16:37 Mukamdan doly dünýä / hekaýa | |
MUKAMDAN DOLY DÜNÝÄ
Hekaýalar
Şu günki ýaly ýadymda, süýr günortanlar kakam iki çelegi eşege taýlady-da, menem üstüne mündürip, obamyzyň ilersindäki derýadan suw getirmäge iberdi. On ýaşly oglanam bolsam, olar ýaly ýumuşlar meniň üçin müşgül zat däldi. Gaýtam, hezillikdi. Dagy näme, gidişin ulagly, gaýdyşyn ulagly, bir kyn ýeri, baransoň kiçi göwräň bilen eşegiň üstündäki çeleklere suw guýmak, onam eşegi beýigräk ýere ýanasaň bolup dur. Birneme wagtyň bolsa-ha, suwa-da düşüp bolýar. Derýanyň gyrasynda oturyp, owunjak balyklara nan owuntyklaryny oklap, olar bilen dostlaşybam bolýar. Käteler derýanyň gyrasyndaky çägesow ýerden kömelegem çykaýýar. Garaz, oglan göwnüňi aldara güýmenje kän. Şol gezegem suwa düşüp, mazaly keýpden çykanymdan soň eşegimi kerte ýanap mündüm-de, yzyma gaýtdym. Obanyň çetinden girdimem welin, bir ýerden bökelek peýda boldy-da, häliden bäri mytdyldap gelýän eşegim kellesini iki öň aýaklarynyň arasyna sokup, tumşugy bilen ýer süsmäge başlady. Kellesini ýaýkap, gulaklaryny «patdyldatdy». Burny bilen «fyrk-fyrk» etdi. Menem bir tarapa agyp gaýtdym. Ýere düşüşim ýalam agzym gum garbady. Ýüzüm-gözüm kirşenden doldy. Çelege degdimi ýa ýykylan ýerimde çöp bar ekenimi, turjak bolup hasanaklap ýörşüme çep bilegimi çyzdyrdym. Bir ýerinden galjak bolýar, bir agynajak bolýar, bir görsem, eşegem iki ýana urunýar. Arasynda çalarak diňşirgenen ýaly edýär-de, ýene-de öňki hereketlerini gaýtalaýar. Meniň bolsa çeleklerim döwler öýdüp garajanym galanok. Şonuň üçinem emedekläp diýen ýaly eşegimiň ýanyna bardym. Her gezek galjak bolup galkyjaklanda çelegiň çep tarapkysy agyberse, sagdakysyndan, sag tarapkysy agjak bolsa, çepdäkisinden aslyşdym. Soňabaka tot-tozandan ýaňa eşek kaýda, çelek kaýda, biler ýaly bolmady. Ahyram eşegiň özi ýadap, özi goýdy. Gözüni ýere dikip dommarylyp ýatyşyna käte bir başyny ýaýkap goýberýär diýäýmeseň, hereket ýok. Ony turzup bilmejegime gözüm ýetenden soň, kömek soramak üçin, obanyň çetindäki öýe tarap ugradym. Golaý baryp syn etsem, ak öýüň içi-daşy suwlanypdyr, süpürilipdir. Ortarasynda-da esger eşikli bir ýigit aýagaldygyna gyjak çalyp otyr. Özem şeýle bir süýji çalýar welin, hiç, diýip aýdar ýaly däl. Egni ýaşyl ketenili, sünnälenip keşdelenen gyrmyzy kürtesi başyna gyýagrak atylan ýaşajyk gelnem onuň ýanynda otyr. Gözleri süzük. Men ol ýigidi tanamasamam, kimdigini bildim. Ol biziň mekdebimiziň garawuly Dädeguly aganyň körpe ogly bolmalydy. Özem ýaňy-ýakynda gullukdan rugsada gelipdi-de, kakasam ur-tut aýagyny duşapdy. Şu ak öýem düýn-öňňinlikde, hut şonuň üçin dikilipdi. Men ol ýigidi öňem görmändim, toý günem görübilmedim. Sebäbi ol döwürler öýlenýän ýigit toý ýerinde görünmeýärdi. Ony diňe agşam, gelniniň ýanyna saljak wagtlary deň-duşlary bir ýerlerden tapyp, götergiläp getirýärdiler. Ony şol günem oňly görübilmedim. Çünki ol aňyrsyna bakyp otyrdy. Ýöne, bardy-geldi, bärsini bakyp oturan bolaýanlygynda-da, tärimiň gözenekleri onuň ýüzüni-gözüni aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik berjek däldi. Galyberse-de, çalyp oturan sazy maňa onuň özüni-hä däl, hatda gapdalynda al-ýaşyl öwsüp oturan ýaş gelni synlamaga-da erk-ygtyýar bermedi. Men, elbetde, gyjagy ýa gyjagyň çalnyşyny ýaňy görmeli däldim. Bagşy-sazandalaryň golaýyna goýberilmesegem, märekäniň çet-çemerlerinde durup kän diňläpdim. Obamyzyň ortarasyndaky tilagaja çüýlenen ullakan radiony-ha günde-günaşa-da diňläp ýördük. Üstesine, goňşy obada ýaşaýan daýymam iň ökde gyjakçylaryň biridi. Şonuň üçinem haýsy saz, haýsy ýoldugyny seljeribilmesemem, garaz, saza düşünmäge ýagdaýym bardy. Ýöne, şol öýüň içindäki esger ýigidiň çalyp oturan sazy ýaly ýürege ýakymly, şirinden gelen mylaýym mukamy men şondan öňem eşitmändim, soňam eşidemok. Ol saz, birhili, ertekilerdäki ýaly, göze görünmeýän güýç bilen meni ak öýüň gözeneklerine tarap alyp barýardy. Men orta ýolda guma bulaşyp ýatan eşegimem, sähelçe güýç görse, kül-uşak bolup gitjek köneje çeleklerimem ýadymdan çykarypdyryn. Saz gutarandan soňam uzak wagtlap öýüň gözeneklerine göz dikip durupdyryn-da, asyl-ha şol ýere näme üçin barandygymam unudyp, sessiz-üýnsüz yzyma dolanypdyryn. ...Haýsydyr bir geçip barýanyň eşegimi turuzmaga kömekleşeni, ýükümi raslap, özümiňem goltugymdan göteräge-de, iki çelegiň ortarasynda oturdany, ep-esli ýere barýança eşegiň boýnundan tutup idip gideni, ýolboýam ejememi, kakamamy, kimdir birine hüňürdäp barýany çalarak ýadyma düşýär. Öýümize baranymdan soňam gulagymda şo-ol şirin owaz ýaňlanyp du-ur, ýaňlanyp du-ur... Şondan soň haýsydyr bir nämälim duýgy meni hiç öz erkime goýmady. Bir zadym kem ýaly, kimdir biri bir ýerlere çagyrýan ýaly, hemişe bitakat gezdim ýördüm. Nirädir bir ýana gyssandym. Haýsy işiň başyna barsam, şol iş meniň üçin hökman däl ýaly, şoňa sarp etjek wagtym biderek gitjek ýaly, haýsydyr bir ýerde has zerur, has derwaýys iş garaşyp duran ýaly duýdum. Ahyram, özümi serimsal eden zadyň şol şirin sazdygyna, kalbymyňam hut şony küýsäp atygsaýandygyna düşündim we aldyranym bar ýaly bolup, Dädeguly agalara tarap ylgadym. Baryp ak öýüň gözeneklerine maňlaýymy diredim, emma ne esger göründi, ne-de gyjagyň owazy eşidildi. Ertesi ýene bardym. Birigünem bardym. Emma, barybir, köňlüme aram berjek mylaýym owazy eşidip bilmedim. Ahyram hut özüm gyjak öwrenip, öz gulaklarymy öz elim bilen gandyrmasam, hiç ýerde karar tapmajakdygyma göz ýetirdim. Hawa, men gyjak öwrenmelidim we öýlenen günüm özüm üçin gurnalan ak öýüň içinde, gelnimem gapdalymda oturdyp, şol ajaýyp sazy çalmalydym. Özem edil günortanyň güni, tüp yssyda çalmalydym. Elbetde, saza başlamazdan öňürti öýüň eşiklerini çermäp, içini-daşyny suwlap süpürtmelidim. Şol günki ýaly adaja şemalam öwüsse-hä öwseni, öwüsmese-de özi bilsin. Şondan soň men kän eglenmän daýymyň ýanyna gitdim. Niýetimi aýtdym. Gyjak ýasamagyň usullaryny soradym. Ozaldanam göçmeräk daýym muňa hasam göterildi. «It ata, är daýa» diýenleri-dä» diýip syrtarylanda etlek duluklary hasam pökgerdi. Sähelçe kakyş-kukuş etse maňa borluk, bir köneje gyjagynyň bardygyny, ýöne özüm ýasap öwrensem, gadyrynyň bir başga boljakdygyny, başda özüniňem şeýdendigini aýtdy. Kem-kemden bat alyp barşyna, soňabaka ellerini galgadyp, hasam joşgunly gürledi. — Aý, oňa bir kän zadam gerek däl, ýegen! Kädijik, el ýaly ýary, sap, gulak, üç sany tar bolsa bolany! Süýkär ýaly gylam näme, ýabyly adamlaryň haýsyndan soraňda bermeýä saňa. Iň bolmanda, öwrenýänçäň şeýt, soň täzesini alaýarys... Daýymyň aýdan zatlaryny jemlemek maňa gaty bir kynam düşmedi. Käd-ä özümizden bitdi. Ýarynam aldyk geçi soýanyň birinden. Ýöne ýaryny kädiniň kesilen ýerine ýelmemek kynrak düşdi. Öl ýary ýelim tutmady. Soň köne köwüşleriň biriniň aşagyndaky owunjak çüýlerden alyp çüýledim welin, boldy duruberdi. Galan zatlaryna-da kakam kömekleşdi, agam kömekleşdi, garaz, eýdip-beýdip sudura getirdik. Şondan soň men elime gaýçy aldym-da, ir bilen arabakeş Töre aganyň ýanyna bardym. Ol ýaňy bir ýabylaryny araba goşjak bolup dur ekeni. Men salam berdim-de, gaýçymy görkezip, näme üçin gelendigimi aýtdym. Ol: — Her kimi bir köýe salan Alla-da bi — diýdi-de, garaýagyz tes-tegelek ýüzüniň bar ýerini herekete getirip ýylgyrdy. — Bizdenem çyksyn-a şeýdip iliňki ýaly gyjakçylar... Töre aganyň beýle diýmeginiň sebäbi, biziň obamyzda gyjakçy ýokdy. Toý-tomgy bolsa-da, gyjakçyny goňşy obalardan çagyryp getirerdiler. Entek özüni äşgär edip ýetişmedik esger ýigidi hasap etmäniňde men obada ilkinji hem ýeke-täk gyjakçy bolmalydym. Şonuň üçinem, Töre aganyň ýaňky sözleriniň maňa nähili täsir edendigini özüňiz biliberiň! Onuň gaýçyny elimden alşy, dor ýabynyň guýrugyndan bir çogdamyny emaý bilen gyrkyşy, «Al, goçum, nesip etsin!» diýip elime tutduryşy, söýünç bilen arkama kakyşy, ep-esli arany açanymdan soň: «Öwreneniňden soň, öňi bilen maňa çalyp berginiň, bomy?» diýip gygyryşy, säheriň tolkun atyp duran çygly, ýeňiljek dumanynyň içinde aty, arabasy bilen bilelikde eräp gidişi henizem gözlerimiň öňünde dur. Şondan soň men ýene-de daýymlara gitdim. Onuň ýanynda iki gün bolup «Sen-sen» bilen «Daş galdynyň» umumy äheňini öwrendim-de, yzyma dolandym. Joşguny ýetjek derejesine ýeten daýymyň gygyryp düşündirişine görä, şol iki sazy öwrenen adam, sähelçe üşügi bolsa ähli sazlaram çalaýmalydy. Galanam, näme, yhlasa, tutanýerlilige baglydy. Ol zatlary bolsa men birinden karz almaly däldim. Käteler ejemiň başymy sypalap: «Bu gidişine gitse, ile belli sazanda bor bi» diýmesi, kakamyňam gözlerini alardyp: «Enşalla» diý, how!» diýip, onuň al-petinden almasy, «Bissimilla» diýip, daýymyň ýanyna ugran günüm enem pahyryň ýürekden syzdyryp ak pata berip goýbermesi, özümden uly agamyň, uýamyň, jigilerimiň meniň bolup ýörşüme uly gyzyklanma bilen garamaklary meniň göwün guşumy al-asmana göterýärdi. Şol ýerde günortanyň tüp yssysynda ak öýüň yk tarapynda durup diňlän üýtgeşik sazymy hakydama getirjek bolup dyrjaşýardym. Aňyma gelşine görä gaýtalap-gaýtalap çalýardym. Halys surnuganymdan soň bolsa, ak çägäniň üstüne özümi goýberýärdim. Ymyzganyp ýatyşyma düýşümde-de Dädeguly agalaryň işigindäki garaja öýüň bir çetinden barýardym we ýaş kalbymda ýer eden şol şirin sazy ýene bir gezek, tä daň atýança diňleýärdim. Oýananymdan soň bolsa bogunma-bogun gaýtalaýardym. Kem-kemden onuň asyl nusgasyna golaýlaşýardym. Şol döwür meniň çagalyk dünýäm mukamdan doludy. Asyl jümle-jahan durşuna mukam bolup durdy. Meniň üçin gelejek diňe saz bolup görünýärdi. Şol mahallar meniň gulagyma eşidilýän sazlaryň şekilinem, reňkinem görýärdim. Şeýle ýönekeý zady özümden başga hiç kimiň başaryp bilmeýändigine geň galýardym. Hawa, şol döwür men şol haldaky oglandym. Oglanlykdan saýlanyp, uly şähere gaýdanymdan soň, ykbal meni ýurda belli bagşy-sazandalar, gyjakçylar bilen duş etdi. Şo-ol, ak öýüň içinden eşidilen şirin sazyň haýsy saz bolup biljekdigini men olardan ýeke-ýeke sorap çykdym. Bir ýerde saz bolsa çaldyrdym. Öwran-öwran diňledim. Emma olaryň hiç birine-de: «Ine, şu şol saz» diýip bilmedim. Belki, ol sazy hoşlaşyk pursady şol ýigidiň özi döredip, özi çalyp, özi bilenem alyp gidendir? Belki-de, ara düşjek müdimilik aýralygy öňünden syzyp, oňa şol zeýilli zaryn röwüş çaýandyr? Belki-de, ol ýaňy öýlenen ýigidiň howalasy bilen hemmämiziň günde-günaşa eşidip ýören sazlarymyzyň birini özüçe, ýürek-damarlarynyň içinden geçirip, beýni ýülükleriniň arasyndaky göze görünmeýän özenjiklerden syzdyra-syzdyra çalandyr? Belki-de, ol saza ak buludyň roýuna-roý goýan älemgoşar ýaly ýigidiň alnynda al-ýaşyl öwsüp oturan, al ýaňakly gelniň ýyly mähri siňendir? Mümkin. Ýöne ol barybir meniň üçin syrlygyna galýar. Esger ýigidiň gaýdyp gelmezligi, meniň öz yhlasyma ygtykatsyz bolup çykmagym, şol syrly soragyň çözgüdini tapmaga mümkinçilik bermeýär. Men welin wagt geçdigisaýyn öz goýberen ýalňyşlygyma has aýdyň göz ýetirýärin. Elbetde, sungat beýikleri halaýar. Beýikler bolsa ýa-ha, enem pahyr ýaly, gyrmyzy kürteli gelin ýaly, öz yhlas-ygtykatlaryna wepaly bolup, ömürleriniň ahyryna çenli ähli kynçylyklardan mertlik bilen geçip gidýärler. Juma HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |