22:40 Añzakly tomus: Badalga -12: Iwaşow talañçylyga garşy | |
IWAŞOW TALAÑÇYLYGA GARŞY
Taryhy proza
Soldatlar öňem iýer-içerden nalar ýaly däldiler. Bol-elin berilýän turşy kelemli çorbadan başga-da, her günde, her kime bir ýarym gadak goýun eti, bir gadak gowrak kakadylan nan, ýarma, gerçka, her dürli konserwalar, çaý, gant şeýle-de çaý kislotalary berilýärdi. Ýöne, olaryň hiç birem täze soýlan ganlyja etiň ornuny tutup bilmeýärdi. Bendesenden geçip, Ahal ülkesine gadam basyşlary ýaly, awangard tarapdan çopanlaryň üstüne edil şowly talaňçylyklardan soň welin, mundan buýana diňe täzeje goýun etinden, isledigikleriçe iýip gönenjekdiklerine soldatlaryň gözleri ýetdi. Bu ýagdaý olary Ahalteke ýörişine hasam ruhlandyrdy. Ýöne, soldatlaryň arasynda ol mallaryň diýdimzorlyk bilen ele salynandygyna, bu ýörişiňem Çekişlerde nygtap-nygtap aýdyşlary ýaly Ahal ülkesine parahatlyk getirmek, türkmeleri eýranlylardan, iňlislerden goramak ýa ýomut türkmenlerine arka durmak maksady bilen geçirilýän ynsanperwerlikli ýöriş däldigine-de göz ýetirip ugranlaram az däl. Şeýle-de bolsa, olar bu barada dil ýaryp bilenoklar. Hatda biri-birleriniň ýanynda derdinişibem bilenoklar. Çünki, bu gadagan. Oňa hemmelerem düşünýärler. Hut şonuň üçinem, başda, goşun düzülende-de şol zatlary göz öňüne tutup, her bir soldaty hemmetaraplaýyn barlap, synaglardan geçirip, iştimaýy? gelip çykyşlaryna çenli öwrenip alypdyrlar. Esasanam, ýap-ýaňyja bolup geçen rus-türk urşuna, Hywanyň, Buharanyň, Kokandyň boýun egdirilişine, Gazawat gyrgynçylygyna gatnaşan, türki halklar bilen tutluşmakda tejribesi bolanlar seçilip alnypdy. Talaňçylyk bilen sürlüp getirilen şol mallary mal etmek üçin gyşyň çapgyn aýazynda, tomsuň jokrama yssysynda enäp-tenäp ençeme ejirler çeken, ellerinde çopan taýagyndan başga hiç zady bolmadyk adamlaryň gaýa-gopuz ýok ýerden birehimlik bilen çapylyp, ellerinden mallarynyň alnyp gaýdylmagy, Iwaşow ýaly pukara maşgalada ösen oba oglanynyň ynsabyny hasam ynjytdy. Iru-giç özüniňem şol işi edenleriň biri hasap ediljekdigini duýmakdan ýaňa dünýäsi daraldy, howpurgap töweregine garady. Iň bolmanda Çata gidip, şol ýerdäki kiçijik ybadathana barasy, Isa pygamberiň suratynyň öňünde dyza çöküp, şu edilýän işleriň hiç birine-de özüniň dahylly däldigi barada uzyndan-uzyn mynajatlar edesi, ötünç sorasy, toba kylasy geldi. Birdenem onuň gözleriniň öňüne kä ýerlerinde ýokarsy çürelip gidýän gök sosna agaçlary ösüp oturan, galan ýerleri günüň şöhlesine ýaldyraşýan gök gyrtyja beslenen baýyrlyklaryň ýüzünde ösgün ak tüýli, ýekeje geçisiniň bagyndan tutup oturan başy kiçijik ak ýaglykly, egni göwşüllän gök jir köýnekli garryja aýal geldi. Birdenem ol baýyrlyklaryň aňyrsyndan bäş-on sany gyýak gözli, tegelek ýüzli, çekge süňkleri somalyşyp duran ýat adamlar aşaklaryndaky kiçijik atlatyny debsileşip çykdylar-da, ala-goh bolşup kempire tarap at goýdular. Baryşlary ýalam sen-men ýok ony gylyçdan geçirdiler. Geçiniňem at üstünden şahyndan çekip aldylar-da «lägirdip» öňlerine basdylar. Gana bulaşyp ýatan kempire nazaram aýlaman, gelen yzlaryna bakan gykuwlaşdylar ötägitdiler. Ho-ol aňyrda billeri alabeder bolup görünýän sosna agaçlarynyň arasyna barybam atdan düşdüler. Atlaryny ota goýberip özleri geçini bogazladylar. Ot ýakdylar. Täzeje eti çygar çybyklara düzüp kebap bişirdiler. Iýdiler. Düşnüksiz saýry dilde gürleşdiler. Tulumlaryndan toýun okaralaryny guýup şerap içdiler. Mes boldular. Aýdym aýtdylar. Daş-töwerekleri geçiniň syrdalyp iýlen akja süňkjagazlaryndan dolansoňam arkan düşüp garynlaryny Güne çoýdular. Hä diýmänem uka gitdiler. «Horrampaç» oýnadylar. Gün batyberendenem ala-hasyrdy bolşup turdular-da, häliden bäri töwereklerinde gybyrdyklaşyp ýören pessejik atlaryna atlanyp, täze-täze oljalaryň, täze-täze pidalaryň gözlegine gitdiler. Kempir bolsa taşlanan köne köýnek ýaly henizem ýer bagyrtlap ýatyr. Ýaz ýeliniň ýelginine käte bir çal saçlary galgap gidýär diýäýmeseň hiç-hili hereket ýok. Ýüzüniň ýygyrtlary bolsa gatan gandan doly. Gözleri açyk. Agyzlary pugta ýumulgy. Alasarmyk halda irkiljiräp oturan Iwaşow ony öz ejesidir öýdýär. Ýöne, baryp bilenok. Sebäbi ara daş. Alty ýüz ýyl dagy bar. Çünki, ol atlylar Çingiz hanyň atlylary. Olar häzir rus topragyny «özleşdirip» ýörler. Olaryň şol «özleşdiriş» syýasatlarynyň şondan soňam ýene iki ýarym asyrdanam gowrak wagta çekjekdigi aňyna gelenden Iwaşow tisginip oýdan açyldy. Gözlerini owkalaşdyryp töweregine ser saldy: Soldatlar henizem türkmenlerden talanyp alnan goýunlaryň etinden symyşlaşyp otyrlar. Akja süňkler bolsa «pat-pat» edişip kä oňa, kä muňa düşýär. Edil, Iwaşowyň ýap-ýaňyjak hyýalyndaky gören hadysasy ýaly. Has takygy edil, alty asyr mundan ozalkysy ýaly. Üýtgän zat ýok. Hemmesi kybapdaş. Hemmesi şol bir zat. Daşky keşpleri, eşikleri üýtgeşik diýäýmeseň, edýän hereketlerinde şularyňam Çingiz hanyň goşunyndan tapawutly ýerleri ýok. «Giň ýeriň gürrüňçiliklerinde bular türkmenleri alamançylykda aýplaýarlar. Özlerini olary terbiýelemäge barýan adamlar hökmünde görkezmäge çalyşýarlar – diýip, Iwaşow içinden pikir öwürdi. – Aýdyşlaryna görä, Ahalyň baş serdary Dykma-da öz wagtynda baryp ýatan alamançy bolupdyr. Alamançylykda bolsa oljadan başga adamam öldürilýärmişin, ýesirem alynýarmyşyn. A biziň edip ýören talaňçylyklarymyz näme? Biziň awangardymyz bäş sany goýun üçin näçe adam öldürdi? Eýelerini öldürip, şonça maly sürüp getiren knýaz Dolgorukiniň, polkownik Wasilçikowyň, poruçik Slawoçinskiniň Dykma serdardan näme tapawudy bar? Ýa-da garry rus kempirini öldürip, ýekeje geçisini iýen mongollardan näme tapawutlary bar? Onsoňam türkmenler-ä diňe «öwezalaman» edýärmişler, degmedige degmeýärmişinler, biziň munymyz welin öwezalamanadam-a girenok. Egerde biz Dykma serdary terbiýelemäne barýan bolsak, onda bizi kim terbiýelemeli? Ýa birini alamançylyk, beýlekisini mugyra getirijilik diýip atlandyranyň bilen üýtgeýän zat barmy? Ýa-da ine, Gökdepä barsak, gala hüjüm etsek, adam öldürilmezmi, öý talanmazmy, çaga-çuga ýetim galmazmy, gelinler ýan ýoldaşlaryndan, gyzlar söwer ýarlaryndan aýrylmazlarmy? Jaýlar ýumrulmazmy? « Aleksandr Iwaşow şondan soň, Nyýaz obasyna edilen talaňçylyk wagty poruçik Slawaçinskiniň mundan bäş gün öň, otrýadyň yzyna düşüp gelýän söwdagäriň goýnuny bakyp ýörkä tekelere ýesir düşen bir soldaty tapyp getirişini ýatlady. Ony bütin otrýadyň öňüne çykaryp, tekeleriň özüni nähili horlandyklary, urup-sögebdikleri, aç-hor saklandyklary barada gürrüň etdirdiler. Ol: «Aýagyma gandal urdular, gollarymy bukawladylar, şu bäş günüň içinde men tutuş obanyň güýmenjesine öwrüldim. Agşamlaryna sygyr dölede ýatyrýardylar we uly-kiçi, aýal-erkek barysy daşyma üýşüp tä, agşama çenli üstümden gülýärdiler, urýardylar, sökýärdiler, ýüzüme tüýkürýärdiler. «Musulmançylygy kabul etseň degmäli diýýärdiler. Has beterem gündizine, erkekler işe giden mahaly aýýalar jebir berýärdiler» diýip, agzyna gelenini samahullady. Hakykatda welin onuň aýagam gandally däl ekeni, golam bukawly däl ekeni. Slawçinskä gabat gelende-de, ol obanyň içinde erkin tussag hökmünde gezip ýör ekeni. Bu zatlary ýeke galan wagty içine sygdyryp bilmän, onuň özi Iwaşowa gürrüň berdi. «Hiç kime aýdaýma» diýibem sargady. Elbetde, özlerinde tekelere garşy gahar-gazap döretmek, üçin, o zatlary oňa ofiserleriň mejbury suratda aýtdyrýandyklaryny gürrüň berýän mahaly onuň sözleri kynlyk bilenjemleýşinden soldatlaryň özlerem aňdylar. Şol zatlary aňynda aýlap oturan Iwaşow: «Bar, onuň aýdanlary çynam ekeni-dä – diýip, öz ýanyndan ýangynly gepledi. – Ýöne, biz näme üçin özümize degen ýekeje şarpygam gaty görýäris-de, özümiziň ile urýan urgularymyzy Watan öňündäki mukaddes borç hasap edýäs? Näme üçin özümizi eldegirilmesiz hasap edýäs-de, türkmenlere islendik wagty üstlerinden basyp ötübermeli nadan halk hökmünde garaýas? On düýäň bahasyny kime iýdirendigini bilmän kyn güne galyp otyrka puluny yzyna getirip berendikleri üçin türkmenleriň arassa, ahlakly halkdygyna haýran galyp ýören Nawroskiý bolsa, ine, ýap-ýaňyja iki ýüz atly bilen bir raketa batereýasyndan ybarat jeza beriji otrýada baş bolup, günbatara, ak atabaýlar bilen japarbaýlaryň üstüne gitdi. Nämemişin, ýomutlaryň şol taýpalary tekeleriň üstüne çozjakdygymyzy bilip, bize iş maly hökmünde satan düýelerini sürüp äkidenmişler. Eýsem-de bolsa, mongol çozuşlary wagtynda dagynyk oturan ors knýazlyklary üstlerine howp abanandan soň bir ýere birikmedilermi näme? Şonda olaryň Watançylyk duýgulary özara oňşuksyzlyklardan üstün çykmadymy näme? Şeýle bolsa biz näme üçin dagynyk oturan türkmen taýpalarynyň şular ýaly kyn pursatda birek-birege gol uzatmaklaryny bidüzgünçilik hasap edýäs? Näme üçin güýjümize baýrynyp olara jeza berýäs? Gyrýas?! Mallaryny ellerinden alýas?!...» Remýuryň şkalasy boýunça elli gradusdanam geçýän yssydan ýaňa halys eňki gideňkirlän Iwaşowy şolar ýaly oý-pikirler hasam egbarlatdy. Ýadawlyk bijaý basmarlady. Iň ýamanam ýaňky ýaly çözülmesi kyn bolan soraglar serini sämetdi, ysgynyny aldy, tapdan düşürdi. Ol çadyra girip süýnäýenini kem görmedi. Şol gün öýlän sagat bäşlerde, baş ştab bilen bilelikde, täze komanduýuşiý, general Lomakiniň özem Hojagala geldi. Ähli ofiserleri ýygnap, haýal etmän Ahala çozmak barada gyssagly geňeş geçirdi. Azyk-suwluk, ot-iým ýaly zerur bolan zatlardan şaýymyzy tutmak üçin Hojagalada üç hepde dagy ýatmaly borus öýdüp gaýga galyp ýören soldatlaryň bu habardan duran-duran ýerlerinde dim-dik boldular-da: «Ur-ra-a...» diýşip, gygyryşdylar. Diriň-diriň böküşdiler. Aýgytly pursatyň ýetip gelendigi mynasybetli biri-birlerini gutladylar. Iwaşowam gutladylar. Çurkin-ä aýlanyp-öwrülip gelip ony telim gezek dagy gutjakladam. Çadyrdan-çadyra sümlüp, ol topardan bu topara tarap daz ýasap ýörüşüne ol: ─ Aýtdym-a men! Ýöriş hökman dowam etdiriler diýdim-ä – diýip, hemmeleriň bizar peteňini çykardy. – Özüňizem zady gaýgy etmäň. Ine, hä diýmän Gökdepä bararysam, ýüzümiziň ugruna ony alarysam. ─ Sen aýtmanyňda-da ýeňşiň bizlik boljagyna şübhelenýän ýok, şu adamlaryň içinde – diýip, kä ýerde onuň badyny alanlaram boldy. – Bizem çöregi ýeňsämizden iýemizok, ras, ýola çykdykmy, diýmek, ýeňeris... Ýene biri oňa gop berdi. ─ Rus ýaragynyň badyndan tutuş Ýewropa titräp durka, çölüň içinde çöpe çolaşyp ýören, bitaý çokaýly, tentek tekeler dagy nämemişin? Biz Aleksandr Newskiniň, Mininiň, Požarskiniň, Pugaçewyň nesilleridiris... ─ Ilýa Muromesiňkem diýsene – diýende, çyparja, jüýkburun, Çurkiniň kiçijik gözlerinden uçgun syçrady. – Alýoşa Popowiç, Nikita Dobrynin dagynyňam atlaryny tutsana. Gazanyljak ýeňişi alynjak oljalar barada şondan soňam köp-köp, agyz suwardyjy gürrüňler edildi. Şol şatlygyň yzy şol gün soldatlar üçin kiçijik bir baýramçylyga öwrüldi. Tä, Gün ýaşýança baýryň üstünde orkestr saz çaldy. Onuň göçgünli owazy soldatlaryň söweşjeňlik ruhlaryny hasam belende göterdi. Agşamyň düşmegi bilen onda-munda ot ýakyldy. Soldatlar oduň başynda tä, gijäniň bir mahallaryna çenli aýdym aýtdylar. Tans etdiler. Dagystanly meýletinçiler-ä asla ýatmadylar diýen ýaly. ... Ertesi atly goşunyň bir bölegi, hem-de general Borhuň pyýada kolonnasy Hojagaladan çykyp, Bendesen sary ugur aldy. Baş ştab we baş serkerdäniň özem şol otrýad bilen bilelikde ugrady. Galan bölümlere ertesi ugramaklyk tabşyryldy. Knýaz Dolgorukiniň awangardy bolsa, eýýäm ilaty göçüp giden Bendesende garaşyp ýatyrdy. Goşun Bendesene baranda, polkownik Nawroskiniň jeza beriji otrýadam şol ýere dolanyp geldi. Şol otrýada gatnaşyjylaryň hili bir iş bitiren adamlar ýaly agyzlaryny suwjardyşyp gürrüň bermeklerine görä, olar ak atabaýlaryň üstüne duýdansyz dökülip, iki obany talapdyrlar, parahat oturan ilaty zir-zöwran edip, derde ýarar ýaly goş-golamlaryny, mal garalaryny, azyk-owkatlaryny ellerinden alypdyrlar. Adamlaryň gaçany-gaçypdyr, gaçyp ýetişmediklerini bolsa gylyçdan geçiripdirler. Gürrüň şu ýere ýetende, kazaklaryň käbirleri ýerlerinden turýardylar-da, gollaryny saga-sola galgadyşyp: «p-p-a-as... «, «ka-ak...», «ta-ak...» diýşip oba ilatyny nähili çapandyklaryny uly lezzet bilen suratlandyrýardylar. Käbirleri bolsa gaçyp gidenleriňem yzlaryndan ýetip neneňsi kerçändiklerini aýdyp magtanýardylar. Nawroskiniň özi bolsa şol ýerde ele salan iki müňe golaý düýesini kiçeňräk bir otrýad bilen Hojagala ugradyp, özi galan atlylary bilen Gyzylarbada gaýdypdyr. Emma, ilat eýýäm o ýerdenem göçen ekeni. Diňe garry-gurty, çaga-çuga, aýal-abtat galypdyr. Polkownik şol ýerden Köpetdagyň kötel ýollaryny söküp yzyna, Hojagala gaýdypdyr we gaýrat eden hökmünde ol ýerde az-kem dynç alyp, ertesi irden, otrýadyň galan bölekleri bilen bilelikde esasy goşunyň ýygnanan ýeri bolan Bendesene dolanyp gelipdir. Bu gürrüňler Iwaşowyň ozalam başyndan sowlup gidibermeýän agyr hem çözülmesi kyn bolan oý-pikirleriniň howsalasyny hasam artdyrdy. Köräp duran körügini hasam kowsarlatdy... Soldatlary nyzama çagyrýan surnaýyň sesi soldat Iwaşowy oý-aladalardan aýňalmana mejbur etdi. General Lomakin şol günüň özünde Lazarowyň hatyrasyna parad geçirdi. Soň soldatlara doga okatdy. Ondan soň goşuny nyzama durzup, Ahal ülkesine çozmak baradaky buýrugy okady. Şonda ol henize çenli hiç kime boýun egmedik teke türkmenlerini Orsyýede tabyn edip, Hindistana, Owganystana geçjek söwda ýolunyň asudalygyny üpjün etmekligi Hökümdar Imperatoryň hut özüniň höküm edendigini aýtdy. ─ Geçen kampaniýa döwründe siziň bir bölegiňiz Anatoliýanyň giňişliklerinde, beýlekileriňiz Çeçenistanda we Dagystanda deňi-taýy bolmadyk edermenlik görkezdiňiz – diýip, ol soldatlaryň şatlykdan ýaňa uçganaklap duran gözlerine seredip joşgunly gürledi. – Siziň şol hyzmatlaryňyza men gözli şaýat. Şonuň üçinem, Merhemetli Hökümdarymyzyň ynamyny ödejekdigiňize-de, bu sogap işde sizi Biribaryň goldajakdygyna-da ynanýan... Soň ol tomsuň güni gyzgyn ülkede geçiriljek bolýan bu çäräniň ýeňil bolmajakdygyny, ýöne, her bir soldatyň çydamlylygyna, sap ýürekliligine bil baglaýandygyny mälim etdi. Guramaçylyk, harby, tehnika taýdan gowşak bolsalaram, türkmenleriň iňňän batyr, edermen halkdygy, ýyndam atlarynyň bardygy, duýdansyz durkaň peýda bolup, agyr zarbalar urýandyklaryny, birdenem gürüm-jürüm bolýandyklaryny gizläbem durmady. Dek-düýnüň özünde awangardyň Ahal hany Berdimyrat hanyň goşuny bilen dar jülge-de çaknyşandygy, şonda Guşly batyryň duýdansyz ýerden çykyp iňňän ökdelik bilen söweşendigi, goşuna başagaýlyk salandygy, birdenem barysynyň garasar sürüsi ýaly göterilip gidendikleri baradaky habar bilenem general soldatlary tanyşdyrdy. Şolar ýaly duýdansyz hereketlerini olaryň islendik pursatda gaýtalap biljekdiklerini nygtamak bilen, her dem hüşgär bolmaklygy, şeýle hem keselçiligiň öňüni almak üçin çig suw içmezligi, ulaglary aýawly saklamaklygy tabşyrdy. Gündiz sagat ikide awangardyň, üçde bolsa dragunlaryň, şeýle-de baş ştabyň hem-de hut özüniň Gökdepä tarap ýola düşjekdigini aýdyp sözüni tamamlandanam, oňa Dykma serdaryň ýolbaşçylygynda türkmen ilçileriniň gelendiklerini habar berdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |