08:35 Beşeri ylhamyň ylahy ýoly | |
BEŞERI YLHAMYŇ YLAHY ÝOLY
Edebi makalalar
...Hakyna seredeniňde-hä, bu uç-gyraksyz asmanda ýekeje ussahana bar. Onuň ussasam Biribaryň özi. Aý-ýyldyzlary, uç-gyraksyz älemi, umuman, bu barlygy ýaradanam şol. Ol häzirem älemiň iň bir alysdaky çüňklerinde täze-täze dünýäleri ýaradyp ýör. Ol durşy bilen yşk. Owalebetde adamzady ýaradanda, ol özüne kybapdaş edip ýaradypdyr. Dürs ýoldan sowulman gitmegi üçin, oňa beşeri döredijilik ukybyny beripdir. Ýöne käte beşeri döredijilere-de ylahylyk berlip bilýär. Ylahy döredijilig-ä düşnükli, emma beşeri döredijiler nireden we nämeden ylham alýarlar? Elbetde, kitapdan! Ýöne her bir zadyň özüniň çylşyrymlylygynyň bolşy ýaly, bu ýerde-de takyklamaly zatlar bar. Institutda okap ýören döwürlerim bir kitap okapdym. Onuň baş gahrymany syrkawlap, wagtyny geçirmek üçin kitap ýazjak bolýar. Ahyrsoňunda-da ol: «Kitap — islän adamyň iýjek höregi däl ekeni» diýen netijä gelýär we bu işden ýüz öwürýär. Men muňa birbada juda geň galypdym. Soň wagtyň geçmegi bilen, Radi Fişiň Jelaleddin Rumynyň ömri we döredijiligi baradaky kitabyny okanymda şol kesgitleme bilen ylalaşmanam durmadym. Onda Rumynyň dosty hem tas halypasy diýen ýaly Şemseddin Töwrizi Jelaleddiniň okap oturan pursatyny görende, «Goý! Goý! Okama! Okama! Özüň ýaz!» diýip, gara çyny bilen käýinýär eken. Bu ýerden nähili many çykýar? Şemseddin Töwrizi bilen Jelaleddin Rumy biri-birine giç sataşýarlar. Olaryň bu duşuşygyny «Iki ummanyň uçraşygy» diýip atlandyrypdyrlar. Şemseddin Töwrizi öz dostunyň o ýaşdan soň kitaba wagt sarp etmezligini, özüniň ýazmagyny isläpdir. Çünki Jelaleddin Rumy ol wagtlar eýýäm ylymdan paýyny alan, ýetik derejede sowatly, ömri paýawlan, ýazmak üçin wagty az galan adam bolupdyr. Oňa baryp-ha ýigrimi dört ýaşynda kakasy Soltan Welediň ornunda oturmak başardypdyr. Diýmek, ýaňky birinji tymsalymyzdaky kesgitlemäniň esasy manysy «Ömür salyň azalan bolsa, sowatlylyk derejäňem ýeterlik bolsa, galanja wagtyňy diňe öz zatlaryňy ýazmaga sarp etmeli» diýmekdir. Beýik Elladanyň batyl şahyry Gomere näme diýjek?! Ol-a tümden geldi, tümde ýaşady, tüme-de gitdi. Kitabyň garasynam görmedi. Emma adamzada «Iliada» ýaly meşhur eserini goýup gitdi. Munuň özi bu barlykdaky zatlaryň dürli-dürli bolşy ýaly, döredijilik ussahanalarynyňam, olarda işleýän adamlaryň ulanýan usullarynyňam dürli-dürli bolýandygynyň tymsalydyr. Ýene-de bir tymsal. Oglanjyk mugallymynyň iberen hatyny ejesine getirip berýär. Hatda: «Siziň ogluňyzyň bilýän zady ýok, gowusy ony mekdebe ibermäň-de, ýörite mugallym tutup, indiki ýyla taýynlaň» diýip ýazylgy ekeni. Ene ogluna hakykaty aýtmaga dözmeýär. Mugallymyň hatda ony öwüp, “Mekdebe iberibem oturmaň” diýip ýazandygyny aýdyp oglunyň göwnüni göterýär. Şol oglan soň dünýä meşhur alym bolup ýetişýär. Günlerde bir günem ol şo-ol bir wagtlar mugallymynyň ejesine ýazan hatyny tapyp okaýar... Görşümiz ýaly, dünýäde haýsydyr bir zada ukyplylyk barada kesgitli netije çykarmaga hiç haçanam howlukmaly däl. Döredijilik usullary dürli sebäplere görä üýtgäbem biler. Mysal üçin, Nikolaý Ostrowskiniň gözüne şikes ýetendigi zerarly, «Polat nähili taplandy?» diýen eserini ýazyşyny ýada salaýmaly. Russiýaly ýazyjy Wladislaw Titow bolsa heläkçilige sezewar bolup, elsiz galansoň, galamy dişine gysdyryp, eser ýazypdyr. Durdy Gylyç, Nury Annagylyç, Ata Salyh ýaly dogabitdi batyllara bolsa hökümet tarapyndan kätip bellenipdi. Bu ýerde aýdyljak bolunýan zat — eser öňde-soňda ýazylmaly bolsa, dörediji nähili ýagdaýda bolanlygynda-da, dag gülleriniň daşy ýaryp çykyşy ýaly, ýürekden sogrulyp çykýar. Ilkinji kitabymy neşir etdirmek üçin Türkmenistanyň şol wagtky Ýazyjylar birleşmesiniň kyssa bölüminde maslahata goýanymda geňeşe gatnaşyjylaryň hemmesi diýen ýaly: «Hekaýalaryň gowy, ýöne şu gidişiňe gidiber, powest ýazjak bolup powest, roman ýazjak diýip, roman ýazmakçy bolma, ol zatlaryň hersi öz wagtynda geler» diýipdiler. Bu, hakykatdanam, şeýle boldy. Eger men tussumandan şol žanrlara geçen bolsam, öňküje hekaýajyklarymdanam dynaýmagym ahmal ekeni. Wagtyň geçmegi bilen gysgajyk hekaýalar ulalyp ugrady. Ulurajyk hekaýalaryň göwrümi bolsa giňäp ugrady. Hä diýmänem hekaýalar poweste öwrüldi. Aşaky žanrlaryň hemmesi etine-ganyna gelensoňam, gözýetimde döşüni gaýşardyp, roman göründi. Munuň özi žanrlaryň orunlaryny biri-birine bermeginiň tebigy ýoly. Ýöne bu ýagdaý döredijilik adamynyň öz häsiýetine, edähedine başgaça-da bolup bilýär. Moskwada, Ýokary edebiýat kurslarynda okan ýyllarym seminar ýolbaşçymyz: «Ýazyjylar, esasan, iki usul boýunça işleýärler. Olaryň biri ýazan zadyny boldum edýänçä birnäçe gezek göçürýär. Başga biri eseri kellesinde işläp gutardym edenden soň ýazýar. Men kimler barada gürrüň etdim?» diýip, ol diňleýjileriň ýüzüne birlaý seredip çykdy. Oturanlar gürrüňiň Lew Tolstoý bilen Fýodr Dostoýewskiý barada gidendigini aýtdylar. «Başga-da her hili usulda ýazýanlar bolýar. Mysal üçin, eserini elýazmasyz, göni hat ýazýan enjamda kagyza geçirýänlerem bar. Ýöne esasy usul şu ikisi» diýip, ol sözüni tamamlady. Şonda öz ýanymdan: «Men Lew aganyň usulynda ýazýan ekenim-ow» diýip pikir etdim. Indi bolsa, kelebiň gerdişine görä, Dostoýewskiniň usuly boýunça ýazyp ýörün. Ikinji seminar ýolbaşçymyz — «Literaturnaýa Rossiýa» gazetiniň şol wagtky baş redaktory Ernest Iwanowiç Safonow bir gün sözüniň arasynda: «Hiç haçan ýazyp oturan zadyňyzy soň dowam etmek niýeti bilen gyra süýşürmäň» diýdi. Sesimi çykarmasamam, öz ýanymdan onuň bilen ylalaşmadym. Sebäbi maňa täze-täze pikirler çalt-çaltdan gelýärdi, birini gutarmankam beýleki üstüme abanyp duruberýärdi. Şonuň üçinem ýörite bukja tutunyp, ýazmaga ýetişmedik hekaýalarymyň taslamasynyň adyny ýazyp, şonuň içine atýardym. Asla meniň Moskwa okuwa gitmegime-de şol bukja sebäp bolupdy. Ýogsam şol gidişine gidiberse, taslamalarym bir bukja sygjagam däldi. Görşümiz ýaly, edil adamyňky ýaly, eserleriňem hersiniň öz ykbaly bolýar ekeni. Umuman, şahyrçylygy, ýazyjylygy öwrenibem, öwredibem bolanok. Olar üçin ylahy ülüş gerek. Kapyýany, bogunlara bölmegi düşündireniň bilen şygyr ýazmagy öwretdigiň bolmaz. Ykbalyňy şu ýola baglanyňdan soňam seresap çemeleşmeli zatlar kändir. Çem gelen kitaby okabermegem dürs däldir. Kimdir birinden täsirlenip, onuň işleýiş usulyny göçürip ýazanyň bilenem utuş gazanyp bolmaýar. Bir kitabyň üstünde üç ýyllap işledim. Iki ýüzüne-de ýazylanda jemi sarp eden kagyzymyň sany müňdenem geçdi. Emma elime alanym bary-ýogy 72 sahypa boldy. Aýdyljak bolunýan zat, çeperleşdirmegiň, baýlaşdyrmagyň hatyrasyna eseriň içinde atalar sözlerini, nakyllary, dürli maglumatlary gereginden artyk ulanmak peýdaňa däldir. Onsoňam, awtor gahrymanlarynyň hereketlerine goşulmaly däl. Biriniň arkasyny alyp, beýlekisini öweý saýmaly däl. Hemmesine deň göz bilen garamaly. Aýratyn biriniň tarapyny tutmaly däl. Olary öz erkine goýberip, kesesinden synlamaly. Şu ýerde eseriň ýürekden çykmalydygy bilen baglanyşykly bir tymsaly mysal getireýin. Geçen asyrda Çary Gurbanow atly ökde gyjakçy bolan. Ol gyjakdan üýtgeşik ses alýan eken. Munuň sebäbini gyjakdan görýänlerem az bolmandyr. Ýöne ökde-ökde sazandalaram onuň gyjagyny çalyp, şol üýtgeşik sesi alyp bilmändirler. Ahyrsoňy olara bu ýerde syryň Çary Gurbanowyň özündedigini, onuň sazy ýüreginiň içinden geçirip çalýandygyny ykrar edäýmekden başga ýol galmandyr. Kel bagşy Mylly aga saz öwredende aralyga tuty gerýän ekeni. Şonda Kel bagşy şägirdine: «Sen meniň barmaklarymyň hereketine seredip däl-de, dutardan çykýan owazy diňläp öwren» diýýän ekeni. Onsoňam uly-uly halypalar: «Sungat adamsynyň içem, daşam arassa bolmalydyr, ajydäne ekip, süýjüdäne alyp bolmaz» diýer ekenler. Hezreti Magtymgulynyň: «Ýigidiň hyýaly bolsa serinde; Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda» diýşi ýaly, ýaşlykda kalbyňda ýer alan hünäre bolan höwes hiç haçan ýadyňdan çykmaz ekeni. Mekdepde okaýan wagtlarym çekýän suratlarymyň aşagyna iki setir, dört setir goşgy ýazardym. Onsoňam, kiçiräkkäk, deň-duşlarymyz bolup «kino dörederdik». Men-ä çeken suratlarymy diwara tutup durardym, basga birem oňa çyra tutardy. Men suratlary sahypa-sahypa agdaryp, goşgularymy okardym. Munuň özi kadrlaryň geçdigidi. Ýene bir oglanjygam gapdalymda durup, agzy bilen “saz çalardy”. Biziň tomaşaçylarymyzam goňşy çagajyklardy. Ana, şol çagalyk höweslerimiň ählisi soňlugy bilen meniň durmuşymyň manysyny düzdi. Mekdebi tamamlap suratkeşlige okuwa girenem bolsam, soň aýlanyp-öwrülip ýazyjylyk hünärine geldim. Bir günem durmuş öwrümleri meni kinoçylaryň arasyna eltdi. Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow bilen ilkinji tanyşlygymyzdaky gürrüňimizem «Zöhre-Tahyr» şadessanyny ekranlaşdyrmak barada gepleşik bilen tamamlandy. Şu ýerde kino döredijiligi barada-da iki agyz aýdaýaýyn. Kinoçylaryň köpüsi kinematografiýada esasy zady edebi ýazgy hasap edýärler. Meşhur italýan kinorežissýory Federiko Fellini: edebi esas ýazylyp gutarylansoň: «Film taýýar. Indi ony surata düşüräýmek galdy» diýer ekeni. Rus režissýory Sergeý Gerasimow bolsa: «Taýýar bolan bolsa, surata düşürmek nämä gerek?» diýer ekeni. Aýtjak bolýanym, her bir döredijilik adamynyň öz dünýäsiniň bolşy ýaly, döredijilik ugurlarynyňam hersine mahsus aýratynlyklary bolýar. Ýöne şolaryň islendiginde-de, ussat halypalaryň aýdyşy ýaly, döredýän adamyň içki dünýäsiniňem, daşky dünýäsiniňem arassalygy ilkinji zerurlyk bolmagynda galýar. © Juma HUDAÝGYLY. «Edebiýat we sungat» gazeti, 22.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||