23:03 Ömrüzaýa -7/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
― Dokuzynjy synpa geçenimizde-de, siz geldiňiz... ― diýip, Hapby uzaga çekmedik dymyşlykdan soň sözüni dowam etdirdi. ― Gurnak açdyňyz. Hä diýmänem Sümsüle bilen adyňyz çykyp başlady. Bu maňa juda ýokuş degdi. Çünki, her niçik hem bolsa, şo çaka çenli onuň belli bir halaşýany, duşuşýany ýokdy. Başy boşdy. Boýny alajaly däldi. Şonuň üçinem, derhal Amanyň ýanyna baraga-da: «Menden goraglan bolup ýörsüň welin, seň ol uýaň-a ho-onha, bir ýerlerden gelen ýedi ýat bilen baş goşup, tutuş etrabyň ýüzüni ýere salyp ýör» diýip, ýüregini çişiresim, öýüne baryp Sümsüläni depgiň astyna alar ýaly, üstesine siziňem eýiňizi ýetirer ýaly edesim geldi. Emma, daş gulakdan eşidişime görä, ol habary agasyna menden öňürti eýýäm Sümsüläniň özi aýdan ekeni. O-da: «Bor, jigim, özüň kimi göwneseň, men seni şoňa bererin, ýöne, onda-munda bile görnüp, maňa gep getirmeseň bolýa» diýipdir. Şeýle gowy görüp ýören gyzyňa beýle ýamanlyk etmeli däldigine, beýtmekligiň uly ýalňyşlyk boljak ekendigine bolsa men soň-soňlar düşündim. Her niçik hem bolsa Amanyň siz barada aýdan ýaňky sözi il içine ýaýrandan soň men Sümsüleden tamamy ymykly üzmeli boldum. Özümiň oňa ýar bolup bilmejekdigime-de gutarnykly göz ýetirdim. Ýöne, şo-ol, synp otagynda, partanyň üstüne çykyp, elim papakly sözlän sözüm welin entek öz güýjünde durdy. Ömürboýam galmalydy. Sebäbi men ony ant hökmünde aýdypdym. Gelejekki ykbalymyň ugruny kesgitläpdim. Özünden hemişelik aýra düşendigime açyk göz ýetirenimden soň, özümi nähili alyp barjakdygymy Sümsüläniň öňünde mert durup aýdypdym. Siziň bilen durmuş gurjakdygy gümansyz belli bolandan soň, men ana, şol ýörelgä düşmeli boldum. Ýagny, Sümsüläni alany bilenem, hiç kim meniň oňa bolan söýgimi elimden alyp bilmez. Boýnuma alşyma görä, maşgalalydygyna, enedigine, ýaşdygyna, garrydygyna garamazdan, men ony gaýybanasyndan hemişelik söýerin. Meniň şol söýgime o dünýe ― bu dünýe gutarma ýok. Men başga bir gyzy söýmelem däl, öýlenmelem däl. Özümiň şol ykbalymy men Hakyň buýrugy hökmünde kabul etdim. Ýöne, siz entek barybir är-aýal däldiňiz. Durmuş gurmandyňyz. Nikalaşmandyňyz. Şol tarapa barýan ýoldadyňyz. Şonuň üçinem, men berenem bolsam, ýürek entek tamakinçiligi elden bermeýärdi. Maksadyndan el çekmeýärdi. Göreşsiz ýan beresi gelmeýärdi. Şonuň emri boýunça meniň käte siz bilen ikiçäk duşuşyp, mertlerçe gürleşesimiň gelýän pursatlaram, «Ýa şony it ýenjen ýaly ýenjip, günin öz obasyna aşar ýaly edäýsemmikäm» diýip, oýlanýan gezeklerimem bolýady. Ýöne, ol arzuw-isleglerimiň birem hasyl bolanokdy. Sebäbi, gürleşmäge-de, uruşmaga-da bognum ysanokdy. Size gözüm düşenden süňňüm gowşaýýady. Şol zatlara gezek gelende, meni öňdäki ýeňişlere çagyrýan ýüregimiňem «tirsildisi» peseläýýän ýalydy. Bir gün mekdebimiziň dälizindäki uly aýnaň öňünde durup göwrämi siziň göwräňiz bilen aňymda deňeşdirip görenimden soň-a göz öňüne tutulýan başa-baş söweşiň kimiň peýdasyna gutarjakdygyna takyk göz ýetirdim we ol pälimden el çekdim. Dogry, «Söýginiň gözi ýok» diýýäler. Ýöne, oňa diňe göz däl-de, gulak, burun, akyl-huşam gerek ekeni. Gurnaga hüjüm etmek syýasatymam şol döwre gabat geldi. Elbetde, sesimiň ýokdugyny özümem bilýädim, ýöne, maňa her dem diýen ýaly Sümsüläni görüp durmak, esasanam siziň ünsüňizi ondan sowmak gerekdi. Muny siziň özüňizem duýansyňyz we gurnakdanam hut şonuň üçin kowansyňyz, gabanansyňyz öýdýädim. Şeýlelikde, men Sümsüleden doly tamamam üzübilemokdym, başy belli maşgala hökmünde öňkülerim ýaly gaty bir batyrnybam bilemokdym. Siziň gurnak jaýynyň içinde «festiwala taýýarlyk» bahanasy bilen ikiçäk geçirýän sagatlaryňyz bolsa, meniň üçin sakar dowzahyň oduna ýanandan enaýy däldi. Bir ölüp bilemokdym. Örtenmekden, köýmekden başga edip biljek alajym bolsa ýokdy. Ýöne, siziň şol zatlary aňmandygyňyz, duýmandygyňyz welin, meniň üçin juda geň. Umuman alanyňda-ha, geňem däl, çünki men bir adam hasabyna urlup, äsgerilip ýörlen adamam däldim ahyry. Öz dünýämden çykyp, siziň dünýä aralaşdygym, men san-sajaksyz, gezip ýören bir gury göwrä öwrülýädim. *** — Şeýdip, Mähti mugallym, siziň iki ýyllyk iş möhletiňizem tamam boldy. Şonuň bilen birlikde bizem onýyllygy tamamladyk. Meniň üçin aýralyk, Sümsüle ikiňiz üçin bolsa wysal pursatlary gelip ýetdi. — Hapby gabrystanlyga tarap elini aýlap goýberdi. — Maňa-ha ine, şu ýabany durmuş, size bolsa döwletli döwran garaşýardy. Men Sümsüleden ömürlik dynyp, söýgüden ät galmalydym, siz bolsa eşidişime görä, şol tomus toý tutmalydyňyz, okuwa girmelidiňiz. Ondan aňyrda-da bagtly durmuşda ýaşap, çaga hözirini görmelidiňiz. Käşgä hemme zat şeýle bolan bolsady. Käşgä hemme zat adamyň öz ölçäp-bişişi ýaly bolan bolsady. Onda ol ýeke bir Sümsüle ikiňiz üçin däl, meniň üçinem gowy bolardy. Emma... Emma siz bar zady bulaşdyrdyňyz... — Bir zada ýüregi bulanan ýaly, Hapby seňrigini ýygryp, kükregini tutdy. — Bolýa, bu barada biraz soň... Häzirki aýtjak bolýan zadym ýene-de öz samsyklygym barada. — Ol gürrüňe başlaly bäri birinji gezek çaý owurtlady. — Onýyllygy gutarmagymyzyň şanyna gurlan oturylyşyk agşamynda men ýene bir gezek Sümsüläniň göwnüne degdim. Ynjytdym. Ýadyňyza düşýän bolsa, şol agşamky hoşlaşyk konsertinde ol aýdym aýtdy. Özem öňkülerindenem has gowy aýtdy. Sizem ýanynda saz çaldyňyz. Akardyýonda. Şondaky bolup durşuňyz dagy içimden ok bolup geçdi. Birdenem kelläme bir pikir geldi. Beýle pikir elbetde, diňe men ýaly samasowyň kellesine gelip biler. Şol wagt welin men ony üýtgeşik bir tapyndy hasap edipdim. Sümsülä aýtmaga howluganym, ony gözläp iki ýana urunýanymam ýadyma düşýä. Ahyram bir amatly ýerde maý tapyp öňüni çoladym. Iň soňky gezek, ýekeje agyz sözümi diňlemegini haýyş etdim. «Iň soňky» diýemsoň giňgöwrümlilik edendir-dä: — Bolýa. Diňleýän. Ýöne çalt bol, men gyssanýan... — diýdi. — Sümsüle! — diýip, men bir ädim ýaly öňe süýşdüm. — Öňkülerim-ä düşnükli. O wagt seň başyň boşdy. Ýöne ine, biri bilen halaşyp ugralyň bäri golaýyňda görnen däldirin. «Onda bu bolup durşuňa nähili düşünmeli» diýmegiň mümkin. Dogry. Bu bolup durşumam ters. Onam bilýän... — Sümsüle ýüzüme seredip gülümsiredi. Akyllanandyryn öýdüp begendi. Hasam döwletli sözlere garaşdy. Özüne ak ýürekden bagtly durmuş arzuw ederin öýden bolaýmagam ahmal. Men bolsam: — Ýöne... Bumat men başga bir zat aýtmakçy bolýan — diýdim-de, düýbünden ters tarapy tozadyp goýberdim. — Ýagny... Adamçylykdyr. Bilip bolmaz... Birdenkä... Ine, «awariýa» diýer, syrkawçylyk diýer, ýa başga bir betbgatçylyk bor, şol oglan bilen haýsam bolsa şolar ýaly bir ýagdaý bolakgetdänim durmuş gurup bilmeseňiz... ýa-da, Hudaýsaklasyn, bolmawersin, ýöne birdenkä guranyňyzdan soň ol şolar ýaly bir ýagdaýa uçrap durmuşyňyz çaýkansa, ýa-da diýeli ine, iň bolmanda ilçilikde bolup duran zat — ind-ä ol aýybam görlenok — oňşuksyzlyk ýüze çykyp, ýene näçe ýyldanam bolsa, maşgalaňyz bozulsa, şonda bir men seniň hoş sözüňe umyt baglap bilerinmi? Sebäbi meniň barybir senden başga birini söýmek ýa öýlenmek niýetim ýok. Ýa sen, ýa hiç kim! Men bu zatlary şoň üçin aýdyp otyryn... Eger-de «Howwa» diýseň, men şoňa-da taýyn. Çagaň-çugaň bilen ýygnamalam bolsa, ýene ýüz ýyl garaşmalam bolsa, kyrk-elli ýaşlaryňda bolsaňam, garaz, içiňde janyň bolsa men seni almaga kaýyl... Şonam diýdim, bolany diýdim. Ýüzi-gözi şeýle bir üýtgedi, ho-ol, guýyň içindäkisinden dagam bäş beter, men-ä dogrusy gorkuberdimem. Ozaldanam ak ýüzüni ap-ak edip, gözlerinem tegeläp, alagaraňkynyň içinde iki ýana bir owsun atýa welin, ömürlik içimden çykmaz ýaly bir edrenç söz agtarýanyny bilip durun. Ony edil şol wagt, hut şol ýerde ýarylaýmakdan saklan zat — öten-geçeniň köplügi bolmaly. Şonuň üçinem, ol birdenkä dişlerinden syzdyryp: — Hany, sen bäri gel entek — diýdi-de, öňüme düşüp, mekdep howlusynyň çolarak ýerine çykardy. Üstüme abanybraga-da, sag eliniň aýasyny gözlerimiň öňünde galgadyp ugrady. — Aý, nadan! Aý, nadanabarabar! Akmak! Akylyň ýokdug-a belli, ýöne iň bolmanda, akla eýeräýseňbir bolmadymy! Hiý, niýei ýamanlygyň, gowulygyň üstünden elten ýerini gördüňmi? Bir bendäniň entek gurulmadyk durmuşyna göz dikip, niýetiňde ony çagşatjak bolup ýöreniňden, özüňe rowaçlyk diläýseň bolmadymy?.. Häý, şum işigaýdan diýsänim... — Men gowusyny etjek boldum, Sümsüle... Sen... Sen... Sen meni... Ol aglaýjak-aglaýjak boldy. — Gowyň şo boljak bolsa, ýamanyň dagy nähilikä... — Gyzyň gazaby ýetjek derejesine ýetdi. — Garaçomak!.. Garaýürek!.. Garaçynak!.. Garadylak!.. Içim-ä ýakdyň-da, içi ýanan nejis!.. Ýüz ýyl-a däl, müň ýyl garaşsaňam, sensiz maňlaýyma garakeçe çekilýänem bolsa, menden saňa hoş söz ýok. Saňa baranymdan «alaboýa» baranymam gowudyr... Özüňňem iň soňky gezek görnüşiň bolsun şu maňa... Elbetde, Sümsüle mamlady. Oňa söz ýok. Men ýalňyşdym. Ters gepledim. Emma nätjek, bar bolubilşim şol. Gowusyny aýdandyryn diýip aýtdygym. Her kimem bolsa olar ýaly söz eşidenden soň şondan gowy jogap bermez. Ýöne, kim bolanlygynda-da, menem özümi adam hasap edýädim. Görküm, kesip barýan akylym, bagtym, nesibäm bolmasa-da meňňem iliňki ýaly göwnüm bardy. Menem özümiň hiç kimden pes saýylmazlygymy, mertebämiň pes tutulmazlygyny, söýülmänimde-de, söýenim üçin urlup, sögülip, guýa başşak salladylyp ýörülmän, gaýtam minnetdarlyk bildirilmegini, sypaýyçylyk bilen, mynasyp jogap berilmegini, özüme Hapby, lellik, myllyk diýip däl-de, Hakberdi diýlip ýüzlenilmegini, uly il bilen bir hatarda söýmäge-de, söýülmäge-de haky bolan hukukly adam hökmünde garalmagyny isleýädim. Şonuň üçinem, özümiň günäkärdigime garamazdan ýene bir gezek gahrymansyrap galaýanymy kem görmedim. Alkymyna dykylaga-da, aýaklarymyň daraklygyna galdym-da, iki gözüniň içine çiňerilip: — «Git» diýdiň — giderin, «gelme» diýdiň — gelmerin. «Gaýdyp görünme» diýdiň — onam ederin. «Öl» diýseň — ölerinem. «Şu gelşiň iň soňky gezek bolsun» diýdiň — on-a özümem bilýän. Men indi gelmen. Eýesi belli maşgalaň golaýynda görünmen. Asla saňa ýakmajak, seň abraýyňa nogsan getiribiljek hereketleri etmen. Ýöne, senem bek belle! Öňem aýtdym, ýaňam aýtdym, iň soňky gezek bolansoň ýene aýdýan: bu diýdigim saňa bolan söýgimden el çekdigim däldir. Men seni bu dünýede-hä däl, o dünýede-de, zamana ahyr bolup, kyýamat gopanda-da unudyp bilmen, gabrymda-da rahat ýatyp bilmen... — diýdim. — Gäbrimde, gäbrimde... — diýip, Sümsüle agzyma öýkündi. — Gabyr bilen kyýamatam oýunjak bolupdyr zamanaň adamlaryna. Häli: «Şum içinde Sümsüle bar, saňa garaşyp ýatyr, girjekmi» diýip, bir tümmegi görkezseler-ä girmejek bolup dünýäň çöpünden-çaýryndan aslyşar ýatardyň welin... Şeý diýendenem şo-ol, düýşdäki wakany ýatlaýandyr öýdüp, garajanym galmady. Hemişe şular ýalyda bolşy ýaly «şagga» der basdy. Ysgynym gaçdy. Kejirligimem, ähli gahrymançylyklarymam, dogmumam ýene şol öňküje gidýän ýerine gidene döndi... «Ýagdaýyň şü, ýatyň şü...» aşyklyk nä körüňe gerek...» diýip, içimden öz-özüme käýinenimi bilýän. Ýaňky sözünden soň Sümsüläniň bir agyz: «Häý...» diýäkgetdänim ik ýaly pyrlanaga-da yzyna öwrülmegi, batly-batly ädimler bilen daşlaşyp, kem-kemdenem garaňka siňip gitmegi meni şol pursat köp-köp kesapatlardan halas etdi. *** Indi men öýe gitmelidim. Sebäbi, ol ýerde durarlyk galmandy. Ýöne, ýagdaýym öýe sygarlyk däldi. Halym agyrdy. Göwräm, wah, göwre dagy näme, tutuş dünýe boşap galypdy. Ýüregim içegelerime çolaşyp, aşgazanymyň içinde bir ýerlerde gaýyp ýörmi ýa ökjäme ýelmeşip ýatyrmy, bilemok. Asla, onuň bardygam bildirenok. Ýürek ikimiz üçin ýer ýüzünde bir gyzyk bardy, o-da indi ýok. Gutardy. Tamam! Gepimde durjak bolsam, men indi söz berşim ýaly, gaýybana söýgä geçmeli. Ol meni hiç kime borçlam etmez, hiç kim hiç zady talabam etmez, men bir erkana, dynç, özbaşyna takat çekip ýören aşyky diwanalaryň biri bolaryn. Oňa-da men razy. Özüm üçin özümiň saýlap alan ykbalym şol. Sümsüläniň bolsa, goý, bagty ýagşy bolsun. Goý, ol Mähti mugallym bilen agzybirlikde ýaşasyn, uzak ömür sürsün. Howwa, meniň ol wagt öýe giderlik ýagdaýym ýokdy. Şonuň üçinem, çolarak görüp, siziň gurnak jaýyňyzyň ýeňsesine geçdim-de, arkamy şonuň diwaryna ýaplap, aýaklarymam uzyn saldym, oturyberdim. Gara basdymy, uky basdymy, bilemok, kellämiň içinde garasar sürüsiniň gaýmalaşýanyny, gara-gara gargalaryň «gagyldaşýandyklaryny», olary kowjak bolup birsyhly elimi galgadýandygymy welin bilýän. ...Näçe wagt geçenini bilemok, birdenkä «şark» etdi-de, jaýyň çyrasy ýandy. Tutulam bolsa, penjirelerinden daşaryk az-kem ýagty düşdi. Şolar ýalyda hemmeler, siz öz aýdymçylaryňyzy festiwala taýýarlaýansyňyz öýderdiler. Ol wagt welin hiç hili festiwalam, taýýarlygam, asla okuwam ýokdy. Diňe ýokary synplaryň synaglary dowam edýädi. O-da käwagt. Şol güne welin diňe biziň synpymyzyň gutardyş agşamy bellenipdi. Şol pursatam ol dowam edip durdy. Howwa, çyrasy ýanandan soňam esli wagtlap gurnak jaýynyň içinden hiç hili aýdymyň, sazyň sesi eşidilmedi. Gymyldy-hereket duýulmady. Şol wagt şol jaýyň içinde Sümsüle ikiňiziň ikiçäkdigiňizi, hiç zada taýýarlyk görmeýändigiňizi, ýeke men däl, howlynyň içinde iki-ýana zymdyrylyp ýören okuwçylaram, onda-munda topar tutuşyp, çilim çekişip ýören, ölügsi çyralaryň ýagtysyna käwagt bir ak köýnekleriniň ýagyrnylary akjaryp görünýän mugallymlaram bilýädiler. Emma hiç kim göwnüne güman getirmeýädi. Çünki, siziň söýgiňiziň päkdigine, bukdaklap däl-de, açykdan-açyk söýüşýändigiňize hemmeler ynanýadylar. Menem ynanýadym. Menem göwnüme hiç zat getiremokdym. Ýöne, barybir Sümsüläni sizden gysganýadym. Şol jaýyň içinde şeýdip, sessiz-üýnsüz oturmagyňyz meni otdan alyp suwa salýady. Janyma ýakanokdy. Maňzyma batanokdy. Kalbymy heýjana salýady. Islesem-islemesem gabanç duýgularymy oýarýardy. Özümi ýene-de duýgulary äsgerilmedik, iň bir gymmatly zadyny elinden aldyran öhödi adam hasap edýädim. Şu zatlaryň barysy birigip, meniň hakykatdan-da Sümsülä bolan söýgimden hiç haçan halas bolup bilmejekdigimi aňladýady. Şonuň şeýledigini ýene bir gezek subut edýädi. Şol wagt meniň nädibem bolsa bir ýol bilen içimi egsesim, dyňzap duran kalbymyň ýüküni ýeňledesim gelýädi. Emma özüme hernäçe zor salsamam bolmady. Başarmadym. Doň çözülmedi. Birdenem, jaýyň içinden pianinonyň owazy eşidilip başlady. Ony siz çalýadyňyz, onda-da uly hyruç bilen, her perdesinden bir üýtgeşik owaz alyp, uly joşgun bilen çalýadyňyz. O zatlary diňe siziň ýaly söýgüsine söýgi bilen jogap alan, bagtyýar adam şeýdip biljekdi. Ony siz däl-de, ýüregiňiz çalýady. Ýürek gopduryjy şol sazyň gapdaly bilen, Sümsüläniňem iň eý görýän hem iň bir erk edilýän aýdymyna gygyrmagy, meniňem häliden bäri çykara bahana gözläp duran agyma ýol açdy. Men ýöne aýdym üçin däl-de, şol aýdymyň özüm üçin aýdylmandygyna, şol aýdymy aýdýan gyzyň özümiňki däldigine aglaýadym. Ýöne, bütin howly bolup aýdymy diňleselerem, meniň agymy diňleýän ýokdy. Maňa guwanýanam, halyma gynanýanam, göwünlik berýänem, asla barmysyň diýýänem ýokdy. Sebäbi, men däl-de, ýüregim aglaýardy. Ýürek agysy bolsa diňlenmeýär. Ony aýdýanam, diňleýänem, öz-özümi köşeşdirýänem meniň özümdim. Bu hemişe-de şeýle bolupdy, şol wagtam şeýle boldy, häzirem şeýle. Mundan buýana hem şeýle bolar. Sebäbi, men Hapby. Lellik. Myllyk. Garaçomakmy ýa Mežnundygymy bolsa Allah bilsin!.. Şol oturyşyma tä, gurnak jaýynyň çyralary öçýänçä, ähli synpdaşlarymyz öýli-öýlerine dagaşýançalar doňňaradaş deýin somalyp oturypdyryn. Ýanyma kim gelipdir, kim gidipdir, asla gelen-giden bolupmy, belli däl, bir görsem biri yralaýa. Seretsem, mekdebiň garawuly Tuşy aga. Ol baryp-ha çaga wagtlary, bir sebäbe görä, bir ýerlerden ejesiniň yzyna düşüp gelipdir-de, şu etrapda galyp ýerli halk bilen garyşyp gidipdir. Özi gowy adam. Daşyndan hyýrsyz görünýänem bolsa, diýseň mylakatly. Bokurdagyny «hyžyrdadyp» ýuwaşja gepleýä. Ol endigine görä, agzyny gäwüşedip, üstüme abanyp dur. — Kim hä-äw sen? Näp ýöň börde gijäň içi... I-i-i... — Ol eglip ýüzüme seredende nasyň ysy «haplap» burnuma urdy. — I-i-i... Myllyk, senmi häw, bi?.. Näme, toý güni diýip bir issiken binajagaz dagy jyňkydadyňmy? Bötmeli dä keniň-dä. Il-ä seň ýany boljak bolup içýä, sen kime meňzejek bolýaň?.. Birden okudyjylaň biri göräýse dagy nätjek?.. Hä?.. Onä?.. Tur... Men sesimi çykarmadym. Içgili däldigimi, şu günden şeýläk okudyjylarymyň täsirinden çykýandygymy, çünki mekdebi gutarandygymy Tuşy aga düşündirjegem bolmadym. Ýerimden turdum-da, üsti-başymy kakyşdyrmanam unudyp gaýdyberdim. Kiçijik şäherçäniň çolaja, gumak köçelerine düşüp, duş gelen tarapa idirdendim gidiberdim. Şeýdip, şol gijäni men tä, daň agarýança kaňkap geçirdim. Ençeme ýerde mal örüzdim, it üýrüzdim, at ürküzdim, Tuşy aga ýaly ukusyna sak sakçylaryň käýinçlerini eşitdim. Bir gowy zat — tomus aýlary gije gysga bolýa. Daň atandan soň, jahan basym ýagtylýa. Ondan soň görene-göz bolup, göwedeňläp ýörmek ýagşy däl. Men ýaly ozaldanam ýaman atly adam üçin-ä hasam. Öz keşbine, tagaşyksyz sözleýiş usulyna, özüni alyp barşyna, hapysalygyna garamazdan, Hapbynyň aňrybaş sowatly adam hökmünde gürläp oturyşyna turuwbaşdanam-a geň galypdym welin, soňky sözleri meni hasam haýran galdyrdy. Şonuň üçinem mende: «Bu adam aslyýetinde akylly-başly ynsan bolup, ähli ýetmezçilikleri daş keşbi bilen baglylykda ýüze çykýan bolaýmasyn, ýagny daş keşbi tebigy häsiýetiniň üstüni örtýän bolaýmasyn, diýen pikir döredi. Mahlasy, tebigat ýalňyşandyr öýtdüm. Ýöne, daş keşbiň hemişe aýgytlaýjy roly oýnamagy netijesinde, tebigy häsiýetiň asgynlan bolmagy, soňky häsiýetiň öwrendikli endige öwrülip göreldäni öz eline alan bolmagam ahmal. Şeýle bolsa, onda tebigat ikinji gezek ýalňyşypdyr we ol görgüliniň görüp ýören betbagtçylyklarynyň esasy sebäpkäri şoldur, diýip çak etmek mümkin. Meniň oýa batanymdan peýdalanyp, Hapby öňündäki sowap giden çaýdan iki käsesini yzly-yzyna «hopurdadyp» içdi. — Howwa, ýoldaş mugallym... — diýibem, güňleç seslendi. «Alaşapyrdy» edip dodaklaryny ýalady. — «Daş gulakdan eşidişimize görä, siz birdenkä üýtgediňiz. Näme üçindir gyssagly suratda Aşgabada gidip geldiňiz-de, ýene-de yzyňyza gitdiňiz. Şol gidişiňizem-gidiş boldy. Gaýdyp gara salmadyňyz. Gürüm-jürüm. Gören gözleriň aýtmaklaryna görä, şol gezek geleniňizde siz örän aladaly, gussaly ekeniňiz. Sümsüle-de şondan soň solup başlady. Yz ýanam: «Mähti mugallym Sümsüleden dänipdir, eýýäm başga birine öýlenipdirem» diýen gürrüň ýaýrady. Sümsüläniň muny ýokuş görüp öňküsindenem beter hala düşendigi barada hem «hyşy-wyşy» gürrüňler eşidildi durdy. Şol gürrüňleriň tassyklamasy hökmünde şondan soň sizi gördüm-bildim bolmady. Özümi şeýtana oýnatdymmy, ýa zandy samsyklygym sebäplimi, şondan soň mende ýene-de Sümsülä bolan umyt uçgunjyklary köräp başlady. Dörän ýagdaýy men Sümsülä tarap barýan ýoluň özüm üçin täzeden açyldygy, iň bolmanda yş berdigi hasap etdim. Araky aýdan sözlerimi bolsa, welilik bilen aýdylan öňdengörüjilik saýdym. Şol pikir şu mahal Sümsülänem az oýlandyrýan däldir diýdim-de, «gaýybanaçylygy» taşlap, ýene-de öňki-öňkülige geçmekligi ýüregime düwdüm. Özümem indi öňkülerime görä has akylly-başly hereket etmeli diýen netijä geldim. Tapan çykalgam erbedem bolmady. Ýagny, belki, habaryňyz bardyr, synpymyzda matmatkadan iň ökdeleri Sümsüle ikimizdik. Barlag iş bolanda dagy «kim öň tabşyrmaşak» oýny diňe şol ikimiziň aramyzda gidýädi. Şonuň üçinem, onuň öz resminamalaryny hut matmatka pakultitine tabşyrjakdygyna şübhe ýokdy. Diýmek, menem şoňa tabşyrmaly. Ýöne, ykbal maňa şojagaz bagtam rowa görmedi. Bir okuw jaýynyň gapysyndan bäş ýyllap, Sümsüle bilen girip-çykmak, bileje okamak nesip etmedi. Başga derslerden geçsemem, şol döwür ähli bölümler üçin esasy we hökmany sapak hasap edilýän ors dilinden ýykdylar. Üsti-başyma, ýüz-gözüme, «wazzyk-wuzzuk» sözleýşime seredip geçirmedik bolmaklaram ahmal. Sümsüle welin geçdi. «Bärde bir bäş ýyllap şunsuz, arkaýyn okaýyn» diýip, meniň giribilmedigime Sümsüläniň begenen bolmagam mümkin, ýöne, günäsini göteribiljekgä. Şondan soň köp wagt geçmänkä, kakaň ilk-ä etraba gelip, soňam onuň okaýan ýerine baryp, «kansert» görkezipdir. Sümsüle o ýaşulynyň bolup ýörşüni juda ýokuş görüpdir. Sizden-ä hasam gaty görüpdir. Aýdylýan zatlaryň anygyna ýetmek üçin, sorap-idäp, kakaň öýde ýok wagty maýyny tapyp ilk-ä öýüňize, soňam siziň gelniňiziň okaýan ýerine barypdyr. Onuň bilen gürleşipdir. Çyndygyna gözüni ýetirenden soňam: «Bagtly boluň, jan dogan...» diýipdir-de, hiç hili öýke-kine bildirmän yzyna gaýdypdyr. Ýöne, urgy ýüregine erbet täsir edipdir. Siziň şol eden işiňiz onuň böwrüne ýapyşak bolup ýelmeşipdir. «Dogmaz oglan» bolup döräpdir. Derdine tap getiribilmänem düşege ýykylypdyr, keselhana düşüpdir. Ýöne, gutarnykly aýňalyp bilmändir. Ol şondan soňam şo keselden aýňalyp bilmedi. Ol oňa ömürýoldaş boldy. Görgüli hernäçe çytraşsa-da bolmady. Arasynda käte bolan ýalam edýädi-de, soň ýene-de bolanokdy. Kanikula gelende dagam hiç kim bilen görüşmeýädem, gürleşmeýädem. Başynyň boşanyny bilip hat ýazan oglanlaryň dagy birine-de jogap bermedi. gudaçylyga gelýänlerem gaýtardy. Hossarlaryna-da: «Gelibem oturmasynlar, men durmuşa çykjak däl, galan ömrümi işläp geçirjek» diýdi. Etrabyň adamlary: «Häý, şuňa «bukma» kesel degen bolaýmasa» diýdiler. «Terkidünýe» bolandyr», diýenlerem boldy. Ýöne, Ýazly aga ýaly gepi diňlenýän adamlar: «Hiý, olar ýaly kesel bilen kesellän adamam bir döwletiň Uniwersitet ýaly uly okuw jaýlarynda okap bilermi? Onda-da matematikadan. Gelende, giden-de gürleşip görýäs welin, biz-ä şo gyzyň hüý-häsiýetinde hiç-hili üýtgeşme göremzok, bilip-bilmän, entek durmuşa-da çykmadyk ýaş gyza kesel ýöňkäp ýörmäň...» diýeninden soň, o gürrüňler birneme kiparlady. Her niçik hem bolsa, Sümsüläniň siz zerarly bir «hylt» tapynandygyny welin, il-gün barybir aňdy. Ýöne, näme üçin beýdendigiňiz welin nämälimligine galdy. Şol sorag henizem howada asyl-asyl bolup dur. *** Birinji okuw ýylyny tamamlap gelende-de men Sümsüläni görüp bilmedim. «Pioner lagerinde işläpdir» diýdiler, ýöne, ondanam bihabar galdym. Soň eşitdim. Wagtynda biläýenligimde-de, baryp bilmezdim. Sebäbi, men onuň söýgülisem, garaşýanam, iň bolmanda garyndaşam däldim. Diňe tamakindim. Tamakinçiligimem gümanady. Toraňňa daňylandy diýsem has takyk bolar. Gaýybanaçy diýsem, ondan-da dogry bolar. Meniň ýagdaýymdaky adam Sümsüle ýaly gyzyň yzynda süssenekläp ýörse, onuň abraýyna zyýan ýetirmegi mümkin. Men bolsam, ony aýamalydym. Siz eýdenem bolsaňyz, men beýtmeli däldim. Ýöne, göresim welin gelýärdi. Sümsüläniň ikinji ýyl okap ýören döwri, agam Şajyk bir sebäp bilen, öňki edarasyndan çykyp, Amanyň edarasyna baş hasapçy bolup işe geçipdi-de, bir gün öz işi bilen Aşgabada gidermen boldy. Sümsüläni görerin, diýen umyt bilen menem oňa goşuldym. Näme üçindigini welin aýtmadym. Diňe ähli işlerini bitirip, öýe gaýtmakçy bolanymyzda men ondan Sümsüläni görmäge kömek etmegini haýyş etdim. Ol: «Näme, sen ondan entegem tamaňy üzeňokmy» diýen manyda ýüzüme seretdi. Onuň bu bakyşyna: «Seňkem itiň gatlaklydan hantama bolşy ýaly» diýip, düşünseňem boljakdy, ýöne, doganjygy-da, dözmedi. Uludan demini aldy-da: — Şeýdäýipsiň, diýip Amanam-a gaty görer menden... — diýdi. — Onsoňam, oňa ýarawsyzragam diýýäler... Şo ýagdaýdaka baryp, bizem derdini gozgasak... — Bilýä-än, ýöne ýekeje gezek, daşyndan görsemem bolýa... Gürleşmesemem hi-iç... Iki ýyl boldy görmeýänime... — diýip, özelenip duramsoň: — Ýör, onda... — diýdi. — Ýöne, oba baramyzsoň demiň içiňde bolsun, «baltaýt» edäýme. Barsak, allanäme, otagynda ýeke özi kitap okap otyr ekeni. Şajygy görüb-ä ýylgyrdy. Kitabyny stoluň bir gyrasynda goýup, ýerinden turdy. Agasynyň dosty hökmünde gadyrly salamlaşdy. Hatda elleşdem. Meni görüp welin çytyldy... Şeýle-de bolsa, megerem Şajygyň göwni üçindir, dodaklaryny çalaja gymyldadyp, göwünli-göwünsiz: — Gurgunmysyň, Hapby... — diýdi. Ýekeje barmagyny uzadyp elleşdi. Onam şeýle bir çommaltdy welin, utanjymdan ýaňa bir ýere giribilmedim. Iň ýamany ony Şajygam gördi. «Garagyň aksyn, saňa geregem şol» diýen manyda ýüzüme gyjytly seretdi. Näme üçin gelendigimizi delillendirmek üçin, çaý içip otyrkak Şajyk jübüsinden az-owlak pul çykaryp Sümsülä uzatdy. — Şuny Aman iberdi. Sümsüle puly aldy-da, başdakysyndanam has enaýy ýylgyrdy. — Men Aman akgama pul iber-ä diýmändim. Şajyk gürrüňçiligiň terzini başga ýana sowup goýberdi. — Hapbynam hünärmen taýýarlaýan tyhnykumlaň birine ýerleşdireýin, diýip alyp gaýtdym. — Gowy edipsiň. Negözel tehnikumlar, uçilişşeler barka adam bary institut, uniwersitet, diýşip elewreşip ýörler. Esasy zat hünär öwrenmekdir-dä näme... Men sesimi çykarman otyryn. Aşaklyk bilen synlaýan. Her niçik hem bolsa onuň öňkülig-ä ýok. Şu iki ýylyň içinde göz-görtele üýtgäpdir. Az-kem horlanypdyr. Ýöne, edil gürrüň edişleri ýalam däl... Ganymat. Özüni alyp barşam sagdyn. Nazary ýiti. Ýöne, barybir şol zatlaryň aňyrsynda-da bir aladanyň ýatandygy bildirýä. O-da uly okuwyň kynçylyklary bilen bagly bolmagy ahmal. Synlaýanymy bilip, ol oňaýsyz ýagdaýa düşýä. Bolup oturyşymy halanok. Asla şu ýere gelenimi halamaýandygy bildirýä. Şeýle-de bolsa, maksadyma-ha ýetdim. Ýeke bir daşyndan däl-de, gapdalynda oturyp ýakyndan gördüm. Içgin synladym. Bir armanym galdy, o-da gepleşibilmedim. *** Ikinji gezek men Sümsüle bilen şondan ylaýyk bir ýyl soň, goşun gullugyna gidip barýakam görüşdim. Şol gezegem ýanymda Şajyk bardy. Ol meni ugratmaga barypdy. Men ondan ýene-de Sümsüläniň ýanyna bile gitmegini haýyş etdim. Ol ýene-de kejikdi. — Haçan senem, il ýaly, özüňi sylamany öwrenjek... — diýdi. — O gyzyň asla seni göresi gelenog-a... Gözi düşenden jyny atlanýar-a... Ýüregi bulanýar-a... Sen bolsaň şo-ol, üstüne dyzap dursuň, zyňlan «jyk-jyk» ýaly. Gidesiň gelse, bar, özüň git. Geçen gezekkinem eşidipdir-de, Aman telim günläp meň bilen kepleşmän gezdi. Men ýene-de ýalbaryp ugradym. — Ja-an agam, gaýrat et. Gidäýeli. Ýeke barsam kowar o meni. Barybir bolmady. Ýeke özüm gitmeli boldum. Bardym. Otagynda ýok ekeni. Joralarynyň biri: «Ýene iki sagatdan geler, garaşaýyň» diýdi. Men elbetde iki sagatlap ýat gyzlaryň ýanynda oturyp biljek däldim. Şonuň üçinem, daş çykdym. Köçelerde aýlandym. Suw içdim. Doňdurma iýip ýüregimi sowatdym. Aýdylan wagtam gaýdyp geldim. Görsem bar ekeni. Maňa gözi düşenden ýüzi üýtgäp gitdi. Ýöne, joralarynyň ýanynda edep saklap, salamymy aldy. — Gel, Hapby, gapyda durma... — diýip, stoluň başyna çagyrdy. Öňküsi ýaly, bir barmagy bilen däl-de, iki barmagy bilen elleşdi. Men begendim. Çünki, onuň göz üçinem bolsa sypaýyçylyk etmegi, iki barmagy bilen görüşmegi meniň üçin bagtdy, elýetmez derejedi. Üstünlikdi. Şo çaka çenli men ondan şolar ýaly elmaýyşlyk, hormat görmändimem, eşitmändimem. Şonuň üçinem, «dylym-dylym» edip, oýkanjyrap oturyşyma, okuw hem saglyk ýagdaýlaryny soradym, goşun gullugyna gidip barýandygymy, hoşlaşmaga gelendigimi aýtdym. Joralary daş çykjak boldular, emma Sümsüle olary goýbermedi. «Oturyň, bizde üýtgeşik gürrüň ýok» diýdi. Men gepimi köpeltdigimsaýam ýüzi könelip başlady. Içinden: «Ýüz berseň ýüzin düşjeg-ow büý-ä...» diýýändigi, basymrak turup gidäýenimi kem görmeýändigi, başda «gel, geç» diýip mürähet edenine-de puşman edýändigi bildirdi. Onda-da gozganmaýandygymy görüp: — Bagyşla, Hapby, men gyssagly bir ýere barmaly. Gulluga-da sag-aman gidip gel... — diýdi. Bialaç turmaly boldum. Haýwanat bagyndaky üýtgeşik bir jandary synlaýan ýaly, gelelim bäri maňa tarap bilesigelijilik bilen, ogryn-ogryn bakyşyp oturan gyzlar bilenem hoşlaşyp gapa bardym. Iň bolmanda daş işige çenli-hä ugradar, diýen tama bilen yzyma seretsem, ýaňky «gyssag men» diýip oturan gyz ýerindenem gozgananok. Asyl, maňa tarap seredenogam. Ýüzümi gatyryp özüm çagyrdym. — Sümsüle, kyn görmeseň, bir minitjik bärik gelsene — diýdim. Ol: «Waý-iý-ý...» diýip, iki-baka buruljyrady-da, kynlyk bilen ýerinden turdy. Ýanyma geldi. Ýene-de, haýsydyr bir türkmençä terjime edilen uruşly kinodan eşiden sözlerim ýadyma düşdi. — Gaýgy etme, Sümsüle, men hökman gaýdyp gelerin... Şol gezegem sypaýyçylyk eden bolsa-ha bolaýjakdam welin, elbetde, çydam käsesi dolandyr-da, bir gyra bakyp şeýle bir pyňkyrdy welin, ömrümde şeýle utanan ýerim ýokdur. Hatda gyzlara çenli birhili boldular. Hiç zada düşünmän, bir maňa, birem Sümsülä tarap soragly seredişdiler. Ýüregiňden syzdyryp aýdan sözüňi kesä çekseler, adam pahyr gaty erbet bolar ekeni. Kemsinmekden ýaňa kemis owlak ýaly kemiş-kemiş edip otagdan çykdym. Iki elim bilenem basgançaklaryň germewlerinden ýapyşyp, üçünji gatdan aşak düşdüm. Daş çykdym. Duýdansyz öwsen güýz ýeli hälem bolsa göwräme biraz gurp berdi. Aýagymyň aşagynda çolaşyp ýatan sary ýapraklaryň howsalaly «şygyrdylary» bolsa göwünlik berýän ýaly bolup duýuldy. Taksi tutup «Woýenkamada» gitdim. Ol ýerde maňa Şajyk garaşýady. Ulagdan düşüşim ýaly ol ylgap ýanyma geldi. — Näm boldy? Ýüzüň-gözüň dagy nähili? Ýa bir zat diýdimi? Kowdumy? — Pyňkyrdy... — Pyňkyrdy? — Hüm-m... — O nähili pyňkyrdy? — «Pyňk...» edip pyňkyrdy. — Gowy edipdir. Oňaraýypdyr. Ýene-de bar sen şoň ýanyna. Gaýdyşynyňam bar — diýip, Şajyk maňa ýarym sagat dagy iňirdedi durdy. Maňa bolsa ol wagt bir gep az, iki gep köpdi. Öwüt, akyl däl-de, ýekelik, rahatlyk gerekdi. Şonuň üçinem: — Bar, git, Şajyk. Oba git. Durma şu ýerde. Maňa zadam diýme, ugratma-da. Meň şumat ýeke galasym gelýä... — diýdim. Gitmejek boldy. Garaçynym bilen ýalbardym. Onda-da bolmansoň ömrümde etmeýänimi edip haýbat atdym. — Şajyk, gitseň-ä git, gitmeseňem ras, owurdyňa bir çekerin welin... Hiý, agaňa-da bir şeý diýip bormy diýsene! Meňki ýene-de bolmady. Ýene-de ýalňyşdym. Gaharyma bäs gelibilmänem aglap goýberdim. Bir görsem Şajygam aglap dur. Ýagdaýyma düşünen bolmaly, ol meni pugta gujaklady-da: — Bor, inim, gidäýerin... — diýdi. Jübüsinden çykaryp, ep-esli pul berdi. Şondan soň ýekeje agzam gürlemän, öwrüldi ötägitdi. Gizläp nädeýin, Mähti mugallym, meniň şol günki, Sümsüläniň «pyňkyldysyndan» başlanan agym gaty uzaga çekdi. Agşamara otla münenimizde-de men gözüm ýaşly mündüm. Dörtmi, bäşmi, bilemok, ençeme gün ýol ýöräp, hatda Meskewadanam geçip, tä, barmaly ýerimize barýançak iň ýokarky sekiniň üstünde ýüzin düşüp, hiç zat iýmän-içmän aglap ýatdym. Hiç kim bilen gürleşmedim. Bir gezek, ýarym gezek bolaýmasa, aýak ýoluna gidip-gelenimem ýadyma düşenok. Peşewimiň sarysy dagy endamyna ornap, ýüzüme çykdy gitdi. Gulluk döwrem iller kemendirlerden rugsat alyp şähere kino görmäge, gyzlar bilen tanyşmaga gitseler, men özümi golaýymyzdaky sümme tokaýlyklara urup, ol ýerdäki Sümsülä meňzeş uzynak, akýagyz agaçlary gujaklap agladym. Jogap bolmajakdygyna gözüm ýetip duransoň, hat-peteg-ä dogrusy ýazjagam bolamokdym. Juda içimi egisesim gelse-de, gijesi bilen oturyp ýazýadym-da, ertesi irdenem ýyrtyp-ýyrtyp, hapa taşlanýan setiliň içine atyp gorberýädim. Gullugyň iki ýylynam şeýdip, aglap-eňräp geçirdim diýsem, siz megerem ynanmasaňyz gerek, Mähti mugallym. Çünki, Sümsüläniň şol gezekki «pyňkyldysy» meniň ýüregime ömürlik hanjar bolup sanjyldy. Bolup durşy göz öňümden aýrylmady, «pyňkyldysy» gulagymdan gitmedi. «Hiç haçan goşun gullugyna barýan ýigide şolar ýaly agyr söz aýtmaň, gelşiksiz hereketler ätmäň», diýip, ýer ýüzüniň ähli gyzlaryna jar edesim geldi. «Gözýaşdan peýda ýok» diýenleri welin çyn ekeni. Şonça aglanym bilen barybir içimem egsilmedi, ýüregimem gowzamady, äsgerilmedik söýgimem barybir kükregimi ýaryp daşyna çykmady, başymdan sowlup daglara-daşlara, çöplere-çörlere, garny ýogyn baýlara gitmedi. Hatda yranyşyp oturan ümmülmez tokaýlyklaram meniň şol derdi-belalarymy dep edip bilmedi. Gahrymançylygy ýer ýüzüne ýaýran sowet goşunynyň hatarynda gulluk edip ýörenem bolsam, men ýene-de şol bir Hapbydym, Myllykdym, Lellikdim. Hut şol häsiýetlerim üçinem, kemendirlerimiz meniň elime tüpeň bermediler, göwrämi tagaşyksyz görüp, hatda il deňinde hatara-da duruzmadylar, jogapkärçilikli işler tabşyrmadylar, azyk, ýarag ammarlarynyň sakçylygyny ynanmadylar. Telbe goýun ýaly, äm-säm bolup ýörşümem bir gyzyň zaryny çekip ýörşümden däl-de, zandy gowşaklygymdan gördüler. «Muny kim gulluga iberdikä? Ýa bu ýeri doňuz permesidir öýtdülermikä» diýşip, baran günümden başlap daşymdan aýlanyşyp başladylar. Soň şol soragy meniň özüme-de berdiler. Menem orsçalakgetdänim: «Näbileýin-dä, tewäriş neçennik, şon-a pikir ede-ede Şaja akgamam bilibilmedi» diýdim. Ahyram: «Aý, bu bir garyp çatmaň çagasydyr, bir barly ýeriň mes ogluna derek sokandyrlar, bizem indi möhleti dolýança onda-munda ulanyp, soňam sag-aman öýüme ugradyp goýberibermesek, başga alaç ýok» diýişdiler-de, öňden bäri aşhanada aşpezlik edip ýören özbek balalarynyň ýanyna kömekçi bellediler. Ine, onsoň güýjümiň çatdygyndan kertişge artdym, kelem dogradym, palaw bişirjek günleri pyýaz, käşir arassaladym, garaz, iýjek nanym-a ödedim. Bir günem: «Iki ýylyň doldy, sen indi boş, öýüňe gaýdyber» diýdiler. Begendimmi, begenmedimmi, ýadyma düşenok, ýöne, il gaýtdy, menem gaýtdym. Şajygyň: «Hä-ä, oňaraýypdyr, ýene bar, şoň ýanyna, gaýdyşynyňam bar» diýen gyjytly sözleri gulagymda köwsarlap duranam bolsa, Aşgabada gelip düşenimden aýagym Unwersitete tarap çekdi durdy. Iki ýylky öýke-kinäm dagy zym-zyýat boldy. Taksi tutanymam, matmatka pakultitiniň ýatakhanasynyň agzynda häzir bolanymam bilmän galypdyryn. Ýöne, ol bu gezegem otagynda ýok ekeni. «Sapakdadyr» diýdiler. Gitdim. Sapaklaryň tertibine seredip, okuw otaglarynyň haýsyndadygyny bildim. Tapdym. Gapysyna baranymdan soň özümi dürsemek üçin azajyk durdum. Gözümiň gytagy bilen egnime, çignime, iliklerime, umuman, üsti-başyma seretdim. Kemerimi, papagymy, oglanlardan diläp alyp, dakynyp gaýdan amanat nyşanjyklarymy düzedişdirdim. Has ýalpyldarlary ýaly, olaryň ýüzlerini ýeňimiň ujy bilen süpürişdirdim. Özüm welin güýzüň günem bolsa, bijaý derleýän. Öňkülerimiň üstesine «myžžyk» lakamynam alaýmaýyn, diýip gorkýan. Okuw otagynyň içinden orsça gepleýän aýal adamyň sesi eşidilýä. Megerem matmatka bolsa gerek. Eger-de şeýle bolsa, okuwa giribilen bolanlygymda, häzir menem gapynyň bäri ýüzünde däl-de, içinde, Sümsüle dagy bilen bir hatarda hasap işläp oturjak ekenim diýip, içimden pikir edýän. Ahyram ýüregimi bire baglap, şol, arzyly gapyny kakdym. Aýagymy jüp tutup, harbylarça ykjamlandym. Kükregimi ýelden dolduryp, öýkenimi gabartdym. Barybir tolgunmam galmady. Edil öňki gezekkim ýaly, uýluklarymam sandyraýa, kelläm-ä mydama-da saňňyldap dur, mürşük hoz ýaly ýygyrt-ýygyrt bolup duran eňegimem aýazda galan ýaly titir-titir edýä, dişlerim «alaşakyrdy» turuzýa. Ine-de «jy-yk» etdirip, gapy açyldy. Özem daşyna açylýan ekeni-de, meni bir ädim dagy yza süýşmäge mejbur etdi. Edil şol wagtam kelläme näme üçindir: «Hä, gül alyp gaýtmaly ekenim» diýen pikir geldi. Ýöne, indi giç. Uçlary towar-towar bolup duran tes-tegelek gara saçly, orta ýaşlaryndaky, ýewropaça geýnen, akmapraç aýalyň ilk-ä ýylgyryp duran ýüzi, soňam özi göründi. Men suwdan çykarylan çalajan balyk ýaly, agzymy açyp-ýumup durşuma: — D... D... Dr... Drasdy... — diýdim. Zenan höwes bilen salamymy aldy. Göwni ýetendir-dä, üsti-başyma seredip «ýyrş» etdi. — Gullukdanmy? Boşap gelýäňizmi? Allanäme... Gaty gowy... — diýdi. Kimiň gerekdigini sorady. Aýtdym. Ol: — Häzir... — diýdi-de, gapyny ýapman, otagyň içine girip gitdi. Elbetde, begendirerin öýdendir-dä, hä diýmänem onuň şadyýan sesi eşidildi. — Ýarboldyýewa-a... Kakoý-to geroý was spraşiwaýet... Ilki aýak sesi: «tyrk-tyrk-tyrk...», soň janyňy alyp barýan ýakymly, ýupar ysy, ondan soňam egni gök köýnekli, ýakasy jowahyrdan gaş goýlan göwher gülýakaly, täzeje ak köwüşli Sümsüläniň özi göründi. Iň bir esasy zadam: ol ýylgyrýa. Ugradanda «pyňkyryp» ugradan gyz — garşylandan ýylgyryp garşylaýa. Ine, goşun gullugynyň gudraty! — Hapby, tüweleme, sen-ä dogrudanam hakyky gahrymanlar ýaly... Tanar ýaly bolmansyň. Harby eşik saňa juda gowy gelşipdir... — diýip, görüşmek üçin maňa tarap üç barmagyny uzadyp gelşine mylaýym gürledi. Men uly höwes bilen gysanymda onuň barmaklarynyň üçüsem «şykyrt-şykyrt» etdi. Belki agyrdandyryn, ýüzem çytylyp giden ýaly boldy. — Sümsüle, gurgunmysyň? Sag-gurgun okap ýörmüň? Saglygyňam gowumy... — diýdim. — Şükür — diýdi. — Ine, menem geldim... Edil söz berşim ýaly... Ýene-de «pyňkyrar» öýdüp, garajanym galmady. Hern-ä beýtmedi. — Bolaýypdyr. Barsaň begenerler... — Şondan artyk gepläsi gelmedi öýdýän, birdenkä gyssanyp başlady. — Bor, onda, Hapby, men gireýin... Hasap işläp otyrys... Şondan soň ol menden jogaba-da garaşman, hatda hoşlaşmanam unudyp, açyk gapa tarap ýöneldi. Girjek wagtam eliniň tersi bilen gapyny içine çekdi. «Jy-yk,,, Şykyrt...» Boldy. Gapy ýapyldy. Duşuşyk tamam boldy... Etden ät galan güjük ýaly, gapynyň agzynda agzymy öweldip kän durdum. Näme üçindigini bilemok, täzeden kakmak üçin elimi telim gezek dagy gapa tarap uzadypdyryn. Iki ýyl garaşdyryp, indem hoşlaşyksyz tamamlanan bu täsin duşuşyk meniň barja badymam aldy. Bar keýpim gaçdy. Aýaklarym ýene-de diýen etmejek boldy. Şeýle-de bolsa, «dähedem-dessemläp» diýen ýaly daş çykdym. Okuw binasynyň agzyndaky daş-töweregi gül-pürçüge bürenen gök reňkli, uzyn, agaç oturgyçlaryň birine çökdüm. Elbetde, daşymdan egbar görnendirin-dä, bir görsem geçip barýan talyplaryň biri üstüme abanyp dur. Bir elem çignimde. — Sallat! Sallat!.. — diýibem, çalarak yralaýa. — Ýaramajak bolýaňmy? Kömek gerekmi? Doktor çagyrmalymy?.. Ümezlän gözlerimi zordan açyp ýüzüne seretdim-de, başymy ýaýkadym. «Pyňkyldynyň» yzasyndan ýaňy bir gutulyp barýadym welin, bu-da oň üstüne urna bolup, derdimi täzeledi goýberiberdi. Şol ýagdaýdan açylmanam öýe geldim. Hossarlarym, dost-ýarlarym bilen bolan didarlaşyklaram, hatda ene gujagam, ata mährem meni şol alasarmyk haldan aýňaldyryp bilmedi. Şajyk şagalaňly toý tutdy. Mal soýdy. Myhman çagyrdy. Märeke üýşürdi. Bagşy aýtdyrdy. Maňa welin şol zatlaram täsir etmedi. Şähtim açylmady. Umuman, meniň sag-aman gullukdan gelendigimiň şanyna tutulan şol toý kime lezzet berenem bolsa, maňa-ha ezýetden başga hiç zat bermedi. *** Bir aý ýaly öýden çykman ýatanymdan soň Şajyk: — Senem indi ile çyk, işe güýmen, ýogsam, içgussa borsuň — diýdi-de, elime-aýagyma bakman «Remstroý» atly edaranyň kerpiç çykarýan zawodyna ýönekeý işçi edip ýerleşdirdi. Agyram bolsa şol işde tä, Sümsüle okuwyny gutaryp gelýänçä işledim. Şol wagtyň içinde Şajygyň aýdyşy ýaly, hakykatdan-da, gaýgydan-gussadan açylyşyberdimem. Sümsüle-de ýatdan çykyşyberdi diýen ýaly. Şeýle-de bolsa, gözüniň öňünde bir laýa bulaşyp ýörmäýin diýen öý bilen, Sümsüle okuwyny gutaryp geler uçurlary ol işden çykdym. Şol wagt mekdebiň bufeti satyjysyz ekeni, Şajyga ony-muny gördürtdim-de, hem-ä neme bor, hemem neme bor, diýen niýet bilen ur-tut şoňa geçdim. Gelmeli wagty dolup, Sümsüle-de geldi. Işe-de başlady. Onuň sagdyn görünýändiginden, işe ukyplydygyndan çen tutup, etrabyň adamlary: «Sümsüle Mähti mugallymyň öňünde-de şo-ol, birwagtky hat berýän oglanlaryň öňünde goýýan «on ýyllyk şertini» goýandyr, şonuň üçinem arkaýyndyr, garaşýandyr, mütdeti dolan güni Mähti mugallym bir ýerden çykar, galan zatlar ýalandyr, onuň öýlenendigi baradaky «myş-myşlaram» häki bir gürrüňdir» diýişdiler. Olaryň şol pikirlerine menem goşuldym. Şol gürrüňiň ýalanam bolsa çyn bolup çykmagyny, hakykatdanam siziň geleriňizi, Sümsüläniň bagtly bolaryny isledim. Ýöne, edil gelmeziniň öň ýany mekdebe işe girmegimi ol edil garaşyşym ýaly, meniň ýene-de köne heňime başlamak hyýalyna münen bolaýmagymyň ahmaldygyna ýordy. Şonuň üçinem, ol gelen gününden başlap menden ýüzüni sowup ugrady. Pete-pet gabat gelsegem salamlaşmady. Saglygyny sorasamam jogap bermedi. Bufede-hä asla garasynam bermedi. Meniň welin, Hudaýlygymy aýdýan, ýoldaş Mähti mugallym, şol bir öňki heňim. Ony daşyndanam bolsa görüp, guwanyp ýörmekden başga hiç hili hyýalym, oý-pikirim ýok. Bolanda-da bolmajakdygyna gözüm ýetip dur. Ýöne, ýakyndan görüp ýörmek keýpem maňa barybir garaşýan netijämi bermedi. Ol ýagdaý meni köşeşdirmedem, ynjaltmadam-da, gaýtam öjükdirdi, odumy güýçlendirdi, derdimi artdyrdy. Ýene-de janyma jaý tapman, dünýeden göwnüm sowap başlady. Sümsüläniň özüme bolan ýigrenjiniň artýandygyny duýmak bolsa, ýene-de öz-özüme bolan göwnügeçginlik gorkusyny döretdi. Şonuň üçinem, men birwagtlar Şajygyň ýüreginden syzdyryp aýdyşy ýaly, aňrujy öz mertebämi sylaýan bolsam, ol ýerden gitmelidim, özümem, Sümsülänem şol oňaýsyz ýagdaýdan halas etmelidim. Edil şol wagtam etrabyň DOOSAF-ynda sürüjilik kursy açyldy. Men ikirjiňlenmän şoňa girdim. Bu meniň ömrümde ilkinji gezek öz başymy özüm çarap, özbaşdak bir işiň başyny tutuşymdy. Muňa meň özümdenem beter Şajyk begendi. «Indi: «Toý tutuň, men öýlenjek» diýibem begendiräýseň-ä barymyz maksadymyza ýeterdik» diýdi. Ejem bilen kakamyň nähili begenendiklerin-ä aýdybam oturmaýyn. Ana, şeýdip men, Mähti mugallym, sürüjem boldum. «Kolhozgurluşyk» edarasynyň ýüküni özi agdarýan köneje maşynyny berdiler. Birbada men muňa kemsinjek boldum. Ýöne, Şajyk: «Häzirlikçe şonda işläber, ökdeläňsoň abadragyny taparys» diýensoň, birazajyk köşeşdim. Emma esasy zat: Öň il meniň üstüme suw syçradýan bolsa, indi men iliň üstüne syçradýadym. Gazanjymam ganymatlaşyp başlansoň, durmuşa bolan höwesimem artdy. Her aýlygymdan ejeme, kakama ony-muny alyp berdim welin, olar: «Hudaýa şükür, oglumyz sana goşuldy, ol indi öý-işigem bolar, çaga-da eklär» diýşip, bolubilenlerini boldular. Aşyklygyň humaryndanam açylyşyberdim. Ýagşa-ýamana göründim. Märekä gatnaşdym. Köpçülige goşuldym. Üsti-başyma seretdim. Eşiklerimi täzeledim. Kostýum, aşagy padoş, ýalpyldawuk gara köwüş, eýran jorap aldym. Şajyg-a: «Şlýapa-da al» diýdi welin, etmedim. «Aý, ol ýaşuly adam ýaly görkezýä-laý...» diýdim. Oňa derek Baýry jalaýyňky ýaly «andatra» telpek aldym. Alty aýdan soň Şajyk başlygy görüp täze maşynam äberdi welin, şonuň kabinasynda egnim iňňeden çykma täze eşikli, ruly eýläk-beýläk towlap, oýkanjyrap oturyşyma Sümsülä görünmek üçin ýol ugrum bolsa-bolmasa işdekä-hä mekdebiň üstünden, öýündedir öýden wagtymam penjireleriniň öňünden eýläk-beýläk okkessirme geçýädim. Bir görsem meni hakykatdanam ile-güne goşuldy hasap eden ejem meniň üçin gudaçylyga gatnap ýören bolsa nätjek... Ine, şunda welin men ýene-de, papagymy elime alyp, «araba» çykmaly boldum. Ejemiň özüne-hä hiç zat diýibilmedim, ýöne, Şajyga welin aýtdym. «Men derdimden açylyşanym bilen ykbalymdan dänmen. Iki dünýäde senden özgäni ýar saýsam agzymdan ant olsun, diýen sözümden entegem dänemok. Dänmenem. Men dönsemem, göwnüm dönmez. Daşym köşeşenem bolsa, içim otdur. Sen şuny ýuwaşlyk bilen ejeme aýt, gerek bolsa kakama-da duýdur, goý, kösenişip ýörmesinler...» diýdim. *** Şeýdip ýörşümize Sümsüläniň okuwyny gutaryp gelenine-de bäş ýyl geçdi. «On ýyllyk» şertnama möhleti tamam boldy. Şol döwür siz niredenem bolsa bir ýerlerden çykmalydyňyz. Sümsülä öýlenmelidiňiz. Şol umyt bilen hemmeler size garaşdylar. Uly il bilen bir hatarda menem garaşdym. Emma, Hudaý bersin Mähti mugallymy. Siziň gelmejekdigiňizi şol wagt etrap boýunça ýekeje adam bilýädi. O-da Sümsüläniň özi. Şonuň üçinem, ol özüni iňňän parahat alyp barýady. Aradan ýene-de üç ýyl geçdi. Sümsüle otuz ýaşady. Üýtgän zat welin bolmady. Ýöne, şondan soň tebigat özüniň tebigy özgertmelerine başlady. Öň beren zatlaryny yzyna alyp ugrady. Öňi bilenem onuň ruhy saglygyndan başlady. Şo-ol, birwagtky: «Mähti mugallym ony taşlap gidipdir» diýlen gürrüň ýaýrap ugran döwürleri tapynan keseli täzeden gozgadymy, ýa ol asylam hiç ýere gitmän, kalbynyň töründe bir ýerde güýlünip ýatypmy, Sümsüle birdenkä bir zat tapynan ýaly etdi-de, «tapyr-tupur» ýatyberdi. Bir aý ýaly etrap hassahanasynda ýatandan soň, Aman ony Aşgabada alyp gitdi. Hertaraplaýyn barlatdy. Emma ol ýerde-de ondan hiç hili göze görnüp duran kemçilik tapyp bilmändirler. Moskwa äkitmekligi maslahat beripdirler. Ýöne, Aman ol ýerdenem uýasynyň keselini anykladybilmän geldi. Sümsüle welin edil köne dessanlarda aýdylyşy ýaly: gün-günden saralyp, soldy gitdi oturdy. Elbetde, onuň näme derdiniň bardygyny, dermanynyň kimdedigine çenli, geň görseňizem, ýoldaş mugallym, diňe men bilýädim. Sebäbi, «derdi çeken biler» diýipdirler. Ony ýeke men däl, yşga düşüp gören adamlaryň islendigi bilip biler. Ýöne dermanyny welin, salgy berip bilmez... Sebäbi, ol tapylmaýa. «Yşgyň derdine derman ýok» diýilmesem şonuň üçin, Mähti mugallym. Onsoňam, biziň görüp ýören dünýämiziň içinde o zatlara düşünip biläýjek, ol bazara girip çykan mübtela kişi bardyram öýdemok. Olaryň köpüsi edil siz ýaly, gapysyndan garaýalar-da, jan jebrini kyn görüp, başlaryny gutarmak bilen boluberýäler. Menden bolsa maslahat soraýanam ýok, aýdaýanymda-da ynanmajakdyklaryna, üstümden gülünjekdigine, hususanam, muny öňi bilen Sümsüläniň özüniň halamajakdygyna gözüm ýetip dur. Gaty görmäýeninde-de kim oňa kömek etsin? Kim oňa gidip bir ýerlerden Mähti mugallymy tapyp getirip bersin? Aslynda ol geljek Mähtimi ýa gelmejek Mähtimi? Geläýende Sümsüle ony kabul etjekmi? Indiden soň ol oňa gerekmi? Aýt sowulansoň hynany nemäňe çaljakmy diýlişi ýaly, boljak iň bolandan soň dermany başyňa ýapjakmy? Yşk, söýgi, wada, wepa diýlen zatlaryň edähedi şolar ýaly, Mähti mugallym. Ol gowy zat, kadaly bolan ýagdaýynda. Düzgünini sähelçe bozdugyň welin, köýdürýä, ýandyrýa, däli, diwana edýä, ýoluňdan azaşdyrýa, özünden başga zady ýadyňdan çykardýa. Unutdyrýa. Gözüňe başga zat görnenok. Ýitgi welin ondanam beter edýä. Galmaz güne salýa... Sümsüläňkem ana, şoňňaly boldy. Hekimler bolsa häzirkizaman medisina enjamlary bilen onuň diňe daşky we içki beden agzalaryny barlaýadylar. Ejiriň ruhy tarapdan gelýändigini bilselerem, sebäbini bilip bilmeýädiler. Sebäbini bilselerem, dermanyny salgy berip bilmeýädiler. Asyl-ha şeýle dermanyň ýokdugyndanam bihabardylar. Habardar bolaýanlarynda-da aýdyp bilmeýädiler. Adaty dermanlar bolsa oňa täsir etmeýärdi. Sebäbini, onuň ruhy azaplary, ýürek yzasy, göze görünmeýän ýürek damarlarynyň, entek medisina belli bolmadyk, aňasty beýni ahwalatlarynyň üsti bilen geçip gelýädi. Öz derdiniň nämedigini, dermanynyň nirededigini, kimdedigini, elbetde, onuň özem gowy bilýädi. Ýöne ol muny aýdyp bilmeýärdi, aýdaýanda-da, ol derman ýaňky aýdyşymyz ýaly, indi oňa geregem däldi. Sebäbi, ol ony indi istemeýärdi. Amanyň welin, barybir dek oturasy gelmedi. O wagtlar o zatlar häzirki ýaly aňsadam-a däldi welin, şonda-da uýasyny Eýran, Hindistan, Gyrmaniýa ýaly hekimçiligiň ösen ýurtlaryna äkitjek bolubam kän dyzady. Pul ýygnady. Hat-peteklerini düzetdi. Aşgabadyň, Moskwanyň geçiren barlaglaryny jemleşdirdi. Ýöne, bir gün Sümsüle halys ýüreginden syzdyryp: — Jan dogan, eýläk-beýläk süýräp, menem gynama, birgiden çykdajy edip özüňem heläk bolma. Men senden müňdebir razy... Öz ýagdaýymy meň özüm gowy bilýän, meň derdim dogtorlyk däl... — diýeninden soň edip ýören aladalaryny goýdy. Şol wagt Sümsüle otuz ýaşlaryndady. Ýalňyşmaýan bolsam ol şondan soňam bäş ýyl dag-a ýatdy. Şol döwrüň dowamynda men hakda-ha gürrüňem ýok welin, öz öýündäkilerden başga bir adamam, hatda iň ýakyn garyndaşlarynam Aman öýüne goýbermedi. «Azar bermäň, rahatlygyny bozmaz» diýdi. — Näme, Sümsüle şeýdip işden-güýçdenem galaýdymy?.. — Siziň iş-güýç ýadyňyza düşýä, Mähti mugallym... — diýip, Hapby başyny ýaýkady. — Soňabaka dagy ol halys girip-çykmadan zatdanam gald-a... Käte bir: açyk howadan dem alsyn, diýip, daşaryk çykaraýanlarynda-da gelnejesi Aýtuwak ýa şoň gyzlarynyň biri söýgetläp çykarýadylar. Ulularyndan eşidip aýdýalarmy, nämemi, şojagazlar hemişe: «Biziň Sümsülämize göz degdi» diýýädiler. Herimiz bir tarapynda ýaşaýandygymyz üçin, men köplenç, hususan-da Amanyň öýde ýok wagtlary, ýabyň raýyşynda oturyp, ony çykararlaryna garaşýadym. Ol köplenç tamyň kölegesinde, arkasyny şoňa ýaplap oturýady. Ony görüp gözlerime ýaş gelýädi. «Şo-ol, baýdak ýaly parlap ýören, aýdym aýdanda tutuş şäherçäni sarsdyrýan Sümsüle şü» diýseň, adam ynanar ýaly däl. Bir tutam bolup galypdyr. Süllerip solanja gülüň ba-da. Görgüli käte oturmaga-da mejaly bolman, bir tarapa gyşaryp-gyşaryp gidýä. Aýasyny gumak ýere diräp, ýene dikelýä. Aýtuwak çykaran güni, men ony ine-gana synlap, hatda birki agyz gürleşibem bilýädim... Umuman, öz öýümizde-hä Şajyk, Sümsülelerde-de Aýtuwak meniň ýagdaýyma düşünýädi. Oňa elmaýyşlyk etmekden başga hiç hili tamakinçiligimiň ýokdugyny bilýädiler. Aýtuwag-a gabat gelen ýerinde-de: «Gaýgy etme, Hapby, Sümsüläniň ýagdaýy ýok. Düýn-ä gowuja garbandam, indi basym daýanar, gutular...» diýip, göwünlik berýädi. Şolar ýalyda meniň gaýybanaçylyk söýgimiň üstüne hossarçylyk duýgularam goşulýardy-da, öň siziň bir ýerlerden peýda bolup, ony hassaçylykdan gutarmagyňyzy isleýşim ýaly, indi onuň basymrak sagalmagymy, ajalyň elinden sypyp, durmuşa gaýdyp gelmegini isleýädim. Has takygy men öň sizden gabanan bolsam, indi ajaldan gabanýadym. Daşyndan görüp ýörmek lezzetindenem mahrum edip, ony bakyýa bakan alyp giderinden gorkýardym. Aňymda Ezraýyl bilen jan dalaşyna girýädim. «Aljak bolsaň, ine, meni al. Allahyň öňünde san bergiň bar bolsa-da, meni al, barybir ol meni bu dünýä ýaramsyz edip ýaradypdyr, Sümsüle bolsa ýalançynyň ýaraşygy, oňa degme...» diýýädim. Soňabaka men ýene-de öňkim ýaly, ähli işimi taşlap, ýabyň raýyşynda Sümsülelere bakyp oturmany çykardym. Ezraýyl bilen başlan söweşimem şol ýerde dowam etdirdim. Kä ýeňdim, kä ýeňildim. Ýeňen wagtym begendim, ýeňlenimde gynandym. Ýere gaçan gylyjymy garbap alyp, söweşi ýene-de dowam etdirdim. *** Bir gezek ýolum düşüp, ýabyň o ýüzi bilen Sümsüleleriň deňinden geçip barýakam, Aýtuwak gabat geldi. Ol iki eplem bolup daşaryny süpürip ýör ekeni. Men salam berdim. Ol çep egni bilen bürenjegini arkan serpip, dikeldi-de, o ýan, bu ýan garanjaklady-da: — Gir-de çykaý, häzir öýde hiç kim ýok — diýdi. — Ýöne, köp eglenme. Özüňem köp kepleme, onam köp kepletme... Girdim. Ýüregim welin agzymdan çykyp barýa. Birden meniň gelenimi halaman, üznügäýse dagy, näderkäm, diýýän. Hern-ä uklap ýatan ekeni. Gapdalyna baryp oturdym. Öňküsindenem beter horlanypdyr. Ýüzünde-de burçak-burçak sary der. Adam pahyr göwün-dä, şeýtan ara düşen bolmagam mümkin, egiläge-de, ýaňagyndan ogşaýasym geldi. Eger-de şeýden bolsam, onda ol meniň ony o dünýe, bu dünýe ilkinji hem iň soňky gezek ogşaýşym boljak ekeni. Ýöne, beýtmäge hakymyň ýokdugy, özümiňem oňa diňe «gaýybanaçy» bolmaklyga söz berenim ýadyma düşdi-de, saklandym. Gaýra çekildim. Oňa çenlem elbetde, ynjalybilen däldir-dä, «üpül-süpül» edip, eli sübseli Aýtuwak girdi. — Wiý, uklaýypmy eýýäm? Ýaňyjadam-a oýady... — diýdi. Birdenem gyssanyp başlady. — Boldy indi, Hakberdi jan, tur, git. Birden Aman geläýmesin... Ine, bu bolsa atam-enemi hasap etmeseň, bütin ömrüme birinji gezek, kimdir biriniň özüme hak adamy tutup ýüzlenişidi. Hatda Şajygam, žurnalda dogry ýazylandygyna garamazdan, mugallymlarymyzam adymy şeý diýip tutmaýardylar. Onda-da yzyna «jan» sözünem goşup. Şonuň üçinem jaýdan hoş bolup çykdym. Gapynyň agzyna baryp, yzyma öwrüldim-de, ýene bir gezek Sümsülä seretdim. Içimden «Sag bol» diýdim. Şonda onuňam dodaklary gymyldan ýaly boldy. Ony görenime-hä begendim, bolup ýatyşyna bolsa gynandym. Aýtuwaga «taňryýalkasyn» aýdybam, gaýtdym. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |