyndan gaçan wagtam aralykda bir ýerde buz ýaly beton basgançagyň üstüne çökýär-de ýüregini tutup, «has-has» edip oturar we lift her gezek alaşakyrdy turzup gapdalyndan geçende içindäkä zordan bir söz aýtmaga ýa bolýan jaýynyň açarynyň nirededigini soramaga ýetişýär. Içindäki bolsa onuň jogabyny indiki gezek geçende ýa-da soňky gezekleriň birinde bermeli bolýar. Içindäkileriň käbirler-ä asla hiç kim bilen gepleşenogam-da, tä, ussa gelip lifti duruzýança we işigini açyp özlerini çykarýança liftiňem, lift bilen bilelikde çagşap barýan döwletiňem ne atasyny goýýar, ne enesini. Göwresini laýyk getirmek üçin gyşyk gapydan egreýlip, sozulyp-büzülip zordan çykandan soňam onuň «hoňňuldysy» ýatanok. Telim gezek golaýlap, her gezegem ýetibilmän, ýetse-de düşübilmän yzyna gaýdan gatyna tarap tumşugyny taýzardyp, ýegdekläp barşyna basgançaksaýy agzyndan gelenini aýdyp sögünýär. Bolýan jaýynyň gapysyna barandan soňam, açyp içine girenden soňam eňegi dek duranok. Liftiň şol gözgyny ýagdaýyny dargap barýan äpet soýuzyň düşen güni bilen deňeşdirýär. Ony şol güne salandygy üçin Gorbaçýowa, bejermekden geçen gaýtam hasam lagşadyp barýandygy üçin Ýelsine käýinýär. Gapysyny ýapandan soňam, düşegine girenden soňam bir zatlar diýýän bolmagy mümkin, ýöne men ony eşidemok. Ikinji, üçünji gatda dördünji gatda ýaşaýan talyplar- a gaty bir agyr ýükli geläýmeseler, liftden peýdalanjagam bolanoklar, onuň döredýän kynçylyklarynam gaty bir duýup baranoklar. Üstesine-de ýaş oglan-gyzlar. Güýç-kuwwatlary ýerinde. Şeýle-de bolsa olaryňam bäşinji, altynjy gatda ýaşaýanlarynyň welin şonda gaty horlanandyklaryny aýtmak gerek. Biz hakda-ha gürrüňem ýok. Köpümiz kyrkdan geçen adamlar. Üstesine-de bir gün däl, iki gün däl.. Aşgabatdaky jaýym dördünji gatda bolansoň, menem endigime görä, şoňa çenli nägerek eýle emgenmänräk çykýardym-da şondan aňyrsy juda ýokuş degýärdi. Şol günleri ýatlanymda, telim ýyl bäri işläp gelýän liftleriň şeýdip birdenkä lagşap durubermegini menem edil ýatakhanadaky studentler ýaly, SSSR kimin uly döwletiň süňňi bilen sandyrap, kä ýokary galyp, kä aşak inip, ahyram dargap gidiberşine, elleri kartoçka boýunça alnan azykdan doly torbaly, ýedinji gata çenli bolan aralygy göz çeni bilen ölçemek üçin bäbeneklerini dik depelerine dikip, halys ysgyndan gaçan ýadaw gadamlaryny aýlaw-aýlaw bolup gidýän basgançaklara ynamsyzlyk bilen basyşyp, başly-barat ýegdekleşip barýan kursdaşlarymy bolsa dargan soýuzyň aljyraňňy döwletlerine meňzedenimi bilmän galýaryn. Öz ýanymdan örän ýerlikli hasap edýän şu deňeşdirmämden soň meniň şol döwür barada şondan artyk bir zat aýdasymam elip baraýanok. Elbetde, SSSR-iň dargaýşy barada şol döwrem dürli pikirler aýdylýardy, häzirem dowam edip gidip otyr. Ol mundan buýana hem şeýle bolar. Syýasatyň häsiýeti şeýle. Onda hakykaty ýüze çykarmak kyn. Onda-da geçmeli möhleti geçip gutarýança. Mysal üçin kimdir biri SSSR-i M.Gorbaçýow ýykdy diýse, başga biri ony B.Ýelsiniň boýnuna atýar. Şol ikisi dil düwşüp ýykdylar, diýýänlerem bar. Ol ýykylyşykda Amerika ýaly uly döwletiň eliniň bardygynam aradan aýranoklar. Ýöne, biz welin bu barada belli bir zat aýdyp biljek däl. Oňa çakymyzam ýok. Çünki, ol zatlar biziň gözümiziň ýeterinden has ýokarlarda bolup geçdi. Dagy do lulygyna görmek üçin, ondan mazaly daşlaşmaly diýýän adamlaryňky megerem dogry bolsa gerek. Iki ýyllyk Ýokary Edebiýat Kurslarynda okan döwrümiň içinde men Sowet Ýazyjylarynyň delegasiýasynyň hatarynda on günläp, ýagny 1990-njy ýylyň noýabr aýynyň 7-sinden 17-sine çenli Kubada bolup geldim. «Türkmenistan» neşirýatynda bir kitap çykartdym, «Pöwrizäniň säheri» ady bilen Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda çykan ýaş türkmen prozaçylarynyň umumy ýygyndysynda meniňem bir toplum hekaýalarym çap edildi. Şol neşirýatda ors dilinde çykartmak üçin baran badyma bir kitaplyk golýazma tabşyrdym. Oňa milleti tatar bolan, Hankişiewa diýen bir edebiýatçy zenan tarapyndan syn ýazyldy we neşirýatyň planyna goşuldy. Emma, SSSR-iň dargamagy bilen «Sowetsikiý pisatel» neşirýatynyňam ýagdaýy üýtgedi we kurslary gutaryp Aşgabada gelenimden bir ýyl soň golýazmam poçta bilen yzymdan geldi. Ikinji kursuň gyş kanukuly döwründe Sarahsyň suw meselesini gozgap ýazan makalalarymyň esasynda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Sarahsyň ykbaly» atly dokumental film surata düşürildi. Ol filmde men başdanaýak alypbaryjy hökmünde çykyş etdim. 1986-njy ýyldan bäri SSSR-iň halk artisti, režissýor Baba Annanow bilen «Zöhre-Tahyr» dessanynyň dürli nusgalary esasynda yşgy filmiň edebi ýazgysyny ýazyp ýördük. Ol «Türkmenfilmiň» 1990-njy ýyldaky iş planynda durdy we onuňam önümçilige goýberilen wagty meniň Moskwada okap ýören döwrüme gabat geldi. Ekran warianty bilen bilelikde, Telewideniýe we radio gepleşikleri boýunça SSSR-iň döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda filmiň iki seriýadan ybarat telewizion warianty hem surata düşürildi. Baba Annanow filmi doly tamamlap bilmän ýogaldy. Film esli wagtlap konserwasiýada ýatdy we birnäçe ýyldan soň ol onuň oglysurata düşürilýän wagty bile işleşen ýoldaşy Kerim Annanow tarapyndan tamamlanyp ekrana goýberildi. Telewizion warianty Bütinsoýuz telewideniýe boýunça birnäçe gezek görkezildi. «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň «Zaman» hronikal-döredijilik birleşmesinde hem «üýtgedip gurmak» döwründe meniň edebi ýazgym boýunça, dil meselesine bagyşlanan «Tillerim», türkmen halkynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň berýän «Türkmeniň ahwaly», Sarahsly kör bagşy Çörli Alyýew baradaky «Men görýärin», «Oguzfilm» kinostudiýasynda bolsa «Salyr bagşylary» atly dokumental filmler surata düşürildi. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň iň soňky gurultaýam şol döwre gabat gelipdi. (fewral 1991ý) we men oňa gatnaşmak üçin Moskwadan ýörite gelipdim. Umuman ol döwür gyzyklydy, entegem Moskwanyň täsiri astynda duran türkmen metbugatynda-da, edebiýat, sungat şahalarynda-da bolşuna görä, erkinlik bardy, öňe gidişlik duýulýardy, kynçylyk bilenem bolsa göreşmek bolýardy. Ýöne, gara buludyň golaýlap gelýändigini hem aňmak kyn däldi. Şu ýerde meniň Kuba gidip gelşimiz barada hem iki agyz söz aýdasym gelýär. Üýtgedip gurmak döwrüniň aç-açanlyk syýasatyna gabat gelmedik bolsa, ol gidişlige goşulmak maňa elbetde nesip etmezdi. Şol bir gidýän adamlar giderdiler. Muny Kubaly ýazyjylaryň özlerem belläp geçdiler. Ilkinji duşuşyklarmyzyň birinde: – Araňyzda SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň, Respublikan Ýazyjylar soýuzynyň başlyklarynyň, sekretarlarynyň ýa wezipeli adamlaryň ýoklugynyň özem SSSR-däki özgerişlikler baradaky eşidýänlerimiziň dogrudygyna güwä geçýär. Öňler bu ýere diňe ýazyjylar soýuzlarynda wezipeli orunlary eýeleýän adamlar gelýärdiler. Bu ýerde-de olary diňe wezipeli adamlar garşylaýardylar. Bizdenem diňe wezipeli adamlar gidýärdiler. Netijede, iki ýurduň arasynda «sekretarlar edebiýaty» emele gelipdi. Belki, indiden soň bu iki halk biri-biriniň, heniz ýüze çykman ýatan ýazyjylary bilen tanyş bolarlar, – diýdiler. Kubaly ýazyjylary öňi bilen SSSR-iň saýlap alan täze ýoly, gelejegi ünjä goýýardy. SSSR-iň sosializmden düýpgöter daşlaşmagyndan howatyr edýardiler. Günbatar Ýewropa ýurtlaryndaky birsyhly üýtgäp duran syýasy ýagdaýlar hem olary ynjalyksyzlandyrman duranokdy. Çünki , Kubanyň daşary söwdasynyň segsen prosenti şol ýurtlar we Sowet soýuzy bilen bagly eken. Şeýle hem olar Kubada köp partiýalylygy yglan etmekligiň ýurtda baş-başdaklygy döredäýmeginiň, şol başagaýlykdan Amerikanyň peýdalanaýmagynyň mümkindigini nygtaýardylar. Fidel Kastronyň golaýdaky: «Ýurdy halas etmeli, rewolýusiýany halas etmeli, sosializmi halas etmeli», diýen sözlerini goldaýandyklaryny syzdyrýardylar. Olaryň şygary şeýledi: «Rewolýusiýanyň şanyna islän zadyňy ýaz, rewolýusiýanyň garşysyna – hiç zat!» Şeýle-de bolsa olar özlerini sosialistik realizmiň guly hasap etmeýärdiler. «Biz hemişe-de erkindik, bu günem erkin» diýýärdiler. Kubanyň paýtagty Gawanadan onçakly daş bolmadyk San-Fransiskoda (Paulo munisipiesinde) meşhur amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň öý muzeýi ýerleşýär. Beýik ýazyjynyň ullakan mülki bar. Jaýlary ýönekeý, otaglary giň, ýagty. Içinde öý goşlaryndan başga aw enjamlary, ýaraglar, aw eşikleri hem saklanýar. Onuň ölemen awçydygyny sugunyň we beýleki haýwanlaryň diwarlardan asylgy şahlary, kelleleri, ýolbarsdyr-gaplaňlaryň derileri hem subut edýär. Howluda, esasy jaýyndan başga iki-üç mertebeden ybarat kiçiräk jaýjagaz hem bar. Äriniň asuda ýerde oturyp işlemegi üçin ony aýaly Meri gurdurypdyr. Ýöne, ýazyjy barybir ol ýerde däl-de, öýünde oturyp işlemäni gowy görýän ekeni. Howaly jaýjagazyň üstüne çykyp bolsa aýaly bilen Gawanany synlar ekeni. Mülkde giň howuz, üsti saýaly basyrma, birgiden meýdany tutup ýatan tokaýlyk hem bar. Aw güjükleriniň mazary hem şol ýerde. Olaryň bäşisi bir hatara ýatyrlar. Mazar daşlarynyň ýüzünde hersiniň ady ýazylan. Fidel Kastronyň we Kuba rewolýusiýasynyň dosty bolan Ernest Hemingueý bu mülki satyn alypdyr we ýalňyşmaýan bolsam ol ýerde on ýyla golaý ýaşapdyr we işläpdir. Bu mülk meniň ýadyma meşhur ors ýazyjysy L.N.Tolstoýyň «Ýasnaýa Polýanasyny» saldy. Ýeriň ýüzündäki behişde meňzäp duran şeýle owadan hem şypaly ýerde ýaşan, hiç zada mätäç bolmadyk, dünýä meşhur adamyň hut şu ýerde, şu jaýyň şu mülküň içinde öz-özüne kast edip ýogalandygyna hiç ynanasyň gelenok. Emma bu hakykatdanam şeýle. Soňky döwürlerde syrkawçylykdan kän ejir çeken ýazyjy ahyrsoňunda öz aw tüpeňi bilen özüni heläkläpdir. Bu waka 1961-nji ýylyň 2-nji iýunynda, ýerli wagt bilen ýedi sagat otuz minutda bolup geçýär. Süýji ukuda ýatan Meri Hemingueý tüpeň sesine oýanýar we adamsynyň ýatan otagyna tarap okdurylýar... ...Biz belli ýazyjy Aleho Karpentýeriniň öý muzeýine hem baryp gördük. Ol Gawanada ýerleşýär. Oňa ýazjynyň dul aýaly Miliýa Karpentýeri gözegçilik edýär. Ol bize öz adamsy barada gyzykly gürrüňler berdi. Kolumbiýaly ýazyjy, Kubalylaryň dosty, meşhur Gabriel Markes hem bu ýere ýygy-ýygydan gelýän ekeni. Ýöne, biziň saparda bolan döwrümiz ol Kubada ýokdy we onuň bilen duşuuşmak miýesser etmedi. Kubalylar mylaýym, ýuwaş häsiýetli ýumşak, mähirli halk. Tebigatam özleri ýaly hoştap. Çygly. Gyş ýok. Adamlar gyş eşik, ot-ojak diýen ýaly hysyrdylardan halas. Gyş aýlary bu ýerde «ýagmyrly döwür» diýlip atlandyrylýar. Daş-töwerek gök otlardyr-ösümliklere, bagy-bossançylyklara, palma tokaýlyklaryna bürelen. Ýurduň esasy baýlygy hökmünde nikel önümçiligini agzaýarlar. Syýahatçylyk we şeker çiňrigi ýurda gazanç getirýän esasy çeşmeler hasap edilýär. Ylmyň iň ösen pudagy – medisina. Elbetde, SSSR-de bolşy ýaly şol döwür ol ýerde-de azyk gytçylygy, talon, dollaryň Kuba pesosyndan rüstemligi duýulýardy. Köçelerdäki awtomaşynlaryň aglabasy sowet «žigulileri» ýa-da «moskwiçler». Halys şylhasy çykan «Fordlar» we beýleki amerikan maşynlary hem käte bir göze kaklyşyp gidýärler. Kurslarda bolan döwrümizde her dynç güni bizi Moskwanyň aýak ýeterinde bolan gadymy rus şäherlerine hem yzygiderli syýahata alyp gidýärdiler. Wladimir-Suzdal şäheriniň gadymy ýadygärlikleri, kosmonawtikanyň düýbüni tutujy Siolkowskiniň Tuladaky sadaja öý muzeýi. L.N.Tolstoýyň «Ýasnaýa Polýanadaky, agaçlaryň arasynda saralan ýapraklara bürenip ýatan ýönekeýje mazary, ajaýyp şahyr Sergeý Ýeseniniň Rýazandaky horaşaja külbesi, Nistra derýajygynyň boýunda ýerleşen, Nistra şäherindäki gadymy binalar hem gözýetimimizi giňeltmek babatda bize köp zat berdi diýsem ýalňyş bolmaz. Gyzgalaňly geçen kurslar şeýdip tamam boldy. Ýöne, döwrüň galagoply wakalary welin dowam edýärdi. Sowet adamlaryň ykbalyny çepbesine çöwürjek esasy wakalar syýasy öwrülişikler entek öňdedi. Emma biz döwletiň çagşap gitjekginden welin biz entek bihabardyk. Asla, hemmelerem bihabardylar. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||