22:13 Añzakly tomus: Badalga -11: Duşmanyñ garşylanyşy | |
DUŞMANYÑ GARŞYLANYŞY
Taryhy proza
Ýagynyň öňünden çykmaly dört müň atly goşunyň iki müňi, şeýle hem pyýada goşun, iki günüň içinde Gökdepe galasyna ýygnandy. Atly goşunyň ýetmezini Börmeden, Dykma serdaryň ýigitlerinden dolmaly edibem ýola düşdiler. Goşunyň umumy ýolbaşçylygy Berdimyrat hana ynanyldy. Aýratynlykda pyýada goşuna Orazmämmet han, atly goşuna Garabatyr baştutan edilip bellenildi. Her gala hany öz ýigitlerine ýolbaşçylyk etmeli we olaryň arasyndan onbaşylary, ýüzbaşylary saýlamaly. Serkerdeleriň baş maslahatçysy hökmünde goşunyň ýanyna Gurbanmyrat işanam goşuldy. Börmede uzak eglenmeli bolmadylar. Çünki, Dykma serdar ol ýere Gulbatyr serdary bir gün öň iberipdi we ol eýýäm ýigitleriň gerekli mukdaryny artygy bilen jem edip goýupdy. Şol ýerde goşuna Gyzylarbat hany Sopy han hem öz atlylary bilen goşuldy. Ol ekabyrlara ors goşunynyň eýýäm Tersakandan çykyp, bäri gaýdandyklary barada maglumatyň bardygyny aýtdy. Şonuň üçinem, haýal etmän Bendesene tarap ýola düşdiler. Egerde, duşmany Bendesenden yzyna gaýtaryp bilsediler, onda Ahal ülkesiniň abraý bilen goraldygy bolýardy. Egerde, ondanam aňyrda, Hojagaladan serpikdirilseler, onda, duşmanyň düýbünden Ahala aýak sekdirilmedigi boljakdy. Ala meýdanda bagty synap görmek islegi şol wagt ekabyrlaryň hemmesinde-de dörän bolsa gerek, Bendesende geçirilen gysgajyk maslahatdan soň, Orazmämmet hanyň, Sopy hanyň, Gurbanmyrat işanyň ýolbaşçylygynda pyýada goşuny şol ýerde galdyryp, Berdimyrat han, Dykma serdar, Garabatyr dagy atly goşun bilen Hojagala tarap ýöriş etdiler. Emma entek Hojagala ýetmänkäler, dar jülgäniň içinde ors goşunlarynyň awangardy bilen ýüzbe-ýüz gabat geldiler. San taýdan azdyklary görnüp duran hem bolsa, kazaklar yza çekilmek barada pikirem etmediler. Gaýtam: gepleşik geçirmelimi ýa urşa girmelimi, diýşip, türkmen ekabyrlary at üstünde maslahat edýänçäler, olar eýýäm ala-goh bolşup ot açyp başladylar. Berdimyrat han ýigitleri ikä bölüp, Dykma serdar bilen Garabatyryň hersine duşmanyň bir tarapyndan aýlanmaklygy, eger-de ýagdaý bolsa arkalaryna geçip ýeňselerinden urmaklygy, gabawa salmaklygy buýurdy. Jülgäniň dardygy hem-de iki tarapyň ulyly-kiçili dag gerişleri bilen gurşalandygy sebäpli ýigitleriň agyp-dönmelerine maý bolmady. Şonuň üçinem, Garabatyr bilen Dykma serdaryň hersi iki ýüz atlyny yzyna tirkäp hüjüme ugrady. Berdimyar han duşmanyň çat maňlaýyndan urmak üçin jülgäniň agzyna bent boldy. Dykma serdar dagy sag tarapdaky kert gaýanyň düýbüni syryp akyp ýatan çeşmeden at urduryp geçdiler-de, onuň aňyrsyndaky gyrymsy agaçlary, düýe ýaly daşlary, kert gaýalary penalap, duşmany atym aralygyna getirmek üçin birsyhly öňe süýşdiler. Şol aralykda-da, duşmanyň «şuwlaşyp» gelýän gyzgyn gülleleri üç-dört sany ýigidi ýaralady. Şondan soň olaram kazaklara tarap ok atyp başladylar. Emma duşmanyň arasynda hiç hili başagaýlyk döremedi. Çünki, türkmen ýigitleriniň atýan oklary olara ýetmeýärdi. Kazaklaryň özlerini beýle arkaýyn alyp barýandyklarynyň sebäbiniň şoldugyna türkmenlerem basym göz ýetirdiler. Bu ýagdaýy Berdimyrat hanam duýdy we duşmanyň ünsüni Dykma serdar dagynyň sowmak üçin üç ýüz atlyny öňe çykardy we ok atmaklygy, ýagdaý bolsa garjaşma girişmegi buýurdy. Emma kazaklaryň atýan oklary gerekli menzillerine ýetmänkäler olaryňam on sanysyny atdan agdardy. Ýigitler ýaradarlaryny alyp yzlaryna dolandylar. Soldatlaryň atýan oklary çawup gelip Berdimyrat hanyň öz duran ýerine-de ýetdi we birnäçe aty şeýle hem üç adamy ýeňil-ýelpaýrak ýaralady. Duşmanyň üstüne çep tarapdan hüjüm edýän Garabatyryň ýagdaýam Dykma serdaryňkydan gowy däl. Onuňam ýigitleri ýitgi yzyna ýitgi çekdiler, emma duşmana zeper ýetirip bilmediler. Şonuň üçinem, Berdimyrat han oňa-da, Dykma serdara-da yza çekilmekligi buýurdy. Birdenem jülgäniň sag tarapyndaky abanyp duran kert gaýanyň üstünde bir bölek atly peýda boldy. Olaryň iň öňdäkisi-dor atly başy ak silkme telpekli, egni gyrmyzy donly, aýagy ýumşak gara ädikli, inçesagat, süýnmegräk ak ýüzli, görmegeý, syratly ýigit daş-töweregine nazar aýlady-da, dagyň iň eňňit ýerlerini peýläp, ors goşunlarynyň üstüne at goýdy. Dag goçlary ýaly heşerilişip duran ýigitlerem onuň yzy bilen «gykuwlaşyp» aşak indiler. Berdimyrat han olary kömege gelen ýomutlardyr öýtdi. Şowsuz hüjümden dolanyp gelýän Dykma serdar bolsa kimdiklerini anyklajagam bolmady-da, hemaýat bermek üçin at başyny şol tarapa öwürdi. Ýöne, gümmürdäp çykan top oklary ony ýene-de yza dolanmaga mejbur etdi. Dagdan inen atlylar bolsa eýýäm duşman bilen garjaşma urşuny edip ýördiler. Şonuň üçinem, soldatlar olara garşy top işledip bilmediler. Egri gylyçlaryň ýygy-ýygydan inip çykmasy ors soldatlarynyň öňdäki sanypy mazaly seýrekledi. Olaryň arasynda aljyraňňylyk başlandy. Sebäbi, duýdansyz peýda bolan türkmen ýigitleri ors soldatlary bilen şeýle bir garyşdylar welin, olar indi top-a beýle-de dursun, tüpeň bilen arkaýyn atmana-da maý tapmaýardylar. Şonuň üçinem assa-ýuwaş yza çekilip ugrandyklaryny özlerem bilmän galdylar. Şondan soň gyrmyzy donly ýigidiň nökerleri gylyç syryp, topçularyň üstüne topuldylar. Topçularyň toplaryny süýräp yza çekilýändiklerini görüp Dykma serdar ýene-de şol tarapa at goýdy. Çabga ýaly ýagýan okuň aşagynda häliden bäri atyny kä öňe, kä yza debsiläp, hars urup ýören Garabatyram ýigitleri bilen söweşiň gidip duran ýerine tarap ýöneldi. Jülgäniň dardygyna garamazdan, Berdimyrat han hälki üç ýüz atlynam şol tarapa gönderdi. Türkmenler dört bölek bolup soldatlary gysaja salyp başladylar. Orslary Ahala aýak basmankalar yzlaryna kowmak baradaky arzuwyň hasyl bolaýmagynyň ahmaldygy göründi. Ýigitleriň ruhy göterildi. Göwünleri joşdy. Entek söweşe goýberilmän, gezeklerine garaşyp duranlaram üzeňňä galşyp, duşman sary gylyçlaryny bulaýlaşdylar, ýaranlaryna goldaw bermek üçin «how» çekdiler, öňe-öňe owsundylar. Özleriniňem çozuşa iberilmeklerini haýyş edip, Berdimyrat hana birnäçe gezek ýüz tutdylar. Oňa çenli kolonnanyň yzky hatarlaram gelip ýetdi-de, olar uzak aralykdaky belentlikden Dykma serdaryň, Garabatyryň entek duşman bilen garjaşyp ýetişmedik atlylaryny top okuna tutup başladylar. Uzaga atýan tüpeňleri bilen sähel salymyň içinde türkmen ýigitlerini edil, palaç ýatyran ýaly etdiler. Ýagdaý ýene-de kynlaşdy. Dykma serdar bilen Garabatyr birnäçe ýigitlerini ýitirip, yzlaryna dolandylar. Duşmanyň ortasynda indi diňe duýdansyz peýda bolan gyzyl donly ýigidiň nökerleri galdy. Olar dürli emeller arkaly duşmana iňňän köp zyýan ýetirdiler. Iki topçyny hatardan çykardylar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini duýanlaryndanam edil gelendäkileri ýaly «gykuwlaşyk» gaýra çekildiler. Söweşip baryşlaryna soldatlaryň arasyndan edil hamyrdan gyl sogrulan ýaly emaý bilen çykdylar-da, dagyň ýüzündäki äpet daşlara bukulyşyp, ýokarlygyna tarap suwuldylar ötägitdiler. Olaryň aşagyndaky atlaryň sakgyç ýaly süýnüp, gerek ýerinde sozulyp, ýazylyp, üstündäki ýigitleriň göwünlerine görä kä saga, kä sola agyp-dönüp baryşlaryna soldatlar haýran galdylar. Olar ýa-ha tomşa gyzyp, şol atlara tarap ok atmalydyklaryny unutdylar, ýa-da atmana dözmediler. Atlylar bolsa göz açyp-ýumasy salymyň içinde başky peýda bolan ýerlerine, dagyň çür başyna çykdylar-da, bärilerine bakyp telpeklerini bulaýlaşdylar duruberdiler. Gyrmyzy donly ýigidiň dor aty bolsa çarpaýa galdy-da, duşmana haýbat atýan ýaly daglary ýaňlandyryp diýseň haýbatly kişňedi. At öň aýaklaryny ýere goýup-goýmanka-da üstünde oturan ýigit goltugyndan ak kepderi çykardy. Uçurdy. Ýigitler: «Guşly batyr-da, Guşly batyr» bolşup gygyryşdylar. Duşmanlar Ruhy batyra tarap top atdylar. Top oky onuň duran gaýasynyň orta bilini tozadyp goýberdi. Töwerege daş owuntyklary pytrady. Ruhy batyr o zatlara ünsem bermedi. Topçulara tarap gylyjyny bulady-da, at başyny öwürdi ötägitdi. Ülker ýaly bir toplum bolup duran ýigitlerem onuň yzyna düşdiler. Şondan soň soldatlar gök asmanyň ýüzünde «şapyrt-şapyrt» edip aşyr atyp ýören kepderini oka tutdular. Kepderi bolsa ajal oduny sepeleýän tüpeňlerden, toplardan çykýan tüsseleriň arasyndan sowlup geçdi-de, Ruhy batyryň giden ugruna tarap pessaýlap ugrady. Barybam göni eýesiniň egnine gondy. Şondan soň, soldatlar toplarynyň nilini öňlerinde toplum tutup duran ýigitlere tarap öwürdiler. Berdimyrat han goşuna yza, Bendesene dönmek barada buýruk berdi. Duşmanyň golaýlandygyny eşiden Bendesenliler eýýäm göç üstünde ekenler. Ol ýerde, Gurbanmyrat işanyň ýolbaşçylygynda galan pyýada goşuny hem alyp, Berdimyrat han at başyny çekmezden Bama tarap ýoluny dowam etdirdi. Bamylylara derhal Gökdepä ugramaklygy tabşyryp, özleri Börmä gitdiler. Şol ýerde goşuna dynç almagy tabşyryp, ekabyrlaryň özleri Dykma serdaryň galasyna maslahata ýygnandylar. Wagt çäkli bolansoň, maslahat çaý-nahar gelmezindenem öň başlandy. Gurbanmyrat işana bolan işi gysgaça beýan etdiler. Ol gözlerini tegeläp, oturanlaryň ýüzüne birin-birin seretdi-de, görkezme berip başlady. ─ Bendesenden başlap ähli obalary Gökdepä göçürmeli. Göçe şu günüň özünde şu pursadyň özünde başlamaly. Goşunyň hemmesini äkitmeli däl. Goý, Garabatyr atly goşun bilen şu ýerde galsyn. Hem-ä göçe kömek ederler, hemem halkyň aýagy ýygnanýança duşmany güýmärler. – Ol Berdimyrat hana tarap ýapyryldy. – Nähili görýäň şu maslahaty, han? Geleli bäri sesini çykarman, agyr oýa batyp oturan Berdimyrat han usullyk bilen başyny galdyrdy. ─ Makyl gürrüň, işan aga. Ýöne, ýene bir maslahat bar. Ýaňy ýolda-da köp pikir etdim şo barada, gelelim bärem şony alada edip otyryn. Gurbanmyrat işan çalarak gobsunyp öňe omzady. ─ Howwa... ─ Ýagny, ýaňy özüňizem aýtdyňyz, duşmany güýmemeli, wagt utmaly, diýdiňiz. Şonuň üçinem, ine, şü... – Ol Dykma serdara tarap baş atdy. – Serdar aga öňem orslar bilen birnäçe gezek ysgaşyp gören adam, kime ynanmasalaram şuňa ynanarlar, meň diýjek bolýan zadym bäş-üç sany adam bilen serdar agany biz tarapdan boýun sunup barýan adam hökmünde ibermeli. Elbetde, serdar aganyň özi göwnese... Gurbanmyrat işan sowuklaç ýylgyrdy-da, sorag gatyşykly nägile nazar bilen Berdimyrat hanyň ýüzüne seretdi. ─ O nähili boýun sunup barýan adam hökmünde? Seň aýdýanyň näme, Berdimyrat? ─ Men wagt utmak üçin diýýän, işan aga. ─ Weý, ine bardam-da. Ynandylaram-da. Onsoň näme? Ýa: bor onda, boýun bolýan bolsaňyz biz-ä yzymyza gaýdyberjek, diýäge-de, yzlaryna döner ötägidibererler öýdýäňmi? Ýa Dykma bilen gep nokatlaşyp bäş-üç gün eglenerler öýdýäňizmi? Boýun bolýan bolsaňyz hany, beýleki han-begleriňizem gelsinler, Gökdepä-de bizi özleri eltsinler, urşuň bolmajakdygyny şol ýerde halkyň öňüne çykyp aýtsynlar, bizem öz sözümizi şol ýerde halka sözläli, diýseler näme? Dykma serdar şonda nätmeli? Ýa özlerinden özleri tebil tapaga-da, Dykma serdaram ýanlaryna alyp ýörişi dowam etdiriberseler näme? Tazy gören tilki ýaly şu gaçyp barşyňa yzyňa döäge-de, Dykma serdary olaryň elinden alyp gaýtmana ýagdaýyň barmy? – Gurbanmyrat işan hasam janyndan syzdyryp gepledi. – Ahow, inim, olara Dykma serdar däl-de, Ahal gerek! Düşdüňmi, Ahal! Berdimyrat han öz eden teklibinden utanýan ýaly gyzaryp aşak bakdy. Ony bu oňaýsyz ýagdaýdan Orazmämmet han alyp çykdy. ─ Berdimyrat hanyň aýdýanyňyzyň jany bar – diýip, ol endigine görä boguljyrap gepledi. – Ýagdaý bolsa ugruny tapyp duşmany eglemeli. Ol dogry. Ýöne, işan aganyňam aýdýanlary dogry. Olar bu wagt edil, etiň ysyny alan aç arslan ýalydyrlar. Özlerini nähili alyp barjakdyklaryny öňünden bilip bolmaz. Ýöne şu iki pikiri bir ýere birleşdirip aralykdan bir pikir çykarmak mümkin. Ýagny, Dykma serdary ibermeli, ýöne, ýalandan boýun sunup barýan hökmünde däl-de, çyndan, ilçi hökmünde ibermeli. – Orazmämmet han: aýtsammykam, aýtmasammykam, diýýän ýaly, böwrüni diňläp ep-esli oturdy-da, gözlerini güldürip boýnuny bir tarapa gyşartdy. – Elbetde göwneseňiz... Oňlasaňyz... Makul bilseňiz... Bu meň öz pikirim... Ýagny... Dykma serdar barmaly-da: biz salgyt tölemäne razy, ýöne, Ahala girmäň, şu ýerden yzyňyza gaýdyň, diýmeli. Gurbanmyrat işan oturan ýerinde ellerini serdi. ─ Ahow, olar bizden salgyt soranoklar-a, Orazmämmet. ─ Soramasalaram teklip edip görmeli. ─ Çyndanmy ýa onam pirim edip aýtmalymy? ─ Men şu wagt çynyň gürrüňini edýän, işan aga. Şu teklibimiz kabul bolsa biz uly bir gyrgynçylygyň öňüni alarys. Sebäbi, Gazawatly ýomutlaram salgyt tölemändikleri üçin şol güne düşüpdiler. ─ Gazawat türkmenlerine salgydy olar Hywany basyp alanlaryndan soň, uruş üçin eden çykdajylarynyň muzdy hökmünde saldylar. Biz bolsak entek Ahaly olara beremizok. ─ Dogry, ýöne, ýaňky aýdyşym ýaly şu syýasatymyz başa barsa biz iki belanyň birinden gutulýas. Başa barmasa welin, olar barybir şol salgydy bizden alarlar. Onda-da Gazawat türkmenlerinden alyşlary ýaly uly gyrgynçylykdan soň törümize geçenlerinden soň, gözümize basyp alarlar. ─Ýeňenlerinden soň diýjek bolýaňmy? ─ Howwa, işan aga, ýeňenlerinden soň. ─ Sen ýeňilmek hakda däl-de, ýeňmek hakda pikir et, Orazmämmet. Näme, beýle kibtiňi ir gysýaň-la, how, sen! ─ Men öz pikirimi aýtdym, işan aga, galanynam özüňiz biliň. ─ Öz pikirim, öz pikirim diýip siz aýtjagyňyzy aýdyp otursyňyz-la haw ─ Gurbanmyrat işan Berdimyrat hanyň ýüzüne seretdi ─ Ýeri bolýa, bardy-geldi olar şoňa razy bolaýsalar näme? Salgyt berjekmi? Bermelimi? ─ Bermeli! – diýip, Berdimyrat han çürt-kesik aýtdy. – Iki mesele ýüze çykanda şonuň hökman bähbitlisini saýlap almaly. Biz öň Hanmämmet atalyk ýaly orslaryň güýjüni öz gözi bilen gören adamlaryň gepine gulak asmadyk. Emma, ine, ýap-ýaňyja ol güýjüň nähilidigini özüňizem gördüňiz. Ýarag kämilligi deň däl. Bizde olaňky ýaly goşun serenjamy ýok. – Han Garabatyra tarap elini uzatdy. – Ine, şular ýaly bir gerçek goç ýigidi şolaryň iň bir züwwetdinem elindäki tüpeň bilen ep-esli aralykdan atyp öldürip bilýä. Top bilen bolsa bir bada kyrk-elli adamyňy ýok edip bilýäler. Şu ýagdaýda ol ýaga garşy durmaklyk göni ölüme gitmekden başga hiç zat däl. Gylyja baýrynylyp duşmana göz grkezilýän uruş däl bi. ─ Nä-ätdiňiz-aý myny... – diýende Gurbanmyrat işanyň sesi iňňän ynjyly çykdy. – Birinjiden-ä näme beýle bir gezek görenden duşmanyň öňünde ýaýaplaberdiňiz, ikinjidenem siz näme, şunça güýç bilen şunça ýol söküp gelýän goşun siziň bäş apbasynyňyza gyzyp yzyna döner öýdýäňizmi? Onsoňam aýtdym-a men: olara pul gerekgä, Ahal gerek! Olar bilen diňe döş direşip gepleşmeli. Başga ýol ýok. ─ Aho-ow, adamlar, Kurandan ant içild-ä – diýende Garabatyr gahardan ýaňa aglaýjak boldy. – Indiden soň aýdyp oturan gürrüňňiiz nähili? Gurbanmyrat işanyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. ─ Ana, menem şony aýdýan-da... Indi başga ýol ýok, diýýänim şo-da... ─ Siziň antyňyzyňam, şertiňiziňem gaçyp gidýän ýeri ýok – diýip, Orazmämmet han Garabatyra tarap gaharly seretdi. – Teklibi kabul etseler-ä gowy zat, jan bereniňden zat bereniň ýagşy. Üstesine-de, duşman ýurda girenok. Urşa hajat galanok. Ant-şert köýenok. Kabul etmeselerem näme, ýitirýän zadymyz ýok. Bar zat öňki-öňkiligine galýa. Antyňam öňki güýjünde galýa,şertiňem. Olaryň Dykma serdary alyp galmaklaryna-da bahana galanok. Sebäbi, mesele hile üçin däl-de, hakyky suratda goýulýa. Taýagyň haýsy ujuny saýlasaňyz saýlaýyň, diýilýä. Galyberse-de, iň bolmanda halk gala ýygnanýança bäş-üç gün maý-a bolar. Häzirki pursatda biziň üçin şolam az zat däl. ─ Şüý-ä biçeme-de däl ýaly – diýip, Gurbanmyrat işan esli wagtlap böwrüni diňläp, içini hümledip oturandan soň öz-özi bilen gürleşýän ýaly eşidiler-eşidilmez seslendi. – Duşman ýurda girmese bolýa. O-da bir çykalga. Özem gowy çykalga. Geliň, şony şeýdip göreliň. Şeýtsek ähtibarlyrak bor. Bu teklibem kabul edildi. Ahyrsoňunda Dykma serdaryň öz razylygyny soradylar. Onuň jogaby nagt boldy. ─ Şu işiň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi üçin men janymy orta goýmalam bolsa taýýar. Üstesine-de şu goşunyň öňüne düşüp gelýän serkerde ho-ol, baýak maňa Akberdiden hat iberen Lazarmyşyn. Ýene bir haýyşym bar, o-da soň gümürtik gürrrüň bolmaz ýaly, ýanyma Gyzylarbadyň hany Sopy hanam goşuň. Bäş alty-sany nökerem beriň. Şonuň bilenem maslahat tamamlandy. Ilçiler gaýdyp gelýänçäler Gurbanmyrat işan, Gulbatyr serdar atly goşunyň bir bölegi bilen Börmede galmaly edildi. Berdimyrat hanyň özi bolsa, galadaky taýýarlyk işlerine gözegçilik etmek üçin, Orazmämmet hanam alyp goşun bilen Gökdepä gitmeli. Garabatyr öz atlylary bilen duşmanyň gelýän ýoluna gözegçilik etmeli. Olaryň hereketleri barada Gökdepä habar ýetirip durmaly. Göçýänlere ýardam etmeli. Olary gyssamaly. Howlukdyrmaly. Dykma serdar dagy dolanyp gelenlerinden soň, gepleşigiň netijesini haýal etmän ekabyrlara ýetirmeli. Gepleşik oňyn çözülen bolsa, olar bilen bilelikde gala barmaly. Ilçiler haýal etmän ýola düşdüler. Sähelçe salymyň içinde goşunam aýaga galdyryldy. Maslahatyň gelen netijesine görä her kim özüne buýrulan ýumşuň ugruna gitdi. Galjaklar galdy. Ýüregedüşgiç pursatlar başlandy. Börmäni başagaýlyk gurşap aldy. Göç başlandy. Güllenen keçeler basylman, gaplanan ýorganlar köklenmän galdy. Toý-tomgy hakda-ha gürrüňem ýok, baglanyp oturlan ýaslaram Gökdepä göçürildi. Üçi geçen bolsa ýedisi, ýedisi geçen bolsa kyrky şol ýerde bellemeli edildi. Hatda obanyň içinde ülpüldeşip ýören pişiklerem hamala bir ýana howlukýan ýaly iki ýana zymdyrylyşdylar, öňlerinden adam çyksa ýagy barada habarlaşmakçy bolýan ýaly saklandylar-da, öň aýaklarynyň birini galdyryp duruşlaryna aşaklyk bilen onuň ýüzüne seredişdiler, birdenem ondan idili habaryň çykmajakdygyna gözleri ýeten ýaly ýüzlerini öňe tarap öwürdiler-de, ümdüzlerine tutdurdylar. Itleriňem guýruklarynyň aşagyna otly kesindi gysdyrylan ýaly boldy. Adamlar nirä üýşseler olaram şol ýere bardylar. Çommalyşyp oturyşlaryna näme barada gürrüň edýändiklerini aňmakçy bolýan dek, kellelerini kä oýan, kä buýan gyşardyşyp ýüzlerine ýeke-ýeke, siňe-siňe çiňerilişdiler. Birdenem gürrüňleri gulaklaryna ýakmadyk ýaly ýaltalyk bilen ýerlerinden turdular-da, dillerini sallaşyp beýleki bir toparyň duran ýerine tarap seňkildeşip gitdiler. Käte bolsa bir ýere üýşüp özbaşlaryna keltejik «maslahat» etdiler. Özlerine sala salynmaýandygy üçin kine edýän ýaly adamlara tarap gyýa-gyýa garaşdylar. Towuklara näme, düýn öýländen bäri şolaram guzlamalaryny goýdular. Horazlardanam ses-üýn çykanok. Sakgallaryny sallaşyp, abşanaklaşan bolşup ýörler. Umuman, bütin dünýäni elhenç bir petiş howa gaplap aldy. Şeýdip bir gün geçdi. Ertesi öýlänaralar Bamy tarapdan bir bölek atly göründi. Muny ýaşulylara habar berdiler. Olary Dykma serdar dagydyr öýdüp, Gurbanmyrat işan uludan demini aldy. Gulbatyr serdaram alyp daş çykdy. Serdar ýola tarap ýiti-ýiti seretdi-de: ─ Aý, ýok, olar-a däl. Başga adamlar. Özlerem gaty ýadaw. Aýaklaryny zordan alýalar, aralarynda pyýadalaram bar – diýdi. Oňa çenlem atlylar golaýlaşdylar. Olaryň bolup gelişleri dogrudanam elhenç bir zatdan gorkana meňzeýär. Hemmesiniň ýüzi howsalaly. Göwreleri argyn. Sus. Derden ýaňa eşikleri öl-myžžyk. Üsti-başlary tot-tozan. Edil ajalyň agzyndan sypan ýaly. Hatda münüp gelýän atlaram boýunlaryny sallaşyp zordan ätleýärler. Has golaýa gelenlerinden soň aralarynda ýaralylaryňam bardygy belli boldy. Gurbanmyrat işanyň yşarat etmegi bilen, nökerleriň bäş-on sanysy olara kömege ylgady. Ýaralylary heniz göçüp ýetişmedikleriniň öýlerine, sygmadyklaryny jaýlaryň kölegelerinde ýerleşdirdiler. Tebipçilikden baş çykarýanlary kömege çagyrdylar. Bolşuna görä däri-derman etdiler. Tanyşmy ýa daşyndan tanaýamy, ullakan gözleri peträp duran, kirpikleriiň ujy geňler galaýmaly suratda çowly, irimçek göwreli, gyrçuw gara sakgally, kyrk ýaşlaryndaky garaýagyz bir kişi salam-helik ýok, atdan düşüşi ýaly agsaklap, towsaklap Gurbanmyrat işana tarap ylgady. Gelşi ýalam demi-demine ýetmän gürläp başlady. ─ Bizi taladylar, işan aga. Orslar taladylar. Juda bek taladylar. Hojagala bilen Margyzyň arasynda çopanlary goraglap ýörkäk üstümize döküldiler. Biz garşylyk görkezdik. Ýöne, olar köplük ekenler. Tüpeňlerem atgyr. Golaýyna getirmän, ep-esli aralykdan bagryňy garaldyp durlar. Köpümiz öldi. Biz bir topar meýit bilen dört müň goýny taşlap gaçmaly bolduk. Olar bizi Bendesene çenli kowaladylar. Biz ol ýerde eglenmän, Bama gaýtdyk. Atly gazaklaram pyýadalaryny Bendesende goýdular-da, özleri toplaryny süýreşip ýene-de yzymyza düşdüler. Biz Garaseňňere gaçdyk. Oňa çenli sanymyzam ep-esli azaldy. Garaseňňerde iki ýüz sany atly gazak yzymyzdan ýetip, daşymyza aýlandylar. Ýalşynmaýan bolsa şolaryň hemmesi dagystanlylardy. Sebäbi, öz aralarynda türküçe geplänlerini eşitdik. Doly aňşyrmadyk welin, bizedem-ä bir zatlar diýip gygyryşýardylar. Biz gabawdan çykmak üçin ýalaňaç ellerimiz bilen olaryň üstüne çozduk. Hern-ä atlarymyz alyp çykaýdy, ýogsam o ýagdaýda biz gabawy böwsüp bilmezdik. Ine, işan aga, şeýdip zordan başymyzy gutardyk. – Ol elini egwar görnüşde duran ýa ýere çöküp oturan ýoldaşlaryna tarap aýlap goýberdi. – Kyrk-elli adamdan galany ine, şular. Orslarda rehim-şepagat ýok ekeni, işan aga. Keýp edip gyrýalar. Öz edýän işlerinden lezzet alýalar. Garaseňňerde-de olar azyndan üç-dört müň goýny-ha ele salandyrlar. Sebäbi, ol ýeriň çopanlary goragsyz ekeni. ─ Şol ýerde olar üç ýüzden gowrak düýe-de sürdüler – diýip, geleli bäri bir elinde atynyň jylawyny saklap, beýleki eli bilenem maňlaýyny tutup dikejegine oturan bir ýigit sesini gyryljyradyp gepledi. – Bamydan soň olaryň bir bölek atlysy Nyýazdepe obasyna tarap gitdi. Ýaňy ýolda eşitdik, Nyýazlylar olara berk gaýtawul beripdirler. Ýöne, köp adamlaryny ýitiripdirler. Giden malyň hasaby bolsa iki müň goýup bilen dokuz ýüz düýe diýdiler. ─ Gele-gelmäne jemi on müň goýun bilen müň iki ýüz düýäni ele salan bolsalar biziň salgydymyzy başlaryna ýapsynlarmy – diýip, bir beýik daragt ýaly howalanyp duran Gulbatyr serdar uzaklara seredip durşuna aýtdy. Biliner-bilinmez ýylgyrdy. – Gowurdak edip öýlerine iberäýmeseler özler-ä iýip gutarybilmezler, onça maly. ─ Aý, tutuş Garagumy goýundan dolduryp bereniňde-de doýarlykly däl olar, serdar aga. Ondaňam olar eýýäm Ahalyň özünem, malynam, mülkünem, adamlarynam özleriniňki hasap edip ýörler. ─ Ýolda-yzda biziňkilere duşmadyňyzmy – diýip, Gulbatyr serdar gürrüňiň terzini çalaragam bolsa üýtgedip goýberdi. ─ Düýn Dykma serdar daga duşduk. Gepleşige barýan ekenler. Olara-da bar zady bolşy ýaly gürrüň berdik. Olar bizi size tarap ýolladylar. Baryberiň, bizem basym barýas, diýdiler. Ine-de ýata-tura gelşimiz. ─ Garabatyr daga duşmadyňyzmy? ─ Ýok, duşmadyk. Megerem olar uly ýoldan sowarak gezýän bolsalar gerek. Gulbatyr serdar süňňi larşan gala ýaly tutuş göwresi bilen yraň atdy. ─ Maňa gulak assaňyz-a, işan aga Garabatyram çagyraga-da, başymyz birkä olaryňam yzy gelip ýetişmänkä, üstlerine çozmaly-da, ähli mallary yzyna almaly. Gyrçuw sakgally kişi arka tapynan ýaly Gulbatyr serdara tarap owsundy. ─ Wah, bir, şeýdeliň-le şony. Aslynda-da biz şony haýyş etmek üçin şunça gün bäri sizi gözläp ýörüs. Iň bolmanda wepat bolan ýoldaşlarymyzyň bir aryny alalyň. – Ol Gurbanmyrat işanyň alkymyna dykyldy. – Bir, ak pata beriň, işan aga! Bir, döküleliň-le şolaryň üstlerine! Bir, göz görkezeliň-le! Onsoňam olar satan düýelerini yzyna alan ýomutlaram gyrdylar. Şu wagt barsak şolaram bize goşulýalar. ─ Beýtsek ýitgi öňküdenem köp bor – diýip, Gurbanmyrat işan agyr oý içinde aşak bakyp durşuna adaja seslendi. – Onsoňam bu wagt biziň ilçilerimizem olaryň elinde. Olaryň ýagdaýlarynyňam bulaşmagy mümkin. Galyberse-de muňa uruş diýýärler, ähli zady gyssagara çözübem bolanok. Men ýeke özüm asylam çözüp bilemok. Maslahat bolsa tizara gala ýygnanmagy karar etdi. Ilatam göç üstünde. Uruş ana, şol ýerde boljak. Sizem gidiň-de, gören-eidenleriňize aýdyň, goý, hemmeler gala ýygnansynlar. Ýagyny gaýtaranymyzdan soň, alnan mallaryň hemmesini eýeli-eýesine bereris. Wepat bolanlaryňam näme, jaýlary jennetden bolsun. Il bähbidini, halk emlägini gorap şehit bolmak sogapdyr. Gurbanmyrat işan kelteräk doga okap elini ýüzüne syldy. Gahardan, namysdan ýaňa iki baka tolgunyp duran Gulbatyr serdaram şeýtdi. Gyrçuw sakgally kişem, onuň ýoldaşlaram, göwünli-göwünsizrägem bolsa ellerini galdyrdylar. Şondan soň olaryň barysynyň bady gaçdy. Umyt aýnalary daşa degem deý çym-pytrak boldy. Telim gün bäri ýol ýöräp, edip gelýän tamalarynyň bir ujy baryp toraňňa daňyldy. Onda-munda nägileçilikli sözler, „yňňyl-çyňňyl» eşidildi, ýöne, barybir netije çykmajakdygyna gözleri ýetensoň gaty bir dyzabam durmadylar. Şol wagtam Bamy tarapdan Gökdepä barýan uly göçüň ilk-ä tozy, soňam özi göründi. Hemmeleriň nazary şol tarapa gönükdi. Olaryň golaýlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Birneme ýakynrak gelenlerindenem hälki gyrçuw kişi böküp bir ädim öňe süýşdi-de: ─ Bular biz obaň adamlary, Bamylylar – diýdi. Bosgunlaryň bolup gelişleri gaharly. Ýüzlerinde gazap ody ýanyp dur. Üýşüp duranlaryň arasynda han-begleriňem bardygyny bilensoňlar-a olar içki harasatlaryny gizlejegem bolmadylar. Esasanam ýaşuly adamlar käýinmäge ilgezek boldular. Olaryň biri Gulbatyr serdara tarap barmagyny çommaltdy-da: ─ Bigaýratlar! Nämüçin obany ýaga taşlap gaýtdyňyz? Ýaryňyz galaýanyňyzda bolmadymy düýn şo ýerde? Duşmanyň söbügiňizi sydyrdyp gelýänini bilip gaçan ekeniňiz-dä. Bir ýaşrak gelinem ýaşmagyny aşagrak düşürdi-de, bilezikli ak gollaryny hälki gelen bir bölek atla tarap galgadyp goýberdi. ─ Şolarça-da bolmadyňyz! Çopanlarça-da iş bitirip bilmediňiz. Olar sürülerini gorap heläk boldular, siz bolsaňyz... ─ Basymrak göçüň, diýip aýdyl-da size! Göterilibermeli ekeniňiz-dä biziň yz ýanymyz bilen – diýip, Gurbanmyrat işan gaharly seslendi. – Bendesenliler düýn göçdüler. Näme üçin haýal-ýagallyk etdiňiz? Başga bir ýaşy durugşanrak, köneräk bürenjekli, bir gözi gymşygrak aýal sesini örküji tüňňerilip duran ullakan burnunyň içine salyp: ─Äý, bolýa-da siziňkem... – diýdi-de, duşlaryndan geçiberdi. Göçüň soňy tamamlanyberende, gyrçuw sakgally kişem ýoldaşlary bilen Bamylylaryň yzyna düşdi. Ýöne, olar öýlere girip ýaralylaryny almany hem unutmadylar. Bu ýagdaý Gulbatyr serdaryň namysyny öňküdenem beter joşdurdy. Onuň şol wagt ýeke özi gitmelem bolsa duşmanyň mallara talaň salan böleginiň üstüne atlanasy, baryp olar bilen darkaş gurasy, mallary ellerinden alyp eýelerine gowşurasy geldi. Ýöne, hyýal-hyýal bolýar. Bir adamyň agyr goşunyň garşysyna edibiljek zady ýok. Onsoňam, Gurbanmyrat işanyň aýdyşy ýaly her kim özüçe hereket ediberse ondan düzgün bolmaz. Ol Gurbanmyrat işanyň: ─ Beh, eglendiler-aý... – diýen sözüne özüne geldi. Gürrüň kimler barada barýandygyna düşünip o-da Dykma serdar dagynyň düýnki giden ugruna tarap seretdi. Ýöne, ýaňky geçip giden göçegçileriň galdyryp giden goýy, çal tozanlaryndan başga hiç zada gözi düşmedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |