• Şu gün - 2-nji aprelde görnükli türkmen ýazyjysy, suratkeş Juma Hudaýgulyýew aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.
◇ Ýazyjy hakynda
J.Hudaýguly 1946-njy ýylyñ 14-nji dekabrynda Ahal welaýatynyñ Sarahs etrabynyñ Ýalawaç obasynda doguldy.
1963-nji ýylda mekdebi gutaran gelejekki ýazyjy Aşgabadyñ şol wagtky Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine okuwa girýär we 1968-nji ýylda uçilişänini tamamlap, Ukrainanyñ Lwýow şäherindäki poligrafiki institutynyñ kitap grafikasy bölümine okuwa girdi. 1973-nji ýylda ol okuw jaýyny tamamlap, Aşgabada geldi we Türkmenistanyñ Çeperçilik gaznasynda işläp başlady.
1980-nji ýylda SSSR-iñ Suratkeşler birleşigine kabul edildi. Öz žipowis eserleri bilen respublikan, Bütinsoýuz, şeýle hem Daniýa, Gresiýa, Mongoliýa, Russiýa, Siriýa ýaly birnäçe ýurtlarda gurnalan halkara sergilerine gatnaşdy.
Otuz bäş ýaşynda ýazyjylyk işine hem baş goşdy. "Iki şaýy" atly ilkinji hekaýasy 1981-nji ýylyñ iýul aýynda "Edebiýat we Sungat" gazetinde okyjylara ýetirildi. Şol aýyñ içinde "Ellik" atly ikinji hekaýasy hem agzalan gazetde çapdan çykdy.
1987-nji ýylda SSSR-iñ Ýazyjylar birleşigine kabul edildi.
1990-njy ýyllaryñ başlarynda SSSR-iñ Halk artisti Baba Annanow bilen bilelikde "Zöhre-Tahyr" kinofilminiñ ssenariýasyny ýazdy. Şol ýyllarda ol "Edebiýat we Sungat" gazetiniñ baş redaktorynyñ orunbasary bolup dört aý işledi.
Ýazyjynyñ ogly Maksat we Myrat Hudaýgulyýewler hem çeper döredijilik bilen meşgullanýarlar. Olaryñ ýazan kinosenarileri, pýesalary häzirki döwrüñ kinomatografiýasynyñ we dramaturgiýasynyñ oñurgasyny düzýär.
J.Hudaýguly ýaş ýazyjylaryñ döredijilik işiniñ ugrukmagyna hem elinden gelen goldawyny berip durýar.
ABŞ-nyñ Oklahoma uniwersitetinde "Dünýä edebiýaty şu gün" žurnalynda "Keteni" hekaýasy, başga-da Russiýada, Türkiýede, Yrakda, Täjigistanda (mysal üçin: Duşenbe-2013 "Истеъдод" neşirýatynda ("Iftihor") "Içeriniñ mertebesi" hekaýasy) birnäçe hekaýalary neşir edildi.
Ýazyjy J.Hudaýguly soñky gezek "Dünýäni toba halas eder" atly romanyny, "Kysmat", "Namys ýesiri" powestlerini ýazyp gutardy. Eger saglygy we ömri mümkinçilik berse, gadymy turanlylaryñ legendar hökümdary Afrasýap baradaky taryhy roman (dogrusy, Oguz han, Salyr Gazan, Afrasýap hakda taryhy roman-trilogiýasyny) ýazmak meýliniñ bardygyny aýdardy. Arman, zalym ajal muña pursat bermedi.
Ýazyjynyň ýakynlaryna çyn ýürekden gynanç bildirýäris.
• Kitaplary
1). Ojaklar öçmesin (hekaýalar), Magaryf;, Aşgabat-1986;
2). Harasat (powestler we hekaýalar), Magaryf, Aşgabat-1990;
3). Aý gaýdyp geler (powest we hekaýalar), Magaryf, Aşgabat-1994;
4). Şahy-Jahan (powest we hekaýalar) Türkmenistan, Aşgabat-1995;
5). SARAGTYÑ YKBALY: Saragt problemalary: çözgüt nirede? (publisistik makalalar);
6). Утро фирмы (повесты и рассказы), "Советский писатель", Москва-1989; (ýaş ýazyjylaryñ ýygyndysynda);
7). Gyrmyzy bägüller (roman), Aşgabat-2016;
8). Söýgüde serhet ýok (roman), Aşgabat-2012;
9). Apy ýylan (hekaýalar), Aşgabat-2010;
10). Bir töwra adamlar (kökenli hekaýalar), Aşgabat-2010;
11). TUR[k]MEN (taryhy makalalar), Aşgabat-2015;
12). ÝERE GAÇAN ÝYLDYZLAR (roman trilogiýa): Añzakly tomus, Jöwzaly gyş; Ýeñilmedikler, Aşgabat-2012;
13). Salyr soñy Sarahs... (taryhy etnografiki roman), Aşgabat-2014;
14). Ömrüzaýa (roman), Aşgabat-2017;
15). Aýuw (powestler), Aşgabat-2008;
16). Garawulhanadaky gürrüñçilikler (kökenli hekaýatlar), Aşgabat-2016;
17). Döwrüñ kyssasy (çeper-publisistik roman), Aşgabat-2014.
Taryhda şu gün