23:10 Ömrüzaýa -8/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
...Ýene bir günem Nowhananyň özümiz tarapyndaky raýyşy bilen, çöp-çalamlardan ätmerläp barýadym. Iki gözümem Sümsülelerde. Bir görsem öz deňlerindäki güzeriň başynda hut şonuň özi otyr, iki dyzyny gujaklap. Egninde-de şo-ol, mekdep döwürleri ürç edip geýýän, ýakasy ak gaýmaly mämişi köýnegi. Iki gözem ýaz aýlarynyň başy bolansoň birneme mesigen, bulançak, akar suwda. Ýap boýunda biten ýandakdyr — şoralaryň ajymtyk-dymyk ysy irki epgegiň tüp yssysy bilen garyşyp, demiňi tutup barýa. Şeýle howada-da Sümsüläniň şol ýerde şeýdip ýeke oturyşyny gaty geň gördüm. Ýöne begendim. — Sümsüle-e!.. — diýip, gygyranymam bilmän galypdyryn. Görgüli gorkaýdy öýdýän, tisginip başyny galdyrdy-da, daş-töweregine garanjaklady. Men şondan soň arasyny kesdigim biri gezegimi alaýjak ýaly, howlukmaç gürledim. — ...Gowulaşýaňmy, Sümsüle? Gowulaşanyň gowy... Özüň-ä gowulaşana meňzeýäň... Tüweleme, ýüzüň-gözüňem gowy... Allanäme, daşarygam çykypsyň... Howa-da birneme yssyrak diýäýmeseň gül ýaly... Meniň bolup durşumamy ýa her niçik hem bolsa, synpdaşyny görüp göwni galkdymy, ol uýaljaňlyk bilen çalaja ýylgyrdy. — Wiý, Hapby, bi senmidiň? — Howwa... men-n... Gorkuzaýan-a däldirin-dä hern-ä?.. — Ýa-ak, gorkuzaňok. Ýagdaýlarymam, görşüň ýaly, gowy. Bir mydar bar. — Ol azajyk dymdy. Bokurdagyny arçamak üçin yzly-yzyna ardynjyrady. Üsgürinjiredi. Ýöne, barybir sesi durlanmady. Öňküsi ýaly gyryljak çykdy. — Özüň gowumy? — Ol hiç haçan meniň bilen beýle mylakatly gürleşmeýädi. Ýöne, «gaýybanaçylyga» geçendigime doly göz ýetirenden soň welin, kem-kemden äheňini ýumşadyp ugrapdy. Bu gezegem şeýle boldy. — Näme üçin öýlenoňok, Hapby? Ejeň gelinlik gözläp ýörmüşin. Özüňem täze kostýum edinipsiň. Sürüji bolupsyň. Hälem bir pille, öýlen... Deň-duşlarymyzdan-a indi galany ýokduram welin... şonda-da... Otuz bäş ýaşam az zat däl. Orta ýaş. Adamzat şondan soň arkan zyňyp ugraýamyşyn... Tebigat berenjesini yzyna alyp başlaýamyşyn. — Ol-a dogrumyşyn. Ýöne, men senden başga gyza öýlenmen diýdim-ä, Sümsüle. Diýen sözümde-de duraryn. — Şo-ol, «bronowigiň» üstünde durup aýdanyňmy-y... Eliňem papakly... Lenin bolan bolup... — Ikimizem ýylgyrdyk. Sümsüle birdenkä agyr oýa batdy. — Meni-hä indi ýok hasap edäý, Hapby... Men kesgin gürledim. — Tapawudy ýok. Sen bar, sen ýok, şol diýenim. Arkaýyn bolaý... Sözüm-sözdür... — Aý... şonda-da... Men bir bişen garpyz. Haçan ýarylsam ýarylaýmaly. Sen bolsaň entek ýaşamaly... Seň ýitiren zadyň ýok... — Näumyt bolma, Sümsüle. Herki zadyň öz hasaby, her kimiň öz nesibesi bardyr. «Ýatan ölmez, ýeten öler» diýipdirler. Ýitirip-ýitirmezlik barada aýdylanda bolsa, menden köp zat ýitiren ýokdur. Men seni ýitirdim. Sen bolsaň meniň üçin uly baýlyk. Giden bir dünýä. Men ana, şol uly dünýäni elimden aldyrdym. Hasabymy ýitirdim. — Mekdepdekäk ikimizem hasaba ökdedik. Hatda bäsleşýädigem. Ýöne, durmuşyň hasaby bize mugallymlarymyzyň öwreden hasaplaryndan has çylşyrymlyrak ekeni. Biz ony oýnaklap işlänimizde-de ýarym sagatda çözýädik, muny bolsa ine, ömrümizboýam çözüp bilemzok. Çynymyzy etdigimizsaýam çylşyrymlaşýa... — Maňa aňsat hasap düşdi, Sümsüle. Seni istedim — bolmady. Başgany bolsa istemedim. Saňa bolan söýgimi başga birine bagyşlamadym. Ony kalbymyň töründe hemişelik bukup goýdum. Daşyňdan söýüp ýörmäge kaýyl boldum. Çünki, hak aşyk perwana dek özüni diňe şol oda urar. Ýanar, köýer, kül bolar, ýöne, başga ataş istemez. Okap ýörkäk, ýanyňa Şajyk bilen baranymda-da, gulluga gidip barýakamam, gullukdan gelýäkämem, hiç hili tamakinçilik bilen däl-de, diňe görüp geçmek, gözümi doýurmak üçin barypdym. Daş keşbime, gowuşgynsyzdygyma garamazdan, Hudaý maňa sen ýaly gyzy söýerlik yşk beripdir, şonuň özem maňa ýeterlik. Şonuň üçinem, seni menden hiç bir güýç — hatda ölümem aýra salyp bilmez!.. Sen ömürlik meňki. Baky... — Ah, Hapby, Hapby... — diýende Sümsüläniň maňlaýynda çyg göründi. Näme diýjegini bilmän ýaýdanjyrady. Çünki, bi biziň yşk barada ilkinji gezek ikiçäk hem açykdan-açyk gürrüň edip oturyşymyzdy. — Men diňe birtaraplaýyn söýginiň ykbaly keç bolýandyr öýdüp ýördüm. Şonuň üçinem, hemişe saňa nebsim agyrýady. Emma ine, seredip otyryn welin, ikitaraplaýyn bolsa-da, meňki seňkidenem beter boldy. Gowusy şolaryň hiç birine-de sataşmazlyk, asla yşga düşmezlik ekeni... — Sümsüle boýnuny bir tarapa gyşardyp, gussaly ýylgyrdy. — Özümiz-ä oglan bolduk, bilmedik, «golaýlaşaýma, ýakar» diýip, öwreden bolsa bolmady. Gowy zada sataşdykmykak öýdüpdiris. Şeýdibem şu güne düşdük... Şol pursat meniň Sümsüleden nädip şol güne düşendigi barada sorasym, siz hakda köpräk bilesim geldi. Ýöne, suw seňrikden agansoň, o zatlaryň takygyny bileniňde näme, bilmäniňde näme... Onsoňam, başga zada çatmasa-da, onuň siz bilen bagly öz taryhyny kim-kimlere aýtsa-da, maňa aýtmajakdygyna akylym çatyp dur ahyry. Meniň şolar ýaly bir bolgusyz soragy orta ataýmagymyň ahmaldygyny aňan ýaly, ol kagyz deý ýukalyp, aňyrsy görnüp duran akja aýalaryny çöpe dönen dyzjagazlaryna diräp ýerinden turdy. — ...Indem näme, Gün gijikdi. Öýlänem bir çak ekeni, ind-ä ol gyzar ikindä golaýlady. Hä diýmänem ýaşar. Iňrik garalar. Garaňky düşer. Aňyrsam näme, baky tümlükdir-dä... — diýibem, yraň-daraň, öýlerine tarap ýöräp ugrady. Onuň soňky sözlerini halamadym. Göwnüme her zatlar geliberdi. Aýdan sözlerem, bolup barşam birhili, bar zatdan göwni geçen, umytdan düşen, dünýeden doýan adamyňka meňzeýädi. Dogrymy aýtsam, öýüne däl-de, gysgajyk ädimler bilen göwünli-göwünsiz o dünýä barýan ýalydy. Bu ýagdaýda men onuň bilen hoşlaşyp biljek däldim. Men şol pursatyň özünde goluma gylyjymy alyp, Ezraýyl bilen wagtlaýynça arasy kesilen söweşimi dowam etdirmelidim. Sümsüläni onuň elinden alyp galmalydym. Halas etmelidim. Nädip ýabyň raýyşyndan içine bökenimem, onçakly okgunly bolmadyk, läbik suwa özümi uranymam, «alaşapyrdy» bolup aňyrky güzere çykanymam bilmän galypdyryn. Bir görsem: — Sümsüle, dur!.. Saklan!.. — diýip, oňa tarap ellerimi serip durun. — Saklandy. Allaniçiksi bolup bärisine öwrüldi. Endam-janymdan «şapyrdap» akýan suwa seredip ýylgyrdy. Men şol bir badym bilen: — Umytdan düşme, Sümsüle! Ýaňky ýaly ýaman sözleri agzyňa alma! Aýtma! Aňyňa-da getirme! Sen beý diýseň menem erbet borun. Hossarlaryňam erbet borlar. Tutuş etrabyň adamlaram erbet bolarlar. Çünki, sen öňem il-günüň guwanjydyň, häzirem şeýle, ýene-de şeýle borsuň. Işallasa gutularsyňam, durmuşyňam düzelip gider... — diýdim. Ol meniň süllümmaý bolup durşumy görüp, başyny ýaýkady. Megerem mekdep döwürlerimizi ýatlaýan bolsa gerek, nebsagyryjylykly ýylgyrdy. — Seniň henizem şol bir bolşuň-da, Hapby. Ömürboýy şeýdip, suwa bulaşyp geçdiň-dä... — Ol birdenkä çynlakaý sypata girdi. — Durmuş barada aýdanda bolsa, ýaňky aýdanym — indi giç... Maslahat, göwünlik bereniň, duýgudaşlyk edeniň üçin sag bol. Sen, umuman, gowy ýigit. Hemmäniň ýüregi seňki ýaly bolan bolsady, onda dünýäde diňe gowulyk bolardy. — Şeý diýdi-de, ol gamyşa dönen horja barmaklarynyň bäşisinem bilelikde maňa uzatdy. — Sag bol, Hapby... Razy bol... Ýagşylykda ýatla... Men ömrümde ilkinji gezek onuň bäş barmagynyň bäşisinem bilelikde gysdym. Ýöne, şol barmaklaryň bäşisiniň ýylysy birigip öňki Sümsüläniň bir barmagynyň ýylysyça-da ýokdy. Sowukdy. Ysgynsyzdy. Men hatda şol barmaklaryň gan damarlarynyň «tirsildisinem», aýasynyň mährinem duýmadym. Göwnüme bolmasa, asla onuň golunda dirilik alamatlary ýok ýalydy. Aýdan sözleri ýaly onuň gymyldap ýören beden agzalaram göwnüme bolmasa, o dünýeden wagtlaýynça, yzynda galdyryp giden bir zadyny alyp gitmäge gelen ýalydy. *** ...Hamala aýtjak bolan zatlarynyň barysyny aýdyp bolan ýaly, Hapby şondan soň uzak wagtlap, aşak bakyp, ozaldanam sal-sal bolşup duran keçe bölekleriniň güllerini ýolmalaşdyryp kän oturdy. Gözünden bolsa, birsyhly ýaş damjalary döküldi durdy. Şeýle-de bolsa, men şol wagtky ara düşen böwşeňlikden peýdalanyp, Sümsüläniň hut häzir nä haldadygyny, şol derdinden açylandygyny ýa açylmandygyny, açylan bolsa durmuşa çykandygyny ýa çykmandygyny, çykan bolsa kime çykandygyny, maşgala ýagdaýynyň nähilidigini Hapbydan soramalydym. Bilmelidim. Mümkin bolsa ony tapmalydym, görmelidim, gürleşmelidim, ötünç soramalydym, günämi boýnuma almalydym. Näme jeza berse, mert durup çekmelidim. Näme diýse-de, sesimi çykarman diňlemelidim. Günämi öten ýagdaýynda minnetdarlyk bildirmelidim. Oňa mundan buýana-da ak ýol arzuw etmelidim. Şonuň üçinem, men şol zatlary çekine-çekine Hapbydan soradym. Iň soňunda-da: — Ol häzir nirede? — diýdim. Hapby edil gandaryny gören ýaly gan öýen gyýak gözlerini gypyrjykladyp, ýüzüme seretdi-de, erniniň gyşyk tarapyny titredip: — Ol häzir şu ýerde... — diýdi. Inim jümşüldäp, depe saçym düýrügip gitdi. — Şu ýerde? O nähili şu ýerde? Bu ýerde näme işläp ýörmüşin ol?.. — Işlänok, ýatyr. — O nähili ýatyr?.. Hapby henizem ýüzüme gyjytly garap oturyşyna dişlerini gyjady. — Ýanyn ýatyr. Kybla bakyp ýatyr. Baky ukuda ýatyr... — Ol saňňyldap duran kirpisaç kellesini mazarystanlygyň gündogar çüňküne tarap ülňedi. — Ho-ol, tümmekleriň arasynda ýatyr. Şonuň şol ýerde ýatandygy üçinem men şu ýerde otyryn. Hapbynyň bu sözleri meni serpmeden gaýdan ýaly etdi. Beýnimiň içinde ýyldyrym çakyp, «şarňyldysam» ikä bölünäge-de, hersi bir gulagymyň içinden çykyp gidene döndi. Çalamydar sekem meniň içki howsalamdan habar berýän ýaly ― belki-de süňňüm saňňyldandyr― esli wagtlap «şakyrdady» durdy. Sümsüle barada nämeler eşitsem-de, beýle sowuk hem ajy habar eşiderin öýdemokdym. Şonuň üçinem, bir meýdan Hapbynyň salgy beren tümmeklerine tarap sessiz-üýnsüz göz dikip oturmakdan başga alaç tapmadym. Asyl, turaýyn diýsemem turup bilmedim. Ýöne men turmalydym. Ýarym sagat ýaly wagtymy sarp edip, nägerek ― eýle turdumam. Düşdümem. Barybir ýöräp ugrum bolmady. Göz atym aralyk şol wagt maňa kyrk menzildenem uzak göründi. Hapbynyňam yzymdan gelýändigini onuň «has-hasyndan», «pat-pat» edip aýak urşundan aňdym. Ine-de, ol meniň bilen deňleşdi. Soň öňüme geçdi. Gapdalynda ýene bir içi boş çukur garalyp ýatan köne mazaryň gapdalynda aýak çekdi. Men barýançam garaşdy. Başujunda çöküne düşüp, maňa-da «otur» diýen manyda, eli bilen yşarat etdi. Bolşuna görä aýat okady. El galdyrdy. Aýalaryny ýüzüne syldy. Menem şeýtdim. Diňe şondan soň aşaklyk bilen mazar daşynyň ýüzündäki ýazga seretdim. «Ýarboldyýewa Sümsüle 1950 ― 1985. Diýmek, ýogalanyna on ýyl bolupdyr. O wagtlar men entek Leningradda gezip ýördüm. Oňa çenlem Hapby «hasanaklap» ýerinden turdy. Mazaryň üstüne ernip durmazlyk üçin bolsa gerek, ýantaklap bir gyra çekildi. Uludan sowuk demini aldy. ― Ine, birwagtlar ikimizem otlara salan, bütin etrabyň göz-guwanjy bolan Sümsüle şü, Mähti mugallym. Men halys özümi ýitirdim. ― Bu nähili beýle boldy, Hapby? Ýa ol şo keselinden aýňalybilmän gidiberdimi? Günüň günortanky howry gaçyşyberenem bolsa, aýak üstünde durmaga mejaly ýetmän, Hapby özüni içi boş çukurdan çykarylan gumuň üstüne goýberdi. ― Şol günki, güzeriň başynda bolup geçen duşuşyk, hut şol günüň ertesi tutuş etraby sarsdyrjak apy-tupanyň buşlukçysy ekeni. Onuň şol günki aýdan sözlerindenem, özüni alyp barşyndanam men ýöne ýere gorkman ekenim. Şonda ol hakykatdan-da, meniň bilen hoşlaşan ekeni. ...Ertesi irden ukudan turşum ýaly penjiräniň öňüne bardym-da, tutusyny syryp daşaryk seretdim. Görsem, goňşular sozan-da-guýruk bolşup, bir ýana haýdaşyp barýalar. Erkekleriň başlary telpekli ýa papakly, aýallaryň oralraklarynyň we garryraklarynyň alkymlaryna-ha ak, ýaşlarynyňka bolsa sary dasdar oralan. Elbetde, bu zatlar ýasyň alamatydy. Ýüregim bir zat syzan ýaly, ylgap daş çykdym. Oňa çenli Şajygam ýanyma geldi. Ýeldirilip barýanlaryň birini saklap, kime, näme bolanyny soradyk. Ol badyny gowşatman barşyna: ― Sümsüle... Sümsüle... ― diýdi-de, bir elini boýnunyň daşyna aýlap, soňam ýokaryk ülňedi. ― Öten agşam... Şeýdipdir... Meniň üçin bir demde dünýe boşap galdy. Bar zat manysyny ýitirdi. Edil depämden kimdir biri küdüň bilen uran ýaly, jümle-jahan dymdy. Adamlaryň agyzlary açylyp-ýumulýa, ýöne, içlerinden ses çykanok. Gün parlap doganam bolsa, daş-töwerek tüm garaňky. Hiç kim, hiç zat görnenok. Hatda gapdalymda duran Şajyganam saýgaramok. Men diňe onuň: ― E-eý, Hapby, saňa näm bolýa? Bar, öýe gir-de ýat... ― diýen sözlerine özüme geldim. Jahan kem-kemden ýagtyldy. Şajyk öýe girip papagyny alyp çykdy. ― Men baraýyn. Jaýlaşaýyn. Sen soňrak baraý... Agşamrak... Gitdi gär geçi ýaly ýeňsesini ýaýkyldadyp. Ýüregimi bire baglap menem yzyna düşdüm. Baryp, köpçülige goşuldym. Hemişe men her gün ir bilen: «Belki, şu gün Sümsüläni görerin» diýen umyt bilen oýanýadym. Şol umyt bilenem öýden çykýadym. Şol umyt maňa güýç, kuwwat berýädi. Ýaşaýyşa bolan höwesimi artdyrýady. Günden-günlere, aýdan-aýlara, ýyldan-ýyllara atarýady. Indi men o zatlardan dynç. Öňem-ä zat bilen höwseläm ýokdy welin, ind-ä asylam hiç zat gerek-gä. Çünki, ne aramyzdan akyp geçýän ýabyň boýunda, ne öz şäherçejigimiziň içinde, ne gökde, ne ýerde, asla sary aždarha meňzeş, ne öňi, ne ardy görünýän dünýe atly saraýyň hiç bir künjünde, hiç haçan Sümsülä gabat gelmen. Düýnki ýaly, tötändenem sataşaýman. Indi bar umyt düýşe bagly. Ýüzümi sallap, mugruljyrap durşuma, içimden edýän şolar ýaly oý-pikirlerim mende: «Eger-de içinde Sümsüle bolmajak bolsa, onda biziň bujagaz hüssüjek şäherçejigimiz kime gerek? Asman ýere inip, zemin çepbe çöwrülenden soň, asla bu dünýe nämä gerek? Onsoňam, bujagaz adamlaryň beýdişip, o ýan, bu ýan söwedeňleşen bolup ýörmeleri nämekä? Ýa olar kyýamatyň gopandygyndan bihabarmykalar» diýen ýaly içgepletmeleriň başga bir, has hem mojuk toplumyny döredýä. Olaram öz gezeklerinde meni terkidünýälige tarap itekleýär. Şeýtany salgy berýä. «Bar, şonuň bilen maslahatlaş, ol saňa has aýdyň ýol salgy berer» diýýä. ...Ine-de Sümsüle bilen hoşlaşmak pursaty gelip ýetdi. Aýalu-erkek, uly-kiçi gezek-gezegine girip-çykyp başladylar. Ýarym sagada çeken ýürekgysgynç hem ýüregedüşgünç girim-çykymlardan soň bir sary dasdarly, dolmuş aýal iç tarapdan gelip, iki elinem söýä diredi-de, gapydan boýnuny uzadyp, çilimkeş erkek adamyňky ýaly «war-war» edip duran «zorruk» sesi bilen: ― Synpdaşlary gelsin... ― diýdi. Olaryňam häliden bäri çat maňlaýymda topar tutup durandyklaryny şondan soň bilip galdym. Çagyrylan gapa tarap usullyk bilen süýşüp ugranlaryndan soň, menem baryp olara goşuldym. Jansyz jeset bilen ýüzbe-ýüz durup hoşlaşmak ýaly ýaman zat bolmaz ekeni. Onda-da ol seniň dünýäde iň eziz görýän adamyň ― dözmeziň, gyýmazyň, mähribanyň bolsa. Sümsüle şol ýatyşyna-da örän owadan görünýä. Ýüzünden nur, gabaklaryndan mähir dökülýä. Allahyň ýaradan şeýle üýtgeşik gözelliginem adamlaryň häziriň özünde eltäge-de, göwünleri bir ýaly, gara ýere süsdürip gaýdyberjekdiklerine ynanmak kyn. Wagt gyssag. Adamlar howlukmaç. Gezegine garaşyp duranlar bolsa kän. Hernäçe aýrylasyň gelmese-de, merhumyň ýanynda uzak eglenmek bolanok. Diňe: «Razy bol, menem senden razydyryn», diýip, geçibermeli. Menem şeýtdim. Ýöne, yşk ataşyna ýana-ýana gara köýük bolan ýüregiň welin, ojagaz jümle bilen çäklenäýesi gelmedi. Mendenem böküp öňe düşdi-de: «Hoş, meniň elýetmez arzuwym! Maňa öz mährini rowa görmedik, arassa söýgimi äsgermedik, ýekeje gezegem ýüzüme gülüp bakmadyk hökmürowanym...» diýdi. Men oňa usullyk bilen: «Edil beýle diýmelem däldiň. Düýn ýüz berd-ä, gürleşd-ä» diýdim. Ejiriň agramyny özi çekip ýören garabagryň meň bilen agzyny deňäsem gelmedi. Biz daş çykdyk. Deregimize başga bir topar girdi. Merhum öýden çykarylandan soň, gapynyň agzyna bolluk bilen dökülen ürgün ak çägäniň üstünde edilýän dessurlara goşulybilmesem-de, jynaza okalyp, tabyt göterilen wagty, iň ýakyn hossarlaryndan talap edilýän iň soňky «waýyna» welin goşuldym. Tabydyňam yzkam bolsa, bir taý sapyny aljak boldum, ýöne Aman wagtynda aňdy-da, tirsegi bilen böwrüme «hürsekläp» goýberdi. Başga biri bolsa, çignimden penjeläp bir gyra çekdi. Eliniň ýylysyndan çen tutup, men onuň Şajykdygyny aňdym. Ol agzyny gulagyma golaýladyp: «Göze-başa düşüp ýörme. Özüňem mert bol. Gowus-a öýe git...» diýdi. O diýenin-ä etmedim. Edibem biljek däldim. Ýöne, tä öwlüýä baryp, mazardan çykan öl gumuň üstüne emaý bilen goýýançalar, tabydyň bir sapyny aljak bolup birsyhly dyrjaşdym gitdim, öwran-öwran gelip ýapyşdym. Amanam gaty erjel ekeni. Eýgertmedi. Näçe gezek topulyp baran bolsam, şonça gezegem tirseginiň tersi bilen çem gelen ýerime kakdy durdy. Topraga duwlanyş hysyrdylaryna gatnaşmaga welin hiç kim päsgel bermedi. Hatda jesedi eline alyp, «kiçi öýüne» salanlaryňam biri özüm boldum. Şojagaz hyzmatlarym üçinem, armanly köňlüm az-kem teselli tapan ýaly boldy. Ýöne, ýüzüni kybla bakdyryp, içinde sag çignine ýatyranlaryndan soň, kiçi jaýynyň agzyny bişen kerpiç bilen beklejek bolanlarynda welin saklanyp bilmedim. Dikligine bir hatar edilip örülip barýan akly-gyzyllyja kerpiçjagazlaryň meni Sümsüleden ömürlik aýra saljakdyklaryna kaýyl bolup bilmedim. Näme edýändigimi özümem bilmezden örboýuma galypdyryn-da, iki elimem dik ýokary serip: ― Ýo-o-ok!.. Beýtmä-äň!.. Ýap-ma-aň!.. Adamlar, bu Sümsüle ahyry-y!.. ― diýip, ulyilim bilen gygyrypdyryn-da, «şalkyldap» gaýdypdyryn. Elbetde, meniň ol edişim ýeke bir türkmençilige däl, külli musulmançylyga-da, adamzat ähline-de sygýan zat däl. Kim bolsa bolsun, öldümi ― ýere duwlaýmaly. Ýöne, öwlüýä ýaly mukaddes ýerde men ýaly ýarym däli bilen deň bolmajak bolupdyrlarmy, ýa aralaryndan akyllyrak biri tapylypdyrmy, eýýämhaçan özüme gelip, gözümi açandygyma garamazdan, maňa eýle-beýle diýibem durmandyrlar-da, sessiz-üýnsüz golumdan çekip çukurdan çykarypdyrlar we bir çetde oturdypdyrlar. Her gapdalymda-da bir dyzmaç pyýadany dik duruzdylar. Ümezläp duran gözlerime Amanyň käte bir özüme tarap alarylyp seredýäni görünýär, ýöne, o-da sesini çykaranok. Indi hemmeler meni «telbe» hasap etseler gerek, diýip öz ýanymdan oýlanýan. Sümsüläniň mazarynyň üsti tümmek bolandanam essim aýylyp özümden gidipdirin. Ýöne-de ýatmandyryn-da, kakynypdyryn, urnupdyryn, agzymdan ak köpük saçyp, gysa-gysa dişlerimi döwüpdirin. Şol kesel öň mende ýokdy. Şondan soň welin ömürýoldaş boldy. Henizem aýrylanok. Sähelçe begensem ýa gynansamam gaýtalap dur. Oduň-suwuň başynda maňa ýeke galmak bolanok. Birdenkä tutaýsa dagy gorkaýmaň. Dişimi açjak bolubam azara galmaň. Peýdasy ýokdur. Bir gara der gelenden soň özüm açylyp gidýändirin. ...Näçe wagt urnanymy bilemok, dört-bäş sany adam daşymy gallaşyp durlar. Şajyk eli bir jüňňül suwly maňa tarap ýegdekläp gelýä. Kimdir biri: «Bular ýaly «hyltly» adamy muňňaly ýere alyp gaýtmaly däl-ä...» diýip, käýinýä. Seretsem, jaýlanyş dessurlary tamamlanypdyr-da, adamlar başujuna «jür» dikilen mazaryň daşyna halkalaýyn aýlanyşyp otyrlar. Molla aýat okaýa. Şajyk elindäki demir jüňňüli agzyma tutýa. Içirjek bolýa. Galanyny ýüzüme sepýä. Kellämden guýýa. Öňem üsti-başym gum bolansoň, suw köp ýerimi palçyk edýä. Ýüzüm-gözüm görer ýaly bolanok. Men ― tüýs men bolýan. Ellerini ýüzlerine sylmak üçin çommalyşyp oturan gölegçileriňem gözleriniň biri mollada bolsa, biri mende. Bakyşlarynda: «Beýdip özüňe jebir edip ýörmek nämäňe gerekdi» diýen many bar. Men olara-da düşünýän. Ýöne, düşünýändigimi düşündiribilemok. Özlerinden bilip bolsa düşünenoklar. Düşünjegem bilenoklar. Sebäbi, men Hapby. Aýat gutardy. Hemmeler owuçlaryny goşalap ýüzlerine syldylar. Kimdir biri merhumyň nähili adamdygyny sorady. Barysy biragyzdan: «Gowy adamdy» diýdiler. «Ýeri, Sümsüläniň nähili adamdygyny soramak nämä gerek diýsene...» diýip, öz-özüm kejikýän. Şondan soň adamlar gölesi galan sygyr ýaly, gelendäkilerdenem has çaltlyk bilen şäherçä tarap «hasanaklaşyp» ugradylar. Iki gapdalymdakylaram ilk-ä meni nätjeklerini bilmän ýaýdanyşdylar, soňam äpberdiler-de, bir ujy eýýäm öwlüýäň derwezesine ýeten gölegçileriň yzlaryna düşdüler. Men golaýda bir ýerde Şajygyň gyzgyn demini duýdum. Ol arkamdan gelip goltugymdan göterdi. ― Tur! Maşyna mün, gideli ― diýip, ýuwaşja pyşyrdady. ― Aýtdym-a, men saňa, gelme diýdim-ä... Men garşylyk görkezip başladym. ― Jan agam, şumat maňa degme. Ýerimden gozgama... Äkitme... Eltseňem durman... Barybir gaçyp gaýdaryn... ― Ol meni süýrekläp ugrady. Men aýaklarymy ýere diredim. Edil gulluga barýakam ýalbaryşym ýaly, halys ýüregimden syzdyryp: ― Ir-u-giç kömek etjek bolsaň, şumat et, jan agam. Degme maňa... Özüňem git! Meni ýeke goý!.. Agşamlyk özüm baraýyn... ― diýdim. Ýa-ha bu gezegem ýagdaýyma düşündi, ýa dözmedi, ýa-da barybir derwezäniňem daşynda duran ulagyna çenli süýrekläp äkidibilmejegine gözi ýetdi, garaz, kemiş-kemiş edip hamsygyp durşuna: ― Ýeri, bolýa, ýöne, agşam gelip, elim çyraly gözlemeli edäýme... ― diýdi. Egnimden ýük aýrylan ýaly, başymdan duman sowlan ýaly boldy. Şajygyň garasy daşlaşdygysaýy janym aram tapmak bilen boldy. Çünki, şol pursat men ömrümde ilkinji gezek Sümsüle bilen ikiçäk galdym. Mundan bu ýanada men hemişe onuň bilen ikiçäk, bileje bolaryn. Indi meni ondan hiç kim, hatda Mähti mugallymam aýryp bilmez. Men indi oňa hem sakçy, hem müjewür, hem garawul bolaryn. Esasy zadam ― hossary bolaryn. Tutgaý halys ysgynymy alan ekeni, esli wagtlap gozganybam bilmedim. Özümi doly dürsänimden soňam, ellerimi ýere diräp, otyrýerim bilen süýşenekläp, käte emedekläp, mazaryň ýanyna bardym. Yzgar gumuň ysy gelip duran tümmege maňlaýymy goýanymdanam usurgapdyryn. Şajyk haýyş edip giden bolsa gerek, müjewüriň aram-aram gelip, habar tutup gidýänini bilýän. Gözýaşymdan ýaňa mazaryň men taý böwri öl-myžžyk bolupdyr. Maňlaýym, burnum bolsa durşuna palçyk. Şajyga ýalançy bolmazlyk üçin gyzar ikindinler ýerimden turdum. Müjewüre gidip barýanymy aýtdym. Üstünden gülere men ýaly saly gowşagrak adamlary gözläp ýören, agzy parawuzsyzlaryň biriniň: «Bu näme, görden çykdymykan-aý» diýmezi ýaly, ondan bir jüňňül suw alyp ýüzümi ýuwdum. Barybir, üýtgän zad-a bolmady welin, şonda-da üst-başymam kakyşdyrdym. Işigimizdäki daşy demirden kebşirlenip, düşegi ýasy tagtadan goýlan belent hem giň sekiniň gyrasynda aýaklaryny hallanladyp, ýoluma garap oturan Şajyk maňa gözi düşenden: ― Bar, hammama gir-de ýuwun. Eşikleriňi çalşyr. Özüňem gaýdyp görünme şo ýerde. Şu günem düşekdäkileri «wazzygy» sen bolduň. Amanam nätjegini bilenok. Hemmesiniňem gözi mende. Sen dawaý, gowusy, ertir irdenjik öňki işlän ýeriňe bar, seň üçin täzeje maşyn gürleşip goýdum. Işle. Ýogsam düýnki «çykyşyňdan» soň seni «psihuşka» ibermekligiň gürrüňini edip ugranlaram ýok däl, etrap ýolbaşçylarynyň arasynda. Esasanam demiňden düşüş, biz saňa gyzam taparys, öýlendirerisem. Honha, Hally agaň gyzy Tokga dili-agzy ýok diýmeseň, başga kemi ýok. Mellegem äbäris, özbaşyňa jaýam salyp bereris... Sesimi çykarman, hammama girdim. Ýuwundym. Çalşyryndym. Ýöne, iýip-içmedim. Işdäm bolmady. Bar güýjüm iki çetem büzmekli goşa ýassyga ýetdi. Içeri girip, şolaryň birin-ä başyma goýup, beýlekisinem gujagyma alyp ýatypdyryn. Düýşümde ýene-de Sümsüläni görüp ýörün. ...Uç-gyraksyz düýşüň içinde gol-boýna salşyp, gülälekli meýdany gulaçlaşyp ýörüs. Özümizem aýdym aýdýas. Sesimem şeýle bir gowumyşyn, özüm haýran galýan. «Mähti mugallym meni gurnakdan sesim üçin däl-de, hakykatdanam, Sümsüleden gabanyp kowan ekeni» diýip, içimi gepledýän. Aýdymdan soň, gujaklaşyp durýas. Sümsüle tebigatyň ajaýyp manzaryndan gözüni aýrybilmän durşuna: «Bu ýerler gör, nähili owadan... Öňräk gaýtmaly ekenik...» diýýä. Menem: «Howwa, sebäbi bu biziň öz dünýämiz — diýýän. — Şajyk bolsa «kolhozstroý» diýdi, «iş» diýdi, «psihuşka» diýdi, biziň bu dünýämizden bihabar, ýok zatlaryň gürrüňini edýä...» diýýän. Birdenem bize ganat çykýa-da, asmana göterilýäs. Galdygymyzsaýam ganatlarymyz ýaýbaňlanyp, asmanyň has çuňluklaryna aralaşýas... Soň bize perişdelerem gelip goşulýalarmyşyn... ...Oýananyma şeýle bir gynandym welin, hiç aýdyp-diýer ýaly däl. Şonuň üçinem, hamala şol ýere barsam asman merduwany garaşyp duran ýaly, turşum bilen «Kolhozstroýa» däl-de, öwlüýä tarap ylgadym. Barşym ýalam Sümsüläniň mazaryna baş goýdum. Goýşum ýalam ýene-de şol, öz dünýämiziň bezegi bolan gök asmanymyza, gül-gülälekli zeminimize, Sümsüläme gowuşdym. Ol akja bulutlaryň arasynda, ak ýüzli, ak perişdäniň sypatynda, akja ganatlaryny kakyp, tans edip ýören ekeni. Gözi düşendenem maňa tarap «şaglap» gaýtdy. Gelip emaý bilen gapdalymda gondy. Ganatlaryny açyp gujagyna gysdy. «Geldiňmi-i...» — diýip pyşyrdanda, ýyljak hem ýakymly demi ýüzümi ýelpäp goýberdi. — Bu öten agşamky düýşümiziň dowamymy?..» «Howwa... — diýdim. — Ýöne bu düýş däl. Wysal. Bu mundan buýana hem dowam eder durar. Hiç haçan gutarmaz. Sebäbi, bu biziň öz dünýämiz. Hakyky, baky dünýämiz...» ...Howwa, ýoldaş Mähti mugallym. Ondan indiberin aýra düşmezlik, onuň bilen öz, hususy dünýämiziň içinde hemişelik galmak, ýaşamak üçin, men şondan soň günüň-gününe şu ýere gatnap başladym. Soňabaka müjewür bilenem öwrenişdim. Dostlaşdym. Daşyndan dymma, hyýrsyzrak görünse-de, ol juda polady ýumşak, gowy adam ekeni. Ol indi maňa düşünýän adamlaryň Şajyk bilen Aýtuwakdan soň üçünjisi boldy. Onuň ady Narly. Narly aga. Ol maňa turuwbaşdan akyl berjegem, terbiýelejegem bolmady, eýt-beýt, eýtme ýa beýtme diýip ýüregime-de düşmedi-de, ugruma kowuberdi. «Hä-hümümi» ýetirdi. Gerek ýerinde elmaýyşlyk etdi. Gynanmaly ýerinde gynandy. Käte nebsi agyrdy, garaz, barha meni özüne öwrenişdirdi. Her gün günortan garbanar ýaly, ýanym bilen ony-muny getirýädim, Narly aga maňa şonam gadagan etdi. «Mende näme bolsa bileje iýerisem, içerisem» diýdi. Käte gam-gussa batybersem: «Her kimi bir köýe salan Allah» diýipdirler, gaýrat et, ýüregiňe bir zat guýan bolsa, çeker ýaly kuwwatam berer...» diýdi. Açyk aýtmasa-da, Narly aganyň özüniňem bir wgatlar şolar ýaly güne düşüp gören bolaýmagynyň ahmaldygynam men aradan aýramok. Elbetde, indi altmyşdan mazaly agan bu kişiniň öz öýem, aýalam, çagalaram bar. Güzeranam ganymat. Belki, şonuň üçindir, men akylymy bilelim bäri şu ýerde görnüp ýör welin, hiç ýerden aýlyk-günlüg-ä alanok. Gelen-giden zyýaratçylaryň goýup gidýän maýda-çüýde pullarynam şol ýygnaşdyryp bir ýere-hä tabşyrýa, ýöne, tabşyrmaýanda-da ojagaz pul bilen bir öýüň keşigini çekip bolmajakdygy köre hasa görnüp dur. Şeýle-de bolsa, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol ýagdaýdaka-da: «Sen mugt gazanç edýäň...» diýip, o görgülini mahal-mahal şeýle bir silterleýädiler welin, «it görse gözi agarjak» diýenleri bolýa. Şolar ýalyda men: «Megerem şol adamlaryň edere başga işleri ýok bolsa gerek» diýip, öz ýanymdan oýlanýadym. Öňi-soňy günümi şu ýerde geçirýändigime görä, ine, özüňizem görüp dursuňyz, häzirem, şol wagtam men Sümsüläniň mazarynam, onuň daş-töwereginem syryp-süpürip, iňňän arassa saklaýadym. Gowy öwrenişenimizden soň Narly aganyňam oduk-buduk işlerine kömekleşip başladym. Şondan soň ol zyýaratçylaryň ýanynda degşip, meni käte-hä «kömekçim», käte-de «orunbasarym» diýip atlandyrmaga başlady. Şeýle-de bolsa bu ýerde meniň esasy «işim» Sümsüledi. Onuň bilen men şeýle bir ysnyşdym welin, soňabaka asyl gidesimem gelmedi. Şeýdip, gijelerine-de galyp ugradym. Özümem Narly aganyň jaýynda däl-de, Sümsüläniň mazarynyň başynda ýatdym. Muny hemmedenem beter Şajyk ýokuş gördi. «Sen bizi il masgarasy etdiň» diýip, bir gün-ä hakyt aglady. Her gün agşam ulagy bilen yzymdan gelip alyp gitdi. — Waý, ne gözel balam Mežnuna döndi, çöldeki boldy, hiý, beýle-de bir zat bolarmy...» — diýip, bu işe ejemem goşuldy. — Men-ä, Şajyk, şuny hökümete özüm eltip tabşyraýmasam boljak däl öýdýän — diýip, bir görsem kakamam üstüme dyzap dur. Ýöne, Hudaýyň güni, aýy kän. Bir gün saklasalar, ikinji güni gaçyp gaýdýan. Bolup ýörşüme çydaman, ahyr bir gün Narly aga Şajygy ýanynda oturtdy-da: — Siz, inim, şuňa degmeseňizläň. Şu-da öz erkine edenok şu zatlary. Muňkam bir dert. Özem Allahtarapyn. Şoň garşysyna gitmeseňiz gowy bolaýmasa... — diýdi. Şajygam böwrüni diňläp oturdy-oturdy-da, ýuwduna-ýuwduna: — Bolýa, ýaşuly. Ýöne, özüň habardarrak borsuň-da. Nädeli, bizem ynjalybilemzok. Iň ýamanam, ejem bilen kakam ikisi alada edýäler. Onsoňam... Tomsuna bolsa-da, gyşyna bir öýe barsyn. Birden gatap galaýmasyn... — diýdi. Narly aga razylaşdy. Şondan soň Şajyk maňa tarap «hüžžerildi-de», azmly gepledi. — Düşdüňmi?.. Men baş atdym. Ýöne, «Narly agaň jaýynda ýatýan» diýen bahana bilen, gyşyna-da öýe barmadym. Şeýdip, ine, şu ýerde men, Mähti mugallym, on ýyl bäri ýatyp-turup ýörün... — diýende, Hapbynyň düýäň hamyndanam galyň ýüzi biliner-bilinmez ynjap gitdi. Şol wagt meniň öz ýagdaýymam Hapbynyňkydan gowy däldi. Şeýle-de bolsa, men Hapbynyň berip oturan gürrüňleriniň anygyna ýetmelidim. Käbir zatlary entegem, iň bolmanda, özüm üçin aýyl-saýyl etmelidim. Iň bärkisi Sümsüläniň mazarynyň gapdalyndaky açyk ýatan çukuryň nämedigini, näme üçin gazylandygyny bilmelidim. Çünki, şu ýere gelelim bäri ol çukur meniň üçin örän syrly görünýärdi. Şonuň üçinem, ara düşen ýoňsuzja dymyşlykdan peýdalanyp, men Hapba şol soragy berdim. Megerem ol muňa garaşan bolsa gerek, berjek jogabyna buýsanýan ýaly, petekesini gaýşardyp, göwresinem dikgertdi-de, uly hyruç bilen: — Ol çukur däl, Mähti mugallym, mazar... — diýdi. — O nähili mazar? Onuň içi boş ahyry... — Boşam bolsa mazar şol. — Kimiň mazary? — Meň mazarym. Men garaçynym bilen kejikdim. Hapby dogrudanam akylyndan azaşaýdymyka öýtdüm. — Sen entek diri ahyry! Hiý, diri adamyňam bir mazary bolarmy? — Näme diýseňizläň, Mähti mugallym... — diýip, ol göwni bir ýaly gürrüňini dowam etdirdi. — ...Janly tebigatda bolşy ýaly, adamyň ruhy dünýäsem hemişe ösüşde bolýan ekeni. Şoňa görä, Sümsüläniň mazaryny ýassanyp ýatanyma bäş ýyl diýlende indi öňküsindenem beter saňňyldawuk bolan kelläme: «Sümsüläniň mazarynyň gapdalyndan şoňa ýanap bir mazar gazmaly, ölýänçäm-ä şoň içinde ýaşaryn, ölenimden soňam, goý, meni şonuň içinde jaýlasynlar...» diýen pikir geldi. Muny men Narly aga bilenem maslahatlaşdym. «Şol gyzyň gapdalynda bir adamlyk ýer bar. Sähel haýal-ýagallyk etdigimem ony biri eýelär. O-da aýal adam, ýa gyz maşgala bolsa-ha ne ýagşy, erkek adam bolup, özem ýaş-ýuş, üstesine-de öýlenmedik bolsa dagy dat günüme! Men oňa döz gelibilmen! Öňkimdenem erbet güne düşerin. Sümsüläni ýene bir gezek elimden aldyran ýaly borun...» diýdim. Narly aga meni diňläp bolansoň «heh» etdirip, başyny ýaýkady-da, şeý diýdi: — Şu meselede Hapby jan, men saňa «pylan zat» diýip biljek däl. Sebäbi, seň bu etjek bolýan işiň ilde-günde görlüp-eşidilen zat däl. Hökümetiň ýagdaýynam özüň bilýäň, öliň-diriň bir garyş ýeriňem hasabyny ýöredip otyr...» — diýdi. — Bor, Narly aga. Sen: «Beýtme» diýmeseň bolýa. Hökümedem näme diýse görübiris — diýdim-de... — Ol çukura tarap eňegini ülňedi. — ...Ine, şu ýerden «tarpyldaga-da» şu çukury gazdym. Görüp durşuňyz ýaly, hem-ä içine gum syramasyn, hemem görene göz bolup durmasyn, diýip, üstüni çöp-çalam bilen köprüledim. Içine gar-ýagmyryň suwy gitmez ýaly, gyralaryny kenaraladym, jürlewük gazyp, suwy pese akar ýaly etdim. Girip-çykar ýaly bir burçuny boş goýup, içine merduwanjyk söýedim. Köne-küşül keçe, düşek, ýassyjak atdym welin, «şaglap» duran, tomsuna salkyn, gyşyna ýyljak «jaý» boldy. Şeýdip, men günüň-gününe, gijeden-gije, gyşyn-ýazyn şoňa girdim-çykdym ýördüm. Käte bir Narly aganyň ýanyna baryp gaýdaýmasam, ýeriň ýüzüne çykamokdym, diýen ýaly. Onuň özi welin, häli-şindi gelip, habar tutup gidýädi. Oduk-buduk getirýädi. Meň degişmeçil däldigimi bilse-de: «Hapby jan, muňa togam çekdiräýmeli ekeniň...» diýýädi. Käte Sümsüle bilen «gepleşip» otyrkam ütsüme geläýse dagy, «jaýymyň» gyrasynda çommalyp oturyşyna: «Näme, o dünýäniň «soňky habarlaryny diňleýäňmi» diýip, syrtarylýady. Aýdan sözüniň janyma ýakmadygyny bilibem, turup, ötägidibermek bilen bolýady. Özüm welin özümi iň soňky maksadyna-da ýeten, gelmeli ýerine gelen, dünýede iň bagtly adam hasap edýädim. Şeýle-de bolsa, «bagtyň çägi ýok» diýlişi ýaly, bir gün kelläme özümi ondanam has bagtly eder ýaly, ýene bir pikir geldi. Ýagny: «Uly jaýymyň» Sümsüle tarapky böwründen «kiçi jaýymam» gazaga-da, oňa has golaýlaşmaly. Şonda men onuň bilen edil, bir düşekde egin deňläp, bir ýassykda başlaşyp ýatan ýaly borun...» Ýöne, o pikirimi Narly aga duýdurmakdan welin, şol gezeklikçe saklandym. Çekindim. Bir göwün alyşýanym-a şol, ondanam iň soňkusyny eşidäýmäýin, diýdim. Iň bolmanda soňky pursata çenli gaýra goýdum. Ýöne, doga kembagt bolsaň bolmajak ekeni, Mähti mugallym. Özi aýlanmasa, pelegiň çarhyny eliň bilen aýlap bolmaýan ekeni. Nädip ýeteni, kimden ýeteni belli däl, kiçi öý-ä beýle-de dursun, adamlar maňa öňküje çukurymam, şojagaz döwranymam, şojagaz bagtymam köp gördüler. Birnäçe ýyl bäri, bir ujy mahal-mahal gulagyma degip-gidip duran «myş-myşly» gürrüňler ahyry çyn bolup çykdy. Meniň gazan çukurymyňam, özümiňem, dabaramyz dag aşdy. Etrap häkimine, hukuk goraýjy edaralara çenli baryp ýetdi. Narly aganyň eden ätiýajy, Şajygyň birwagtlarky, «psihuşka» babatdaky eden duýduryşy dogry, meniň: şolaryň başga edere işleri ýok öýdýän, diýip aýdan çaklamamam çyn bolup çykdy. Çünki, olar ýeke bir özlerine habar ýetendigi bilenem oňmadylar-da, gezek-gezegine üstümde döwnäp, çöwjeşip başladylar. Elbetde, «öňürti sen başla» diýendirler-dä, öňi bilen gelip üstüme erinenem birküç ýyllykda halys başga adam tapylmansoň, etrabyň ymamlygyna saýlanan, ömrüni arak içip, märekäni bulap geçiren, Gaýyp sama boldy. Ol bir gün guşluk wagtlary özüniň ir zamanlarda «lotoreýasyna» düşen gökje «Zaporožesini» «tarladyp» geldi-de, hamala sag adam bilen gürleşýän ýaly, gollaryny galgadyp, agzyndan tüýkülik syçradyp, üstüme «herrelmäge» başlady. — E-eý, sen-e-eý, gowuja bol-e-eý!.. Içiňde janyň bar, ölendigiň barada dogtordan resmi hatyň ýok, utanaňokmy görde ýaşap ýörmäge? Ýa hossarlaryň barysyny basdyrtjak bolýaňmy? Dälihana düşjek bolýaňmy? Ýa-da ine, mana, aýdaly, nesibäň işläp, birdenkä öläýen halatyňda il deňinde, adam şekilli jaýlanmak hukugyňdan mahrum boljak bolýaňmy? Seň mynyň jenaýat. Döwlet kanunçylyklarynyň gödek bozulmasy! Ýoýulmasy! — Ol gitdigiçe bat aldy. Ulagyny öçürmändigi üçin tutuş öwlüýä ajy tüsse gaplandy-da, öz tüssesine özi boglup, üsgürmäge başlady. — E-eý... Onsoňam-e-eý... Üh-he, üh-he-e... O bar-a, sen bar-a... Kh-he... Khm-khm!.. Sen... Onsoňam, sen bilýäňmi, çto öwlüýäň şu çäginde seň hiläň ýokdugyny. Dogtordan «ölüm haty» getiräýeniňde-de seni şu ýerde jaýlamaýalar! Sebäbi seň obaň ýeri öwlüýäň o çetinde... I-i-i... E-e-e... Näme, ýurt eýesizdir öýtdüňmi? Görköwdi ýaly açyk mazara girip-çykyp, teretorial düzgüni bozarça sen kim bolupsyň?.. Ýa özüňe Görogly diýdirjek bolýaňmy... — diýibem sözüni soňlady. — tak çto, marş, häziriň özünde şu ýerden! Göter, gülberiňi!.. — Agam, «kim bolupsyň» diýeriň ýaly, men bu bolup ýörşümi özüme dereje saýamok ýa häkim bolandyryn öýdemok, ýöne nädeýin, Barhuda boýnuma goýupdyr, menem çekip ýörün. Şu günümem köp görýän bolsaňyz, kada-kanunam gabryň içinden gözleýn bolsaňyz... men-ä bilmedim-ow... — diýip, sakawlap başladym welin, menden dagam gaýtargy eşidenine namys etdimi, ýa ejizläp duranyma ekezlendimi, täzeden örç alyp başlady. — Gep nokatlama! Diwanasyrama!.. «Mynny-mynnyňy» az et! Düzgüni bozanyň sag bolsa türmä, däli bolsa dälihana iberilýänini bileňokmy? Bildireýinmi ýa?.. Hä? Hüm?.. Üh-he... kh-he... Bildirmelimi? Äkideýinmi? Dykaýynmy eltip şolaň birine?.. Haýsyna gitjek?.. Ýa düşdüňmi diýlenlere? Dawaý, onda göm onyňy, öz gömmäjegiňe gömmänkäler. Özüňem öýüňe git! Işe gir! Pişe edin. Döwletde «däli» ýa «diwana» diýen wezipe ýok. A to, daşary ýurtlularyň biri ýadygärligi görmäge gelende suratyňy alar-da: «Ynha, türkmenler nirede ýaşaýalar» diýip, dünýä ýaýradar. Gaty düýpden gozgalan bor-a çemeli, meniň meseläm Gaýyp samanyň ojagaz abaý-syýasaty bilen dagy tamamlanmady. Uly bir jenaýatyň üstüni açan ýaly, şondan soň kanuny goraýjy edaralaryň işgärlerem bir çozandyrlar-ow üstüme, baý-ba-a... Gaýyp samanyň gelip-giden gününiň ertes-ä: häkimlikdendiris, diýşip, birmeňzeş geýnen, goltuklary goňur päpkeli, iki sany ýülmek, ýaş oglan geldi. Münüp gelen «lökgelerinden» düşüşleri ýaly, tumşuklaryny dik ýokary tutuşyp bir zatlar diýişdirdiler-de, «mün, maşyna» diýen manyda elleri bilen yşarat etdiler. Münmejek boldum welin, «kömekleşdiler». Şäherçä ýetiberenimizde olaryň biri sürüjiniň gapdalynda oturana bakyp: «Bu durşuna-ha o ýere eltip bolmaz muny...» diýdi. O-da sürüjä tarap egildi-de, gulagyna bir zatlar diýdi. Sürüji baş atdy-da, ruly göni biziň öýümize tarap öwürdi. Ejem tamyň kölegesinde çaý içip oturan ekeni. Meni görüp aglady. Bir zatlar diýdi. Şol wagt kakamam öýden çykdy. Bir maňa, birem ejeme tarap gaharly seretdi-de: ― Goý, aglama, Mamyş. Özünden görsün... ― diýdi-de, ýene-de yzyna girip gitdi. Ejem «hyk-çok» ýerinden turdy-da, oglanlaryň ýanyna bardy. Meni nirä äkidip barýandyklaryny sorady. ― Gorkma, daýza, biz muňa iş tapyp bermekçi bolýas ― diýdiler. ― Gaýrat ediň, jan oşşular, şeýdip, şunam bir sana goşuň ― diýip, ejem entegem hamsygyp durşuna aýtdy. Gepiň gysgasy, men öýde hammama düşmeli, eşiklerimi çalyşmaly boldum. Soň olar meni häkimlige äkitdiler. Özleri dälizde galyp, meni häkimiň ýanyna saldylar. Häkimi meniň birinji görşüm. Ýöne, onuň şondan üç ýyl ozal bir ýerlerden getirilip ýolbaşçy bellenendigini welin bilýän. Garaýagyz, goýurakyrak, şol bolşy bilenem gözi göm-gök, orta ýaşdan geçiberen, bir tarapyndan seretseň-ä çakan, beýleki tarapyndan seretseňem sakarrak görünýän kişi ― elbetde, düzgün şeýledir-dä ― meni ýerinden ör turup garşylady. Stolunyň aňyrsyndan çykyp gelip görüşdi. Ýylgyrdy. Gaýyp sama ýaly gaharam etmedi, hälki ýigitler ýaly ulumsyramadam-da: ― Halyň niçik, Hapby... ― diýip, mylaýym gürledi. ― Allaha şükür... ― diýdim. Ol «bular ýaly ýerde olar ýaly sözler aýtma» diýýän dek gözlerini «elek-çelek» edip, jaýyň içine aýlady. Soňam birmeýdan meni synlap oturansoň: ― Sen däl-ä däl... ― diýip, näme üçindir howsalaly gürledi. ― Diwana-da däl... Sag... Dogrumy?.. ― Men başymy atdym. Häkim şol bir terzde sözüni dowam etdirdi. ― Sen, inim, özüňem horlap ýörme, bizem gepe goýma, il içinde-de özüň bilýäň, her hili adam ba. Biri dost bolsa, biri duşman. Biri saňa ýamanlyk etjek, başga biri seň üstüň bilen maňa ýamanlyk etjek, garaz... Häzirki ýagdaýam-a görüp dursuň... Bar zat bulaşyp barýa. Ýogsam biz seň näme edip ýöreniňi bilmän duramzok, ýagdaýlaryňa-da düşünýäs... Durmuşda herki zadyň bolýanynam bilýäs. Hökümet işgärlerem asmandan gaçanoklar, olaram adam çagasy. Ýöne, nätjek, bir işi ynandylarmy, sen şony syýasata görä alyp barmaly, talaby berjaý etmeli. Şoň üçin senem biziň ýagdaýymyza düşün. Gürrüň has ýokarylaryk ýetse, buýruk şol ýerlerden gelse, seni bizem gorap bilmeris. Gowusy iki günüň içinde gazan çukuryň-a bir göm, soňam gel şu ýerde, men saňa göwün söýen işiňi tapyp bereýin. ― Şu wagtkymdan başga başarýan işim ýok, agam, meň... ― Eşidişime görä, seň sürüjilik şahadatnamaň barmyşyn. ― Aý... Meň sürüji bolasym gelenok, agam. Onsoňam... Ýagdaýymam... Özümem ýarawsyzragam... O-da bir howply kär bolansoň... Häkim ýüzüniň ugruna gürrüňiniň äheňini üýtgetdi. ― Onda biz seni Aşgabada äkidip «analiz» etdirmeli borus. ― Psihuşkadamy? ― Hüm-m... Eger-de olar seň hakykatdan-da sag däldigiňi subut etseler, onda tä sagalýançaň, şolaryň garamagynda galmaly borsuň. Sebäbi, jemgyýetiň sagdyn bolmagy üçin göreşmek biziň borjumyz. Ýöne... kakaňam bir etrapda sylanýan adam ekeni, agaňam bir gyz ýaly gylykly ýigit, şoň üçinem biz saňa kömek etjek bolýas. Meseläni hiç ýere çykarman, öz aramyzda çözjek bolýas... Çünki, köpleriň aýdyşy ýaly, seň jemgyýete zyýanlykly adam däldigiň görnüp dur. ― Kömek edesiňiz gelýän bolsa, agam, maňa degmäň... Ozalam şo güne men ölüpler ýetdim. Indi bir meni ondan aýra salmaň... Häkim: ― Beh... ― diýdi-de, aşak bakyp başyny ýaýkady. Soňam ýüzüme çiňerilip, garaçyny bilen: ― Kä sözleriň-ä sag adamyňky ýaly... Birdenem ýaňkyň ýaly çaýmaklap otyrsyň... Biz-ä düşünmedik. Seň ýaly ölmezinden öň özüne mazar gazyp, tümmege ýapyşyp ýatan adamy biz-ä göremzok. ― Men şol tümmeksiz oňubilemok, agam... ― diýip, gözlerimden ýaş döküp ugradymam welin, häkimiň garaýagyz ýüzünden alaburugsy bolup, çal tüsse göterilen ýaly boldy. Näme diýjegini, näme etjegini bilmän kyn güne düşdi. Aljyrady. Men gelşiksiz hereket edýändigimem duýmazdan ýerimden turdum-da, üstüne abanybraga-da: ― Nirä iberseňizem, eger-de atuw beräýmeseler, boşap gelen günüm ýene şo ýere bararyn. Gömdürseňizem ýene şo çukury gazaryn. Şo ýeri men hiç kime bermen. Gelýänçäm birini jaýlaýsalaram çykaryp, ýerine özüm girerin. Sebäbi, meniň üçin şu dünýäde şondan başga ýer-ýurt, menzil-mekan, maksat, arzuw, isleg, höwes ýok... ― diýdim. Üstüne gözýaşymy sepeläp, agzymdan ot saçyp durşumy görüp, häkimiň tas, özem aglapdy. Umuman, ol ýürekdeş adam ekeni. Adatça olar ýaly adamlar ýolbaşçy işlere çekilmeýäler. Oňa olaryň özlerem gaty bir döwtalap bolup duranoklar. Bir söý bilen geçäýenlerinde-de, ony ol ýerde uzak saklamaýalar. Sebäbi, has ýokarrakda oturanlar halkyň agysyny aglaýan ýolbaşçylary halamaýalar. Ol ýaşulynyňam şol wezipä nädip ýetenini bilemok, ýöne, o bolşy bilen ony ol ýerde uzak oturtmajakdyklaryny welin aňdym. Iki ýyl geçip-geçmänkä, bu hakykatdanam şeýle boldy. Şol gezek welin, ol maňa başga näme diýjegini bilmän, bir nokada seredip ep-esli oturdy-da, goňşy otaglaryň birine jaň edip, hälki meni getiren oglanlary çagyrdy. Olaryň ýüzüne dikanlap seredende buldurap duran gözlerinde hakykatdanam ýaş göründi. ― Öňürti Ýazdurdy aga bir görkeziň myny. Barlap bize bir «zakulçinnijik» ýazyp bersin. Näme diýýä, göreli. Birdenkä, nähak ýere köýüp gidibermesin bi bende. Çykdyk. Hälki ýigitler meni öýe eltdiler-de, ertir erden yzymdan gelip, Ýazdurdy aganyň ýanyna alyp gitjekdiklerini aýtdylar. Ýöne, ertesi näme üçindir olar däl-de, polisiýanyň işgärleri geldiler. «Seni başlyk çagyrýa» diýdiler. Polisiýanyň naçalnigi meniň synpdaşymdy. Unwersititiň hukuk bölümini gutaryp gelipdi. Garny pökgüje, ýüzi dolmuş, degişgen, bir gepläp, iki gülüp, her sözünde «jykyr-jykyr» edip ýören ýigit. O-da öz wagtynda Sümsüleden tamakin bolup, ýöne, onuň «on ýyllyk şertine» kaýyl bolman, oýundan çykanlaryň biri. Durmuşdan utulmagy, wagt ýitirmegi halanok. Her zadyň özi üçin bähbitli tarapyny aramany gowy görýä. Eger-de naçalnik bolmadyk bolsa, polisiýada bir günem işlemejekdigini açyk aýdýa. Edebiýaty gowy görýä. Käte bir goşgujyk ýazaýmasam ýok däl. Ady Baýram. O-da häkim ýaly, maňa gözi düşenden ýerinden turup, ýylgyryp gelşine dostlarça salamlaşdy. Elleşdi. Oturmaga ýer görkezensoň özem ýerine geçip oturdy. ― Be-e, Hapby, sen gaty uzakçyl ekeniň-aý... ― diýip, şo-ol, birwagtkylary ýaly hezil edip güldi. ― Biz dagy o zatlary bir wagtlar ýadymyzdan çykardyk welin, sen henizem gidişip ýörsüň-aý... Maladis-aý... ― Ol birdenkä gülküsini kesdi-de, gyzaryp, aşak bakdy. ― Onda-da gidenden soň... Diýmek, onda seňki dogrudanam ýürekden bolmaly. Myllyk diýibem, Lellik diýibem biz saňa ýalňyş at dakypdyrys. Sen olaryň hiç haýsam däl-de, Mežnun ekeniň. Seň şu bolup ýörşüňi eşidäge-de, kimdir biri kitap ýazaýsa dagy erte biziň barymyzdan meşhur borsuň... ― Baýram ýüzüme seredip uludan demini aldy. ― Arman seňki birtaraplaýyn boldy-da... ― Howwa, dogry aýdýaň, meňki birtaraplaýyn boldy ― diýdim. ― Ýöne, başga diýjek zadyň bolmasa sen meni goýber... Barmaly ýerime baraýyn... ― Men-ä goýbärin welin, barybir seni ýene-de alyp gaýdarlar. Indi sen ol ýerde ynjaltmazlar. Nireden çykýanyny, kimiň nirä ýetirýänini bilemok, ýöne, göwnüme bolmasa seň gürrüňiň ula ýazyp barýan ýaly. Häzirlikçe men seni goýbereýin. «Gürrüňçilik geçirdilermi» diýseler: «Howwa» diýersiň. Düşdüňmi ― diýdi. Sürüji çagyrdy. ― Bar şuny öýlerine eltip gaýt. Onuň sürüjisi meni hiç ýere-de äkitmeli bolmady. Entek ugramankak düýnki ikisi ýene-de şol «lökgelerinde» «wazyrdaşyp» geldiler-de, gabat garşymyzda saklandylar. Edil ötünç-ä soramadylar welin, irden başga bir iş bilen başga bir ýere gitmeli bolandyklaryny aýdyp «hoňňuldaşdylar». Bu ýere näme üçin alnyp gaýdylandygym bilen gyzyklandylar. Menem Baýramyň tabşyryşy ýaly edip aýtdym. Şondan soň olar meni hakykatdanam Ýazdurdy aganyň ýanyna alyp gitdiler. Ýazdurdy aga ömrüni, hatda pensiýä çykandan soňam Aşgabadyň dälihanasynda işläp geçiren, bäş-üç ýyllykda-da şu ýere ― kiçi watanyna dolanyp gelip, boş ýatmazlyk üçin etrap hassahanasynyň «nerwi keselleri» bölüminde işläp ýören, daşyndan diýseň sagdyn, öz ýaşyna görä kän ýaş görünýän mylakatly ýaşuly. Ol meni ýerli hassahananyň mümkinçiliklerine görä, hususan-da öz iş tejribesine daýanyp dürli barlaglardan geçirdi. Ikiçäk oturyp, sorag-jogabam alyşdy. Bellikler edişdirdi. Agaç çekiç bilen dyzyma kakdy. Dik durzup, ellerimem gapdala uzatdyrdy-da: «gözleriňi ýum» diýdi. Ähli barlaglaryny tamam edeninden soňam özüme-de, meni elten ýigitlere-de belli bir zat aýtman: «Gidiberiň, boldy» diýdi. Soň ol kim bilen gürleşdi, kime näme diýdi, hata näme ýazdy, ony men bilemok, ýöne, şondan soň meniň adymy tutan bolmady. Elbetde, bu häkimiňem, Baýramyňam, Ýazdurdy aganyňam meseläni ýerinde çözüp, maňa ýagşylyk etdikleridi, kakamyňam, Şajygyňam göwünlerini gördükleridi. Ýöne, esasy zat ― şol wagt ýurtda aýanlyk, aç-açanlyk, ýagny, «üýtgedip gurmak» syýasaty uly depgin bilen dowam edýädi. Wakalaryň içinde bolmasamam, bolup geçýän zatlaryň aglabasyna düşünmesemem, köp zatlaryň, esasanam syýasatyň üýtgeýändigini, köp zatlara başgaça çemeleşip ugrandyklaryny aňýadym, daş gulakdanam bolsa eşidýädim. Meniň meseläme ana, şol zatlaryň täsir eden bolmagam ahmal. Ýöne, Sümsüläniň obadaşlary, has beterem ýakyn garyndaşlary «mazarymy» elimden aljak bolşup kän dyrjaşdylar. Bermedim. Halys sürnüberselerem içine girdim-de, iki dyzymy gujaklap düýrmek boldum ýatyberdim. Ahyram Narly aga şol obaň ekabyrlary bilen gürleşdi. «Hudaýyň ýeri gutaran ýaly, bir daban ýeriň üstünde beýdişip ýörmeseňizläň» diýdi. ― Hapby, hakykatdanam akylyna zeper ýeten adamlaryň edişi ýaly, eginlerini ýygryp gelşiksiz güldi. Daş-töweregine elini aýlady. ― Ine, indem ýaňky aýdyşym ýaly, ýoldaş Mähti mugallym, on ýyldyr, men şu ýerde. ― Soň azar bermedilermi? ― Ýok. Azar bermediler. Soň, ondan-mundan eşidişime görä, Ýazdurdy aga häkimlige-de, beýleki guramalara-da: «Käbir gyşarmalar bar, ýöne, jemgyýet üçin howply däl. Öwlüýä-de gadymy medisina boýunça şolar ýaly näsaglaryň bejerilýän ýeri hasap edilýär» diýen manyda bir hatjagaz beräýipdir öýdýän. Şondan soň men şo-ol, arasy kesilen «kiçi öýli» meseläme dolanyp geldim. Gazdymam. Özümem bu gezek hatda Narly aga bilenem maslahatlaşdym. «Öz öýüm, öz mazarym, nädenimde näme» diýdim. Onsoňam, käte bir gabat gelen ýerinde gözüni alardaýmasa, Amanam indi maňa eýle-beýle diýenokdy. Özümiziňkilerem menden ellerini ymykly ýuwaýana meňzeýädiler. Şonuň üçinem, ol wagt men erkindim. Azatdym. Etrap boýunça iň bir bagtly adamdym. Gorbaçýowyň beren demokratiýasyndan SSSR boýunça diňe men doly suratda peýdalanýadym. «Kiçi jaýy» gazan günüm hiç kim, hatda Narly aga-da görünmedi. Ertesi onuň içinde ýatyp görmekligi ýüregime düwdüm. Howply ýeri — ýüzüňi aňry edip, onda-da ýanyn ýatmaly. Bir içine sokanlaryndan soň gymyldamaga maý bolmajakdygam görnüp dur. Giňliginem, kada boýunça, bir daban edip gazdym. O-da öz dabanym bilen. Şeýle-de bolsa men ýüregime düwen zadymy edip görmelidim. Gün agdam welin «kiçi öýüň» agzynda arkan ýatdym-da, kebzelerim, aýaklarym bilen däbşenekläp, içine tarap süýşenekledim. Ýüzüm Sümsülä tarap bolansoň, burnum baryp diwara direldi-de, gysylyp, dem almamy kynlaşdyrdy. Hopukdym. Üstüme demigip öläýmek howpy abandy. Yzyma çykara bolsa mümkinçilik ýok. Gollarym iki tarapdanam berk gysylgy. Şol ýatyşyma meniň Sümsülä gaty basym gowşaýmagym ahmaldy. Ýöne, jan süýji, ýalançam bir gyzykly dünýä, gidesiň gelenok, ýene-de şo-ol düýşümdäki gorky gaýtalandy. Janhowluma gygyryp başladym. Ýöne, sesimi kimdir biriniň eşitjekdigine welin ynamym ýok. Çünki, ol agzymdan çykyşy ýaly «kiçi öýüň» öl diwarlaryna siňip gidýä, hatda çukuryň içine-de doly ýaýrap ýetişenok. Eger-de Narly aga öz ýerinde bolup, o-da tötänden eşidäýmese, şol wagt öwlüýäniň içinde-hä janly-jemende bolmaly däl. Eger-de şol ýagdaý sähelçe dowam eden bolsady, onda, öz-özümden howpurgap, ýüregimiň ýarylaýmagam ahmaldy. Çünki, şol wagt men jaýlanyp gidilenden soň direlen adamyň ýagdaýyna düşüpdim. Bolsa-da Narly aga ýerinde ekeni. Eşidipdir. Gelenini, böküp çukuryň içine girenimi, köneje pili bilen gyralaryny opuryşdyryp, meni «kiçi jaýdan» çykaranyny bilýän. Mazaly özümi dürsänimden soň, ýöne, entek ikimizem çukuryň içinde otyrkak ol maňa: ― Seň ölesiň-ä gelenok, inim, özüň welin hemişe şoň höwesinde ― diýdi. ― Eýesiniň alaryna garaşybereniňde bolanokmy? ― Men öljek bolamok, Narly aga, Sümsülä golaýlaşjak boldum. ― Häý, senem-ä... ― Çukurdan bir çykaly, Narly aga. Ýagty ― ýalançyny bir göreli. Özüm üçin gazan gabrymyň «kiçi jaýyna» girmeklige bolan synanyşygymyň birinji gezegi şeýdip şowsuz tamamlandy. Dowamy bar >> | |
|
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |